Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Syýasat we ykdysadyýet
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Syýasat we ykdysadyýet
31.01.2026 11:33
1.2k+
Raşid Meredow German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ýolbaşçysy bilen onlaýn duşuşyk geçirdi
30-njy ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy boldy. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berdi
31.01.2026 09:07
2.8k+
Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026–2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026–2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. TDH-nyň habar bermegine görä, degişli Karara Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi
31.01.2026 03:24
14k+
Altyn bilen kümüş birden arzanlady
Gymmatbaha metallaryň bazary rekord derejedäki ösüşini bes edip, birdenem pese gaçdy. Bu barada Bloomberg agentligi habar berýär. Gymmatbaha metallaryň arzanlamagyna ilkinji nobatda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasynyň Kewin Uorşy Federal Rezerw Ulgamynyň (FRU) başlygy wezipesine hödürleýänligi baradaky habarlaryň netijesinde dollaryň güýçlenmegi sebäp boldy
31.01.2026 02:15
2.3k+
Türkmenistan Halkara hukugyň ýyly baradaky başlangyja bagyşlanan çärelere taýýarlanýar
30-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 2028-nji ýylda Halkara hukugyň ýylyny geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça 2026-njy ýyl üçin çäreleriň Meýilnamasy barada hasabat berdi
30.01.2026 18:19
5k+
Türkmenistanyň ilçisi Azerbaýjanyň Prezidentiniň kömekçisi bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Bakuwdaky ilçisi Gurbanmämmet Elýasow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň kömekçisi, Prezident Diwanynyň Daşary syýasat meseleleri bölüminiň müdiri Hikmet Hajiýew ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy
30.01.2026 18:15
1.2k+
Türkmenistanyň DIM-inde Gruziýanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
29-njy ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Konstantin Sabiaşwili bilen duşuşygy boldy
30.01.2026 18:11
1.6k+
Aşgabatda türkmen-rus syýasy geňeşmeleri geçirildi
29-njy ýanwarda Aşgabatda daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-rus syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi. Gepleşiklere Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow we onuň russiýaly kärdeşi Mihail Galuzin gatnaşdy
30.01.2026 18:06
1.4k+
Türkmenistanyň DIM-inde Russiýa bilen strategik hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy
29-njy ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Raşid Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Mihail Galuzin bilen duşuşygy boldy. Taraplar türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassyklady
29.01.2026 16:03
4.5k+
Tähranda YHG-yň sebitinde Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
27-nji ýanwarda Tähranda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň Hemişelik wekilleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda 2024–2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň gidişine garaldy
29.01.2026 15:36
2.7k+
Özbegistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda «Özbegistan — 2030» strategiýasynyň tanyşdyrylyşy boldy
28-nji ýanwarda Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň binasynda täzelenen «Özbegistan — 2030» strategiýasynyň tanyşdyrylyşy geçirildi. Brifingiň dowamynda diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy Rawşanbek Alimow metbugat wekillerini goňşy döwletiň durnukly ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýän resminamanyň esasy maksatlary bilen tanyşdyrdy
29.01.2026 15:22
12k+
Saud Arabystany «Mukaab» ägirt uly binasynyň gurluşygyny wagtlaýyn togtatdy
Saud Arabystany Er-Riýad şäherindäki «New Murabba» etrabynyň esasy bölegi bolan «Mukaab» (Mukaab) taslamasynyň gurluşygyny wagtlaýynça duruzdy. Çeşmeleriň berýän maglumatyna görä, häkimiýetler taslamanyň maliýe taýdan netijeliligine we uzak möhletleýin maksatlaryna täzeden baha bermäge başladylar
29.01.2026 13:01
1.9k+
Türkmenistan bilen Marokkonyň diplomatlarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
28-nji ýanwarda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň we Marokko Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň bölüm ýolbaşçylarynyň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna DIM-iň Ýakyn Gündogar we Afrika ýurtlary bölüminiň başlygy, Marokko wekiliýetine bolsa Daşary işler, Aziýa we Okeaniýa işleri boýunça müdir Omar Kadiri ýolbaşçylyk etdi
29.01.2026 10:25
4.6k+
Emeli aňyň adaty zada öwrülen ýerleri: Ýurtlar boýunça ornaşdyrylyş kartasy
2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda dünýäniň zähmete ukyply ilatynyň 16,1%-i emeli aňy ulandy. Bu görkeziji EA tehnologiýalarynyň entek jemgyýetiň diňe belli bir bölegine ýaýrandygyny we geljekde ösmek üçin uly mümkinçilikleriniň bardygyny aňladýar
28.01.2026 22:59
21k+
«Ýo-ýo ýaly...»: Tramp dollaryň kursunyň üýtgemegine teswir berdi
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp dollaryň kursunyň peselmegine biynjalyk bolmaýandygy, gaýtam amerikan walýutasynyň «ýagdaýynyň gowudygy» barada aýtdy. Bu barada ol Aýýowa ştatynda, geçiriljek mitinge gatnaşmak üçin baran mahaly žurnalistlere habar berdi
28.01.2026 19:46
7.7k+
7 trillion dollarlyk töwekgelçilik: ýapon obligasiýalarynyň peselmegi dünýä maliýe bazarlaryna wehim salýar
Dünýäniň maliýe ulgamy Ýaponiýadan gelýän täze durnuksyzlyk bilen ýüzbe-ýüz bolýar diýip, «Bloomberg» habar berýär. Uzak wagtlap iň ygtybarly serişde hasaplanan Ýaponiýanyň 7,3 trillion dollarlyk döwlet obligasiýalar bazary häzirki wagtda global maliýe sarsgynlygynyň merkezine öwrüldi
28.01.2026 15:06
2k+
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Kanadanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
27-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Kanadanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Astana şäherinde) Kristofer Daggan bilen duşuşdy
28.01.2026 14:54
4.6k+
Amerikaly maşgalalar TikTok, Meta we YouTube-a garşy köpçülikleýin şikaýat arzasy bilen ýüz tutdular
27-nji ýanwarda Los-Anjelesde amerikan maşgalalarynyň we mekdep okruglarynyň ýüzlerçesi Meta, Snap, TikTok hem-de YouTube korporasiýalaryna garşy beren köpçülikleýin şikaýat arzalary boýunça kazyýet işleri başlandy
28.01.2026 10:06
8.8k+
Ýer ýüzüniň 8,2 milliard adamlary planeta boýunça nähili paýlanýar: Infografika
Dünýä ilatynyň sany 8,2 milliard adama ýetdi. 1804-nji ýylda planetanyň ilaty ilkinji gezek bir milliarddan geçensoň, geçen asyrlaryň dowamynda bu görkeziji sekiz esse artdy. 2022-nji ýyldan bäri, dogluşyň umumy peselmegine garamazdan, dünýä ilaty 200 milliondan gowrak adam artdy
28.01.2026 09:57
1.7k+
Google gepleşikleri gizlin ýazgy etmek boýunça kazyýet dawasy üçin 68 million dollar töler
Google kompaniýasy "Google Assistant" ses kömekçisiniň gizlinlik düzgünlerini bozandygy barada ABŞ-da gozgalan kollektiwleýin talap arzasyny çözmek üçin 68 million dollar tölemäge razy boldy. Bu barada The Hill neşiri habar berýär
28.01.2026 06:19
15k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki işleriň guralyşyna nägilelik bildirdi
27-nji ýanwarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda ol ýerde iş maslahatyny geçirdi. Oňa Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D
28.01.2026 05:54
9k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki ýol-ulag düzüminiň desgalary bilen tanyşdy
27-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda ol şäherde gurluşygy dowam edýän dürli maksatly desgalaryň, şaýollaryň we köprüleriň gurluşyk-modernizasiýa işleriniň barşy bilen tanyşdy
27.01.2026 18:00
6.8k+
Saud Arabystany Neom taslamasynyň gerimini kiçeltmegi we konsepsiýany üýtgetmegi meýilleşdirýär
Saud Arabystany 2017-nji ýylda badalga berlen «geljegiň şäherini» döretmek boýunça Neom taslamasynyň gerimini ep-esli kiçeltmegi we konsepsiýany bölekleýin üýtgetmegi göz öňünde tutýar. Bu barada «Financial Times» neşiri habar berýär
27.01.2026 16:31
8.7k+
«Şertnamalaryň enesi»: Ýewropa Bileleşigi we Hindistan 20 ýyl gepleşiklerden soň erkin söwda barada ylalaşyk gazandy
Ýewropa Bileleşigi we Hindistan tas 20 ýyla çeken gepleşiklerden soň, erkin söwda baradaky şertnamany ylalaşdy. Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi bu ylalaşygyň global jemi içerki önümiň (JIÖ), takmynan, 25 göterimini we dünýä söwdasynyň üçden birine golaýyny öz içine alýandygyny aýtdy
27.01.2026 14:48
5.6k+
Tejen etrabynda migrasiýa gullugynyň bölüminiň täze edara binasy açyldy
Ahal welaýatynyň Tejen etrabynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň etrap bölüminiň täze edara binasynyň açylyş dabarasy boldy. Täze desga Watan goragçylarynyň güni mynasybetli ulanylmaga berildi. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň sargydy boýunça amala aşyrylan bu taslamany «Ajaýyp gurluşyk» hususy kärhanasy gurdy
27.01.2026 09:02
6.6k+
Türkmenistanyň Prezidenti Watan goragçylaryny baýramçylyk bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow 27-nji ýanwarda harby gullukçylary we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerini Watan goragçylarynyň güni bilen gutlady
27.01.2026 00:12
10k+
Türkmenistanyň Prezidenti gyş möwsüminde durmuş üpjünçilik ulgamlarynyň durnukly işini üpjün etmegi tabşyrdy
26-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T. Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
26.01.2026 14:28
8.4k+
Altynyň bahasy taryhda ilkinji gezek bir unsiýa üçin 5000 dollardan geçdi
Şu gün dünýä biržalarynda altynyň bahasy taryhda ilkinji gezek bir unsiýa üçin 5000 dollardan geçdi. Reuters agentliginiň habar bermegine görä, duşenbe güni irden gymmat bahaly metal bir unsiýa üçin 5100 dollar derejesinde satyldy
26.01.2026 11:06
4.5k+
Serdar Berdimuhamedow Hindistanyň Prezidentini Respublika güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmuwa ýurduň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH döwlet habarlar agentligi habar berýär
26.01.2026 10:21
1.6k+
Türkmenistanyň biržasy geçen hepdäniň söwdalarynyň netijelerini habar berdi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 8 million 459 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar
26.01.2026 10:10
907
ÝB-de X sosial torunyň ýerini tutup biljek täze platforma döredildi
Ýewropa guramalary W Social atly täze sosial tory işe girizdiler. Onda ähli ulanyjylaryň şahsyýeti resminamalar we fotosuratlar arkaly hökmany tertipde tassyklanylmak şerti hereket edýär. Politiken neşiriniň habar bermegine görä, beýle ädim täze platformany botlardan we anonim hasaplardan goramak üçin gerek
26.01.2026 08:45
1.4k+
Epic bilen Google assyrynlyk bilen 800 million dollarlyk şertnama baglaşdylar
Epic Games we Google kompaniýalary Unreal Engine oýun hereketlendirijisini (dwižogyny) hem-de hyzmatlaryny bermek barada 800 million dollarlyk ylalaşyga geldiler. Bu barada San-Fransiskonyň okrug kazyýetinde mälim boldy, diýip The Verge neşiri habar berýär
26.01.2026 03:54
1.9k+
TCL täze hyzmatdaşlygyň çäklerinde Sony-nyň telewizor biznesini öz gözegçiligine alar
Sony we TCL kompaniýalary Sony korporasiýasynyň telewizor we hojalyk audio tehnikalaryny öndürmek boýunça biznesini dolandyrjak bilelikdäki kärhanany döretmek barada ylalaşdylar. Bu barada kompaniýalaryň umumy beýanatynda aýdylýar
25.01.2026 17:43
3.8k+
TikTok ABŞ-da ulanyjylaryň takyk ýerleşýän ýerini yzarlamaga rugsat berdi
2026-njy ýylyň ýanwar aýynda TikTok platformasy Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky ulanyjylar üçin gizlinlik syýasatyny täzeledi. Täze düzgünlere görä, programma indi ulanyjylaryň takyk ýerleşýän ýeri baradaky maglumatlary ýygnap biler
25.01.2026 11:12
14k+
Serdar Berdimuhamedow Saýat etrabynda harby bölümleriň täze binalar toplumynyň açylyşyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatynyň Saýat etrabynda harby bölümleriň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
25.01.2026 05:44
2.9k+
Türkmenistanyň ilçisi Ankara Söwda-senagat edarasynyň başlygy bilen duşuşdy
22-nji ýanwarda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçisi Mekan Işangulyýew Ankara Söwda-senagat edarasynyň başlygy Gürsel Baran bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär
25.01.2026 05:29
1.4k+
Tbiliside türkmen-gruzin parlamentara gepleşiklerini ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
23-nji ýanwarda Gruziýanyň Parlamentinde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Parlamentiniň kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlygy, gruzin-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy D
25.01.2026 05:17
3.9k+
Oguljahan Atabaýewa we ÝUNISEF-iň wekili çagalary goramak ugrundaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar
Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi
24.01.2026 15:14
6.6k+
Ýewropa Bileleşigi Türkmenistana ekologiýa taslamalary üçin goşmaça €2 mln bölüp berýär
Aşgabatdaky SPECA hepdeligi sebiti ösdürmek boýunça birnäçe möhüm çözgütleriň kabul edilmegi bilen tamamlandy. Hususan-da, «ÝB Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin» taslamasynyň utgaşdyryjy komitetiniň üçünji mejlisinde Brýusseliň ýurduň ekologiýa maksatnamalaryny giňeltmek üçin goşmaça 2 million ýewro bölüp berýändigi yglan edildi
24.01.2026 12:19
1.9k+
Günorta Koreýa dünýäde ilkinji bolup emeli aň boýunça tolplumlaýyn kanuny kabul etdi
Günorta Koreýa AI äleminde ilkinji toplumlaýyn «Emeli aňyň esasy kanunyny» kabul etdi. Bu barada The Wall Street Journal gazeti hökümetiň beýanatyna salgylanyp habar berdi. Kanun alty bölümden we 43 maddadan ybarat
24.01.2026 12:10
3.1k+
Iliýana Ýotowa Bolgariýanyň Prezidenti wezipesinde ilkinji zenan maşgala boldy
Bolgariýanyň Prezidenti wezipesini taryhda ilkinji gezek zenan maşgala eýeledi. Iliýana Ýotowa bu wezipede Rumen Radewi çalşyp, resmi taýdan wezipä girişdi. Bu barada Bolgariýanyň milli radiosy habar berýär. Ýurduň öňki Prezidenti Rumen Radew Bolgariýanyň çuň syýasy çökgünlikden çykmagyna ýardam etmek isleýändigini aýdyp, 19-njy ýanwarda wezipeden çekildi
«
1
…
15
16
17
…
260
»
«
1
…
12
13
14
15
16
17
18
19
20
…
260
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.