Saglyk

Johnson & Johnson saglyk üçin howply çaga prisypkasy sebäpli $40 mln tölemäge borçlandy
15.12.2025 14:50
6.5k+

Johnson & Johnson saglyk üçin howply çaga prisypkasy sebäpli $40 mln tölemäge borçlandy

Los-Anjelesiň Ýokary kazyýeti Johnson & Johnson kompaniýasyny köp ýyllaryň dowamynda talk saklaýan çaga prisypkasyny ulanmagyň netijesinde ýumurtgalygyň rak keseline sezewar bolandygyny aýdan iki aýala 40 mln dollar tölemäge borçlandyrýan karary çykardy
Robot-hirurg ilkinji gezek kataraktany aýyrmak boýunça operasiýa geçirdi
12.12.2025 15:36
5.8k+

Robot-hirurg ilkinji gezek kataraktany aýyrmak boýunça operasiýa geçirdi

Lukmançylyk bilen inženerçiligiň çatrygynda göz hirurgiýasynda uly öwrülişikleri wada berýän düýpli öňe gidişlik boldy: Kaliforniýanyň Los-Anjeles uniwersitetinde (UCLA) işlenip düzülen robot ulgamy dünýäde ilkinji gezek adamda kataraktany aýyrmak boýunça operasiýany üstünlikli geçirdi
Gögerçiniň dersinde adamlar üçin howply, BSGG-niň sanawyna girýän patogenler tapyldy
10.12.2025 11:51
8.1k+

Gögerçiniň dersinde adamlar üçin howply, BSGG-niň sanawyna girýän patogenler tapyldy

M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň (MDU) Topragy öwreniş bölüminiň hünärmenleri gögerçinleriň dersinde adam saglygy üçin howply bolan askomiset görnüşli gabartmalary tapdylar. Uniwersitetiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu mikroorganizmler esasan hem çagalarda we immun ulgamy gowşak adamlarda bu görnüşli ýokançlyklaryň döremegine sebäp bolup biler
Braziliýa denge keseline garşy dünýäde ilkinji bir komponentli waksinany döretdi
10.12.2025 11:36
2.3k+

Braziliýa denge keseline garşy dünýäde ilkinji bir komponentli waksinany döretdi

Braziliýa denge gyzzyrmasyna garşy dünýäde ilkinji bir komponentli waksinanyň synaglaryny üstünlikli tamamlap, ony ibermek üçin taýýarlady. Bu derman gaýtadan goýberilmegi talap etmeýär we iň ejiz ýurtlara eltip bermek üçin niýetlenendir diýip, Rio-de-Žaneýro Federal uniwersitetiniň (UFRJ) rektory Robertu Medronýua salgylanýan TASS habar berýär
Wagta garşy sanjym: ABŞ-da bir kompaniýa immun ulgamyna garramagy haýallatmagy "öwredýär"
08.12.2025 06:17
4.6k+

Wagta garşy sanjym: ABŞ-da bir kompaniýa immun ulgamyna garramagy haýallatmagy "öwredýär"

Maýamide ýerleşýän we uzak ömür meseleleri bilen meşgullanýan Immorta Bio biotehnologiýa kompaniýasy öz toparynda senolitik immunoterapiýa üçin öz synpynda ilkinji serişde bolan SenoVax dermany üçin patent arzasyny berdi
Ýumurtga we bagyr iýmeklik Alsgeýmer keseliniň döremek howpuny azaldýar - alymlar
07.12.2025 23:54
9.5k+

Ýumurtga we bagyr iýmeklik Alsgeýmer keseliniň döremek howpuny azaldýar - alymlar

Bedende holiniň ýetmezçiligi beýnä duýdansyz zyýan ýetirip biler. Amerikaly alymlar bu madda baý önümleri, esasanam, ýaşlykda ýeterlik mukdarda iýmegiň beýniniň zeperlenmesini haýalladyp biljekdigini ýüze çykardylar
Germaniýanyň Geýdelberg klinikasynyň professory türkmen lukmanlary bilen tejribe alyşýar
05.12.2025 17:46
4.9k+

Germaniýanyň Geýdelberg klinikasynyň professory türkmen lukmanlary bilen tejribe alyşýar

Germaniýanyň Geýdelberg uniwersitet klinikasynyň professory Arianeb Mehrabi türkmen kärdeşleri bilen tejribe alyşmak üçin Türkmenistanda iş saparynda bolýar. Dünýä belli klinikanyň lukmany Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasyna baryp gördi we ol ýerde böwregi transplantasiýa edilen näsaglary lukmançylyk barlagyndan geçirdi
Türkmenistanda pandemiýalara taýýarlyk boýunça tejribe okuwlary geçirildi
04.12.2025 16:16
7.2k+

Türkmenistanda pandemiýalara taýýarlyk boýunça tejribe okuwlary geçirildi

1-3-nji dekabr aralygynda Aşgabatda Pandemiýalaryň öňüni almak, oňa taýýarlyk, jogap bermek we soňky dikeldiş boýunça Türkmenistanyň Hereketleriň Milli meýilnamasynyň (HMM) taslamasyny jemlemäge gönükdirilen PanPRET atly okuw maslahatlary geçirildi
Lancet: Aşa işlenen önümler adamyň ähli organlaryna diýen ýaly zyýan berýär
26.11.2025 12:04
8.6k+

Lancet: Aşa işlenen önümler adamyň ähli organlaryna diýen ýaly zyýan berýär

"Lancet" lukmançylyk žurnalynda çap edilen birnäçe biologik gözlegler aşa işlenip taýýarlanan iýmitleriň adamyň ähli organlaryna diýen ýaly ýaramaz täsir edip bilýändigini we ikinji görnüşli süýji keseli we beýleki keselleriň döremek howpuny ýokarlandyrýandygyny görkezdi
Alymlar süňkleriň öz-özüni dikeltmegine kömek etmegiň ýoluny tapdylar
23.11.2025 20:23
6.5k+

Alymlar süňkleriň öz-özüni dikeltmegine kömek etmegiň ýoluny tapdylar

Alymlar köp ýyllardan bäri süňk dykyzlygynyň peselýän we döwülme howpuny ýokarlandyrýan kesel bolan – osteoporoz keselini öwrenýärler. Häzirki dermanlar süňk dokumasynyň ýumrulmagyny haýalladýar ýa-da gysga wagtlyk onuň ösüşini höweslendirýär, emma käbirleri ýaramaz täsirleri döredýär
BMGÖM Türkmenistana kliniki barlaghanalar üçin enjamlary we reaktiwleri getirdi
23.11.2025 00:31
3.2k+

BMGÖM Türkmenistana kliniki barlaghanalar üçin enjamlary we reaktiwleri getirdi

BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (ÖM) Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde durmuşa geçirýän «Türkmenistanyň kliniki-barlaghana gullugyny güýçlendirmek» atly taslamanyň çäginde laboratoriýa enjamlarynyň, reaktiwleriň we sarp ediş serişdeleriniň nobatdaky tapgyryny Türkmenistana gowşurdy
Ýaponiýaly lukmanlar türkmen kärdeşleri bilen tejribe alyşýarlar
19.11.2025 13:53
4.5k+

Ýaponiýaly lukmanlar türkmen kärdeşleri bilen tejribe alyşýarlar

Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) ýörite maksatnamasynyň çäklerinde Fukuoka şäheriniň Kýuşu milli uniwersitetiniň klinikasynyň lukmanlary Türkmenistanda saparda bolup, ýerli hünärmenler bilen tejribelerini paýlaşýarlar
Derman serişdeleri gana goýberilen mikro-robotlar arkaly bellenilen ýere eltilip başlanar
19.11.2025 13:43
6.5k+

Derman serişdeleri gana goýberilen mikro-robotlar arkaly bellenilen ýere eltilip başlanar

Alymlar çäge däneleriniň ululygyndaky kiçijik robotlary döretdiler — olar gan damarlary arkaly hereket edip, derman serişdelerini zerur ýerine takyk eltip, soňra bedende ýaýrap (ereýär) ýok bolup bilýär. Bu mikro-robotlary dolandyrmak magnit meýdanlarynyň kömegi bilen amala aşyrylýar, bu bolsa kapsulany bedeniň zerur böleklerine gönükdirmäge mümkinçilik berýär
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy mätäç çagalara kömek bermegini dowam edýär
19.11.2025 11:12
7.7k+

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy mätäç çagalara kömek bermegini dowam edýär

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy çagalaryň durmuşynyň abadançylygy ugrunda milli we halkara derejede giň gerimli işlerini dowam edýär.
iOS 27-de ulanyjylaryň saglygyna gözegçilik etjek EA-lukman peýda bolar
16.11.2025 16:20
2.3k+

iOS 27-de ulanyjylaryň saglygyna gözegçilik etjek EA-lukman peýda bolar

Apple indiki ýyl çykarylmagyna garaşylýan täze iOS 27 operasion ulgamynyň üstünde işleýär. Bloomberg-iň wekili Mark Gurmanyň sözlerine görä, kompaniýa emeli aňy ösdürmek bilen baglanyşykly üç ugra ünsüni jemleýär
Hytaýly alymlar üzüm däneleriniň esasynda garramaga garşy dermanyň döredilendigini habar berdiler
16.11.2025 16:17
4.4k+

Hytaýly alymlar üzüm däneleriniň esasynda garramaga garşy dermanyň döredilendigini habar berdiler

Hytaýdaky Lonvi Biosciences barlaghanasynyň barlagçylary "adamyň ömrüni 100 ýaş edip, hatda ondanam uzaldyp biljek" dermanyň döredilendigini mälim etdiler diýip, The New York Times habar berýär. Şençžen şäherinde ýerleşýän barlaghana üzüm dänesiniň ekstraktynda bar bolan prosianidin C1 (PCC1) birleşmesine esaslanýan garrylyga garşy gerdejikleri işläp taýýarlady
Nar we hoz goşundysy immun öýjükleriniñ 28 günde «ýaşarmagyna'" ýardam edýär - barlaglar
16.11.2025 16:00
8.1k+

Nar we hoz goşundysy immun öýjükleriniñ 28 günde «ýaşarmagyna'" ýardam edýär - barlaglar

Halkara alymlar topary Urolithin A metabolitiniň bary-ýogy 28 günde immun ulgamynyň öýjükleriniň ýagdaýyny gowulandyrmaga ukyplydygyny görkezdi. Nature Aging žurnalynda çap edilen barlaga görä, günüň dowamynda 1 000 mg bu maddany kabul etmeklik CD8+ T-öýjükleriniň profilini has «ýaş» görnüşe getirýär we öýjükleriň «energiýa stansiýalary» bolan mitohondriýalaryň işini güýçlendirýär
Dünýädäki hroniki böwrek keselli adamlaryň sany 35 ýylda iki esse artdy
16.11.2025 13:05
6.2k+

Dünýädäki hroniki böwrek keselli adamlaryň sany 35 ýylda iki esse artdy

Halkara alymlar toparynyň anyklamagyna görä, 1990-njy ýyldan bäri hroniki böwrek kesellerinden  ejir çekýän uly ýaşly adamlaryñ  sany iki esse artdy we 788 milliona ýetdi. Häzirki wagtda bu kesel dünýäde iň köp adam pidasyna sebäp bolýan keselleriň hatarynda dokuzynjy orny eýeleýär
Aziýanyň ösüş banky Aşgabatda lukmançylyk orta okuw mekdebiniň gurluşygyny maliýeleşdirer
12.11.2025 17:37
7.1k+

Aziýanyň ösüş banky Aşgabatda lukmançylyk orta okuw mekdebiniň gurluşygyny maliýeleşdirer

Aziýanyň ösüş bankynyň prezidenti Masato Kandanyň ýurdumyza saparynyň çäklerinde duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklaryň netijeleri boýunça Aşgabat şäherinde lukmançylyk orta okuw mekdebiniň gurluşygyny maliýeleşdirmek
Hytaýly lukmanlar ilkinji gezek robotyň we 5G ulgamynyñ kömegi bilen uzak aralykdan operasiýa geçirdiler
10.11.2025 11:14
7.5k+

Hytaýly lukmanlar ilkinji gezek robotyň we 5G ulgamynyñ kömegi bilen uzak aralykdan operasiýa geçirdiler

Hytaýyň Guançžou şäherindäki Sun Ýatsen uniwersitetiniň oftalmologlary (göz lukmanlary) dünýäde ilkinji gezek 4200 kilometre golaý aradaşlykdan robot we 5G aragatnaşyk ulgamy arkaly subretinal sanjym operasiýasyny geçirdiler
Türkmenistanda dümewiň pandemiýasynyň öňüni almak boýunça BSGG-niň okuwlary geçirildi
08.11.2025 17:55
6.5k+

Türkmenistanda dümewiň pandemiýasynyň öňüni almak boýunça BSGG-niň okuwlary geçirildi

3–5-nji noýabr aralygynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Türkmenistandaky ýurt edarasy ýurdumyzyň ähli sebitlerinden gelen wirusologiýa laboratoriýalarynyň hünärmenleri üçin üç günlük hünär kämilleşdiriş okuwyny geçirdi
Aktrýor Jessi Aýzenberg ýat adama böwregini mugt berer
06.11.2025 19:29
9.8k+

Aktrýor Jessi Aýzenberg ýat adama böwregini mugt berer

Amerikaly režissýor we aktýor, “Sosial tor” («Социальная сеть») hem-de “Ýalanyň boş hyýaly” («Иллюзия обмана») filmleriniň ýyldyzy Jessi Aýzenberg näbelli adama böwregini sowgat etjekdigini aýtdy. Bu barada ol NBC teleýaýlymynyň irdenki şüweleň gepleşiginde, “Ýalanyň boş hyýaly 3”  filmindäki kärdeşleri bilen geçirilen söhbetdeşlikde gürrüň berdi
Türkmenistan «Bitewi saglyk» taslamasynyň çäklerinde sebitleýin hyzmatdaşlygy güýçlendirýär
01.11.2025 12:15
2.4k+

Türkmenistan «Bitewi saglyk» taslamasynyň çäklerinde sebitleýin hyzmatdaşlygy güýçlendirýär

29–31-nji oktýabr aralygynda Täjigistanyň paýtagty Duşenbede «Pandemiýalaryň öňüni almak, azyk howpsuzlygyny hem-de ekoulgamlaryň sagdynlygyny üpjün etmek üçin Merkezi Aziýada “Bitewi saglyk”» atly taslamanyň ilkinji sebitleýin maslahaty we Sebitleýin utgaşdyryş geňeşiniň mejlisi geçirildi
Russiýada B gepatitini çalt anyklaýan dünýäde ilkinji ýokary duýgur test döredildi
29.10.2025 10:48
2.2k+

Russiýada B gepatitini çalt anyklaýan dünýäde ilkinji ýokary duýgur test döredildi

Russiýada ilkinji gezek duýgurlygy boýunça PZR bilen deňeşdirip bolýan B gepatitini anyklaýan çalt test resmi taýdan hasaba alyndy. Bu barada Rospotrebnadzor (RF) habar berdi. Bu synag Rospotrebnadzoryň Merkezi epidemiologiýa ylmy-barlag institutynyň alymlary tarapyndan LAMP (Loop mediated isothermal amplification) tehnologiýasy esasynda işlendi
Rak keselini bejermegiň täze usuly ýarym sagatda rak öýjükleriniň 92%-ni ýok etdi
29.10.2025 09:41
7.8k+

Rak keselini bejermegiň täze usuly ýarym sagatda rak öýjükleriniň 92%-ni ýok etdi

Rak häzirki wagtda dünýäde ölüme sebäp bolýan keselleriň arasynda ikinji ýerde durýar. Şonuň üçin alymlar has netijeli we howpsuz bejergi usullaryny gözlemegini dowam etdirýärler. Tehas uniwersitetiniň (Ostin) we Portu uniwersitetiniň alymlary täze tehnologiýany işläp düzdüler
Täze göz implanty görüş ukybyny ýitiren adamlara gaýtadan görmäge kömek etdi
28.10.2025 10:35
4.1k+

Täze göz implanty görüş ukybyny ýitiren adamlara gaýtadan görmäge kömek etdi

Alymlar kiçi bir göz implantyny ulanyp, ýaş makulýar degenerasiýasy (ÝMD) sebäpli görüş ukybyny ýitiren adamlaryň görşüni dikeltdiler. Enjamyň ölçegi 2×2 mm we galyňlygy 30 mikrometr bolup, operatiw ýol bilen gözüň torly perdesiniň astyna ýerleşdirilýär we ýitirilýän ýagtylyk duýgur öýjükleriniň ornuny tutýar
Gök çaý semizlik we süýjüli diabet bilen göreşmäge kömek edýär — ylmy barlag
28.10.2025 10:25
5.5k+

Gök çaý semizlik we süýjüli diabet bilen göreşmäge kömek edýär — ylmy barlag

Gök çaý artykmaç agram we süýji keseli (diýabet) bilen göreşmekde peýdaly bolup biler. Braziliýanyň «Kruzeýru-du-Sul» uniwersitetinden professor Rozmari Ottonyň ýolbaşçylygyndaky halkara alymlar topary şeýle netijä geldi
Türkmenistanda brusellýozyň öňüni almak, anyklamak we gözegçilik boýunça okuw türgenleşigi geçirilýär
21.10.2025 11:07
8.3k+

Türkmenistanda brusellýozyň öňüni almak, anyklamak we gözegçilik boýunça okuw türgenleşigi geçirilýär

20–24 oktýabr aralygynda Türkmenistanda brusellýozyň öňüni almak, anyklamak we gözegçilik etmek boýunça okuw türgenleşigi geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Döwlet weterinariýa gullugy habar berdi
Adamyň garramagy jyns taýdan ýetişenden soň başlanýar — nemes alymlarynyň täze açyşy
20.10.2025 11:21
14k+

Adamyň garramagy jyns taýdan ýetişenden soň başlanýar — nemes alymlarynyň täze açyşy

Nemes alymlary adam bedeniniň garrymagynyň ribosom DNK (rDNT) bilen baglydygyny ýüze çykardylar. Bu DNK bölegi öýjükleriň ýaşamagy üçin zerur bolup, olaryň işjeňligini üpjün edýär. Barlagyň netijeleri Aging-US žurnalynyň sahypasynda çap edildi
Täze doglan çagalarda diabetiň täze görnüşi anyklandy
20.10.2025 11:16
3.1k+

Täze doglan çagalarda diabetiň täze görnüşi anyklandy

Alymlar täze doglan çagalarda diabetiň öň mälim bolmadyk görnüşini ýüze çykardylar. Ol TMEM167A atly geniň mutasiýasy bilen baglydyr. Journal of Clinical Investigation (JCI) žurnalynyň habaryna görä, bu mutasiýa insulin öndürýän aşgazanasty mäziniň β- öýjükleriniň işini bozýar we olaryň heläk bolmagyna getirýär
AstraZeneca-nyň taýýarlan täze derman serişdesi durnukly gipertoniýaly näsaglarda gan basyşy peseltdi
12.10.2025 22:39
2.3k+

AstraZeneca-nyň taýýarlan täze derman serişdesi durnukly gipertoniýaly näsaglarda gan basyşy peseltdi

AstraZeneca farmasewtika kompaniýasy täze taýýarlan baxdrostat atly eksperimental serişdesiniň soňky kliniki synaglardan üstünlikli geçendigini we bejermesi kyn gipertoniýaly näsaglarda gan basyşy peseltmäge kömek edendigini mälim etdi
Aşgabatda, Tejende we Daşoguzda täze saglygy goraýyş desgalarynyň düýbi tutuldy
11.10.2025 18:25
13k+

Aşgabatda, Tejende we Daşoguzda täze saglygy goraýyş desgalarynyň düýbi tutuldy

Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek döwrebap lukmançylyk desgalarynyň düýbüni tutmak dabaralary boldy. Aşgabadyň günorta künjeginde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi
Mary etrabynyň Täze güýç geňeşliginde 300 orunlyk Mary welaýat inçekesel hassahanasy açyldy
11.10.2025 18:16
10k+

Mary etrabynyň Täze güýç geňeşliginde 300 orunlyk Mary welaýat inçekesel hassahanasy açyldy

10-njy oktýabrda Mary etrabynyň Täze güýç geňeşliginiň çäginde 300 orunlyk Mary welaýat inçekesel hassahanasy açylyp ulanmaga berildi. Dabara Mejlisiň deputatlary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, saglygy goraýyş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, welaýat, şäher we etrap halk maslahatlarynyň agzalary, hormatly ýaşulular, talyplar gatnaşdylar
Türkmenistanda saglygy goraýyş işgärleri döwlet sylaglary bilen sylaglanyldy
11.10.2025 18:13
5.6k+

Türkmenistanda saglygy goraýyş işgärleri döwlet sylaglary bilen sylaglanyldy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlary Türkmenistanyň
Türkmenistanyň Prezidenti saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça sergä gatnaşyjylary gutlady
10.10.2025 12:22
5.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça sergä gatnaşyjylary gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilýän «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylary gutlady
Aşgabatda saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň halkara sergisi açyldy
10.10.2025 11:56
2.4k+

Aşgabatda saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň halkara sergisi açyldy

10-njy oktýabrda Aşgabatda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi hem-de ylmy maslahat öz işine başlady
Serdar Berdimuhamedow saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerini hünär baýramy bilen gutlady
10.10.2025 11:08
5.2k+

Serdar Berdimuhamedow saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerini hünär baýramy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerini hünär baýramy bilen gutlady. "Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny yzygiderli ösdürmek biziň baş maksatlarymyzyň biridir" diýip, döwlet Baştutany belleýär
Daşoguz we Tejen şäherlerinde täze saglygy goraýyş desgalary gurlar
09.10.2025 11:12
7.6k+

Daşoguz we Tejen şäherlerinde täze saglygy goraýyş desgalary gurlar

“Şadyýan gurluşyk” hojalyk jemgyýeti Tejen şäherinde 300 orunlyk etrabara köpugurly hassahanany we Daşoguz şäherinde 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezini gurar. Saglygy goraýyş we derman senagaty
“Gap Inşaat” kompaniýasy Aşgabatda 500 orunlyk köpugurly hassahana gurar
09.10.2025 10:28
8.8k+

“Gap Inşaat” kompaniýasy Aşgabatda 500 orunlyk köpugurly hassahana gurar

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Aşgabat şäherinde 500 orunlyk köpugurly hassahanany gurmak barada “Gap Inşaat Ýatyrym we Dyş Tijaret A.Ş.” türk kompaniýasy bilen şertnama baglaşar. Munuň üçin ygtyýar berýän resminama Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi
Nemes professorlary Türkmenistanyň lukmançylyk merkezlerine baryp, olaryň işine baha berdiler
07.10.2025 06:30
8.2k+

Nemes professorlary Türkmenistanyň lukmançylyk merkezlerine baryp, olaryň işine baha berdiler

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň professor-lukmanlary Türkmenistana iş saparynyň çäklerinde ýerli hünärmenler bilen öz tejribelerini paýlaşýarlar. Olar paýtagtymyzdaky we Arkadag şäherindäki saglyk merkezlerinde bolup, bilelikde näsaglaryň saglygyny bejermek işlerine gatnaşýarlar
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.