Saýlanan şäher
28 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
03.06.2025 20:57
7.1k+
Ilon Mask Mars we Aý missiýalary boýunça SpaceX-iň täzelenen meýilnamalaryny mälim etdi
Ilon Mask Starship raketalarynyň täzelenen tehniki häsiýetnamalary barada aýdyp, Mars boýunça ilkinji missiýalaryň wagty we maksady barada anyk maglumat berdi. SpaceX kompaniýasynyň ýolbaşçysy ýylyň ahyrynda synagdan geçirilmeli Starship kosmos gämisiniň ikinji wersiýasyny görkezdi
03.06.2025 20:54
4.5k+
Hindi başlangyjy iti “bagt boýunça işgär” hökmünde işe aldy
Haýdarabatda ýerleşýän Harvesting Robotics başlangyjy altynsow retriwer itini “bagt işgäri” hökmünde hakyna tutdy. Bu barada The Indian Express habar berýär. Kompaniýa Denwer atly itiň toparda dostlukly we oňyn atmosfera döretmäge kömek etjekdigini aýtdy
03.06.2025 20:52
4.6k+
Raibo atly koreýaly robot it diwaryň ýüzünden ylgamagy we parkury özleşdirdi
Günorta Koreýanyň Robototehnika we emeli aň barlaghanasynda işlenip taýýarlanan dört aýakly robot Raibo parkury özleşdirdi. Ol dik diwaryň ýüzünden ylgap, 1,5 metre çenli beýiklikdäki päsgelçiliklerden böküp we daşlyk ýerlerde hereket edip bilýär diýip, Science Robotics žurnalynda aýdylýar
03.06.2025 17:14
3.9k+
Dior täze döredijilik müdirini saýlady
Asly Demirgazyk Irlandiýadan bolan Jonatan Anderson Fransiýanyň Dior moda öýüniň täze döredijilik müdiri boldy. Bu barada Financial Times habar berýär. Maglumaty brendiň özi hem sosial ulgamlarda tassyklady. Anderson 40 ýaşynda
03.06.2025 17:13
7.8k+
Müsüriň çölünde Jirian ady bilen täze şäher gurlar
Müsüriň häkimiýeti Jirian ady bilen täze şäheriň gurluşygynyň başlanandygyny mälim etdi diýip, Reuters agentligi habar berýär. Şäher çölde, Kairden 42 km günbatarda, 6,8 mln inedördül metr meýdanda ýerleşer. Jirian meýdany 2,28 mln akr bolan has uly “Täze delta” oba hojalyk taslamasynyň bir bölegi bolar
03.06.2025 17:10
4k+
Hanym Týusso muzeýinde Şekspiriň ýanynda büzmeçli hamyr peýda boldy
Londonyň Hanym Týusso muzeýinde büzmeçli hamyryň heýkeli peýda boldy. Bu barada muzeýiň resmi saýtynda habar berilýär. Bu adaty bolmadyk eksponat 5-nji iýunda Beýik Britaniýada bellenilýän Milli büzmeç gününe bagyşlandy
03.06.2025 17:08
3.2k+
Ben Afflek bilen Mett Deýmonyň onunjy bilelikdäki filmi 2026-njy ýylda çykar
Netflix akym hyzmaty Ben Afflek bilen Mett Deýmonyň gatnaşmagynda “RIP” jenaýat trilleriniň çykjak senesini yglan etdi. Onuň premýerasy 2026-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda bolar diýip, Deadline habar berýär. Filmiň sýužeti ogry-jümrüleriň mesgeninde millionlarça dollar tapýan Maýamiden polisiýa işgärleriniň topary barada gürrüň berýär
03.06.2025 17:06
3k+
Kakao, platina we apelsin şiresi... Maý aýynda haýsy harytlar has gymmatlady
Maý aýynda kakao noýbasy we platina birža harytlarynyň arasynda bahanyň ösüşi boýunça öňdebaryjylar boldy. Bu ICE Futures, CME Group biržalarynyň we Şanhaýyň metal biržasynyň maglumatlaryndan gelip çykýar diýip, RIA Nowosti habar berýär
03.06.2025 17:00
5.9k+
Gwatemalada ýaşy tas 3 müň ýyl bolan gadymy maýýa şäheriniň harabalygy tapyldy
Arheologlar Gwatemalada ýaşy tas üç müň ýyl bolan gadymy maýýa şäheri Los-Abuelosyň harabalygyny tapdy. Bu barada ýurduň Medeniýet ministrligine salgylanyp, The Guardian habar berýär. Şäher ýurduň demirgazygyndaky El-Peten departamentinde, meşhur binagärlik toplumy Uahaktundan 21 km uzaklykda ýerleşýär
03.06.2025 14:56
110k+
“Daluw” HK öýler we edaralar üçin ýyladyş ulgamlaryny gurnap bermeklige arzanladyş yglan etdi
«Daluw» HK öýler we edaralar üçin amatly hem ygtybarly çözgüdini hödürleýär. Kompaniýa tomus paslynyň ahyryna çenli ýyladyş ulgamyny gurnap bermek boýunça arzanladyş aksiýasyny yglan etdi. Aksiýadaky toplumyň bahasy — 25 000 manat
03.06.2025 13:46
2.3k+
Ýetip gelýän Apple WWDC 2025 konferensiýasynda uly tanyşdyryşlar bolmaz
Apple kompaniýasynyň «WWDC 2025» işläp düzüjiler konferensiýasy 9-13-nji iýun aralygynda ýönekeý formatda, uly anonslar bolmazdan geçiriler. Bu barada «Bloomberg» agentliginiň žurnalisti Mark Gurman ýazýar. Onuň maglumatlaryna görä, kompaniýa «Apple Intelligence» we emeli aň tehnologiýalaryna aýratyn üns bermez
03.06.2025 13:33
13k+
Türkiýäniň Marmaris sebitinde 5,8 bal ululykda ýertitreme bolup geçdi
3-nji iýuna geçilen gije Türkiýäniň Ortaýer deňzi kenarynda 5,8 bal ululykda ýertitreme bolup geçdi. Ýerasty sarsgynlar ýerli wagt bilen 02:17-de hasaba alyndy. Associated Press ýertitremäniň merkeziniň Marmaris şypahana sebitiniň golaýynda bolandygyny habar berdi
03.06.2025 13:29
9.4k+
Ýaponiýada iş ýerlerindäki yssy howa şertleri sebäpli, kompaniýalara jerime salnar
Ýaponiýada 1-nji iýundan başlap, iş berijileri aşa yssy howa şertlerinde işgärleriniň howpsuzlygyny üpjün etmäge borçly edýän täze düzgünler güýje girdi. Bu barada «Bloomberg» agentligi habar berýär. Täze düzgünlere görä, talaplary ýerine ýetirmeýän kompaniýalara 500 müň ýena (takmynan, 3475 dollara) çenli jerime salnar
03.06.2025 12:31
12k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentini halkara baýram bilen gutlady
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan halkara baýram — Bütindünýä welosiped güni mynasybetli gutlady. Metbugatda çap edilen
03.06.2025 12:17
3.5k+
Ulan-Batorda Türkmen-mongol işewürler forumy geçirildi
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Mongoliýa döwlet saparynyň çäklerinde 2-nji iýunda Türkmen-mongol işewürler forumy geçirildi. Mongoliýanyň Milli Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda geçirilen duşuşykda
03.06.2025 12:06
4.7k+
Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Bütindünýä welosiped güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Bütindünýä welosiped güni bilen gutlady. "Bütindünýä welosiped güni dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini alamatlandyrýan şanly sene hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun eýeleýär
03.06.2025 11:20
6.9k+
Türkmenistan we Mongoliýa 14 sany ikitaraplaýyn resminamalara gol çekdi
2-nji iýunda Ulan-Batorda geçirilen döwlet Baştutanlary Serdar Berdimuhamedowyň we Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi. TDH-nyň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler
03.06.2025 11:09
7.7k+
Mongoliýada Serdar Berdimuhamedowyň we Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi
2-nji iýunda Ulan-Batorda Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde iki dostlukly ýurduň döwlet Baştutanlary Serdar Berdimuhamedowyň we Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda gepleşikler geçirildi
03.06.2025 10:52
4k+
Ýaponlar sekuntda 1,02 petabit maglumat iberdi: bu 4K-da 10 000 film ýaly
Ýaponiýaly gözlegçiler maglumat ibermekde täze dünýä rekordyny goýdy – sekuntda 1,02 petabit. Muny häzirki internet ulgamlaryndaky ýaly bary-ýogy 0,125 mm ýogynlykdaky optiki-süýümli kabeliň kömegi bilen gazanmak başartdy
02.06.2025 17:48
4.3k+
Mask Telegram-yň bäsdeşini – XChat messenjerini hödürledi
Ilon Mask täze nesil XChat messenjeriniň işe girizilendigini habar berdi. Programma Telegram we WhatsApp ýaly meşhur platformalaryň ornuny tutup biljek messenjer hökmünde görkezilýär. Täze messenjeriň beta-wersiýasy eýýäm tölegli ýazylyşyk bilen X sosial ulgamynyň käbir ulanyjylary üçin elýeterli boldy
02.06.2025 17:35
6.4k+
Ýatlamalara täsir eden ýatlamalar: Bill Geýts tomus üçin kitaplaryň sanawyny paýlaşdy
Bill Geýts tomusda okamak üçin kitaplaryň sanawyny hödürledi. Şu ýyl ol öz awtobiografiýasyny ýazmakda ugur alan ýatlamalaryny maslahat berýär. Her bir wakanyň merkezinde – öňdebaryjylyk, adamkärçilik we kynçylyklary ýeňip geçmek temalary bar
02.06.2025 17:30
6.1k+
“Kalmar oýnunyň” ahyrky möwsüminiň treýleri çykdy. Premýera – 27-nji iýunda
Tudum festiwalynyň çäklerinde “Kalmar oýnunyň” üçünji möwsüminiň treýleri görkezildi. Günorta koreý serialynyň global premýerasy 2025-nji ýylyň 27-nji iýunyna meýilleşdirilýär. Üçünji möwsümiň wakalary geçen ýylyň ahyrynda çykan ikinji möwsümiň gönüden-göni dowamy bolar
02.06.2025 17:26
3.4k+
Gilýermo del Toronyň “Frankenşteýn” filminiň ilkinji tizeri peýda boldy
Netflix akym hyzmaty režissýor Gilýermo del Toronyň “Frankenşteýn” filminiň ilkinji tizerini hödürledi. Film noýabr aýynda çykar. “Frankenşteýn” tejribeleriň üsti bilen ähli adamlar üçin howp salýan hakyky nägehany döredýän doktor Wiktor Frankenşteýn barada gürrüň berýär
02.06.2025 17:23
5.5k+
WhatsApp 1-nji iýundan köne iPhone we Android smartfonlarynda işlemegini bes etdi
1-nji iýundan WhatsApp messenjeri operasion ulgamlarynyň köne wersiýalary bolan smartfonlarda işlemegini bes etdi. Programma indi iOS 15.1-den we Android 5.0-dan pes wersiýaly smartfonlarda işlemez. Bu täzelenme bütin dünýäde millionlarça ulanyja täsir etdi
02.06.2025 17:16
6.8k+
Magnit tupany Ýerde 3-nji iýuna çenli saklanar
Ýerde 1-nji iýunda başlanan magnit tupany azyndan 3-nji iýuna çenli dowam eder. Bu barada Amaly geofizika institutynyň wekiline salgylanyp, TASS habar berýär. “Geomagnit tupanlary, esasan, G1-G2 derejesinde, ýöne koronal massanyň zyňyndylarynyň dowamly täsiri sebäpli käwagt G3-G4 derejesiniň bolmagyna garaşylýar
02.06.2025 15:08
7.1k+
Serdar Berdimuhamedow Mongoliýanyň Beýik döwlet huralynyň Başlygy Daşzegwiýn Amarbaýasgalan bilen duşuşdy
2-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow döwlet saparynyň çäklerinde Mongoliýanyň Beýik döwlet huralynyň Başlygy Daşzegwiýn Amarbaýasgalan bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär. Mongoliýanyň parlamentiniň ýolbaşçysy
02.06.2025 15:02
10k+
Serdar Berdimuhamedow Ulan-Batorda Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh bilen gepleşikleri geçirdi
Şu gün, 2-nji iýunda Mongoliýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Ulan-Batorda Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh bilen gepleşikleri geçirdi diýip, TDH habar berýär
02.06.2025 14:14
7.5k+
«28 ýyl soň» filmi bir wagtda 20 sany iPhone-da surata düşürildi
Britaniýaly režissýor Denni Boýl «28 ýyl soň» («28 Years Later») horror filmini surata düşürmek üçin düýpgöter täze usuldan peýdalanypdyr. Filmiň käbir esasy sahnalary dürli ýerlere ýerleşdirilen şol bir wagtda 20-ä çenli iPhone smartfonynyň kömegi bilen surata düşürilipdir
02.06.2025 14:05
1.4k+
SpaceX kompaniýasy 2025-nji ýylda öz uçuş rekordyny täzelär
ABŞ-nyň SpaceX kosmos kompaniýasy 2025-nji ýylda rekord mukdarda orbital uçuş ýerine ýetirmegi meýilleşdirýär. Bu barada ABŞ-nyň Kosmos güýçleriniň milli howpsuzlyk maksatlary («NSSL») üçin uçuşlar maksatnamasynda kompaniýanyň gatnaşygyny utgaşdyrýan SpaceX bölüminiň ýolbaşçysy Enn Meýson habar berdi
02.06.2025 14:02
5.7k+
Samsung smartfonlary öz güýji bilen çykarýan ýeke-täk öndüriji bolup galdy
Sony kompaniýasy özbaşdak smartfon önümçiliginden gutarnykly ýüz öwrüp, bu işi beýleki kompaniýalara tabşyrdy. Ozal ol arzan we orta modelleri autsorsinge beripdi, indi bolsa gymmat flagmanlar, mysal üçin, Sony Xperia I VII hem Sony-nyň zawodlarynda ýygnalmaz
02.06.2025 13:51
11k+
Tagtabitler şäherleriň peýda bolmagy bilen 8000 ýyl ozal ýaýrapdyr
Düşek tagtabitleri 100 million ýyl mundan ozal, adamlar peýda bolmanka ýüze çykypdyr. Olar dinozawrlary ýok eden betbagtçylykdan aman galypdyrlar we uzak wagtlap näbelli haýwanlaryň gany bilen iýmitlenipdirler
02.06.2025 13:46
3.7k+
"Men begenjimden aglaýan" diýýän Teýlor Swift ilkinji albomlaryna hukugy satyn aldy
Amerikaly aýdymçy Teýlor Swift özüniň ilkinji alty albomynyň master-ses ýazgylaryny (soň albomlaryň nusgalary alynýan asyl ses ýazgylary) satyn aldy. Ol muny resmi web sahypasyndaky hatynda mälim etdi. Aýdymçy "Munuň hakykata öwrülendigini bilenim bäri, wagtal-wagtal begenjimden aglaýardym
02.06.2025 13:42
5.5k+
Volkswagen-iň ulagdan hem has geçginli önümi bar - ol şöhlat
Volkswagen-iň iň geçginli önümi awtoulag däl-de, karriwurst, ýagny 1973-nji ýylda zawodyň işgärleri üçin iýmit hökmünde peýda bolan etden edilen şöhlatdyr. Häzirki wagtda bu ýörgünli önümdir: 2024-nji ýylda kompaniýa şeýle şöhladyň 8,6 millionyny, awtoulagyň bolsa 5,2 millionyny satdy
02.06.2025 13:37
3.7k+
Ýapon alymlary islendik adama dogry geljek emeli gany synagdan geçirýärler
Ýaponiýada emeli ganyň kliniki synaglaryna başlamaga taýynlanýarlar. Professor Hiromi Sakainiň ýolbaşçylygyndaky Nara lukmançylyk uniwersitetiniň hünärmenler toparynyň işläp taýýarlamasy, esasanam, adatdan daşary ýagdaýlarda we uzak sebitlerde donor ganynyň ýetmezçiliginiň meselesini çözüp biler
02.06.2025 13:34
5.5k+
Porsche gyssagly ýagdaýda we düşündiriş bermezden Beýik Britaniýada Taycan modelini satuwdan aýyrdy
Porsche Beýik Britaniýada 2019-2023-nji ýyllarda çykan Taycan-yň ähli ulanylan modelleriniň satuwyny togtatdy. Dilerler öndürijiniň ulagyň haýal etmän satuwdan aýrylmagy barada gyssagly buýruk berendigini aýtdy
02.06.2025 13:31
5.7k+
Iki sany derman serişdesi syçanlaryň ömrüni 30% uzaltdy. Indiki synag adamlarda
Maks Plank Jemgyýetiniň Garramagyň biologiýasy institutynda (Germaniýa) syçanlarda birnäçe synag geçirip gördüler. Barlagçylar rapamisin bilen trametinibiň birleşmeginiň haýwanlaryň ömrüni takmynan 30% uzaldýandygyny anykladylar
02.06.2025 13:29
4.9k+
95 ýaşly Klint Istwud täze filmiň üstünde işläp başlady
Oskar baýragynyň eýesi, amerikaly režissýor Klint Istwud täze filmiň üstünde işläp başlandygyny habar berdi. Bu barada Reuters habar berýär. Eastwood Awstriýanyň “Kurier” neşiriniň žurnalistlerine beren interwýusynda "Adamyň ýaşy ulaldygysaýyn öňküdenem gowy bolup bilmezligine sebäp ýok
02.06.2025 13:24
6k+
Fransuz dizaýneri dabanyň anatomiýasyndan ylham alan krossowkany çap etdi
Fransuz dizaýneri Mahdi Naim EXOSKYN krossowkasyny – KORUX brendiniň adam dabanynyň gurluşyndan ylham alyp döredilen ilkinji modelini hödürledi. Bu krossowkanyň esasy aýratynlygy onuň formasynyň aýagyň süňkleriniň gurluşyny gaýtalamagydyr
02.06.2025 13:20
6.6k+
Niderlandlarda Ýewropada iň uly ýüzýän şäherçe gurlar
Rotterdam şäheriniň (Niderlandlar) iň gadymy port desgalarynyň birinde Ýewropada iň uly ýüzýän ýaşaýyş sebiti Spoorweghaven peýda bolar. Taslama Daniýanyň MAST binagärlik studiýasy we BIK bouw gurluşyk kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlandy
02.06.2025 13:04
12k+
Jeki Çan haýsy kinolary has gowy görýändigini aýtdy
Meşhur gonkongly aktýor Jeki Çan özüniň gowy görýän filmleri barada aýtdy. Letterboxd neşiri bilen söhbetdeşlikde 71 ýaşly artist özünde uly täsir galdyran dört filmi agzap geçdi. Çan “Rokki” sport dramasynyň (Рокки
«
1
…
264
265
266
…
1118
»
«
1
…
261
262
263
264
265
266
267
268
269
…
1118
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.