Medeniýet we jemgyýet

Wenesiýa festiwalynyň “Altyn ýolbars” baýragyny Jim Jarmuşyň filmi aldy
07.09.2025 19:55
2.5k+

Wenesiýa festiwalynyň “Altyn ýolbars” baýragyny Jim Jarmuşyň filmi aldy

82-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň baş baýragyny – “Altyn ýolbarsy” Jim Jarmuşyň “Kaka, eje, uýa, dogan” (Отец, мать, сестра, брат) filmi aldy. Film režissýoryň soňky alty ýylda ilkinji işi boldy. Ol maşgalalara bagyşlanan üç nowelladan ybarat
Jeýms Gann “Supermeniň” dowamynyň adyny we çykjak senesini aýtdy
07.09.2025 19:38
2.4k+

Jeýms Gann “Supermeniň” dowamynyň adyny we çykjak senesini aýtdy

“Supermeniň” dowamy “Ertiriň adamy” goşmaça adyna eýe boldy we 2027-nji ýylyň iýulynda çykar. Bu barada režissýor we DC Films-iň egindeş başlygy Jeýms Gann sosial ulgamlarda habar berdi. Ol habara Supermeniň söweş kostýumyndaky Leks Lýutoryň ýanynda duran komiks suratyny goşdy
Huawei 546 dollar bahadan MatePad Mini planşetini hödürledi
07.09.2025 19:34
2k+

Huawei 546 dollar bahadan MatePad Mini planşetini hödürledi

Huawei kompaniýasy diagonaly 8,8 dýuým ekranly ykjam MatePad Mini planşetini hödürledi. Gurluş täzelenme ýygylygy 120 Gs we iň ýokary ýagtylygy 1800 kd/m2 bolan 2560 × 1600 piksel durulykda OLED displeýine eýe boldy
Jessika Çesteýn Golliwudyň Şöhrat alleýasyndan ýyldyza mynasyp boldy
07.09.2025 19:26
8k+

Jessika Çesteýn Golliwudyň Şöhrat alleýasyndan ýyldyza mynasyp boldy

Oskar baýragynyň eýesi Jessika Çesteýn Golliwudyň Şöhrat alleýasynda ýyldyz aldy. Bu barada Fox habar berýär. Dabara penşenbe güni Los-Anjelesde geçirildi. Ony kärdeşleri – aktýorlar Al Paçino, Wiola Dewis we Oktawiýa Spenser goldady
Momoa we 50 Cent bilen Street Fighter oýnunyň ekranlaşdyrmasy 2026-njy ýylyň oktýabrynda çykar
07.09.2025 19:23
1.9k+

Momoa we 50 Cent bilen Street Fighter oýnunyň ekranlaşdyrmasy 2026-njy ýylyň oktýabrynda çykar

Paramount kompaniýasy Street Fighter oýny boýunça “Köçe söweşijisi” filminiň premýerasynyň 2026-njy ýylyň 16-njy oktýabrynda boljakdygyny mälim etdi. Bu barada Variety neşiri habar berýär. Ilkibaşda taslama Lionsgate-iň elindedi we 2026-njy ýylyň martynda çykarmak meýilleşdirilipdi
Lego taryhynda iň gymmat toplumy - 1000 dollarlyk “Ölüm ýyldyzyny” çykarar
07.09.2025 19:03
5.7k+

Lego taryhynda iň gymmat toplumy - 1000 dollarlyk “Ölüm ýyldyzyny” çykarar

Lego kompaniýasy “Ýyldyz uruşlarynyň” äheňinde taryhynda iň gymmat toplum boljak täze “Ölüm ýyldyzy” toplumyny çykarjakdygyny  mälim etdi. Konstruktoryň bahasy  999,99 dollar bolar diýip, The Verge habar berýär
Meta 15 ýyldan soň ilkinji gezek iPad üçin doly derejeli Instagram çykardy
06.09.2025 17:34
1.5k+

Meta 15 ýyldan soň ilkinji gezek iPad üçin doly derejeli Instagram çykardy

Meta kompaniýasy iPadOS üçin resmi taýdan Instagram programmasyny çykardy. Ol eýýäm App Store-da ýüklemek üçin elýeterlidir. Ozal Apple planşetlerini ulanyjylar sosial ulgamyň diňe iPhone üçin çykarylan wersiýasyndan peýdalanýardy, bu hem 2010-njy ýylda ilkinji iPad çykaly bäri ony ulanmakda amatsyzlyk döredipdi
Ledi Gaga we Tim Býorton “Uensdeý” üçin döredilen aýdymyň wideosyny çykardy
06.09.2025 17:32
7.7k+

Ledi Gaga we Tim Býorton “Uensdeý” üçin döredilen aýdymyň wideosyny çykardy

Aýdymçy Ledi Gaga “The Dead Dance” aýdymy üçin klip çykardy, ol režissýor Tim Býorton tarapyndan düşürildi. Bu kompozisiýa “Uensdeý” serialynyň ikinji möwsüminiň saundtregine girdi. Wideoda Gaga diwarda bäbek gurjaklaryň arasynda dur we tans edip başlaýar
Täze zelandiýaly gyz 24 sekuntda LEGO bölekleriniň üstünden 100 m ylgap, rekord goýdy
06.09.2025 17:19
11k+

Täze zelandiýaly gyz 24 sekuntda LEGO bölekleriniň üstünden 100 m ylgap, rekord goýdy

Täze Zelandiýadan Gabriel Uoll 24,75 sekuntda LEGO bölekleriniň üstünden aýakýalaň 100 metr aralygy ylgap geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada guramanyň saýtynda habar berilýär. “Bu tejribe ýatdan çykmajak boldy we men öz mümkinçiliklerimiň çäginden çykyp bilendigime buýsanýaryn” – diýip, Gabriel paýlaşdy
Apple kompaniýasy Siri üçin hususy EA gözleg ulgamyny işe girizmäge taýýarlanýar
06.09.2025 16:55
1k+

Apple kompaniýasy Siri üçin hususy EA gözleg ulgamyny işe girizmäge taýýarlanýar

Apple geljek ýyl emeli aňyň esasynda gözleg ulgamyny işe girizmegi meýilleşdirýär. Bu barada Bloomberg agentligi habar berýär. Agentligiň çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň içinde taslama World Knowledge Answers adyny göterýär
Aşgabatda okuwçylar üçin ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça amaly-tejribe okuw guraldy
06.09.2025 16:05
11k+

Aşgabatda okuwçylar üçin ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça amaly-tejribe okuw guraldy

Aşgabatda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäklerinde amaly-tejribe okuwy guraldy. Ol Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň Çagalar awtoşäherçesinde geçirildi
Android-de smartfona Wi-Fi ýa-da Bluetooth arkaly hüjüm etmäge mümkinçilik berýän kemçilik aýryldy
06.09.2025 15:44
3.6k+

Android-de smartfona Wi-Fi ýa-da Bluetooth arkaly hüjüm etmäge mümkinçilik berýän kemçilik aýryldy

Google Android üçin sentýabrdaky howpsuzlyk täzelenmesini çykardy we onda 111 gowşaklyk düzedildi. Olardan 84-üsi operasion ulgam, 27-isi Qualcomm önümleri bilen baglanyşykly diýip, BleepingComputer habar berýär
Türkmenistanyň Prezidenti «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylary gutlady
06.09.2025 13:22
3.2k+

Türkmenistanyň Prezidenti «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylary gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigiň çäklerinde guralýan zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşiginiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyryna gatnaşyjylary gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylary gutlady
06.09.2025 13:15
4.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylary gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara gutlagyny iberdi
“28 ýyldan soň: Süňkler ybadathanasy” filminiň ilkinji treýleri peýda boldy
05.09.2025 17:22
10k+

“28 ýyldan soň: Süňkler ybadathanasy” filminiň ilkinji treýleri peýda boldy

Sony Pictures “28 ýyldan soň: Süňkler ybadathanasy” filminiň ilkinji doly treýlerini çykardy. Treýlerde tanyş gahrymanlar bilen birlikde  täze keşpler hem bar. Filmiň öňki ýordumy ölüm halynda ýatan ejesi üçin lukman gözleýän oglan hakda
Papuada - Täze Gwineýada ýelkenli akula tapyldy. Olary 50 ýyl bäri hiç kim görmändi
05.09.2025 17:02
10k+

Papuada - Täze Gwineýada ýelkenli akula tapyldy. Olary 50 ýyl bäri hiç kim görmändi

Papua - Täze Gwineýanyň barlagçylary ýelkenli akulanyň seýrek görnüşini (Gogolia filewoodi) tapdylar. Bu görnüşi soňky gezek 1970-nji ýylyň iýulynda Astrolýabiýa aýlagynda bir balykçy tutupdyr diýip, Smithsonian Magazine habar berýär
Huawei stilusly üç eplenýän Mate XTs smartfonyny hödürledi
05.09.2025 10:48
4.2k+

Huawei stilusly üç eplenýän Mate XTs smartfonyny hödürledi

Huawei stilus goldawyna eýe bolan dünýäde ilkinji üç eplenýän smartfony – täze Mate XTs-i hödürledi. Kompaniýa häzirlikçe şeýle görnüşi hödürleýän ýeke-täk öndüriji bolup galýar. Mate XTs üç epleme mehanizmi bilen üpjün edildi: ýygnalan görnüşde ekranyň diagonaly 6,4 dýuýma, açyk görnüşde 10,2 dýuýma barabar
Samsung täze dizaýn bilen Galaxy Tab S11 we S11 Ultra planşetlerini çykardy
05.09.2025 10:46
3.3k+

Samsung täze dizaýn bilen Galaxy Tab S11 we S11 Ultra planşetlerini çykardy

Samsung täze önümleriniň güýzki tanyşdyrylyşynda iki modelden – Tab S11 we S11 Ultra modellerinden ybarat bolan Galaxy Tab S11 planşet hataryny hödürledi. Gurluşlaryň ikisi-de berk alýuminden korpusa we IP68 ülňüsi boýunça suwdan hem tozandan goraga eýe boldy
Samsung kompaniýasy Galaxy S25 FE subflagman smartfonyny hödürledi
05.09.2025 10:45
5.2k+

Samsung kompaniýasy Galaxy S25 FE subflagman smartfonyny hödürledi

Samsung Electronics kompaniýasy subflagmanlar kategoriýasyna degişli bolan Galaxy S25 FE smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Kompaniýanyň aýtmagyna görä, täze smartfon emeli aň tehnologiýalaryny giň köpçülik üçin has elýeterli eder
Hytaýyň uly sosial ulgamlary emeli aň tarapyndan döredilen kontentlere bellik goýup başlady
05.09.2025 10:43
2.3k+

Hytaýyň uly sosial ulgamlary emeli aň tarapyndan döredilen kontentlere bellik goýup başlady

1-nji sentýabrdan Hytaýyň WeChat (Tencent Holdings) we Douyin (ByteDance) ýaly uly sosial ulgamlary emeli aňyň kömegi bilen döredilen onlaýn kontentleriň ählisine bellik goýup başlady. Muny täze kanun talap edýär diýip, South China Morning Post habar berýär
OpenAI çagalaryň ChatGPT ulanyşyna gözegçilik etmek mümkinçiligini hödürledi
05.09.2025 10:37
1.3k+

OpenAI çagalaryň ChatGPT ulanyşyna gözegçilik etmek mümkinçiligini hödürledi

Tiz wagtdan ChatGPT-de ene-ata gözegçiligi elýeterli bolar. Bu barada OpenAI kompaniýasy resmi saýtynda habar berdi. Hasaba alynmak üçin iň kiçi ýaş 13 ýaş diýlip kesgitlendi. Ene-atalar öz akkauntlaryny ýetginjegiň
Samsung ilkinji üç eplenýän Galaxy Z TriFold smartfonyny oktýabrda hödürlär
04.09.2025 19:49
6.1k+

Samsung ilkinji üç eplenýän Galaxy Z TriFold smartfonyny oktýabrda hödürlär

Samsung öz taryhynda ilkinji üç eplenýän smartfony bolan Galaxy Z TriFold-y 2025-nji ýylyň oktýabrynda Unpacked çäresinde görkezmegi meýilleşdirýär. Gurluşyň satuwy bir aýdan soň başlamaly diýip, ET News habar berýär
“Keý-pop melgun awçylary” multfilmi tomaşa sany boýunça “Kalmar oýnundan” öňe geçdi
04.09.2025 19:36
3.4k+

“Keý-pop melgun awçylary” multfilmi tomaşa sany boýunça “Kalmar oýnundan” öňe geçdi

“Keý-pop melgun awçylary” (KPop Demon Hunters, 2025) animasion filmi tomaşa sany boýunça “Kalmar oýny” serialynyň birinji möwsüminden öňe geçdi. Muny Netflix akym hyzmatynyň taslamalaryna bagyşlanan Tudum portalynyň maglumatlary delillendirýär
Argentinada gadymy krokodile meňzeş ýyrtyjy tapyldy. Ol dinozawrlary awlapdyr
04.09.2025 19:24
11k+

Argentinada gadymy krokodile meňzeş ýyrtyjy tapyldy. Ol dinozawrlary awlapdyr

Paleontologlar Patagoniýanyň günortasynda häzirki krokodilleriň ýok bolup giden garyndaşlaryny - öň belli bolmadyk peýrozawrlaryň galyndylaryny tapdylar. Tapyndylaryň arasynda gowy saklanyp galan kelleçanak, äň we skeletiň bir bölegi bar
NBP International Awards-yň wersiýasyna görä ýabany tebigatyň iň gowy suratlary görkezildi
04.09.2025 19:18
9.7k+

NBP International Awards-yň wersiýasyna görä ýabany tebigatyň iň gowy suratlary görkezildi

Nature's Best Photography International Awards baýragynyň eminleri her ýyl ýabany tebigatyň durmuşyny surata düşüren suratçylaryň ajaýyp işlerini ykrar edýärler. Bäsleşik 2010-njy ýylda tebigaty goramaga ünsi çekmek we planetamyzyň ösümlik hem-de haýwanat dünýäsiniň özboluşlylygyny görkezmek maksady bilen döredildi
Eýrandaky gaýada kükürt gutusynyň ölçegindäki gadymy ýazgy tapyldy
04.09.2025 19:04
11k+

Eýrandaky gaýada kükürt gutusynyň ölçegindäki gadymy ýazgy tapyldy

Eýranda arheologlar, takmynan, 1600 ýyllyk kiçijik gadymy ýazgyny tapdylar. Ýazgynyň ölçegi - ini dört santimetr we boýy ýedi santimetr diýip, Ancientist portaly ýazýar. Tapyndy taryhçylaryň parslaryň we pars diliniň watany diýip atlandyrýan Fars welaýatynyň paýtagty Marwdeşt şäheriniň golaýyndaky daglyk ýerden tapyldy
Ýylyň ýabany tebigat suratçysy baýragyna dalaşgärleriň düşüren ilkinji suratlary çap edildi
04.09.2025 19:00
12k+

Ýylyň ýabany tebigat suratçysy baýragyna dalaşgärleriň düşüren ilkinji suratlary çap edildi

Londonyň Tebigat taryhy muzeýi 61-nji “Ýabany tebigat boýunça ýylyň suratçysy” (Wildlife Photographer of the Year) bäsleşiginiň  baýragyny almak ugrunda bäsleşjek ilkinji suratlary görkezdi. 2025-nji ýyldaky bäsleşige 60 636 talap haty gelip gowuşdy, bu taslamanyň taryhynda rekord sandyr
Unudylan gämileriň dünýäsi: blogerler taşlanan gämileriň we uçarlaryň reýtingini düzdi
04.09.2025 12:44
11k+

Unudylan gämileriň dünýäsi: blogerler taşlanan gämileriň we uçarlaryň reýtingini düzdi

World Unearthed YouTube kanalynyň blogerleri birwagtlar işjeň ulanylyp, soňra dürli sebäplere görä taşlanan suw we howa gämileriniň ýa-da olaryň ýerleşýän ýerleriniň ilkinji onlugyny düzdi. Gyzykly ýeri, bu sanawda suwa giden “Titanik” ýaly has belli, öňünden çaklap boljak gämiler ýok
Marvel zombi supergahrymanlar barada animasion serialyň treýlerini görkezdi
04.09.2025 12:09
3.1k+

Marvel zombi supergahrymanlar barada animasion serialyň treýlerini görkezdi

Disney+ studiýasynyň “Zombi Marvel” animasion serialynyň ilkinji treýleri çykdy. Serial dört bölümden ybarat bolar, premýera 24-nji sentýabra meýilleşdirildi. Sýužet Ýeri zombi wirusynyň gurşap alyp, tutuş adamzady, şol sanda supergahrymanlaryň köpüsini janly ölülere öwrüşi barada gürrüň berýär
Call of Duty oýny esasynda film düşüriler
04.09.2025 12:05
2.5k+

Call of Duty oýny esasynda film düşüriler

Paramount studiýasy şuter žanryndaky meşhur Call of Duty oýnuny ekranlaşdyrmak bilen meşgullanar. Taslama Paramount bilen oýny işläp düzüji Activision kompaniýasynyň arasynda şertnama baglaşylandan soň resmi taýdan işe girizildi
Ýapon şäheri ýaşaýjylaryny smartfon ulanylyşyny günde iki sagat bilen çäklendirmäge çagyrdy
04.09.2025 11:59
4.2k+

Ýapon şäheri ýaşaýjylaryny smartfon ulanylyşyny günde iki sagat bilen çäklendirmäge çagyrdy

Ýaponiýanyň Toýoake şäheriniň häkimligi onlaýn garaşlylyga garşy göreşiň çäklerinde ýaşaýjylary smartfon ulanylyşyny günde iki sagada çenli çäklendirmäge çagyrdy. Bu barada The Guardian habar berýär. Şäher häkimi Masafumi Koki bu çäräniň fiziki we psihiki saglyk meselelerine getirip biljek, şeýle-de ukyny bozup bilýän gurluşlaryň aşa köp ulanylmagynyň öňüni almaga gönükdirilendigini düşündirdi
“Ol” filminiň köp bölümli prikweli Hellouiniň öňüsyrasy HBO Max-da çykar
04.09.2025 11:56
2.4k+

“Ol” filminiň köp bölümli prikweli Hellouiniň öňüsyrasy HBO Max-da çykar

“Ol: Derrä hoş geldiňiz” (Оно: Добро пожаловать в Дерри) serialy 26-njy oktýabrda, Hellouiniň öňüsyrasy HBO Max akym hyzmatynda çykar. Bu barada hyzmatyň X sosial ulgamyndaky resmi sahypasynda habar berildi.  Serial Stiwen Kingiň “Ol” romanyna (1986) esaslanýar we “Ol” (2017) hem “Ol 2” (2019) horror filmleriniň prikwelidir
Baş keşpde Dueýn Jonson bilen “Ýumrujy” filmi Wenesiýada 15 minutlyk el çarpyşma mynasyp boldy
03.09.2025 23:38
10k+

Baş keşpde Dueýn Jonson bilen “Ýumrujy” filmi Wenesiýada 15 minutlyk el çarpyşma mynasyp boldy

Wenesiýada “Ýumrujy” (Крушащая машина) filminiň premýerasy 15 minutlyk el çarpyşmalar bilen tamamlandy – bu häzirki festiwalda iň dowamly el çarpyşmalaryň biri boldy. El çarpyşma wagtynda baş keşbi ýerine ýetiriji Dueýn “Gaýa” Jonson gözýaşyny saklap bilmedi
The Weeknd-iň aýdymy Spotify-yň taryhynda 5 mlrd gezek diňlenen ilkinji aýdym boldy
03.09.2025 23:31
3.9k+

The Weeknd-iň aýdymy Spotify-yň taryhynda 5 mlrd gezek diňlenen ilkinji aýdym boldy

Kanadaly aýdymçy The Weeknd-iň (hakyky ady Eýebl Tesfaýe) Blinding Lights aýdymy Spotify platformasynda absolýut rekord goýdy. Ol 5 mlrd gezek diňlenen ilkinji aýdym boldy. Bu barada hyzmat öz sosial ulgamlarynda habar berdi
Ilon Maskyň xAI kompaniýasy programmistler üçin Grok Code Fast 1 modelini hödürledi
03.09.2025 23:30
2k+

Ilon Maskyň xAI kompaniýasy programmistler üçin Grok Code Fast 1 modelini hödürledi

Ilon Maskyň xAI kompaniýasy tizlige we işjeňlige gönükdirilen programmirlemek üçin Grok Code Fast 1 emeli aň modelini hödürledi. Model täze arhitektura esaslanýar we giň maglumatlar toplumy bilen okadyldy. Bu işde taýýar çözgütler, programmirleme boýunça meseleler we kody üýtgetmek üçin hakyky ýüz tutmalar ulanyldy
"Eliň asmana ýetip dur": Konýuhow aerostatda Ewerestden hem belende galdy
03.09.2025 23:28
6.2k+

"Eliň asmana ýetip dur": Konýuhow aerostatda Ewerestden hem belende galdy

29-njy awgustda meşhur syýahatçy Fýodor Konýuhow we howa şarynda uçujy Iwan Menýaýlo ýylylyk aerostatynda rekord uçuş etdiler. Olaryň şary deňiz derejesinden 10 723 metr belentlige galdy, bu bolsa Ewerestden iki kilometre golaý beýikdir
Xiaomi aşa gyzyp, ot alma töwekgelçiligi sebäpli 150 müň töweregi pauerbankyny yzyna ýygnaýar
03.09.2025 17:10
4.3k+

Xiaomi aşa gyzyp, ot alma töwekgelçiligi sebäpli 150 müň töweregi pauerbankyny yzyna ýygnaýar

Xiaomi kompaniýasy 2024-nji ýylyň awgust-sentýabr aýlary aralygynda öndürilen 147000 töweregi daşky PB2030MI akkumulýatorlarynyň köpçülikleýin yzyna ýygnalýandygyny habar berdi. Enjamlar potratçylaryň biriniň öndüren, ekstremal temperaturada synagdan geçip bilmedik we käbir ýagdaýlarda çenden aşa gyzýan, ot alýan ýa-da ýarylýan, 126280 belgili 2,0 batareýa bilen iberilipdi
Türkmenistanyň Türkiýäki ilçisi Erzurum welaýatynyň häkimi bilen duşuşdy
03.09.2025 16:06
5k+

Türkmenistanyň Türkiýäki ilçisi Erzurum welaýatynyň häkimi bilen duşuşdy

2-nji sentýabrda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi M.Işangulyýew Erzurum welaýatynyň häkimi Mehmet Sekmen bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär. Duşuşygyň barşynda taraplar oba hojalyk, senagat, medeni-ynsanperwer we syýahatçylyk ugurlaryny öz içine alýan sebitara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
Disney “Buz eýýamy 6-nyň” çykjak senesini yglan etdi
03.09.2025 13:15
2.8k+

Disney “Buz eýýamy 6-nyň” çykjak senesini yglan etdi

Orlandoda geçirilen Destination D23 çäresinde Disney-iň prodýuserleri “Buz eýýamy: Gaýnama nokady” multfilminiň ilkinji görkeziljek senesini yglan etdiler. Film 2027-nji ýylyň 5-nji fewralynda görkeziler diýip, Variety habar berýär
“Mortal Kombat 2” gijräk çykar – studiýa premýeranyň täze senesini aýtdy
03.09.2025 13:10
3.5k+

“Mortal Kombat 2” gijräk çykar – studiýa premýeranyň täze senesini aýtdy

Warner Bros. studiýasy “Mortal Kombat 2” filminiň premýerasynyň yza süýşürilendigini habar berdi. Meşhur oýunlaryň esasynda döredilen film 24-nji oktýabrda çykmalydy, ýöne indi reliz 2026-njy ýylyň 15-nji maýynda bolar
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.