BMW-niň ähli modelleri 3,5 ýylda Neue Klasse dizaýnyna geçer
30.05.2025 13:09
8.4k+

BMW-niň ähli modelleri 3,5 ýylda Neue Klasse dizaýnyna geçer

BMW kompaniýasy 5-nji seriýadan başlap, model hatarynyň uly täzelenmesi barada habar berdi. Üç ýarym ýylyň içinde markanyň ähli awtomobilleri, şol sanda benzin ulaglary Neue Klasse dizaýnyna we tehnologiýalaryna geçer
iPhone 16 2025-nji ýylyň I çärýeginde dünýäde iň köp satylan smartfon boldy
30.05.2025 13:07
3.7k+

iPhone 16 2025-nji ýylyň I çärýeginde dünýäde iň köp satylan smartfon boldy

iPhone 16 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde dünýäde iň köp satylan smartfon boldy. Bu barada Counterpoint Research habar berýär. Ýaponiýada we Afrika ýurtlarynda islegiň artmagy we Apple-iň üstünlikli baha strategiýasynyň netijesinde esasy iPhone modeli ikiýyllyk arakesmeden soň birinji orna gaýdyp geldi
Ýewropanyň iň gymmat futbol klublarynyň reýtingi düzüldi
30.05.2025 13:03
13k+

Ýewropanyň iň gymmat futbol klublarynyň reýtingi düzüldi

Football Benchmark Group agentligi Ýewropada bazar bahasy ýokary bolan klublaryň reýtingini düzdi. Sanawda öňdebaryjy Madridiň “Realy” boldy. Onuň bahasy 6,3 mlrd ýewro barabar. Bloomberg “patyşalyk klubunyň” girdejileriniň “Bernabeu” stadionynyň durkunyň täzelenmegi netijesinde ep-esli artandygyny belleýär
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça III maslahatyna taýýarlyk maslahatlaşyldy
30.05.2025 12:50
2.3k+

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça III maslahatyna taýýarlyk maslahatlaşyldy

28-nji maýda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatima bilen wideoaragatnaşyk görnüşinde duşuşyk geçirdi
Türkmenistan we BMG durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilişini maslahatlaşdy
30.05.2025 12:47
1.2k+

Türkmenistan we BMG durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilişini maslahatlaşdy

27-nji maýda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021–2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Ýolbaşçy komitetiň utgaşykly görnüşdäki mejlisi geçirildi
Alwaro Arbeloa “Realyň” ýaşlar toparyna baş tälimçi bellendi
30.05.2025 12:27
4.7k+

Alwaro Arbeloa “Realyň” ýaşlar toparyna baş tälimçi bellendi

Madridiň “Realynyň” öňki goragçysy Alwaro Arbeloa klubuň ýaşlar topary “Kastilýa” ýolbaşçy boldy. Bu barada klubuň resmi saýtynda habar berilýär. 42 ýaşly ispaniýaly ýaşlaryň tälimçisi wezipesinde 2019-njy ýyldan bäri topara ýolbaşçy bolan Rauly çalyşdy
Ilon Mask Trampyň administrasiýasyndaky wezipesinden çekilýändigini mälim etdi
30.05.2025 12:25
17k+

Ilon Mask Trampyň administrasiýasyndaky wezipesinden çekilýändigini mälim etdi

«Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň ýolbaşçysy Ilon Mask ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasyndaky ýörite döwlet gullukçysy wezipesinden çekilýändigini mälim etdi. Telekeçi administrasiýanyň düzüminde döredilen Hökümet netijeliligi departamentine (DOGE) ýolbaşçylyk edýär
Nike we LEGO ilkinji bilelikdäki krossowka modelini hödürledi
30.05.2025 12:19
5.5k+

Nike we LEGO ilkinji bilelikdäki krossowka modelini hödürledi

Nike we LEGO bilelikdäki kolleksiýasyndan ilkinji krossowka modelini – Air Max Dn-i hödürledi. Ol 2025-nji ýylyň awgustynda satuwa çykar diýip, Sneaker Bar Detroit habar berýär. Bu brendleriň döredijilik bilen işjeň durmuş ýörelgesini utgaşdyrmaga gönükdirilen köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň çäklerinde ilkinji model boldy
Serdar Berdimuhamedow «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň hyzmatlaryny kämilleşdirmek boýunça teklibi goldady
30.05.2025 11:51
10k+

Serdar Berdimuhamedow «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň hyzmatlaryny kämilleşdirmek boýunça teklibi goldady

29-njy maýda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody tarapyndan ýerine ýetirilýän hyzmatlary kämilleşdirmäge gönükdirilen teklibi hödürledi
Türkmenistanyň Prezidenti 1-2-nji iýunda Mongoliýa döwlet saparyny amala aşyrar
30.05.2025 11:46
6.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti 1-2-nji iýunda Mongoliýa döwlet saparyny amala aşyrar

1-2-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýa döwlet sapary meýilleşdirilýär. Sapara görülýän taýýarlyk işleri barada wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Hökümet mejlisinde hasabat berdi. Bellenilişi
Türkmenistanda Ylymlar güni mynasybetli halkara ylmy maslahatlar we dabaraly çäreler geçiriler
30.05.2025 11:39
2.3k+

Türkmenistanda Ylymlar güni mynasybetli halkara ylmy maslahatlar we dabaraly çäreler geçiriler

29-njy maýda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Orazdurdyýewa Ylymlar güni mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara ylmy maslahatlar we dabaraly çäreler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi
2 — 7-nji iýunda “Awazada” halkara tans we folklor festiwaly geçiriler
30.05.2025 11:34
4.7k+

2 — 7-nji iýunda “Awazada” halkara tans we folklor festiwaly geçiriler

2 — 7-nji iýun aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda «Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwalyny geçirmek meýilleşdirilýär. Penşenbe güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B
Ahal welaýatynyň Sarahs şäherinde täze bazar gurlar
30.05.2025 11:29
7.3k+

Ahal welaýatynyň Sarahs şäherinde täze bazar gurlar

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Sarahs şäherinde döwrebap täze bazary gurmak bilen bagly teklibi makullady. 29-njy maýda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýew
Bazar Amanow adyndaky çagalar kitaphanasynda obserwatoriýa otagy gurnalar
30.05.2025 11:22
5.6k+

Bazar Amanow adyndaky çagalar kitaphanasynda obserwatoriýa otagy gurnalar

«Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkeziniň çäginde ýerleşdiriljek Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynda teleskop arkaly asman giňişligini synlamaga niýetlenen obserwatoriýa otagy gurnalar
Aşgabatda «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkeziniň gurluşygy başlanýar
30.05.2025 11:05
3.4k+

Aşgabatda «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkeziniň gurluşygy başlanýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow «Aşgabat şäherinde «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkezini gurmak hakynda» Karara gol çekdi.  Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Bilim ministrligine Aşgabat şäherinde «Güneşli»
Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylda welaýatlarda galla oragyna girişmegiň senesini belläp berdi
30.05.2025 10:57
8.3k+

Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylda welaýatlarda galla oragyna girişmegiň senesini belläp berdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylda ýurdumyzda welaýatlar boýunça galla oragyna girişmegiň senesini belläp berdi. 29-njy maýda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise
Türkmenistanda portlarda nebit önümleriniň ýük amallaryny geçirmegiň düzgünleri döwrebaplaşdyrylýar
30.05.2025 10:53
3.6k+

Türkmenistanda portlarda nebit önümleriniň ýük amallaryny geçirmegiň düzgünleri döwrebaplaşdyrylýar

“Türkmenistanyň deňiz portlarynda we port nokatlarynda nebit, nebit önümleri we gazhimiýa önümleri daşary ýurtlara ýüklenip iberilende ýük amallaryny geçirmegiň Düzgünleriniň” taslamasy taýýarlanyldy. Bu barada 29-njy maýda Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B
Türkmenistanda önümçiliklerde senagat howpsuzlygynyň berjaý edilişine barlaglary guramagyň talaplary tassyklanyldy
30.05.2025 10:40
4.6k+

Türkmenistanda önümçiliklerde senagat howpsuzlygynyň berjaý edilişine barlaglary guramagyň talaplary tassyklanyldy

Türkmenistanda Senagat howpsuzlygynyň talaplarynyň berjaý edilişine önümçilik barlagyny guramagyň we amala aşyrmagyň talaplary tassyklanyldy. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi. Bu resminama «Howply
Türkmenistanyň Prezidenti “Merkezi Aziýa — Italiýa” birinji sammitine gatnaşmak üçin Astana barar
30.05.2025 10:29
2.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti “Merkezi Aziýa — Italiýa” birinji sammitine gatnaşmak üçin Astana barar

Prezident Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Italiýa” formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine gatnaşmak üçin Gazagystanyň Astana şäherine iş saparyny amala aşyrar. Bu barada penşenbe güni Hökümet mejlisinde habar berildi
Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylda Gurban baýramyny bellemek hakynda Permana gol çekdi
30.05.2025 10:23
20k+

Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylda Gurban baýramyny bellemek hakynda Permana gol çekdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gurban baýramyny bellemek hakynda Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen halkynyň milli baýramy bolan Gurban baýramy 2025-nji ýylyň 6-7-8-nji iýunynda belleniler. 8-nji iýunyndaky dynç güni 9-njy iýuna — duşenbe gününe geçirildi
ABŞ talyp wizalaryny almak üçin dalaşgärler bilen söhbetdeşlik geçirmegi togtatdy
30.05.2025 00:17
10k+

ABŞ talyp wizalaryny almak üçin dalaşgärler bilen söhbetdeşlik geçirmegi togtatdy

Donald Trampyň administrasiýasy F, M we J kategoriýaly talyp wizalaryny almak üçin dalaşgärler bilen söhbetdeşlik geçirmegi wagtlaýyn togtatmagy tabşyrdy. Bu barada döwlet sekretary Marko Rubio tarapyndan gol çekilen içerki resminama salgylanyp, Politico neşiri habar berýär
Xiaomi her bir satylan ulagdan ýitgini ýedi esseden gowrak – 900 dollara çenli azaltdy
29.05.2025 18:52
4.9k+

Xiaomi her bir satylan ulagdan ýitgini ýedi esseden gowrak – 900 dollara çenli azaltdy

Xiaomi 2025-nji ýylyň birinji çärýegi üçin maliýe hasabatyny hödürledi. Üç aýda SU7 modelinden 75 869 elektromobil ýola goýuldy, bu modeliň umumy üpjünçiligi bolsa 258 000 birlikden geçdi. Şeýle-de, kompaniýa önümçilik kuwwatyny giňeltmek meýilnamalary barada habar berdi
iPad-de indi WhatsApp elýeterli boldy. Munuň üçin 15 ýyl sarp edildi
29.05.2025 18:51
2.8k+

iPad-de indi WhatsApp elýeterli boldy. Munuň üçin 15 ýyl sarp edildi

WhatsApp messenjeriniň iPad üçin wersiýasy işe girizildi. Bu barada kompaniýanyň resmi blogunda habar berildi. Bu wersiýany işläp taýýarlamak üçin 15 ýyl gerek boldy: WhatsApp-yň özi 2009-njy ýylda, ilkinji iPad bolsa 2010-njy ýylda peýda boldy
BMW täze M5 modeliniň öňküsinden 540 kg has agyr bolmagynyň sebäbini düşündirdi
29.05.2025 18:23
8.5k+

BMW täze M5 modeliniň öňküsinden 540 kg has agyr bolmagynyň sebäbini düşündirdi

Täze «BMW M5» («G90» kuzowly) modeliniň agramynyň artmagy köp sanly jedelleri döretdi. Awtoulagyň Ýewropa bazary üçin niýetlenen wersiýasynyň agramy 2435 kg, bu bolsa öňki nesil «M5 Competition» («F90») bilen deňeşdirilende, 540 kg has agyr
«Hermès» 15 müň dollarlyk kaşaň nauşnik çykardy
29.05.2025 18:20
5.2k+

«Hermès» 15 müň dollarlyk kaşaň nauşnik çykardy

«Hermès» 15 müň dollara nauşnik hödürledi. Onuň dizaýny üçin brendiň meşhur önümlerinden, esasanam «Kelly» atly sumkasyndan ylham alnypdyr diýip, «WWD» ýazýar. Model «Hermès-iň» döredijilik ussahanasy bolan «Ateliers Horizons» tarapyndan, dizaýner Aksel de Boforyň ýolbaşçylygynda işlenip düzülipdir
Iň uzakdaky galaktika tapyldy: bu açyş irki Äleme degişli ozalky teoriýalary sorag astyna alýar
29.05.2025 18:17
4.9k+

Iň uzakdaky galaktika tapyldy: bu açyş irki Äleme degişli ozalky teoriýalary sorag astyna alýar

Massaçusets tehnologiýa institutynyň (MIT) alymlary häzirki wagta çenli üsti açylan iň uzakdaky galaktikanyň tapylandygyny mälim etdiler. Gözleg «Jeýms Uebb» kosmos teleskobynyň maglumatlaryna esaslanyp, irki ýyldyz ulgamlaryny öwrenýän «Mirage» atly maksatnamanyň çäginde alnyp baryldy
Daşkentde Merkezi Aziýa ýurtlary we ÝUNISEF çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça tejribe alyşdylar
29.05.2025 16:09
1.7k+

Daşkentde Merkezi Aziýa ýurtlary we ÝUNISEF çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça tejribe alyşdylar

27-nji maýda Daşkent şäherinde Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanyp, “Çagalaryň hatyrasyna dialog: Merkezi Aziýa we ÝUNISEF” atly ýokary derejeli forum geçirildi. Forumy Özbegistanyň Saglygy goraýyş ministrligi, “Zamin” halkara jemgyýetçilik gaznasy hem-de BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) gurady
Pakistanyň Senatynyň Başlygy resmi sapar bilen Türkmenistana gelýär
29.05.2025 16:03
4.8k+

Pakistanyň Senatynyň Başlygy resmi sapar bilen Türkmenistana gelýär

Pakistanyň Senatynyň Başlygy (Mejlisiň ýokarky palatasy) Saýed Ýusuf Reza Gilani resmi sapar bilen Türkmenistana gelýär. Pakistan telewideniýe korporasiýasynyň habaryna görä, bu sapar Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň çakylygy boýunça amala aşyrylýar
Türkmenistanyň ilçisi Sukuba uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy berkitmek meselelerini maslahatlaşdy
29.05.2025 16:00
3.2k+

Türkmenistanyň ilçisi Sukuba uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy berkitmek meselelerini maslahatlaşdy

27-nji maýda Tokio şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň Prezidenti Kýosuke Nagata hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subai bilen duşuşyk geçirdi
Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri adam serişdelerini dolandyrmakda innowasion çemeleşmeler boýunça onlaýn okuwlary geçýärler
29.05.2025 15:56
3.4k+

Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri adam serişdelerini dolandyrmakda innowasion çemeleşmeler boýunça onlaýn okuwlary geçýärler

26-30-njy maý aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde akademiýanyň wekilleri adam  serişdelerini dolandyrmak ulgamy boýunça uzak aralyklaýyn onlaýn okuwlaryny geçýärler
Durow: Telegram-da Ilon Maskyň Grok çat-boty peýda bolar
29.05.2025 15:48
2.8k+

Durow: Telegram-da Ilon Maskyň Grok çat-boty peýda bolar

Pawel Durowyň «Telegram» messenjeri bilen Ilon Maskyň «xAI» atly startapy «Grok» çat-botuny ýaýratmak maksady bilen, bir ýyllyk hyzmatdaşlyga geldiler. Bu barada messenjeriň esaslandyryjysy Pawel Durow «X» sosial torunda habar berdi
ABŞ-daky kazyýet Trampyň gümrük paçlarynyň köpüsini ýatyrdy
29.05.2025 15:42
14k+

ABŞ-daky kazyýet Trampyň gümrük paçlarynyň köpüsini ýatyrdy

ABŞ-nyň Halkara Söwda meseleleri boýunça federal kazyýeti ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp tarapyndan girizilen gümrük paçlarynyň bikanundygyny aýdyp, olaryň köpüsiniň güýjüni ýatyrdy. Bu barada şu gün «Associated Press» agentligi habar berdi
“Çelsi” Konferensiýalar ligasynyň finalynda “Betisi” utdy
29.05.2025 12:16
6.5k+

“Çelsi” Konferensiýalar ligasynyň finalynda “Betisi” utdy

Penşenbe gününe geçilen gije Polşanyň Wroslaw şäherinde UEFA-nyň Konferensiýalar ligasynyň final oýny geçirildi. Kubok ugrunda Ispaniýanyň “Betis” topary bilen Angliýanyň “Çelsisi” bäsleşdi. London kluby 4:1 hasabynda ýeňiş gazandy
The Last of Us serialynyň ikinji möwsümi finala çenli tomaşaçylarynyň ýarysyny ýitirdi
29.05.2025 08:00
5.7k+

The Last of Us serialynyň ikinji möwsümi finala çenli tomaşaçylarynyň ýarysyny ýitirdi

The Last of Us (“Biziň birimiz”) serialynyň ikinji möwsümiň final bölümine 3,7 mln adam tomaşa etdi. Bu birinji möwsümiň ahyrky bölümine tomaşa edenlerden iki esse azdyr diýip, The Wrap habar berýär. Maglumatlar HBO teleýaýlymynyň we Max akym hyzmatynyň auditoriýasyny göz öňünde tutýar
4D modelde geljekde dünýäniň iň beýik binasynyň gurluşygynyň meýilnamasy görkezildi
28.05.2025 23:59
8.5k+

4D modelde geljekde dünýäniň iň beýik binasynyň gurluşygynyň meýilnamasy görkezildi

Saud Arabystanynyň Jidda şäheriniň golaýynda gurulýan dünýäniň iň beýik binasy bolan Jeddah Tower-iň gurluşygynyň täze wizuallaşdyrylan görnüşi görkezildi. Gurluşykçylar 4D BIM modelini ulandylar, ol adaty 3D modelinden tapawutlylykda gurluşygyň diňe bir giňişlik däl, eýsem wagt parametrlerini hem görkezmäge mümkinçilik berýär
Alymlar 2032-nji ýyla çenli Kaliforniýada bolup biljek güýçli ýertitremesi barada duýduryş berýärler
28.05.2025 23:21
9.7k+

Alymlar 2032-nji ýyla çenli Kaliforniýada bolup biljek güýçli ýertitremesi barada duýduryş berýärler

Barlagçylar Kaliforniýanyň San-Fransisko aýlagynda ýakyn onýyllyklarda güýçli ýertitremäniň bolup biljekdigini çaklaýarlar. Bu barada Mercury News neşiri ýazýar. ABŞ-nyň Geologiýa gullugynyň geofizigi Sara Minson 2055-nji ýyla çenli sebitde uly ýertitremesiniň bolmagynyň ähtimallygynyň 72%-e çenli ýokarlanandygyny aýtdy
“Liwerpulyň” tälimçisi Arne Slot jenap Aleks Fergýuson adyndaky baýragy aldy
28.05.2025 23:06
5k+

“Liwerpulyň” tälimçisi Arne Slot jenap Aleks Fergýuson adyndaky baýragy aldy

“Liwerpulyň” baş tälimçisi Arne Slot Menejerler assosiasiýasy (LMA) tarapyndan ýylyň tälimçisi diýlip ykrar edildi. Ol “Mançester Ýunaýtediň” öňki tälimçisi Aleks Fergýusonyň hormatyna atlandyrylan baýragy aldy
Nýurburgringde täze Tesla Model Y Performance göründi: ol modeliň iň çalt wersiýasy bolar
28.05.2025 20:50
2.6k+

Nýurburgringde täze Tesla Model Y Performance göründi: ol modeliň iň çalt wersiýasy bolar

Tesla kompaniýasy «Model Y Performance-iň» täze wersiýasyny synag edýär. Prototip meşhur Nýurburgring ýaryş ýolunda görüldi. Bu model elektrokrossoweriň iň çalt we tehnologiki taýdan iň kämilleşdirilen wersiýasy bolar
20 seýrek «Lamborghini Centenario» rodsterinden biri rekord baha – 5,2 mln ýewro satuwa çykdy
28.05.2025 20:47
4.2k+

20 seýrek «Lamborghini Centenario» rodsterinden biri rekord baha – 5,2 mln ýewro satuwa çykdy

Iň seýrek superkarlaryň biri – «Lamborghini Centenario Roadster» Germaniýada satuwa çykdy. Awtoulagyň başlangyç bahasy 5,2 million ýewro. Deňeşdirmek üçin, gibrid hereketlendirijili we 1001 at güýji bolan täze «Lamborghini Revuelto-nyň» bahasy 600 müň dollardan başlaýar
Gün ulgamynda dokuzynjy planeta göze ildi. Ol Neptunyň aňyrsynda gizlenýär
28.05.2025 20:44
4.4k+

Gün ulgamynda dokuzynjy planeta göze ildi. Ol Neptunyň aňyrsynda gizlenýär

Astronomlar baryp 2006-njy ýylda Plutonyň planetar statusyny karlik derejä çenli peseldýänçä, Gün ulgamynda dokuz sany planeta bar diýlip hasaplanýardy. Indi alymlar astronomiýa boýunça okuw kitaplaryny ýene täzeden ýazmak pikirine geldiler
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.