Syýahatçylyk

S7 Airlines Aşgabat bilen Nowossibirskiň arasynda göni gatnawlary açýar
26.12.2025 12:05
11k+

S7 Airlines Aşgabat bilen Nowossibirskiň arasynda göni gatnawlary açýar

S7 Airlines awiakompaniýasy Russiýanyň Nowosibirsk şäheri bilen Aşgabadyň arasynda göni uçar gatnawlaryny açýar. Awiakompaniýa täze ugur boýunça biletleriň satuwyna eýýämden başlady. Gatnawlar 2026-njy ýylyň 31-nji martynda başlar we hepdede bir gezek — sişenbe güni amala aşyrylar
Ilaty has ynjalykly we birahat şäherleriň reýtingi düzüldi
22.12.2025 12:31
11k+

Ilaty has ynjalykly we birahat şäherleriň reýtingi düzüldi

Sanly maliýe hyzmatlary pudagynda işleýän Remitly kompaniýasy gözleg geçirip, dünýäde stress derejesi has ýokary we pes bolan şäherleri kesgitledi. Gözlegiň netijeleri barada Time Out habar berýär. Bilermenler dünýäniň 170-den gowrak şäherini seljerip, stress derejesine täsir edip biljek bäş ölçeg boýunça baha berdi
ABŞ grin-kart utuş maksatnamasyny dolulygyna togtadýandygyny yglan etdi
19.12.2025 17:21
15k+

ABŞ grin-kart utuş maksatnamasyny dolulygyna togtadýandygyny yglan etdi

ABŞ-nyň hökümeti raýatlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen immigrasiýa wizalaryny (DV1) utuş maksatnamasyny gyssagly ýagdaýda togtatmak barada çözgüt kabul etdi. Donald Trampyň degişli buýrugy barada ýurduň içerki howpsuzlyk ministri Kristi Noem habar berdi
Fransiýada Ýewropanyň iň uzyn şäher asma ýoly işläp başlady
18.12.2025 11:38
5.4k+

Fransiýada Ýewropanyň iň uzyn şäher asma ýoly işläp başlady

Fransiýanyň Il-de-Frans sebitinde ilkinji şäher asma ýoly resmi taýdan açyldy. Ol Ýewropada iň uzyn şäher asma ýoly boldy. Câble C1 adyny alan bu ýol Wal-de-Marn departamentinde Kreteý we Wilnýow-Sen-Žorž şäherlerini birleşdirýär diýip, BFTMV habar berýär
ABŞ bilen Türkmenistanyň arasyndaky wiza düzgünlerine ýeňillikler girizildi
18.12.2025 11:29
22k+

ABŞ bilen Türkmenistanyň arasyndaky wiza düzgünlerine ýeňillikler girizildi

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistanyň raýatlarynyň immigrasiýa däl wizalaryň B-1, B-2, B-1/B-2, F, M we J kategoriýalary boýunça ABŞ-a girmegine goýlan çäklendirmeleri ýatyrdy. Degişli üýtgeşmeler 2025-nji ýylyň dekabr aýynda neşir edilen Ak Tamyň täzelenen Kararynda berkidildi
BAE-de 6 km uzaýan dronlaryň we feýerwerkleriň Täze ýyl şüweleňi taýýarlanýar
16.12.2025 16:17
6.6k+

BAE-de 6 km uzaýan dronlaryň we feýerwerkleriň Täze ýyl şüweleňi taýýarlanýar

Ras-el-Haýma emirliginiň (BAE) ýolbaşçylary Ginnesiň rekordlar kitabyna girmäge dalaş etjek Täze ýyl şüweleňini geçirmek meýilnamalary barada habar berdi. Ýarygije geçiriljek 15 minutlyk şüweleň dünýäde iň uzyn şüweleňleriň biri bolar: ol Marjan adasyndan Al-Hamra aýlagyna çenli 6 kilometr uzalar diýip, Arabian Business neşiri habar berýär
Kapitansyz gämi: Ýaponiýa dünýäde ilkinji awtonom ýolagçy gämisini işe girizdi
14.12.2025 10:54
5.9k+

Kapitansyz gämi: Ýaponiýa dünýäde ilkinji awtonom ýolagçy gämisini işe girizdi

Ýaponiýanyň günbatarynda awtonom nawigasiýa tehnologiýasyny ulanýan dünýäde ilkinji ýolagçy gämisi peýda boldy. Olympia Dream Seto atly gämi Okaýama bilen Sýodosima adasynyň arasynda gatnap başlady diýip, Kyodo agentligi habar berýär
Aşgabatdaky syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby «Türki halklarynyň iň gowy talyby» diýen ada mynasyp boldy
01.12.2025 14:36
9.3k+

Aşgabatdaky syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby «Türki halklarynyň iň gowy talyby» diýen ada mynasyp boldy

Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň «Syýahatçylyk hyzmatlary» hünäriniň 2-nji ýyl talyby Altyntäç Janmämmedowa «Türki halklarynyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşiginiň orta hünär okuw mekdepler – kollejler tapgyrynda onlaýn gatnaşyp uly üstünlik gazandy
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat-Türkmenbaşy gatnawlaryň sanyny artdyrdy
30.11.2025 08:51
9.1k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat-Türkmenbaşy gatnawlaryň sanyny artdyrdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy içerki gatnawlaryň tertibini täzeledi. Aşgabat — Türkmenbaşy ugry boýunça goşmaça gatnaw girizdi we Daşoguz şäherine uçuşlaryň sany täzelendi. Aşgabat — Türkmenbaşy ugry boýunça T5-245 belgili gatnaw 12-nji dekabra çenli her gün amala aşyrylar
Angliýanyň hökümeti syýahatçylyk salgydyny girizmegi meýilleşdirýär
29.11.2025 21:19
2.7k+

Angliýanyň hökümeti syýahatçylyk salgydyny girizmegi meýilleşdirýär

Angliýanyň hökümeti otellerde, myhman öýlerinde we beýleki ýerleşilýän jaýlarda galýan myhmanlar üçin syýahatçylyk salgydyny girizmäge taýýarlanýar. Ýolbaşçylar häkimlere şeýle tölegi kesgitlemäge hukuk bermegi meýilleşdirýär
La Liste ýylyň iň gowy 1000 restoranyny saýlady
29.11.2025 09:28
4.5k+

La Liste ýylyň iň gowy 1000 restoranyny saýlady

Parižde restoranlaryň iň belli halkara reýtingleriniň biri bolan La Liste ýyllyk baýragynyň netijesi yglan edildi. Şu ýyl birinji orunda birbada on restoran ýerleşdi – olaryň ählisi 100-den 99,5 bal gazandy. Öňdebaryjylaryň biri Pariždäki Guy Savoy boldy
Hytaýyň Şençžen şäherinde dünýäde iň uly üsti ýapyk dag lyža kurorty açyldy
26.11.2025 13:14
9.1k+

Hytaýyň Şençžen şäherinde dünýäde iň uly üsti ýapyk dag lyža kurorty açyldy

Hytaýda dünýäde iň uly üsti ýapyk dag lyža kurorty bolan Huafa Snow World işläp başlady. Ol Şençžende ýerleşýär we 100 müň inedördül metr meýdany tutýan emeli garly toplumdyr (bu takmynan 11 futbol meýdançasyna barabardyr)
Baryp görmeli 31 köçe: Time Out olaryň reýtingini düzdi
26.11.2025 10:11
4.3k+

Baryp görmeli 31 köçe: Time Out olaryň reýtingini düzdi

Time Out žurnaly iýmiti, dynç alşy we atmosferany göz öňünde tutup, ýerli redaktorlaryň we bilermenleriň saýlamagynda dürli ýurtlardan iň gowy 31 köçäniň reýtingini hödürledi. Sanaw neşiriň saýtynda elýeterli. Awtorlar reýtingdäki köçeleriň öz şäherleriniň häsiýetini we şähdini görkezýändigini belleýär
Dubaýdaky kafe taryhda iň gymmat kofeni hödürleýär: bir çaşka üçin $980
23.11.2025 00:12
7.8k+

Dubaýdaky kafe taryhda iň gymmat kofeni hödürleýär: bir çaşka üçin $980

Dubaýdaky Julith Coffee kafesinde bir çaşka üçin 3600 dirham (980 dollar) bahadan kofe peýda boldy diýip, The Independent habar berýär. Bu içgi günbatar Panamadaky Baru wulkanynyň eňňitlerinde ösdürilip ýetişdirilýän seýrek görnüş bolan Nido 7 toplumynyň Geisha kofe dänelerinden taýýarlanýar
Dubaýda Joby howa taksisi ilkinji gatnawyny amala aşyrdy
21.11.2025 23:28
10k+

Dubaýda Joby howa taksisi ilkinji gatnawyny amala aşyrdy

Joby Aviation amerikan kompaniýasy BAE-de iki nokadyň arasynda özüniň elektrik uçýan enjamynyň ilkinji adamly uçuşyny amala aşyrdy. Dik uçuş enjamy Margamdaky synag bazasyndan uçup, Al-Maktum halkara howa menziline gondy – uçuş 17 minut dowam etdi diýip, Business Wire habar berýär
WIPO guramasynyň wersiýasy boýunça dünýäniň iň "akylly" şäherleriniň Top-7-ligi (2025)
20.11.2025 12:23
5.4k+

WIPO guramasynyň wersiýasy boýunça dünýäniň iň "akylly" şäherleriniň Top-7-ligi (2025)

Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasy (WIPO) 2025-nji ýylyň Global innowasiýa indeksini çap etdi we tehnologiýalara işjeň maýa goýýan hem-de olary durmuşa ornaşdyrýan iň "akylly" şäherleri kesgitledi. Gözleg San-Fransiskodan Şençžene çenli dünýä patentleriniň 70%-den gowragyny öz içine alýan ýüz sany innowasiýa merkezini öz içine alýar
Dubaýda dünýädäki iň beýik otel ilkinji myhmanlaryny kabul etdi
18.11.2025 11:09
9.2k+

Dubaýda dünýädäki iň beýik otel ilkinji myhmanlaryny kabul etdi

Dünýäde iň beýik otel diýlip resmi taýdan ykrar edilen Dubaýdaky täze Ciel Dubai Marina oteli ilkinji myhmanlaryny kabul etdi diýip, The National neşiri ýazýar. Binanyň gurluşygyna 2 mlrd dirham (544 mln dollar) sarp edildi
Türkmenistanyň medeniýet ministri Er-Riýadda BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň 26-njy mejlisine gatnaşýar
11.11.2025 14:18
3.8k+

Türkmenistanyň medeniýet ministri Er-Riýadda BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň 26-njy mejlisine gatnaşýar

Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň (UNWTO) Baş assambleýasynyň 26-njy mejlisine gatnaşýar. Mejlis 7–11-nji noýabr aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilýär
Dubaý barly adamlar üçin iň gowy şäherleriň reýtinginde öňdebaryjy boldy
09.11.2025 19:10
5.6k+

Dubaý barly adamlar üçin iň gowy şäherleriň reýtinginde öňdebaryjy boldy

Dubaý ýokary girdejili adamlar üçin iň özüne çekiji şäherleriň reýtinginde birinji orny eýeledi. Reýting Savills Plc emläk dellaly tarapyndan düzüldi. Barlagda dünýäniň 30 megapolisine baha berildi. Dubaý miras we kapital ösüşi üçin salgytlaryň ýokdugy, ösen infrastrukturasy, howpsuzlygyň ýokary derejesi we halkara mekdepleriň has köpdügi bilen reýtingiň başyna çykdy
ABŞ-nyň raýatlaryna Özbegistana wizasyz 30 günlük girmäge rugsat berler
06.11.2025 18:53
9.6k+

ABŞ-nyň raýatlaryna Özbegistana wizasyz 30 günlük girmäge rugsat berler

2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap ABŞ-nyň raýatlary Özbegistana 30 güne çenli möhlet bilen wizasyz baryp biler. Bu barada Respublikanyň Prezidentiniň administrasiýasyna salgylanyp, “Interfaks” habar berýär
Ýaponiýanyň syýahatçylyk agentligi Nýu-Ýork bilen Tokionyň arasynda bir sagatlyk kosmos uçuşlaryny ýola goýar
03.11.2025 12:11
3.9k+

Ýaponiýanyň syýahatçylyk agentligi Nýu-Ýork bilen Tokionyň arasynda bir sagatlyk kosmos uçuşlaryny ýola goýar

Ýaponiýanyň Nippon Travel syýahatçylyk kompaniýasy uly taslamany işe girizýändigini habar berdi: 2030-njy ýyllara çenli Nýu-Ýork bilen Tokionyň arasynda dowamlylygy bary-ýogy bir sagat bolan kosmos uçuşlary ýola goýlar
Barselonadaky Sagrada Familiýa ybadathanasy dünýäde iň beýik ybadathana boldy
02.11.2025 23:51
5.4k+

Barselonadaky Sagrada Familiýa ybadathanasy dünýäde iň beýik ybadathana boldy

Barselonanyň binagärlik dürdänesi bolan Sagrada Familiýa ybadathanasy merkezi binanyň üstünde haçyň täze bölegi oturdylandan soň resmi taýdan dünýäde iň beýik ybadathana boldy diýip, Associated Press habar berýär
Mongoliýada Gobi çölünde Marsdaky durmuşa meňzedilen syýahatçylyk lageri dörediler
29.10.2025 11:10
5.3k+

Mongoliýada Gobi çölünde Marsdaky durmuşa meňzedilen syýahatçylyk lageri dörediler

Mongoliýada adaty bolmadyk syýahatçylyk taslamasy işlenip düzülýär: Gobi çölünde myhmanlar Marsdaky ýaly şertlerde ýaşaýşy başdan geçirip bilerler. Bu başlangyjy Ulan-Batorda ýerleşýän MARS-V guramasy amala aşyrýar
«Türkmenistan» awiakompaniýasy gyş möwsümi üçin halkara ýolagçy gatnawlarynyň tertibini giňeltdi
28.10.2025 00:56
46k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy gyş möwsümi üçin halkara ýolagçy gatnawlarynyň tertibini giňeltdi

“Türkmenistan” awiakompaniýasy gyşky möwsümde halkara uçar gatnawlarynyň tertibiniň giňeldilendigini habar berdi. Täzelenen meýilnama dünýäniň 14 şäherine gönümel uçuşlary öz içine alýar we Aziýa, Ýakyn Gündogar hem-de Ýewropanyň möhüm ugurlaryny öz içine alýar
Mekgede al-Haram metjidiniň golaýynda binalar toplumy gurlar
22.10.2025 06:13
15k+

Mekgede al-Haram metjidiniň golaýynda binalar toplumy gurlar

Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasy we premýer-ministri Muhammed bin Salman bin Abdulaziz Al Saud Mekgede “Patyşa Salmanyň derwezesi” (King Salman Gate) atly täze şäher gurluşyk taslamasynyň başlandygyny habar berdi
Tokio we Wiktoriýa syýahatçylaryň arasynda iň halanýan şäherler hökmünde ykrar edildi
16.10.2025 10:37
5.5k+

Tokio we Wiktoriýa syýahatçylaryň arasynda iň halanýan şäherler hökmünde ykrar edildi

Amerikanyň meşhur Condé Nast Traveler syýahat žurnaly okyjylarynyň arasynda geçirilen ses berişlikde iň halanýan şäherleriň sanawy yglan edildi. Netijelere görä, iri şäherleriň arasynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio, kiçi şäherleriň arasynda bolsa Kanadanyň Wiktoriýasy birinji orny eýeledi
Walletta syýahatçylaryň pikiri boýunça dünýäniň iň owadan paýtagty diýlip ykrar edildi
14.10.2025 13:08
7.8k+

Walletta syýahatçylaryň pikiri boýunça dünýäniň iň owadan paýtagty diýlip ykrar edildi

Maltanyň kiçijik paýtagty – Walletta Condé Nast Traveller žurnaly tarapyndan dünýäniň iň owadan paýtagty diýlip hasaplandy. Şäher Readers’ Choice Awards 2025 reýtinginde birinji orny eýeläp, Pariž, Afina we Lissabon ýaly uly syýahatçylyk şäherlerinden öňe geçdi diýip, BILD habar berýär
Kolizeýde imperatorlaryň ulanan gizlin geçelgesi köpçülik üçin açyldy
11.10.2025 17:51
5.1k+

Kolizeýde imperatorlaryň ulanan gizlin geçelgesi köpçülik üçin açyldy

Kolizeýde Rim imperatorlarynyň ulanan gizlin ýerasty geçelgesiniň dikeldiş işleri tamamlandy. Indi ony syýahatçylar görüp biler diýip, Daily Mail ýazýar. Geçelge I we II asyrlaryň aralygynda, amfiteatryň özi gurlandan birnäçe wagtdan soň gurlupdyr
Germaniýanyň Bundestagy üç ýylda raýatlyk almak mümkinçiligini ýatyrýar
09.10.2025 18:23
8.5k+

Germaniýanyň Bundestagy üç ýylda raýatlyk almak mümkinçiligini ýatyrýar

Germaniýanyň Bundestagy ýurduň migrasiýa kanunçylygyna üýtgetmeleri tassyklady, ol üýtgetmeler üç ýylyň içinde tizleşdirilen tertipde nemes raýatlygyny almak mümkinçiligini ýok edýär, diýip Deutsche Welle habar berýär
Daniýada Mişleniň restoranynda myhmanlary "garynja ýogurdy" bilen geň galdyrdylar
09.10.2025 17:58
5.7k+

Daniýada Mişleniň restoranynda myhmanlary "garynja ýogurdy" bilen geň galdyrdylar

Kopengagende (Daniýada) Mişleniň iki ýyldyzyna mynasyp bolan Alchemist restorany garynjalar bilen uýadylan ýogurdyň esasynda taýýarlanan adaty bolmadyk desertleri we kokteýlleri hödürledi. Synag ylmy barlagyň bir bölegi bolup, bu barada iScience žurnalyna salgylanyp CNN habar berýär
BAE syýahatçylar, IT hünärmenleri we çäre myhmanlary üçin täze wiza kategoriýalaryny girizdi
05.10.2025 12:36
5.5k+

BAE syýahatçylar, IT hünärmenleri we çäre myhmanlary üçin täze wiza kategoriýalaryny girizdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň häkimiýeti täze wiza kategoriýalaryny girizdi we bar bolanlaryň şertlerini täzeledi. Bu barada Şahsyýet, raýatlyk, gümrük we port howpsuzlygy meseleleri boýunça federal edara salgylanyp, Gulf News habar berýär
Tatarystanda ýazyjy Tolkiniň äheňinde "hobbitler obasy" gurlar
30.09.2025 17:45
4.8k+

Tatarystanda ýazyjy Tolkiniň äheňinde "hobbitler obasy" gurlar

Kazandan 36 km uzaklykda, Aldermyş obasynyň golaýynda Jon R.R Tolkiniň hyýaly arhitektura dünýäsinden ylhamlanan "hobbit obasy" gurlar. Ol Tengre eko-toplumynyň bir bölegi bolar diýip, “Tatar Inform” neşiri  habar berýär
Türkmenistan Duşenbede «DITE-2025» sergisinde syýahatçylyk mümkinçiligini görkezdi
30.09.2025 09:59
5.6k+

Türkmenistan Duşenbede «DITE-2025» sergisinde syýahatçylyk mümkinçiligini görkezdi

18–20-nji sentýabr aralygynda Duşenbe şäherinde «DITE-2025» halkara syýahatçylyk sergisi (Dushanbe International Tourism Exhibition) geçirildi. Türkmenistanyň syýahatçylyk şereketleri bu sergide ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini görkezdiler diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berdi
Haýsy şäherlerde bir otagly öýi kärendesine almak has gymmat: dünýä paýtagtlarynyň reýtingi
30.09.2025 09:37
9.8k+

Haýsy şäherlerde bir otagly öýi kärendesine almak has gymmat: dünýä paýtagtlarynyň reýtingi

RIA Nowosti agentliginiň analitikleri açyk maglumatlaryň esasynda dünýäniň iň uly ykdysadyýetleriniň paýtagtlarynda bir otagly öýi kärendesine almagyň bahasyny hasaplady. Hasaplamalara görä, ýaşaýyş jaýy Londonda we Singapurda has gymmata düşýär – aýda 2,7 müň dollardan gowrak
Dubaýda 76-njy gatda panoramaly howuzly dünýäniň iň beýik myhmanhanasy açylar
28.09.2025 23:53
13k+

Dubaýda 76-njy gatda panoramaly howuzly dünýäniň iň beýik myhmanhanasy açylar

2025-nji ýylyň noýabrynda Dubaýda dünýäniň iň beýik myhmanhanasy bolan Ciel Dubai Marina açylar. Boýy 377 metr bolan bina tutuşlygyna myhmanhana we geljegiň şäheriniň ýene bir nyşanyna öwrüler. 82 gatly myhmanhana Vignette от IHG kolleksiýasynyň bir bölegidir
1-nji oktýabrdan Aşgabat-Türkmenbaşy howa gatnawlarynyň sany günde iki gezege çenli azaldylar
25.09.2025 14:37
12k+

1-nji oktýabrdan Aşgabat-Türkmenbaşy howa gatnawlarynyň sany günde iki gezege çenli azaldylar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 1-nji oktýabrdan başlap Aşgabat – Türkmenbaşy ugry boýunça howa gatnawlarynyň sanyny günde üç gezekden iki gezege çenli azaldar. Täzelenen tertip awiakompaniýanyň resmi saýtynda ýerleşdirildi
Haýsy ýurtlarda howa menzilleri has köp: infografika
25.09.2025 14:05
6.5k+

Haýsy ýurtlarda howa menzilleri has köp: infografika

Howa gatnawlary global aragatnaşykda möhüm orun eýeläp, yklymlaryň arasynda söwdany, syýahatçylygy we medeni alyş-çalşygy üpjün edýär. MAG-yň Bütindünýä maglumat kitapçasynyň (The World Factbook) maglumatlarynyň esasynda taýýarlanan infografikada häzirki günde dünýäniň dürli ýurtlarynda näçe howa menziliniň we aerodromlaryň bardygy görkezilýär
Lissabon bagtly dynç alyş üçin iň gowy şäherleriň sanawynda birinji orunda durýar
22.09.2025 00:31
5.1k+

Lissabon bagtly dynç alyş üçin iň gowy şäherleriň sanawynda birinji orunda durýar

BookRetreats syýahatçylyk gullugy bagtly dynç alyş üçin iň gowy şäherleriň sanawyny çap etdi. TimeOut neşiriniň habar bermegine görä, sanawda Lissabon birinji orunda durýar. Hünärmenler “Dynç alyşda bagtyň indeksi” düzülende dünýäniň 47 şäherine bäş ölçeg: Gün şöhlesiniň mukdary, ukynyň hili, sagdyn iýmitiň bolmagy, tebigata golaýlyk we beden maşklary üçin şertleriň bolmagy esasynda baha berdiler
Hytaý awiakompaniýasy dünýäniň iň uzak göni uçuş gatnawyny amala aşyrar
22.09.2025 00:23
9.7k+

Hytaý awiakompaniýasy dünýäniň iň uzak göni uçuş gatnawyny amala aşyrar

Şu ýylyň dekabrynda Hytaýyň China Eastern Airlines awiakompaniýasy Şanhaý bilen Buenos-Aýresiň (Argentina) arasynda täze gatnaw ugruny açar. Bu dünýädäki iň uzak göni uçuş bolar diýip,  China Daily ýazýar. Bu ýoluň uzynlygy 19 631 kilometre barabar bolar
Halkara syýahatçylygy ösýär: ýarym ýylda takmynan 690 million syýahat saparlary amala aşyryldy
18.09.2025 13:59
8.7k+

Halkara syýahatçylygy ösýär: ýarym ýylda takmynan 690 million syýahat saparlary amala aşyryldy

BMG-niň ýanyndaky Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasy (UN Tourism) tarapyndan çap edilen maglumatlara görä, 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda syýahat maksatly gezelençleriň sany takmynan 690 milliona ýetip, 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 5% artdy