21 ýaşly britaniýaly aýal ýekelikde Atlantika ummanyny kürekläp ýüzüp geçip, Ginnesiň rekordyny goýdy
04.07.2025 12:05
12k+

21 ýaşly britaniýaly aýal ýekelikde Atlantika ummanyny kürekläp ýüzüp geçip, Ginnesiň rekordyny goýdy

Beýik britaniýaly 21 ýaşly Zara Lahlan Atlantika ummanynyň üsti bilen Ýewropadan Günorta Amerika çenli ýekelikde ýüzüp geçen taryhda ilkinji aýal boldy. Şeýle hem ol kesekiniň kömegi bolmazdan we ýolda saklanmazdan, şeýle syýahaty amala aşyran iň ýaş zenandyr diýip, Ginnesiň rekordlar kitaby habar berýär
Sürülmedik Bugatti Bolide-i auksionda 6 million dollara goýdular
04.07.2025 11:56
6.2k+

Sürülmedik Bugatti Bolide-i auksionda 6 million dollara goýdular

Awgust aýynda 001 şassi belgili Bugatti Bolide giperkarynyň birinji nusgasy Gooding & Company tarapyndan auksiona çykarylar. Hünärmenleriň baha bermegine görä, onuň bahasy 6 million dollara ýetip biler. Bu awtoulag diňe ýaryş ýollarynda ulanmak üçin niýetlenendir
Toyota benzinli Grand Highlander-i çykarmak üçin elektromobilleriniň önümçiligini gijikdirýär
04.07.2025 11:54
7.1k+

Toyota benzinli Grand Highlander-i çykarmak üçin elektromobilleriniň önümçiligini gijikdirýär

Toyota benzin bilen işleýän meşhur Grand Highlander ulagynyň önümçiligini artdyrmak üçin ABŞ-da elektrik ulaglarynyň öndürilişini gijikdirýär diýip, Bloomberg habar berýär. Ýapon awtoulag öndürijisi Jorjtaun zawodynda (Kentukki ştaty) täze elektrikli wnedorožnigiň önümçiligine badalga bermegiň möhletini 2026-njy ýyldan 2028-nji ýyla geçirdi
Microsoft emeli aňa maýa goýmak üçin işçi güýjüniň 4%-ni azaldar. Bu 9 müň töweregi işgäre deň
04.07.2025 11:51
2k+

Microsoft emeli aňa maýa goýmak üçin işçi güýjüniň 4%-ni azaldar. Bu 9 müň töweregi işgäre deň

Microsoft 9000 töweregi iş ornuny ýa-da işçi güýjüniň 4%-ini azaldar. Bu 2025-nji ýylda işden çykarylyşygyň ikinji tolkunydyr we emeli aňa maýa goýumlaryny artdyrmagyň çäginde kompaniýanyň gurluşyny tertipleşdirmäge we çykdajylary azaltmaga gönükdirilendir
Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Raşid Meredowy kabul etdi
04.07.2025 11:29
9.7k+

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Raşid Meredowy kabul etdi

3-nji iýulda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi. Duşuşyk barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm taraplary ara alnyp maslahatlaşyldy
“Çelsi” 81 mln dollara braziliýaly hüjümçi Žoao Pedrony aldy
03.07.2025 23:14
9.7k+

“Çelsi” 81 mln dollara braziliýaly hüjümçi Žoao Pedrony aldy

Braziliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Žoao Pedro “Braýton end Houw Albiondan” Londonyň “Çelsisine” geçdi. Bu barada klubuň saýtynda resmi taýdan yglan edildi. 23 ýaşly oýunçy bilen şertnama 2033-nji ýyla çenli hereket edýär
Honor dünýäde iň inçe eplenýän smartfon Magic V5-i hödürledi
03.07.2025 23:09
3.4k+

Honor dünýäde iň inçe eplenýän smartfon Magic V5-i hödürledi

Honor kompaniýasy Hytaýda Magic V5 eplenýän smartfonyny hödürledi. Öndürijileriň aýtmagyna görä, ol dünýäde şeýle gurluşlaryň arasynda iň inçesidir. Dünýä derejesinde tanyşdyrylyşynyň 2025-nji ýylyň ahyryna çenli bolmagyna garaşylýar
Anhel Di Mariýa Ýewropadaky karýerasyny tamamlap, “Rosario Sentrala” gaýdyp bardy
03.07.2025 22:52
8.2k+

Anhel Di Mariýa Ýewropadaky karýerasyny tamamlap, “Rosario Sentrala” gaýdyp bardy

37 ýaşly argentinaly futbolçy Anhel Di Mariýa Ýewropadaky 18 ýyllyk karýerasyny tamamlaýandygyny we öz eziz kluby “Rosario Sentrala” gaýdyp barýandygyny habar berdi. Ýarymgoragçy professional karýerasyna bu klubda başlapdy
SpaceX kompaniýasy Falcon 9 raketasyny 500-nji gezek üstünlikli uçurdy
03.07.2025 22:41
2.2k+

SpaceX kompaniýasy Falcon 9 raketasyny 500-nji gezek üstünlikli uçurdy

SpaceX kompaniýasy Falcon 9 raketasynyň 500-nji uçuşyny üstünlikli geçirdi. Ýubileý uçuşy Florida ştatynyň Kanaweral burnundaky kosmodromdan amala aşyryldy. Raketa göterijisi Starlink hemralarynyň täze tapgyryny orbita çykardy
“Kalmar oýny” serialy tomaşa boýunça ýene Netflix-iň rekordyny döwdi
03.07.2025 22:36
6.4k+

“Kalmar oýny” serialy tomaşa boýunça ýene Netflix-iň rekordyny döwdi

“Kalmar oýny” serialynyň üçünji möwsümi Netflix-de täze rekord goýdy. Serial çykandan soň ilkinji üç günüň içinde 60,1 milliondan gowrak tomaşa ýygnady diýlip, platformanyň habarynda aýdylýar. Tomaşa etmegiň umumy wagty 368 mln sagatdan geçdi
Türkmenistanyň wekiliýeti Saud Arabystanynda Magtymgula bagyşlanan ylmy maslahat gurady
03.07.2025 18:36
3.4k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Saud Arabystanynda Magtymgula bagyşlanan ylmy maslahat gurady

22-26-njy iýun aralygynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Prezidenti A.Aşirowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad we Mekke şäherlerine iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler
Türkmenistan Parižde ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografiýa komissiýasynyň mejlisine gatnaşýar
03.07.2025 18:32
3.4k+

Türkmenistan Parižde ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografiýa komissiýasynyň mejlisine gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti 25-nji iýun – 3-nji iýul aralygynda ÝUNESKO-nyň Pariž şäherindäki ştab-kwartirasynda geçirilýän ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografiýa komissiýasynyň 33-nji Assambleýasyna gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler
Nissan hereketlendirijisindäki näsazlygy sebäpli 443 müňden gowrak ulagyny yzyna ýygnaýar
03.07.2025 18:27
4k+

Nissan hereketlendirijisindäki näsazlygy sebäpli 443 müňden gowrak ulagyny yzyna ýygnaýar

Nissan Motor Co. ýapon kompaniýasy hereketlendiriji bilen bagly näsazlyk sebäpli ABŞ-da 443 899 awtomobili yzyna gaýtarýar. Bu barada ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça milli edarasynyň (NHTSA) saýtynda habar berilýär
“Habbl” teleskopy Sowur ýyldyzlar toplumynda mawy öwüsýän dumanlygy surata düşürdi
03.07.2025 18:24
3.9k+

“Habbl” teleskopy Sowur ýyldyzlar toplumynda mawy öwüsýän dumanlygy surata düşürdi

Astronomlar “Habble” kosmos teleskopyny ulanmak bilen, Sowur ýyldyzlar toplumynda Ýerden takmynan 480 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýän yzyna serpikdiriji şöhleli GN 04.32.8 dumanlygyny surata aldylar. DG 41 diýlip hem atlandyrylýan bu ýyldyzlar topary molekulýar buludyň düzümindedir
Volkswagen howpsuzlyk ýassygyndaky kemçilik sebäpli 16 500 awtoulagy yzyna çagyrýar
03.07.2025 18:20
3.5k+

Volkswagen howpsuzlyk ýassygyndaky kemçilik sebäpli 16 500 awtoulagy yzyna çagyrýar

Volkswagen ýolagçy howpsuzlyk ýassygy ulgamyndaky kemçilik sebäpli dünýäde 16 510 ulagy yzyna çagyrmaklyga girişdi. Kompaniýada kemçiligiň gaz generatory bilen baglanyşyklydygyny, onuň çaknyşyk wagtynda zerur goragy üpjün edip bilmejekdigini habar berdiler
Doktor Sýuzyň ertekisi esasynda “Pişik” multfilminiň ilkinji treýleri hödürlendi
03.07.2025 18:17
2.2k+

Doktor Sýuzyň ertekisi esasynda “Pişik” multfilminiň ilkinji treýleri hödürlendi

Warner Bros. Animation “Pişik” (The Cat in the Hat) multfilminiň ilkinji treýlerini hödürledi. Ol Doktor Sýuzyň adybir ertekisiniň ekranlaşdyrmasydyr. Kinoteatrlarda premýera 2026-njy ýylyň 27-nji fewralyna meýilleşdirilýär
ABŞ-da Klublaýyn dünýä çempionatynda 2 million bilet satyldy, oýunlara ortaça 35 müň tomaşaçy barýar
03.07.2025 18:15
8k+

ABŞ-da Klublaýyn dünýä çempionatynda 2 million bilet satyldy, oýunlara ortaça 35 müň tomaşaçy barýar

Klublaýyn dünýä çempionatynyň oýunlaryna satylan biletleriň umumy sany 2 milliona ýetdi. Ýaryşyň her oýnuna ortaça 35 müň tomaşaçy gelýär. Bu barada žurnalist Kawe Solekol habar berdi. Ýaryşyň iň köp tomaşaçy ýygnan oýny toparlaýyn tapgyrda «Pari Sen-Žermen» bilen «Atletikonyň» (4:0) arasyndaky duşuşyk boldy — bu oýna 80 819 adam tomaşa etdi
“Barselona” Fati bilen täze şertnama baglaşyp, ony “Monako” kärendesine berdi
03.07.2025 18:04
6.1k+

“Barselona” Fati bilen täze şertnama baglaşyp, ony “Monako” kärendesine berdi

Ansu Fati “Barselona” bilen şertnamasyny 2028-nji ýylyň tomsuna çenli uzaltdy. Bu barada katalon klubunyň resmi saýtynda habar berilýär. Täze şertnama gol çekilenden soň, 22 ýaşly hüjümçi “Monako” kärendesine berildi
Italiýaly awtomehanik dünýäde iň insiz awtomobili döretdi
03.07.2025 17:58
16k+

Italiýaly awtomehanik dünýäde iň insiz awtomobili döretdi

Italiýaly mehanik Andrea Marassi dünýäde iň insiz işleýän awtomobili döretdi. Ol 1993-nji ýylyň Fiat Panda modelini esas hökmünde ulandy. Ulag üýtgedilenden soň, onuň ini ýarym metrden az boldy. Daşky görnüşi boýunça awtomobil adaty hetçbege däl-de, has dogrusy, karikatura meňzeýär
“Liwerpulyň” 28 ýaşly oýunçysy Diogu Žota ýol-ulag hadysasy netijesinde aradan çykdy
03.07.2025 17:54
14k+

“Liwerpulyň” 28 ýaşly oýunçysy Diogu Žota ýol-ulag hadysasy netijesinde aradan çykdy

Angliýanyň “Liwerpul” futbol klubunyň we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Diogu Žota ulag heläkçiliginiň netijesinde aradan çykdy. Futbolçy 28 ýaşyndady diýip, Marca neşiri habar berýär. Onuň bilen bilelikde heläkçilikde onuň 26 ýaşly jigisi Andre hem ýogaldy
Dubaýa aerotaksi hyzmatyny ýola goýmak üçin ilkinji köpçülikleýin Joby elektrik uçary gowşuryldy
03.07.2025 14:59
5.3k+

Dubaýa aerotaksi hyzmatyny ýola goýmak üçin ilkinji köpçülikleýin Joby elektrik uçary gowşuryldy

Joby Aviation kompaniýasy Dubaýa özüniň ilkinji köpçülikleýin dik uçuş we gonuş elektrik uçaryny (eVTOL) iberdi. Aerotaksiniň täjirçilik hyzmaty 2026-njy ýylyň başyna meýilleşdirilýär. Häzir kompaniýa birnäçe uçuş synaglaryny tamamlap, logistikany işlemäge girişdi
Sukerberg Meta-da “super aňy” işläp düzmek üçin täze bölümçe döretdi
03.07.2025 14:58
2.7k+

Sukerberg Meta-da “super aňy” işläp düzmek üçin täze bölümçe döretdi

Meta-nyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg indiki nesliň emeli aňyny ösdürmek bilen meşgullanjak täze bölümçäniň – Meta Superintelligence Labs-yň (MSL) döredilendigini habar berdi. Bu bölümçä Scale AI-iň öňki ýolbaşçysy Aleksandr Wan we GitHub-yň öňki ýolbaşçysy Net Fridman ýolbaşçylyk eder
Bilermenler smartfonlar üçin iň gowy emeli aňy deňeşdirip saýladylar
03.07.2025 14:56
3.5k+

Bilermenler smartfonlar üçin iň gowy emeli aňy deňeşdirip saýladylar

Mrwhosetheboss YouTube kanaly smartfonlar üçin meşhur emeli aň çat-botlaryny deňeşdirdi: ChatGPT, Google Gemini (2.5 Pro), Perplexity Pro we Grok 3. Synagyň maksady dürli ýagdaýlarda haýsysynyň has täsirli işleýändigini anyklamakdy
Xiaomi-niň HyperOS 3 operasion ulgamy Apple-yň Liquid Glass stilinde çykarylar
03.07.2025 14:54
2.1k+

Xiaomi-niň HyperOS 3 operasion ulgamy Apple-yň Liquid Glass stilinde çykarylar

Xiaomi özüniň operasion ulgamynyň uly täzelenmesini – HyperOS 3-i taýýarlaýar. Täzelenmäniň Xiaomi 16 smartfonlar hatary bilen bilelikde 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda hödürlenmegine garaşylýar. Weibo platformasyndaky Digital Chat Station atly insaýder tarapyndan paýlaşylan maglumatlara görä, HyperOS 3-üň esasy aýratynlyklaryndan biri Liquid Glass stilindäki täze dizaýn bolar
Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
03.07.2025 14:47
4.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko we ýurduň ähli halkyna Belarus Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Döwlet Baştutany gutlag hatynda döwletara gatnaşyklaryň geljekde hem halklarymyzyň bähbidine pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi
Windows ulanyjylarynyň sany üç ýylda 400 million azaldy
03.07.2025 14:39
2.2k+

Windows ulanyjylarynyň sany üç ýylda 400 million azaldy

Microsoft korporasiýasy golaýda Windows ulgamynyň 1 milliarddan gowrak işjeň enjamda işleýändigini habar berdi diýip, «Forbes» ýazýar. Emma kompaniýanyň 2022-nji ýyl boýunça ýyllyk hasabatyna görä, bu görkeziji öň 1,4 milliarddan geçýärdi
ABŞ-da “tirannozawrlaryň” ýyllyk ýaryşy geçirildi
03.07.2025 14:36
6.3k+

ABŞ-da “tirannozawrlaryň” ýyllyk ýaryşy geçirildi

Waşington amerikan ştatynda tirannozawrlaryň ýel berilýän eşiklerini geýen adamlaryň arasynda ylgaw boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Bu barada CBS News habar berýär. Çäre Emerald Downs aýlawynda geçirildi. Oňa 300-den gowrak adam gatnaşdy
Toyota kompaniýasy Prius modeliniň ýörite görnüşini çykardy
03.07.2025 14:31
5.8k+

Toyota kompaniýasy Prius modeliniň ýörite görnüşini çykardy

Toyota kompaniýasy Night Shade (“Gijeki kölege”) ady bilen Prius gibridiniň ýörite görnüşini çykardy. Awtomobil bamperlerinde gara goşundylara, gara gapy tutarlaryna, alýumin disklere we garaldylan nyşanlara eýe boldy
Lotereýadaky tehniki näsazlyk sebäpli müňlerçe norwegiýaly “millioner” boldy
03.07.2025 14:26
8.2k+

Lotereýadaky tehniki näsazlyk sebäpli müňlerçe norwegiýaly “millioner” boldy

Eurojackpot ulgamyndaky tehniki näsazlyk sebäpli Norwegiýanyň onlarça müň ýaşaýjysy millioner bolandyryn öýdüp, emosional tolgunmany başdan geçirdi. Olar Norsk Tipping programmasynda hakyky utuşdan birnäçe müň esse ýokary bolan utuşy gördi
Belgiýada 10 500 ýyl mundan ozal ýaşan aýalyň ýüz keşbi gaýtadan dikeldildi
03.07.2025 14:24
10k+

Belgiýada 10 500 ýyl mundan ozal ýaşan aýalyň ýüz keşbi gaýtadan dikeldildi

Gent uniwersitetiniň alymlary hudožnikler bilen bilelikde häzirki Belgiýanyň çäginde, takmynan, 10 500 ýyl mundan ozal – mezolit eýýamynda ýaşan aýalyň ýüz keşbini gaýtadan dikeltdi. Onuň galyndylary 35 ýyldan gowrak wagt ozal Dinantyň golaýyndaky Margo gowagynda tapyldy
BSGG ýalňyzlygy saglyk we jemgyýet üçin global howp diýip ykrar etdi
03.07.2025 14:22
3k+

BSGG ýalňyzlygy saglyk we jemgyýet üçin global howp diýip ykrar etdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň sosial aragatnaşyk boýunça komissiýasy ýalňyzlygyň we sosial üzňeligiň ýaýrawy barada hasabat hödürledi. Hünärmenleriň hasaby boýunça, her altynjy adam diýen ýaly ýiti ýalňyzlyk duýgusyny başdan geçirýär, bu gönüden-göni saglygyň ýaramazlaşmagy bilen baglanyşyklydyr
Britaniýanyň patyşa maşgalasy ýokary çykdajylar sebäpli öz otlusyny ulanmagyny bes eder
03.07.2025 11:18
14k+

Britaniýanyň patyşa maşgalasy ýokary çykdajylar sebäpli öz otlusyny ulanmagyny bes eder

Britaniýanyň patyşa maşgalasy 2027-nji ýyla çenli dokuz wagondan ybarat patyşalyk otlusyndan ýüz öwürmegi meýilleşdirýär diýip, Sky News habar berýär. Munuň sebäbi tehniki hyzmat üçin şertnamanyň möhletiniň tamamlanmagy we otlyny saklamak üçin çykdajylaryň ýokary bolmagy boldy
Donald Tramp "Victory 45-47" ady bilen öz atyryny çykardy
03.07.2025 11:14
8.4k+

Donald Tramp "Victory 45-47" ady bilen öz atyryny çykardy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Victory 45-47 ady bilen öz atyr hatarynyň satuwa çykarylandygyny habar berdi. Atyrlar onuň 2016-njy we 2024-nji ýyllarda geçirilen Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňişleriniň şanyna döredildi (Tramp Ak tamyň hasap boýunça 45-nji we 47-nji ýolbaşçysy boldy)
Volkswagen, BMW we Mercedes sürüjisiz awtoulaglar üçin umumy programma üpjünçiligini döreder
03.07.2025 10:54
5.7k+

Volkswagen, BMW we Mercedes sürüjisiz awtoulaglar üçin umumy programma üpjünçiligini döreder

Volkswagen, BMW, Mercedes-Benz we başga-da Germaniýanyň sekiz kompaniýasy, şol sanda Bosch we ZF awtoulaglar üçin umumy programma üpjünçiligini döretmek boýunça özara düşünişmek baradaky ähtnama gol çekişdiler
Jeep Compass 2026 markanyň Ýewropadaky iň aerodinamik wnedorožnigine öwrüldi
03.07.2025 10:49
3.1k+

Jeep Compass 2026 markanyň Ýewropadaky iň aerodinamik wnedorožnigine öwrüldi

Jeep markanyň Ýewropa bazary üçin iň aerodinamik wnedorožnigine öwrülen täzelenen Compass 2026-ny hödürledi. Täze krossoweriň aerodinamik garşylygynyň koeffisiýenti 0,29 bolup, bu öňki nesilden 10% gowudyr. Kämilleşdirilen
Türkmenistanyň we Merkezi Afrika Respublikasynyň daşary işler ministrleri LLDC 3 boýunça maslahatlaşdylar
03.07.2025 10:33
3.4k+

Türkmenistanyň we Merkezi Afrika Respublikasynyň daşary işler ministrleri LLDC 3 boýunça maslahatlaşdylar

2-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Merkezi Afrika Respublikasynyň daşary işler, frankofoniýa we daşary ýurtdaky merkezi afrikalylaryň işleri boýunça ministri Silwi Baýpo Temonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
Maýkl Jordanyň goly goýlan kartoçka 2,5 mln dollara satyldy
03.07.2025 10:29
4.3k+

Maýkl Jordanyň goly goýlan kartoçka 2,5 mln dollara satyldy

Basketbolçy Maýkl Jordanyň awtografy bolan “Fleer Michael Jordan rookie card” toplumyndan kolleksiýa kartoçkasy Joopiter auksionynda 2,5 mln dollara satyldy. Bu barada ESPN habar berýär. Bu Maýkl Jordanyň üçünji iň gymmat kartoçkasy boldy
Iliýa Topuriýa UFC-niň iň gowy söweşijileriniň umumy reýtinginde Islam Mahaçewden öňe geçdi
03.07.2025 10:25
13k+

Iliýa Topuriýa UFC-niň iň gowy söweşijileriniň umumy reýtinginde Islam Mahaçewden öňe geçdi

UFC Las-Wegasda (ABŞ) geçen dynç günleri geçirilen UFC 317 ýaryşyndan soň iň gowy söweşijileriň reýtingini täzeledi. Gruziýadan ýeňil agramda (70 kg çenli) çempion Iliýa Topuriýa UFC-niň Pound-For-Pound (agram derejesine garamazdan) umumy reýtinginiň başyna geçdi, ol birinji orundan russiýaly Islam Mahaçewi gysyp çykardy
Raşid Meredow Malawiniň daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
03.07.2025 10:23
1.6k+

Raşid Meredow Malawiniň daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

2-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Malawi Respublikasynyň daşary işler ministri Nensi Tembo bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we mundan beýläk hem ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar
Raşid Meredow we Murat Nurtleu Awazada geçiriljek halkara maslahata taýýarlygy maslahatlaşdylar
03.07.2025 10:19
4.7k+

Raşid Meredow we Murat Nurtleu Awazada geçiriljek halkara maslahata taýýarlygy maslahatlaşdylar

2-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystanyň daşary işler ministri Murat Nurtleu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär