Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde täze şowhunly tomaşa görkezilýär
19.02.2026 09:44
2.7k+

Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde täze şowhunly tomaşa görkezilýär

Dynç güni — bu diňe bir iş günleriniň arasyndaky arakesme däl. Bu adaty durmuşyň depgininden çykyp, özüňize we ýakynlaryňyza ýatdan çykmajak duýgulary peşgeş bermek üçin gowy mümkinçilikdir. Arkadag şäherinde şeýle pursatlary peşgeş berýär ýerleriň biri hem Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkidir
Perseverance barlaglary Marsyň öň çygly we maýyl bolandygyny tassyklady
19.02.2026 09:05
2.1k+

Perseverance barlaglary Marsyň öň çygly we maýyl bolandygyny tassyklady

Marsyň ýüzünde geçirilen barlaglar milliardlarça ýyl ozal bu planetanyň öň çaklanylyşy ýaly buz bilen örtülmän, gaýta maýyl we çygly bolandygyny görkezdi. Munuň özi «Nuh eýýamy» diýlip atlandyrylýan döwürde (takmynan 4,1–3,7 mlrd ýyl ozal) Marsda äpet suw howdanlarynyň we derýalaryň bolandygyny çaklamaga doly mümkinçilik berýär
«Al-Nasr» «Arkadag» FK-ny ýeňip, AFK Çempionlar ligasy-2-niň çärýek finalyna çykdy
19.02.2026 06:27
21k+

«Al-Nasr» «Arkadag» FK-ny ýeňip, AFK Çempionlar ligasy-2-niň çärýek finalyna çykdy

Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» topary AFK Çempionlar ligasy-2-niň 1/8 finalynyň jogap duşuşygynda Türkmenistanyň «Arkadag» toparyny 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. 19-njy fewrala geçilen gije Er-Riýadda bolan bu oýun saud toparynyň çärýek finala çykmagyny üpjün etdi
Awstraliýada 100 ýyl bäri birinji gezek täze şäher gurlar
19.02.2026 00:20
4.8k+

Awstraliýada 100 ýyl bäri birinji gezek täze şäher gurlar

Awstraliýada Sidneýiň günbatarynda, ýaňy-ýakynda açylan «Western Sydney» halkara uçar menziliniň golaýynda gurulmagy meýilleşdirilýän täze Bredfild şäheriniň esasy meýilnamasy tanyşdyryldy. Bu taslama ýurtda soňky 100 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda döredilen ilkinji iri şäher aglomerasiýasy bolar
«Ýyldyz söweşleriniň» muşdaklary üçin «Mandalorly we Grogu» filminiň treýleri çykdy
18.02.2026 23:38
1.8k+

«Ýyldyz söweşleriniň» muşdaklary üçin «Mandalorly we Grogu» filminiň treýleri çykdy

Lucasfilm we Disney kompaniýalary «Ýyldyz söweşleri» franşizasy boýunça meşhur «Mandalorly» serialynyň epiki soňlanmasy boljak «Mandalorly we Grogu» (The Mandalorian and Grogu) doly metražly filminiň treýlerini hödürledi
Portugaliýada tupanlaryň ýetiren zyýany 5,5 milliard ýewrodan geçdi
18.02.2026 23:24
7.8k+

Portugaliýada tupanlaryň ýetiren zyýany 5,5 milliard ýewrodan geçdi

Portugaliýanyň hökümetiniň we senagat guramalarynyň berýän deslapky maglumatlaryna görä, ýanwar-fewral aýlarynda ýurda inen tupanlaryň ýetiren umumy maddy zyýany 5,5 milliard ýewrodan aşdy. Iň uly ýitgiler döwlet we şahsy emläklere degişli bolup, olaryň möçberi 4,5 milliard ýewrodan gowrak diýlip kesgitlenilýär
Hytaýyň 3D-printeri çylşyrymly jisimleri bir sekunda ýetirmän çap edýär
18.02.2026 23:19
2.8k+

Hytaýyň 3D-printeri çylşyrymly jisimleri bir sekunda ýetirmän çap edýär

Hytaýyň Sinhua uniwersitetiniň alymlary bary-ýogy 0,6 sekundyň içinde ýokary takyklyk bilen çylşyrymly jisimleri döretmäge mümkinçilik berýän 3D-çap tehnologiýasyny işläp düzdüler. Onuň iň kiçi bölekleri 12 mikrometre ýetýär
Amerikaly ýaşaýjy lotereýada 22 ýyllap şol bir sanlary saýlap, 3,5 mln dollar utdy
18.02.2026 19:43
7.7k+

Amerikaly ýaşaýjy lotereýada 22 ýyllap şol bir sanlary saýlap, 3,5 mln dollar utdy

Amerikanyň Ogaýo ştatynyň ýaşaýjysy 22 ýyllap şol bir lotereýa sanlaryny ulanyp, ahyrynda jekpot utmagy başardy. «Classic Lotto» saýtynyň habar bermegine görä, fewral aýynyň başynda satyn alnan bilet oňa köp garaşylan uly utuşy getirdi
Sudandaky 4000 ýyllyk aramgäh Kerma medeniýetiniň gizlin däplerinden habar berýär
18.02.2026 19:30
5.2k+

Sudandaky 4000 ýyllyk aramgäh Kerma medeniýetiniň gizlin däplerinden habar berýär

Sudanyň Baýuda çölünde geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda alymlar takmynan 4000 ýyl ozalky döwre degişli bolan täsin gubury ýüze çykardylar. Bu tapyndy biziň eýýamymyzdan öňki 2500–1500-nji ýyllar aralygynda gülläp ösen gadymy Nubia patyşalygy — Kerma baradaky bilinýän maglumatlary has-da baýlaşdyrdy
Android «Downloads» bukjasyndaky faýllary awtomatik usulda Google Drive-e göçürer
18.02.2026 19:13
1.5k+

Android «Downloads» bukjasyndaky faýllary awtomatik usulda Google Drive-e göçürer

Android enjamlary üçin Google Play hyzmatlarynyň täzelenmesinde ulanyjylar üçin üýtgeşme girizipdir. Peýda bolan täze funksiýalaryň biri smartfondaky «Ýüklenenler» (Downloads) bukjasyndaky faýllary awtomat ýagdaýda Google Drive ammaryna ätiýaçlyk nusgasy hökmünde ýükläp başlaýar
Hytaýyň L7 roboty gylyç oýnatmakda ussatlygyň nusgasyny görkezdi
18.02.2026 18:46
4.4k+

Hytaýyň L7 roboty gylyç oýnatmakda ussatlygyň nusgasyny görkezdi

Hytaýyň Robotera kompaniýasy Hytaý Täze ýyly — Alawly At ýyly mynasybetli taýýarlan täze wideosyny paýlaşdy. Wideoda L7 atly adampisint robotyň gadymy hytaý gylyç tansyny ussatlyk bilen ýerine ýetirişi görkezilýär
Çaga iýmiti bilen bagly dawa Nestle-niň paýnamalaryny 8 ýylyň içinde iň pes derejä düşürdi
18.02.2026 18:23
3.1k+

Çaga iýmiti bilen bagly dawa Nestle-niň paýnamalaryny 8 ýylyň içinde iň pes derejä düşürdi

Nestle kompaniýasynyň paýnamalary soňky sekiz ýylyň dowamyndaky iň pes derejesine çenli peseldi. Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, ertir 19-njy fewralda ýyllyk hasabatyň çap edilýän güni maýadarlar kompaniýanyň ýolbaşçylaryndan satuwlary dikeltmegiň anyk meýilnamasyny talap etmegi maksat edinýärler
Sanae Takaiti Ýaponiýanyň premýer-ministri wezipesine gaýtadan saýlandy
18.02.2026 17:02
2.8k+

Sanae Takaiti Ýaponiýanyň premýer-ministri wezipesine gaýtadan saýlandy

Ýaponiýanyň parlamentiniň ýokary palatasy Sanae Takaitini ýurduň 105-nji premýer-ministri hökmünde saýlady. NHK telekanalynyň berýän habaryna görä, ses berilişik hanym Takaitä ýeňiş üçin zerur bolan sesleriň takyk ýarysyny toplamak üçin bary-ýogy birje sesiň ýetmezçilik edendigi sebäpli iki tapgyrda geçirildi
Türkmenistandan «Oguzrobot» topary Hytaýda geçiriljek ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazandy
18.02.2026 16:51
3.4k+

Türkmenistandan «Oguzrobot» topary Hytaýda geçiriljek ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazandy

Türkmen okuwçylary 2026-njy ýylyň 10 — 13-nji fewraly aralygynda Astana şäherinde geçirilen FIRST Tech Challenge (FTC) robot tehnikasy boýunça çempionatyň sebit tapgyrynda uly üstünlik gazandy. Aşgabat şäheriniň
«Kompozitor» çeper filmi Türkiýede TÜRKSOY-yň ýörite baýraklaryna mynasyp boldy
18.02.2026 16:46
3.6k+

«Kompozitor» çeper filmi Türkiýede TÜRKSOY-yň ýörite baýraklaryna mynasyp boldy

2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda Ankara şäherindäki Ýaşar Kemal adyndaky Medeniýet merkezinde geçirilen Türkmen kinosynyň günleriniň çäginde «Kompozitor» atly çeper filmiň görkezilişi we baýrak gowşurylyş dabarasy boldy
Özbegistan 2028-nji ýyla çenli ilkinji ylmy hemrany we kosmonawty uçurmaga taýýarlanýar
18.02.2026 15:45
4.1k+

Özbegistan 2028-nji ýyla çenli ilkinji ylmy hemrany we kosmonawty uçurmaga taýýarlanýar

Özbegistan 2028-nji ýylda 6U görnüşli ilkinji ylmy hemrasyny uçurmagy meýilleşdirýär. Bu hemra türki halklaryň görnükli astronomy, matematigi, akyldary we şahyry Mirzo Ulugbegiň hormatyna atlandyrylar. Şeýle hem Respublikada ýurduň ilkinji kosmonawtyny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar
Rumyniýada derman serişdelerine durnukly 5 müňýyllyk bakteriýa tapyldy
18.02.2026 15:44
3k+

Rumyniýada derman serişdelerine durnukly 5 müňýyllyk bakteriýa tapyldy

Rumyn alymlary Skerişoara gowagyndan häzirkizaman antibiotiklerine durnukly bolan gadymy bakteriýa ştammyny tapdy. Bu tapyndy barada «Frontiers in Microbiology» ylmy žurnalynda habar berilýär. Psychrobacter SC65A
Türkmenistanyň Bilim ministrliginde ÝUNISEF-iň wekili bilen duşuşyk geçirildi
18.02.2026 15:43
3.1k+

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde ÝUNISEF-iň wekili bilen duşuşyk geçirildi

17-nji fewralda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde bu edaranyň ýolbaşçysy J. Gurbangeldiýew bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk boldy. Bu barada Bilim ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi
Türkmenistanyň Döwlet sirki 21–22-nji fewralda geçiriljek gyzykly şüweleňe çagyrýar
18.02.2026 15:09
3.9k+

Türkmenistanyň Döwlet sirki 21–22-nji fewralda geçiriljek gyzykly şüweleňe çagyrýar

Türkmenistanyň Döwlet sirki tomaşaçylary 21-nji we 22-nji fewralda sagat 18:00-da geçiriljek şüweleňli çykyşlara çagyrýar. Tomaşaçylara dürli sirk sahnalary, artistleriň täze we gyzykly çykyşlary, şeýle hem dünýäniň dürli künjeklerinden getirilen haýwanlar bilen görkeziljek täsin oýunlar görkeziler
Ýewropa Bileleşiginiň ilaty garramagyny dowam edýär: ortaça ýaş tas 45 ýyl
18.02.2026 15:05
3.8k+

Ýewropa Bileleşiginiň ilaty garramagyny dowam edýär: ortaça ýaş tas 45 ýyl

Eurostat statistika gullugynyň berýän maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli ýagdaýa görä, Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) ilatynyň ortaça ýaşy 44,9 ýyla deň boldy. Soňky on ýylyň dowamynda ÝB-niň ýaşaýjylarynyň ortaça ýaşy iki ýyldan gowrak ýokarlandy: 2015-nji ýylda bu görkeziji 42,8 ýyl derejesindedi
Türkmen okuwçylary Dubaýda geçirilen robototehnika bäsleşiginde 12 medal gazandy
18.02.2026 14:11
2.4k+

Türkmen okuwçylary Dubaýda geçirilen robototehnika bäsleşiginde 12 medal gazandy

14-nji fewraldan 16-njy fewral aralygynda Dubaý şäherinde geçirilen «IWISE Global Final 2026» halkara robototehnika bäsleşiginde türkmen okuwçylary 12 sany medal gazanmagy başardy. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan 400-den gowrak ýaş innowatoryň gatnaşan bu ýaryşynda Türkmenistanyň topary ýokary netijeleri görkezdi
Mejlisiň Başlygy Indoneziýanyň täze ilçisini kabul etdi
18.02.2026 14:09
2k+

Mejlisiň Başlygy Indoneziýanyň täze ilçisini kabul etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünyägözel Gulmanowa Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rolliansýah Soemiratdan ynanç hatyny kabul etdi
BAE ilkinji milli superkaryny görkezdi: häzirlikçe diňe emeli aňda ýasalan wideoda
18.02.2026 13:27
5.1k+

BAE ilkinji milli superkaryny görkezdi: häzirlikçe diňe emeli aňda ýasalan wideoda

BAE-niň täze döredilen Flkon Cars kompaniýasy milli superkarynyň dizaýnyny we tehniki häsiýetnamalaryny köpçülige tanyşdyrdy. Bu awtoulag Dubaýyň "Jebel-Ali" erkin ykdysady zolagyndaky zawodda ýygnalar we dünýäniň iň güýçli sport ulaglary bilen bäsleşer
Şu gün Er-Riýadda «Arkadag» we «Al-Nasr» duşuşygynyň jogap oýny bolar
18.02.2026 13:12
11k+

Şu gün Er-Riýadda «Arkadag» we «Al-Nasr» duşuşygynyň jogap oýny bolar

Şu gün, 18-nji fewralda Er-Riýadyň «Mrsul Park» stadionynda AFK Çempionlar ligasy-2-niň 1/8 finalynyň jogap duşuşygy geçiriler. Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» topary öz meýdançasynda Türkmenistanyň çempiony — «Arkadag» futbol klubuny kabul eder
Türkmenistanyň Prezidenti diplomatik gullugynyň işgärlerini hünär baýramy bilen gutlady
18.02.2026 12:46
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti diplomatik gullugynyň işgärlerini hünär baýramy bilen gutlady

Şu gün Türkmenistanda diplomatik işgärleriň güni bellenilip geçilýär. Bu şanly sene mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň diplomatik gullugynyň işgärlerine gutlag hatyny iberdi. Gutlag hatynyň teksti resmi türkmen metbugatynda neşir edildi
12 000 ýyl ozal ekerançylygyň dörän ýerini anyklamak başartdy
18.02.2026 12:14
4.8k+

12 000 ýyl ozal ekerançylygyň dörän ýerini anyklamak başartdy

Häzirki zaman oba hojalyk ekinleriniň ýabany ata-babalarynyň 10–12 müň ýyl ozal ýaýraýşynyň ilkinji jikme-jik kartasy döredildi. Kopengagen uniwersitetiniň (Daniýa) we Basklar ýurdunynyň uniwersitetiniň (Ispaniýa) halkara alymlar toparynyň ylmy işi «Open Quaternary» žurnalynda çap edildi
Alymlar Antarktidanyň buzuny ilkinji gezek Ýeriň gabygyna çenli burawlap, superkontinentiň yzyny tapdylar
18.02.2026 12:01
8.8k+

Alymlar Antarktidanyň buzuny ilkinji gezek Ýeriň gabygyna çenli burawlap, superkontinentiň yzyny tapdylar

Halkara alymlar topary Gündogar Antarktidadaky güýçli magnit anomaliýasynyň gelip çykyşyny ilkinji gezek anykladylar. Barlaglar bu hadysanyň takmynan bir milliard ýyl ozal gadymy kontinentleriň çakyşmagy we Rodiniýa superkontinentiniň emele gelmegi bilen baglanyşyklydygyny görkezdi
ÇL: «Real» Lissabonda ýeniş gazandy, «Galatasaraý» «Ýuwentusy» derbi-dagyn etdi, PSŽ-den «kambek»
18.02.2026 10:13
9.9k+

ÇL: «Real» Lissabonda ýeniş gazandy, «Galatasaraý» «Ýuwentusy» derbi-dagyn etdi, PSŽ-den «kambek»

Geçen gije UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyrynyň ilkinji dört duşuşygy geçirildi. Bu oýunlarda «Galatasaraý», «Borussiýa» (Dortmund), «Pari Sen-Žermen» we «Real» ýeňiş gazandylar. Lissabondaky dawa Lissabonda Madridiň «Realy» ýerli «Benfikadan» 1:0 hasaby bilen üstün çykdy
Wýetnamda 2000 ýyl ozal dişleri garaltmak däbi bolupdyr: bu geň däbiň syry açyklandy
18.02.2026 09:57
6.3k+

Wýetnamda 2000 ýyl ozal dişleri garaltmak däbi bolupdyr: bu geň däbiň syry açyklandy

Dişleri garaltmaklyk — Gündogar we Günorta-Gündogar Aziýa halklarynyň arasynda gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelýän özboluşly däpdir. Bu däp adamlar üçin "özüňkini" "ýatdan" tapawutlandyrmak, adamlary jyn-şeýtanlardan, medeniýetli halky bolsa "wagşylardan" saýhallamak ýaly birnäçe möhüm wezipäni ýerine ýetiripdir
Apple iOS 26.4-i hödürledi: Saz äleminde emeli aň we habarlaşmakda ýokary gorag
18.02.2026 09:48
1.5k+

Apple iOS 26.4-i hödürledi: Saz äleminde emeli aň we habarlaşmakda ýokary gorag

Apple işläp düzüjiler üçin iOS 26.4 operasion ulgamynyň ilkinji beta-wersiýasyny çykardy. Oňa multimedia, howpsuzlyk we aragatnaşyk ulgamlary üçin täze funksiýalar goşuldy. Ulanyjylar üçin ol resmi taýdan 2026-njy ýylyň ýazynda elýeterli bolar
Seýrek duşýan Pokémon karty üçin auksionda rekord derejede 16,5 million dollar tölendi
18.02.2026 09:30
4.2k+

Seýrek duşýan Pokémon karty üçin auksionda rekord derejede 16,5 million dollar tölendi

Pokémon ýapon franşizasynyň iň seýrek kolleksiýa kartlarynyň biri ABŞ-da geçirilen auksionda 16,5 million dollara satyldy. The Japan Times gazetiniň habar bermegine görä, bu gymmatbahaly eksponaty Ak Tamyň öňki metbugat sekretary Entoni Skaramuççiniň ogly satyn aldy
2026-njy ýylyň ilkinji Gün tutulmasy boldy. Bu hadysany Ýer ýüzünde bary-ýogy sanlyja adam gördi
18.02.2026 09:22
4.8k+

2026-njy ýylyň ilkinji Gün tutulmasy boldy. Bu hadysany Ýer ýüzünde bary-ýogy sanlyja adam gördi

17-nji fewralda Antarktidada 2026-njy ýylyň ilkinji Gün tutulma hadysasy hasaba alyndy. Aşgabat wagty bilen sagat 16:44 töweregi Aý Günüň merkezi bölegini doly örtüp, onuň diňe gyralarynyň görünmegini, ýagny "otly halka" täsirini emele getirdi
Balykçylygyň gadagan edilmegi Ýanszy derýasynda 70 ýylda ilkinji gezek balyklaryň köpelmegine getirdi
18.02.2026 07:37
7.9k+

Balykçylygyň gadagan edilmegi Ýanszy derýasynda 70 ýylda ilkinji gezek balyklaryň köpelmegine getirdi

Science žurnalynda Hytaýda geçirilen giň gerimli ekologik barlagyň netijeleri çap edildi. Onda alymlar 2021-nji ýylda Ýanszy derýasynyň howzunda täjirçilik maksatly balyk tutmaga girizilen on ýyllyk moratoriýanyň netijelerine baha berdiler
Alymlar ähli janly-jandardan hem gadymy genleri tapdylar
18.02.2026 07:36
1.8k+

Alymlar ähli janly-jandardan hem gadymy genleri tapdylar

Häzirki zaman organizmleriniň ählisiniň nesil daragty takmynan dört milliard ýyl ozal ýaşan iň irki uniwersal umumy kowumbaşylara baryp direýär. Emma ABŞ-ly alymlar mundan hem aňryk gidip, «uniwersal paraloglar» diýlip atlandyrylýan ýörite genleri öwrendiler
Nepally alpinist 15 günde Ewereste dört gezek çykyp, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
18.02.2026 00:40
3.9k+

Nepally alpinist 15 günde Ewereste dört gezek çykyp, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Nepally şerpa-alpinist 15 günüň dowamynda Ewerest depesine dört gezek çykyp, Ginnesiň rekordlar kitabynyň şahadatnamasyny aldy. 30 ýaşly Taşi Gýalsen 2025-nji ýylyň 9-njy, 14-nji, 19-njy we 23-nji maýynda Jomolungma depesine günorta tarapyndan çykyp, alpinizm taryhyna girdi diýip, «The Himalayan Times» gazeti habar berýär
Ýewropa ýurtlaryny global maýylganlyga has tiz taýýarlyk görmäge çagyrýarlar
17.02.2026 21:50
5.4k+

Ýewropa ýurtlaryny global maýylganlyga has tiz taýýarlyk görmäge çagyrýarlar

Howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropa ylmy konsultatiw geňeşi (ESABCC) Ýewropanyň ýurtlaryny global ýylylyga taýýarlanmaga çagyrdy. ESABCC täze hasabatynda Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) agza ýurtlarynyň temperaturanyň ýokarlanmagyna uýgunlaşmak boýunça görýän çärelerini «ýeterlik däl we köp ýagdaýlarda gijä galan» diýip atlandyrýar
Türkmenistanyň DIM-inde Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
17.02.2026 20:43
2.2k+

Türkmenistanyň DIM-inde Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) arasyndaky hyzmatdaşlyga bagyşlanan brifing geçirildi. Çäräniň dowamynda 2025-nji ýyldaky özara gatnaşyklaryň netijeleri jemlenip, 2026-njy ýyl üçin ileri tutulýan ugurlar kesgitlenildi
Bobsleýçi zenan ýeňşi bilen däl, ýaşy bilen rekord goýdy
17.02.2026 20:42
7.8k+

Bobsleýçi zenan ýeňşi bilen däl, ýaşy bilen rekord goýdy

ABŞ-ly bobsleýçi Elana Maýers-Teýlor Italiýada geçirilýän 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlarynda monobob ýaryşynda ýeňiş gazandy. Ol dört tapgyryň netijesi boýunça, aýgytly pursatda öňe saýlanyp, birinji orny eýeledi
Gonkongda Gucci we Bvlgari atyrlarynda allergenler ýüze çykaryldy
17.02.2026 20:15
2.3k+

Gonkongda Gucci we Bvlgari atyrlarynda allergenler ýüze çykaryldy

Gonkongyň sarp edijileriň hukuklaryny goramak edarasy birnäçe gymmat bahaly atyrlarda, şol sanda Gucci we Bvlgari brendleriniň önümlerinde allergenleriň mukdarynyň ýokarydygyny anyklady diýip, SCMP neşiri habar berýär
Alymlar Gün ýylylygyny ýyllar boýy saklamaga ukyply molekulany döretdiler
17.02.2026 20:02
3k+

Alymlar Gün ýylylygyny ýyllar boýy saklamaga ukyply molekulany döretdiler

Santa-Barbaradaky Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlary Gün şöhlesini siňdirip, ony ýyllar boýy saklamaga we soňra zerur wagty ýylylygy bölüp çykarmaga ukyply organiki birleşmäni döretdiler. Laboratoriýa barlaglarynda bu ýylylygyň otag temperaturasyndaky suwy gaýnatmaga ýetýändigi subut edildi