Medeniýet we jemgyýet

Los-Anjelesdäki Olimpiada-2028-de tomaşaçylary aerotakside gatnatmak meýilleşdirilýär
17.05.2025 19:44
7.9k+

Los-Anjelesdäki Olimpiada-2028-de tomaşaçylary aerotakside gatnatmak meýilleşdirilýär

Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Archer Aviation kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyga girdi. BBC-niň habar bermegine görä, esasy Olimpiýa desgalarynyň arasynda tomaşaçylary gatnatmak üçin howa taksisini ulanmak meýilleşdirilýär
TikTok meditasiýa funksiýasyny işe girizdi, ol ukynyň hilini gowulandyrmaga kömek eder
17.05.2025 19:34
6.4k+

TikTok meditasiýa funksiýasyny işe girizdi, ol ukynyň hilini gowulandyrmaga kömek eder

TikTok meditasiýa funksiýasynyň işe girizilendigini habar berdi. Ol ukyny gowulandyrmaga we gije programmada sarp edilýän wagty azaltmaga gönükdirilendir. Ozal bu funksiýa ýetginjekleriň arasynda synagdan geçirildi, indi bolsa ähli ulanyjylar üçin elýeterlidir
Samsung ultra-inçe Galaxy S25 Edge-iň mahabatynda iPhone-y ýaňsylaýar
17.05.2025 14:51
9.4k+

Samsung ultra-inçe Galaxy S25 Edge-iň mahabatynda iPhone-y ýaňsylaýar

Samsung şu hepde ýogynlygy 5,85 mm bolan Galaxy S25 Edge smartfonyny hödürledi. Şondan soň, kompaniýa iki wideo çykaryp, onda öz smartfonynyň ýeňil agramyna we inçeligine ünsi çekip, ony iPhone 16 Pro bilen deňeşdirdi
OpenAI programmistlere gönükdirilen GPT-4.1 modelini çykardy
17.05.2025 14:40
1.2k+

OpenAI programmistlere gönükdirilen GPT-4.1 modelini çykardy

OpenAI kompaniýasy ChatGPT hyzmatynda GPT-4.1 we GPT-4.1 mini modellerini çykardy. Kompaniýa X sosial ulgamynda täze modelleriň ilkinji nobatda kod ýazmak we düzetmek boýunça gurallara zerurlygy bolan programmistlere gönükdirilendigini habar berdi
Gurbanguly Berdimuhamedow Kazanyň iň meşhur teatrlarynyň birine baryp gördi
17.05.2025 14:09
14k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Kazanyň iň meşhur teatrlarynyň birine baryp gördi

16-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideriniň hormatyna Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň adyndan berlen günortanlyk naharyndan soňra Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Kazanyň iň meşhur teatrlarynyň biri bolan Galiasgar Kamal adyndaky Tatar döwlet akademiki teatryna baryp gördüler
Türkmenistanyň Döwlet sirki täze sirk tomaşasyna çagyrýar
17.05.2025 13:12
3.4k+

Türkmenistanyň Döwlet sirki täze sirk tomaşasyna çagyrýar

Türkmenistanyň Döwlet sirki täze sirk tomaşasyny görmäge çagyrýar. Çykyşlar 18-nji maýda sagat 18:00-da başlanýar. Çykyşlaryň dowamynda dürli sirk oýunlary, artistleriň täzeden-täze şowhunly çykyşlary, dünýäniň
ChatGPT dünýäniň iň meşhur 5 saýtynyň biri boldy
17.05.2025 11:59
2k+

ChatGPT dünýäniň iň meşhur 5 saýtynyň biri boldy

Similarweb-iň reýtingine görä, chatgpt.com dünýäde iň köp girilýän saýtlaryň arasynda 5-nji orny eýeledi. Ulanyjylar bu saýtda ortaça 7 minutdan gowrak wagt sarp edýärler we her zyýaratda 4-den gowrak sahypa girýärler
III Bişkek kinofestiwalynda Nurmyrat Saryhanowyň "Kitap" hekaýasynyň kino görnüşi görkeziler
17.05.2025 11:51
5.1k+

III Bişkek kinofestiwalynda Nurmyrat Saryhanowyň "Kitap" hekaýasynyň kino görnüşi görkeziler

2025-nji ýylyň 11-15-nji iýuny aralygynda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde III Halkara Bişkek kinofestiwaly geçiriler. Bu çärä beýleki ýurtlar bilen birlikde türkmenistanly kinematograflar hem gatnaşar. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň filmleri boýunça bäsleşik maksatnamasyna Nurmyrat Saryhanowyň "Kitap" hekaýasynyň esasynda düşürilen adybir çeper film girizildi
Haj parzyny berjaý etmek üçin Türkmenistandan 289 zyýaratçy Saud Arabystanyna iberiler
17.05.2025 09:34
11k+

Haj parzyny berjaý etmek üçin Türkmenistandan 289 zyýaratçy Saud Arabystanyna iberiler

2025-nji ýylyň 31-nji maýy — 23-nji iýuny aralygynda haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçy Türkmenistandan Saud Arabystany Patyşalygyna iberiler. Degişli Buýruga Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi
Android 16-nyň haçan çykaryljakdygy mälim edildi
17.05.2025 09:10
2.9k+

Android 16-nyň haçan çykaryljakdygy mälim edildi

Google soňky tanyşdyrylyşynda Android 16-nyň takyk çykaryljak senesini mälim etmedi, emma Android ekoulgamynyň ýolbaşçysy Samir Samat onuň haçan ýaýradylyp başlanjakdygy bilen bagly käbir maglumatlary berdi. Gyzykly tarapy, ol diňe bir Pixel hatary üçin däl, eýsem beýleki öndürijileriň enjamlary üçin hem möhlet aýtdy diýip, «Android Police» habar berýär
Steam-de 89 million hasabyň maglumatlary internete syzdy. Ulanyjylara parollaryny çalyşmak maslahat berilýär
17.05.2025 09:08
2.6k+

Steam-de 89 million hasabyň maglumatlary internete syzdy. Ulanyjylara parollaryny çalyşmak maslahat berilýär

Hakerler Steam platformasyndaky 89 million hasabyň maglumatlaryny ogurlady diýip, «XDA» portaly habar berýär. Muny «Underdark AI» atly kiberhowpsuzlyk kompaniýasy ýüze çykardy. Olaryň LinkedIn sahypasynda berýän maglumatlaryna görä, «Machine1337» lakamly ulanyjy bu maglumat bazasyny darknetde 5000 dollara satýar
Rumyniýada ýerli ýaşaýjy 1 500 töweregi gadymy rim teňňeli hum tapdy
17.05.2025 09:07
7k+

Rumyniýada ýerli ýaşaýjy 1 500 töweregi gadymy rim teňňeli hum tapdy

Rumyniýada Letka-Weçe obasynyň golaýyndan 1469 sany gadymy rim teňňeli hazyna tapyldy. Ony metal gözleýji detektor bilen  işlemeklige höwesek ýerli ýaşaýjy Marius Manžeak tapdy diýip, New York Post ýazýar. Manžeak, köplenç, metal gözleýji detektory alyp, güýmenje üçin ýeke özi meýdanlarda we tokaýlarda aýlanýandygyny gürrüň berdi
Google «Altyn aşygym alçy gop!» düwmesinden el çekýär. Onuň ýerine EA gözleg ornaşdyrylar
17.05.2025 09:04
2.3k+

Google «Altyn aşygym alçy gop!» düwmesinden el çekýär. Onuň ýerine EA gözleg ornaşdyrylar

Käbir ulanyjylar Google gözleg hyzmatynyň baş sahypasynda «AI Mode» atly emeli aň botunyň peýda bolandygyny aýtdylar. X we Threads ýaly sosial torlarda peýda bolan maglumatlara görä, häzirki wagtda Google dürli görnüşlerde emeli aň gözlegine başlamak üçin, düwmäniň ýerleşişini synagdan geçirýär
Galaxy S25 Edge bilen iPhone 16 Pro Max surata we wideo düşürmekde deňeşdirildi
17.05.2025 09:03
9.2k+

Galaxy S25 Edge bilen iPhone 16 Pro Max surata we wideo düşürmekde deňeşdirildi

Techno Arena-nyň YouTube kanalynda Samsung Galaxy S25 Edge bilen iPhone 16 Pro Max-yň kameralarynyň deňeşdirilişi boýunça wideo neşir edildi. Ähli görkezijiler boýunça ýeňijini kesgitlemek başartmady. Iki smartfon hem öň tarapdaky kamera arkaly sekuntda 30 kadrda 4K wideo düşürmegi goldaýar
Nintendo we Illumination indiki ýylda ýazynda Mario baradaky multfilmiň dowamyny çykarar
17.05.2025 08:25
1.4k+

Nintendo we Illumination indiki ýylda ýazynda Mario baradaky multfilmiň dowamyny çykarar

Marionyň başdangeçirmeleri baradaky täze animasion film 2026-njy ýylyň 3-nji aprelinde prokata çykar. Illumination we Nintendo studiýalary Super Mario World adyny alyp biljek täze taslamanyň üstünde işleýär diýip, NBC habar berýär
Lidarly döwrebap awtomobiller smartfonyň kamerasyny ýakýar
17.05.2025 00:33
4.3k+

Lidarly döwrebap awtomobiller smartfonyň kamerasyny ýakýar

u/Jeguetelli atly Reddit ulanyjysy özüniň iPhone 16 Pro Max smartfonynyň kamerasynyň Volvo EX90 elektromobilini ýakyn aralykdan surata düşürjek bolan mahaly zaýalanandygyny habar berdi. Çünki, şol wagt awtomobile daşky dünýäni “görmäge” kömek edýän lazer sensory – lidar işjeň ýagdaýdady
“Ýewrowideniýe-2025-iň” finalyna gatnaşyjylaryň ählisi belli boldy
16.05.2025 18:24
7.9k+

“Ýewrowideniýe-2025-iň” finalyna gatnaşyjylaryň ählisi belli boldy

69-njy “Ýewrowideniýe” halkara aýdym-saz bäsleşiginiň ikinji ýarym finalynda ahyrky tapgyra çykan ýene 10 gatnaşyjy belli boldy. Bäsleşik Şweýsariýanyň Bazel şäherinde geçirilýär. Finala çykan 10 gatnaşyjy: ·Ysraýyl – New
Huawei noutbugy, planşeti we smartfony özünde birleşdirýän innowasion gajeti taýýarlaýar
16.05.2025 17:04
2.1k+

Huawei noutbugy, planşeti we smartfony özünde birleşdirýän innowasion gajeti taýýarlaýar

Hytaýyň Huawei kompaniýasy çeýe ekranly we formasyny üýtgedip bilýän eplenýän korpusly täze gurluşy tanyşdyrmaga taýýarlanýar. Premýera 19-njy maýda Hytaýda bolar. Şol gün hem Nova 14 hatarynyň smartfonlary hödürlener
Amerikaly zenan ýarym sagatlap öz saçyndan asylgy ýagdaýda durup, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
16.05.2025 16:47
15k+

Amerikaly zenan ýarym sagatlap öz saçyndan asylgy ýagdaýda durup, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

39 ýaşly amerikaly Leýla Nun ýeňsesinden boglan saçynda 25 minut 11,3 sekuntlap asylyp durdy we Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu synanyşyk Kaliforniýadaky Redwud şäheriniň gözel görnüşli Milli we Döwlet seýilgähleriniň çäginde bellige alyndy
Abu-Dabide Disneýlendiň açylyşy mynasybetli dronlaryň gatnaşmagynda şüweleň geçirildi
16.05.2025 16:38
5.9k+

Abu-Dabide Disneýlendiň açylyşy mynasybetli dronlaryň gatnaşmagynda şüweleň geçirildi

Abu-Dabide Ýakyn Gündogarda ilkinji Disney dynç alyş seýilgähiniň açylyşy boldy. Bu waka mynasybetli Dubaýyň Lumasky kompaniýasy 9000 dronyň gatnaşmagy bilen uly yşyk şüweleňini geçirdi. Gijeki asmanda dronlar Zoluşkanyň galasyny we Disney dünýäsinden beýleki obrazlary şekillendirdi
Samsung-yň geljekki Galaxy S26 hataryna Edge modeli goşulyp bilner
16.05.2025 16:29
4.5k+

Samsung-yň geljekki Galaxy S26 hataryna Edge modeli goşulyp bilner

The Elec habar çeşmesiniň maglumatlaryna görä, ýaňy-ýakynda hödürlenen inçe Samsung Galaxy S25 Edge ýönekeý bir synag däl. Samsung Edge modelini geljekki Galaxy S26 hataryna-da goşmagy meýilleşdirýär we ol Galaxy S26 Plus modelini çalşyp biler
Jeýms Gannyň “Supermen” filminiň ilkinji treýleri çykdy
16.05.2025 16:11
4.1k+

Jeýms Gannyň “Supermen” filminiň ilkinji treýleri çykdy

DC YouTube kanalynda režissýor Jeýms Gannyň “Supermen” filminiň ilkinji treýleri çykdy. Filmiň premýerasy 11-nji iýula meýilleşdirilýär. Treýlerde Loýs Leýn (onuň keşbini Reýçel Brosnahan ýerine ýetirdi) Supermen bilen söhbetdeş bolýar
“Tagtlaryň oýnunyň” prikweli bolan “Ýedi şalygyň rysary” 2026-njy ýylyň başynda çykar
16.05.2025 16:05
2.7k+

“Tagtlaryň oýnunyň” prikweli bolan “Ýedi şalygyň rysary” 2026-njy ýylyň başynda çykar

HBO “Ýedi şalygyň rysary” (Рыцарь семи королевств) serialynyň premýerasyny 2026-njy ýylyň başyna süýşürdi. Ilkibaşda “Tagtlaryň oýny” (Игра престолов) serialynyň prikweli şu güýzde çykmalydy diýip, Variety belleýär
Kabo-Werdede 40 ýyl bäri ýitip giden hasaplanýan seýrek çekirtge diri görnüşde tapyldy
16.05.2025 15:56
4.5k+

Kabo-Werdede 40 ýyl bäri ýitip giden hasaplanýan seýrek çekirtge diri görnüşde tapyldy

San-Nikolau adasynda (Kabo-Werde arhipelagy) XX asyryň aýagyndan bäri ýitip giden hasaplanylýan çekirtgäniň janly nusgasy tapyldy. Bu seýrek görnüşleri halas etmäge mümkinçilik berýär diýip, Pensoft neşiri ýazýar
Tankytçylar täze “Ahyrky nokat” filmini franşizanyň taryhynda iň gowusy diýip hasaplady
16.05.2025 10:57
3.1k+

Tankytçylar täze “Ahyrky nokat” filmini franşizanyň taryhynda iň gowusy diýip hasaplady

16-njy maýda ABŞ-da “Ahyrky nokat: Gan baglanyşyklary” (Пункт назначения: Кровные узы) horror filminiň altynjy bölümi prokata çykýar. Deslapky görkezilişde filme tomaşa eden günbatar tankytçylary oňa franşizada iň ýokary bahany berdi
Jeki Çan pensiýa çykýança ähli trýuklaryny özi ýerine ýetirer
16.05.2025 00:10
14k+

Jeki Çan pensiýa çykýança ähli trýuklaryny özi ýerine ýetirer

Meşhur gonkongly aktýor Jeki Çan filmlerdäki ähli trýuklaryny (tilsimleri) pensiýa çykýança özi ýerine ýetirer. Ol dublýor ýa-da kaskadýor ulanmagy meýilleşdirmeýär diýip, «Deadline» neşiri habar berýär. Şeýle-de aktýor pensiýa çykmaga howlukmaýar
“Krid” boks kinotrilogiýasy serial görnüşde dowam eder
15.05.2025 22:07
5.3k+

“Krid” boks kinotrilogiýasy serial görnüşde dowam eder

Maýkl B. Jordanyň oýnamagyndaky “Krid” trilogiýasynyň serial görnüşinde dowamy surata düşüriler. Prime Video akym hyzmaty “Delfi” atly täze taslamany bildiriş etdi diýip, Variety habar berýär. Serialyň sýužeti doly göwrümli “Krid” filmlerinden belli bolan Delphi sport zalynda türgenleşik geçýän ýaş boksçylara bagyşlanar
Netflix aýdymçy Madonnanyň durmuşy barada kiçi serial taýýarlaýar
15.05.2025 22:03
3.7k+

Netflix aýdymçy Madonnanyň durmuşy barada kiçi serial taýýarlaýar

Aýdymçy Madonna we Netflix akym hyzmaty täze bir taslamanyň - artistiň durmuşy we karýerasy barada kiçi serialy döretmegiň üstünde işleýär. Bu barada Deadline neşiri habar berýär. Bu seriala “Diýseň geň işler” serialy we “Dedpul we Rosomaha” filmi bilen tanalýan Şon Lewi prodýusserlik eder
iPhone we iPad-y pikiriň güýji bilen dolandyryp bolar: Apple we Synchron rewolýusiýa taýýarlanýar
15.05.2025 21:29
2.2k+

iPhone we iPad-y pikiriň güýji bilen dolandyryp bolar: Apple we Synchron rewolýusiýa taýýarlanýar

Apple kompaniýasy Synchron neýrotehnologiýa startapy bilen bilelikde iPhone, iPad we beýleki gurluşlary pikiriň güýji bilen dolandyrmaga mümkinçilik berýän “beýni-kompýuter” (BCI) interfeýsini işläp taýýarlaýar
Ženewada seýrek mawy göwher 21,5 mln dollara satyldy
15.05.2025 21:15
4.3k+

Ženewada seýrek mawy göwher 21,5 mln dollara satyldy

Seýrek mawy göwher Mediterranean Blue Ženewada geçirilen Sotheby’s auksionynda 21,5 mln dollara satyldy. Bu barada auksion öýüniň saýtynda habar berilýär. Agramy 10,03 karat bolan ýiti mawy reňkli göwher işjeň söwda getirdi
Düşnükli, ýiti reňkli we janly: Google Android 16-nyň täzelenen interfeýsini çykardy
15.05.2025 21:12
2.5k+

Düşnükli, ýiti reňkli we janly: Google Android 16-nyň täzelenen interfeýsini çykardy

Google I/O konferensiýasynyň öňüsyrasynda ýörite çäre geçirildi. Onda kompaniýa 3 milliarddan gowrak smartfonlarda we planşetlerde gurnalan Android operasion ulgamynyň täzelenmesini resmi taýdan hödürledi. Täze dizaýn Material 3 Expressive stiline esaslanýar we Android 16-da peýda bolar
Rafael Nadal “Rolan Garros” – 2025 üçin mahabat wideosyna düşdi
15.05.2025 12:03
3.5k+

Rafael Nadal “Rolan Garros” – 2025 üçin mahabat wideosyna düşdi

“Uly tuwulga” ýaryşlarynyň 22 gezek ýeňijisi, ispaniýaly Rafael Nadal Fransiýanyň Açyk çempionaty – 2025 üçin mahabat wideosyna düşdi. Wideoda tanymal tennisçi söz bilen çykyş edýär we onuň dowamynda Rojer Federer
Bloger ýüzlerçe filmlerden replikalary ulanyp, Eminemiň “Lose Yourself” aýdymyny ýasady
15.05.2025 11:50
6.9k+

Bloger ýüzlerçe filmlerden replikalary ulanyp, Eminemiň “Lose Yourself” aýdymyny ýasady

The Unusual Suspect YouTube kanalynyň awtory 331 filmden we teleşoudan replikalary ulanyp, Eminemiň “Lose Yourself” aýdymynyň üýtgeşik wersiýasyny döretdi. Wideo eýýäm ýaýrady. Bu aýdymda filmlerden alnan bölekler Eminemiň aýdymy hakykatda aýdyşy ýaly tizlikde ýaňlanýar
Ýapon režissýor iPhone 16 Pro-da gysgametražly film düşürdi
15.05.2025 11:27
3.5k+

Ýapon režissýor iPhone 16 Pro-da gysgametražly film düşürdi

Apple-yň YouTube kanalynda Kann kinofestiwalynyň baýragynyň eýesi, ýaponiýaly režissýor Hirokadzu Koreedanyň ýolbaşçylygynda iPhone 16 Pro-da düşürilen 28 minutlyk film peýda boldy. Gysgametražly film flagman enjamyň «kinematografiki režiminiň» nämelere ukyplydygyny görkezýär
Fransuz mekdeplerinde smartfonlardan “10 gün ýüz öwürmek” tejribesi geçirilýär
15.05.2025 00:04
4.6k+

Fransuz mekdeplerinde smartfonlardan “10 gün ýüz öwürmek” tejribesi geçirilýär

Fransiýanyň ýüzlerçe mekdebinde smartfonlardan, planşetlerden we oýun pristawkalaryndan ýüz öwürmek boýunça 10 günlük sosial tejribe başlady. Ol 13-nji maýdan 22-nji maý aralygynda dowam eder we oňa 117 500-den gowrak çaga gatnaşar diýip, BFMTV habar berýär
Gaty batareýalaryň zarýad alşyny rekord derejä çenli tizleşdirýän material döredildi
14.05.2025 16:11
2.8k+

Gaty batareýalaryň zarýad alşyny rekord derejä çenli tizleşdirýän material döredildi

Mýunheniň tehniki uniwersitetiniň (TUM) alymlary batareýalara çalt zarýad almaga we howpsuz işlemäge mümkinçilik berýän täze materialy döretdi. Ol geljekki akkumulýatorlar, aýratynam, elektromobiller we ykjam gurluşlar üçin esas bolup biler
Portugaliýada Lego-dan äpet şäher guruldy. Ol Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
14.05.2025 15:59
9.3k+

Portugaliýada Lego-dan äpet şäher guruldy. Ol Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Portugaliýada Lego konstruktoryndan 70,614 inedördül metr meýdany tutýan şäher guruldy. Bu desga şekil berlen kerpiçjiklerden ýygnalan iň uly diorama hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu barada guramanyň resmi web sahypasynda habar berildi
Samsung ultra-inçe Galaxy S25 Edge smartfonyny hödürledi
14.05.2025 15:55
5.4k+

Samsung ultra-inçe Galaxy S25 Edge smartfonyny hödürledi

Samsung kompaniýasy resmi taýdan täze Galaxy S25 Edge smartfonyny hödürledi – bu hatarda iň inçe smartfondyr. Smartfonyň ýogynlygy 5,85 mm, agramy 163 g barabar. Ol täzelenme ýygylygy 120 Gs çenli bolan 6,7 dýuýmlyk QHD+ displeýine eýe boldy
Google we Amazon nyşanlaryny täzeledi: diňe kosmetiki, ownuk üýtgeşmeler bar
14.05.2025 15:48
3k+

Google we Amazon nyşanlaryny täzeledi: diňe kosmetiki, ownuk üýtgeşmeler bar

Iki iri amerikan kompaniýalary bolan Google we Amazon ençeme ýyldan soň ilkinji gezek nyşanlarynyň (logotipleriniň) dizaýnyny täzeledi. Olaryň ikisi hem diňe kosmetiki üýtgeşmeler bilen çäklenýär diýip, «9to5Google» habar berýär
«Arkadag» FK-nyň halkara ýaryşda gazanan pul baýragy kitaphananyň gurluşygyna gönükdiriler
14.05.2025 15:09
20k+

«Arkadag» FK-nyň halkara ýaryşda gazanan pul baýragy kitaphananyň gurluşygyna gönükdiriler

«Arkadag» futbol toparynyň Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolandygy üçin berlen pul baýragy Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasynyň gurluşygyna gönükdiriler
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.