Saýlanan şäher
28 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
28.05.2025 20:47
4.2k+
20 seýrek «Lamborghini Centenario» rodsterinden biri rekord baha – 5,2 mln ýewro satuwa çykdy
Iň seýrek superkarlaryň biri – «Lamborghini Centenario Roadster» Germaniýada satuwa çykdy. Awtoulagyň başlangyç bahasy 5,2 million ýewro. Deňeşdirmek üçin, gibrid hereketlendirijili we 1001 at güýji bolan täze «Lamborghini Revuelto-nyň» bahasy 600 müň dollardan başlaýar
28.05.2025 20:44
4.4k+
Gün ulgamynda dokuzynjy planeta göze ildi. Ol Neptunyň aňyrsynda gizlenýär
Astronomlar baryp 2006-njy ýylda Plutonyň planetar statusyny karlik derejä çenli peseldýänçä, Gün ulgamynda dokuz sany planeta bar diýlip hasaplanýardy. Indi alymlar astronomiýa boýunça okuw kitaplaryny ýene täzeden ýazmak pikirine geldiler
28.05.2025 20:33
13k+
Messi we Suares öz futbol klubuny döretdi
Argentinanyň milli ýygyndysynyň we MLS-iň “Inter Maýami” klubunyň hüjümçisi Lionel Messi öz urugwaýly dosty we topardaşy Luis Suaresiň taslamasyna goşuldy. Olar bilelikde özleriniň futbol klubunyň döredilendigini habar berdi
28.05.2025 20:26
3.3k+
ChatGPT Plus ilkinji bolup BAE-niň ýaşaýjylary üçin mugt elýeterli bolar
Birleşen Arap Emirlikleriniň ýaşaýjylary tiz wagtdan dünýäde ilkinji bolup ChatGPT Plus-a – OpenAI-iň çat-botunyň tölegli wersiýasyna mugt elýeterli bolar. Bu OpenAI bilen BAE-niň hökümetiniň arasyndaky giň gerimli hyzmatdaşlyk taslamasynyň bir bölegidir diýip, The Economic Times neşiri ýazýar
28.05.2025 14:06
14k+
«Volvo» 3 müň işgärini işden boşadar
Volvo Cars şwed awtokompaniýasy 3 müňe golaý iş ornunyň azaldyljakdygyny mälim etdi. Bu çäre esasan-da ofis işgärlerine degişli bolar, bu bolsa ähli işgärleriň, takmynan, 15 göterimine deňdir. Häzirki wagtda kompaniýanyň ofislerinde 43,5 müň adam işleýär
28.05.2025 14:04
15k+
Toyota kompaniýasy GR Corolla-nyň önümçiligini Ýaponiýadan Beýik Britaniýa geçirer
Toyota Demirgazyk Amerikanyň bazary üçin niýetlenen GR Corolla sport hetçbeginiň önümçiliginiň bir bölegini Ýaponiýadan Beýik Britaniýa geçirer. Kompaniýa Derbişir graflygynyň Býornaston şäherindäki zawodda ýörite önümçilik hataryny döretmek üçin, takmynan, 56 mln dollar maýa goýmagy göz öňünde tutýar
28.05.2025 13:59
5.3k+
«Resilience» ýapon moduly Aýa gonmazdan öň surat iberdi
«ispace» ýapon kompaniýasy «X» sosial torunda «Resilience» gonuş modulynyň täze düşüren suratyny paýlaşdy. Suratda Aýyň Günorta polýusy we onuň töweregi görünýär. Modul şu ýylyň ýanwarynda «Falcon 9» raketa göterijisi arkaly Ýeriň hemrasyna ugradyldy
28.05.2025 13:53
12k+
Galaxy S23 Ultra bäş sagatlap buzly derýada saklandy – ol işe ukyplylygyny ýitirmedi
Suwa gaçandan soň telefona zeper ýetmändigi bilen indi hiç kimi geň galdyryp bolmaz – häzirkizaman smartfon modelleri şeýle synaglardan aňsatlyk bilen baş çykarýar. Ýöne Galaxy S23 Ultra has aşa şertlerde ýokary çydamlylygy görkezdi – ol Şwesiýanyň demirgazygyndaky buzly derýada bäş sagatlap saklandy
28.05.2025 13:49
9.5k+
Raul “Realyň” ýaşlar toparynyň tälimçisi wezipesinden aýryldy
Raul “Realyň” ýaşlar topary bolan “Kastilýanyň” baş tälimçisi wezipesinden aýryldy. Bu barada klubuň resmi web sahypasynda habar berildi. 47 ýaşly hünärmen topara alty ýyl ýolbaşçylyk etdi. Onuň ýolbaşçylygynda “Kastilýa” 2019/20 möwsüminde UEFA-nyň Ýaşlar ligasynda ýeňiji boldy
28.05.2025 13:43
4.1k+
Realme Aston Martin F1 bilen döredilen GT 7 Dream Edition smartfonyny hödürledi
Parižde geçirilen tanyşdyrylyş dabarasynda Realme kompaniýasy täze GT 7 smartfonyndan başga-da çäkli GT 7 Dream Edition modelini hödürledi. Ol Aston Martin F1 Team ýaryş topary bilen hyzmatdaşlykda döredildi. Model Aston Martin nyşany bilen ýaşyl korpusa eýe boldy
28.05.2025 13:37
5.7k+
Starship-iň 9-njy synag uçuşy ýene şowsuz tamamlandy: tizleşdiriji ýaryldy, gämi ýandy
SpaceX kompaniýasynyň Starship agyr raketasynyň dokuzynjy synag uçuşy şowsuz tamamlandy. Raketa ABŞ-nyň gündogar wagty bilen 19:36-da (Aşgabat wagty bilen 04:36) Tehasdaky Starbase kosmodromyndan uçuryldy. Uçuş birnäçe minut gijikdirildi, ýöne bu adaty ýagdaý hasaplanýar
28.05.2025 13:33
14k+
Röwşen Meredow Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň täze baş tälimçisi boldy
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Tehniki direktory, futbol hünärmeni Röwşen Meredow Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada federasiýanyň resmi saýtynda habar berilýär
28.05.2025 13:26
7.4k+
Türkmenistanyň Futbol federasiýasy Kataryň Futbol Assosiasiýasy bilen hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglanyşdy
Türkmenistanyň Futbol federasiýasy Kataryň Futbol Assosiasiýasy bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen şertnama gol çekdi. Gol çekişmek dabarasy 26-njy maýda Doha şäherindäki Al Bidda binasynda ýerleşýän Katar Futbol Assosiasiýasynyň merkezi edarasynda geçirildi
28.05.2025 12:36
6.8k+
HBO täze serial üçin Garri Potteri, Rony we Germionany saýlady
HBO Garri Potter baradaky geljekki serial üçin baş keşpleri ýerine ýetirjek aktýorlary saýlady. Baş gahrymany Dominik Maklaflin, onuň dostlary Ron Uizli bilen Germiona Greýnjeri – Alaster Staut we Arabelle Stenton ýerine ýetirer diýip, Warner Bros
28.05.2025 12:34
7.4k+
Ýamal “Barselona” bilen şertnamany 2031-nji ýyla çenli uzaltdy
Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň we “Barselonanyň” hüjümçisi Lamin Ýamal katalon kluby bilen şertnamany uzaltdy. Bu barada klubuň saýtynda habar berilýär. 17 ýaşly futbolçy bilen täze şertnama 2031-nji ýylyň tomsuna çenli hereket eder
28.05.2025 12:32
8.7k+
Şu hepdede Ýeriň deňinden köp gatly jaýyň göwrümindäki birnäçe howply asteroidler uçup geçer
Şu hepdede NASA tarapyndan potensial howply (howp salmak mümkinçiligi bar) diýlip kesgitlenen dört sany asteroid Ýeriň deňinden geçer diýip, Interesting Engineering portaly habar berýär. Birinji asteroid — 2025 KT1 — 12,8 metr diametrli bolup, 26-njy maýda Ýeriň ýanyndan howpsuz aralykda geçdi
28.05.2025 12:20
6.3k+
Astrofizikler ilkinji gezek 8K durulykda Gün üstüniň suratyny aldy
Astrofizikler ilkinji gezek 8K durulykda Gün üstüniň suratyny aldy. Suratlar Gün tegmillerini we işjeň zolaklary jikme-jik görmäge mümkinçilik berýär diýip, Solar Physics ylmy žurnalyna salgylanyp, Space.com neşiri habar berýär
28.05.2025 12:13
3.4k+
Huawei uly tanyşdyrylyşdan soň ýene birini taýýarlaýar: bu gezek Pura 80 smartfonlary görkeziler
Hytaýyň Huawei kompaniýasy ýakynda uly tanyşdyrylyş dabarasyny geçirip, Nova 14 smartfon hataryny we ilkinji eplenýän noutbuk MateBook Fold Ultimate Design-y görkezdi. Indi kompaniýa Pura 80 flagman smartfonlarynyň hatary üçin täze premýera taýýarlanýar
28.05.2025 12:10
2.9k+
Honda elektrokarlary ikinji hatara süýşürdi: üns merkezinde – gibridler we benzin ulaglary
Honda trende eýerip, geljek on ýyl üçin ösüş strategiýasyny üýtgedýär. Kompaniýa öň wada berlişi ýaly diňe elektromobillere üns bermezlik kararyna geldi. Munuň deregine ol gibridlere we adaty benzin hereketlendirijili modellere ünsi gönükdirer
28.05.2025 12:08
3.4k+
Google we Samsung-yň täze akylly äýnegi teksti terjime edýär, ugry we howany görkezýär
Google I/O konferensiýasynda Google we Samsung kompaniýalary Android XR platformasyna esaslanýan akylly äýnegiň prototipini görkezdi. Ol adaty äýnege meňzeýär, ýöne onuň sapy ýogyn bolup, onda görüş meýdanyny ýapmazdan maglumatlary görkezmek üçin tehnologiýa gizlenýär
28.05.2025 12:04
5.7k+
Napoleon Bonapartyň gylyjy garaşylandan bäş esse gymmat, 4,7 mln ýewro satyldy
Napoleon Bonaparta degişli bolan seýrek gylyç Pariždäki Giquello auksionynda ilkibaşdaky bahasyndan tas bäş esse gymmat satyldy. Onuň üçin 4,7 mln ýewro tölendi diýip, Le Figaro neşiri habar berýär. Auksion öýüniň maglumatlaryna görä, ilkibaşda ýaragyň bahasy 700 müň ýewrodan 1 mln ýewro aralygynda bolar diýlip garaşylypdy
28.05.2025 12:01
11k+
Ronaldu Pro-liganyň iň gowy bombardiri boldy, ýöne “Al-Nasr” bary-ýogy üçlükde
Saud Arabystanynyň çempionatynda 2024/25 möwsümi tamamlandy. Ýaryşyň iň gowy bombardiri “Al-Nasryň” hüjümçisi Kriştianu Ronaldu boldy. Ol 30 oýunda 25 gol geçirdi. Snaýperleriň ýaryşynda ikinji orny 23 gol bilen “Al-Ahliden” Aýwan Toni eýeledi
28.05.2025 11:45
4.3k+
Mars Express Marsyň iň uly kraterleriniň birini surata düşürdi
Ýewropanyň kosmos agentligi (ESA) Marsyň Deuteronilus Cavus krateriniň täze suratlaryny çap etdi. Suratlar Mars Express kosmos apparaty arkaly alyndy. Krater Gyzyl planetanyň demirgazyk ýarym şarynda ýerleşýär
28.05.2025 11:38
5.9k+
Toyota yzky çyrasynda ýüze çykan mesele boýunça 443 müň töweregi Tundra-ny yzyna çagyrýar
Toyota 2022-2025-nji ýyllar aralygynda öndürilen 443 000 töweregi Tundra pikabyny yzyna çagyrýar. CarBuzz neşiriniň habar bermegine görä, yzky çyralary näsazlyk tapyp biler, ýagny bloga aralaşyp biljek çyglylyk onuň poslamagyna we döwülmegine sebäp bolup biler
28.05.2025 11:21
1.4k+
Blue Origin 2025-nji ýylda Blue Moon Mark 1 Aý modulynyň nusgasyny uçurar
2025-nji ýylda Blue Origin kompaniýasy Blue Moon Mark 1 gonuş modulynyň nusgasyny Aýa ibermegi meýilleşdirýär diýip, kompaniýanyň wise-prezidenti Jon Kuluris mälim etdi. Onuň sözlerine görä, apparat Ýeriň hemrasynyň günorta polýusyna tarap ugur alar
28.05.2025 08:25
6.4k+
BYD 35%-e çenli arzanladyş yglan edip, hytaýly öndürijileriň paýnamalarynyň bahasyny pese gaçyrdy
BYD kompaniýasy islegi artdyrmak üçin elektromobilleriň bahasyna 35%-e çenli arzanladyş girizdi. «Bloomberg» agentliginiň ýazmagyna görä, bu ýagdaý hytaýly awtoöndürijileriň paýnamalarynyň bahasynyň aşaklamagyna sebäp boldy
28.05.2025 08:24
9.4k+
Gawaidaky Kilauea wulkany atylyp başlady: ol 300 metr beýiklige lawa zyňýar
Dünýäniň iň işjeň wulkanlarynyň biri bolan Gawaidäki Kilauea wulkany atylyp başlady. Bu barada ABŞ-nyň Geologiýa gullugynyň Gawaý wulkanologiýa obserwatoriýasy habar berýär. Atylma 25-nji maýda ýerli wagt bilen sagat 16:15-de başlady
28.05.2025 08:18
5.2k+
Türkmenistanyň Prezidenti Rumyniýanyň täze saýlanan Prezidentini wezipesine girişmegi bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Nikuşor Daniýel Dana Rumyniýanyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi
28.05.2025 08:15
4.2k+
Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe hem-de ýurduň doganlyk halkyna Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi
27.05.2025 20:15
6.1k+
Billi Aýliş, Eminem we Twenty One Pilots “American Music Awards” baýragyny aldy
Geçen gije Las-Wegasda American Music Awards baýragynyň 51-nji gowşurylyş dabarasy geçirildi. “Ýylyň artisti” Billi Aýliş boldy diýip, CBS News habar berýär. Bu nominasiýada baýrak üçin Ariana Grande, Kendrik Lamar, Sabrina Karpenter, Teýlor Swift, Post Malone hem dalaş edipdi
27.05.2025 20:07
5.9k+
Nepally alpinist Kami Rita Şerpa Ewereste rekord 31-nji gezek çykdy
Nepally alpinist Kami Rita Şerpa 31-nji gezek Ewereste çykyp, öz dünýä rekordyny täzeledi. Bu barada The Kathmandu Post habar berýär. Daga çykmagy gurnan Seven Summit Treks kompaniýasynyň başlygy Mingma Şerpanyň habar bermegine görä, 55 ýaşly alpinist sişenbe güni durnukly howa şertlerinde dünýäniň iň beýik depesine ýetdi
27.05.2025 19:55
12k+
Bambuk gülüniň saglyga peýdasy we ideg edilişi
Bambuk (köplenç "lucky bamboo" diýlip atlandyrylýar, botanik atlary Dracaena sanderiana ýa-da Dracaena braunii) güli diňe bir gözellik bermek bilen çäklenmän, eýsem, ýaşaýyş gurşawymyza we ynsan saglygyna oňyn täsir edýän aýratynlyklara hem eýedir
27.05.2025 13:36
6.5k+
Galp resminamalary syýasyndan kesgitlemäge kömek etjek algoritm döredildi
Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetiniň (SPbGU) alymlary germaniýaly we daniýaly kärdeşleri bilen bilelikde maşyn okuwyna esaslanýan syýany derňemegiň algoritmini döretdiler. Bu usul DCA ML diýlip atlandyryldy diýip, uniwersitetiň metbugat gullugyna salgylanýan TASS habar berýär
27.05.2025 13:34
14k+
Gorkunç rekord: deňiz guşunyň jüýjesiniň da:şlygyndan 778 bölek plastik tapyldy
Awstraliýaly barlagçylar ölen inçeçüňk deňiz guşunyň (Ardenna tenuirostris) jüýjesiniň daşlygyndan rekord mukdarda - 778 bölek plastik galyndylaryny tapdylar. Howsala döredýän açyş barada Awstraliýanyň gündogar kenaryndaky Lord-Hau adasynda deňiz guşlaryna gözegçilik edýän alymlar habar berdi
27.05.2025 13:22
6.6k+
Mansory atelýesi Lamborghini Revuelto-ny 1 million dollarlyk superkara öwürdi
Lamborghini Revuelto 2025 ulagy Mansory studiýasynda işlenen ýörite wersiýa eýe boldy. Aventador-yň mirasdüşeri hasaplanýan superkar indi 1 074 600 dollar bahadan hödürlenýär. Model gibrid güýç gurluşy bilen enjamlaşdyrylandyr
27.05.2025 13:18
5.6k+
Täze Zelandiýa başlangyjy kosmos uçuşlary üçin niýetlenen gaýtadan ulanylýan raketoplany satyp başlady
Täze Zelandiýanyň Dawn Aerospace kompaniýasy uçarmansyz, gaýtadan ulanylýan Aurora raketoplany üçin sargytlary kabul edip başlady. Apparat kosmosa az mukdardaky ýüki çykarmak üçin niýetlenendir diýip, Space News habar berýär
27.05.2025 13:17
3.6k+
Xiaomi ýylyň birinji çärýeginde dakylýan enjamlar bazarynda Apple-y geçdi
2025-nji ýylyň birinji çärýeginde Xiaomi kompaniýasy dakylýan enjamlaryň dünýä boýunça ibermeleriniň sany boýunça birinji orna çykyp, Apple-y yzda galdyrdy. Canalys analitikleriniň maglumatlaryna görä, kompaniýa 8,7 million enjam iberipdir, bu bolsa geçen ýylky bilen deňeşdirilende 44% köp
27.05.2025 13:03
3.4k+
Alymlar galyndylary peýdaly dökünlere öwürmegiň usulyny oýlap tapdylar
Perm milli ylmy-barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) alymlary lagym suwlaryndan ammoniý azodyny çykaryp, ony struwite – özünde magniý, ammoniý we fosfat saklaýan peýdaly mineral döküne öwürmegiň usulyny işläp düzdüler
27.05.2025 12:52
6k+
“Akmaýanyň ýolunyň suratçysy - 2025” bäsleşiginiň ýeňijileriniň arasynda HKS-den alnan surat hem bar
Syýahat we başdangeçirmeler hakyndaky Capture Atlas blogy her ýyl geçirilýän sekizinji Milky Way Photographer of the Year 2025 (“Akmaýanyň ýolunyň suratçysy - 2025”) bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdi. Bu ýyl bäsleşige 6000-den gowrak ýüz tutma gelip gowuşdy
27.05.2025 12:34
8.9k+
Alymlar gadymy türki halklaryň «jadyly» daşlaryň güýjüne bolan ynançlaryny öwrendiler
Orta Aziýanyň giň sähralaryndan başlap, Kiçi Aziýanyň gadymy ybadathanalaryna çenli dürli halklaryň arasynda, käbir daşlaryň adam bilen ýokary güýçleriň arasynda araçy bolup bilýändigi barada ynanç giňden ýaýrapdyr
«
1
…
268
269
270
…
1118
»
«
1
…
265
266
267
268
269
270
271
272
273
…
1118
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.