Toyota Ýaponiýada RAV4-iň iň kuwwatly nusgasyny hödürledi
26.02.2026 16:09
4.5k+

Toyota Ýaponiýada RAV4-iň iň kuwwatly nusgasyny hödürledi

Toyota kompaniýasy Ýaponiýanyň bazarynda 2026-njy ýylyň modeli bolan RAV4 krossoweriniň tokdan zarýad alýan gibrid (PHEV) görnüşini resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täze nusga adaty öz-özüni zarýadlaýan gibridlere alternatiwa bolup hyzmat edýär we modeliniň häzirki hataryndaky iň güýçli wersiýasy bolup durýar
Beýik Britaniýanyň parlamentinde Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň gatnaşmagynda duşuşyklar geçirildi
26.02.2026 14:03
6.4k+

Beýik Britaniýanyň parlamentinde Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň gatnaşmagynda duşuşyklar geçirildi

25-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň parlamentiniň Jemgyýet palatasynyň başlygy Lindsi Hoýl bilen geçiren duşuşygyna gatnaşdy
Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy Beýik Britaniýanyň Döwlet goranmak ministri bilen duşuşdy
26.02.2026 13:58
6.6k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy Beýik Britaniýanyň Döwlet goranmak ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 25-nji fewralda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Beýik Britaniýanyň Döwlet goranmak ministri Lord Rodni Kouker bilen geçiren duşuşygyna gatnaşdy
Kolumbiýada güýçli wulkan atylmasy sebäpli ýaşaýjylar göçürilip başlandy
26.02.2026 13:53
5.1k+

Kolumbiýada güýçli wulkan atylmasy sebäpli ýaşaýjylar göçürilip başlandy

Kolumbiýada palçyk wulkanynyň örän güýçli atylmagy sebäpli häkimiýetler ýerli ilaty howpsuz ýerlere göçürýär. Bu barada BNO News neşiri habar berýär. Wulkanyň Antiokiýa departamentiniň San-Huan-de-Uraba munisipalitetinde atyldy
Täze at bilen öňki smartfon: Samsung kompaniýasy Galaxy S26 seriýasyny hödürledi
26.02.2026 12:43
8.3k+

Täze at bilen öňki smartfon: Samsung kompaniýasy Galaxy S26 seriýasyny hödürledi

25-nji fewral agşamy geçirilen «Galaxy Unpacked» tanyşdyrylyşynda Samsung kompaniýasy resmi taýdan özüniň täze flagman seriýasyny — Galaxy S26-ny hödürledi. Bu hatara üç model: Galaxy S26, S26+ we S26 Ultra girdi
Älemdäki iň uly ýyldyzlaryň biri partlamaga taýýarlanýar
26.02.2026 12:40
6.2k+

Älemdäki iň uly ýyldyzlaryň biri partlamaga taýýarlanýar

Älemde mälim bolan iň äpet ýyldyzlaryň biri — WOH G64 — düýpli üýtgeşmelere sezewar boldy. Alymlaryň pikirine görä, bu ýyldyzyň ömri tamamlanyp barýar. Afiny milli obserwatoriýasynyň hünärmeni Gonsalo Munýosa-Sançesiň ýolbaşçylygyndaky barlag topary şeýle netijä geldi
Pes yşyklandyryşda görejiň kiçelmegi köpçülikleýin şowakörlüge getirýär
26.02.2026 12:35
5.7k+

Pes yşyklandyryşda görejiň kiçelmegi köpçülikleýin şowakörlüge getirýär

​XXI asyrda şowakörlügiň köpçülikleýin ýaýramagyny şu wagta çenli köpler ekrana seredilýän wagtyň artmagy — ilki kompýuterler, soňra bolsa smartfonlar we planşetler bilen baglanyşdyrýardylar. Emma täze ylmy barlaglar bu aýdylanlara garşy çykyp, meseläni adamlaryň ýaşaýan ýapyk binalaryna mahsus bolan pes yşyklandyryş şertlerinde gözüň dowamly dartylmagy bilen baglanyşdyrýarlar
Dünýäde iň köp ösdürilip ýetişdirilýän oba hojalyk ekinleriniň reýtingi düzüldi
26.02.2026 12:29
10k+

Dünýäde iň köp ösdürilip ýetişdirilýän oba hojalyk ekinleriniň reýtingi düzüldi

Dünýäde şeker çiňriginiň ýygnalyşy tas iki milliard tonna ýetdi, bu bolsa ony planetanyň iň köp öndürilýän oba hojalyk ekini edýär diýlip, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) habarynda aýdylýar. Guramanyň 2024-nji ýyl üçin statistiki maglumatlaryna görä, bu ekiniň ýyllyk önümçilik göwrümi 1,94 milliard tonna deňdir
Raşid Meredow Londonda Edinburg gersogy şazada Edward bilen duşuşdy
26.02.2026 12:28
3.3k+

Raşid Meredow Londonda Edinburg gersogy şazada Edward bilen duşuşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Edinburg gersogy şazada Edward bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek meselelerini maslahatlaşdy. Duşuşyk 25-nji fewralda Beýik Britaniýanyň DIM-iniň Lankaster-haus binasynda boldy
Raşid Meredowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Beýik Britaniýa resmi sapary başlandy
26.02.2026 11:22
4k+

Raşid Meredowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Beýik Britaniýa resmi sapary başlandy

2026-njy ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna iş sapary başlandy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berýär
Samsung Galaxy S26 Ultra çykdy: Ekrany «ýaşyrýan» funksiýa we alýumin korpus
26.02.2026 09:53
7.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra çykdy: Ekrany «ýaşyrýan» funksiýa we alýumin korpus

San-Fransiskoda geçirilen Galaxy Unpacked 2026 çäresinde Samsung kompaniýasy täze Galaxy S26 Ultra smartfonyny hödürledi. Bu flagman diňe bir kuwwatlylygy bilen däl, eýsem şahsy gizlinligi goramak ukyby bilen hem tapawutlanýar
Ýeňilmezekleriň söweşi: Naoýa «Monstr» Inoue we Dzýunto Nakatani absolýut çempionlyk ugrunda duşuşarlar
26.02.2026 09:40
6.6k+

Ýeňilmezekleriň söweşi: Naoýa «Monstr» Inoue we Dzýunto Nakatani absolýut çempionlyk ugrunda duşuşarlar

Boks äleminiň iň garaşylýan duşuşyklarynyň biri tassyklandy: ýaponiýaly meşhur boksçylar Naoýa «Monstr» Inoue we Dzýunto Nakatani ikinji iň ýeňil agram derejesinde dünýäniň absolýut çempiony diýen at ugrunda ringe çykarlar
Citrini Research-iň emeli aň baradaky hasabaty ABŞ-nyň birža indekslerini sarsdyrdy
26.02.2026 09:36
2.3k+

Citrini Research-iň emeli aň baradaky hasabaty ABŞ-nyň birža indekslerini sarsdyrdy

ABŞ-nyň gazna bazary hepdäniň başyny howsalaly görkezijiler bilen açdy. Geň tarapy, munuň sebäbi iri korporasiýalaryň maliýe hasabatlary ýa-da döwlet düzgünleşdirijileriniň kararlary däl-de, eýsem Citrini Research toparynyň emeli aň (EA) baradaky täze ylmy hasabaty boldy
Ford ABŞ-da tas 500 müň krossowerini tehniki näsazlyklar sebäpli yzyna çagyrýar
26.02.2026 09:08
3.3k+

Ford ABŞ-da tas 500 müň krossowerini tehniki näsazlyklar sebäpli yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy  ABŞ-da 453 müňden gowrak awtomobilini ýüze çykarylan tehniki meseleler sebäpli yzyna çagyrýandygyny yglan etdi. Bu barada ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy baradaky milli dolandyryş edarasy habar berýär
Çempionlar ligasy: Winisius ýene tans edýär, «PSŽ», «Atalanta» we «Galatasaraý» 1/8 finalda
26.02.2026 05:55
13k+

Çempionlar ligasy: Winisius ýene tans edýär, «PSŽ», «Atalanta» we «Galatasaraý» 1/8 finalda

UEFA Çempionlar ligasynyň 2025/2026-njy ýyl möwsüminiň pley-off (styk) tapgyry tamamlandy. Duşuşyklaryň netijesinde 1/8 finalyna kim-kimleriň gatnaşjagy belli boldy.  Geçen gijäniň esasy wakalaryna gysgaça syny
Alýumin bägül, goňur wafli... Jacquemus we Nike üýtgeşik reňkli krossowkalary hödürleýär
26.02.2026 05:32
3.3k+

Alýumin bägül, goňur wafli... Jacquemus we Nike üýtgeşik reňkli krossowkalary hödürleýär

Jacquemus we Nike brendleri bahar möwsümi üçin Jacquemus x Nike Moon Shoe SP krossowkalarynyň täze reňklerini çykardy. Bu barada Hypebeast neşiri habar berýär. Aýakgabyň dizaýny 1972-nji ýylyň taryhy modeline esaslanýar
Netflix «Tekepbirlik we gümanalyk» romanynyň täze ekranlaşdyrmasynyň tizerini görkezdi
25.02.2026 22:11
2.5k+

Netflix «Tekepbirlik we gümanalyk» romanynyň täze ekranlaşdyrmasynyň tizerini görkezdi

Netflix özüniň YouTube kanalynda Jeýn Ostiniň «Tekepbirlik we gümanalyk» («Гордость и предубеждение») romanynyň täze taslamasynyň tizerini görkezdi. Garaşylýan mini-serialda baş keşbi Emma Korrin ýerine ýetirýär
Luwruň müdiri wezipesinden boşadyldy, onuň ornuny Wersal köşgüniň öňki ýolbaşçysy eýeledi
25.02.2026 21:37
3.5k+

Luwruň müdiri wezipesinden boşadyldy, onuň ornuny Wersal köşgüniň öňki ýolbaşçysy eýeledi

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Lorans de Karyň wezipesinden gitmegi sebäpli, Kristof Leribony Luwruň täze ýolbaşçysy edip belledi. Al Arabiya neşiriniň ýatladyp geçişi ýaly, bu karar 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda muzeýde bolup geçen ägirt uly ogurlygyň täsiri bilen kabul edildi
«Moda — bu sungat»: Met Gala 2026-nyň dress-kody yglan edildi
25.02.2026 21:05
3.7k+

«Moda — bu sungat»: Met Gala 2026-nyň dress-kody yglan edildi

Metropoliten-muzeýi Met Gala 2026 haýyr-sahawat balynyň mowzugynyň «Moda — bu sungat» diýlip atlandyrylýandygyny resmi taýdan yglan etdi. Vogue neşiriniň habar bermegine görä, çäre 4-nji maýda Nýu-Ýorkdaky (ABŞ) Condé Nast Galleries giňişliginde geçiriler
«Onlaýn hyzmat» arkaly TmCell, internet we beýleki hyzmatlary töläp, yzyna keşbek alyp bolýar
25.02.2026 19:13
78k+

«Onlaýn hyzmat» arkaly TmCell, internet we beýleki hyzmatlary töläp, yzyna keşbek alyp bolýar

Täze «Onlaýn hyzmat» goşundysy arkaly ykjam telefonlarynyň, internediň we beýleki sanly hyzmatlaryň tölegini aňsatlyk bilen amala aşyryp bolýar. Mundan başga, programma balansyňy häzirki wagt tertibinde yzarlamak mümkinçiligini açýar
Türkmenistanyň ýaş tennisçileri Bahreýnde uly üstünlik gazandy
25.02.2026 18:50
4.2k+

Türkmenistanyň ýaş tennisçileri Bahreýnde uly üstünlik gazandy

Bahreýniň paýtagty Manama şäherinde geçirilen 14 ýaşdan uly bolmadyk ýetginjekleriň arasynda tennis boýunça Günbatar we Merkezi Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň ýaş tennisçi gyzlary ajaýyp netijeleri görkezdi
Paramount kompaniýasy Warner Bros.-y almak üçin Netflix bilen göreşde teklibini ýokarlandyrdy
25.02.2026 18:36
2.3k+

Paramount kompaniýasy Warner Bros.-y almak üçin Netflix bilen göreşde teklibini ýokarlandyrdy

Paramount Skydance kompaniýasy Warner Bros. Discovery-ny satyn almak baradaky teklibini resmi taýdan her paýnama üçin 31 dollara çenli ýokarlandyrdy diýip, CNN neşiri Warner Bros. Discovery-nyň beýanatyna salgylanyp habar berýär
Aşgabat-Daşoguz demir ýoluny döwrebaplaşdyrmak taslamasy maslahatlaşyldy
25.02.2026 16:29
7.8k+

Aşgabat-Daşoguz demir ýoluny döwrebaplaşdyrmak taslamasy maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň edara binasynda ministr Mämmet Akmämmedowyň ýolbaşçylygynda Ýewropanyň demir ýol ulaglary Maýa goýum bankynyň (EIB) wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Gyrgyzystanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
25.02.2026 16:18
2.7k+

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Gyrgyzystanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň bilim ministri J. Gurbangeldiýew bilen Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Azizbek Madmarowyň arasynda duşuşyk geçirildi
«Garri Potter» serialynda Ron Uizliniň keşbini iki sany dürli aktýor ýerine ýetirer
25.02.2026 16:04
4.1k+

«Garri Potter» serialynda Ron Uizliniň keşbini iki sany dürli aktýor ýerine ýetirer

«Garri Potter» serialynda Ron Uizliniň keşbini iki sany aktýor ýerine ýetirer diýip, Comicbook portaly habar berýär. Gahrymanyň ýaşlyk keşbini Alaster Staut ýerine ýetirer, has kämil ýaşdaky keşbini bolsa Luis Şelton oýnar
Güýçli ýagyş sebäpli Braziliýanyň Uba şäherini sil aldy, köçelerden ulaglar akyp gitdi
25.02.2026 16:04
13k+

Güýçli ýagyş sebäpli Braziliýanyň Uba şäherini sil aldy, köçelerden ulaglar akyp gitdi

Geçen dynç güni Braziliýada güýçli tupanly ýagyşlar ýagdy. Bu zerarly häzirki wagtda iň agyr ýagdaý Minas-Žeraýs ştatynyň Uba we Žuis-di-Fora şäherlerinde hasaba alyndy. Dowamly ýagyn sebäpli golaýdaky suw howdanlary kenaryndan aşyp, köçeleri sil aldy
Adama akylly bolmak üçin 20 ýyl we tonnalarça azyk gerek: Altman emeli aň bilen adamyň energiýa sarp edişini deňeşdirdi
25.02.2026 15:55
5.2k+

Adama akylly bolmak üçin 20 ýyl we tonnalarça azyk gerek: Altman emeli aň bilen adamyň energiýa sarp edişini deňeşdirdi

OpenAI-yň ýolbaşçysy Sem Altman emeli aň ulgamlarynyň energiýa netijeliliginiň adam aňynyň ösüşi üçin sarp edilýän çykdajylar bilen deňeşdirerlikdigini ýa-da ondan hem ýokarydygyny öňe sürýär diýip, Tom's Hardware habar berýär
Tom Henks «Linkoln bardoda» romanynyň ekranlaşdyrylmasynda Awraam Linkolny oýnar
25.02.2026 15:53
3k+

Tom Henks «Linkoln bardoda» romanynyň ekranlaşdyrylmasynda Awraam Linkolny oýnar

Oskar baýragynyň eýesi, aktýor Tom Henks täze kino taslamasynda ABŞ-nyň 16-njy prezidenti Awraam Linkolnyň keşbini ýerine ýetirer. Artist «Linkoln bardoda» (Lincoln in the Bardo) diýlip atlandyrylýan eksperimental dramanyň aktýorlar düzüminde esasy gahryman bolar diýip, Variety neşiri habar berýär
GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi 22-nji maýda Aşgabatda geçiriler
25.02.2026 15:51
2.5k+

GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi 22-nji maýda Aşgabatda geçiriler

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi 22-nji maýda Aşgabatda bolar. Bu barada GDA-nyň Baş sekretarynyň birinji orunbasary Igor Petrişenko Minskide geçirilen Hemişelik wekilleriň geňeşiniň mejlisinde mälim etdi diýip, THP habar berýär
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Gruziýanyň Prezidenti we Premýer-ministri bilen duşuşdy
25.02.2026 15:46
4.6k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Gruziýanyň Prezidenti we Premýer-ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Gruziýa amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylary bilen duşuşyklary boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär. Saparyň
Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirini Milli güni bilen gutlady
25.02.2026 14:24
2.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirini Milli güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabaha we ýurduň halkyna Kuweýt Döwletiniň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady
«Budýo-Glimt» «Interi» ýaryşdan gaýtardy, «Atletiko» we «Baýer» 1/8 finala çykdy
25.02.2026 13:08
6k+

«Budýo-Glimt» «Interi» ýaryşdan gaýtardy, «Atletiko» we «Baýer» 1/8 finala çykdy

24-nji fewraldan 25-nji fewrala geçilen gije UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyrynyň jogap oýunlary geçirildi. Olaryň netijeleri boýunça 1/8 finalyň ýene dört gatnaşyjysy belli boldy. Agşamyň esasy täsirli wakasy «Budýo-Glimt» toparynyň «Interden» üstün çykmagy boldy
Spinozawrlar deňiz mahluklary däl-de, ägirt uly hokgarlar bolup çykdy
25.02.2026 12:01
5.1k+

Spinozawrlar deňiz mahluklary däl-de, ägirt uly hokgarlar bolup çykdy

Paleontologlar spinozawrlaryň öň çaklanylyşy ýaly, deňiz ýyrtyjylary däldigini anykladylar. Nigerde geçirilen gazuw-agtaryş işleri bu meselä aýdyňlyk girizdi.  2019-njy ýylda barlagçylar ol ýerden äň böleklerini tapan bolsalar,  soňky ekspedisiýada bolsa täze görnüşiň — Spinosaurus mirabilis-iň tas doly ystyhanyny ýüze çykardylar
Lego bu gezek Klod Moneniň meşhur eserini konstruktora öwürdi
25.02.2026 10:40
2.3k+

Lego bu gezek Klod Moneniň meşhur eserini konstruktora öwürdi

Metropoliten sungat muzeýi Lego kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda täze Lego Art toplumyny tanyşdyrdy. Bu täze önüm muzeýiň kolleksiýasynda saklanýan Klod Moneniň 1899-njy ýylda çeken «Liliýaly howzuň üstündäki köpri» (Bridge over a Pond of Water Lilies) atly kartinasynyň esasynda döredildi
ABŞ-nyň gündogar kenarýakasynda güýçli gar höküm ýöredýär. Boýy bilen gara çümen Nýu-Ýorkuň suratlary
25.02.2026 10:24
15k+

ABŞ-nyň gündogar kenarýakasynda güýçli gar höküm ýöredýär. Boýy bilen gara çümen Nýu-Ýorkuň suratlary

Soňky on ýylyň içinde bolup geçen iň güýçli gar boragany ABŞ-nyň demirgazyk-gündogarynda köpçülikleýin elektrik togunyň kesilmegine we ulag gatnawynyň doly togtamagyna getirdi. Meteorologlaryň berýän maglumatlaryna görä, bu ştatlarda bir gije-gündiziň dowamynda 60 santimetrden köp gar ýagdy
«Barselona» maliýe jenaýaty baradaky aýyplamany ýörite taýýarlanan töhmet diýip atlandyrdy
25.02.2026 10:05
5.4k+

«Barselona» maliýe jenaýaty baradaky aýyplamany ýörite taýýarlanan töhmet diýip atlandyrdy

«Barselona» futbol kluby ýolbaşçylaryň maliýe jenaýatlaryna gatnaşygy baradaky aýyplamalara jogap edip, resmi beýan bilen çykyş etdi. Derňew işine bir janköýeriň administrasiýany pul işlemekde we bikanun komissiýa almakda aýyplap beren arzasy sebäp boldy
El hünäri il gezer: Loewe lýuks moda öýi 5100 senetçiniň içinden iň ussatlaryny saýlaýar
25.02.2026 08:47
2.2k+

El hünäri il gezer: Loewe lýuks moda öýi 5100 senetçiniň içinden iň ussatlaryny saýlaýar

Ispaniýanyň Loewe lýuks moda öýi häzirkizaman senetçiligi ugrunda berilýän Loewe Craft Prize baýragynyň final tapgyryna çykan dalaşgärleriň adyny yglan etdi. Dünýäniň 133 ýurdundan we sebitinden gelip gowşan 5 100-den gowrak dalaşgäriň arasyndan 19 döwlete we sebite wekilçilik edýän iň ökde 30 senetkär saýlanyp alyndy
Alymlar öň näbelli bolan ýaşaýyş formasyny – gadymy Prototaxites organizmini açdylar
25.02.2026 06:38
5.2k+

Alymlar öň näbelli bolan ýaşaýyş formasyny – gadymy Prototaxites organizmini açdylar

Kanadanyň Gaspe aýlagynyň kenaryndan tapylan sekiz metr uzynlykdaky ägirt uly gurluşlaryň ylma mälim bolmadyk, ýitip giden düýbünden başga bir ýaşaýyş formasydygy anyklandy. Bu barada Science žurnaly habar berýär
«Bu öte gymmat güýmenje boljak...» Lamborghini dolulygyna elektrokarlara geçmek niýetinden dändi
25.02.2026 06:32
6.5k+

«Bu öte gymmat güýmenje boljak...» Lamborghini dolulygyna elektrokarlara geçmek niýetinden dändi

Lamborghini meşhur italýan brendi doly elektrikleşdirilen awtoulag öndürmek meýilnamasyny ýatyrdy. Kompaniýa muňa derek zarýad berilýän gibrid awtoulaglaryny (PHEV) kämilleşdirmäge üns berer diýip, The Sunday Times gazeti habar berýär
Aýnadaky ...ýatkeşlik? Microsoft maglumatlary «ebedi» saklamagyň ugruny tapdy
25.02.2026 06:26
2.3k+

Aýnadaky ...ýatkeşlik? Microsoft maglumatlary «ebedi» saklamagyň ugruny tapdy

Microsoft-yň barlagçylary Project Silica taslamasynyň çäginde femtosekund lazerleriniň kömegi bilen borosilikat aýnasynda arhiw maglumatlaryny saklamak ulgamyny döretdiler. "Nature" žurnalynyň habar bermegine görä, bu tehnologiýa maglumatlary hatda 290 gradus Selsiý gyzgynlykda hem 10 000 ýyla çenli okalýan görnüşde saklamaga mümkinçilik berýär