Alymlar appendiksiň taryhyny täzeden gözden geçirdiler: bu organ beýle bir peýdasyz hem däl eken
Köp adamlaryň çagalykdan eşidýän zady: appendikssiz arkaýyn ýaşap bolýar. Onuň bardygy, adatça, diňe köriçege ýüze çykanda we operasiýa zerur bolanda ýatlanylýar. Öňden bäri ylym hem oňa şeýle garaýardy. XIX asyrda iňlis tebigatşynasy Çarlz Darwin appendiksiň, esasan, ösümlik bilen iýmitlenen gadymy ata-babalarymyzyň iýmit siňdiriş organlarynyň rudimenti, ýagny galyndysydygyny öňe sürdi