Medeniýet we jemgyýet

Netflix «Tekepbirlik we gümanalyk» romanynyň täze ekranlaşdyrmasynyň tizerini görkezdi
25.02.2026 22:11
2.4k+

Netflix «Tekepbirlik we gümanalyk» romanynyň täze ekranlaşdyrmasynyň tizerini görkezdi

Netflix özüniň YouTube kanalynda Jeýn Ostiniň «Tekepbirlik we gümanalyk» («Гордость и предубеждение») romanynyň täze taslamasynyň tizerini görkezdi. Garaşylýan mini-serialda baş keşbi Emma Korrin ýerine ýetirýär
Luwruň müdiri wezipesinden boşadyldy, onuň ornuny Wersal köşgüniň öňki ýolbaşçysy eýeledi
25.02.2026 21:37
3.4k+

Luwruň müdiri wezipesinden boşadyldy, onuň ornuny Wersal köşgüniň öňki ýolbaşçysy eýeledi

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Lorans de Karyň wezipesinden gitmegi sebäpli, Kristof Leribony Luwruň täze ýolbaşçysy edip belledi. Al Arabiya neşiriniň ýatladyp geçişi ýaly, bu karar 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda muzeýde bolup geçen ägirt uly ogurlygyň täsiri bilen kabul edildi
«Garri Potter» serialynda Ron Uizliniň keşbini iki sany dürli aktýor ýerine ýetirer
25.02.2026 16:04
4.1k+

«Garri Potter» serialynda Ron Uizliniň keşbini iki sany dürli aktýor ýerine ýetirer

«Garri Potter» serialynda Ron Uizliniň keşbini iki sany aktýor ýerine ýetirer diýip, Comicbook portaly habar berýär. Gahrymanyň ýaşlyk keşbini Alaster Staut ýerine ýetirer, has kämil ýaşdaky keşbini bolsa Luis Şelton oýnar
Adama akylly bolmak üçin 20 ýyl we tonnalarça azyk gerek: Altman emeli aň bilen adamyň energiýa sarp edişini deňeşdirdi
25.02.2026 15:55
5.2k+

Adama akylly bolmak üçin 20 ýyl we tonnalarça azyk gerek: Altman emeli aň bilen adamyň energiýa sarp edişini deňeşdirdi

OpenAI-yň ýolbaşçysy Sem Altman emeli aň ulgamlarynyň energiýa netijeliliginiň adam aňynyň ösüşi üçin sarp edilýän çykdajylar bilen deňeşdirerlikdigini ýa-da ondan hem ýokarydygyny öňe sürýär diýip, Tom's Hardware habar berýär
Tom Henks «Linkoln bardoda» romanynyň ekranlaşdyrylmasynda Awraam Linkolny oýnar
25.02.2026 15:53
2.9k+

Tom Henks «Linkoln bardoda» romanynyň ekranlaşdyrylmasynda Awraam Linkolny oýnar

Oskar baýragynyň eýesi, aktýor Tom Henks täze kino taslamasynda ABŞ-nyň 16-njy prezidenti Awraam Linkolnyň keşbini ýerine ýetirer. Artist «Linkoln bardoda» (Lincoln in the Bardo) diýlip atlandyrylýan eksperimental dramanyň aktýorlar düzüminde esasy gahryman bolar diýip, Variety neşiri habar berýär
Spinozawrlar deňiz mahluklary däl-de, ägirt uly hokgarlar bolup çykdy
25.02.2026 12:01
5k+

Spinozawrlar deňiz mahluklary däl-de, ägirt uly hokgarlar bolup çykdy

Paleontologlar spinozawrlaryň öň çaklanylyşy ýaly, deňiz ýyrtyjylary däldigini anykladylar. Nigerde geçirilen gazuw-agtaryş işleri bu meselä aýdyňlyk girizdi.  2019-njy ýylda barlagçylar ol ýerden äň böleklerini tapan bolsalar,  soňky ekspedisiýada bolsa täze görnüşiň — Spinosaurus mirabilis-iň tas doly ystyhanyny ýüze çykardylar
Lego bu gezek Klod Moneniň meşhur eserini konstruktora öwürdi
25.02.2026 10:40
2.1k+

Lego bu gezek Klod Moneniň meşhur eserini konstruktora öwürdi

Metropoliten sungat muzeýi Lego kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda täze Lego Art toplumyny tanyşdyrdy. Bu täze önüm muzeýiň kolleksiýasynda saklanýan Klod Moneniň 1899-njy ýylda çeken «Liliýaly howzuň üstündäki köpri» (Bridge over a Pond of Water Lilies) atly kartinasynyň esasynda döredildi
Iň gowy peýzaž suratlary: Sony World Photography Awards 2026 bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
25.02.2026 06:21
3.6k+

Iň gowy peýzaž suratlary: Sony World Photography Awards 2026 bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Sony World Photography Awards foto-bäsleşiginiň guramaçylary 2026-njy ýyl üçin peýzaž fotosuraty kategoriýasynda ýeňijileri yglan etdiler. Emin agzalary diňe bir absolýut ýeňijini däl, eýsem ýokary baha mynasyp bolan beýleki awtorlary hem bellediler
Panamada müň ýyldan gowrak taryhy bolan altyn şaý-sepli gadymy mazar tapyldy
25.02.2026 06:08
8.6k+

Panamada müň ýyldan gowrak taryhy bolan altyn şaý-sepli gadymy mazar tapyldy

Panamada arheologlar adam süňkleri, altyn şaý-sepler we toýun gap-gaçlar saklanyp galan, müň ýyldan gowrak ýaşy bolan gadymy mazary ýüze çykardylar. Bu täsin açyş Panama-Siti şäherinden takmynan 200 kilometr günorta-günbatarda ýerleşýän Nata sebitindäki El-Kano arheologik ýadygärliginde hasaba alyndy
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Lebap welaýatyna dabaraly ýörişi boldy
24.02.2026 16:37
4.5k+

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Lebap welaýatyna dabaraly ýörişi boldy

Arkadag şäherinde başlanyp, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda dowam eden dabaraly ýörişlerden soň, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň sapary ýurduň Lebap welaýatyna gönükdi. Bu çäreler 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurt boýunça ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralarynyň dowamy boldy
Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar
24.02.2026 09:33
1.6k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi
Müňlerçe Lego böleklerinden Top Gear gepleşiginiň studiýasyny döretdiler
24.02.2026 09:26
2.2k+

Müňlerçe Lego böleklerinden Top Gear gepleşiginiň studiýasyny döretdiler

Top Gear awtoulag şüweleňiniň muşdagy Nard Werbong öz söýgüli gepleşiginiň studiýasyny Lego konstruktoryndan dizaýn edip, gurnady. Bu maketi döretmek üçin oňa 5362 sany Lego bölejigi gerek boldy. Taýýar işiň suratlary Top Gear-iň resmi saýtynda çap edildi
Mikelanjelonyň nämälim 20 eseriniň tapylandygy mälim edildi
24.02.2026 09:11
2.4k+

Mikelanjelonyň nämälim 20 eseriniň tapylandygy mälim edildi

Italiýada meşhur heýkeltaraş Mikelanjelo Buonarrotiniň öň näbelli bolan 20 sany işi ýüze çykaryldy. Erkin sungat taryhçysy Walentina Salernonyň geçiren barlaglarynyň netijesinde bu eserleriň asyl nusgadygy tassyklanyldy diýip, Il Messaggero neşiri habar berýär
Salwadorda 100 müň sany plastik gapakdan öz «Mona Lizalaryny» döretdiler
23.02.2026 17:12
5.8k+

Salwadorda 100 müň sany plastik gapakdan öz «Mona Lizalaryny» döretdiler

Salwadoryň Sakamil etrabynda 100 müňden gowrak plastik gapakdan taýýarlanan ägirt uly diwar suraty peýda boldy. Bu işiň beýikligi 13 metrden geçýär. Euronews agentliginiň habar bermegine görä, awtor dünýäde bu ululykda gapak bilen «çekilen» başga bir freskanyň ýokdugyny aýdýar
Panç atly ýalňyz maýmynjygyň meşhurlygy IKEA-nyň ýumşak oýunjagyny iň ýörgünli haryda öwürdi
23.02.2026 15:43
7.6k+

Panç atly ýalňyz maýmynjygyň meşhurlygy IKEA-nyň ýumşak oýunjagyny iň ýörgünli haryda öwürdi

Ýumşak orangutan oýunjagyny özüne «eje» edinen Panç atly makakajygyň meşhurlygy IKEA-nyň bu oýunjaklaryna bolan islegi rekord derejä ýetirdi. Panç özüniň gynançly hekaýasy bilen dünýä belli boldy. Makaka maýmynjygynyň çagasy Tokionyň golaýyndaky Itikawa haýwanat bagynda 2025-nji ýylyň iýulynda dünýä inenden soň, öz enesi tarapyndan ret edildi
Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar
23.02.2026 13:14
1.5k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi
Ubisoft «Far Cry-dan» iki täze oýnuň ýakynda çykjakdygyny we «Assassin’s Creed-iň» üstünde işleýändigini tassyklady
23.02.2026 13:02
2.5k+

Ubisoft «Far Cry-dan» iki täze oýnuň ýakynda çykjakdygyny we «Assassin’s Creed-iň» üstünde işleýändigini tassyklady

​Ubisoft kompaniýasynyň ýolbaşçysy Iw Giýmo, kompaniýanyň «Far Cry» seriýasyndan iki sany täze oýun çykarmaga taýýarlanýandygyny tassyklady. Ol bu barada «Variety» neşirine beren interwýusynda mälim etdi. Bu söhbetdeşlik kompaniýanyň giň gerimli gaýtadan guralyşyndan soňky ilkinji uly jemgyýetçilik çykyşy boldy
Teýlor Swiftiň «The Life of a Showgirl» albomy 2025-nji ýylyň iň meşhur albomy diýlip ykrar edildi
23.02.2026 12:55
1.6k+

Teýlor Swiftiň «The Life of a Showgirl» albomy 2025-nji ýylyň iň meşhur albomy diýlip ykrar edildi

​Fonogramma öndürijileriniň halkara federasiýasy (IFPI) 2025-nji ýylyň iň meşhur on sany albomynyň reýtingini çap etdi. Global sanawda birinji orny «The Life of a Showgirl» albomy bilen Teýlor Swift eýeledi. ​Reýting düzülende fiziki göterijileriň (kompakt-diskler we winil plastinkalary) satylyşy, sanly göçürmeler hem-de striming platformalaryndaky diňlenme sany hasaba alyndy
«Bir söweşden soň beýleki» filmi alty BAFTA baýragyna mynasyp boldy
23.02.2026 12:52
2.5k+

«Bir söweşden soň beýleki» filmi alty BAFTA baýragyna mynasyp boldy

Londonda britan we halkara kinematografiýasynda gazanylan üstünlikleri belleýän BAFTA baýragynyň 79-njy gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy ýeňijisi Pol Tomas Andersonyň «Bir söweşden soň beýleki» (Битва за битвой) filmi boldy
YouTube bilen indi telewizor görýärkäňiz hem gepleşip bolar
23.02.2026 12:48
2.9k+

YouTube bilen indi telewizor görýärkäňiz hem gepleşip bolar

​YouTube özüniň synag tapgyryndaky emeli aň guralynyň gerimini giňeldýär we ony akylly telewizorlarda (Smart TV), oýun konsollarynda hem-de striming pristawkalarynda synagdan geçirip başlaýar. Ozal bu funksiýa diňe mobil goşundyda we serwisiniň web wersiýasynda elýeterlidi
Britaniýa XIX asyrda Nigeriýadan alnyp gidilen 116 sany ýadygärligi yzyna bermäge razy boldy
23.02.2026 12:44
3.6k+

Britaniýa XIX asyrda Nigeriýadan alnyp gidilen 116 sany ýadygärligi yzyna bermäge razy boldy

Kembrij uniwersiteti XIX asyryň ahyrynda britan goşunlary tarapyndan Afrikadan alnyp gidilen 116 sany taryhy sungat eserini Nigeriýa gaýtaryp bermek barada karar kabul etdi. Bu gymmatlyklar sebitiň medeni mirasynyň iň möhüm bölekleri hasaplanýar
«Awe Mariýa» taslamasy» filminiň çykmagyna bagyşlanyp kosmonawtyň tuwulgasyndaky patrak çykaryldy
23.02.2026 12:38
1.5k+

«Awe Mariýa» taslamasy» filminiň çykmagyna bagyşlanyp kosmonawtyň tuwulgasyndaky patrak çykaryldy

Awstraliýanyň «Hoyts» kinoteatrlar tory täze fantastik film üçin niýetlenen, kosmonawt tuwulgasy şekilindäki üýtgeşik patrak (popkorn) çeleklerini tanyşdyrdy. Bu aksessuar Raýan Goslingiň baş keşbi janlandyran «Awe Mariýa» taslamasy» (Project Hail Mary) atly garaşylýan filminiň premýerasyna gabatlandy
ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň Milli toparynyň mejlisi geçirildi
22.02.2026 15:18
1.6k+

ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň Milli toparynyň mejlisi geçirildi

21-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň başlyklyk etmeginde ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň Milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna düşürilen film halkara baýraklaryny aldy
22.02.2026 10:24
10k+

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna düşürilen film halkara baýraklaryny aldy

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna surata düşürilen «Kompozitor» atly film ýakynda TÜRKSOÝ halkara guramasynyň ýörite baýraklaryna mynasyp boldy
Berlin kinofestiwalynyň baş baýragy «Sary hatlar» filmine gowşuryldy
22.02.2026 07:18
2k+

Berlin kinofestiwalynyň baş baýragy «Sary hatlar» filmine gowşuryldy

76-njy Berlin kinofestiwalynyň baş baýragy — «Altyn Aýy» germaniýaly asly türk režissýor Ilker Çatakyň düşüren «Sary hatlar» (Gelbe Briefe) filmine gowşuryldy. Baýragyň gowşurylyş dabarasy 21-nji fewralda Potsdam meýdanyndaky Berlinale köşgünde geçirildi
Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi
22.02.2026 01:33
4k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar
Ýaponiýa uçarlarda daşky akkumulýatorlary ulanmagy gadagan edýär
21.02.2026 20:39
2.4k+

Ýaponiýa uçarlarda daşky akkumulýatorlary ulanmagy gadagan edýär

Ýaponiýanyň Ulag ministrligi awiakompaniýalara uçaryň içinde portatiw zarýad beriji enjamlary ulanmagy gadagan edýär. Bu görkezme 2026-njy ýylyň aprel aýynda güýje girer. Gadaganlyga uçuş wagtynda smartfonlaryň akkumulýatorlarynyň we pauerbanklaryň ýanmagy bilen bagly ýüze çykan wakalar sebäp boldy
Müsürde üsti altyn bilen örtülen 4300 ýyllyk abat mumiýa tapyldy
21.02.2026 17:18
9.2k+

Müsürde üsti altyn bilen örtülen 4300 ýyllyk abat mumiýa tapyldy

Arheologlar Müsüriň Sakkara nekropolyndan 4300 ýyl ozal möhürlenen hek daşyndan ýasalan sarkofagy açdylar. Onuň içinden altyn çaýylan, heniz ellenmedik görnüşde mumiýa tapyldy. Earth neşiriniň habar bermegine görä, 15 metrlik şahtanyň düýbünden tapylan bu gubur Gadymy patyşalygyň Bäşinji we Altynjy nesilleriniň döwrüne degişlidir
«Rolling Stone» XXI asyryň iň gowy «Oskarly» aktrisalarynyň atlaryny mälim etdi
21.02.2026 16:26
2.5k+

«Rolling Stone» XXI asyryň iň gowy «Oskarly» aktrisalarynyň atlaryny mälim etdi

«Rolling Stone» žurnaly XXI asyrda «Oskar» baýragyna mynasyp bolan aktrisalaryň reýtingini düzdi. Sanaw taýýarlanylanda redaksiýa aktrisalaryň kino sungatyna goşan umumy goşandyna däl-de, hut olaryň baýrak getiren filmlerdäki işleriniň hiline baha berdi
Blackpink YouTube-da 100 mln abunaçy jemlän ilkinji aýdym-saz topary boldy
21.02.2026 14:59
3.4k+

Blackpink YouTube-da 100 mln abunaçy jemlän ilkinji aýdym-saz topary boldy

Blackpink k-pop topary aýdymçylaryň arasynda YouTube-da 100 million abunaçy ýazylan ilkinji aýdym-saz topary boldy we gyzyl göwher düwmä (Red Diamond Creator Award) mynasyp görüldi. Wideohostingiň bütin taryhynda bu baýraga eýe bolan T-Series, MrBeast, Cocomelon, SET India we WWE ýaly kanallaryň sany 20-den hem azdyr
Dünýäniň iň uly sfera binasy hiç ýere uçmazdan, «Aýyň ýüzünde gezelenç etmäge» çagyrar
21.02.2026 14:17
9.6k+

Dünýäniň iň uly sfera binasy hiç ýere uçmazdan, «Aýyň ýüzünde gezelenç etmäge» çagyrar

Moon World Resorts kompaniýasy «Moon» («Aý») atly täze taslamasyny hödürledi. Bu taslama dünýäniň iň uly sfera şekilli binasynyň gurluşygyny göz öňünde tutýar. Taslamanyň esasy maksady — binanyň içinde Aýyň ýüzünde gezelenç edýän ýaly duýgyny döredýän giňişlik döretmek
Türkmenistanyň aýal-gyzlaryna 60 manat möçberinde pul sowgatlary 2-6-njy mart aralygynda gowşurylar
21.02.2026 12:02
9k+

Türkmenistanyň aýal-gyzlaryna 60 manat möçberinde pul sowgatlary 2-6-njy mart aralygynda gowşurylar

Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň aýal-gyzlaryna döwlet Baştutanynyň adyndan 60 manat möçberinde pul sowgatlary gowşurylar. Degişli Buýruga Türkmenistanyň Prezidenti anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gol çekdi diýip, TDH habar berýär
Tozan sorujy öndürýän Dreame altyn çaýylan kaşaň smartfonlary çykarar
21.02.2026 10:51
4.6k+

Tozan sorujy öndürýän Dreame altyn çaýylan kaşaň smartfonlary çykarar

Dreame kompaniýasy Hytaý Täze ýyly mynasybetli altyn çaýylan korpusly we gymmat bahaly daşlar bilen bezelen Aurora smartfonunyň çykaryljakdygyny habar berdi. Modeliň suratlary Hytaýyň Weibo sosial torunda peýda boldy
Samsung alty aýlyk arakesmeden soň Galaxy S25 we beýleki modellerde Google Play-i täzeledi
21.02.2026 10:19
2.9k+

Samsung alty aýlyk arakesmeden soň Galaxy S25 we beýleki modellerde Google Play-i täzeledi

Samsung Galaxy enjamlarynyň ulanyjylary 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Google Play ulgamynyň täze täzelenmelerini alyp başladylar. Bu täzelenme köp sanly enjamlar, şol sanda flagman Galaxy S25 modeli üçin 2025-nji ýylyň iýulyndan bäri ilkinji wajyp düzediş boldy
«Indi beýle edemzok»: Sukerberg kazyýetde Instagramyň algoritmlerini aklamaga çalyşýar
21.02.2026 10:00
4.3k+

«Indi beýle edemzok»: Sukerberg kazyýetde Instagramyň algoritmlerini aklamaga çalyşýar

Meta kompaniýasynyň baş direktory Mark Sukerberg kazyýetde çykyş edip, kompaniýanyň ulanyjylaryň ünsüni nädip çekýändigi we olaryň Facebook hem-de Instagram-da sarp edýän wagtyna nähili täsir edýändigi baradaky soraglara jogap berdi
Mads Mikkelsen Skorsezeniň täze filminde Di Kaprio we Lourens bilen bilelikde surata düşer
21.02.2026 09:56
1.6k+

Mads Mikkelsen Skorsezeniň täze filminde Di Kaprio we Lourens bilen bilelikde surata düşer

Dünýä belli aktýor Mads Mikkelsen režissýor Martin Skorsezeniň "Gije bolup geçýän zatlar" (Что происходит ночью) atly täze taslamasynyň ýyldyzlar düzümine goşuldy. Filmde baş keşpleri Leonardo Di Kaprio we Jennifer Lourens janlandyrýar
Türkmenistanda mart aýynda geçiriljek çäreleriň Tertibi mälim edildi
21.02.2026 02:05
6.9k+

Türkmenistanda mart aýynda geçiriljek çäreleriň Tertibi mälim edildi

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda, hususan-da, baharyň birinji aýy üçin meýilleşdirilen medeni çäreleriň Tertibi hödürlendi diýip, «Watan» habarlar gepleşigi habar berýär
Türkmenistanyň zenanlary Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlaryny alar
21.02.2026 01:40
6.8k+

Türkmenistanyň zenanlary Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlaryny alar

Prezident Serdar Berdimuhamedow 20-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurduň zenanlaryna pul sowgatlaryny bermek hakyndaky Buýruga gol çekdi
Ikinji jahan urşunyň haý-haýly 72 sagady hakda giň gerimli harby dramanyň treýleri çykdy
20.02.2026 22:20
5.9k+

Ikinji jahan urşunyň haý-haýly 72 sagady hakda giň gerimli harby dramanyň treýleri çykdy

Focus Features kinokompaniýasy «Basgy» («Давление») atly harby dramanyň treýlerini hödürledi. Ilkinji görkezilişi 29-njy maýa meýilleşdirilen film dünýä prokatyna hem şol aýda çykar. Taryhy filmiň sýužeti Ikinji jahan urşy döwründe antifaşistik goşunlaryň Normandiýa düşürilmeginden 72 sagat öňki wakalary öz içine alýar
Tramp gaýry planetalylara we Ýerden daşardaky ýaşaýyşa degişli maglumatlary ile aýan etmegi tabşyrdy
20.02.2026 19:33
18k+

Tramp gaýry planetalylara we Ýerden daşardaky ýaşaýyşa degişli maglumatlary ile aýan etmegi tabşyrdy

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp ýurduň goranmak ministrine we beýleki degişli edaralara Ýerden daşardaky ýaşaýyş, howadaky nämälim hadysalar we uçýan obýektler bilen baglanyşykly döwletde bar bolan materiallary ýüze çykarmagy hem-de olary gizlinlikden aýyrmagy tabşyrdy
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.