Gucci çökgünligi başdan geçirýär. I çärýekde satuwlar 25% peseldi we aşaklama dowam edýär
26.04.2025 16:58
5.6k+

Gucci çökgünligi başdan geçirýär. I çärýekde satuwlar 25% peseldi we aşaklama dowam edýär

Gucci modalar öýüniň satuwy 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde 25% peseldi. Bu barada WWD neşiri habar berdi. Bu brendi öz içine alýan Kering Holding kompaniýasy hem satuwlaryň umumy mukdarynynyň 14% peselendigini bellige aldy
“Günlerde bir gün... Golliwuddanyň” dowamy baradaky maglumatlar aýan edildi
26.04.2025 16:57
7.2k+

“Günlerde bir gün... Golliwuddanyň” dowamy baradaky maglumatlar aýan edildi

Kwentin Tarantinonyň “Günlerde bir gün... Golliwudda” filminiň dowamynyň jikme-jiklikleri belli boldy. Täze taslama Kliff Buta bagyşlanar. Bu gahrymanyň keşbini birinji filmde Bred Pitt ýerine ýetiripdi. Film baradaky maglumaty Deadline neşiriniň žurnalisti aýan etdi
Diňe Ýaponiýanyň özünde täze Nintendo Switch 2 üçin 2,2 mln öňünden sargyt berildi
26.04.2025 13:38
5.5k+

Diňe Ýaponiýanyň özünde täze Nintendo Switch 2 üçin 2,2 mln öňünden sargyt berildi

Nintendo ýapon kompaniýasy 23-nji aprelde beren beýannamasynda täze çykjak Switch 2 oýun konsoly üçin garaşylmadyk derejede köp mukdarda deslapky sargyt alandygyny mälim etdi. Bu barada «Reuters» neşiri habar berýär
Wakuumly Raptor 3 hereketlendirijisi ilkinji gezek SpaceX-iň synag meýdançasynda görüldi
26.04.2025 13:37
6.9k+

Wakuumly Raptor 3 hereketlendirijisi ilkinji gezek SpaceX-iň synag meýdançasynda görüldi

SpaceX-iň ABŞ-nyň Tehas ştatynyň Makgregor şäherindäki synag meýdançasynda Raptor 3 hereketlendirijisiniň wakuumly görnüşi ilkinji gezek görüldi. Onuň daşalyşy baradaky wideo NasaSpaceFlight kanaly tarapyndan paýlaşyldy, olaryň kamerasy desganyň içinde ýerleşdirilen eken
«Uensdeý» serialynyň ikinji möwsüminiň treýleri çykdy
26.04.2025 13:35
4.8k+

«Uensdeý» serialynyň ikinji möwsüminiň treýleri çykdy

Netflix «Uensdeý» serialynyň ikinji möwsüminiň resmi tizer-treýlerini çykardy. Baş keşbi Jenna Ortega tarapyndan ýerine ýetirilýän serial şu tomus gaýdyp geler. Bölümleriň bir bölegi 6-njy awgustda, galany bolsa 3-nji sentýabrda görkezilip başlanar
YouTube-yň täze dizaýny ulanyjylaryň göwnüne ýaramady
26.04.2025 13:16
4.6k+

YouTube-yň täze dizaýny ulanyjylaryň göwnüne ýaramady

Ýüklenen ilkinji wideonyň 20 ýyllygy mynasybetli, YouTube platformasy özüne degişli pleýeriň web-wersiýasynyň interfeýsini täzelemäge karar beripdir. Käbir ulanyjylar üýtgedilen dizaýny synag tertibinde eýýämden synap gördüler
Nissan garaşylmadyk ýagdaýda täze pikabyny hödürledi – Frontier Pro Plug-In Hybrid
26.04.2025 13:13
6.3k+

Nissan garaşylmadyk ýagdaýda täze pikabyny hödürledi – Frontier Pro Plug-In Hybrid

Nissan kompaniýasy Şanhaýdaky awtosergide ilkinji plagin-gibrid pikaby bolan «Frontier Pro-ny» tanyşdyrdy. Adynyň tanyşdygyna garamazdan, bu model adaty «Nissan Frontier-den» düýpgöter tapawutlanýar. Täze pikabyň dizaýny Nissan-yň Şanhaýdaky dizaýn studiýasy tarapyndan işlenip taýýarlanyldy
Redmi Turbo 4 Pro tanyşdyryldy: 255 dollara nähili telefon alyp bolýar
26.04.2025 13:10
10k+

Redmi Turbo 4 Pro tanyşdyryldy: 255 dollara nähili telefon alyp bolýar

Xiaomi kompaniýasy resmi taýdan Redmi Turbo 4 Pro smartfonyny tanyşdyrdy. Ol subflagmanlar üçin niýetlenen Snapdragon 8s Gen4 prosessory bilen enjamlaşdyrylan ilkinji model hökmünde çykyş edýär. Smartfon 6,83 dýuýmlyk IPS ekran bilen üpjün edilen, onuň durulygy 1,5K, täzeleniş ýygylygy 120 Gs, iň ýokary ýagtylygy bolsa 3200 nit
Amazon-yň hemra internetiniň geljegi sorag astynda: Starlink-iň bäsdeşi taslamasyna ýetişenok
26.04.2025 13:06
2.7k+

Amazon-yň hemra internetiniň geljegi sorag astynda: Starlink-iň bäsdeşi taslamasyna ýetişenok

Amazon kompaniýasynyň emeli hemra arkaly internet ulgamyny döretmek ugrunda işe girizen iri taslamasy bolan Project Kuiper agyr kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy. Içerki çeşmeleriň berýän maglumatlaryna görä, kompaniýa 2026-njy ýylyň tomsuna çenli uçurylmaly 1600 hemranyň bary-ýogy onlarçasyny öndüripdir
Türkmenistanyň ilçisi Mongoliýanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy
26.04.2025 12:35
9.4k+

Türkmenistanyň ilçisi Mongoliýanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

21-nji aprelde Türkmenistanyň Mongoliýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Pekin ş.) P.Durdyýew Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuha ynanç hatyny gowşurdy. Dabarada Ulan-Bator şäherinde şäherinde Mongoliýanyň Hökümet öýünde geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler
Altynhan ikinji gezek konkur bäsleşiginiň ýeňijisi boldy
26.04.2025 11:45
7k+

Altynhan ikinji gezek konkur bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

25-nji aprelde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň ýapyk manežinde atly sportuň päsgelçiliklerden bökmek — konkur görnüşi boýunça bäsleşikler geçirildi. Bäsleşigi «Türkmen atlary» döwlet birleşigi gurady
Baýramçylyk atçapyşyklarynda baş baýragy halypa çapyksuwar Gaýgysyz Handurdyýew aldy
26.04.2025 11:29
24k+

Baýramçylyk atçapyşyklarynda baş baýragy halypa çapyksuwar Gaýgysyz Handurdyýew aldy

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Mary welaýat atçylyk sport toplumynda ýurdumyzyň ýetginjek we uly ýaşly çapyksuwarlarynyň hem-de halypa çapyksuwarlaryň arasynda baýramçylyk at çapyşyklary geçirildi
Aşgabatda II Halkara matematika olimpiadasynda türkmenistanly okuwçylar 31 medal gazandylar
26.04.2025 11:10
5.6k+

Aşgabatda II Halkara matematika olimpiadasynda türkmenistanly okuwçylar 31 medal gazandylar

25-nji aprelde Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 131-nji orta mekdepde okuwçylaryň arasynda geçirilen II Halkara matematika olimpiadasynyň jemleri jemlendi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi
Lýuis Hemilton Dior üçin erkekleriň kolleksiýasyny hödürledi
26.04.2025 09:19
6.3k+

Lýuis Hemilton Dior üçin erkekleriň kolleksiýasyny hödürledi

“Formula-1-iň” ýaryşa gatnaşyjysy Lýuis Hemilton Dior bilen bilelikde erkekleriň täze egin-eşik kolleksiýasyny çykardy. Bu barada Women’s Wear Daily habar berýär. Hemiltonyň Marokko, Mozambik, Benin, Madagaskar we Senegal ýaly ýurtlara syýahaty oňa täze kolleksiýany döretmek üçin ylham çeşmesi bolup hyzmat etdi
Instagram CapCut-yň stilinde Edits wideoredaktoryny çykardy
26.04.2025 09:18
4.6k+

Instagram CapCut-yň stilinde Edits wideoredaktoryny çykardy

Instagram täze Edits wideoredaktoryny hödürledi. Programma eýýäm ýükläp almak üçin Android-de we iOS-da elýeterli. Bu TikTok işläp düzüjileriniň CapCut programmasy ýaly aýratyn programmadyr. Edits wideolary döretmek we redaktirlemek üçin onlarça gurallary hödürleýär
R.Meredow Türkmenistanyň Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça teklipleri beýan etdi
26.04.2025 00:45
6.8k+

R.Meredow Türkmenistanyň Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça teklipleri beýan etdi

25-nji aprelde geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy
Türkmenistan Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna taýýarlyk görýär
26.04.2025 00:23
11k+

Türkmenistan Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna taýýarlyk görýär

Türkmenistanda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli dabaralary geçirmek meýilleşdiriýär. Bu ugurda görülýän taýýarlyk işleri barada wise-premýer B.Orazdurdyýewa Hökümet mejlisinde hasabat berdi
Türkmenistanda maý aýynda geçiriljek esasy çäreleriň tertibi yglan edildi
26.04.2025 00:14
9.6k+

Türkmenistanda maý aýynda geçiriljek esasy çäreleriň tertibi yglan edildi

25-nji aprelde geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Seýidowa şu ýylyň maý aýynda geçiriljek esasy çäreleriň tertibi barada Türkmenistanyň Prezidentine hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, maý aýynyň
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde döwrebap bazar gurlar
25.04.2025 23:38
12k+

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde döwrebap bazar gurlar

25-nji aprelde geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer N.Atagulyýew Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde döwrebap bazary gurmak boýunça alnyp barylýan degişli işler barada hasabat berdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde aýdyldy
Serdar Berdimuhamedow önümçilik desgalaryny howpsuz ulanmak bilen bagly tabşyryklary berdi
25.04.2025 23:29
9k+

Serdar Berdimuhamedow önümçilik desgalaryny howpsuz ulanmak bilen bagly tabşyryklary berdi

Türkmenistanda Senagat howpsuzlygy çygryndaky kadalary we düzgünleri işläp taýýarlamagyň we tassyklamagyň tertibiniň taslamasy işlenip düzüldi. Bu barada wise-premýer H.Geldimyradow 25-nji aprelde Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna habar berdi
15-nji maýdan Aşgabat bilen «Awazanyň» arasynda yzygiderli awtobus gatnawy ýola goýlar
25.04.2025 23:20
14k+

15-nji maýdan Aşgabat bilen «Awazanyň» arasynda yzygiderli awtobus gatnawy ýola goýlar

2025-nji ýylyň 15-nji maýyndan başlap Aşgabat bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň arasynda yzygiderli awtobus gatnawy ýola goýlar. Bu barada «Türkmenawtoulaglary» agentligi habar berýär. «Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ-niň guraýan şäherara awtobus ugry üçin biletleri öňünden – gatnawyň açylmagyna 10 gün galanda satyn alyp bolar
BYD altyn logotip we 1180 at güýji bilen premium ulagyny hödürledi
25.04.2025 22:35
7.3k+

BYD altyn logotip we 1180 at güýji bilen premium ulagyny hödürledi

Şanhaý awtosalonynda BYD kompaniýasy Yangwang U8L premium ulagyny görkezdi. Ýolsuz ýerden ýöreýän bu model iki reňkde hödürlenýär – Obsidian Black we Sun Gold, ýöne onuň esasy aýratynlygy öň we yzky böleklerde ýerleşdirilen Oracle logotipi boldy – ol 24 karat altyndan ýasaldy
Dewid Bekhem futbol we beýleki temalar barada öz gepleşigini açýar
25.04.2025 22:25
5k+

Dewid Bekhem futbol we beýleki temalar barada öz gepleşigini açýar

Dewid Bekhem Beckham & Friends Live ady bilen öz şüweleň gepleşigini başladýar. Bu barada ol öz sosial ulgamlarynda habar berdi. Onuň ilkinji sany maý aýynda çykar. 49 ýaşly öňki futbolçy alypbaryjy hökmünde çykyş eder
Taryhda ilkinji gezek Aýyň arka tarapyndan getirilen toprak köpçülige görkezildi
25.04.2025 22:12
6k+

Taryhda ilkinji gezek Aýyň arka tarapyndan getirilen toprak köpçülige görkezildi

2025-nji ýylyň 24-nji aprelinde Hytaý Milli kosmonawtika gününi belledi. 55 ýyl mundan ozal bu günde ilkinji hemra “Dunfan Hun-1” uçurylypdy. Bu waka mynasybetli ýurt ilkinji gezek Aýyň arka tarapyndan “Çane-6” missiýasy tarapyndan ýygnalyp getirilen toprak nusgalaryny köpçülige hödürledi
Škoda dizel ulaglaryna ekologiýa taýdan arassa ýangyç guýup başlady
25.04.2025 22:03
2.7k+

Škoda dizel ulaglaryna ekologiýa taýdan arassa ýangyç guýup başlady

Škoda Auto Çehiýadaky zawodlarynda täze dizel awtomobilleri hem-de içerki logistika ulaglary üçin ýangyç hökmünde wodorodyň kömegi bilen arassalanan ösümlik ýagyny (HVO) ulanyp başlady. HVO biodizel ýaly oba hojalyk ekinlerinden däl-de, ulanylan ösümlik ýagy we ýaglar ýaly galyndylardan öndürilýär
2026-njy ýylyň “Altyn globus” dabarasynyň geçiriljek senesi yglan edildi
25.04.2025 21:58
2k+

2026-njy ýylyň “Altyn globus” dabarasynyň geçiriljek senesi yglan edildi

CBS ýaýlymy 83-nji “Altyn globus” baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň geçiriljek senesini yglan etdi. Ol 2026-njy ýylyň 12-nji ýanwaryna geçilýän gije bolar diýip, Deadline habar berýär. Baýrak üçin dalaşgärleriň sanawy 8-nji dekabrda yglan ediler
UEFA indiki möwsümden Çempionlar ligasynda goşmaça wagty aýyrmagy maslahatlaşýar
25.04.2025 16:28
8.8k+

UEFA indiki möwsümden Çempionlar ligasynda goşmaça wagty aýyrmagy maslahatlaşýar

UEFA täze möwsümden Çempionlar ligasynyň düzgünlerini üýtgetmek mümkinçiligini öwrenýär. Bild-iň maglumatlaryna görä, gurama täze düzgünleri girizmek barada klublar bilen pikir alyşýar. Teklipleriň biri – pleý-off oýunlarynda goşmaça wagty aýyrmak
Google Gemini emeli aň ýaryşynda yza galdy – ulanyjylar ChatGPT bilen Meta AI-ny ileri tutýarlar
25.04.2025 16:24
3k+

Google Gemini emeli aň ýaryşynda yza galdy – ulanyjylar ChatGPT bilen Meta AI-ny ileri tutýarlar

Google-yň Gemini atly emeli aňyny aýda, takmynan, 350 million adam ulanýar, bu bolsa ChatGPT we Meta AI bilen deňeşdirilende ep-esli azdyr. Bu sanlar golaýda Google bilen baglanyşykly geçirilen kazyýet diňlenişiginde ýüze çykaryldy diýip, «The Information» neşiri habar berýär
“People” žurnaly dünýäde iň owadan adamy atlandyrdy
25.04.2025 16:22
17k+

“People” žurnaly dünýäde iň owadan adamy atlandyrdy

“People” žurnaly golliwudly aktrisa Demi Mury 2025-nji ýylyň iň owadan adamy diýip ykrar etdi. “Substansiýa” we “Arwah” filmleriniň 62 ýaşly ýyldyzy redaksiýany özüni kabul ediş filosofiýasy bilen haýran galdyrdy
Ford F-150 pikaby gelşikli sport týuningine eýe boldy
25.04.2025 16:20
6.5k+

Ford F-150 pikaby gelşikli sport týuningine eýe boldy

Roush Performance týuning atelýesi 2025-nji ýylyň Ford F-150 Nitemare-sini hödürledi. Peseldilen podweskaly, kuwwatly dolandyryşly we premium bezegli bu sport pikaby XL we XLT komplektasiýalaryna esaslanýar. Täze önüm Regular we SuperCrew kabinaly wersiýalarda elýeterlidir
Alymlar Alsgeýmer keseliniň alamatlaryny kesel ýüze çykmazdan has öň tanamagy öwrendiler
25.04.2025 16:19
3.2k+

Alymlar Alsgeýmer keseliniň alamatlaryny kesel ýüze çykmazdan has öň tanamagy öwrendiler

Amerikaly alymlar Alsgeýmer keseliniň alamatlaryny ilkinji gezek 44 ýaşdan kiçi adamlarda anykladylar. Ozal geçirilen barlaglar, esasan, 50 ýaşdan uly näsaglara gönükdirilipdi. Täze maglumatlar, töwekgelçiligi ir kesgitlemäge we keseliň öňüni almaga mümkinçilik bermek bilen, diagnostika çemeleşmäni üýtgedip biler
ABŞ aşgazanasty mäziň düwnük keselini anyklamak üçin Alibaba-nyň emeli aň guralyny tassyklady
25.04.2025 16:17
3.7k+

ABŞ aşgazanasty mäziň düwnük keselini anyklamak üçin Alibaba-nyň emeli aň guralyny tassyklady

Amerikanyň Azyk önümleriniň we derman serişdeleriniň hiline gözegçilik edarasy (FDA) Alibaba Damo Panda EA ulgamyna “öňegidişlik gazanan enjam” derejesini berdi. Ol aşgazanasty mäziň düwnük keselini irki tapgyrda anyklamak üçin niýetlenýär
ABŞ-daky uniwersitetiň gadymy binasynyň diwarlarynda XIX asyryň söýgi hatlary tapyldy
25.04.2025 16:15
5.5k+

ABŞ-daky uniwersitetiň gadymy binasynyň diwarlarynda XIX asyryň söýgi hatlary tapyldy

ABŞ-da Günorta Men uniwersitetiniň kampusynyň durkuny täzelemek işleriniň dowamynda XIX asyrda ýetginjekler tarapyndan ýazylyp, gizlenen söýgi hatlary tapyldy. Bu barada People neşiri habar berýär. Hatlar 1806-njy ýylda gurlan Akademiýanyň binasynda tapyldy
Ýewropa Bileleşigi Apple-e 500 mln, Meta bolsa 200 mln ýewro jerime saldy
25.04.2025 16:13
3.1k+

Ýewropa Bileleşigi Apple-e 500 mln, Meta bolsa 200 mln ýewro jerime saldy

Ýewropa Bileleşigi Apple we Meta kompaniýalaryna Sanly bazarlar hakyndaky kanuny (DMA) bozandygy üçin jerime saldy. Apple 500 million, Meta bolsa 200 million ýewro jerime tölemeli edildi. Bu barada «The Verge» neşiri habar berýär
2025-nji ýylyň başyndaky iň meşhur kompýuter brendleri atlandyryldy
25.04.2025 16:10
2.2k+

2025-nji ýylyň başyndaky iň meşhur kompýuter brendleri atlandyryldy

Counterpoint Research analitika agentligi 2025-nji ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri boýunça kompýuterleriň ibermeleriniň möçberi baradaky statistikasyny täzeledi. Ibermeleriniň artyşy boýunça lider garaşylmadyk ýagdaýda Apple boldy, ýöne bu hem oňa reýtingde birinji orny eýelemäge ýardam bermedi
Şanhaýdaky awtosergide BMW 3 Series-iň 50 ýyllygyna bagyşlanan ýörite wersiýasy görkezildi
25.04.2025 15:57
5.3k+

Şanhaýdaky awtosergide BMW 3 Series-iň 50 ýyllygyna bagyşlanan ýörite wersiýasy görkezildi

Şanhaýdaky halkara awtosergide BMW kompaniýasy «3 Series» modeliniň 50 ýyllygyna bagyşlanan, çäkli nusgada çykarylan wersiýasyny görkezdi. Ondan 2500 sanysy öndüriler we olaryň ählisi diňe Hytaý bazary üçin niýetlenendir
“Realyň” oýunçysy Winisiusa futboldan iki ýyl çetleşdirilmek howpy abanýar
25.04.2025 15:14
17k+

“Realyň” oýunçysy Winisiusa futboldan iki ýyl çetleşdirilmek howpy abanýar

“Realyň” we Braziliýanyň milli ýygyndysynyň oýunçysy Winisius Žuniora futboldan iki ýyl çetleşdirilmek  howpy abanýar. Tuttosport-yň we italýan žurnalisti Žanluka di Marsionyň berýän maglumatyna görä, FIFA futbolçynyň birnäçe futbol klublarynyň eýesi bolmak bilen guramanyň ahlak kadalaryny bozýan bolmagynyň mümkindigi bilen bagly iş geçirýär
“Minecraft kinoda” filminiň üstünligi Paramount-y täze oýun filmlerini döretmäge ruhlandyrdy
25.04.2025 15:08
2.4k+

“Minecraft kinoda” filminiň üstünligi Paramount-y täze oýun filmlerini döretmäge ruhlandyrdy

Paramount Pictures “Sonik kinoda” älemini ösdürmegi meýilleşdirýär. Kinokompaniýa franşizanyň beýleki personažlary, şol sanda Şadou barada aýratyn filmleri çykarar. Şeýle çözgüt wideooýunlar boýunça düşürilen filmleriň girdeji üstünlikleri bilen baglanyşyklydyr
Mart boýunça awtoulaglaryň satuwy: Hytaý we ABŞ ösüşde, Gündogar Ýewropada bolsa satuwlar peselýär
25.04.2025 15:05
7.8k+

Mart boýunça awtoulaglaryň satuwy: Hytaý we ABŞ ösüşde, Gündogar Ýewropada bolsa satuwlar peselýär

2025-nji ýylyň mart aýynda dünýäde ýeňil we ýeňil täjirçilik maksatly awtoulaglaryň satuwy 8,57 million birlige ýetdi, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 7,6% köpdür. Bu barada «GlobalData-nyň» gözlegine salgylanyp, «Just Auto» habar berýär
Ýewropa kosmos agentligi kosmosda azyk ösdürip ýetişdirmegi synagdan geçirýär
25.04.2025 15:03
2.3k+

Ýewropa kosmos agentligi kosmosda azyk ösdürip ýetişdirmegi synagdan geçirýär

Ýewropa kosmos agentligi (ESA) geljekde astronawtlar üçin iýmiti göni orbitada ýa-da Aýda hem-de Marsda ösdürip ýetişdirmegi maksat edinýän synagy ýola goýdy. Taslamada belok, ýag, protein we süýüm ýetişdirmek göz öňünde tutulýar diýip, «BBC» ýazýar