Türkmen türgenleri Wýetnamda Aziýanyň çempionatynda dört medal gaznadylar
22.06.2025 17:38
6.5k+

Türkmen türgenleri Wýetnamda Aziýanyň çempionatynda dört medal gaznadylar

pälwanlary Wýetnamyň Wungtau şäherinde geçirilýän ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionatynda (23 ýaşa çenli) dört medal gazandy. Türkmen türgenleri erkin göreş boýunça bir kümüş we iki bürünç medal eýelemegi başardylar
Türkmenistan Ýakyn Gündogardaky ýagdaýy diplomatik ýollar arkaly çözmäge gatnaşmaga taýýardygyny beýan etdi
22.06.2025 17:22
11k+

Türkmenistan Ýakyn Gündogardaky ýagdaýy diplomatik ýollar arkaly çözmäge gatnaşmaga taýýardygyny beýan etdi

22-nji iýunda amerikan tarapynyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň birinji orunbasary Kristofer Landaunyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
Ueddell düwlenleriniň populýasiýasy deňiz buzunyň eremegi sebäpli iki esseden gowrak azaldy
22.06.2025 11:53
11k+

Ueddell düwlenleriniň populýasiýasy deňiz buzunyň eremegi sebäpli iki esseden gowrak azaldy

Antarktikadaky Ueddell düwlenleriniň populýasiýasy 1977-nji ýyldan bäri 54% azaldy. Bu barada Global Change Biology žurnalyndaky gözlege salgylanyp, The Guardian habar berýär. Gözegçilik 1970-nji ýyllardan bäri subantarktika sebitinde, aýratynam, Signýu adasynda deňiz süýdemdirijileriniň sanyny öwrenýän Britaniýanyň antarktika gullugynyň (BAS) hünärmenleri tarapyndan geçirildi
Honor iň inçe we ýeňil eplenýän smartfony bilen Samsung-dan öňe geçer
22.06.2025 11:50
4.7k+

Honor iň inçe we ýeňil eplenýän smartfony bilen Samsung-dan öňe geçer

Honor kompaniýasy Galaxy Z Fold 7 çykmazdan öň Magic V5 modelini hödürlemek bilen eplenýän smartfonlaryň bazarynda Samsung-y gysyp çykarmak isleýär. Hytaý kompaniýasy smartfonyň suraty bilen tizer hödürläp, onuň tanyşdyryljak senesiniň 2-nji iýulda boljakdygyny yglan etdi
Hytaýda seýilgähdäki abatlaýyş işleri wagtynda hazynadan doly gadymy aramgähler tapyldy
22.06.2025 11:49
7.7k+

Hytaýda seýilgähdäki abatlaýyş işleri wagtynda hazynadan doly gadymy aramgähler tapyldy

Žiçžao şäher okrugynda (Şandun welaýaty, Hytaý) seýilgähdäki abatlaýyş işleri wagtynda arheologlar üç gadymy aramgähiň üstünden bardy. Bu barada Hytaýyň jemgyýetçilik ylymlary akademiýasynyň Arheologiýa institutyna salgylanyp, Independent habar berýär
Britni Spirsiň, Beýonseniň we Teýlor Swiftiň medeniýete ýetirýän täsiri barada kitap çykdy
22.06.2025 11:45
5.5k+

Britni Spirsiň, Beýonseniň we Teýlor Swiftiň medeniýete ýetirýän täsiri barada kitap çykdy

Amerikaly žurnalist Nora Prinsiotti Hit Girls kitabyny çykardy, onda Britni Spirsiň, Beýonseniň we Teýlor Swiftiň wakalarynyň üsti bilen 2000-nji ýyllar barada gürrüň berilýär. Awtor öz eserinde bu artistleriň aýdym-saz pudagynda we jemgyýetde pop-ýyldyzlaryň roluny nähili üýtgedendigini öwrenýär
BTS-iň agzalary harby gullugy tamamlap, 2026-njy ýylyň martyna çenli sahna gaýdyp geler
22.06.2025 11:42
7.5k+

BTS-iň agzalary harby gullugy tamamlap, 2026-njy ýylyň martyna çenli sahna gaýdyp geler

Belli k-pop topary BTS 2026-njy ýylyň martynda doly düzüm bilen sahna gaýdyp gelmegi meýilleşdirýär diýip, The Korea Herald habar berýär. Bu toparyň ýedi agzasynyň ählisi hökmany 18 aýlyk harby gullugyny tamamlandan soň mümkin bolar
Koenigsegg agramy bary-ýogy 39 kg bolan, 800 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini döretdi
22.06.2025 11:39
5.2k+

Koenigsegg agramy bary-ýogy 39 kg bolan, 800 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini döretdi

Şwesiýanyň Koenigsegg kompaniýasy Dark Matter ady bilen täze elektrik hereketlendirijisini hödürledi. Ol dört orunly Gemera gibrid giperkarynyň öňdäki okuna oturtmak üçin niýetlenýär. Hereketlendirijiniň kuwwaty 800 at güýjüne, aýlama güýji 1250 Nm barabar
Samsung smartfonlarynda täze funksiýa ilkinji sarsgynlardan öň ýertitremeler barada duýdurar
22.06.2025 11:38
3.5k+

Samsung smartfonlarynda täze funksiýa ilkinji sarsgynlardan öň ýertitremeler barada duýdurar

Samsung kompaniýasy Google-dan tapawutlylykda has köp mümkinçilikleri hödürleýän ýertitremeler barada hususy duýduryş ulgamyny işläp taýýarlaýar. One UI 8-iň beta-wersiýasynda seýsmiki hadysalar barada duýduryş funksiýasy ýüze çykaryldy
Falcon 9 bir ýylda orbita global peýdaly ýüküň 85%-ini çykardy
22.06.2025 11:36
2.4k+

Falcon 9 bir ýylda orbita global peýdaly ýüküň 85%-ini çykardy

SpaceX kosmos uçuşlary boýunça öňdebaryjylygyny saklamagy dowam etdirýär. Internet torunda hödürlenen infografika Falcon 9 raketasynyň orbita çykarylan peýdaly ýükleriň göwrümi boýunça beýleki – döwlet we hususy raketa göterijilerinden näderejede öňe geçýändigini görkezdi
Labubu öndürijisi hytaý gazetindäki ýiti tankyt sebäpli $4 mlrd ýitirdi
22.06.2025 11:33
4.9k+

Labubu öndürijisi hytaý gazetindäki ýiti tankyt sebäpli $4 mlrd ýitirdi

Meşhur Labubu oýnawaçlaryny çykarýan Pop Mart kompaniýasynyň eýesi “Ženmin žibao” gazetindäki ýiti tankytdan soň tas 4 mlrd dollar ýitirdi. Kompaniýanyň paýnamalary Gonkong biržasynda birden arzanlady diýip, South China Morning Post habar berýär
Samsung-yň ilkinji XR giňeldilen hakykat garniturasy oktýabr aýynda satuwa çykarylar
22.06.2025 11:29
2.1k+

Samsung-yň ilkinji XR giňeldilen hakykat garniturasy oktýabr aýynda satuwa çykarylar

Samsung-yň giňeldilen hakykat (eXtended Reality, XR) garniturasynyň tanyşdyrylyşy 29-njy sentýabrda Günorta Koreýada Unpacked çäresinde bolar. Garnitura 13-nji oktýabrda satuwa çykarylar. Az soňra bolsa dünýä bazaryna çykar, diýip, GSMArena neşiri habar berýär
Parižiň golaýyndaky orta asyra degişli gala 1,59 million ýewro satylýar
21.06.2025 18:23
12k+

Parižiň golaýyndaky orta asyra degişli gala 1,59 million ýewro satylýar

Fransiýada XIII asyrda gurlan Fief des Époisses galasy satuwa çykaryldy. Gala üçin 1 590 000 ýewro soralýar diýip, Medievalists.net habar berýär. Gala Parižiň 60 km günorta-gündogarynda, Il-de-Fransiýa sebitiniň Sena we Marna departamentiniň Bombon kommunasynda ýerleşýär
NTW we “Soýuzmultfilm” "Dur bakaly!" multfilmini doly metražly kinofilme öwrer
21.06.2025 18:20
6.4k+

NTW we “Soýuzmultfilm” "Dur bakaly!" multfilmini doly metražly kinofilme öwrer

“Dur bakaly!” atly meşhur sowet multserialynyň esasynda doly metražly çeper film dörediler diýip, TASS habar berýär. Filmiň üstünde işlemek baradaky hyzmatdaşlyk şertnamasy Peterburg halkara ykdysady forumynyň çäklerinde (PIEF-2025) "NTW" teleýaýlymynyň baş prodýuseri Timur Waýnşteýn bilen "Soýuzmultfilm" direktorlar geňeşiniň başlygy Ýuliana Slaşşewanyň arasynda baglaşyldy
Samsung Galaxy Watch-iň käbir funksiýalaryny tölegli eder
21.06.2025 18:19
3.2k+

Samsung Galaxy Watch-iň käbir funksiýalaryny tölegli eder

Samsung Health ekoulgamynyň käbir aýratynlyklaryny, şol sanda Galaxy Watch akylly sagatlarynda ornaşdyrylan mümkinçilikleri monetizasiýa etmek meýilnamasyny tassyklady. Bu barada Samsung Electronics-iň “sanly saglyk” bölüminiň başlygy doktor Hon Pak CNet-e beren interwýusynda mälim etdi
Türkmenistan Eýrandan çykýan raýatlaryň geçmegi üçin barlag-goýberiş nokatlaryny gije-gündiz işledýär
21.06.2025 18:09
26k+

Türkmenistan Eýrandan çykýan raýatlaryň geçmegi üçin barlag-goýberiş nokatlaryny gije-gündiz işledýär

50-ä golaý döwletler Eýrandan çykýan raýatlarynyň geçmegi üçin ýardam bermek haýyşy bilen Türkmenistana ýüz tutdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň barlag-goýberiş nokatlary Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Russiýanyň
DNK-ny dikeldýän we beýniniň garramagyny haýalladýan belok açyldy
21.06.2025 17:25
5.1k+

DNK-ny dikeldýän we beýniniň garramagyny haýalladýan belok açyldy

Makkuori uniwersitetiniň barlagçylary PDI belogynyň beýni öýjükleriniň ýadrolaryna aralaşyp, zeper ýeten DNK-ny bejerip biljekdigini ýüze çykardylar. Bu açyş Alsgeýmer we Parkinson ýaly newrodegeneratiw kesellere garşy göreşde kömek edip biler
Hytaýyň magnitli otlusynyň nusgasy täze tizlik rekordyny goýdy
21.06.2025 17:21
9k+

Hytaýyň magnitli otlusynyň nusgasy täze tizlik rekordyny goýdy

Hytaý magnit lewitasiýaly otlynyň (maglew) prototipiniň tizligini bary-ýogy ýedi sekuntda sagatda 650 kilometre ýetirdi. Bu üstünlik Hubeý prowinsiýasynda gurlan täze 1000 metrlik ýokary tizlikli synag ýolunda gazanyldy diýip, «CGTN» habar berýär
YouTube-daky gysga wideolar bir günde 200 milliarddan gowrak gezek görülýär
21.06.2025 17:18
3.6k+

YouTube-daky gysga wideolar bir günde 200 milliarddan gowrak gezek görülýär

YouTube-yň baş direktory Nil Mohanyň sözlerine görä, YouTube Shorts-da gysga wideolaryň ortaça günlük görülme sany 200 milliarddan geçdi. Ol bu barada «2025 Cannes Lions International Festival of Creativity» festiwalyndaky çykyşynda aýtdy diýip, «TheWrap» habar berýär
Midjourney emeli aň guraly wideo döretmäge niýetlenen ilkinji modelini hödürledi
21.06.2025 17:17
1.9k+

Midjourney emeli aň guraly wideo döretmäge niýetlenen ilkinji modelini hödürledi

Emeli aň tehnologiýalary boýunça öňdebaryjy kompaniýalaryň biri bolan Midjourney wideo döretmek üçin ilkinji V1 modeliniň işe girizilendigini habar berdi. V1 modeli ulanyjy tarapyndan döredilen ýa-da ýüklenen islendik suraty gysga wideorolige öwürmäge ukyplydyr
Kia 2026-njy ýylyň täzelenen K5 we K8 sedanlaryny tanyşdyrdy
21.06.2025 17:12
5.5k+

Kia 2026-njy ýylyň täzelenen K5 we K8 sedanlaryny tanyşdyrdy

Kia kompaniýasy flagman sedanlarynyň – 2026-njy ýylyň K5 we K8 modelleriniň täzelenen görnüşlerini hödürledi. Awtoulaglaryň ikisi hem täze «Best Selection» atly toplum bilen çykýar. Täze görnüş giňeldilen enjamlary bilen tapawutlanýar
Režissýor Dewid Linçiň şahsy goşlary auksionda 4,25 mln dollara satyldy
21.06.2025 16:43
2.6k+

Režissýor Dewid Linçiň şahsy goşlary auksionda 4,25 mln dollara satyldy

Bewerli-Hillzde auksion geçirilip, onda 16-njy ýanwarda 78 ýaşynda aradan çykan režissýor Dewid Linçiň şahsy goşlary satyldy. Auksion Peninsula Beverly Hills myhmanhanasynda Julien’s Auctions auksion öýi tarapyndan Turner Classic Movies bilen bilelikde geçirildi
Smartfonlar, sagatlar we ýüzükler NFC-iň kömegi bilen töleg terminallarynyň ornuny tutup bilerler
21.06.2025 16:37
2.3k+

Smartfonlar, sagatlar we ýüzükler NFC-iň kömegi bilen töleg terminallarynyň ornuny tutup bilerler

NFC spesifikasiýasynyň täze wersiýasy - Release 15 çykdy. Ol Near Field Communication tehnologiýasynyň diapazonynyň 5 mm-den 2 sm-e çenli dört esse artmagyny üpjün edýär. Bu, esasanam, akylly sagatlar we ýüzükler bolan ýagdaýynda enjamlaryň arasynda has çalt, durnukly birikmäge mümkinçilik berer
“Liwerpul” “Baýerden” Florian Wirsi satyn aldy: APL üçin rekord transfer
21.06.2025 12:22
8.8k+

“Liwerpul” “Baýerden” Florian Wirsi satyn aldy: APL üçin rekord transfer

20-nji iýunda “Liwerpul” Germaniýanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Florian Wirsi Lewerkuzeniň “Baýerinden” satyn aldy. Transfermarkt portalynyň maglumatlaryna görä, transfer iňlis klubuna 125 mln ýewro düşdi, bu hem Premýer-liganyň taryhynda satyn alnan iň gymmat futbolçy boldy
Blumhouse kompaniýasy “Byçgy” horror-franşizasy üçin hukuklary satyn aldy
21.06.2025 12:16
4.8k+

Blumhouse kompaniýasy “Byçgy” horror-franşizasy üçin hukuklary satyn aldy

Meşhur “Astral” (Астрал) we “Freddi bilen bäş gije” (Пять ночей с Фредди) horror filmlerini döreden Blumhouse kompaniýasy “Byçgy” (Пила) franşizasynyň ähli geljekki filmleri, şüweleňleri we beýleki taslamalary üçin hukuklary satyn aldy
APL “Mançester Sitä” yzygiderli gijä galmalary üçin uly möçberde jerime saldy
21.06.2025 12:08
10k+

APL “Mançester Sitä” yzygiderli gijä galmalary üçin uly möçberde jerime saldy

Angliýanyň Premýer-ligasy ýaryşyň oýunlary başlamak we dikeltmek bilen bagly düzgünlerini yzygiderli bozandygy üçin “Mançester Siti” klubuna jerime salynýandygyny habar berdi. APL-iň resmi saýtyndaky beýana görä, geçen möwsümde Hosep Gwardiolanyň topary meýdança dokuz gezek gijä galyp çykdy
Dünýäde kaşaň harytlaryň satuwy soňky 15 ýylda ilkinji gezek peseldi
21.06.2025 12:04
5.3k+

Dünýäde kaşaň harytlaryň satuwy soňky 15 ýylda ilkinji gezek peseldi

Kaşaň harytlaryň dünýä bazary, pandemiýa döwrüni hasaba almazdan, soňky 15 ýylda ilkinji gezek pese gaçyşy görkezdi. Bu barada Bain & Company we Altagamma tarapyndan taýýarlanan Spring 2025 Luxury Goods Worldwide Market gözlegine salgylanyp, WWD habar berýär
Ispaniýanyň patyşasy Rafael Nadala markiz titulyny berdi
21.06.2025 11:58
5k+

Ispaniýanyň patyşasy Rafael Nadala markiz titulyny berdi

Ispaniýanyň patyşasy Filipp VI “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň 22 gezek çempiony, tennisçi Rafael Nadala markiz dworýan titulyny berdi. Bu monarhyň tagta çykmagynyň 10 ýyllygy mynasybetli geçirilen çärede bolup geçdi
Starlink 2025-nji ýylda Gazagystanyň ähli ýerinde işläp başlar
21.06.2025 11:54
5.7k+

Starlink 2025-nji ýylda Gazagystanyň ähli ýerinde işläp başlar

Starlink hemra interneti 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginde Gazagystanyň ähli ýerinde işläp başlar. Bu barada Respublikanyň sanly ösüş ministri Žaslan Madiýew habar berdi. Hyzmat ähli ulanyjylar üçin elýeterli bolar, ýöne optiki-süýümli aragatnaşygyň bolmadyk uzakdaky ilat nokatlarynyň ýaşaýjylary ilkinjileriň hatarynda göz öňünde tutular
Mesge ýagy we tozan-gülgüne – Vogue şu tomsuň iň moda öwüşginlerini aýtdy
21.06.2025 11:50
6k+

Mesge ýagy we tozan-gülgüne – Vogue şu tomsuň iň moda öwüşginlerini aýtdy

Vogue žurnalynyň hünärmenleri tomus möwsüminiň iň esasy trend reňklerini saýlady. Iň moda öwüşginleriniň sanawyna abraýly brendleriň kolleksiýalarynda eýýäm hödürlenen birnäçe reňkler girdi. Möwsümiň iň esasy reňki ýumşak “mesge ýagy” boldy
Bred Pitt “Formula-1” baradaky filme taýýarlygyň barşynda 9 müň km-den gowrak ýol geçdi
21.06.2025 11:43
4.1k+

Bred Pitt “Formula-1” baradaky filme taýýarlygyň barşynda 9 müň km-den gowrak ýol geçdi

61 ýaşly golliwudly aktýor Bred Pitt “Formula-1” filminiň düşürilmegine taýýarlyk wagty ýaryş awtomobillerinde 6 müň milden gowrak (9656 kilometr) ýol geçdi. Bu barada Variety neşiri habar berýär. “Umumy alanyňda, biz iki ýyl ruluň başynda bolduk” – diýip, Pitt aýtdy we şeýle netijä buýsanýandygyny belledi
Beýik Britaniýadaky bir obany tawus guşlary eýeledi
21.06.2025 11:41
11k+

Beýik Britaniýadaky bir obany tawus guşlary eýeledi

Beýik Britaniýadaky Hibaldstou obasyny tawus guşlary eýeledi. Guşlar awtomobillere hüjüm edip, özleriniň aýnadaky keşplerine haýbat atýar. Olar baglyklara we mazarlara zeper ýetirýär, şeýle-de ýiti sesleri bilen ýerli ýaşaýjylary biynjalyk edýär diýip, The Telegraph habar berýär
Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda saglygy goraýyş desgalarynyň gurluşyklary bilen tanyşdy
21.06.2025 11:23
11k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda saglygy goraýyş desgalarynyň gurluşyklary bilen tanyşdy

20-nji iýunda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat boýunça iş saparyny amala aşyryp, gurluşygy alnyp barylýan saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalaryň şekil taslamalary we olaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy
Serdar Berdimuhamedow Oleg Kononenkony doglan güni bilen gutlady
21.06.2025 11:02
6.5k+

Serdar Berdimuhamedow Oleg Kononenkony doglan güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, tälimçi-kosmonawt-synagçy, Kosmonawtlary taýýarlamak merkeziniň başlygynyň orunbasary — “Ý.A.Gagarin adyndaky Kosmonawtlary taýýarlamak boýunça ylmy-barlag synag merkezi” federal döwlet býujet edarasynyň kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi
Abdulla Babaýew Fight Nights-yň ýaryşynda garşydaşyny demikdiriji usul bilen ýeňdi
21.06.2025 02:42
23k+

Abdulla Babaýew Fight Nights-yň ýaryşynda garşydaşyny demikdiriji usul bilen ýeňdi

Garyşyk söweş sungatynyň türkmenistanly wekili Abdulla Babaýew halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyşlaryny dowam edýär. Bu gezek ol Ulýanowskide (Russiýa) geçirilen Fight Nights ýaryşynda russiýaly garşydaşy Habib Guseýnowdan üstün çykdy
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
21.06.2025 02:14
18k+

Türkmenistanyň raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň milli raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasynyň taslamasy işlenilip taýýarlanyldy. Bu resminamada raýat awiasiýasy çygrynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasatynyň esasy ugurlary hem-de ýerine ýetirilmeli wezipeler kesgitlenilýär
Türkmenistan MAGATE bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça çäreleri geçirmegi meýilleşdirýär
21.06.2025 02:08
2.8k+

Türkmenistan MAGATE bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça çäreleri geçirmegi meýilleşdirýär

Türkmenistan Atom energiýasy boýunça halkara agentligi (MAGATE) bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça degişli işleri alyp barýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R
2025-nji ýylyň iýul aýynda Türkmenistanda geçiriljek çäreleriň tertibi aýdyldy
21.06.2025 00:32
7.2k+

2025-nji ýylyň iýul aýynda Türkmenistanda geçiriljek çäreleriň tertibi aýdyldy

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Seýidowa 2025-nji ýylyň iýul aýynda geçiriljek esasy çäreleriň tertibi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, geljek aýyň dowamynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, şeýle hem wagyz-nesihat çärelerini, aýdym-sazly dabaralary we sport ýaryşlaryny geçirmek göz öňünde tutulýar
Mary welaýatynda ammiak öndürýän zawody gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan ediler
21.06.2025 00:23
7.9k+

Mary welaýatynda ammiak öndürýän zawody gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan ediler

Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatynyň Mary etrabynyň çäginde ammiak hem-de ammiak selitrasyny öndürýän zawody gurmak boýunça halkara bäsleşigini yglan etmek baradaky teklibi makullady. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B
Türkmenistanda 2026-njy ýylyň hasyly üçin bugdaýyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görülýär
21.06.2025 00:01
6.5k+

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň hasyly üçin bugdaýyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görülýär

Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanda 2026-njy ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakynda» Karara gol çekdi. 20-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer T.Atahallyýew 2026-njy ýylyň hasyly üçin bugdaýyň düýbüni tutmak boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada habar berdi
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.