Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Medeniýet we jemgyýet
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Medeniýet we jemgyýet
20.02.2026 19:28
1.7k+
Bar ýagysy – gajetler! «Oýnawaçlar hekaýaty 5» multfilminiň treýleri çykdy
Disney we Pixar kompaniýalary «Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» (История игрушек-5) animasion filminiň doly derejeli treýlerini hödürledi. Multfilmiň premýerasy 19-njy iýuna meýilleşdirildi. Bu gezek gahrymanlar çagalaryň ünsüni özüne baglan iň döwrebap duşman — gajetler bilen ýüzbe-ýüz bolmaly bolar
20.02.2026 17:24
1.8k+
Netflix «Otly petegi» stolüsti oýnuny ekrana geçirýär
Netflix kompaniýasy «Otly petegi» («Ticket to Ride») stolüsti oýnuny ekranlaşdyrmak hukugyny satyn aldy. Ylalaşyga görä, kompaniýa, islese, oýnuň esasynda çeper ýa-da dokumental filmleri, seriallary hem-de beýleki media önümleri çykaryp biler
20.02.2026 16:44
2.1k+
Aýyjyk Paddington BAFTA dabarasynyň alyp baryjylarynyň biri bolar
Paddington atly aýyjyk BAFTA baýragynyň gowşuryş dabarasynda alyp baryjylaryň biri bolar. Ol «Iň gowy çagalar we maşgala filmi» kategoriýasynda baýragy gowşurar diýip, The Hollywood Reporter neşiri habar berýär
20.02.2026 15:26
3.9k+
Daşoguzda «Galkynyş» toparynyň we Döwlet sirkleriniň dabaraly çykyşlary geçirildi
Daşoguzda şäheriň merkezi şaýoly boýunça «Galkynyş» toparynyň atly ýörişi geçdi. Çäräniň çäklerinde milli at üstündäki oýunlar topary Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň we Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkiniň artistleri bilen bilelikde «Türkmeniň ak öýi» medeniýet merkeziniň meýdançasynda görkezme çykyşlaryny gurnady
20.02.2026 15:09
1.4k+
Bad Bunny "Porto-Riko" taryhy dramasynda baş keşbi janlandyrar
Bad Bunny lakamy bilen tanalýan dünýä belli puerto-rikoly sazanda Benito Martines Okasio "Porto-Riko" (Porto Rico) atly taryhy dramada baş keşbi janlandyrmaga taýýarlanýar. Bu barada "The Guardian" neşiri habar berýär
20.02.2026 14:01
2k+
Kazyýet OpenAI-iň «Cameo» sözüni ulanmagyny gadagan etdi
Meşhur adamlardan şahsy wideogutlaglary sargyt etmäge mümkinçilik berýän Cameo platformasy bilen OpenAI kompaniýasynyň arasyndaky dawada Kaliforniýanyň Demirgazyk okrugynyň federal kazyýeti Cameo-nyň tarapyny çaldy
20.02.2026 12:11
4k+
Täze «Mumiýa» filminiň gorkunç treýleri peýda boldy
Warner Bros. kompaniýasy «Mumiýa» («Мумия») filminiň ilkinji treýlerini köpçülige hödürledi. Filmiň dünýä premýerasy 15-nji aprele meýilleşdirilýär. Filmiň wakalary çölüň ortasynda dereksiz ýiten žurnalistiň gyzy barada gürrüň berýär
20.02.2026 11:52
876
Telegram şahsy çatlarda habar göçürmegi gadagan etmäge taýýarlanýar
Messenjer şahsy hat alyşmalaryň gizlinligini has-da güýçlendirjek täze funksiýany synagdan geçirýär. Indi ulanyjylar diňe bir kanallarda däl, eýsem özara çatlarda-da maglumatlaryň ýaýradylmagynyň öňüni alyp bilerler
20.02.2026 11:52
4.4k+
Hakyky oktagonda surata düşürilen MMA söweşijisi baradaky filmiň treýleri çykdy
One Media-nyň YouTube kanalynda garyşyk söweş sungaty (MMA) baradaky «Ýyrtyjy» («Зверь») atly sport dramasynyň treýleri peýda boldy. Filmde baş rollary Deniel Makferson, Lýuk Hemswort we Rassell Krou ýerine ýetirdiler
20.02.2026 11:34
5.7k+
Red Bull-yň uçarmany hereket edýän otlynyň üstüne "gözüni ýumup" diýen ýaly uçaryny gondurdy
Meşhur ekstremal-uçarman Dario Kosta ýeňil motorly uçary hereket edip barýan otlynyň üstüne gondurmagy we şol ýerden täzeden asmana göterilmegi başardy. "Train Landing" (Otla gonuş) diýlip atlandyrylýan bu taslama Red Bull topary we "Rimac" elektrokarlar öndürijisiniň inženerleri tarapyndan durmuşa geçirildi
20.02.2026 11:25
2.5k+
Saud Arabystanynyň Humain kompaniýasy Maskyň xAI-na $3 mlrd maýa goýýar
Saud Arabystanynyň emeli aň pudagynda ýöriteleşen Humain kompaniýasy Ilon Maskyň xAI startapyna 3 milliard dollar maýa goýdy. Bu maýa goýumy xAI-iň SpaceX tarapyndan satyn alynmagyndan az wagt öň tamamlanan 20 milliard dollarlyk maliýeleşdiriş tapgyrynyň çäginde durmuşa geçdi
20.02.2026 11:20
2.1k+
Kameraly äýnekler, akylly tumarlar we täze AirPods: Apple-yň geljekki meýilnamalary
Bloomberg agentliginiň synçysy Mark Gurman Apple kompaniýasynyň emeli aň goldawy bolan täze dakynylýan enjamlaryň üstünde işleýändigini habar berdi. Kompaniýa Siri ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmek üçin ähli täze enjamlary kameralar bilen enjamlaşdyrmagy meýilleşdirýär
20.02.2026 11:06
5.3k+
YouTube-daky ilkinji wideo muzeý eksponatyna öwrüldi
YouTube-daky ilkinji wideo we platformanyň 2006-njy ýyldaky interfeýsi Londonyň Wiktoriýa we Albert muzeýiniň resmi eksponatyna öwrüldi. Artnet neşiriniň habar bermegine görä, bu sanly artefakt internetiň taryhyndaky iň ähmiýetli pursatlaryň biri hökmünde dizaýn kolleksiýasyna goşuldy
20.02.2026 10:41
978
Google Gemini-de saz döretmek funksiýasy peýda boldy
Google kompaniýasy Gemini goşundysyna emeli aňa esaslanýan saz döretmek funksiýasyny goşdy. Ulanyjy diňe döretmek isleýän aýdymyny söz bilen beýan etmeli, şondan soň hyzmat ýazgysy, sözleri we suraty (obložkasy) bolan 30 sekuntlyk sazy taýýarlap berýär
20.02.2026 10:31
2.8k+
Ýabany tebigatyň iň gowy suratlary: Sony World Photography Awards 2026-nyň ýeňijileri yglan edildi
2026-njy ýylda Sony World Photography Awards fotosuratlaryň bäsleşigi on dokuzynjy gezek geçirilýär. Bu baýrak fotosurat pudagynda iň meşhur we abraýly bäsleşikleriň biri hasaplanýar we her ýyl bütin dünýäden gatnaşyjylary özüne çekýär
20.02.2026 10:14
455
Apple Music-de indi ýakyndaky konsertleri tapyp bolar
Apple kompaniýasy iOS 26.4 täzelenmesi bilen Apple Music hyzmatyna birnäçe möhüm funksiýalary goşýar. Bu täzelenmeler ulanyjylara söýgüli aýdymçylaryna has ýakyn bolmaga we emeli aňyň kömegi bilen täze sazlar dünýäsini açmaga mümkinçilik berer
19.02.2026 22:43
4k+
«Ýedi patyşalygyň rysary» serialyna IMDb platformasynda rekord 10/10 baha berdiler
«Tagtlar oýny» äleminde bolup geçýän we Dunk bilen Egginiň başdangeçirmelerine bagyşlanan «Ýedi patyşalygyň rysary» serialy IMDb platformasynda rekord netije görkezdi. Taslamanyň «Enäniň hatyrasyna» («Во имя матери» ) diýlip atlandyrylýan bäşinji bölümi çykan badyna 5 müňden gowrak ulanyjynyň ses bermeginde 10/10 baha almagy başardy
19.02.2026 19:03
2.1k+
BTS-däki V Spotify platformasynda 2,5 milliard gezek diňlenip, rekord goýdy
Ady belli BTS k-pop toparynyň agzasy V (Kim Tehen) «Layover» atly ilkinji solo albomy bilen täze rekord goýdy. Big Hit Music-iň habar bermegine görä, bu albom Spotify-da jemi 2,5 milliard gezek diňlenildi. Üstesine-de, albomdaky aýdymlaryň her biriniň diňlenme sany platformada 100 milliondan geçdi
19.02.2026 18:49
13k+
Saud Arabystany Türkmenistana 5 tonna hurma gowşurdy
2026-njy ýylyň 18-nji fewralynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Aşgabatdaky Ilçihanasynda ýetip gelen Oraza aýy mynasybetli ynsanperwerlik sowgadyny gowşurmak dabarasy boldy. Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystanynyň Patyşasynyň adyndan Türkmenistanyň hökümetine hijri senenamasynyň 1447-nji ýylynyň hasyly bolan 5 tonna hurma gowşuryldy
19.02.2026 18:10
9k+
Germaniýanyň öňki baş lukmany Nigerde patyşa saýlandy
Issifi Jibeý 20 ýyldan gowrak wagtlap Germaniýanyň Rendsburg şäherindäki hassahanada baş lukman bolup işledi, şondan soň pensiýa çykyp, aýaly bilen Şlezwig-Golşteýn topragynda ýaşady. BİLD neşiriniň ýazmagyna görä, ol öz watany Nigere dolanmagy hatda meýilleşdirmändi, üstesine-de, patyşa derejesinde dolanmak barada pikir hem etmändi
19.02.2026 18:01
7.1k+
Jeki Çan täze ekşn-trillerde ussat yzarlaýjynyň keşbini janlandyrdy
Jeki Çanyň baş keşbi ýerine ýetirmegindäki jenaýat ekşn-trilleri bolan «Kölegäniň yzy bilen» (Охота за тенью) filminiň treýleri hödürlendi. Film 12-nji martda prokata çykar. Waka Makaoda bolup geçýär. Birnäçe talaňçylykdan soň, ýerli polisiýa yzarlamak boýunça hünärmenden kömek soraýar
19.02.2026 15:30
6.8k+
Tutanhamonyň duşmanlaryny dep eden «sandallary» görkezildi
Arheologlar Tutanhamonyň aramgähinden tapylan we iç ýüzünde faraonyň el-aýagy daňylgy duşmanlary şekillendirilen gyzykly bir jübüt sandaly görkezdiler. Takmynan, 3 300 ýyllyk taryhy bolan bu aýakgap 1922-nji ýylda britaniýaly arheolog Goward Karter tarapyndan tapylypdy
19.02.2026 14:04
6.9k+
Pitbull-yň Londondaky konsertinde «kel» muşdaklar dünýä rekordyny goýmaga synanyşar
Meşhur amerikan repçisi Pitbull Londonyň «BST Hyde Park» festiwalynda konsert berer. Onuň dowamynda guramaçylar kel oturtmany kellä geýen adamlaryň sany boýunça dünýä rekordyny täzelemäge synanyşarlar. Bu gülkünç fleşmoby gurnamak pikiri Radio 1 radioýaýlymynyň alyp baryjysy Greg Jeýmsiň kellesine gelipdir, aýdymçynyň özi hem muňa höwes bilen razy bolupdyr
19.02.2026 12:51
8.5k+
"Titanik" 110 ýyldan soň: Rowaýata öwrülen gämi dargaýar, emma hazynalaryny açýar
2024-nji ýylyň tomsunda RMS Titanic Inc. tarapyndan amala aşyrylan täze ekspedisiýa, gäminiň galyndylaryny we bir wagtlar ony bezän täsin artefaktlary iň ýokary durulykda surata düşürmegi başardy. Birnäçe aý dowam eden bu barlaglar, gäminiň häzirki ýagdaýy barada möhüm maglumatlary orta çykardy
19.02.2026 12:42
1.9k+
Heniz ulanylmadyk müňlerçe täze Android enjamlaryndan Keenadu atly wirus tapyldy
"Kasperskiý barlaghanasynyň" hünärmenleri dünýä boýunça 13 müňden gowrak täze Android enjamynda Keenadu atly zyýanly programma üpjünçiligini ýüze çykardylar. Iň köp zäherlenen enjamlar Russiýada (9 müňe golaý) hasaba alyndy, şeýle hem Ýaponiýada, Braziliýada we Ýewropa ýurtlarynda wirusyň ýaýran halatlary bar
19.02.2026 10:16
3.6k+
Altaýda 2500 ýyl ozal çylşyrymly hirurgiýa operasiýalary geçirilipdir
Nowosibirsk döwlet uniwersitetiniň alymlary Altaý Respublikasynyň Ukok belentliginde tapylan gadymy pazyryk medeniýetine degişli zenanyň kellesini häzirki zaman kompýuter tomografiýasy arkaly öwrendiler. Barlaglar netijesinde, mundan 2,5 müň ýyl ozal bu zenana örän çylşyrymly äň operasiýasynyň edilendigi anyklandy
19.02.2026 09:50
3.6k+
Mör-möjekleriň haýran galdyryjy dünýäsi 2025-nji ýylyň iň gowy suratlarynda
Patyşalyk entomologiýa jemgyýeti mör-möjekleriň dünýäsine bagyşlanan makro-suratlaryň tapgyryny çap edip, özüniň her ýylky fotosuratlaryň bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdi. Saýlanyp alnan işler, adatça ýönekeý göz bilen görünmeýän jikme-jiklikleri görkezýär we tebigatyň öwrenişilen dünýäsine täzeçe garamaga mümkinçilik berýär
18.02.2026 23:38
1.7k+
«Ýyldyz söweşleriniň» muşdaklary üçin «Mandalorly we Grogu» filminiň treýleri çykdy
Lucasfilm we Disney kompaniýalary «Ýyldyz söweşleri» franşizasy boýunça meşhur «Mandalorly» serialynyň epiki soňlanmasy boljak «Mandalorly we Grogu» (The Mandalorian and Grogu) doly metražly filminiň treýlerini hödürledi
18.02.2026 19:43
7.6k+
Amerikaly ýaşaýjy lotereýada 22 ýyllap şol bir sanlary saýlap, 3,5 mln dollar utdy
Amerikanyň Ogaýo ştatynyň ýaşaýjysy 22 ýyllap şol bir lotereýa sanlaryny ulanyp, ahyrynda jekpot utmagy başardy. «Classic Lotto» saýtynyň habar bermegine görä, fewral aýynyň başynda satyn alnan bilet oňa köp garaşylan uly utuşy getirdi
18.02.2026 16:46
3.5k+
«Kompozitor» çeper filmi Türkiýede TÜRKSOY-yň ýörite baýraklaryna mynasyp boldy
2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda Ankara şäherindäki Ýaşar Kemal adyndaky Medeniýet merkezinde geçirilen Türkmen kinosynyň günleriniň çäginde «Kompozitor» atly çeper filmiň görkezilişi we baýrak gowşurylyş dabarasy boldy
18.02.2026 15:09
3.9k+
Türkmenistanyň Döwlet sirki 21–22-nji fewralda geçiriljek gyzykly şüweleňe çagyrýar
Türkmenistanyň Döwlet sirki tomaşaçylary 21-nji we 22-nji fewralda sagat 18:00-da geçiriljek şüweleňli çykyşlara çagyrýar. Tomaşaçylara dürli sirk sahnalary, artistleriň täze we gyzykly çykyşlary, şeýle hem dünýäniň dürli künjeklerinden getirilen haýwanlar bilen görkeziljek täsin oýunlar görkeziler
18.02.2026 15:05
3.8k+
Ýewropa Bileleşiginiň ilaty garramagyny dowam edýär: ortaça ýaş tas 45 ýyl
Eurostat statistika gullugynyň berýän maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli ýagdaýa görä, Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) ilatynyň ortaça ýaşy 44,9 ýyla deň boldy. Soňky on ýylyň dowamynda ÝB-niň ýaşaýjylarynyň ortaça ýaşy iki ýyldan gowrak ýokarlandy: 2015-nji ýylda bu görkeziji 42,8 ýyl derejesindedi
18.02.2026 09:48
1.4k+
Apple iOS 26.4-i hödürledi: Saz äleminde emeli aň we habarlaşmakda ýokary gorag
Apple işläp düzüjiler üçin iOS 26.4 operasion ulgamynyň ilkinji beta-wersiýasyny çykardy. Oňa multimedia, howpsuzlyk we aragatnaşyk ulgamlary üçin täze funksiýalar goşuldy. Ulanyjylar üçin ol resmi taýdan 2026-njy ýylyň ýazynda elýeterli bolar
18.02.2026 09:30
4.1k+
Seýrek duşýan Pokémon karty üçin auksionda rekord derejede 16,5 million dollar tölendi
Pokémon ýapon franşizasynyň iň seýrek kolleksiýa kartlarynyň biri ABŞ-da geçirilen auksionda 16,5 million dollara satyldy. The Japan Times gazetiniň habar bermegine görä, bu gymmatbahaly eksponaty Ak Tamyň öňki metbugat sekretary Entoni Skaramuççiniň ogly satyn aldy
18.02.2026 00:40
3.8k+
Nepally alpinist 15 günde Ewereste dört gezek çykyp, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
Nepally şerpa-alpinist 15 günüň dowamynda Ewerest depesine dört gezek çykyp, Ginnesiň rekordlar kitabynyň şahadatnamasyny aldy. 30 ýaşly Taşi Gýalsen 2025-nji ýylyň 9-njy, 14-nji, 19-njy we 23-nji maýynda Jomolungma depesine günorta tarapyndan çykyp, alpinizm taryhyna girdi diýip, «The Himalayan Times» gazeti habar berýär
17.02.2026 18:48
3.6k+
TÜRKSOÝ-yň ştab-kwartirasynda Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň 100 ýyllygy bellenildi
Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň goldawy bilen «Türkmen kinematografiýasy: taryhy menziller we döwrebaplyk» atly halkara duşuşygy geçirdi. Bu çäre TÜRKSOÝ-yň ştab-kwartirasynda boldy we Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň 100 ýyllygyna bagyşlandy
17.02.2026 18:37
4.4k+
Bred Pitt bilen Tom Kruzyň "garpyşygy" tankytlanandan soň ByteDance täze emeli aň generatoryna çäklendirme girizýär
Hytaýyň ByteDance kompaniýasy (TikTok-yň eýesi) amerikan kinostudiýalarynyň kazyýet şikaýatlary baradaky duýduryşlaryndan soň, täze Seedance 2.0 emeli aň (AI) wideo generatorynda intellektual eýeçilik obýektleriniň ulanylyşyny çäklendirmegi wada berdi
17.02.2026 16:55
2.3k+
Taýkonawtlar orbitada Hytaý Täze ýyly mynasybetli tort bişirdi
Hytaýda millionlarça maşgala Bahar baýramyny öýlerinde belleýän wagty, üç sany taýkonawt Hytaýyň aý senenamasy boýunça Täze ýyly Ýerden, takmynan, 400 kilometr belentlikde garşylaýar diýip, Xinhua agentligi habar berýär
17.02.2026 16:36
3.6k+
Türkmenistanda Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli Kino hepdeligi geçirilýär
2026-njy ýylyň 16 — 22-nji fewraly aralygynda Türkmenistanda Kino hepdeligi geçirilýär. Bu çäre Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan guraldy
17.02.2026 15:49
3.1k+
Gyzyl konwertler we "gadagan" sagatlar: Hytaýda 4723-nji ýyl nähili garşylanýar?
Hytaý aý senenamasy boýunça täze ýyly garşylaýar. Şu günden, ýagny 17-nji fewraldan başlap, Hytaýda resmi taýdan Gyzyl ýanyp duran At ýyly başlandy — bu hytaý hronologiýasy boýunça 4723-nji ýyldyr. Däp boýunça bu baýrama "Bahar baýramy" diýilýär, emma köp sebitlerde heniz gyş höküm sürýär
«
1
…
32
33
34
…
276
»
«
1
…
29
30
31
32
33
34
35
36
37
…
276
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.