Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Medeniýet we jemgyýet
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Medeniýet we jemgyýet
25.09.2025 14:23
1.8k+
Balkandaky döwlet drama teatry TÜRKSOÝ-nyň teatr festiwalyna çykyş edýär
Balkan welaýatyndaky Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatry III Halkara TÜRКSOÝ teatr festiwalynda Türkmenistana wekilçilik edýär. Forum 21–26-njy sentýabrda şu ýyl Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilen Aktau şäherinde geçirilýär
25.09.2025 14:12
12k+
iPhone 17 Pro synagdan geçirildi: ony açardan we teňňeden uzakda saklamaly
JerryRigEverything ady bilen tanalýan YouTube blogeri Zak Nelson bu gezek iPhone 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň berkligini barlady. Täze modellerde Apple titandan ýüz öwrüp, korpusy alýumin böleginden ýasady
25.09.2025 14:06
3.4k+
Geljekki eplenýän iPhone barada täze maglumatlar belli boldy
Ilkinji eplenýän iPhone Apple-iň 2026-njy ýylda hödürlemegi meýilleşdirýän iPhone 18 hatarynda esasy smartfon bolar. Bu barada Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurman habar berdi. Onuň maglumatlaryna görä, daşky görnüşi boýunça smartfon goşa iPhone Air-i ýada salar – inçe model ýaly ol hem titan korpusa eýe bolar we açylan görnüşde iň az ýogynlygy saklar
24.09.2025 19:02
6.8k+
iOS 26 ýüzüň hereketi bilen dolandyrmaga we diliňi çykaryp TikTok lentasyny geçirmäge mümkinçilik berýär
iOS 26-da gyzykly bir funksiýa peýda boldy – indi smartfonlary ýüzüň hereketi bilen dolandyryp bolýar. TikTok ulanyjylary eýýäm täze mümkinçilikleri barlap gördi we öz täsirleri bilen paýlaşýar. Indi iPhone ýylgyrmak, gaşyňy galdyrmak, agzyňy açmak, gözüňi gyrpmak, burnuňy mürşertmek, dodagyňy bir tarapa süýndürmek we hatda diliňi çykarmak ýaly hereketlere seslenýär
24.09.2025 14:33
1.6k+
Android üçin Chrome indi web sahypalary podkast görnüşinde gürrüň berip biler
Android üçin Google Chrome-da AI bilen işleýän “Audio synlar” (Audio Overviews) atly täze funksiýa peýda boldy. Ol diňe bir web sahypasyny okamak bilen çäklenmän, onuň gysgaça mazmunyny hem döredýär we ony iki sany "esasy podkastyň" arasyndaky gepleşik hökmünde hödürleýär
24.09.2025 14:29
1.5k+
Windows 11-de Vista-dan bäri ilkinji gezek wideooboýlar peýda boldy
Microsoft Windows 11-e täze mümkinçilikleri goşmagy dowam etdirýär. Ulgamyň iň täze synag ýygnamasynda iş stoly üçin wideooboýlary gurmak funksiýasy peýda boldy. Bu aýratynlyk häzirki wagtda diňe deslapky baha beriş programmasyna gatnaşyjylar üçin elýeterlidir
24.09.2025 14:23
12k+
Beýik Britaniýada gadymy “arwahly gala” satuwa çykaryldy
Beýik Britaniýada XVI asyryň ortasynda gurlan gadymy Danski galasynyň satuwy barada bildiriş peýda boldy. Gala deňziň gyrasyndaky beýik gaýada ýerleşýär we internet ulanyjylary onda arwahlaryň bardygyny aýdýar diýip, The Mirror habar berýär
24.09.2025 14:13
3.5k+
"Melgunlary ýok ediji: Ümmülmez gala" ýapon multfilmi taryhda iň köp girdeji gazanan animasiýa boldy
"Melgunlary ýok ediji: Ümmülmez gala" («Истребитель демонов: Бесконечная крепость») atly ýapon animasiýa filmi dünýäniň kassa ýygynda 555 million dollar gazanyp, häzirki döwürde iň köp girdeji gazanan anime filmine öwrüldi
24.09.2025 13:22
3.3k+
Kristofer Nolan Amerikanyň Režissýorlar gildiýasynyň prezidentligine saýlandy
Kristofer Nolan Amerikanyň Režissýorlar gildiýasynyň täze prezidenti wezipesine bellendi diýip, Variety neşiri habar berýär. “Interstellaryň” we “Oppengeýmeriň” döredijisi 2021-nji ýyldan bäri gurama ýolbaşçylyk eden Lesli Linka Gletteriň ornuna geçdi
24.09.2025 13:17
4k+
Serbiýada gladiatorlaryň söweşine gatnaşan aýynyň galyndylary tapyldy
Häzirki Serbiýanyň Wiminasium şäherindäki gadymy Rim amfiteatrynyň golaýynda ýaşy takmynan 1700 ýyllyk aýy kellesiniň bölekleri tapyldy. Bu açyş aýylaryň gladiator söweşine gatnaşandygyny görkezýän ilkinji göni subutnamany berýär diýip, Live Science ýazýar
24.09.2025 13:13
3.6k+
Adamlar ChatGPT-ä haýsy sebäpler bilen has köp ýüz tutýarlar?
OpenAI-iň gözlegçiler topary ulanyjylaryň ChatGPT-ä 1,5 mln ýüz tutmasyny seljerip, adamlaryň çat-bota ýüzlenmeginiň iň esasy sebäpleriniň sanawyny düzdi. Bu adamlaryň guraly hakykatda nähili ulanýandygyny görkezýän ilkinji uly barlag boldy diýip, The Independent habar berýär
24.09.2025 12:38
3.7k+
“Türkmenfilm” Tikenjik bilen Mymyjyk multserialynyň täze bölümlerini taýýarlap başlady
Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi Tikenjik bilen Mymyjygyň başdan geçirmeleriniň 3-4-nji bölümleriniň önümçiligine girişdi. 6 ýaşa çenli çagalar üçin niýetlenen bu multserilada Tikenjik atly kirpijik bilen Mymyjyk atly towşanjygyň başdan geçirýän gyzykly wakalary beýan edilýär
24.09.2025 12:00
7.4k+
Guşlar üçin serhet ýok. Halkara Audubon Photography Awards bäsleşiginiň netijeleri
Her ýyl geçirilýän Audubon Photography Awards-iň emin agzalary 16-njy gezek guşlaryň gözelligine bagyşlanan bäsleşigiň netijelerini yglan etdiler. Bu ýyl eminler ilkinji gezek çilili we kolumbiýaly gatnaşyjylara dokuz, ABŞ-ly we kanadaly suratçylara sekiz baýrak gowşurdy
24.09.2025 11:28
3.7k+
OpenAI Apple-iň öňki dizaýneri Joni Aýw bilen bilelikde täze akylly kolonkalary we äýnekleri taýýarlaýar
OpenAI Apple-iň öňki baş dizaýneri Joni Aýw bilen bilelikde akylly enjamlaryň hataryny çykarmaga taýýarlanýar. The Information neşiriniň maglumatlaryna görä, ilkinji önüm displeýsiz akylly kolonka bolup biler. Beýleki önümleriň hatarynda äýnek, sanly diktofon we ýanyňda göterilýän "pin" agzalýar
24.09.2025 11:00
7.5k+
Jorj Miller serial görnüşinde “Telbe Maks: Gazap ýoly” filminiň prikwelini düşürer
Režissýor Jorj Miller serial görnüşinde “Telbe Maks: Gazap ýoly” (Безумный Макс: Дорога ярости) filminiň prikwelini taýýarlaýar. Taslamanyň önümçiligi bilen HBO Max akym platformasy meşgullanar diýip, World Of Reel habar berýär
24.09.2025 10:48
4.9k+
Müsürde Kleopatranyň döwrüniň suw basan porty tapyldy
Müsürde Dominikan missiýasynyň arheologlary Kleopatranyň döwrüne degişli suw basan portuň yzlaryny tapdylar diýip, National Geographic habar berýär. Alymlar gazuw-agtaryş işleri wagtynda daş we metal labyrlary, gadymy amforalary we içerki portuň galyndylaryny tapdylar
24.09.2025 10:40
8.6k+
Türkmen okuwçysy Moskwada Bütindünýä sungat festiwalynyň baş baýragyny aldy
Türkmenabadyň Çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy, ýaş suratkeş Aziza Bäşimowa Moskwada geçirilen «Parahatçylygyň çagalary: dostlaşmagyň wagty» atly halkara döredijilik festiwalynyň Gran-pri baýragyna mynasyp boldy
24.09.2025 09:51
4.2k+
Amerikaly aktýor Robert De Niro Karib deňzinde hususy dynç alyş merkezini açar
Amerikaly aktýor Robert De Niro Karib deňzindäki Barbuda adasynda täze dyçn alyş merkezini (kurort) açmagy meýilleşdirýär diýip, Bloomberg habar berýär. Merkezi 2026-njy ýylyň noýabr aýynda açmak meýilleşdirilýär
23.09.2025 19:07
11k+
iPhone 17 Pro Max batareýasynyň işleme wagty boýunça Samsung Galaxy S25 Ultra-dan öňe geçdi
iPhone 17 Pro Max akkumulýatordan işleýiş wagty boýunça iň gowy netijäni görkezdi diýip, Mrwhosetheboss portalynyň geçiren testleri tassyklaýar. Deňeşdirme synaglarynda Samsung Galaxy S25 Ultra 11 sagat 58 minut işlän bolsa, iPhone 17 Pro Max doly 13 sagat işledi
23.09.2025 18:53
3.7k+
iFixit iPhone Air-i söküp, onuň bejermäge ýaramlylygyny bahalandyryldy
iFixit-iň hünärmenleri täze iPhone Air modelini söküp gördüler we inçe korpusyna garamazdan, telefonyň bejermek üçin amatlydygyny aýtdylar. Bilermenleriň aýtmagyna görä, detallaryň aglaba bölegi korpusyň ýokarky böleginde — kamera blogunyň golaýynda jemlenipdir
23.09.2025 18:00
4.4k+
Täze “Garri Potterde” Wolan-de-Mortuň keşbine zenan hem gözden geçirilýär
“Garri Potter” boýunça täze serialda Wolan-de-Mortuň keşbi üçin diňe bir erkekler däl, eýsem zenanlar hem göz öňünde tutulýar. Bu barada tanymal golliwudly insaýder Deniel Rihtman X sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berdi
23.09.2025 17:40
3k+
ABŞ-daky Tennessi uniwersiteti talyplara GTA oýny arkaly taryhy öwreder
Tennessi ştatynyň uniwersitetinde Grand Theft Auto oýunlarynyň üsti bilen ABŞ-nyň 1980-nji ýyldan bärki taryhyny öwretjek kurs peýda bolar. Kursy taryh professory Tore Olson işläp taýýarlady we özi alyp barar. Bu barada ol IGN bilen söhbetdeşlikde gürrüň berdi
23.09.2025 17:38
2.8k+
Astronomlar Saturnyň atmosferasynda täsin “altyburçly ýyldyzy” gördi
Astronomlar ilkinji gezek polýar şöhlelenmesi wagtynda “Jeýms Uebb” teleskopynyň kömegi bilen Saturnyň atmosferasyny giňişleýin öwrendi. Bu hem planetanyň gaz gatlaklarynda üýtgeşik şekilleri ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi
23.09.2025 17:33
7.9k+
25-nji sentýabrda Xiaomi 17, 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlary hödürlener: ilkinji suratlar
Xiaomi kompaniýasy täze flagman smartfonlarynyň hatarynyň ilkinji suratlaryny hödürledi. Oňa üç smartfon girdi: esasy model Xiaomi 17, şeýle-de ýokary wersiýalar 17 Pro we 17 Pro Max. Resmi tanyşdyrylyş 25-nji sentýabrda bolar
23.09.2025 13:46
17k+
Türkmenistanly aýdymçy Döwran Şammyýew Silk Way Star bäsleşiginiň ilkinji üçlügine girdi
20-nji sentýabrda Gazagystanda 12 ýurtdan gelen aýdymçylaryň gatnaşmagynda Silk Way Star atly aýdym-sazly bäsleşik başlandy. Bu bäsleşikde Türkmenistanyň adyndan aýdymçy Döwran Şammyýew çykyş edýär. Ilkinji epizodda D
23.09.2025 13:16
10k+
Aşgabatda Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň doglan gününiň şanyna konsert geçirildi
22-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent maksatlarynyň aýdyň ýollary» atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Ol Prezident Serdar Berdimuhamedowyň doglan gününiň nurana senesini hem-de täze taryhy döwürde ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini dabaralandyrdy
22.09.2025 18:31
8.3k+
Samsung 199 ýewrodan Galaxy A17 4G smartfonyny çykardy
Samsung kompaniýasy resmi taýdan Galaxy A17 4G smartfonyny hödürledi. Ol köp babatda Galaxy A17 5G modelini gaýtalaýar, ýöne arzan – Ýewropada baha 199 ýewrodan başlaýar. Täze smartfonda esasy üns köp modeller üçin adaty parametrlere gönükdirildi: uly displeý, sygymly batareýa we döwrebap kamera toplumy
22.09.2025 18:18
3.4k+
Huawei “Ýel energiýasy” konsepsiýasy bilen täze sagatlaryny we beýleki önümlerini hödürledi
Huawei Parižde uly tanyşdyrylyş geçirip, “Ýel energiýasy” konsepsiýasynyň çäklerinde birnäçe enjamlaryny görkezdi. Kompaniýa Watch GT 6, Watch Ultimate 2 we Watch D2 akylly sagatlaryny, nova 14 smartfonyny, MatePad 12 X planşetini we täze FreeBuds 7i nauşniklerini hödürledi
22.09.2025 18:13
1.5k+
Samsung oktýabrda Project Moohan XR garniturasyny hödürlär
Samsung kompaniýasy 21-nji oktýabrda Project Moohan XR garniturasy bilen tanyşdyrar. Bu barada ETNews neşiri habar berýär. Ozal KHBS-de dürli seneler – 29-njy sentýabr we 13-nji oktýabr barada aýdylypdy, ýöne indi sene takyk kesgitlendi
22.09.2025 18:08
1.2k+
Google kompaniýasy Gemini-ni göni Chrome-a birleşdirýär: ol ulanyjylaryň işini aňsatlaşdyrar
Google kompaniýasy macOS we Windows kompýuterlerinde täzelenen Gemini emeli aňyny Chrome bilen birleşdirip başlady. Hyzmat eýýäm ABŞ-da ulanyjylar üçin elýeterli bolup, ýazylmagy talap etmeýär. Täze EA agenti açyk sahypalary we brauzeriň taryhyny görüp biler
22.09.2025 17:45
4.5k+
Pikassonyň ylham çeşmesi bolan zenanyň portreti auksionda 11-14 mln dollara satylar
Pablo Pikassonyň “Buste de femme” suraty Gonkongda Christie’s auksionynyň esasy harydy bolar. Bu suratda onuň ylham çeşmesi bolan Dora Maar şekillendirilýär. Hünärmenleriň hasaplamalary boýunça, sungat eseri 11-14 mln dollara satylyp bilner diýlip, auksion öýüniň saýtynda habar berilýär
22.09.2025 17:31
12k+
Tramp TikTok-y satyn almak boýunça geleşige gatnaşýan milliarderleriň atlaryny aýtdy
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp TikTok boýunça şertnama gatnaşýan maýadarlaryň atlaryny aýtdy. Ol Fox News teleýaýlymynda beren interwýusynda olaryň arasynda Oracle-yň egindeş esaslandyryjysy Larri Ellisonyň, Dell kompaniýasynyň ýolbaşçysy Maýkl Delliň, şeýle-de News Corp
22.09.2025 10:46
10k+
Berlinde Ikinji jahan urşy döwrüniň partlaýjylary sebäpli tas 20 müň adam ewakuasiýa edildi
Berlinde Ikinji jahan urşy döwrüniň iki bombasynyň tapylmagy sebäpli tas 20 000 adam ewakuasiýa edildi. Bu barada Berliniň polisiýasyna salgylanyp, Independent neşiri habar berdi. 18-nji sentýabrda agşam Fişerinzel sebitindäki Şpreýe derýasynyň düýbünde gyrmança bilen basylan ýarylmadyk bomba tapyldy
22.09.2025 00:53
2.5k+
Google Discover habarlar lentasyny täzeledi. Indi onda sosial ulgamlardaky ýazgylar peýda bolar
Google kompaniýanyň ykjam programmasyna gurlan we Android enjamlarynda elýeterli Discover hyzmaty üçin giňeldilen funksiýanyň çykandygyny yglan etdi. Bu barada taslamanyň resmi web sahypasynda habar berildi . Google Discover – bu Google mobil programmasyna gurlan habarlar we mazmun lentasydyr
22.09.2025 00:40
3.3k+
“Tagt oýunlarynyň” ýyldyzy Dikkensiň “Iki şäher hakyndaky powestler” filminiň ekranlaşdyrylyşynda oýnar
“Tagt oýunlarynyň” ýyldyzy Kit Harington Çarlz Dikkensiň “Iki şäher hakyndaky powestler” atly täze ekranlaşdyrylmasynda baş keşpleriň birini ýerine ýetirer. Dört bölümli mini serialy Bi-bi-si bilen MGM + döredýär diýip, Variety habar berdi
22.09.2025 00:36
4.8k+
Ortaýer deňzinde Raýan Goslingiň düşmeginde “Ýyldyzlar urşy” filmi surata düşürilip başlandy
“Ýyldyzlar urşy” atly meşhur kino seriýasynyň “Ýyldyz gyryjysy” (“Звездный истребитель”) diýip atlandyrylan onunjy bölümi surata düşürilip başlandy. Režissýor Şon Lewi surata düşüriş meýdançasyndan bir fotosuraty sosial torlara ýerleşdirdi
22.09.2025 00:28
11k+
Hytaýda bir çapar zenany doňduryjy kamerada galmakdan halas etdi we onuň kompaniýasyndan paý aldy
Hytaýda bir çapar tötänden doňduryjyda gulplanyp galan bir zenany halas etdi. Zenan minnetdarlyk hökmünde oňa öz kompaniýasyndan paý berdi diýip, China Morning Post habar berýär. Hunan welaýatyndan Çen atly bir zenanyň logistika kompaniýasy bolupdyr
21.09.2025 21:27
9.6k+
Lýuis Hemilton 15 mln ýewro öz awtomobil kolleksiýasyny satdy
“Formula-1-iň” ýedi gezek çempiony Lýuis Hemilton öz awtomobil kolleksiýasyny satandygyny habar berdi. “Indi meniň ulaglarym ýok. Men kolleksiýamdan dyndym. Meni sungat has özüne çekýär. Eger men ulag satyn aljak bolsam, bu Ferrari F40 bolardy
21.09.2025 21:24
4.8k+
Şotlandiýanyň kenarlarynda Makdonaldlar urugynyň orta asyr galasynyň galyndylary tapyldy
Arheologlar Şotlandiýanyň günbatar kenarynda ýitirilen diýlip hasaplanan orta asyr galasyny we patyşalyk köşgüni tapdy. Açyş Makdonaldlar urugynyň galasy baradaky rowaýatlaryň hakykatdygyny tassyklady diýip, BBC News habar berýär
21.09.2025 21:17
6.3k+
Ekwadorda 112 mln ýyl ýaşy bolan ýantar tapyldy: onda şol döwrüň mör-möjekleri gatap galypdyr
Ekwadoryň gündogaryndaky çägeli karýerde biologiki galyndylar bilen gatan 112 mln ýyllyk ýantaryň Günorta Amerika üçin ilkinji nusgalary tapyldy. Gatan şepbikde dinozawrlar döwründe ýaşan tomzaklar, çybynlar, siňekler, arylar, çirkeýler we kerep saklanyp galypdyr
«
1
…
59
60
61
…
276
»
«
1
…
56
57
58
59
60
61
62
63
64
…
276
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.