Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Syýasat we ykdysadyýet
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Syýasat we ykdysadyýet
11.02.2026 11:51
3.1k+
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň söwda ministrini kabul etdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurda sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Ömer Bolaty kabul etdi. Duşuşygyň başynda myhman Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistanyň Prezidentine we Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi diýip, TDH habar berýär
10.02.2026 17:52
3.1k+
Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky Ilçisi (oturýan ýeri Kuala-Lumpur şäheri) M.Maşalow Tailandyň Daşary işler ministrliginiň Protokol departamentiniň başlygy Çakkrid Kraçaýwong bilen duşuşdy we ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
10.02.2026 10:44
8.6k+
Serdar Berdimuhamedow ýazky ekişi geçirmek boýunça wezipeleri belledi
Prezident Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk toplumyny ösdürmek we sebit maksatnamalaryny ýerine ýetirmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi. Maslahata oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T
10.02.2026 09:22
1.9k+
Portugaliýanyň prezident saýlawlarynda sosialist Antoniu Žoze Seguru ýeňiş gazandy
Portugaliýanyň prezident saýlawlarynda Sosialistik partiýanyň kandidaty Antoniu Žoze Seguru ýeňiş gazandy. 8-nji fewralda geçirilen ses berilişigiň ikinji tapgyrynda Seguru ultrasagçy «Chega!» («Besdir!») partiýasyndan dalaşgär bolan Andre Wenturadan öňe saýlandy
09.02.2026 19:21
2k+
BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi
09.02.2026 11:33
1.8k+
Birža söwdalarynyň jemi: geleşikleriň jemi bahasy 7 million dollardan aşdy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 29-sy hasaba alyndy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Owganystanyň
09.02.2026 10:42
1.6k+
Tailandda parlament saýlawlary we Konstitusiýa boýunça ses berilişik tamamlandy
Tailandda geçirilen parlament saýlawlarynda premýer-ministriň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Anutin Çarnwirakul tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän «Tailandyň buýsanjy» (Bhumjaithai) konserwatiw partiýasy ýeňiş gazandy
09.02.2026 10:34
2.1k+
Ýaponiýada dolandyryjy partiýa saýlawlarda taryhdaky iň ýokary netijäni görkezdi
Premýer-ministr Sanae Takaitiniň ýolbaşçylyk edýän Ýaponiýanyň Liberal-demokratik partiýasy (LDP) parlamentdäki 465 orundan 316-syny eýeledi. Mundan ozal ol 198 orna eýedi. Nikkei neşiriniň ýazmagyna görä, LDP Ikinji jahan urşy tamamlanaly bäri bir partiýanyň gazanan iň köp orun sanyna eýe boldy
09.02.2026 09:35
10k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň we Ermenistanyň ýolbaşçylaryny halkara baýragy bilen gutlady
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe we Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýana adamzadyň doganlygy ugrunda halkara Zaýed baýragynyň gowşurylmagy mynasybetli gutlagyny ýollady
09.02.2026 09:06
13k+
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä hem-de Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife Yslamabat şäherindäki metjitde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren partlama zerarly gynanç hatyny iberdi
07.02.2026 13:14
2.8k+
Türkmenistanyň ilçisi Täze Zelandiýanyň Waýtangi gününe bagyşlanan çärelere gatnaşdy
Türkmenistanyň Täze Zelandiýadaky ilçisi (oturýan ýeri Tokio şäheri) Atadurdy Baýramow Täze Zelandiýanyň her ýylyň 6-njy fewralynda bellenilýän milli baýramy — Waýtangi güni mynasybetli geçirilen resmi çärelere gatnaşdy
07.02.2026 12:58
17k+
Türkmenistanyň Prezidenti Hökümetiň giňişleýin mejlisiniň geçiriljekdigini aýtdy: ýylyň jemleri jemlener
Prezident Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň jemleri boýunça geljek hepdede Hökümetiň giňişleýin mejlisiniň geçiriljekdigini habar berdi. Onda 2025-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemlerini jemlemek, döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişini, şeýle hem ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişini we beýleki meseleleri gözden geçirmek meýilleşdirilýär
07.02.2026 12:51
1.4k+
Google golda baryny gaýgyranok: kompaniýa EA üçin şu ýyl 185 mlrd dollar çykdajy etmekçi
Google kompaniýasy emeli aňy ösdürmek üçin düýpli maýa goýumlaryny ep-esli artdyrmagy meýilleşdirýändigini yglan etdi. Muny Business Insider neşiri habar berýär. Gözleg gigantynyň enelik kompaniýasy bolan Alphabet geljek ýyl çykdajylaryň 175–185 milliard dollar boljakdygyny çaklaýar
07.02.2026 09:32
5.3k+
-10%-den +6%-e çenli: kümüşiň bazar bahasy 1980-nji ýyldan bäri beýle hiňňildik uçmandy
Gymmatbaha metallaryň bazarynda durnuksyzlyk dowam edýär. Anna güni kümşüň bahasy ilki bilen 10% düşüp, bir unsiýa üçin 64 dollardan satyldy, soňra bolsa Aziýa söwda sessiýasynyň dowamynda büs-bütin ugruny üýtgedip, 6,2% galdy
06.02.2026 23:48
9.8k+
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetinde ýanwar aýynda durmuş-ykdysady ösüşiň jemleri jemlendi
Prezident Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlendi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi
06.02.2026 11:56
3k+
Serdar Berdimuhamedow Täze Zelandiýanyň General-gubernatoryny Waýtangi güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Täze Zelandiýanyň milli baýramy — Waýtangi güni mynasybetli General-gubernator hanym Sindi Kiro we ýurduň halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny ýollady. Gutlag hatynda Döwlet Baştutany hanym Sindi Kiro berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw etdi
06.02.2026 09:27
2.7k+
Bitkoin 63 müň dollardan aşak düşdi: bu onuň ýeten iň ýokary görkezijisinden iki esse arzan
Binance biržasynyň maglumatyna görä, bitkoin kriptowalýutasynyň kursy Aşgabat wagty bilen sagat 01:55-de 62 345 dollara çenli pese düşdi. Bu görkeziji 2025-nji ýylyň oktýabr aýyndaky taryhy iň ýokary derejeden iki esse azdyr
05.02.2026 23:01
2k+
Türkmenistanyň DIM-inde FAO bilen hyzmatdaşlygyň netijeleri we meýilnamalary maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 5-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurduň BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen hyzmatdaşlygyna bagyşlanan brifing geçirildi. Çärä Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurtda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy
05.02.2026 22:58
3.2k+
Türkmenistan Bişkekdäki B5+1 forumynyň çäklerinde SpaceX bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
2026-njy ýylyň 4-5-nji fewralynda Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri M. Astanagulowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Bişkekde geçirilen ikinji B5+1 işewürlik forumyna gatnaşdy. Forum Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň döwlet edaralarynyň hem-de işewürlik toparlarynyň wekillerini ýygnady
05.02.2026 18:27
4.4k+
Bitkoiniň pese gaçmagy zerarly tutuş kriptobazar tas ýarym trillion dollar ýitirdi
Soňky bir hepdede kriptowalýuta bazary, takmynan, ýarym trillion dollar ýitirdi: 29-njy ýanwardan bäri onuň kapitalizasiýasy 467,6 mlrd dollar azaldy. Esasy zarba bitkoine degdi, onuň pese düşmegi bitkoiniň gorag aktiwi hökmündäki ornuna şübhäni artdyrdy diýip, Bloomberg habar berýär
05.02.2026 15:25
6.5k+
Günorta Koreýada miras salgydy baýlary ýurtdan gitmäge mejbur edýär
Günorta Koreýa dünýä boýunça baý adamlaryň iň köp gidýän ýurtlarynyň hataryna girdi. Munuň beýle bolmagy ýurtda bölekleýin hereket edýän miras salgydy ulgamy bilen baglanyşdyrylýar. Britaniýanyň Henley & Partners konsalting kompaniýasynyň seljermesine görä, geçen ýyl koreýaly millionerleriň ýurtdan gidenleriniň sany takmynan 2400 adam boldy
05.02.2026 13:15
2.6k+
Raşid Meredow BAE-niň wise-prezidenti bilen bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy
4-nji fewralda Abu-Dabide Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy
05.02.2026 13:14
1.4k+
Türkmenistanyň DIM-inde Malaýziýanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
4-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Malaýziýanyň Türkmenistandaky ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddin bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär
05.02.2026 10:51
3k+
2025-nji ýylda dünýädäki ähli gämileriň ýarysyndan gowragy Hytaýda guruldy
Hytaýyň gämi gurluşyk senagaty 2025-nji ýylda üç sany esasy görkeziji boýunça dünýäde ýene-de birinji orny eýeledi. Ýurt eýýäm 16 ýyl bäri yzly-yzyna öz liderligini saklap gelýär. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Senagat we maglumat tehnologiýalary ministrligi habar berýär
05.02.2026 09:43
2.3k+
Bosch maliýe kynçylyklary zerarly 20 müň işgärini işden boşatmagy meýilleşdirýär
Bosch kompaniýasy ýyllyk girdejisiniň iki esse peselmegi sebäpli Germaniýada 20 müň işgärini boşadar. Bu barada Politico gazeti kompaniýanyň beýanatyna salgylanyp habar berýär. Şeýle karara ýurtdaky soňky 12 ýylyň dowamynda iň ýokary derejä ýeten işsizligiň esasynda gelinendigi aýdylýar
05.02.2026 08:41
2.5k+
BSGG adatdan daşary lukmançylyk kömegi üçin 1 milliard dollar gözleýär
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) 2026-njy ýylda 36 sany krizis nokadynda adatdan daşary lukmançylyk kömegini bermek üçin 1 milliard dollar bölüp bermek çagyryşy bilen dünýä jemgyýetçiligine ýüzlendi. Bu ýagdaý, ilkinji nobatda, hemaýatkärler, hususan-da Amerikanyň Birleşen Ştatlary tarapyndan maliýeleşdirilmegiň azalmagy zerarly ýüze çykdy diýlip TASS-yň habarynda bellenilýär
04.02.2026 20:46
3.2k+
Pişikler Tailand ykdysadyýetiniň möhüm bölegi hökmünde ykrar edildi
Tailandyň hökümeti pişikleri ýurduň ykdysadyýetiniň möhüm bölegi diýip ykrar etdi. Bu barada Nikkei Asia neşiri N.C.C. Management & Development kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär. Neşiriň maglumatyna görä, pişikler üçin harytlar we hyzmatlar bazary 367,8 milliard bata (11,8 milliard dollar) ýetdi
04.02.2026 17:00
4.1k+
Türkmenistan YHG-yň mejlisinde bitaraplygyň orny baradaky kararnamanyň taslamasyny hödürledi
31-nji ýanwar — 2-nji fewral aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Ýokary derejeli wekilleriň maslahatynyň 52-nji mejlisine gatnaşdy. Bu çäre 2026-njy ýylyň 11-12-nji aprelinde Bagdatda geçirilmegi meýilleşdirilýän YHG-yň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine taýýarlyk görmegiň üçünji we iň möhüm tapgyry boldy
04.02.2026 16:39
3.6k+
Raşid Meredow Dubaýda ählumumy dolandyryş boýunça Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlaryny açyp görkezdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Dubaýda (BAE) geçirilýän «Bütindünýä hökümet sammiti – 2026» forumynda çykyş edip, dünýäde dowam edýän krizis şertlerinde ählumumy dolandyryşy we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça ýurduň garaýyşlaryny beýan etdi
04.02.2026 13:14
1.8k+
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy BAE-däki kärdeşi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek barada maslahatlaşdy
3-nji fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Dubaýa saparynyň çäklerinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşyk geçirdi
04.02.2026 13:10
1.8k+
Aşgabat we Abu-Dabi energetika dialogyny işjeňleşdirmek barada ylalaşdy
3-nji fewralda Dubaýda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber bilen duşuşygy boldy
04.02.2026 12:18
1.7k+
Türkmenistanyň wekiliýeti Dubaýda geçirilýän Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2026-njy ýylyň 3-5-nji fewraly aralygynda Dubaýda geçirilýän Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşýar
04.02.2026 09:46
1.7k+
Türkmenistanyň Prezidenti Şri-Lankanyň döwlet Baştutanyny Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Anura Kumara Dissanaýakä ýurduň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. TDH-nyň habar
03.02.2026 19:40
1.5k+
Türkmenistanyň DIM-inde Rumyniýanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
3-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Rumyniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Ion Nawal bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerine seretdi
03.02.2026 05:55
9.3k+
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatynda oba hojalyk meseleleri we gurluşyklary ara alyp maslahatlaşdy
2-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde
02.02.2026 16:33
2.4k+
TDHÇMB-da bir hepdede 5,893 mln dollarlyk geleşikler baglaşyldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy. Daşary ýurt alyjylary bilen baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 893 müň dollaryndan gowrak boldy diýip, TDH habar berýär
02.02.2026 00:53
2.8k+
Hywada suw hojalyk meseleleri boýunça türkmen-özbek hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi
30-njy ýanwarda Hywada Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi
01.02.2026 23:17
18k+
Gurbanguly Berdimuhamedow «Arkadag»–«Al-Nasr» oýnunyň öňüsyrasy Olimpiýa stadionyny gözden geçirdi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine baryp, Olimpiýa stadionynyň öňde boljak halkara futbol bäsleşigine taýýarlyk derejesi bilen tanyşdy. Gürrüň
01.02.2026 12:33
9.5k+
ABŞ-da ýene «şatdaun» başlandy: bu gezek hökümetiň işi bölekleýin togtadyldy
31-nji ýanwardan başlap ABŞ-nyň hökümetiniň işi tassyklanan maliýe serişdeleriniň ýokdugy sebäpli bölekleýin togtadyldy. Bu barada The Guardian neşiri habar berýär. Hökümetiň işiniň wagtlaýyn togtadylmagy Demokratik partiýanyň senatorlary Içerki howpsuzlyk ministrligini maliýeleşdirmek baradaky kanun taslamasyny goldamakdan boýun gaçyranyndan soň bolup geçdi
01.02.2026 11:29
2k+
Bitkoiniň bahasy 11-nji aprelden bäri ilkinji gezek 80 müň dollardan aşak düşdi
Bitkoiniň bahasy söwdalaryň barşynda 2025-nji ýylyň 11-nji aprelinden bäri ilkinji gezek 80 müň dollardan aşak düşdi. Muny Binance biržasynyň maglumatlary tassyklaýar. Aşgabat wagty bilen sagat 09:30-da bitkoin 78,9 müň dollar töwereginde bahalandyryldy, bu bolsa günüň dowamynda 5,20% pese gaçyşy aňladýar
«
1
…
14
15
16
…
260
»
«
1
…
11
12
13
14
15
16
17
18
19
…
260
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.