Ilon Mask Tesla-nyň baş direktorlygyndan aýrylmagy meýilleşdirmeýär
25.05.2025 19:08
6.3k+

Ilon Mask Tesla-nyň baş direktorlygyndan aýrylmagy meýilleşdirmeýär

«Tesla» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ilon Mask özüniň baş direktorlyk wezipesinden çekilmegi meýilleşdirmeýändigini mälim etdi. Ol täze baş direktoryň diňe onuň aradan çykmagy bilen gelip biljekdigini aýtdy diýip, «Carscoops» habar berýär
MrBeast öz taslamalary bilen iň ýaş milliarder derejesine ýetdi
25.05.2025 19:06
7.3k+

MrBeast öz taslamalary bilen iň ýaş milliarder derejesine ýetdi

MrBeast lakamy bilen tanalýan 27 ýaşly YouTube blogeri Jimmi Donaldson baýlygyny öz taslamalarynyň kömegi bilen gazanan dünýäde iň ýaş milliarder boldy. Blogeriň baýlygy 1 mlrd dollar diýlip hasaplanylýar, aýlyk girdeji bolsa, takmynan, 50 mln dollara barabar
Meizu täze gajetleri bilen dünýä bazaryna gaýdyp gelýär
25.05.2025 19:02
3.4k+

Meizu täze gajetleri bilen dünýä bazaryna gaýdyp gelýär

Meizu global onlaýn tanyşdyrylyş dabarasyny geçirip, birnäçe täze smartfonyny we dakylýan gurluşlaryny, şol sanda AR äýnegini we smart-ýüzügini hödürledi. Gurluşlaryň ählisi emeli aň ulgamyny işjeň ulanmak bilen döredildi
Tesla Optimus-a hojalyk işlerini ýerine ýetirmegi öwretdi. Robot tozan sorujy bilen işleýär, nahar taýýarlaýar...
25.05.2025 19:01
2.9k+

Tesla Optimus-a hojalyk işlerini ýerine ýetirmegi öwretdi. Robot tozan sorujy bilen işleýär, nahar taýýarlaýar...

Tesla-nyň baş direktory Ilon Mask Optimus robotynyň öý işlerini ýerine ýetirişini görkezýän wideo ýerleşdirdi. Wideoda ol tozan sorujy bilen işleýär, gazojagyň üstüne oturdylan pitidäki nahary bulamaklyga öýkünip görkezýär we hapany zyňýar
ABŞ-da 2020-2022-nji ýyllar aralygynda iň köp ogurlanan awtoulaglar atlandyryldy
25.05.2025 18:58
9.4k+

ABŞ-da 2020-2022-nji ýyllar aralygynda iň köp ogurlanan awtoulaglar atlandyryldy

ABŞ-nyň Ýol howpsuzlygynyň ätiýaçlandyryş instituty (IIHS) iň köp ogurlanýan awtoulaglaryň sanawyny düzmek üçin barlag geçirdi. Netijelere görä, 2020-2022-nji ýyllar aralygynda ogrular üçin iň özüne çekiji awtoulag - «Dodge Charger SRT Hellcat» bolupdyr
Ýewropa Komissiýasynyň ýolbaşçysyna Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy gowşurdyldy
25.05.2025 18:42
6.4k+

Ýewropa Komissiýasynyň ýolbaşçysyna Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy gowşurdyldy

Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy hanym Ursula fon der Lýaýene 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmak üçin çakylyk haty gowşuryldy. Türkmenistanyň
Fransiýada fermer melleginden 4 mlrd dollarlyk altyn tokgalaryny tapdy
25.05.2025 18:34
14k+

Fransiýada fermer melleginden 4 mlrd dollarlyk altyn tokgalaryny tapdy

52 ýaşly fransiýaly fermer Mişel Dýupon öz melleginden sap altyn böleklerini tapdy. Deslapky hasaplamalara görä, onuň ýerinde, takmynan, 150 tonna altyn bolup biler. "Mirror" neşiriniň habaryna görä, Tapyndynyň bahasy 3 milliard funt sterling (4 milliard dollardan gowrak) diýip hasaplandy diýip, Mirror neşiri ýazýar
Netflix “Titan” batiskafynyň heläkçiligi hakdaky filmiň treýlerini görkezdi
25.05.2025 18:31
4.9k+

Netflix “Titan” batiskafynyň heläkçiligi hakdaky filmiň treýlerini görkezdi

Netflix “TITAN: OceanGate Disaster” (Titan: OceanGate heläkçiligi) dokumental filminiň treýlerini çykardy. Akym hyzmatynda ilkinji görkeziliş 11-nji iýunda bolar. Film 2023-nji ýylda Atlantik ummanynda bolup geçen betbagtçylygy derňeýär
Kann kinofestiwalynyň baş baýragy eýranly Jafar Panahiniň filmine berildi
25.05.2025 10:56
4.9k+

Kann kinofestiwalynyň baş baýragy eýranly Jafar Panahiniň filmine berildi

78-nji Kann kinofestiwalynyň “Altyn palma şahasyny” eýranly režissýor Jafar Panahiniň “Ýönekeý bir tötänlik” (Простая случайность) filmi aldy. Bu barada festiwalyň ýapylyş dabarasynda yglan edildi. “Ýönekeý bir tötänlik” pidalaryň we jellatlaryň arasyndaky gatnaşyk baradaky wakadyr
ABŞ-nyň hökümeti Garward uniwersitetine daşary ýurtly talyplary kabul etmegi gadagan etdi
25.05.2025 10:51
13k+

ABŞ-nyň hökümeti Garward uniwersitetine daşary ýurtly talyplary kabul etmegi gadagan etdi

ABŞ-nyň hökümeti Garward uniwersitetine daşary ýurtly talyplary okuwa kabul etmegi gadagan etdi. Içerki howpsuzlyk ministrligi uniwersitete alyş-çalyş boýunça talyplary kabul etmäge mümkinçilik berýän maksatnama gatnaşmagyny haýal etmän ýatyrmak barada hat iberdi diýip, The New York Times ýazýar
Daniýada pensiýa ýaşy 70 ýaşa çenli ýokarlandyrylar
25.05.2025 10:48
6.6k+

Daniýada pensiýa ýaşy 70 ýaşa çenli ýokarlandyrylar

Daniýanyň parlamenti pensiýa ýaşyny tapgyrlaýyn ýokarlandyrmak meýilnamasyny tassyklady. 2040-njy ýyla çenli ol 70 ýaşa ýeter diýip, The Local Denmark portaly habar berýär. Çözgüt 1970-nji ýylyň 31-nji dekabryndan soň doglan raýatlara degişlidir
Awiakompaniýalar 2026-njy ýyldan ýolagçylara arzan dik durulýan orunlary hödürläp başlar
25.05.2025 10:46
10k+

Awiakompaniýalar 2026-njy ýyldan ýolagçylara arzan dik durulýan orunlary hödürläp başlar

Käbir arzan awiagatnadyjylar uçarlaryň salonynda dik durulýan orunlary hödürlemek bilen, has köp ýolagçyny ýerleşdirip biler. Daily Mail britan tabloidiniň habar bermegine görä, olar eýýäm 2026-njy ýylda gysga gatnawlarda peýda bolup biler
Toyota modeliň 70 ýyllygyna bagyşlap, Crown-yň ýörite wersiýasyny çykardy
25.05.2025 10:43
11k+

Toyota modeliň 70 ýyllygyna bagyşlap, Crown-yň ýörite wersiýasyny çykardy

Ýaponiýada Toyota Crown sedanynyň ýörite wersiýasy satylyp başlandy, ol modeliň 70 ýyllygyna bagyşlanýar. Bu wersiýa Crown Special Edition Z «The 70th» adyny aldy. Model Mercedes-Maybach awtomobilini ýatladýan kuzowyň iki reňkli boýagy bilen tapawutlanýar: onuň üsti Precious Metal kümüşsöw reňkinde, aşaky bölegi bolsa ak ýa-da gara perlamutrda ýerine ýetirildi
“Melgun Prada geýýär” filminiň dowamy 2026-njy ýylyň maýynda çykar
25.05.2025 10:42
2.4k+

“Melgun Prada geýýär” filminiň dowamy 2026-njy ýylyň maýynda çykar

Disney studiýasy “Melgun Prada geýýär” (Дьявол носит Prada) filminiň dowamynyň üstünde işleýär. Variety žurnalynyň habar bermegine görä, filmiň premýerasy 2026-njy ýylyň 1-nji maýyna meýilleşdirildi. Aktýorlar düzümi heniz belli däl
Tanymal režissýor Martin Skorsezeniň durmuşy barada serial düşüriler
25.05.2025 10:40
3.5k+

Tanymal režissýor Martin Skorsezeniň durmuşy barada serial düşüriler

Apple TV+ režissýor Martin Skorsezeniň durmuşy we döredijiligi barada dokumental serialyň çykaryljakdygyny habar berdi. Deadline neşiriniň belleýşi ýaly, “Jenap Skorseze” atly taslama bäş bölümden ybarat bolar
BMW V8 hereketlendirijisi bilen Speedtop uniwersalyny hödürledi
25.05.2025 10:36
5.1k+

BMW V8 hereketlendirijisi bilen Speedtop uniwersalyny hödürledi

BMW täze Speedtop superkarynyň suratlaryny we ilkinji maglumatlary hödürledi. Şuting-breýk kuzowyna eýe bolan üç gapyly uniwersal awtoöndürijiniň geçen ýylky konseptine esaslanyp, Skytop modeli bilen bir platformada gurnaldy
“PSŽ” taryhda 16-njy gezek Fransiýanyň Kubogynyň eýesi boldy
25.05.2025 10:33
6.6k+

“PSŽ” taryhda 16-njy gezek Fransiýanyň Kubogynyň eýesi boldy

“PSŽ” Fransiýanyň Kubogynyň final oýnunda “Reýmsi” utdy. Duşuşyk “Stad de Frans” stadionynda geçirildi we Pariž toparynyň peýdasyna 3:0 hasabynda tamamlandy. 16-njy we 19-njy minutlarda Bredli Barkolýa iki gol geçirdi
Jokowiç karýerasynda 100-nji ATP titulyny gazandy
25.05.2025 10:31
2.5k+

Jokowiç karýerasynda 100-nji ATP titulyny gazandy

Serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç Ženewada geçirilen ATP ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Ýaryşda ikinji belgi bilen ýerleşdirilen 38 ýaşly türgen finalda dünýäniň 31-nji raketkasy, polşaly Hubert Hurkaçy 5:7, 7:6 (7:2), 7:6 (7:2) hasabynda utdy
Mohamed Salah APL möwsüminiň iň gowy oýunçysy boldy
25.05.2025 10:22
5.7k+

Mohamed Salah APL möwsüminiň iň gowy oýunçysy boldy

“Liwerpulyň” hüjümçisi Mohamed Salah Angliýanyň Premýer-ligasy 2024/2025 möwsüminiň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi. Bu barada liganyň metbugat gullugy X sosial ulgamynda habar berdi. Tamamlanan möwsümde 32 ýaşly müsürli oýunçy Angliýanyň çempionatynda 37 oýna gatnaşdy
X sosial ulgamynyň işinde dünýä derejesinde bökdençlik bolup geçdi
25.05.2025 10:20
2.5k+

X sosial ulgamynyň işinde dünýä derejesinde bökdençlik bolup geçdi

X (ozal Twitter) sosial ulgamyny ulanyjylar platformanyň işleýşinde näsazlygyň bolmagyndan zeýrenýär. Muny onlaýn hyzmatlaryň işindäki bökdençliklere gözegçilik edýän Downdetector hyzmatynyň maglumatlary delillendirýär
Kann festiwalynyň ýapyljak güni şäher çyrasyz galdy
25.05.2025 10:18
3.1k+

Kann festiwalynyň ýapyljak güni şäher çyrasyz galdy

Fransiýanyň Alpes Maritimes departamentinde elektrik energiýasy öçdi. Blekaut 78-nji Halkara kinofestiwalynyň geçirilýän Kann şäherine-de täsir etdi diýip, Deadline habar berýär. FranceInfo-nyň polisiýa işgärlerine salgylanyp habar bermegine görä, munuň sebäbi ýokary woltly liniýalardaky heläkçilik boldy
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy HHR-iň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy
24.05.2025 19:30
5.8k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy HHR-iň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy

23-nji maýda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Hytaýa iş saparynyň çäklerinde HHR-iň Başlygynyň orunbasary Han Çžen bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy
“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary Stambulda 7-nji Halkara etnosport festiwalynda çykyş etdi
24.05.2025 19:27
13k+

“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary Stambulda 7-nji Halkara etnosport festiwalynda çykyş etdi

2025-nji ýylyň maý aýynda Bütindünýä Etnosport Konfederasiýasynyň guramagynda Stambul şäherinde bütin dünýäde meşhur çärä öwrülen 7-nji Halkara etnosport medeniýeti festiwaly geçirildi. Festiwalyň çäklerinde dürli ýurtlardan gelen milli medeni toparlar, olaryň däp-dessurlary, at üstündäki oýunlary we milli sport görnüşlerini giňden ýaýbaňlandyryldy
Tramp iPhone smartfonlary ABŞ-da öndürilmese, Apple-e 25% paç girizmek isleýär
24.05.2025 19:20
13k+

Tramp iPhone smartfonlary ABŞ-da öndürilmese, Apple-e 25% paç girizmek isleýär

ABŞ-nyň häkimiýetleri Apple kompaniýasy iPhone önümçiligini ABŞ-a geçirmedik ýagdaýynda, kompaniýanyň harytlaryna 25% gümrük paçlaryny girizer. Bu barada Birleşen Ştatlaryň Prezidenti Donald Tramp aýtdy. “Men öň Apple-den Tim Kuka iPhone-yň Hindistanda ýa-da başga bir ýerde däl-de, ABŞ-da öndürilmegine we ýygnalmagyna garaşýandygymy aýdypdym
Apple könelip barýan we könelen gurluşlaryň sanawyny täzeledi
24.05.2025 17:20
8.6k+

Apple könelip barýan we könelen gurluşlaryň sanawyny täzeledi

Apple kompaniýasy wintaž (könelip barýan) we könelen gurluşlaryň sanawyny täzeledi. Indi birinji sanawa iPhone 7 Plus-yň ähli wersiýalary, şeýle-de 64 GB we 256 GB ýatly iPhone 8 girdi. 128 GB iPhone 8 we iPhone 8 Plus-yň ählisi, diňe (Product) Red wersiýasyndan daşary, häzirlikçe bu sanawa girmedi
Xiaomi 800 km çenli ýol geçýän ilkinji krossoweri YU 7-ni hödürledi
24.05.2025 13:15
4.8k+

Xiaomi 800 km çenli ýol geçýän ilkinji krossoweri YU 7-ni hödürledi

15 ýyllygy mynasybetli geçirilen tanyşdyrylyş dabarasynda Xiaomi özüniň ilkinji elektrik krossowerini – YU 7-ni hödürledi. Awtomobiliň tigir bazasy 300 sm, göwrümi – 499,9×199,6×160,8 sm. Gapy tutarlary awtomobiliň korpusyna ýygnanýar
Hytaýda ogurlanan iPhone-laryň gaýtadan satylýan global merkezi tapyldy
24.05.2025 13:11
10k+

Hytaýda ogurlanan iPhone-laryň gaýtadan satylýan global merkezi tapyldy

Dünýäniň dürli ýurtlaryndan ogurlanan iPhone smartfonlarynyň köpüsi ahyrynda Hytaýyň Şençžen şäherindäki bir bina gelip düşýär. Muny derňewleriň netijesinde Financial Times-yň žurnalistleri anyklady. Gürrüň Huasýanbeý sebitindäki ünsi çekmeýän Feiyang Times binasy barada gidýär
Ýewropada täze Lexus ES hödürlendi
24.05.2025 13:08
11k+

Ýewropada täze Lexus ES hödürlendi

Ýewropada sekizinji nesil Lexus ES ulagynyň premýerasy boldy. Täze wersiýa ozal Demirgazyk Amerikada hödürlenen modelden tapawutlanýar. Ýewropa bazary üçin niýetlenen model gibrid we doly elektrik görnüşlerde elýeterli bolar
Xiaomi kompaniýasy 15s Pro flagmanyny we kofe ysly Civi 5 Pro smartfonyny hödürledi
24.05.2025 13:07
4.2k+

Xiaomi kompaniýasy 15s Pro flagmanyny we kofe ysly Civi 5 Pro smartfonyny hödürledi

Xiaomi-niň 15 ýyllygy mynasybetli Hytaýda kompaniýanyň uly tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi we onda beýlekiler bilen bir hatarda, iki sany täze smartfon hödürlendi: kompaniýanyň öz prosessoryny alan Xiaomi 15s Pro flagmany we Leica kameraly orta derejeli Civi 5 Pro modeli
Xiaomi kompaniýasy Pad 7 Ultra planşetini we Watch S4 eSIM akylly sagadyny görkezdi
24.05.2025 13:03
1.8k+

Xiaomi kompaniýasy Pad 7 Ultra planşetini we Watch S4 eSIM akylly sagadyny görkezdi

Ýubileý tanyşdyrylyş dabarasynda Xiaomi kompaniýasy Pad 7 Ultra planşetini we Watch S4 eSIM 15th Anniversary Edition akylly sagadyny hödürledi. Planşet 10 ýadroly XRing 01 çipseti bilen enjamlaşdyryldy. Ol AnTuTu testinde 3 milliondan gowrak bal gazandy
Samsung kosmosa dyzaýar: kompaniýa raketa uçurmak üçin öz meýdançasyny gurar
24.05.2025 12:41
3.2k+

Samsung kosmosa dyzaýar: kompaniýa raketa uçurmak üçin öz meýdançasyny gurar

Samsung Group kosmos infrastrukturasy pudagyna ornaşyp başlady. The Korea Economic Daily-nyň habar bermegine görä, Samsung C&T Corp. “kosmos zawody” taslamasyny işläp taýýarlaýar, ol raketalar üçin uçuş meýdançasyny öz içine alar
Iki gara girdabyň birleşmeginden dörän güýç Älemdäki ähli ýyldyzlaryň saçýan ýagtylygynyň jeminden geçdi
24.05.2025 12:36
13k+

Iki gara girdabyň birleşmeginden dörän güýç Älemdäki ähli ýyldyzlaryň saçýan ýagtylygynyň jeminden geçdi

Ilon Mask iki gara girdabyň birleşmeginiň simulýasiýasyny görkezýän wideony teswirledi. Şol wideoda gara girdaplaryň birleşmesi wagtynda radiasiýanyň iň ýokary güýji 36 septillion ýottawatta ýetýär. «Ynha, hakyky generator
«Tur de Frans» ýaryşynyň soňky tapgyry ilkinji gezek Monmartr depesinden geçer
24.05.2025 12:29
2k+

«Tur de Frans» ýaryşynyň soňky tapgyry ilkinji gezek Monmartr depesinden geçer

Fransiýanyň meşhur «Tur de Frans» welosiped ýaryşynyň soňky tapgyry ilkinji gezek Parižiň 18-nji etrabyndaky Monmartr depesinden geçer. Bu barada «Reuters» agentligi habar berýär. «Tur de Frans» – 100 ýyldan gowrak wagt bäri Fransiýada we goňşy ýurtlarda geçirilýän iň meşhur we abraýly welosiped ýaryşydyr
«Oasis» toparynyň gaýtadan birleşmegi bilen bagly konsert sapary üçin muşdaklar 1 milliard funtdan köp pul harçlar
24.05.2025 12:26
3.2k+

«Oasis» toparynyň gaýtadan birleşmegi bilen bagly konsert sapary üçin muşdaklar 1 milliard funtdan köp pul harçlar

«Oasis» britan toparynyň gaýtadan birleşendigi baradaky habara begenen muşdaklar şu tomus Beýik Britaniýada geçiriljek 17 konserti görmek üçin 1,06 milliard funt sterling harçlamaga taýýar. «Barclays» maliýe konglomeraty tarapyndan geçirilen gözlegiň netijesine görä, bu konsertlere 1,4 million adam gatnaşar we her bir muşdak, ortaça, 766 funt sarp eder
Awstraliýada akulalar zäherli suwotylar sebäpli telbeläp, adamlara hüjüm edýär
24.05.2025 12:25
10k+

Awstraliýada akulalar zäherli suwotylar sebäpli telbeläp, adamlara hüjüm edýär

Zäherli suwotylaryň aşa köpelmegi Günorta Awstraliýada akulalaryň adamlara hüjüm etmeginiň hem-de kenara zyňylmagynyň sebäbi hökmünde görkezilýär diýip, news.com.au habar berýär. Ştatyň wise-premýeri Sýuzen Klouzyň sözlerine görä, bu suwotylaryň aşa köpelmegi akulalary gorkuzýar, şeýle-de olaryň zäherlenmegine sebäp bolýar
“Napoli” taryhynda dördünji gezek Italiýanyň çempiony boldy
24.05.2025 11:55
6.9k+

“Napoli” taryhynda dördünji gezek Italiýanyň çempiony boldy

Italiýanyň futbol boýunça çempionatynda soňky tapgyryň aýgytly oýunlary oýnaldy we olaryň netijesinde “Napoli” ýaryşyň ýeňijisi boldy. 38-nji tapgyrdan öň “Napoli” “Interden” bir utuk öňde barýardy. Anna güni toparlaryň ikisi-de jemleýji oýunlaryny oýnady
3-nji iýunda Aşgabatda köpçülikleýin welosipedli ýöriş guralar
24.05.2025 11:51
8.1k+

3-nji iýunda Aşgabatda köpçülikleýin welosipedli ýöriş guralar

Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çärelerini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu barada wise-premýer B.Orazdurdyýewa Hökümet mejlisinde hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, 3-nji iýunda paýtagtymyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişi guramagyň göz öňünde tutulýandygy barada aýdyldy
Türkmenistanda iýun aýynda geçiriljek esasy çäreleriň tertibi barada aýdyldy
24.05.2025 11:46
7k+

Türkmenistanda iýun aýynda geçiriljek esasy çäreleriň tertibi barada aýdyldy

23-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Seýidowa 2025-nji ýylyň iýun aýynda geçiriljek esasy çäreleriň tertibi barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Çagalary goramagyň halkara
Aşgabatda iýunda “Turkmentextile Expo — 2025” halkara sergi-ýarmarkasu geçiriler
24.05.2025 11:43
2.5k+

Aşgabatda iýunda “Turkmentextile Expo — 2025” halkara sergi-ýarmarkasu geçiriler

2025-nji ýylyň 11 — 13-nji iýuny aralygynda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynyň binasynda “Turkmentextile Expo — 2025” atly halkara sergi-ýarmarkasy geçiriler. Wise-premýer N.Atagulyýew bu ugurda alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada Hökümet mejlisiniň barşynda döwlet Baştutanyna hasabat berdi
Türkmenistanda wirtual aktiwler we maýningi düzgünleşdirmek hakynda Kanunyň taslamasy taýýarlanyldy
24.05.2025 11:35
7.1k+

Türkmenistanda wirtual aktiwler we maýningi düzgünleşdirmek hakynda Kanunyň taslamasy taýýarlanyldy

Türkmenistanda wirtual aktiwleriň dolanyşygynda gatnaşyklary düzgünleşdirmek maksady bilen, “Wirtual aktiwler hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu barada wise-premýer H.Geldimyradow 23-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi