Dünýäniň iň baý adamy özüniň hususy "X Money" töleg ulgamyny tanyşdyrdy
15.02.2026 09:51
6.5k+

Dünýäniň iň baý adamy özüniň hususy "X Money" töleg ulgamyny tanyşdyrdy

Ilon Mask özüniň X (ozalky Twitter) sosial ulgamynyň bir bölegine öwrüljek X Money atly täze maliýe platformasyny hödürledi. Bu taslama telekeçiniň ozal hem aýdyp geçişi ýaly, ähli hyzmatlary özünde jemleýän "super-app" (super goşundy) döretmek strategiýasynyň iň möhüm bölegi hasaplanýar
Taýwanda ýaşy 400–800 müň ýyla barabar bolan äpet pitonyň oňurgasy tapyldy
15.02.2026 09:44
11k+

Taýwanda ýaşy 400–800 müň ýyla barabar bolan äpet pitonyň oňurgasy tapyldy

Arheologlar Taýwanda ýaşy 400–800 müň ýyl diýlip çaklanylýan äpet pitonyň oňurgasyny tapdy. Bu tapyndy şeýle ýylanlaryň bir wagtlar adada ýaşandygyny subut edýän ilkinji gazylyp tapylan subutnamadyr. Barlagyň netijeleri Historical Biology žurnalynda çap edildi
26-njy fewralda Madridde Huawei Mate 80 Pro-nyň dünýä tanyşdyrylyşy geçiriler
15.02.2026 09:14
3.4k+

26-njy fewralda Madridde Huawei Mate 80 Pro-nyň dünýä tanyşdyrylyşy geçiriler

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi bolan Huawei täze "Mate 80 Pro" seriýasynyň halkara bazaryndaky tanyşdyrylyşynyň 2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda boljakdygyny tassyklady. Resmi çäre Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde geçiriler
BMW kompaniýasy Alpina brendiniň nyşanyny täzeledi
15.02.2026 09:11
3.5k+

BMW kompaniýasy Alpina brendiniň nyşanyny täzeledi

BMW kompaniýasy Alpina brendi üçin hukugy 2022-nji ýylda satyn alypdy, emma taraplaryň arasyndaky öňki ylalaşyk 2025-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli güýjüni saklady. Indi bolsa dolandyryş doly BMW-niň eline geçdi we kompaniýa markanyň korporatiw aýdentikasyny täzelemäge girişdi
Alymlar: kitap okamak we dil öwrenmek demensiýa töwekgelçiligini 40% peseldýär
15.02.2026 08:43
3.3k+

Alymlar: kitap okamak we dil öwrenmek demensiýa töwekgelçiligini 40% peseldýär

Çikagodaky Raş uniwersitetiniň Lukmançylyk merkeziniň alymlary ömrüň dowamynda yzygiderli akyl işjeňligini saklamak demensiýa töwekgelçiligini ep-esli peseldip, hatda onuň ýüze çykmasyny yza-da tesdirip bilýär diýen netijä geldiler diýip, The Guardian neşiri habar berýär
Ýanwar aýynyň jemlerine bagyşlanan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi
14.02.2026 23:32
16k+

Ýanwar aýynyň jemlerine bagyşlanan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi

14-nji fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi
Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri täzelendi
14.02.2026 23:20
37k+

Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri täzelendi

General-maýor Nazar Muhammetmyradowiç Atagaraýew, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä general-maýor Döwletgeldi Gurbangeldiýewiç Meredow bellenildi
Altyn bazarynda soňky bäş ýylyň netijeleri: Kimler aldy, kimler satdy?
14.02.2026 19:24
12k+

Altyn bazarynda soňky bäş ýylyň netijeleri: Kimler aldy, kimler satdy?

2020-nji ýyldan bäri altynyň bahasy 230%-den gowrak ýokarlandy. Bu ýagdaý dünýäniň merkezi banklaryny öz gorlaryny işjeň doldurmaga mejbur etdi. Häzirki wagtda altyn diňe bir "howpsuz ätiýaçlyk" däl, eýsem dollara garaşlylygy azaltmak we geosyýasy töwekgelçiliklerden goranmak üçin strategik aktiw hökmünde kabul edilýär
Türkmenistanda sportuň üç görnüşi boýunça Talyp ligalaryna badalga berildi
14.02.2026 19:22
5.3k+

Türkmenistanda sportuň üç görnüşi boýunça Talyp ligalaryna badalga berildi

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda futzal, basketbol we woleýbol boýunça ýurduň Talyp ligalarynyň açylyş dabarasy boldy. Ýaryşlar Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan bilelikde tassyklanan 2026-njy ýyl üçin köpçülikleýin sport we medeni çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda geçirilýär
Pitt we Kruz ekranda söweşýär: Emeli aň aktýorsyz ekşn-film düşürmegiň mümkinçiliklerini görkezdi
14.02.2026 19:15
6.2k+

Pitt we Kruz ekranda söweşýär: Emeli aň aktýorsyz ekşn-film düşürmegiň mümkinçiliklerini görkezdi

Joyrider Films-iň amerikaly režissýory Ruairi Robinson Bred Pitt bilen Tom Kruzuň biri-biri bilen söweşýän örän realistik wideosyny tanyşdyrdy. Bu iş ByteDance kompaniýasynyň Seedance 2.0 neýroulgamy arkaly taýýarlanyp, hakyky düşürilişden diýen ýaly tapawutlanmaýar
Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy
14.02.2026 19:03
1.4k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi
Şäher durmuşy garynjalary üýtgetdi: indi olaryň iýmit dannaýşy peselýär
14.02.2026 18:58
4.3k+

Şäher durmuşy garynjalary üýtgetdi: indi olaryň iýmit dannaýşy peselýär

Şäherlerdäki durmuş şertleri janly organizmleriň ýaşaýyş ýörelgelerini mazaly üýtgedýär. Alymlaryň anyk maglumatlaryna görä, şäherleşmek ýagdaýy garynjalaryň hem iýmitleniş endiklerine täsir edip, olaryň uglewod çeşmelerini saýlamakdaky talapkärligini peseldipdir
Igor Tudor möwsümiň ahyryna çenli "Tottenhemiň" baş tälimçisi boldy
14.02.2026 18:52
2k+

Igor Tudor möwsümiň ahyryna çenli "Tottenhemiň" baş tälimçisi boldy

Londonyň "Tottenhem" futbol kluby horwatiýaly hünärmen Igor Tudoryň baş tälimçi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Bu baradaky habar "şporalaryň" resmi sahypasynda çap edildi. 47 ýaşly hünärmen topary şu möwsümiň ahyryna çenli türgenleşdirer
Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy
14.02.2026 18:43
1.7k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär
Sönmez yşyk: Kaliforniýada 125 ýyl bäri ýanyp duran lampa syýahatçylary haýran edýär
14.02.2026 18:31
7.6k+

Sönmez yşyk: Kaliforniýada 125 ýyl bäri ýanyp duran lampa syýahatçylary haýran edýär

Kaliforniýanyň ýangyn söndüriş bölümleriniň birinde 1901-nji ýylda ýakylan lampa henizem işläp dur. Daily Mail neşiriniň ýazmagyna görä, şol sebäpli bu ýer syýahatçylaryň arasynda meşhur ýerleriň birine öwrüldi
Google indi EA-modellerine Disney gahrymanlarynyň suratlaryny döretdirmeýär
14.02.2026 18:16
1.3k+

Google indi EA-modellerine Disney gahrymanlarynyň suratlaryny döretdirmeýär

Google-yň emeli aň modelleri Disney gahrymanlary bilen baglanyşykly tabşyryklary ret edip başlady. Üýtgeşmeler dekabr aýynda Disney-iň kompaniýany intellektual eýeçilik hukuklaryny bozmakda aýyplamagyndan soň başlandy
NASA üçünji «ganatly» uçary synagdan geçirdi: ol ýangyç sarp edilişini peseldýär
14.02.2026 17:27
3.6k+

NASA üçünji «ganatly» uçary synagdan geçirdi: ol ýangyç sarp edilişini peseldýär

NASA aerodinamiki garşylygy gowşatmak we ýangyjy az sarp etmek maksady bilen ýasalan CATNLF ganatynyň uly göwrümli modeliniň ilkinji uçuş synagyny geçirdi. Synag 29-njy ýanwarda Kaliforniýadaky NASA-nyň Armstrong adyndaky barlag merkezinde amala aşyrylsa-da, bu barada resmi taýdan diňe häzir habar berildi
ABŞ-da ýokary okuw jaýlarynyň uçurymlarynyň arasynda işsizlik 2003-nji ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi
14.02.2026 16:18
6.1k+

ABŞ-da ýokary okuw jaýlarynyň uçurymlarynyň arasynda işsizlik 2003-nji ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň zähmet bazarynda uniwersitetleri täze tamamlan uçurymlar üçin ýagdaý düýpli ýaramazlaşdy. Nýu-Ýorkuň Federal Ätiýaçlyk Bankynyň (FRB) hasabatyna görä, 2025-nji ýylyň dekabrynda bu toparda işsizlik derejesi 5,6%-e ýetdi
"Jon Uik" äleminden uly wideooýun taýýarlanylýar: Lionsgate taslamanyň ilkinji jikme-jikliklerini paýlaşdy
14.02.2026 16:12
2.6k+

"Jon Uik" äleminden uly wideooýun taýýarlanylýar: Lionsgate taslamanyň ilkinji jikme-jikliklerini paýlaşdy

State of Play tanyşdyrylyş çäresinde Lionsgate kompaniýasy "John Wick" älemine esaslanýan täze, iri göwrümli wideooýun taslamasyny görkezdi. Häzirki wagtda taslamanyň resmi ady ýok we ol entek işlenip taýýarlanylmagyň başlangyç tapgyrynda durýar
Emeli aň ýene bir synagda adamyň görkezijisinden öňe geçdi: Gemini 3 Deep Think abstrakt pikirlenmäge ökde
14.02.2026 16:02
2.3k+

Emeli aň ýene bir synagda adamyň görkezijisinden öňe geçdi: Gemini 3 Deep Think abstrakt pikirlenmäge ökde

Google DeepMind ylmy we inženerçilik meselelerini çözmäge gönükdirilen Gemini 3 Deep Think modeliniň uly täzelenmesini tanyşdyrdy. Modeliň iň esasy görkezijisi — ARC-AGI-2 testinde 84,6% netije görkezmegidir. Bu test emeli aňyň ozal görmedik täze abstrakt meselelerini öwrenilen maglumatlara esaslanman, diňe logika arkaly çözmek ukybyny barlaýar
Oba hojalyk pudagynda wezipeler kesgitlenildi we ýolbaşçylar bellenildi
14.02.2026 15:52
15k+

Oba hojalyk pudagynda wezipeler kesgitlenildi we ýolbaşçylar bellenildi

Türkmenistanyň oba hojalyk pudagy täze işgärler düzümi we 2026-njy ýyl üçin anyk meýilnamalar bilen täze önümçilik tapgyryna girişýär. Degişli çözgütler döwlet Baştutany tarapyndan geçen ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda kabul edildi
Xiaomi YU7 ilkinji gezek Hytaýyň iň köp satylan awtoulagy boldy
14.02.2026 15:46
2.1k+

Xiaomi YU7 ilkinji gezek Hytaýyň iň köp satylan awtoulagy boldy

Xiaomi kompaniýasy 2026-njy ýylyň ýanwar aýynyň jemleri boýunça YU7 krossoweriniň Hytaýyň awtomobil bazarynda satuw mukdary boýunça birinji orna çykandygyny yglan etdi. Sina neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, Xiaomi-niň täze modeli Geely Boyue L we Geely Geome Xingyuan ýaly güýçli bäsdeşlerini yzda galdyrmagy başardy
2026-njy ýylda Türkmenistanda 900 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýy ulanmaga berler
14.02.2026 15:23
13k+

2026-njy ýylda Türkmenistanda 900 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýy ulanmaga berler

2026-njy ýylda Türkmenistanda umumy meýdany 900 müň inedördül metrden gowrak bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmak we ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti anna güni geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde aýtdy
YouTube Music "Siziň hepdelik synyňyzy" taýýarlap başlar
14.02.2026 15:22
790

YouTube Music "Siziň hepdelik synyňyzy" taýýarlap başlar

YouTube Music emeli aň (AI) bilen işleýän “Siziň hepdelik synyňyz” atly täze funksiýany synagdan geçirip başlady. Bu gural ulanyjylaryň şahsy diňleýiş statistikasyny has jikme-jik görkezmek we aýdym-saz isleglerini seljermek üçin niýetlenendir
Türkmenistanda 2026-njy ýylda 3 million düýp nahal ekiler
14.02.2026 14:54
4.6k+

Türkmenistanda 2026-njy ýylda 3 million düýp nahal ekiler

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň dowamynda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň üç million düýp nahalyny ekmek meýilleşdirilýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara 13-nji fewralda geçen ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çekdi diýip, TDH habar berýär
Xiaomi 4,7 milliard parametrli Robotics-0 bilen robot tehnikasy älemine aralaşyp başlady
14.02.2026 14:21
1.2k+

Xiaomi 4,7 milliard parametrli Robotics-0 bilen robot tehnikasy älemine aralaşyp başlady

Xiaomi kompaniýasy robototehnika pudagy üçin niýetlenen, açyk kodly ilkinji iri göwrümli modelini — Xiaomi-Robotics-0 ulgamyny tanyşdyrdy. 4,7 milliard parametrli bu ulgam robotlary hakyky durmuş şertlerinde akylly dolandyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar
Norwegiýa deňziniň düýbünde adatdan daşary wodorod çeşmesi tapyldy
14.02.2026 14:15
3.3k+

Norwegiýa deňziniň düýbünde adatdan daşary wodorod çeşmesi tapyldy

Alymlar Norwegiýa deňziniň düýbünde düzüminde adatdan daşary ýokary mukdarda wodorod saklaýan gidrotermal çeşmeleri ýüze çykardylar. Knipowiç gerşiniň çäklerinde edilen bu açyş şeýle ulgamlaryň emele gelşi we beýleki planetalaryň ummanlaryndaky ýaşaýyş mümkinçilikleri baradaky düşünjelere üýtgeşme girizip  biler
Ýaponiýadaky awtobezeg ussahanasy Toyota Century-ni sport "lybasyna geýindirdi"
14.02.2026 14:11
4.7k+

Ýaponiýadaky awtobezeg ussahanasy Toyota Century-ni sport "lybasyna geýindirdi"

Ýaponiýanyň Tom’s Racing týuning (awtobezeg) studiýasy Toyota Century lýuks sedanyny döwrebaplaşdyryp, oňa has sport we agras görnüş berdi. Bu täzelik adaty durnuklylygy we asudalygy aňladýan Century modeliniň imijini düýpli üýtgedýär
Köneürgenç etraby Türkmenistanda iň gowy etrap diýlip ykrar edildi we $1 mln möçberinde baýrak aldy
14.02.2026 13:58
7.9k+

Köneürgenç etraby Türkmenistanda iň gowy etrap diýlip ykrar edildi we $1 mln möçberinde baýrak aldy

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etraby 2025-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistanyň etraplarynyň arasynda geçirilýän her ýylky döwlet bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy Oguljennet Berdiliýewa habar berdi
Aşgabat şäheriniň häkimliginiň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeler geçirildi
14.02.2026 12:26
16k+

Aşgabat şäheriniň häkimliginiň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 13-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Aşgabat şäheriniň häkimliginiň we etrap häkimlikleriniň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleri geçirip, degişli Kararlara gol çekdi
Türkmenistanyň welaýatlarynda birnäçe etraplaryň häkimleri täzelendi
14.02.2026 12:09
23k+

Türkmenistanyň welaýatlarynda birnäçe etraplaryň häkimleri täzelendi

Prezident Serdar Berdimuhamedow 13-nji fewralda, anna güni geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň birnäçe etraplarynyň häkimlerini wezipä bellemek we wezipeden boşatmak baradaky resminamalara gol çekdi
Türkmenbaşy, Mary we Türkmenabat şäherleriniň häkimleri täzelendi
14.02.2026 12:04
15k+

Türkmenbaşy, Mary we Türkmenabat şäherleriniň häkimleri täzelendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda welaýat merkezi bolan şäherleriň häkimlerinde wezipe üýtgeşmelerini geçirdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalaryna laýyklykda: Kakageldi Atajanowiç Saryýew Mary welaýatynyň Mary şäheriniň häkimi wezipesinden boşadyldy
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri täzelendi
14.02.2026 10:55
16k+

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri täzelendi

Myrat Akmyradowiç Mämmedow pensiýa gitmegi sebäpli Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri wezipesinden boşadyldy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen giňişleýin mejlisinde yglan edildi
Hytaýda awtoulaglary adatdan daşary şertlerde synag etmek üçin döwrebap barlaghana açyldy
14.02.2026 10:48
4.8k+

Hytaýda awtoulaglary adatdan daşary şertlerde synag etmek üçin döwrebap barlaghana açyldy

Hytaýda akylly sürüjilik ulgamlaryna (smart driving systems) ýöriteleşdirilen täze iri synag merkezi ulanmaga berildi. 5000 inedördül metrden gowrak meýdany eýeleýän bu laboratoriýa awtoulaglaryň elektron kömekçilerini goýy ümür, güýçli ýagyş we beýleki adatdan daşary şertlerde synagdan geçirmäge mümkinçilik berýär
Ertekiler dünýäsine syýahat: "Jadyly agaç bilen ýokary" filminiň ilkinji treýleri çykdy
14.02.2026 10:40
1.9k+

Ertekiler dünýäsine syýahat: "Jadyly agaç bilen ýokary" filminiň ilkinji treýleri çykdy

Entertainment Film Distributors kompaniýasynyň YouTube kanalynda iňlis ýazyjysy Enid Blaýtonyň klassyky eseri esasynda surata düşürilen "The Magic Faraway Tree" («Вверх по волшебному дереву») filminiň resmi treýleri köpçülige hödürlendi
Daşyň ýüzi söweş meýdany bolupdyr: Emeli aň gadymy Rim oýnunyň düzgünlerini aýan etdi
14.02.2026 10:34
2.3k+

Daşyň ýüzi söweş meýdany bolupdyr: Emeli aň gadymy Rim oýnunyň düzgünlerini aýan etdi

Alymlar emeli aňyň kömegi bilen Niderlandlaryň Herlen şäherinden tapylan, daşyň ýüzüne oýulyp çekilen gadymy oýnuň düzgünlerini täzeden dikeltmegi başardylar. Geçirilen barlaglar bu oýnuň öň pikir edilişinden birnäçe asyr öň oýnalandygyny subut etdi
Türkmenistanda Awtomobil ýollary ministrligi döredildi
14.02.2026 10:34
16k+

Türkmenistanda Awtomobil ýollary ministrligi döredildi

13-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Awtomobil ýollary ministrligini döretmek baradaky Permana gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi
«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze başlyk bellenildi
14.02.2026 09:53
7.3k+

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze başlyk bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Resul Annaçaryýewiç Myradowy «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy wezipesine belledi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Şol bir wagtda Myradow senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy
«Altyn asyr» teleradioýaýlymynyň başlygy pensiýa gitmegi sebäpli wezipesinden boşadyldy
14.02.2026 09:23
7.6k+

«Altyn asyr» teleradioýaýlymynyň başlygy pensiýa gitmegi sebäpli wezipesinden boşadyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow O.Hojanazarowy pensiýa gitmegi sebäpli, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşatdy
Daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşadyldy
14.02.2026 09:00
7.9k+

Daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşadyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Çarygeldi Gurbangeldiýewiç Babanyýazowy daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşatdy. Babanyýazow bu wezipäni 2023-nji ýylyň iýul aýyndan bäri ýerine ýetirýärdi