Russiýa Alsgeýmer keselini irki döwründe anyklamagyň täze usulyny patentledi
17.06.2025 10:30
1.8k+

Russiýa Alsgeýmer keselini irki döwründe anyklamagyň täze usulyny patentledi

Permiň milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) barlagçylary Alsgeýmer keselini irki döwründe anyklamagyň täze usulyny patentlediler. Bu barada uniwersitetiň metbugat gullugyna salgylanýan TASS habar berdi
Dubaýda dünýäde ýeke-täk Pagani Zonda Mileson giperkary görkezilýär. Onuň bahasy 10 million dollar
17.06.2025 10:28
5.7k+

Dubaýda dünýäde ýeke-täk Pagani Zonda Mileson giperkary görkezilýär. Onuň bahasy 10 million dollar

Pagani Zonda Mileson giperkarynyň ýeke-täk nusgasy Dubaýdaky F1rst Motors sergi zalynda görkezilýär. Bu model milliarderiň ogly Maýlz Gonuň şahsy sargydy bilen 2016-njy ýylda çykaryldy. Awtoulagyň bahasy 10 million dollardan gowrak
Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda oba hojalyk işleriniň barşy boýunça iş maslahatyny geçirdi
17.06.2025 00:14
6.4k+

Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda oba hojalyk işleriniň barşy boýunça iş maslahatyny geçirdi

16-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy
Ronaldu Esports World Cup kibersport ýaryşynyň ilçisi boldy
17.06.2025 00:00
8.2k+

Ronaldu Esports World Cup kibersport ýaryşynyň ilçisi boldy

Kriştianu Ronaldu kibersport boýunça iň uly ýaryş bolan Esports World Cup (EWC) ýaryşynyň global ilçisi boldy. Bu barada ýaryşyň guramaçylary we futbolçynyň özi sosial toruna habar berdi. «Men Esports World Cup
Alenka Suhadolnik Sloweniýanyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine girişdi
16.06.2025 18:42
5.3k+

Alenka Suhadolnik Sloweniýanyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine girişdi

16-njy iýunda Sloweniýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Alenka Suhadolnik Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada milli parlamentiň metbugat gullugy habar berýär
Toyota Highlander-iň täze nesli Hytaýda işlenip taýýarlanar
16.06.2025 18:35
10k+

Toyota Highlander-iň täze nesli Hytaýda işlenip taýýarlanar

Toyota geljek ýyl Highlander krossoweriniň täze neslini çykarmagy meýilleşdirýär. Bu model Hytaýda işlenip düzüler.  Sienna awtoulagynyň indiki wersiýasy hem HHR-de şuňa meňzeş görnüşde dörediler diýip, CarNewsChina habar berýär
Türkmenistan Eýrandan gelýän daşary ýurt raýatlary üçin serhetlerini açdy
16.06.2025 18:16
23k+

Türkmenistan Eýrandan gelýän daşary ýurt raýatlary üçin serhetlerini açdy

Türkmenistan Ýakyn Gündogarda emele gelen ýagdaý bilen baglylykda Eýranyň çäginde bolan daşary ýurtly diplomatlaryň we olaryň maşgala agzalarynyň, şeýle hem beýleki raýatlaryň çykmagy üçin öz çäginiň berilmegi boýunça dessin çäreler görýär
Türkmen biržasy geçen hepdäniň söwdalarynyň netijelerini mälim etdi
16.06.2025 18:06
3.5k+

Türkmen biržasy geçen hepdäniň söwdalarynyň netijelerini mälim etdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 283 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 48-si hasaba alyndy. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär
Xiaomi kompaniýasy Xring O1 çibi we 12 160 mA/sag batareýasy bilen Pad 7S Pro planşetini anons etdi
16.06.2025 18:04
1.8k+

Xiaomi kompaniýasy Xring O1 çibi we 12 160 mA/sag batareýasy bilen Pad 7S Pro planşetini anons etdi

Xiaomi kompaniýasy Pad 7S Pro planşetiniň – Pad 7 Ultra flagman modeliniň kiçi wersiýasynyň tiz wagtdan çykjakdygyny tassyklady. Gizmochina-nyň habar bermegine görä, täze planşet uly modeliň birnäçe aýratynlyklaryna, şol sanda hususy Xring O1 çipsetine eýe bolar
Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry "Gurbannazar Ezizow" sazly sahnasynyň ilkinji görkezilişine taýýarlanýar
16.06.2025 17:48
5.9k+

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry "Gurbannazar Ezizow" sazly sahnasynyň ilkinji görkezilişine taýýarlanýar

Mahtumguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda beýik türkmen şahyry Gurbannazar Ezizowyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan “Gurbannazar Ezizow” atly sahna eseriň ilkinji görkezilişine taýýarlyk görülýär
Robert Eggers ýazyjy Dikkensiň “Roždestwo aýdymynyň” esasynda gorkunç film taýýarlaýar
16.06.2025 17:37
2.1k+

Robert Eggers ýazyjy Dikkensiň “Roždestwo aýdymynyň” esasynda gorkunç film taýýarlaýar

Warner Bros. Çarlz Dikkensiň “Roždestwo aýdymy” (Рождественская песнь) powestiniň täze ekranlaşdyrmasynyň üstünde işläp başlady. Filmi döretmek bilen “Jadygöý” (Ведьма) we “Nosferatu” (Носферату) ýaly üstünlikli horrorlar bilen tanalýan Robert Eggers meşgullanar
«Gök gürrüldedijiler*» filmi önümçilik çykdajylaryny ödäp bilmedi
16.06.2025 17:33
4.6k+

«Gök gürrüldedijiler*» filmi önümçilik çykdajylaryny ödäp bilmedi

«Gök gürrüldedijiler*» (Громовержцы*) kinokomiksi dünýä boýunça prokatda 371 million dollar gazandy we önümçilik çykdajylaryny ödäp bilmedi. Bu barada «Variety» neşiri habar berýär. Neşiriň bellemegine görä, kassadaky gazançlara görä bu film Marvel kinoälemindäki iň şowsuz filmleriň biri boldy
Meta kompaniýasy EA maglumat merkezlerini geotermal energiýa bilen üpjün eder
16.06.2025 17:31
1.2k+

Meta kompaniýasy EA maglumat merkezlerini geotermal energiýa bilen üpjün eder

Meta kompaniýasy XGS Energy bilen geotermal tehnologiýalar arkaly öndürilýän uglerod taýdan bitarap 150 megawattlyk elektrik energiýasyny üpjün etmek boýunça şertnama baglaşdy. Bu energiýa kompaniýanyň Nýu-Meksiko ştatyndaky (ABŞ) emeli aň bilen baglanyşykly maglumatlary işläp taýýarlaýan maglumat merkezlerinde peýdalanylar
Messi we NFL-iň ýyldyzy Mahoums adidas-yň ruhlandyryjy wideosyna düşdi
16.06.2025 17:29
8.5k+

Messi we NFL-iň ýyldyzy Mahoums adidas-yň ruhlandyryjy wideosyna düşdi

“Inter Maýaminiň” argentinaly futbolçysy Lionel Messi we NFL-iň (National Football League) oýunçysy, “Kanzas-Siti Çifsiň” kwoterbegi Patrik Mahoums adidas-yň wideosynyň gahrymanlary boldy. Wideoda türgenler sport zalyndaky ylgaw trenažýorynda ylgaýar
Renault Trucks we Kleuster elektrik ýük welosipedini döretdi
16.06.2025 17:21
5.6k+

Renault Trucks we Kleuster elektrik ýük welosipedini döretdi

Renault Trucks we Kleuster şäher logistikasy üçin niýetlenen Kleuster 350 kysymly elektrik ýük welosipedini hödürlediler. Bu modeliň önümçiligi Fransiýanyň Wenisýo şäherindäki Renault Trucks zawodynda ýola goýuldy
2025-nji ýylyň maý aýy umman gözegçiliginiň taryhynda ikinji iň yssy aý boldy
16.06.2025 14:19
7.8k+

2025-nji ýylyň maý aýy umman gözegçiliginiň taryhynda ikinji iň yssy aý boldy

2025-nji ýylyň maý aýynda dünýä ummanynyň üstüniň ortaça temperaturasy 20,79 gradus boldy – bu gözegçiligiň taryhynda ikinji iň ýokary görkezijidir diýip, Ýewropanyň Copernicus gullugy habar berýär. 2024-nji ýylyň maý aýynda goýlan rekord dereje bu görkezijiden bary-ýogy 0,14 gradus ýokarydy
Labubu oýnawaçlarynyň üstünligi Pop Mart-yň eýesini iň baý hytaýlylaryň birine öwürdi
16.06.2025 14:17
5.5k+

Labubu oýnawaçlarynyň üstünligi Pop Mart-yň eýesini iň baý hytaýlylaryň birine öwürdi

Labubu oýnawaçlarynyň meşhurlygy Pop Mart kompaniýasynyň eýesi Wan Nini Hytaýyň iň baý on adamynyň birine öwürdi. Forbes-iň maglumatlaryna görä, häzir onuň baýlygy 22,7 mlrd dollara barabar. Oýnawaçlara bolan isleg kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasynyň 34 dollardan 270 dollara çenli ýokarlanmagyna getirdi
Gattuzo Italiýanyň milli futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy
16.06.2025 14:15
3.4k+

Gattuzo Italiýanyň milli futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Italiýanyň futbol federasiýasy (FIGC) resmi saýtynda Jennaro Gattuzonyň milli toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenendigini habar berdi. 47 ýaşly hünärmen 19-njy iýunda, penşenbe güni “Skuadra adzurranyň” tälimçisi hökmünde tanyşdyrylar
Jorj Rassell Kanadanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy, Antonelli ilkinji gezek münbere çykdy
16.06.2025 14:13
2.3k+

Jorj Rassell Kanadanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy, Antonelli ilkinji gezek münbere çykdy

“Mersedes” toparynyň britaniýaly sürüjisi Jorj Rassell “Formula-1” dünýä çempionatynyň onunjy tapgyry bolan Kanadanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy. Ýaryş Monrealdaky Žil Wilnýow adyndaky awtodromda geçirildi. Bu Rasselliň karýerasynda dördünji ýeňşi boldy
Audi benzin hereketlendirijili Q6 krossowerini gaýtadan işlemäge taýýarlanýar. Ol 2026-njy ýyla çenli Hytaýda çykar
16.06.2025 13:45
4.4k+

Audi benzin hereketlendirijili Q6 krossowerini gaýtadan işlemäge taýýarlanýar. Ol 2026-njy ýyla çenli Hytaýda çykar

Audi kompaniýasy Hytaý bazary üçin Q6 krossoweriniň täzelenen görnüşini taýýarlaýar. Ýewropanyň elektrikli Q6 e-tron-yndan tapawutlylykda, hytaý modeli benzin hereketlendirijisini alar we Volkswagen Golf-da we Audi A3-de hem ulanylýan uzaldylan MQB Evo platformasynda gurlar
Jon Lennonyň Pol Makkartniniň hor çekişinden zeýrenýän haty auksiona çykarylar
16.06.2025 13:43
3.8k+

Jon Lennonyň Pol Makkartniniň hor çekişinden zeýrenýän haty auksiona çykarylar

Londondaky Christie’s auksion öýi Jon Lennonyň geljekki aýaly Sintiýa ýazan söýgi hatyny auksiona goýdy. Bu hat 1962-nji ýylyň aprelinde, The Beatles toparynyň Star-Club klubunda çykyş edýän ýeri bolan Gamburgda ýazylypdyr
Kanadaly pensioner bir ýylda üç gezek lotereýada utup, takmynan, 2,5 million dollar aldy
16.06.2025 13:38
5.1k+

Kanadaly pensioner bir ýylda üç gezek lotereýada utup, takmynan, 2,5 million dollar aldy

Kanadanyň Alberta welaýatyndan pensioner Dewid Serkin bir ýylda üç gezek lotereýada utup, jemi 2,5 million dollar gazandy. Bu barada The Guardian neşiri gürrüň berýär. Serkin 1982-nji ýyldan bäri lotereýa oýnaýar
Ekspedisiýa Hazar deňzinde adanyň peýda bolandygyny tassyklady, ýöne oňa düşlemek başa barmady
16.06.2025 13:32
13k+

Ekspedisiýa Hazar deňzinde adanyň peýda bolandygyny tassyklady, ýöne oňa düşlemek başa barmady

Alymlar Hazar deňziniň demirgazygynda täze adanyň peýda bolandygyny öz gözleri bilen görüp tassykladylar, emma häzirlikçe ol ýere düşläp bolmady diýip, Live Science habar berýär. Hazar deňzi Ýewropa bilen Aziýanyň serhedinde ýerleşip, takmynan, 371 000 inedördül kilometr meýdany tutýan “dünýäniň iň uly ýapyk suw howdany”
Alymlar indi-indi parasetamolyň nähili işleýändigini anykladylar
16.06.2025 13:28
10k+

Alymlar indi-indi parasetamolyň nähili işleýändigini anykladylar

Parasetamol dünýäde iň köp ulanylýan agyryny aýryjy dermanlaryň biridir. Ony kellagyryda, gyzgyn galanda we beýleki agyrylarda ulanýarlar. Bu derman ilkinji gezek 1878-nji ýylda sintez edildi, ýöne alymlar onuň nähili işleýändigine indi doly düşünip bildiler diýip, IFL Science habar berýär
Burunda işdäniň gözegçiligine täsir edýän reseptorlar tapyldy
16.06.2025 13:25
2.6k+

Burunda işdäniň gözegçiligine täsir edýän reseptorlar tapyldy

Ýewropaly neýrofiziologlar burnuň ys alyş epiteliýsinde iýmitiň ysyny alanda doýmak duýgusyny güýçlendirýän reseptorlaryň aýratyn kategoriýasyny tapdylar. Garramagyň biologiýasy instituty (Germaniýa) bu neýronlarda bökdençligiň ýüze çykmagy artykmaç iýmeklige we semremeklige getirip biljekdigini ýüze çykardy
Ýaponiýadaky iň gadymy «adam galyndylary» aslynda adama degişli däl eken
16.06.2025 13:14
6.1k+

Ýaponiýadaky iň gadymy «adam galyndylary» aslynda adama degişli däl eken

1950-nji ýyllarda Ýaponiýanyň merkezindäki Toýohasi şäheriniň golaýynda arheologlar birnäçe gadymy süňkleri – bir egin süňki bilen but süňküniň bir bölegini tapdylar. Şol wagt olar iň gadymy adam galyndylary hökmünde kesgitlenip, ýaşy 20 müň ýyl diýlip çaklanypdy
Deňiz hyýarlaryndaky şeker rak keseliniň ösüşi bilen bagly fermenti petikleýär
16.06.2025 13:11
5.3k+

Deňiz hyýarlaryndaky şeker rak keseliniň ösüşi bilen bagly fermenti petikleýär

Amerikaly alymlar deňiz hyýarlarynyň düzüminde rak öýjükleriniň ösüşine gatnaşýan fermenti böwetläp bilýän maddany ýüze çykardylar. Onuň artykmaçlygy ozal öwrenilen birleşmelerden tapawutlylykda, adam organizmi üçin howpsyz bolmagydyr
“Bawariýa” Klublaýyn dünýä çempionatynyň birinji oýnunda “Oklend Sitä” garşy 10 gol geçirdi
16.06.2025 12:53
7.1k+

“Bawariýa” Klublaýyn dünýä çempionatynyň birinji oýnunda “Oklend Sitä” garşy 10 gol geçirdi

Mýunheniň “Bawariýasynyň” futbolçylary Klublaýyn dünýä çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň birinji oýnunda täze Zelandiýanyň “Oklend Siti” toparyny 10:0 hasabynda utdy. Oýun Sinsinnatide geçirildi. 61-nji minutda meýdança çykan Jamal Musiala üç gol geçirdi
Türkmenistanyň Kazyýetleriniň kararlary esasynda gozgalmaýan emläkler satylýar
16.06.2025 12:06
14k+

Türkmenistanyň Kazyýetleriniň kararlary esasynda gozgalmaýan emläkler satylýar

Türkmenistanyň Kazyýetleriniň kararlary esasynda jemagat öňünde söwda etmek arkaly ýaşaýyş jaýlary, öýler we beýleki desgalaryň görnüşleri satylýar. Satlyga çykarylan jaýlar we beýleki desgalar, olaryň bahalary, umumy meýdany we ş
Karl III 1200-den gowrak adama rysarlyk derejesini berdi we atlar bilen sylaglady
16.06.2025 11:49
5.5k+

Karl III 1200-den gowrak adama rysarlyk derejesini berdi we atlar bilen sylaglady

1215 adam Beýik Britaniýanyň patyşasy Karl III-niň doglan güni mynasybetli baýraklara mynasyp boldy. Olaryň arasynda futbolçy Dewid Bekhem, aktýor Geri Oldman, The Who toparynyň agzasy Rojer Doltri we ýazyjy Pet Barker bar diýip, The Guardian habar berýär
Arman Dýuplantis şestli bökmekde 12-nji gezek dünýä rekordyny täzeledi
16.06.2025 11:05
4.4k+

Arman Dýuplantis şestli bökmekde 12-nji gezek dünýä rekordyny täzeledi

Iki gezek Olimpiýa çempiony Arman Dýuplantis şestli bökmekde täze dünýä rekordyny goýdy. Bu Stokgolmda geçirilen “Brilliant ligasy” tapgyrynda bolup geçdi. Ol ýaryşda 6,00 metr netije bilen ýeňiş gazandy, soňra birinji synanyşykda 6,28 metr beýiklikden geçdi
+44 gradusa çenli yssy bolar: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty
16.06.2025 07:43
12k+

+44 gradusa çenli yssy bolar: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda az bulutly, hepdäniň ahyrynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 10 — 13 metrden 14 — 16 metre ýetýän şemal öwser
Norwegiýaly Warholm taryhda ilkinji bolup päsgelçilikli 300 m aralygy 33 sekuntdan tiz ylgap geçdi
15.06.2025 23:00
5.2k+

Norwegiýaly Warholm taryhda ilkinji bolup päsgelçilikli 300 m aralygy 33 sekuntdan tiz ylgap geçdi

Norwegiýaly Karsten Warholm Osloda geçirilen “Bişletdäki oýunlarda” päsgelçilikli 300 metr aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy. Ol taryhda ilkinji bolup bu aralygy 33 sekuntdan tiz ylgap geçdi – onuň netijesi 32,67 sekunt boldy
Daniýanyň Novo Nordisk farmasewtik kompaniýasy ýene Ýewropanyň iň gymmat kompaniýasy boldy
15.06.2025 22:49
4.2k+

Daniýanyň Novo Nordisk farmasewtik kompaniýasy ýene Ýewropanyň iň gymmat kompaniýasy boldy

Daniýanyň Novo Nordisk farmasewtik kompaniýasy Germaniýanyň programma üpjünçiligini işläp düzüji kompaniýasy SAP SE-den öňe geçip, Ýewropanyň iň gymmat jemgyýetçilik kompaniýasy adyny gaýtaryp aldy. Bu barada Bloomberg ýazýar
Raşid Meredow we Kaha Imnadze BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisine taýýarlyk meselelerini maslahatlaşdy
15.06.2025 22:40
4.6k+

Raşid Meredow we Kaha Imnadze BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisine taýýarlyk meselelerini maslahatlaşdy

14-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň (UNRCCA) ýolbaşçysy Kaha Imnadzeniň arasynda duşuşyk geçirildi
38 ýaşly Kamaru Usman UFC on ESPN 69 ýaryşynda Hoakin Bakliden üstün çykdy
15.06.2025 22:33
10k+

38 ýaşly Kamaru Usman UFC on ESPN 69 ýaryşynda Hoakin Bakliden üstün çykdy

15-nji iýunda Atlantada (ABŞ) UFC on ESPN 69 ýaryşy geçirildi. Agşamyň esasy wakasy UFC-niň öňki çempiony nigeriýaly Kamaru Usman bilen amerikaly Hoakin Bakliniň arasynda ýarym orta agramda geçirilen söweş boldy
Netflix “Kalmar oýnunyň” üçünji möwsüminiň soňky treýlerini görkezdi
15.06.2025 22:32
4.7k+

Netflix “Kalmar oýnunyň” üçünji möwsüminiň soňky treýlerini görkezdi

Netflix “Kalmar oýny” serialynyň üçünji möwsüminiň soňky treýlerini hödürledi. Täze bölümleriň premýerasy 27-nji iýunda bolar. Wideoda baş gahryman Gi-Hun öňki oýunlary ýadyna salyp, dostlarynyň ölüminde we öz ýalňyşlyklarynda özüni günäkär hasaplaýar
Google kompaniýasy Android 16-ny resmi taýdan çykardy: smartfonlarda nämeler üýtgeýär?
15.06.2025 15:34
4.9k+

Google kompaniýasy Android 16-ny resmi taýdan çykardy: smartfonlarda nämeler üýtgeýär?

Google resmi taýdan Android 16-ny çykardy. Ilki bilen bu täzelenmä Pixel 6 we Pixel 6 Pro modellerinden başlap, Pixel smartfonlary we planşetleri eýe bolar. Soňra bu enjamlaryň sanawyna Samsung ýaly beýleki brendleriň enjamlary hem goşular diýip, «Lifehacker» ýazýar
Disney we NBCUniversal öz personažlaryny ulanandygy üçin neýroulgamy kazyýete berdi
15.06.2025 15:33
5.2k+

Disney we NBCUniversal öz personažlaryny ulanandygy üçin neýroulgamy kazyýete berdi

The Walt Disney Company we NBCUniversal kinokompaniýalary Los-Anjelesiň federal kazyýetine emeli aňyň kömegi bilen şekil döretmek bilen meşgullanýan Midjourney startapyna garşy şikaýat arzasyny berdi. Bu barada The New York Times habar berýär
Kanadaly alymlar Gobi çölünde tirannozawryň täze görnüşini açdy
15.06.2025 15:27
6k+

Kanadaly alymlar Gobi çölünde tirannozawryň täze görnüşini açdy

Kanadaly paleontologlar dinozawrlaryň Tyrannosaurus rex-e ýakyn bolan täze görnüşini açdy. ABC-niň alymlara salgylanyp habar bermegine görä, gürrüň 1970-nji ýyllarda Mongoliýadaky Gobi çölünde tapylan skeletler barada gidýär