Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Medeniýet we jemgyýet
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Medeniýet we jemgyýet
16.01.2026 16:52
1.9k+
«Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň finaly üçin petekler 14 minutda satylyp gutardy
Wenada (Awstriýa) geçiriljek şanly 70-nji «Ýewrowideniýe-2026» aýdym-saz bäsleşigi üçin petekler rekord derejeli gysga wagtda satylyp gutardy. Final üçin petekler satuw başlanyndan soň bary-ýogy 14 minutda, ýarym finallar we şou-prewýu üçin petekler bolsa 20 minutyň içinde diýen ýaly satyldy diýip, Deutsche Welle habar berýär
16.01.2026 16:10
4.8k+
"God of War" oýnunyň filminde baş keşbi janlandyrjak aktýor belli boldy
«God of War» («Бог войны») wideo oýnuny ekranlaşdyrýan Amazon onuň serial görnüşinde spartanly uruş hudaýy Kratosyň keşbini Raýan Herstiň janlandyrjakdygyny yglan etdi. Täze taslama Wankuwerde deslapky önümçilik tapgyrynda we häzirki wagtda onuň kastingleri dowam edýär
16.01.2026 16:05
3.4k+
«Kalmar oýnuny» döreden režissýor Netflix üçin täze serialyň üstünde işleýär
Netflix «Kalmar oýnuny» («Игра в кальмара») dörediji Hwan Don-hýokdan täze serialy sargyt etdi. Deadline-niň habar bermegine görä, taslama «Diler» («Дилер») diýlip atlandyrylýar. Serialy Hwan Don-hýoga degişli Firstman Studio tarapyndan surata düşüriler
16.01.2026 15:32
1.4k+
Meta Awstraliýany ýetginjekler üçin sosial torlary gadagan edýän kanuna gaýtadan seretmäge çagyrýar
Meta Awstraliýany 16 ýaşdan kiçi ýetginjeklere sosial torlary ulanmagy gadagan edýän dünýäde ilkinji kanuny gaýtadan gözden geçirmäge çagyrýar. Kompaniýa täze kanuna laýyklykda 544,000-den gowrak hasaby bloklady» diýip CNA habar berýär
16.01.2026 15:25
2.4k+
«Tagt oýunlarynyň» awtory Dunk we Eggiň başdan geçirmeleriniň dowamynyň boljakdygyny ýaňzytdy
HBO Max podkastynda çykyş eden Jorj Martin 18-nji ýanwarda «Ýedi patyşalygyň rysary» atly prikweliň çykmagyndan öň «Tagt oýunlarynyň» çygryny hem giňeltmek baradaky meýilnamasynyň bardygyny paýlaşdy. The Hollywood
16.01.2026 12:02
2.8k+
Eýranyň ilçisi we medeniýet geňeşçisi Türkmenistanyň dil öwreniş institutyna we Döwlet kitaphanasyna baryp gördüler
Eýran Yslam Respublikasynyň (EYR) Türkmenistandaky ilçisi Aly Mojtaba Ruzbehani we EYR-nyň medeniýet geňeşçisi Abdolreza Abbasi Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda duşuşyklar geçirdiler
16.01.2026 11:53
1.4k+
Tahyr Ataýewiň orkestri Aşgabatda konsertde Paganininiň, Simmeriň we Marianelliniň eserlerini ýerine ýetirer
30-njy ýanwarda Aşgabadyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky kirişli sazlar orkestriniň konserti geçiriler. Köpçülige hödürlenjek "Saýlanan eserler" (Избранное) atly maksatnama orkestriň öňki çykyşlarynyň iň şowly we meşhur saz eserlerinden düzüldi
16.01.2026 11:40
4.9k+
Aşgabatda dürli ýyllaryň hindi kinolarynyň görkezilişi bolar
2026-njy ýylyň 20–24-nji ýanwary aralygynda Aşgabatda Hindi kinosynyň festiwaly geçiriler. Kinolary «Aşgabat» kinoteatrynda görkeziler. Çäräni Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Hindistanyň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi bilen bilelikde guraýar
16.01.2026 08:33
1.5k+
Lenovo öz-özi aýlanýan ekranly köpçülikleýin öndürilýän noutbukyny tanyşdyrdy
Lenovo kompaniýasy birnäçe täze önümlerini hödürledi, olaryň arasynda, esasan hem, ThinkBook Plus Gen7 Auto Twist noutbugy aýratyn ünsi çekýär. Ilkinji gezek 2024-nji ýylda diňe bir konsept (taslama) hökmünde görkezilen bu model indi köpçülikleýin önümçilige goýberildi
16.01.2026 08:16
2.7k+
Täze çykarylýan "Mumiýa" filmi Finçeriň trillerlerini ýatladar: ilkinji tizer ýaýrady
"Blumhouse" we "Warner Bros." kompaniýalary "Mumiýa" filminiň ilkinji tizerini köpçülige hödürlediler. Taslamanyň režissýory Li Kronin ("Eýmenç ölüleriň gozgalaňy" filmi bilen tanalýan) täze eseri "Poltergeýst" ruhundaky gorkuly film (horror) bilen Dewid Finçeriň stilindäki garaňky detektiwiň gibridi hökmünde häsiýetlendirýär
16.01.2026 08:10
4.2k+
Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi
Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi
16.01.2026 08:06
1.1k+
LEGO "Pokemonlar" älemine esaslanýan toplumlary çykarar
LEGO we Pokémon Company meşhur “Pokemonlar” (Pokémon) franşizasynyň esasynda döredilen ilkinji konstruktorlar toplumyny yglan etdiler. Täze kolleksiýa seriýanyň 30 ýyllygy mynasybetli çykarylýar. Satuwlara 27-nji fewralda başlanar
15.01.2026 21:57
5.5k+
Samsung 6000 mAs batareýaly we 6 ýyllyk täzelenme goldawy bolan arzan Galaxy A07 5G modelini tanyşdyrdy
Samsung kompaniýasy arzan bahaly Galaxy A07 5G smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Täze model ilki bilen Taýlandyň we Mýanmanyň bazarlary üçin tanyşdyryldy. Smartfon ýat ukyby boýunça iki görnüşde — 4/128 GB we 6/128 GB wariantlarynda hödürlenýär
15.01.2026 17:37
3.5k+
«Altyn malina-2026» anti-baýragy üçin dalaşgärler yglan edildi
Kinoda iň ýaramaz işler üçin berilýän «Altyn malina» anti-baýragyna dalaşgärleriň sanawy yglan edildi. 2025-nji ýylda bu baýragyň eýeleri martda, adatça bolşy ýaly, «Oskardan» bir gün öň yglan ediler diýip, World of Reel portaly belleýär
15.01.2026 16:35
7.4k+
Günorta Koreýanyň we Ýaponiýanyň liderleri urlup çalynýan gurallarda keý-pop sazlaryny ýerine ýetirdi
Günorta Koreýanyň Prezidenti Li Çže Mýon we Ýaponiýanyň premýer-ministri Sanae Takaiti bilelikde urlup çalynýan saz gurallarynda BTS toparynyň «Dynamite» we «Keý-pop melgun awçylary» multfilminden aýdymlaryň sazlaryny ýerine ýetirdi
15.01.2026 16:31
4.2k+
Crew-11-iň astronawtlary lukmançylyk ewakuasiýasyndan soň Ýere möhletinden ir gaýdyp geldi
SpaceX amerikan kompaniýasynyň köp gezeklik Crew Dragon kosmos gämisi Crew 11 missiýasynyň ekipažy bilen şu gün Kaliforniýanyň günorta kenaryndaky Ýuwaş ummana üstünlikli gondy. Bu barada NASA habar berýär. NASA
15.01.2026 11:55
2.7k+
Britaniýaly Kallum Týorner 007 agentiniň keşbi üçin esasy dalaşgär boldy
Britaniýaly aktýor Kallum Týorner 007 agenti Jeýms Bonduň keşbi üçin franşizanyň täze filminde esasy dalaşgär boldy. Daily Mail-iň maglumatlaryna görä, hut ol Deniel Kreýgiň ornuny çalşar. Çeşmeler 34 ýaşly aktýoryň töweregindäkileriň eýýäm onuň tassyklanyp bilmegini ara alyp maslahatlaşýandygyny ýazýar
15.01.2026 11:50
4.1k+
Tankytçylar «28 ýyl soň: Süňk ybadathanasy» horror filmine haýran galma bilen seslendi
Internetde «28 ýyl soň: Süňk ybadathanasy» (28 лет спустя: Храм костей) horror filmine ilkinji halkara synlar peýda boldy. Film 16-njy ýanwarda kinoteatrlarda görkeziler. Habar çykan wagty filmiň Rotten Tomatoes-de reýtingi 93%-di
15.01.2026 11:45
4.3k+
BTS dörtýyllyk arakesmeden soň konsert syýahatyna ugraýar
BTS keý-pop topary dörtýyllyk arakesmeden soň konsert syýahaty barada yglan etdi. Ol aprelde Günorta Koreýanyň Koýan şäherinden başlap, 2027-nji ýylyň martyna çenli dowam eder. Bu barada Associated Press habar berýär
14.01.2026 17:56
6k+
Le Parisien: Derňewçiler Luwrdan ogurlanan gymmatbaha zatlaryň saklanan ýerini tapdylar
Le Parisien gazetiniň ýazmagyna görä, 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Luwrda bolup geçen talaňçylygy derňeýän derňewçiler jenaýatkärleriň gymmatbaha zatlary ogurlap göni getirip gizlän garažynyň üstünden bardylar
14.01.2026 17:32
5.2k+
Miu Miu deri önümlerini emeli ýol bilen köneltmek usulyny hödürledi
Miu Miu deri önümini emeli usulda köneltmek usulyna bagyşlanan «Könäni döretmek» («Making of Old») taslamasyny işe girizdi. Kampaniýanyň çäginde brend täze önümleriň nähili gadymy görnüşe eýe bolýandygyny jikme-jik görkezýär
14.01.2026 17:22
4.5k+
«Dostluk bozuldy!»: Hans Zimmer «Altyn Globusyň» guramaçylaryny kompozitorlara hormatsyzlykda tankytlady
Kompozitor Hans Zimmer «Iň gowy saz» baýragynyň gowşurylyşyny teleýaýlymda görkezmändikleri üçin «Altyn Globusyň» guramaçylaryny tankytlady. Deadline bilen söhbetdeşlikde Zimmer bu hereketiň nadanlyga çalym edýändigini-de ýaňzytdy
14.01.2026 12:13
5.3k+
Wikipedia kümüş ýaş toýuny belleýär: Başlangyç pikirden dünýäniň iň uly ensiklopediýasyna çenli geçilen 25 ýyllyk ýol
2026-njy ýylyň 15-nji ýanwarynda Wikipedia esaslandyrylan gününiň 25 ýyllygyny belleýär. Bu ýubileý ýylyň dowamynda bütin dünýäde dabaralandyrylar. "Wikipediýa meýletinçiler tarapyndan bütin dünýäniň adamlary üçin döredilen erkin ensiklopediýa baradaky uly maksatdan başlandy
14.01.2026 12:03
4.1k+
Beýik Britaniýada giçki Rim döwrüne degişli süňkden ýasalan täsin gutujyk tapyldy
Beýik Britaniýanyň Wusterşir graflygynyň Brodweý şäherindäki giçki Rim döwrüniň mazarlygynda gazuw-agtaryş işleri geçirilende, alymlar keýik süňkünden ýasalan oýma nagyşly täsin gutujygy ýüze çykardylar. Arheologlar öň hiç haçan şeýle tapynda duş gelmändiklerini belleýärler
14.01.2026 12:00
5.1k+
Izmirde "Süleýmanyň düwni" bilen bezelen gadymy mozaikaly zal tapyldy
Türkiýäniň Izmir şäherinde gadymy Smirnanyň çäginde arheologlar takmynan 1 600 ýyl mundan ozalky döwre degişli bolan we gowy saklanyp galan mozaikaly zaly ýüze çykardylar. "Interesting Engineering" neşiriniň "The Archaeologist" žurnalyna salgylanyp bermegine görä, bu zal "Süleýmanyň düwni" atly geometrik nagyş bilen bezelipdir
14.01.2026 11:39
1.8k+
Aşgabatda koreý dilini biliş derejesini kesgitleýän TOPIK synagyna gatnaşmak üçin arzalar alnyp başlandy
Aşgabatda koreý dilini biliş derejesini kesgitleýän 105-nji synag (TOPIK) geçiriler. Bu barada Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy yglan etdi. Synaga gatnaşmak baradaky giňişleýin maglumatlar bilen tanyşmak, şeýle hem arzanyň nusgasyny ýükläp almak üçin ilçihananyň saýtyna girip bilersiňiz
14.01.2026 11:16
4.3k+
Zoi Saldana filmleri has köp girdeji gazanan aktýorlaryň sanawynda Skarlett Ýohanssondan öňe geçdi
2026-njy ýylyň ýanwaryndaky ýagdaýa görä, Zoi Saldana ähli döwürde filmleri has köp girdeji gazanan aktýor boldy. Ol bu reýtingde Skarlett Ýohanssondan öňe geçdi. Saldana şeýle netijä «Awatar: Ot we kül» filmi çykandan soň ýetdi
14.01.2026 11:00
2.4k+
Mattel kompaniýasy autizmli Barbi gurjagyny hödürledi
Mattel amerikan kompaniýasy autizm spektriniň bozulmasy (ASB) bolan ilkinji Barbini hödürledi – gurjagyň sesi basyp ýatyrýan nauşnigi, spinneri we alternatiw aragatnaşyk üçin programmalary bolan planşeti bar. Täze gurjak tirsegi we bilegi has gowy hereket eder ýaly ýagdaýda ýasaldy
14.01.2026 10:59
5.7k+
2025-nji ýylyň jemi boýunça dünýäde iň owadan pişik saýlandy
Bütindünýä pişikler federasiýasy 2025-nji ýylyň iň owadan pişikleriniň reýtingini hödürledi. Sanawda birinji orny Russiýadan Darlen Fler Dalmor Blek atly abissiniýa pişigi eýeledi. Pişik 19 726 bal gazandy. Ol bir ýarym ýaşynda
14.01.2026 09:37
1.4k+
«Köpüň biri» serialy tomaşa boýunça Apple TV-niň rekordyny goýdy
«Köpüň biri» (Pluribus) fantastik serialy Apple TV striming hyzmatynyň taryhynda iň köp tomaşa edilen serial boldy. Bu barada platformanyň ýolbaşçylygyna salgylanyp, Deadline habar berýär. Serial Wins Gilligan («Garadangaýtmaz», «Gowusy, Sola jaň ediň») tarapyndan döredildi
13.01.2026 16:15
6.6k+
Bill Geýts emeli aňyň howplary hakynda täze esse ýazdy
Bill Geýts her ýyl okyjylara hödürleýän essesiniň «Çykgytly optimizm» atly täze nusgasyny çap etdi. Onda Microsoft kompaniýasynyň esaslandyryjysy emeli aňyň häzirki ýagdaýyna we geljegine baha berýär. Geýts essede tehnologiýanyň ýokary mümkinçiliklerini ykrar etmek bilen birlikde, onuň çalt we harsal düzgünleşdirilmegi bilen baglanyşykly bolup biläýjek ulgamlaýyn töwekgelçiliklere ünsi çekýär
13.01.2026 16:06
1.8k+
Android 17-de habarnamalary ýaşyrmagyň täze usuly synag edilýär
Android 17 operasion ulgamynyň beta görnüşinde ulanyjynyň gizlinligini goramaga niýetlenen täze funksiýa ýüze çykaryldy. Ol ulanyjylara ekrana çykýan penjirelerde habarnamalaryň görkezilişini sazlamaga mümkinçilik berýär diýip, GizChina portaly habar berýär
13.01.2026 13:58
2.1k+
Netflix “Gara aýna” serialyny sekizinji möwsüme uzaltdy
Netflix platformasy meşhur “Gara aýna” (Black Mirror) antologiýa serialynyň sekizinji möwsüminiň düşüriljekdigini tassyklady. Bu barada taslamanyň döredijisi Çarli Bruker Netflix Tudum neşirine beren interwýusynda mälim etdi diýip, Variety habar berýär
13.01.2026 12:19
2.2k+
Bir wagtda 42 milliondan gowrak ulanyjy Steam-de onlaýn bolup, täze rekord goýuldy
Steam sanly distribusiýa hyzmaty bir wagtyň özünde onlaýn bolan ulanyjylaryň sany boýunça täze rekord goýdy. 2026-njy ýylyň 11-nji ýanwarynda Aşgabat wagty bilen 19:00 töweregi 42 milliondan gowrak adam onlaýn boldy – Steam-iň resmi maglumatlary boýunça 42 020 941 we SteamDB statistikasy boýunça 42 042 778
13.01.2026 10:58
4.6k+
Casio «ömürlik» sagatlaryny satyp başlady. Olaryň batareýasy 10 ýyla ýetýär
Casio ABŞ-nyň bazaryna täze WS1800 sanly sagadyny çykardy. Ol üç reňkde – gara, gök we ýaşyl reňklerde hödürlenýär. Her wersiýanyň bahasy 40 dollar bolup, eýýäm kompaniýanyň resmi saýtynda elýeterlidir. WS1800 modeli retro-stilde sanly sport sagatlary hökmünde görkezilýär
13.01.2026 10:52
7.6k+
Mermer deňzinde 51 ýyl ozal heläkçilige uçran uçaryň bölekleri tapyldy
Mermer deňzinde 51 ýyl ozal heläkçilige uçran uçaryň kabinasy tapyldy. Türkiýeli bloger we gözlegçi Nedim Kuru deňiz düýbünde 1975-nji ýylda heläkçiligi başdan geçiren Turkish Airlines-yň ýolagçy uçarynyň böleklerini tapdy diýip, NTV teleýaýlymy habar berýär
12.01.2026 23:03
3.4k+
Disney täze “Rapunsel” filmi üçin baş keşp aktýorlaryny tassyklady
Disney kompaniýasynyň “Rapunsel: Çylşyrymly hekaýa” (Tangled) multfilminiň janly-enjamlaşdyrylan (live-action) remeýkindäki baş keşpleri janlandyrjak aktýorlar resmi taýdan belli boldy. Deadline we The Hollywood
12.01.2026 18:22
9.5k+
Leonardo da Winçiniň çeken suratyndan 500 ýyldan soň onuň DNK-sy tapyldy
ABŞ-dan, Awstriýadan, Italiýadan we Ispaniýadan alymlaryň halkara topary Leonardo da Winçiniň suratlarynyň birinden DNK nusgasyny çykaryp alandyklaryny habar berdiler diýip, Daily Mail neşiri ýazýar. Barlagyň netijeleri bioRxiv preprintler saýtynda ýerleşdirildi
12.01.2026 16:39
2.7k+
Meteor, bozguç we duza ýatyrylan hyýar: iOS 27-de birnäçe täze emoji peýda bolar
iOS 27 operasion ulgamynda dokuz sany täze emoji peýda bolup biler. Emoji standartlaryna we olaryň ähli platformalar üçin tassyklanmagyna jogap berýän Unicode konsorsiumy deslapky sanawy hödürledi. Belli bolşy ýaly, Apple täze emojileri iOS-yň ýazky täzelenmeleri bilen bilelikde goşýar
12.01.2026 13:03
3.6k+
«Bir söweşden soň beýleki» filmi dört «Altyn globus» baýragyny aldy
Los-Anjelesde «Altyn globus» baýragynyň 83-nji gowşurylyş dabarasy geçirildi. Şu ýyl esasy baýrak eýesi «Bir söweşden soň beýleki» (Битва за битвой) satiriki syýasy komediýasy boldy. Pol Tomas Andersonyň filmi dört baýraga, şol sanda «Iň gowy film – mýuzikl ýa-da komediýa», režissýorlyk, ssenariý we ikinji plandaky iň gowy zenan keşbi (Teýýana Teýlor) kategoriýalarynda baýraklara mynasyp boldy
«
1
…
40
41
42
…
276
»
«
1
…
37
38
39
40
41
42
43
44
45
…
276
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.