Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Hadysalar
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Hadysalar
12.03.2026 23:40
13k+
ABŞ-nyň birnäçe ştatyna wehimli tornado aralaşyp, güýçli doly ýagdy
Hepdäniň başynda ABŞ-nyň birnäçe sebitinde yzigiderli dowam edýän güýçli harasatlar başlandy. Tehasdan Miçigana çenli bolan aralykdaky ýerlerde çabga ýagyşlary, uly göwrümli doly we güýçli ýel hasaba alyndy. Tebigy harasat sişenbe güni, 10-njy martda başlandy
09.03.2026 14:06
13k+
Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi
Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi
07.03.2026 20:33
7.1k+
Antalýanyň kenarlarynda agramy 10 kg ýetýän howply meduzalar peýda boldy
Türkiýäniň Antalýa şäheriniň kenarýakalarynda ynsan saglygy üçin howply bolan Rhopilema nomadica görnüşli meduzalar peýda boldy. Bu barada Akdeňiz uniwersitetiniň ylmy işgäri Mehmet Gökoglu habar berdi. Ol bu meduzalaryň käbiriniň agramynyň 10 kilograma çenli ýetip bilýändigini belleýär
07.03.2026 16:39
23k+
Şotlandiýada 55 sany läheň özüni kenara taşlady: munuň sebäbi näme?
Şotlandiýada 55 sany läheň (kit) özüni kenara urdy. Independent neşiriniň habar bermegine görä, 6-njy mart güni irden bir kişi Treýg-Mor kenaryndaky äpet jandarlary görüp, bu barada polisiýa habar ýetiripdir. Wakanyň bolan ýerine Britaniýanyň deňiz haýwanlaryny halas ediş gullugynyň hünärmenleri geldiler
05.03.2026 07:02
5.3k+
2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy: «Ganly Aý» dürli künjeklerde nähili göründi?
3-nji martda 2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy boldy. Bu tebigy hadysa wagtynda Aý goýy gyzyl reňke eýe bolýar, şol sebäpli hem oňa, adatça, «Ganly Aý» diýilýär. Fotosuratçylar dünýäniň dürli künjeklerinde bu täsin pursaty surata düşürdi
26.02.2026 16:54
5.7k+
Gün «ukudan oýandy»: alymlar 4 günlük dymyşlykdan soň işjeňligiň gaýtadan başlandygyny mälim etdi
Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň habar bermegine görä, Günde dört günlük doly asudalykdan soň işjeňlik täzeden başlandy. Bu hadysanyň alamatlary iki-üç gün ozal emele gelip başlan täze tegmiller toparynda hasaba alyndy
26.02.2026 13:53
5k+
Kolumbiýada güýçli wulkan atylmasy sebäpli ýaşaýjylar göçürilip başlandy
Kolumbiýada palçyk wulkanynyň örän güýçli atylmagy sebäpli häkimiýetler ýerli ilaty howpsuz ýerlere göçürýär. Bu barada BNO News neşiri habar berýär. Wulkanyň Antiokiýa departamentiniň San-Huan-de-Uraba munisipalitetinde atyldy
26.02.2026 12:40
6.2k+
Älemdäki iň uly ýyldyzlaryň biri partlamaga taýýarlanýar
Älemde mälim bolan iň äpet ýyldyzlaryň biri — WOH G64 — düýpli üýtgeşmelere sezewar boldy. Alymlaryň pikirine görä, bu ýyldyzyň ömri tamamlanyp barýar. Afiny milli obserwatoriýasynyň hünärmeni Gonsalo Munýosa-Sançesiň ýolbaşçylygyndaky barlag topary şeýle netijä geldi
25.02.2026 16:04
13k+
Güýçli ýagyş sebäpli Braziliýanyň Uba şäherini sil aldy, köçelerden ulaglar akyp gitdi
Geçen dynç güni Braziliýada güýçli tupanly ýagyşlar ýagdy. Bu zerarly häzirki wagtda iň agyr ýagdaý Minas-Žeraýs ştatynyň Uba we Žuis-di-Fora şäherlerinde hasaba alyndy. Dowamly ýagyn sebäpli golaýdaky suw howdanlary kenaryndan aşyp, köçeleri sil aldy
25.02.2026 10:24
15k+
ABŞ-nyň gündogar kenarýakasynda güýçli gar höküm ýöredýär. Boýy bilen gara çümen Nýu-Ýorkuň suratlary
Soňky on ýylyň içinde bolup geçen iň güýçli gar boragany ABŞ-nyň demirgazyk-gündogarynda köpçülikleýin elektrik togunyň kesilmegine we ulag gatnawynyň doly togtamagyna getirdi. Meteorologlaryň berýän maglumatlaryna görä, bu ştatlarda bir gije-gündiziň dowamynda 60 santimetrden köp gar ýagdy
24.02.2026 23:06
22k+
7-nji gatyň penjiresinden gaçan çagany halas eden özbek ýigidi «Edermenlik» medaly bilen sylaglandy
Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew Sankt-Peterburgda penjireden aşak gaçan çagany halas eden ildeşi Haýrullo Ibadullaýewi «Jasorat» («Edermenlik») medaly bilen sylaglady. Bu barada döwlet baştutanynyň metbugat sekretary Şerzod Asadow habar berdi
24.02.2026 19:37
16k+
Osaka şäherinde näbelli bir adam suw üpjünçiligini oňartmak üçin 21 kg altyny haýyr-sahawatyna berdi
Ýaponiýanyň Osaka şäherinde adynyň aýdylmagyny islemedik sahawatly bir adam şäheriň suw üpjünçilik ulgamyny täzeletmek üçin 21 kilogram altyn böleklerini peşgeş berdi. Osakanyň häkimi Hideýuki Ýokoýamanyň gürrüň bermegine görä, altynlar şäheriň suw üpjünçilik müdiriýetine tabşyryldy we olaryň satuwyndan geljek serişdeleri könelen suw turbalaryny bejermek üçin ulanmak meýilleşdirilýär
24.02.2026 14:47
8.1k+
Bali adasynda howanyň iň howply derejesi yglan edildi
Indoneziýanyň Bali adasynda güýçli ýagyn sebäpli howanyň iň ýokary — «gyzyl» howp derejesi yglan edildi. Ýagyş eýýäm suw joşgunlaryna we süýşgünlere sebäp boldy diýip, Jakarta Globe neşiri Bali prowinsiýasynyň Meteorologiýa, klimatologiýa we geofizika agentligine salgylanyp habar berýär
24.02.2026 10:49
13k+
Futbolçy meýdançada top degen çarlagyň ýüregini owkalap, onuň janyny halas etdi
Geçen ýekşenbe güni Stambulyň stadionynda çempionlyk titulyndan hem ähmiýetli bir waka ýüze çykdy. Birinji höwesjeňler ligasynyň finalynda «Istanbul Ýurdum Spor» we «Mewlanakapy Güzelhisar» futbol toparlarynyň arasyndaky duşuşykda uçup barýarka top degen çarlak halas edildi
23.02.2026 13:55
13k+
Güýçli gar sebäpli ABŞ-da adatdan daşary ýagdaý yglan edildi
ABŞ-nyň demirgazyk-gündogarynda höküm sürýän syrgynly gar sebäpli 60 milliondan gowrak adam adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň täsir zolagyna düşdi. Bu barada Hill neşiri habar berýär. «Delawer, Massaçusets, Nýu-Ýork, Nýu-Jersi, Pensilwaniýa we Rod-Aýlend ştatlary adatdan daşary ýagdaý düzgünini yglan etdiler, bu bolsa 60 milliondan gowrak adama täsir etdi» diýlip, habarda aýdylýar
22.02.2026 21:30
21k+
Britaniýaly zenan «dünýäniň iň baý adamy» boldy, ýöne puluny diňe kofe bilen kruassana sowup bilýär
Nottingem şäheriniň ýaşaýjysy Sofi Dauning garaşylmadyk ýagdaýda dünýäniň iň baý adamy boldy — iň bolmanda hasap ýüzünde. Ýöne ol puluny diňe kofehanada sarp edip bilýär diýip, The Mirror neşiri onuň gabat gelen ýagdaýyny beýan edýär
21.02.2026 13:15
3.8k+
«The Big Bang Theory» serialynyň ýyldyzy özüni tanatman, ýat adamlaryň saglyk çykdajysyny töleýär
«Uly partlama teoriýasy («The Big Bang Theory») sitkomyndaky Raj Kutrappaliniň keşbi bilen tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan aktýor Kunal Naýýar gijelerine GoFundMe platformasyna girip, özüni tanatmazdan, düýbünden ýat adamlaryň lukmançylyk çykdajylaryny töleýändigini boýun aldy
19.02.2026 21:38
8.1k+
Antarktidanyň kenarýakalarynda ilkinji gezek akula göründi
Awstraliýaly alymlar topary Antarktikanyň suwlarynda, Günorta Şetland adalarynyň golaýynda ilkinji gezek akulanyň bardygyny hasaba aldy. Bu barada Associated Press habarlar agentligi habar berýär. Günbatar Awstraliýa uniwersitetiniň professory Alan Jeýmison: «Biz ol ýerde akula göreris diýip garaşmandyk, sebäbi Antarktikada akulalar ýok diýen umumy kabul edilen ylmy garaýyş bardy» diýip belledi
19.02.2026 12:31
4.5k+
ABŞ-da lagymdan 185 kilogramlyk lamantin halas edildi
ABŞ-nyň Florida ştatyndaky Melburn-Biç kenarynyň golaýynda, siliň suwuny akdyrýan lagym ulgamynda gysylyp galan 185 kilogramlyk äpet lamantin tapyldy. New York Post neşiriniň habar bermegine görä, bu deňiz süýdemdirijisini Melburn-Biç kärhanasynyň bir işgäri görüp, derrew degişli gulluklara habar beripdir
19.02.2026 10:39
10k+
Fransiýada 36 gün bäri dynman ýagan ýagyş taryhy rekordy täzeledi
Fransiýada ýagynly günleriň dowamlylygy boýunça taryhy rekord hasaba alyndy. BFMTV teleýaýlymynyň habar bermegine görä, ýurtda 15-nji ýanwardan bäri, ýagny 36 günläp yzyny üzmän ýagyş ýagýar. Howanyň ýaramazlaşmagy bilen 17-nji fewralda dört sany departamentde sil gelme ähtimallygy zerarly iň ýokary — "gyzyl" derejeli howp yglan edildi
18.02.2026 23:24
7.6k+
Portugaliýada tupanlaryň ýetiren zyýany 5,5 milliard ýewrodan geçdi
Portugaliýanyň hökümetiniň we senagat guramalarynyň berýän deslapky maglumatlaryna görä, ýanwar-fewral aýlarynda ýurda inen tupanlaryň ýetiren umumy maddy zyýany 5,5 milliard ýewrodan aşdy. Iň uly ýitgiler döwlet we şahsy emläklere degişli bolup, olaryň möçberi 4,5 milliard ýewrodan gowrak diýlip kesgitlenilýär
18.02.2026 09:22
4.7k+
2026-njy ýylyň ilkinji Gün tutulmasy boldy. Bu hadysany Ýer ýüzünde bary-ýogy sanlyja adam gördi
17-nji fewralda Antarktidada 2026-njy ýylyň ilkinji Gün tutulma hadysasy hasaba alyndy. Aşgabat wagty bilen sagat 16:44 töweregi Aý Günüň merkezi bölegini doly örtüp, onuň diňe gyralarynyň görünmegini, ýagny "otly halka" täsirini emele getirdi
17.02.2026 17:12
7k+
ABŞ-da 154 ýyl ozal suwuň düýbüne giden gämi tapyldy
Dünýäniň dürli ýerlerinde suwa giden gämileri agtarmak bilen meşgullanýan Shipwreck World guramasy Miçigan kölüniň düýbünde Lac La Belle bug gämisiniň tapylandygyny habar berdi. Associated Press neşiriniň ýazmagyna görä, bu gämi 150 ýyldan gowrak wagt ozal güýçli harasat sebäpli heläkçilige uçrapdy
16.02.2026 15:06
10k+
Italiýada meşhur «Aşyklaryň arkasy» gaýasy ýumruldy
Italiýanyň Apuliýa sebitindäki Adriatika deňziniň kenarynda «Aşyklaryň arkasy» ady bilen tanalýan Sant-Andrea gaýasy ýumruldy. Ýerli häkimiýetleriň maglumatlaryna görä, muňa ygally howa şertleri we deňiz eroziýasy sebäp boldy
15.02.2026 17:58
5.8k+
Fin aýlagyny soňky on ýylyň dowamynda görülmedik derejede buz örtdi
2026-njy ýylyň fewralynda Fin aýlagyndaky buzuň meýdany soňky on ýyl boýunça iň uly derejesine ýetdi. Bu barada Helsingin Sanomat gazeti habar berdi. Neşiriň maglumatlaryna görä, buzuň galyňlygy häzirki wagtda 10-dan 40 santimetre çenli ýetýär
13.02.2026 19:14
6.6k+
BFMTV: Luwry suw basyp, eksponatlaryň birnäçesine zeper ýetdi
13-nji fewral gijesi Luwry suw basdy. Pariž muzeýiniň tehniki gulluklary «adatdan daşary ýagdaý» yglan etdiler diýip, BFMTV habar berýär. Waka muzeýiň XV–XVI asyrlaryň sungat eserleri saklanýan «Dýuşatel» atly 707-nji zalynda boldy
13.02.2026 12:24
12k+
Italiýada bir adam 20 sany altyn bölegini ýalňyşlyk bilen zibile taşlapdyr
Italiýanyň Torre-Lapillo kurort şäherçesinde 57 ýaşly bir adam içinde takmynan 120 müň ýewrolyk 20 sany altyn bölekleri bolan gutyny ýalňyşlyk bilen zibile taşlapdyr. Bu täsin waka barada RMF24 portaly habar berýär
13.02.2026 07:34
6.4k+
14-nji fewralda «garaşylmadyk myhman»: Ýylyň iň uly asteroidi Ýeriň golaýyndan uçup geçer
Aşyk-magşuklaryň gününde, has dogrusy, 14-nji fewralda Ýeriň golaýyndan ýylyň iň uly asteroidi bolan 162882 (2001 FD58) geçip gider. Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň habar bermegine görä, onuň ölçegi 0,5 kilometrden 1 kilometre çenli diýlip çak edilýär
12.02.2026 21:08
7.1k+
Fransiýanyň günbatar bölegi «Nils» harasatyna sezewar boldy
Fransiýanyň Atlantik ummanynyň kenarýakasyna we ýurduň günorta-günbatar bölegine «Nils» harasaty uly zarba urdy. Euronews neşiriniň habar bermegine görä, bu tebigy hadysa elektrik energiýasynyň köpçülikleýin kesilmegine we ulag ulgamynyň işiniň bozulmagyna sebäp boldy
12.02.2026 11:25
1.7k+
Ýanwar aýy soňky 9 ýylda magnit hadysaly iň işjeň aý boldy
Geçen ýanwar aýy 2017-nji ýyldan bäri magnit harasatynyň iň işjeň hasaba alnan döwri boldy. 31 günüň dowamynda geomagnit tupanlary 10 gezek hasaba alyndy. Bu görkeziji häzirki 25-nji gün sikli üçin hem, 2017-nji ýylyň sentýabryndan bäri geçen döwür üçin hem rekord derejedir
11.02.2026 16:16
12k+
ABŞ-da ýangyn söndüriji doňup galan kölüň üstündäki suguny bagryna basyp halas etdi
ABŞ-nyň Waşington ştatyndaky doňan kölleriň birinde edil kinodaky dartgynly pursatlary ýatladýan waka bolup geçdi. Stiwens okrugynyň Lun-Leýk kölüniň ýuka buzunyň üstüne münen sugunyň aýaklary taýgançak ýere ýelmeşip galýar
11.02.2026 14:40
9.2k+
Ýaponiýanyň asmanynda lowurdap uçup barýan otly şar göründi
Ýaponiýanyň merkezi sebitleriniň asmanynda örän ýiti we lowurdap duran otly şar göründi. Şaýatlaryň köpüsi bu pursady kameralaryna düşürip ýetişdiler. Bu geň waka baradaky maglumatlar ýapon sosial ulgamlarynda derrew ýaýrady we iň köp pikir alşylýan temalaryň birine öwrüldi
08.02.2026 13:12
10k+
Wenesiýa suw basmak howpy abanýar: şäher 9 günde 15 gezek suw joşgunyny başdan geçirdi
Wenesiýada 9 günüň dowamynda 15 gezek ýokary suw joşguny hasaba alyndy. Bu ýylyň başy üçin rekord görkezijidir diýip, ANSA agentligi habar berýär. Suw joşgunlaryna gözegçilik ediş merkeziniň direktory Alwize Papa bu ýagdaýy «heniz görlüp-eşidilmedik waka» diýip atlandyrdy we muny global maýlama sebäpli ýüze çykýan töwekgelçilikleriň artmagy bilen baglanyşdyrdy
06.02.2026 16:31
5.3k+
136 ýyl ozal heläkçilige uçran gämiň galyndylary tapyldy
ABŞ-nyň Nýu-Jersi ştatyndaky tebigy künjekli seýilgähiň plýažynda güýçli kenar eroziýasyndan soň, gark bolaly bäri üstünden 136 ýyl geçen «Lowrens N. Makkenzi» ýelkenli gämisi tapyldy. Bu barada Smithsonian Magazine neşirinde beýan edilýär
06.02.2026 15:41
17k+
Indoneziýada täsin ululykda piton tapyldy: ýylanyň uzynlygy 7 metrden geçýär
Sulawesi adasynda dünýäniň rekordlar sanawyny täzelän ýylan tapyldy. Ibu Baron (Baronessa) diýlip atlandyrylan torjumak urkaçy piton Ýer ýüzünde iň uzyn ýabany ýylan diýlip resmi taýdan ykrar edildi we Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi
05.02.2026 18:47
9k+
Marokkoda güýçli ýagyş we derýa joşgunlary sebäpli müňlerçe adam ewakuasiýa edildi
Marokkoda güýçli ýagyşlar we derýa joşgunlary halky howp astynda goýdy. Häkimiýetler siliň gelmegi ähtimallygy zerarly ýurduň demirgazygyndaky Ksar-el-Kebir şäheriniň ýaşaýjylaryny köpçülikleýin ewakuasiýa edip başladylar
05.02.2026 02:54
9.9k+
Gyrgyzystanda agramy 180 tonnadan geçýän täsin ägirt uly daş tapyldy
Gyrgyzystanyň Ysykköl sebitinde agramy 180 tonnadan geçýän ägirt uly mineral daş syýahatçylar üçin resmi taýdan açyldy. Ol Jeti-Oguz etrabynda, Çon-Gyzyl-Suu obasyndan takmynan üç kilometr uzaklykda, öňler ýol-ýodasyz, barmasy kyn ýerde ýerleşýär
03.02.2026 20:40
9.1k+
Kairde ýeriň aşak çökmegi sebäpli iki dükan ýer astyna gitdi
Müsürde topragyň duýdansyz çökmegi netijesinde gül we konditer önümleriniň dükanlary ýeriň astyna gitdi. Bu barada Al Arabiya habar berýär. Waka Kairiň Et-Tagammoa sebitindäki awtoulag ýangyç bekediniň golaýynda bolup geçdi
03.02.2026 14:51
7.6k+
Alymlar 7 müň ýyl ozal gülzarlyk bolan Saharada ýaşan nabelli adamlaryň yzlaryny tapdylar
Halkara alymlar topary Saharanyň heniz otluk lälezar döwründe ýaşan adamlaryň doly genomyny açdylar. Genomlar Liwiýanyň günorta-günbataryndaky Takarkori gaýa penahanasynda galyndylary tapylan iki aýala degişlidir
31.01.2026 22:40
5k+
Niderlandlaryň Kümüş muzeýi talandy
Niderlandlaryň Dusburg şäherindäki Kümüş muzeýi näbelli kişiler tarapyndan talandy. Jenaýatçylar umumy bahasy on müňlerçe ýewro barabar bolan 300-den gowrak gymmatly kümüş eksponatlary ogurladylar. Muzeýiň müdiriýetiniň başlygy Ernst Busweldiniň habar bermegine görä, ogurlyk gije bolup geçipdir
«
1
2
3
4
…
34
»
«
1
2
3
4
5
6
7
…
34
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.