Türkmenistan AÖB-niň sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň ikinji tapgyryna goşulmagy meýilleşdirýär
05.07.2025 18:06
3.8k+

Türkmenistan AÖB-niň sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň ikinji tapgyryna goşulmagy meýilleşdirýär

Prezident Serdar Berdimuhamedow Aziýanyň ösüş bankynyň Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin söwda ugry babatynda goşulyşmak maksatnamasynyň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmek boýunça sebitleýin taslamasyna Türkmenistanyň goşulmagy hakyndaky teklibi goldady
“Ýura eýýamynyň dünýäsi: Galkynyş” filminiň global premýerasy boldy
05.07.2025 17:59
3k+

“Ýura eýýamynyň dünýäsi: Galkynyş” filminiň global premýerasy boldy

4-nji iýulda “Ýura eýýamynyň dünýäsi: Galkynyş” (Мир Юрского периода: Возрождение) filminiň global premýerasy boldy. Ol dinozawrlaryň janlanmagy baradaky meşhur seriýanyň täze bölümidir. ABŞ-da film 2-nji iýulda çykdy, häzir bolsa dünýädäki kinoteatrlarda elýeterli
Müsürde ýitirilen gadymy Imet şäheri tapyldy: ol ýerde birwagtlar köp gatly jaýlar bolupdyr
05.07.2025 14:13
7.8k+

Müsürde ýitirilen gadymy Imet şäheri tapyldy: ol ýerde birwagtlar köp gatly jaýlar bolupdyr

Arheologlar Müsüriň gadymy Tanis şäherinden 10 km uzaklykda, Nil deltasynyň golaýynda ýitirilen Imet şäheriniň üstüni açdy. Gazuw-agtaryş işleri Mançester uniwersitetinden Müsüri öwrenýän alym Niki Nilseniň ýolbaşçylygynda geçirildi diýip, Daily Mail habar berýär
ABŞ ýene-de hususy kosmos gämilerini uçurmak boýunça rekordy täzeledi
05.07.2025 14:09
3.2k+

ABŞ ýene-de hususy kosmos gämilerini uçurmak boýunça rekordy täzeledi

ABŞ bir aýda amala aşyrylan täjirçilik kosmos uçuşlarynyň sany boýunça täze rekord goýdy. Federal raýat awiasiýa edarasynyň (FAA) maglumatlaryna görä, iýun aýynda amerikan kompaniýalary jemi 21 uçuşy amala aşyrdy diýip, Space
Supermeniň heýkeli Günbatar Ýewropanyň iň beýik binasynyň depesini bezedi
05.07.2025 14:05
9.9k+

Supermeniň heýkeli Günbatar Ýewropanyň iň beýik binasynyň depesini bezedi

Londonda Günbatar Ýewropanyň iň beýik binasy bolan Shard diňiniň depesinde Supermeniň hakyky heýkeli goýuldy. Beýikligi 3,3 metr we agramy 120 kg bolan heýkel Jeýms Gannyň täze filmini mahabatlandyrmak üçin aýna plastikden we eko-şepbikden döredildi
“Çelsi” Klublaýyn dünýä çempionatynyň ýarym finalynda “Fluminense” bilen oýnar
05.07.2025 13:51
5.7k+

“Çelsi” Klublaýyn dünýä çempionatynyň ýarym finalynda “Fluminense” bilen oýnar

2025-nji ýylyň Klublaýyn dünýä çempionatynyň ilkinji ýarym finalçylary belli boldy. Finala çykmak üçin Angliýanyň “Çelsisi” bilen Braziliýanyň “Fluminense” topary oýnar. Dörtden bir finalda “Fluminense” Saud Arabystanynyň çempionatynyň ýeňijisini – Er-Riýaddan “Al-Hilýaly” utdy
Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahat 4-8-nji awgustda Awazada geçiriler
05.07.2025 08:44
13k+

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahat 4-8-nji awgustda Awazada geçiriler

Prezident Serdar Berdimuhamedow «Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda» Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2025-nji ýylyň 4
Serdar Berdimuhamedow Nikolas Madurony Wenesuelanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
05.07.2025 08:37
4k+

Serdar Berdimuhamedow Nikolas Madurony Wenesuelanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Prezidenti Nikolas Maduro Wenesuelanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, TDH habar berýär
Telegram-da maglumatlaryň dogrulygyny barlaýan funksiýa peýda boldy
05.07.2025 06:34
3.3k+

Telegram-da maglumatlaryň dogrulygyny barlaýan funksiýa peýda boldy

Telegram messenjerinde maglumatlaryň dogrulygyny barlaýan ýerli mehanizm peýda boldy. Täze funksiýany ilkinji bolup «Kod Durowa» sahypasynyň redaksiýasy ýüze çykardy. Mundan ozal şol sahypa Telegram-da faktçekingiň işe girizilip bilinjekdigi barada habar beripdi, indi bolsa onuň işleýändigini tassyklaýan ilkinji subutnama peýda boldy
Bentley 20 ýyldan soň ilkinji gezek nyşanyny täzeledi
05.07.2025 06:27
8.6k+

Bentley 20 ýyldan soň ilkinji gezek nyşanyny täzeledi

Bentley ganatly nyşany bolan Winged B-niň täze görnüşini resmi taýdan hödürledi. Bu logotipiň soňky 20 ýylyň dowamyndaky ilkinji täzelenmesi bolup, brendiň 106 ýyllyk taryhyndaky bäşinji täzelenmesidir. Täze logotip ilkinji gezek 8-nji iýulda tanyşdyryljak konsept awtoulagda peýda bolar
Melaniýa Tramp EA-nyň kömegi bilen ses berlen audio kitabyny çykardy
05.07.2025 06:25
2.8k+

Melaniýa Tramp EA-nyň kömegi bilen ses berlen audio kitabyny çykardy

Melaniýa Tramp neýroulgam arkaly ses berlen “Melaniýa” ýatlamalarynyň audio görnüşini çykardy. Emeli aň onuň öz sesini, intonasiýasyny we äheňini gaýtalady diýip, Futurism neşiri ýazýar. ABŞ-nyň Birinji hanymynyň sesiniň sanly nusgasyny döretmek boýunça iş ElevenLabs amerikan kompaniýasy tarapyndan geçirildi
“Barselonany” gyzyklandyran Niko Uilýams “Atletik” bilen şertnamany 2035-nji ýyla çenli uzaltdy
05.07.2025 06:21
6.9k+

“Barselonany” gyzyklandyran Niko Uilýams “Atletik” bilen şertnamany 2035-nji ýyla çenli uzaltdy

Bilbaodan “Atletik” futbol kluby ispaniýaly ýarymgoragçy Niko Uilýams bilen şertnamanyň möhletiniň uzaldylandygyny habar berdi. Täze şertnama 2035-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli hereket edýär. Bellenilişi ýaly, 22 ýaşly futbolçynyň şertnamany möhletinden ir ýatyryp, başga bir kluba geçmegi üçin tölemeli mukdar 50%-den gowrak ýokarlandy
Raşid Meredow YHG-niň 17-nji Sammitiniň çäginde Pakistanyň we BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy
05.07.2025 06:14
3.2k+

Raşid Meredow YHG-niň 17-nji Sammitiniň çäginde Pakistanyň we BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy

4-nji iýulda Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň 17-nji Sammitiniň çäginde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Pakistan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Muhammad Ishak Dar bilen duşuşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti Hankendi şäherinde YHG-nyň sammitinde teklipler bilen çykyş etdi
05.07.2025 06:08
6.1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Hankendi şäherinde YHG-nyň sammitinde teklipler bilen çykyş etdi

4-nji iýulda Hankendi şäherinde (Azerbaýjan) Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) “Durnukly we howanyň üýtgemegine durnukly geljek üçin YHG-nyň täze garaýşy” atly 17-nji sammiti geçirildi. Sammite daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy diýip, DIM-niň metbugat gullugy habar berýär
Aşgabatda ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi
05.07.2025 05:16
6.5k+

Aşgabatda ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi

3-nji iýulda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy ABŞ-nyň Garaşsyzlyk Jarnamasynyň 249 ýyllygy mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirdi. Dabara diplomatlar, döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, medeniýet wekilleri hem-de habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy
Aşgabatda Polşanyň Seýmynyň daşary işler boýunça komitetiniň başlygy bilen duşuşyk geçirildi
05.07.2025 04:45
2.3k+

Aşgabatda Polşanyň Seýmynyň daşary işler boýunça komitetiniň başlygy bilen duşuşyk geçirildi

4-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Polşanyň Seýmynyň daşary işler boýunça komitetiniň başlygy Pawel Kowal bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň halkara guramalaryň, hususan-da Ýewropa Bileleşiginiň çägindäki hyzmatdaşlygynyň berkemegini bellediler
Stambul Sergi Merkezinde Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi geçirilýär
05.07.2025 04:39
5.8k+

Stambul Sergi Merkezinde Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi geçirilýär

2-5-nji iýul aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi geçirilýär. Stambul Sergi Merkezinde türkmen önüm öndürijileri tarapyndan eksport edilýän ýokary hilli
Serdar Berdimuhamedow Donald Trampy ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
04.07.2025 19:31
9k+

Serdar Berdimuhamedow Donald Trampy ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany mümkinçilikden
Bezosyň Wenesiýadaky toýy brendleri 222 mln dollar baýatdy
04.07.2025 19:22
16k+

Bezosyň Wenesiýadaky toýy brendleri 222 mln dollar baýatdy

Jeff Bezos bilen Loren Sançesiň Wenesiýadaky toýy brendlere 222 mln dollar girdeji getirdi. Şeýle baha metbugatda, sosial ulgamlarda we mediakanallarda agzalýar diýip, Launchmetrics analitiki kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp, WWD habar berýär
Türkmenistanyň daşary işler ministri azerbaýjanly kärdeşi bilen duşuşdy
04.07.2025 19:15
3.9k+

Türkmenistanyň daşary işler ministri azerbaýjanly kärdeşi bilen duşuşdy

3-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler
Audi we Volvo täze 2025-nji ýyl awtoulaglaryň hili boýunça düzülen reýtingde iň soňky orunlary eýelediler
04.07.2025 19:03
11k+

Audi we Volvo täze 2025-nji ýyl awtoulaglaryň hili boýunça düzülen reýtingde iň soňky orunlary eýelediler

J.D. Power amerikan kompaniýasy tarapyndan geçirilen 2025-nji ýylyň täze awtoulaglarynyň hil derejesi boýunça barlag dürli awtoulag brendleriniň ygtybarlylygynda uly tapawutlaryň bardygyny ýüze çykardy. Pikir soraşma 92 694 sany adam gatnaşyp, olar ulaglaryny satyn alan pursadyndan başlap, ilkinji 90 gününiň dowamyndaky ýagdaýyna baha berdiler
Arabika kofesiniň bahasy noýabrdan bäri ilkinji gezek bir tonna üçin $6250-den aşak düşdi
04.07.2025 18:58
3.6k+

Arabika kofesiniň bahasy noýabrdan bäri ilkinji gezek bir tonna üçin $6250-den aşak düşdi

Dünýäde arabika kofesi üçin bahalar 2024-nji ýylyň noýabryndan bäri ilkinji gezek bir tonna üçin 6250 dollardan aşak düşdi. ICE Futures biržasynyň maglumatlaryna görä, 2-nji iýulda, çarşenbe güni, arabika üçin sentýabr fýuçersiniň bahasy 3,41% peselip, bir funt üçin 2,82 dollar boldy
BTS topary harby gullukdan soň ilkinji albomy we konsert syýahatyny anons etdi
04.07.2025 18:56
4.9k+

BTS topary harby gullukdan soň ilkinji albomy we konsert syýahatyny anons etdi

BTS K-pop topary harby gulluk sebäpli ýüze çykan arakesmeden soň döredijilik işine gaýtadan başlady. Topar täze albomyň üstünde işläp başlandygyny we onuň reliziniň 2026-njy ýylyň ýazyna meýilleşdirilendigini aýtdy diýip, CNN habar berýär
Louis Vuitton 10 müň dollara halas ediş halkasynyň şekilinde ýantorba çykardy
04.07.2025 18:53
5.6k+

Louis Vuitton 10 müň dollara halas ediş halkasynyň şekilinde ýantorba çykardy

Louis Vuitton fransuz moda öýi halas ediş halkasynyň şekilinde üýtgeşik ýantorba hödürledi. Onuň bahasy 10 müň dollara barabar. Aksessuar wintaž stilindäki ýazgy bilen brendiň nusgawy reňkinde ýerine ýetirildi, bu hem ony tomusky obraz üçin tüýs laýyk edýär
Ýewropada Jaguar-yň satuwy rebrendingden we elektromobillere geçenden soň 98% pese gaçdy
04.07.2025 18:52
2.6k+

Ýewropada Jaguar-yň satuwy rebrendingden we elektromobillere geçenden soň 98% pese gaçdy

2025-nji ýylyň aprel aýynda Ýewropada Jaguar awtomobilleriniň satuwy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 97,5% pese gaçdy – bary-ýogy 49 ulag satyldy. Ýanwar aýyndan aprel aýy aralygynda brendiň satuwy 75,1% peselip, 2665 awtomobil boldy
Maýli Saýrus, Timoti Şalame we Demi Mur Golliwudyň “Şöhrat alleýasynda” ýyldyz alar
04.07.2025 18:47
3.6k+

Maýli Saýrus, Timoti Şalame we Demi Mur Golliwudyň “Şöhrat alleýasynda” ýyldyz alar

Demi Mur, Timoti Şalame, Emili Blant we Maýli Saýrus Los-Anjelesiň “Şöhrat alleýasynda” ýyldyza mynasyp bolar. Olaryň atlary 2026-njy ýylda öz gazananlaryny Golliwud alleýasynda ebedileşdirjek 33 adamyň sanawyna girdi diýip, The Hollywood Reporter habar berýär
Germaniýada awtoulaglara öň tormoz çyralaryny oturtmak teklip edildi? Bu näme üçin gerek?
04.07.2025 18:45
9.3k+

Germaniýada awtoulaglara öň tormoz çyralaryny oturtmak teklip edildi? Bu näme üçin gerek?

Gras Tehniki uniwersitetiniň we Bonndaky institutlaryň biriniň nemes alymlary tormoz çyralaryny diňe yzda däl, eýsem, awtoulaglaryň öňünde hem oturtmaklyk ýol howpsuzlygyny ep-esli ýokarlandyryp biler diýen netijä geldiler diýip, CarBuzz habar berýär
Netflix her tomaşaçy üçin film we treýler döretmäge niýetlenen EA esasly tehnologiýany patentleýär
04.07.2025 18:42
1.8k+

Netflix her tomaşaçy üçin film we treýler döretmäge niýetlenen EA esasly tehnologiýany patentleýär

Netflix emeli aň tehnologiýasy arkaly şahsylaşdyrylan treýlerleri we interaktiw filmleri döretmegiň üstünde işleýär. Muňa  kompaniýanyň täze patentleri şaýatlyk edýär diýip, Business Insider habar berýär. Dekabr aýynda berlen bir patentde her bir ulanyjy üçin şol bir filmiň treýlerleriniň dürli wersiýalaryny döretmegiň mümkindigi beýan edilýär
ABŞ-da elektromobilleriň köne batareýalarynda täze maglumat merkezi işledildi
04.07.2025 18:35
6k+

ABŞ-da elektromobilleriň köne batareýalarynda täze maglumat merkezi işledildi

Newada ştatynda ulanylan elektromobilleriň batareýalaryndan öndürilen energiýa saklaýyş ulgamy bilen işleýän maglumat merkezi açyldy. Taslama Redwood Materials we Crusoe kompaniýalary tarapyndan dört aýyň içinde amala aşyryldy diýip, Bloomberg habar berýär
Uelsiň paýtagtynda şäher seýilgähiniň aşagyndan bürünç asyrynyň mazary tapyldy
04.07.2025 18:32
6.3k+

Uelsiň paýtagtynda şäher seýilgähiniň aşagyndan bürünç asyrynyň mazary tapyldy

Britaniýanyň Kardiff şäherindäki Trelaý seýilgähiniň aşagyndan meýletinçi  arheologlar bürünç eýýamynyň mazaryny tapdylar. Tapyndylar takmynan b.e. öňki 1500-nji ýylda gurlan tegelek jaýyň gapdalyndan tapyldy. Bu bina bu ýerden iki ýyl ozal gazylyp tapylypdy
Şweýsariýada geljekdäki ýitgileriň öňüni almak üçin mikrob saklaýjy enjam döredilýär
04.07.2025 18:30
3.8k+

Şweýsariýada geljekdäki ýitgileriň öňüni almak üçin mikrob saklaýjy enjam döredilýär

Şweýsariýada Microbiota Vault Initiative - mikrob dürlüligini goramak üçin “mikrobiologik gämi” taslamasy durmuşa geçirilýär. Alymlary geljekde köp möhüm bakteriýalaryň adam bedeninden ýok bolup gitmeginiň mümkindigi alada goýýar
Alymlar howadan agyz suwuny alýan “gabarçakly örtük” döretdiler
04.07.2025 18:28
4.4k+

Alymlar howadan agyz suwuny alýan “gabarçakly örtük” döretdiler

Massaçusets Tehnologiýa institutynyň (MIT) alymlary aşa gurak şertlerde-de, mysal üçin Sahara çölünde ýa-da Ölüm jülgesinde (ABŞ-da ýerleşýär)  howadan agyz suwuny alyp bilýän enjamy döretdiler diýip, Live Science ýazýar
Kazyýet ulanyjylaryň maglumatlaryny birugsat ýygnandygy üçin Google-y 314 million dollar tölemäge borçly etdi
04.07.2025 18:11
4.9k+

Kazyýet ulanyjylaryň maglumatlaryny birugsat ýygnandygy üçin Google-y 314 million dollar tölemäge borçly etdi

Kaliforniýanyň kazyýet oturdaşlary Android enjamyndan ulanyjy maglumatlarynyň bikanun ýygnalmagy bilen bagly iş üçin Google kompaniýasyny 314 million dollar tölemäge borçly etdi diýip, Bloomberg habar berýär. Talap arzasyna görä, Alphabet Inc
Çehiýada giň gerimli tok öçmesi boldy: Pragada metro durdy, adamlar liftlerde galdy
04.07.2025 18:07
5.4k+

Çehiýada giň gerimli tok öçmesi boldy: Pragada metro durdy, adamlar liftlerde galdy

Çehiýada şu gün günortan töweregi giň gerimli tok öçmesi boldy diýip, «Novinky.cz» neşiri habar berýär. Tok öçmesi Praga şäheriniň köp bölegine, şeýle-de bäş sebite, şol sanda Mlada-Boleslawa, Usti-nad-Labeme we Grades-Kralowä hem täsir etdi
Tramp Ak tamyň howlusynda UFC çempionlyk tutluşygynyň geçiriljekdigini mälim etdi
04.07.2025 17:58
11k+

Tramp Ak tamyň howlusynda UFC çempionlyk tutluşygynyň geçiriljekdigini mälim etdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň öňündäki meýdançada UFC tutluşygyny geçirmegi meýilleşdirýändigini aýtdy. Bu barada ol ABŞ-nyň Garaşsyzlyk Jarnamasynyň kabul edilmeginiň 250 ýyllygyna taýýarlyk bilen baglanyşykly Aýowa ştatyndaky çykyşynda habar berdi
Taýson Fýuri Usik bilen üçünji söweşiniň senesini aýtdy
04.07.2025 17:08
10k+

Taýson Fýuri Usik bilen üçünji söweşiniň senesini aýtdy

Britaniýaly boksçy Taýson Fýuri Instagram-da 2026-njy ýylda ukrainaly Aleksandr Usik bilen üçünji gezek söweşjekdigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, söweş 18-nji aprelde Londondaky “Uembli” stadionynda geçiriler
Prada hindi şypbyklarynyň dizaýnyny ogurlamakda aýyplandy
04.07.2025 17:05
8.8k+

Prada hindi şypbyklarynyň dizaýnyny ogurlamakda aýyplandy

Prada italýan moda öýi hindi şypbyklarynyň dizaýnyny göçürmekde aýyplamalar bilen ýüzbe-ýüz boldy. Dawa Milanda erkekleriň Moda hepdeliginde brendiň täze kolleksiýasy görkezilenden soň başlady diýip, Daily Mail neşiri ýazýar
Daniýa dünýäde ilkinji bolup raýatlaryny dipfeýkden goramak üçin kanun kabul etdi
04.07.2025 12:19
6.5k+

Daniýa dünýäde ilkinji bolup raýatlaryny dipfeýkden goramak üçin kanun kabul etdi

Daniýa raýatlaryny dipfeýk tehnologiýasyndan goramak üçin giň gerimli kanunçylygy kabul eden ilkinji ýurt boldy. Täze kabul edilen kanun raýatlara öz sesine, daşky görnüşine hem-de sanly keşbine bolan aýratyn hukugy berýär diýip, «TechSpot» habar berýär
Raşid Meredow Owganystanyň wise-premýeriniň wezipesini ýerine ýetiriji bilen TOPH we TOP taslamalaryny maslahatlaşdy
04.07.2025 12:15
10k+

Raşid Meredow Owganystanyň wise-premýeriniň wezipesini ýerine ýetiriji bilen TOPH we TOP taslamalaryny maslahatlaşdy

3-nji iýulda daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti ykdysady meseleler boýunça Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetiriji Abdul Gani Baradar bilen duşuşyk geçirdi
Donald Trampyň gyzy kaşaň dynç alyş zolagyny gurmak üçin, Albaniýada ilatsyz adany satyn aldy
04.07.2025 12:09
21k+

Donald Trampyň gyzy kaşaň dynç alyş zolagyny gurmak üçin, Albaniýada ilatsyz adany satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidentiniň gyzy Iwanka Tramp bilen onuň ýoldaşy Jared Kuşner Albaniýadaky Sazani adasyny satyn aldy. Olar öňki sowet harby bazalarynyň ýerleşýän ýerinde 1,4 mlrd dollarlyk kaşaň dynç alyş zolagyny gurmagy meýilleşdirýärler diýip, «Daily Mail» ýazýar