Ylym we tehnika

Paleontologlar deňiz süýrenijileriniň näbelli görnüşini tapdylar. Onuň gaňňyly baryp 1978-nji ýylda tapylypdy
09.08.2025 14:48
9.2k+

Paleontologlar deňiz süýrenijileriniň näbelli görnüşini tapdylar. Onuň gaňňyly baryp 1978-nji ýylda tapylypdy

Paleontologlar irki ýura döwründe, takmynan, 183 million ýyl ozal ýaşap geçen plesiozawrlaryň - deňiz ýaşşerleriniň täze görnüşini tapdylar. Olaryň gaňňyllary 1978-nji ýylda Germaniýanyň Holsmaden känindäki Posidoniýa slanesinde tapylypdy, ýöne haýwanyň özboluşly aýratynlyklaryny jikme-jik öwrenmek ýaňy-ýakynda geçirildi
Galaxy Z Fold 7-ni myžžygy çykýança açyp-ýapdylar
08.08.2025 16:05
7k+

Galaxy Z Fold 7-ni myžžygy çykýança açyp-ýapdylar

Galaxy Z Fold 7-ni mahabatlandyrmak bilen, Samsung bu eplenýän smartfonyň adaty şertlerde 500 000 gezege çenli açyp-ýapmaga çydamlydygyny aýtdy. Tech IT kanalyndan YouTube blogeri muňa göz ýetirmek kararyna gelip, smartfony 200 müň gezek açyp-ýapmak synagyndan geçirdi
Türkmen alymlary deňiz suwotularyndan ýaralary tiz bejerýän bioserişde işläp taýýarladylar
07.08.2025 15:41
6.8k+

Türkmen alymlary deňiz suwotularyndan ýaralary tiz bejerýän bioserişde işläp taýýarladylar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň biotehnologiýa barlaghanasynyň hünärmenleri Hazar deňzinde ösýän gök-ýaşyl we goňur suwotulary çig mal hökmünde ulanyp, özboluşly alginat kompozisiýasyny almaga mümkinçilik berýän täze tehnologiýa döretdiler
Fergana jülgesinde ösümligiň täze görnüşi tapyldy we oňa özbek botaniginiň adyny berdiler
07.08.2025 13:29
3.7k+

Fergana jülgesinde ösümligiň täze görnüşi tapyldy we oňa özbek botaniginiň adyny berdiler

Özbegistanyň Fergana jülgesinde Gagea urugynyň (gaz sogan, liliýalar maşgalasy) ösümliginiň täze görnüşi tapyldy. Bu barada ýurduň Ylymlar akademiýasynyň metbugat gullugy habar berdi. Ösümlik Andijan oblastyndaky Ymam dagynyň eteginde, Alaý gerşiniň çäklerinden tapyldy
Aýy koloniýalaşdyrmakda esasy maksatnamalardan biri bolan Lunar Trailblazer missiýasyny şowsuzlyga uçrady - NASA
07.08.2025 13:28
2.6k+

Aýy koloniýalaşdyrmakda esasy maksatnamalardan biri bolan Lunar Trailblazer missiýasyny şowsuzlyga uçrady - NASA

NASA Lunar Trailblazer missiýasynyň tamamlanandygyny resmi taýdan yglan etdi. Apprat bilen aragatnaşyk gutarnykly ýitdi diýip hasaplandy. Aýda suwy gözlemek üçin döredilen zond Artemis programmasynyň möhüm bölegi bolupdy
Arylarda garramagy haýallatmak ukyby ýüze çykaryldy. Bu aýratynlyk beýleki organizmlerde synag ediler
07.08.2025 13:04
5.9k+

Arylarda garramagy haýallatmak ukyby ýüze çykaryldy. Bu aýratynlyk beýleki organizmlerde synag ediler

Lester uniwersitetiniň (Beýik Britaniýa) alymlary amatsyz şertlerde ösýän Nasonia vitripennis arylaryň liçinkalarynyň uly ýaşda has haýal ösýändigini anykladylar. Açyşyň netijeleri Proceedings of the National Academy of Sciences žurnalynda neşir edildi
Koenigsegg-iň esaslandyryjysy ganatlary ýapyk gurluşly uçary patentledi
07.08.2025 13:01
3k+

Koenigsegg-iň esaslandyryjysy ganatlary ýapyk gurluşly uçary patentledi

Şwesiýanyň Koenigsegg awtoulag markasyny esaslandyryjy Kristian fon Kýonigsegg ganaty ýapyk görnüşli uçar gurluşyny patentledi. Bu barada CarBuzz neşiri habar berdi. Adaty uçarlarda ganatlaryň ujunda emele gelýän towlanyp aýlanyş aerodinamiki garşylygy artdyrýar
Alymlar 70 ýyldan soň gadymy gaplardaky şepbeşik maddanyň baldygyny anyklady
07.08.2025 11:58
3.6k+

Alymlar 70 ýyldan soň gadymy gaplardaky şepbeşik maddanyň baldygyny anyklady

Arheologlar 1954-nji ýylda Italiýadaky Wezuwiniň günorta eňňitlerinde tapylan bürünç gaplaryň içindäki zat barada uzak dowam eden çekeleşiklere nokat goýdy. Tapyndy Pompeýden, takmynan, 70 km uzaklykda, Pestumda b
Alymlar 6000 ýyl ozal ýaşan iki doganyň daşky keşbini dikeltdi
06.08.2025 18:05
10k+

Alymlar 6000 ýyl ozal ýaşan iki doganyň daşky keşbini dikeltdi

Çehiýaly ylmy gözlegçiler alty müň ýyldan gowrak ozal ýaşan iki aýalyň daşky keşbini gaýtadan dikeltdi. Archaeological and Anthropological Sciences žurnalynda neşir edilen makalada hakyky 3D modelini döretmegiň kriminalistika, arheologiýa we genetika usullarynyň utgaşdyrylmagy netijesinde mümkin bolandygy aýdylýar
Ulitkalaryň owadanlygy olaryň ýitip gitmek howpunyň astyna düşmegine sebäp boldy
06.08.2025 17:42
5.1k+

Ulitkalaryň owadanlygy olaryň ýitip gitmek howpunyň astyna düşmegine sebäp boldy

Alymlar topary diňe gündogar Kubanyň tokaýlarynda ýaşaýan Polymita agaç ulitkalaryny halas etmek boýunça maksatnamany işe girizdi. Bu mollýuskalar olaryň dürli reňkli çaňňalagyna islegiň ýokary bolmagy sebäpli ýitip gitmek howpunyň astyna düşdi diýip, Bi-bi-si habar berýär
Marsda wagt Ýerdäkiden has çalt geçýär, astronomlar sagatlary deňeşdirip gördüler
06.08.2025 16:19
6.3k+

Marsda wagt Ýerdäkiden has çalt geçýär, astronomlar sagatlary deňeşdirip gördüler

Marsda wagt Ýerdäkiden has çalt geçýär, ol ortaça günde 477 mikrosekunt tapawut berýär. Bu barada astronomlar Arxiv.org-da ýakynda çap edilen makalada gürrüň berdiler. Astronomlar Gyzyl planetada boljak geljekki koloniýa üçin Mars üçin utgaşdyrylan wagtyny girizmegi teklip etdiler
Gün energiýasynda işleýän uçarmansyz enjam ilkinji gezek üznüksiz 73 sagat uçdy
05.08.2025 21:47
6.9k+

Gün energiýasynda işleýän uçarmansyz enjam ilkinji gezek üznüksiz 73 sagat uçdy

Gün energiýasynyň kömegi bilen işleýän uçarmansyz uçýan enjam Skydweller ilkinji gezek 73 sagatlyk gonuşsyz uçuşy amala aşyrdy. Bu barada ABŞ-nyň Harby-deňiz güýçleriniň Söweş hereketleri merkeziniň awiasion bölümçesiniň ýolbaşçylygynda Missisipi ştatyndaky Stennis aerodromyndan geçirilen synaglaryň netijesi boýunça habar berildi
Pomidor bilen ýeralma kowumdaş bolup çykdy: olar baryp 9 mln ýyl ozal sapylypdyr
04.08.2025 20:33
12k+

Pomidor bilen ýeralma kowumdaş bolup çykdy: olar baryp 9 mln ýyl ozal sapylypdyr

Ýeralma bilen pomidoryň genetiki gelip çykyşy umumy bolup, olary sapylmagy, takmynan, 9 million ýyl ozal bolup geçipdir. Bu barada Xinhua agentligi halkara alymlar topary tarapyndan geçirilen gözlegiň netijelerine salgylanyp habar berýär
Hytaýda baryp II asyrda oýlanyp tapylan dünýäde ilkinji seýsmograf dikeldildi
04.08.2025 19:27
6.3k+

Hytaýda baryp II asyrda oýlanyp tapylan dünýäde ilkinji seýsmograf dikeldildi

Hytaýda Betbagtçylyklaryň öňüni alyş institutyndan Sýuý Goudunyň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary dünýäde ilkinji seýsmograf hasaplanýan gadymy enjamy dikeltdi. Bu barada Progress in Geophysics žurnalyna salgylanýan South China Morning Post ýazýar
ChatGPT robot däldigini tassyklaýan testlerden geçmegi öwrendi
04.08.2025 18:19
2.2k+

ChatGPT robot däldigini tassyklaýan testlerden geçmegi öwrendi

OpenAI tarapyndan işlenip düzülen ChatGPT Agent AI guraly botlary tanaýyş werifikasiýa ulgamyndan aýlanyp geçmegi we özüni adam ýaly görkezmegi öwrendi. Bu barada çat-botuň tölegli wersiýalarynda (Pro, Plus we Team) täze funksiýany synagdan geçiren Reddit-iň ulanyjylary habar berdiler
ABŞ-dan başlangyç kompaniýa kosmosa äpet aýna ugradar. Ol näme üçin gerek?
04.08.2025 18:17
7.2k+

ABŞ-dan başlangyç kompaniýa kosmosa äpet aýna ugradar. Ol näme üçin gerek?

Amerikanyň Reflect Orbital başlangyjy kosmosa äpet aýnany ibermegi meýilleşdirýär. Ol Gün şöhlesini tutup, ony Ýere gönükdirer diýip, Kaliforniýada ýerleşýän kompaniýa habar berýär. Taslama gijesine gury ýeriň we deňziň käbir böleklerini ýagtylandyrmaga kömek eder diýlip garaşylýar
Russiýaly alymlar ýalany 92% takyklyk bilen kesgitlemek üçin algoritm döretdiler
04.08.2025 18:12
3.4k+

Russiýaly alymlar ýalany 92% takyklyk bilen kesgitlemek üçin algoritm döretdiler

Russiýaly alymlar sözdäki ýalany 92% takyklyk bilen kesgitlemegiň usulyny tapandyklaryny habar berdiler. Bu barada Nižniý Nowgoroddaky “Ýokary ykdysadyýet mekdebi” ylmy-barlag uniwersitetiniň (НИУ ВШЭ) barlagçylaryna salgylanýan TASS habar berýär
Marsda uzynlygy 16 000 km bolan gadymy derýalaryň yzlary tapyldy
04.08.2025 18:05
7.9k+

Marsda uzynlygy 16 000 km bolan gadymy derýalaryň yzlary tapyldy

Marsda umumy uzynlygy, takmynan, 10 müň mil (16 000 km töweregi) bolan gadymy suw ýollarynyň geologiki yzlary tapyldy. Tapylan çeşmeleriň ýaşynyň 3 milliard ýyldan geçýändigi çaklanylýar diýip, Marsdaky orbital apparatlardan alnan maglumatlara salgylanýan The Guardian habar berýär
Türk Çaýönüsinde ýaşy 12 müň ýyldan gowrak bolan gadymy desgalar tapyldy
02.08.2025 15:35
7.8k+

Türk Çaýönüsinde ýaşy 12 müň ýyldan gowrak bolan gadymy desgalar tapyldy

Arheologlar Türkiýäniň günorta-gündogarynda ýaşy 12 müň ýyldan gowrak bolan täze desgany tapdylar. Bu barada Arkeonews habar berdi. Gazuw-agtaryş işleri Çanakkale şäherindäki 18-nji mart uniwersitetinden dosent Sawaş Sarialtunyň ýolbaşçylygynda Çaýönü depesinde alnyp barylýar
NASA Trampyň prezidentlik möhletiniň gutarmanka Aýa adam gondurmagy meýilleşdirýär
02.08.2025 15:13
4.4k+

NASA Trampyň prezidentlik möhletiniň gutarmanka Aýa adam gondurmagy meýilleşdirýär

NASA ýakyn ýyllarda astronawtlary Aýa ibermegi meýilleşdirýär. Bu barada edaranyň direktorynyň wezipe borçlaryny ýerine ýetiriji Şon Daffi Fox News bilen söhbetdeşlikde habar berdi. Missiýanyň birinji tapgyry geljek ýyla meýilleşdirilýär – ekipaž gonmazdan Aýyň töweregine uçuşy amala aşyrar
Gün ulgamynda bir ýyly 1648 Ýer ýylyna deň bolan asman jisimi tapyldy
02.08.2025 00:23
6k+

Gün ulgamynda bir ýyly 1648 Ýer ýylyna deň bolan asman jisimi tapyldy

Gün ulgamynda adaty bolmadyk asman jisimi tapyldy. 2020 VN40 diýlip atlandyrylýan bu trans-neptun obýekti 1648 Ýer ýylyna barabar wagtda Günüň töwereginden doly aýlanyp çykýar. Bu barada Garward-Smitsonow institutynyň  Astrofizika merkeziniň barlagçylary habar berdiler
Alymlar DNK-nyň sakawlamak bilen baglanyşykly 57 bölegini tapdylar
02.08.2025 00:18
3.1k+

Alymlar DNK-nyň sakawlamak bilen baglanyşykly 57 bölegini tapdylar

Halkara alymlar topary sakawlamak bilen baglanyşykly 57 genom bölegini tapdylar. Bu barada ABŞ-nyň Wanderbilt uniwersitetiniň lukmançylyk merkeziniň (VUMC) metbugat gullugy habar berdi. Barlaga birnäçe ýurtdan hünärmenler gatnaşdy
ABŞ-da 1994-nji ýylda doňdurylan düwünçekden çaga dünýä indi
01.08.2025 14:49
19k+

ABŞ-da 1994-nji ýylda doňdurylan düwünçekden çaga dünýä indi

ABŞ-da 31 ýyl mundan ozal doňdurylan düwünçekden çaga dünýä indi. Bu barada MIT Technology Review ylmy žurnaly habar berýär. Ogaýo ştatyndan är-aýal 1994-nji ýylda ekstrakorporal tohumlandyrma (ECO) prosedurasynyň netijesinde döredilen düwünçegi ulanmak kararyna geldi
Hytaýyň Robotera başlangyjy dünýäde iň çalt robot-adamy döretdi
31.07.2025 21:00
6.4k+

Hytaýyň Robotera başlangyjy dünýäde iň çalt robot-adamy döretdi

Hytaýyň Robotera başlangyjy Robotera L7 atly täze gumanoid roboty hödürledi. Täze önümi dünýäniň iň çalt gumanoid roboty diýip atlandyrýarlar, ol tizligini sagatda 14,4 kilometre çenli ýetirip bilýär diýip, Interesting Engineering ýazýar
Awstraliýanyň ýarym asyryň içinde ilkinji orbital missiýasy şowsuzlyga uçrady
31.07.2025 20:31
4.2k+

Awstraliýanyň ýarym asyryň içinde ilkinji orbital missiýasy şowsuzlyga uçrady

Gilmour Space Technologies kompaniýasy Awstraliýanyň çäginden ýarym asyryň içinde ilkinji orbital uçuşy amala aşyrdy, ýöne missiýa şowsuz tamamlandy. Eris raketasy 29-njy iýulda ýerli wagt bilen 8:35-de Kwinslenddäki Bouen kosmodromyndan uçdy
Hindistan adamdan öňürti kosmosa adam şekilli roboty iberer
31.07.2025 13:44
4.5k+

Hindistan adamdan öňürti kosmosa adam şekilli roboty iberer

Hindistanyň kosmos gözlegleri guramasy (ISRO) 2025-nji ýylyň dekabrynda orbita gumanoid robot bilen kosmos gämisini ibermegi meýilleşdirýär. Bu barada guramanyň başlygy Wanniýaperumal Naraýananyň sözlerine salgylanyp, Odisha Bytes habar berýär
ABŞ emeli aň pudagynda öňde barýar, Hytaý ikinji orunda
30.07.2025 14:48
3.3k+

ABŞ emeli aň pudagynda öňde barýar, Hytaý ikinji orunda

ABŞ emeli aňyň ösüş derejesi boýunça ýurtlaryň global reýtinginde birinji orunda durýar. Hytaý ikinji orny, Beýik Britaniýa üçünji orny eýeledi. Şeýle maglumatlar Hytaýyň Ylmy we tehnologiki maglumat instituty tarapyndan Pekin uniwersiteti bilen bilelikde hödürlenen EA pudagynda global innowasiýa indeksi baradaky hasabatda getirilýär
Ýaponiýada Daun sindromynyň öňüni almak üçin goşmaça hromosomlary aýyrmagy öwrenýärler
30.07.2025 14:39
2.3k+

Ýaponiýada Daun sindromynyň öňüni almak üçin goşmaça hromosomlary aýyrmagy öwrenýärler

Ýaponiýanyň Mie uniwersitetiniň alymlary Daun sindromyna sebäp bolýan goşmaça hromosomy aýyrmaga gönükdirilen gen redaktirleme usulyny döretdiler diýip, PNAS Nexus žurnalynda çap edilen barlaga salgylanýan My Modern Met onlaýn neşiri habar berýär
ABŞ-da öý şertlerinde deriniň rak keselini anyklamaga kömek etjek plastyr oýlanyp tapyldy
29.07.2025 19:11
8.2k+

ABŞ-da öý şertlerinde deriniň rak keselini anyklamaga kömek etjek plastyr oýlanyp tapyldy

ABŞ-da öý şertlerinde deriniň rak keselini anyklap bilýän mikro iňňeli silikon plastyr işlenip taýýarlandy. Bu barada Biosensors we Bioelektronika ylmy žurnalynda habar berildi. Enjam syçanlarda we doňuzlarda geçirilen synaglardan üstünlikli geçip, melanomany howply däl çişlerden tapawutlandyrmaga ukyplydygyny görkezdi
Alymlar derisi ýelekpisint bolan gadymy süýrenijiniň galyndylaryny tapdylar
29.07.2025 14:09
6.2k+

Alymlar derisi ýelekpisint bolan gadymy süýrenijiniň galyndylaryny tapdylar

Fransiýada arka tarapy ýelekpisint gurluşly gadymy süýrenijileriň galyndylary tapyldy. Tapyndynyň ýaşy 247 million ýyl diýip, Ştutgartdaky (Germaniýa) Döwlet tebigat ylymlary muzeýiniň metbugat gullugy habar berdi
Gaýtadan işlenen çilim naýçalaryndan berk, arzan asfalt döretdiler
29.07.2025 11:54
8.4k+

Gaýtadan işlenen çilim naýçalaryndan berk, arzan asfalt döretdiler

Granada we Bolonýa uniwersitetleriniň alymlary gaýtadan işlenen çilim naýçalaryndan ekologiýa taýdan arassa asfalt öndürmegiň tehnologiýasyny işläp düzdüler. Oýlap tapyş ScienceDirect žurnalynyň makalasynda beýan edildi
SpaceX Kanaweral burnunda Starship üçin uçuş meýdançasynyň nähili boljakdygyny görkezdi
28.07.2025 18:44
4.9k+

SpaceX Kanaweral burnunda Starship üçin uçuş meýdançasynyň nähili boljakdygyny görkezdi

Ilon Maskyň SpaceX kompaniýasy Kanaweral burnunda ABŞ-nyň Kosmos güýçleri stansiýasynda geljekki SLC-37 uçuş toplumynyň renderini hödürledi. Häzirki wagtda inženerler bu toplumy Starship raketalarynyň zerurlyklaryna görä gaýtadan üýtgedip gurýar
NASA Ýeriň magnit galkanyny öwrenmek üçin TRACERS zonduny uçurdy
28.07.2025 17:47
2.4k+

NASA Ýeriň magnit galkanyny öwrenmek üçin TRACERS zonduny uçurdy

NASA Ýere golaý giňişlikde magnit birikdiriş hadysalaryny öwrenmek üçin TRACERS missiýasyna başlady. Munuň üçin ol Kaliforniýadaky Wandenberg kosmos merkezinden SpaceX kompaniýasynyň Falcon 9 raketasyny ulandy
Geljekki Mars missiýasy üçin iň uly paraşýut stratosferada synag edildi
28.07.2025 17:38
2.4k+

Geljekki Mars missiýasy üçin iň uly paraşýut stratosferada synag edildi

Thales Alenia Space-iň we Ýewropa kosmos agentliginiň (ESA) işgärleri ExoMars-yň geljekki missiýasy üçin paraşýut ulgamyny synagdan geçirdiler. Uçurylýan modulyň geliý şary bilen Polýar tegeleginden 30 km belentlige galdyrylan maketi iki paraşýutyny açandan soň ýere üstünlikli gondy
Ýewropa kosmos agentliginiň täze Sentinel-6B hemrasy deňiz derejesiniň ýokary galşyny ölçär
28.07.2025 13:53
5.1k+

Ýewropa kosmos agentliginiň täze Sentinel-6B hemrasy deňiz derejesiniň ýokary galşyny ölçär

Ýewropa kosmos agentligi (ESA) Sentinel-6B hemrasyny uçmaga taýýarlamak üçin uçuş meýdançasyna iberdi. Deňiz derejesini takyk ölçemek üçin döredilen enjam Industrial Dolphin gämisindäki klimat-kontrolly konteýnere ýüklendi
Hytaýda tizligi sagatda 400 km-a ýetýän demirýol otlusyny synagdan geçirdiler
28.07.2025 13:45
7.2k+

Hytaýda tizligi sagatda 400 km-a ýetýän demirýol otlusyny synagdan geçirdiler

Hytaýyň Demirýol Ylymlary akademiýasy tizligi sagatda 400 km-a ýetip bilýän täze CR450 demirýol otlusyny döretdi. Häzir otly işe başlamazdan ozal soňky synaglardan geçýär diýip, Interesting Engineering ýazýar. Artdyrylan tizlik aerodinamiki üýtgeşmeler we kämilleşdirilen şassi netijesinde gazanyldy
Galaxy Z Fold 7 12 sagat buzda doňdurmak we derýa çümdürmek synaglaryndan geçdi
28.07.2025 13:44
3.7k+

Galaxy Z Fold 7 12 sagat buzda doňdurmak we derýa çümdürmek synaglaryndan geçdi

Täze Galaxy Z Fold 7 smartfony adatdan daşary synaglardan üstünlikli geçip, eplenýän smartfonlaryň daşyndan görnüşi ýaly ejiz däldigini subut etdi. Gurluş doňdurylandan, derýa çümdürilenden we beýiklikden gaçandan soň hem işe ukyplylygyny saklady
Alymlar Stounhenj daşlaryny adamlaryň daşandygyny tassykladylar
26.07.2025 18:29
10k+

Alymlar Stounhenj daşlaryny adamlaryň daşandygyny tassykladylar

Aberistuit uniwersitetiniň ylmy gözlegçileri Stounhenji emele getirýän daşlaryň bäş müň ýyldan gowrak ozal adamlar tarapyndan daşalandygyny subut etdi. Bu barada geçirilen ylmy barlaga salgylanyp, Daily Mail habar berýär
Google Photos-da suratlary janlandyrmak funksiýasy peýda boldy
26.07.2025 18:23
3.2k+

Google Photos-da suratlary janlandyrmak funksiýasy peýda boldy

Google Photos hyzmaty emeli aňyň esasynda täze funksiýalar bilen täzelenme aldy. Ulanyjylar hereketsiz suratlary alty sekuntlyk wideolara öwrüp, suratlar üçin anime, komiks, eskiz we 3D animasiýa ýaly düli wizual stilleri ulanyp biler diýip, TechCrunch neşiri ýazýar
Ilon Maskyň Neuralink kompaniýasy 2031-nji ýyla çenli ýylda 20 müň adama çip oturdar
26.07.2025 18:16
10k+

Ilon Maskyň Neuralink kompaniýasy 2031-nji ýyla çenli ýylda 20 müň adama çip oturdar

Ilon Mask tarapyndan esaslandyrylan Neuralink kompaniýasy 2031-nji ýyla çenli her ýyl öz çiplerini 20 müň adamyň beýnisine oturtmagy we ýylda azyndan 1 mlrd dollar gazanmagy meýilleşdirýär. Bu barada maýadarlar üçin içki tanyşdyryşa salgylanyp, Bloomberg habar berýär
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.