Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Medeniýet we jemgyýet
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Medeniýet we jemgyýet
03.12.2025 11:00
7k+
Rubensiň 400 ýyl bäri ýitirilen hasaplanýan kartinasy auksionda 2,9 million ýewro satyldy
Meşhur flamandly suratkeş Piter Paul Rubensiň dört asyr töweregi wagt bäri ýitirilen hasaplanýan kartinasy auksionda 2,94 million ýewro satyldy diýip, “Parisien” gazeti habar berýär. “Ýekşenbe güni Piter Paul Rubensiň “Haçdaky Isa” kartinasy Wersaldaky Osenat öýünde geçen auksionda komissiýa tölegi bilen birlikde 2 940 798 ýewro satyldy” – diýip, neşir habar berýär
03.12.2025 10:46
5k+
"Cahiers du Cinéma" neşiri 2025-nji ýylyň iň gowy 10 filmini yglan etdi
Kino hakyndaky abraýly fransuz neşiri bolan “Cahiers du Cinéma” 2025-nji ýylyň iň gowy 10 filminiň sanawyny çap etdi. Žurnalistler birinji orny “Lýudowik XIV-niň ölümi” we “Adalardaky jebirler” atly filmleriň döredijisi bolan ispaniýaly režissýor Albert Serranyň “Ýalňyzlyk günleri” (“Дни одиночества”) atly dokumental filmine berdiler
03.12.2025 10:36
7k+
Apple 1-nji nesil iPhone SE smartfonyny we beýleki käbir enjamlaryny könelenleriň hataryna goşdy
Apple könelen (Obsolete) enjamlaryň sanawyny täzeledi. Indi oňa resmi taýdan iPhone SE smartfony (1-nji nesil) we beýleki käbir enjamlar: 12,9 dýuýmlyk iPad Pro (2-nji nesil), Hermes we Nike wersiýalarda Apple Watch Series 4 sagady, şeýle-de Beats Pill 2
03.12.2025 10:12
5.4k+
Aýwazowskiniň “Diri galanlar” kartinasy Sotheby's auksionynda 4,19 million funt sterlinge satyldy
Iwan Aýwazowskiniň “Diri galanlar” (“Выжившие”) atly eseri Londondaky Sotheby's auksionynda 4,19 million funt sterlinge satyldy. Bu baha suratkeşiň auksionda satylan eserleri üçin rekord boldy. “Diri galanlar” eseri 25-nji noýabrda “Faberže, imperiýa we rewolýusiýa döwrüniň sungaty” atly auksionynda görkezildi
02.12.2025 17:44
7.2k+
Singapurly dizaýner Nike krossowkasyna Nintendo oýun konsolyny oturtdy
Singapurly dizaýner Gustawo Bondzanini içine oýun konsoly gurnalan Nike Air Max 90 krossowkalaryny döretdi. Bu iş Ýaponiýada "Super Nintendo-nyň" çykarylmagynyň 35 ýyllygyna gabatlandy diýip, "The Verge" neşiri habar berýär
02.12.2025 17:15
4.2k+
IMAX kinoteatrlarynda Kristofer Nolanyň "Odisseýa" filminden giriş görkeziler
IMAX kinoteatrlarynda Kristofer Nolanyň geljekki "Odisseýa" atly epik filminden alty minutlyk giriş görkezilip başlanar diýip, "World of Reel" portaly habar berýär. Çeşmäniň maglumatyna görä, bu giriş 12-nji dekabrdan başlap "Günäliler" ("Грешники") we "Söweş yzyna söweş" ("Битвы за битвой") filmleriniň gaýtadan görkezilişlerinden öň görkeziler
02.12.2025 17:07
2.6k+
Oksford sözlügi “rage bait” sözüni 2025-nji ýylyň sözi hökmünde saýlady
Iňlis diliniň Oksford sözlügi “rage bait” sözüni (sözme-söz terjimesi – “gazap duzagy”) 2025-nji ýylyň sözi diýip yglan etdi. Bu barada Oxford University Press neşirýatynyň saýtynda habar berildi. “30 000-den gowrak adamyň gatnaşmagynda üç gün dowam eden ses berişlikden soň, biz rage bait-i ýylyň resmi sözi hökmünde saýladyk” – diýlip, habarda aýdylýar
02.12.2025 16:52
6.9k+
Samsung ilkinji üç eplenýän Galaxy Z TriFold smartfonyny hödürledi
Samsung resmi taýdan üç eplenýän Galaxy Z TriFold smartfon-transformerini hödürledi. Ol eplenýän Galaxy smartfonlaryň arasynda iň uly ekrana, şeýle-de oýlanyşykly programma çözgütlerine we flagman aýratynlyklara eýe boldy
01.12.2025 17:25
5.5k+
Amerikaly alyjylar “gara anna gününde” çykdajy etmek boýunça täze rekord goýdular
ABŞ-nyň ýaşaýjylary “gara anna gününde” – 28-nji noýabrda onlaýn söwdalar üçin rekord 11,8 mlrd dollar sarp etdi. Bu geçen ýylkydan 9,1% köpdür. Bu barada internet dükanlarynyň maglumatlaryny yzarlaýan Adobe Analytics-e salgylanyp, Reuters habar berýär
01.12.2025 17:20
8.4k+
Melaniýa Tramp hususy kinokompaniýasyny döretdi
ABŞ-nyň Birinji hanymy Melaniýa Tramp Muse Films hususy kompaniýasyny esaslandyrdy diýip, People neşiri habar berýär. Kompaniýanyň ilkinji taslamasy “Melaniýa” atly dokumental film bolar. Filmiň premýerasy 2026-njy ýylyň 30-njy ýanwaryna meýilleşdirilýär we prokat global derejede bolar
01.12.2025 14:24
8k+
Birnäçe prikwelden soň, “Tagtlaryň oýnunyň” indi dowamy çykarylar
“Tagtlaryň oýny” serialynyň asyl wakasy dowam etdiriler. Muny Reýkýawikde geçirilen Iceland Noir edebiýat festiwalynda ýazyjy Jorj R.R.Martin tassyklady. HBO teleýaýlymy häzir meşhur serialyň dowamyny döretmegiň üstünde işleýär
01.12.2025 13:33
3.9k+
Huawei 3500 dollara 18 karatlyk Watch Ultimate Design sagadyny çykardy
Huawei kompaniýasy Watch Ultimate Design akylly sagadyny satuwa çykardy. Ol Hytaýda 28-nji noýabrda satuwa çykaryldy we bahasy 3500 dollara ýetýär. Deňeşdirmek üçin, Apple Watch Ultra 3-iň bahasy 800 dollardan başlaýar
01.12.2025 13:27
6.6k+
"Tom we Jerri: Gadagan edilen kompas" filminiň treýleri çykdy
Warner Bros. Pictures kinokompaniýasy "Tom we Jerri: Gadagan edilen kompas" multfilminiň doly treýlerini çykardy. Filmiň premýerasy 2026-njy ýylyň 2-nji ýanwarynda bolar. Wakanyň dowamynda meşhur pişik we syçan tötänden muzeýde wagtyň içinde syýahata girýärler
01.12.2025 12:46
6k+
Adam beýnisi 5 ýaş tapgyryndan geçýär: jahyllyk 32 ýaşa çenli dowam edýär
Kembrij uniwersitetiniň neýrobiologlarynyň täze gözlegi adam beýnisiniň bäş tapgyrdan geçýändigini görkezdi. Bu tapgyrlarda neýron gurluşynyň düýpgöter üýtgemegine getirýän “özgeriş döwürleri” bolup geçýär. Şol bir wagtyň özünde, jahyllyk döwrüniň, adatça, hasap edilenden uzak dowam edýändigi bellenilýär
01.12.2025 12:06
3.4k+
Apple kompaniýasy iPhone 17 Pro-da düşürilen baýramçylyk mahabatyny çykardy
Apple kompaniýasy A Critter Carol ady bilen baýramçylyk mahabatyny çykardy. Ol doly iPhone 17 Pro smartfonynda düşürildi diýip, Variety habar berýär. Iki minutlyk wideo “Bewerli-Hillz polisiýasy: Aksel Fouli” filmi bilen tanalýan awstraliýaly režissýor Mark Molloý tarapyndan düşürildi
01.12.2025 12:03
5.2k+
Alymlar Betmeniň golaýda bolmagynyň adamlary “mylakatly” edýändigini anyklady
Milandaky Mukaddes Ýürek katolik uniwersitetiniň alymlary psihologik tejribe geçirip, Betmeniň golaýda wagty adamlaryň has rehimli bolýandygyny anyklady. Bu barada ylmy iş Mental Health Research žurnalynda neşir edildi
01.12.2025 11:51
5.3k+
“Ýyrtyjy: Ölüm planetasy” $162 mln ýygnap, franşizada iň girdejili film boldy
“Ýyrtyjy: Ölüm planetasy” (Хищник: Планета Смерти) resmi taýdan franşizada iň girdejili film boldy. Den Trahtenberg tarapyndan düşürilen täze bölüm dünýä prokatynda 162 mln dollar gazandy diýip, The Numbers ýazýar
01.12.2025 11:25
4.2k+
“Haýwanlar şäheri 2” dünýä prokatynda ilkinji uikendde 500 mln dollardan gowrak gazandy
26-njy noýabrda çykan Disney studiýasynyň “Haýwanlar şäheri 2” animasion filmi dünýä prokatynda başlangyç kassa ýygymy boýunça rekord goýdy. Multfilm 556 mln dollar ýygnady. ABC News-iň maglumatlaryna görä, bu taryhda ähli multfilmleriň arasynda iň gowy we islendik žanrdaky filmleriň arasynda dördünji netije boldy
01.12.2025 06:45
11k+
Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: hepdäniň ortasynda ýagyş ýagar (01.12 - 07.12)
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda az-kem ýagyş ýagar
30.11.2025 22:31
2k+
GQ Japan neşiri Hideo Kodzimany ýylyň «Iň gowy döredijisi» diýip yglan etdi
GQ Japan žurnaly Hideo Kodzimany «Ýylyň adamy» (Man of the Year) nominasiýasynda 2025-nji ýylyň «Iň gowy döredijisi» diýip yglan etdi. Neşiriň redaksiýasynyň pikirine görä, bu dörediji diňe bir oýun döretmek bilen çäklenmän, eýsem, kino we interaktiw mediýanyň arasyndaky serhetleri ýok edip, düýbünden täze görnüşli güýmenjeleri oýlap tapýar
30.11.2025 21:19
9.1k+
ABŞ-da 74 ýaşly adam ogullyga alyndy we Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
Ginnesiň rekordlar kitaby ABŞ-nyň Pensilwaniýa ştatyndan bolan Bill Steýns baradaky täsin wakany gürrüň berýär. Birnäçe ýyl mundan ozal ol dünýäde ogullyga alnan iň garry adam boldy — ogullyga alnan wagtynda ol 74 ýaş we 303 günlükdi
30.11.2025 21:08
3.3k+
Kwentin Tarantino "Açlyk oýunlarynyň" döredijilerini plagiatda aýyplady
Režissýor Kwentin Tarantino "Açlyk oýunlary" (The Hunger Games) franşizasynyň 1999-njy ýylda çykan "Şa söweşi" (Battle Royale) atly ýapon romanyndan we onuň film adaptasiýasyndan göçürilip alnandygyny (plagiatdygyny) öňe sürdi diýip, "The Hollywood Reporter" neşiri habar berýär
30.11.2025 19:41
10k+
Dünýäde iň kiçi at Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi
Pumukel atly at dünýäniň iň kiçi aty hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Onuň geriş beýikligi bary-ýogy 52,6 santimetr. Pumukel Germaniýadaky bir fermada ýaşaýar. Onuň eýesi Karol Waýdmann atyny bäş ýyl mundan ozal, ol entek kiçijik taýçanakka özüne aldy
30.11.2025 19:32
1.2k+
Windows 11-de Notepad jedwel goldawyny aldy we köpugurly boldy
Windows 11-de Notepad («Bloknot») programmasy jedweller goldawyny we olary soňrakky redaktirlemek mümkinçiligini aldy. Programma öz mümkinçiliklerini ep-esli giňeltdi, şol sanda kämilleşdirilen emeli aň gurallary hem goşuldy
30.11.2025 10:09
9.5k+
Täze Zelandiýada seýrek haýwanlary goramagyň hatyrasyna ýabany pişikleri ýok edýärler
Täze Zelandiýanyň hökümeti ýabany pişikleri 2050-nji ýyla çenli doly ýok etmek maksady bilen, olary ýyrtyjylara garşy göreşmegiň milli strategiýasyna goşmak kararyna geldi. Tebigaty goramak ministri Tama Potaka pişikleriň ýurduň biodürlüligine çynlakaý howp salýandygyny nygtady
29.11.2025 22:38
2.6k+
Insaýder geljekki Huawei Nova 15 hatarynyň aýratynlyklaryny aýtdy
Insaýder Digital Chat Station geljekki Huawei Nova 15, Nova 15 Pro we Nova 15 Ultra smartfonlary barada maglumatlar bilen paýlaşdy. Habar berlişi ýaly, esasy model Nova 15 6,7 dýuým ekrana eýe bolar. Nova 15 Pro biraz uly – 6,84 dýuým displeýi alar
29.11.2025 21:54
3.3k+
2025-nji ýylyň arheologik möwsüminiň tapyndylary Türkmenistanyň muzeý gaznalaryna tabşyryldy
26-njy noýabrda nobatdaky meýdan arheologik we ylmy işleriň netijesinde ýüze çykarylan täze tapyndylary muzeýlere tabşyrmak boýunça dabara geçirildi. Tapyndylar Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet Merkeziniň Döwlet muzeýiniň we Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gaznalaryna gowşuryldy
29.11.2025 11:02
8.8k+
«Kompozitor» atly türkmen filmi «Göwher kebelek» atly Açyk Ýewraziýa kinobaýragyna mynasyp boldy
Türkmen kinoçylarynyň surata düşüren «Kompozitor» atly çeper filmi «Göwher kebelek» atly Açyk Ýewraziýa kinobaýragynyň ilkinji gowşurylyş dabarasynda «Iň gowy suratçy» ugrunda iň gowusy diýlip ykrar edildi. Dabara 27-nji noýabrda Moskwada, russiýaly režissýor Nikita Mihalkowyň «Ussahana 12» diýen ýerinde geçirildi diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" neşiri habar berýär
29.11.2025 10:00
12k+
Serdar Berdimuhamedow Täze ýyl mynasybetli Aşgabatda bezeg işlerini geçirmek boýunça teklibi goldady
28-nji noýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedow Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde Aşgabat şäherinde ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, täze —
29.11.2025 09:20
2.3k+
Jeýms Kemeron Netflix-iň filmleriniň “Oskar” baýragyna dalaş etmegine garşy çykdy
Režissýor Jeýms Kemeron Netflix-iň filmleriniň «Oskar» baýragyna gatnaşmaly däldigini aýtdy. Ol öz pikiri bilen «The Town with Matt Belloni» podkastynda paýlaşdy. «Awatar» we «Titanik» filmleriniň režissýory Netflix-iň filmleri diňe akademiýanyň düzgünlerine laýyk gelmek üçin gysga möhletleýin çäkli kinoprokata goýbermek tejribesini tankytlady
29.11.2025 09:15
6.8k+
95 ýaşly amerikaly dünýäde iň garry awtobus sürüjisi diýlip ykrar edildi
Tehasyň 95 ýaşly ýaşaýjysy dünýäde iň garry awtobus sürüjisi diýlip ykrar edildi. Onuň üstünligi Ginnesiň rekordlar kitabynda bellendi. Ol işlemegini dowam etdirýär we entek pensiýa çykmagy meýilleşdirmeýär diýip, The Guardian habar berýär
29.11.2025 09:06
5.7k+
Paramount Jeki Çanyň we Kris Takeriň gatnaşmagynda «Dykyn wagty 4» filmini çykarar
Paramount studiýasy komediýa görnüşli «Dykyn wagty» («Час пик») uruşly filminiň dördünji bölümini çykarmak barada şertnama baglaşdy. Täze filmiň režissýory franşizanyň öňki bölümleriniň ählisini düşüren Brett Retner bolar
28.11.2025 23:12
14k+
San-Diegoda iki jahan urşuny başdan geçiren 141 ýaşly pyşbaga Ene bilen hoşlaşyldy
San-Diego haýwanat bagynyň iň garry ýaşaýjysy, 141 ýaşly Ene (Gramma) atly galapagos pyşbagasy aradan çykdy. Haýwanat bagynyň işgärleri süňk keseli sebäpli ony uka gidirmeli boldy. CNN-iň habar bermegine görä, ewtanaziýa baradaky çözgüt jandaryň ýaş bilen bagly başdan geçirýän azaplary sebäpli kabul edildi
28.11.2025 12:06
3.1k+
Gemini «Google Kartalaryň» ähli hereket režimlerinde elýeterli boldy
Google «Google Kartalarda» ýöriteleşdirilen täze nawigasiýa ulgamyny giňden ornaşdyryp başlady. Indi goşundy awtoulag, pyýada, welosiped hem-de şäher jemgyýetçilik ulag ugruny görkezýän ähli režimlerde emeli aň tehnologiýasy Gemini-ni ulanar diýip, 9to5Google ýazýar
28.11.2025 12:02
2.9k+
Chanel Şanhaýda ilkinji jemgyýetçilik kitaphanasyny açdy
Chanel Modalar öýi Şanhaýda häzirki zaman sungatyna bagyşlanan ilkinji jemgyýetçilik kitaphanasy bolan Espace Gabrielle Chanel-i açdy. Bu barada Hypebeast žurnaly habar berýär. 18 müň inedördül fut meýdany bolan bu giňişlik Power Station of Art muzeýiniň üçünji gatynda ýerleşýär we onda 50 müňden gowrak kitap hem-de audio neşir bar
28.11.2025 11:55
5.8k+
1609-njy ýylyň ispan altyn teňňesi auksionda rekord mukdara satyldy
1609-njy ýylda Ispaniýanyň patyşasy Filipp III üçin zikgelenen ispan altyn teňňesi Şweýsariýadaky auksionda rekord 3,49 mln dollara satyldy. Ol Ýewropada iň gymmat satylan teňňe boldy diýip, Reuters ýazýar. Onuň başlangyç bahasy 2,46 mln dollardy
28.11.2025 11:48
1.4k+
Google Android üçin Chrome-a wkladkalary berkitmek funksiýasyny goşdy
Google kompaniýasy Android üçin Chrome mobil brauzerinde wkladkalary berkitmek funksiýasyny synagdan geçirmäge başlady. Möhüm wkladkalary tötänleýin ýapmagy kynlaşdyrýan bu mümkinçilik, Chrome Canary-iň ilkinji synag gurluşynda eýýäm standart görnüşde elýeterlidir
28.11.2025 11:39
6.4k+
Variety ähli döwrüň iň gülkünç 100 komediýasyny saýlady
Variety žurnaly ähli döwrüň iň gowy 100 komediýasynyň reýtingini hödürledi. Žurnalistler sanaw düzülende filmiň klassyk bolmagyna täsir edýän faktorlary göz öňünde tutmaga çalyşdy, ýöne esasy görkeziji filmiň näderejede gülkünçdigi boldy
28.11.2025 11:33
5.7k+
Madagaskaryň lemurlary tagamly nygmatlary söýüjiler sebäpli ýok bolmak howpy astyna düşdi
Madagaskarda lemurlar olaryň etini satyn alýan barly adamlar sebäpli ýok bolup gitmek howpy astyna düşdi. Barlagçylar bu haýwanlaryň şäherde satylyşyny dört ýyllap öwrendiler we ýurduň 17 şäherinde 10 müňden gowrak lemuryň gymmat tagamlar hökmünde satylandygyny anykladylar diýip, The New York Times gazeti ýazýar
28.11.2025 11:28
1.5k+
OpenAI öz emeli aňy oturdylan enjamlarynyň ilkinji nusgalaryny döretdi
OpenAI kompaniýasy özüniň emeli aň bilen işleýän enjamlarynyň ilkinji prototiplerini taýýarlady. Bu barada kompaniýanyň baş direktory Sem Altman Apple-iň öňki baş dizaýneri Joni Aýw we Apple-iň merhum baş direktory Stiw Jobsuň aýaly Loren Pauell Jobs bilen söhbetdeşlikde mälim etdi diýip, CNBC habar berýär
«
1
…
47
48
49
…
276
»
«
1
…
44
45
46
47
48
49
50
51
52
…
276
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.