Redmi smartfonlar we konsollar üçin oýun geýmpadyny hödürledi
Redmi kompaniýasy mobil oýunlaryna gönükdirilen hususy oýun kontrollerini çykarmaga taýýarlanýar. Bu barada Xiaomi-niň önüm menejeri Bao So Li salgylanyp, Gizmochina habar berýär. Täze gurluş Bluetooth birikmesini goldaýar, bu hem ony diňe bir smartfonlar we planşetler däl, eýsem oýun konsollary bilen hem ulanmaga mümkinçilik berýär