Arheologlar Keniýada 2,7 million ýyl ozal ýasalan «şweýsar pyçaklaryny» tapdylar
Arheologlar Keniýadaky Turkana basseýniniň töwereginde takmynan 2,75–2,44 million ýyl öňe degişli daş gurallary tapdylar. Bu gadymy gurallar olduwaý medeniýetine degişli bolup, irki adamlaryň häzirkizaman «şweýsar pyçaklary» ýaly köp funksiýaly ulanyş gurallary hökmünde hyzmat edipdir diýip, ScienceDaily ýazýar