«Atletiko» 4:0 hasap bilen «Barselonany» Ispaniýanyň kubogynyň birinji ýarym finalynda derbi-dagyn etdi
13.02.2026 06:12
10k+

«Atletiko» 4:0 hasap bilen «Barselonany» Ispaniýanyň kubogynyň birinji ýarym finalynda derbi-dagyn etdi

Madridiň «Atletiko» topary Ispaniýanyň kubogynyň birinji ýarym final duşuşygynda «Barselonany» uly hasap bilen ýeňdi. Madridde geçirilen oýun 4:0 hasabynda tamamlandy, iň geň galdyryjy ýeri bolsa — gollaryň ählisi birinji ýarymda saldy
Mumbaýda Hindistanyň iň beýik täze gökdiräni gurlup gutaryldy
12.02.2026 23:38
8.4k+

Mumbaýda Hindistanyň iň beýik täze gökdiräni gurlup gutaryldy

​Mumbaýda Minerva Tower atly ýaşaýyş toplumynyň gurluşygy tamamlandy. Bu bina 301 metr beýikligi bilen Hindistanyň iň beýik gökdiräni boldy. Bu barada taslamany işläp düzen "Architect Hafeez Contractor" arhitektura býurosy habar berdi
Jeýson Momoa "Helldivers" oýnunyň ekranlaşdyrylyşynda baş keşbi janlandyrar
12.02.2026 23:27
2.3k+

Jeýson Momoa "Helldivers" oýnunyň ekranlaşdyrylyşynda baş keşbi janlandyrar

​Jeýson Momoa "Arrowhead Game Studios" tarapyndan döredilen meşhur wideo oýnunyň esasynda surata düşüriljek "Helldivers" filminde baş keşbi janlandyrmaga hukuk gazandy. Bu barada "The Hollywood Reporter" neşiri habar berýär
Ilon Mask: X platformasyny (öňki Twitter-i) 1 milliarddan gowrak adam ulanýar
12.02.2026 23:21
3.3k+

Ilon Mask: X platformasyny (öňki Twitter-i) 1 milliarddan gowrak adam ulanýar

​X sosial ulgamynyň (öňki Twitter) eýesi Ilon Mask bu programmany gurnan adamlaryň sanynyň bir milliarddan aşandygyny mälim etdi. ​"Biziň bir milliard ulanyjy barada aýtmagymyzyň sebäbi, ortaça aýlyk ulanyjylarymyzyň sany 600 million töweregi bolsa-da, goşundyny ýükläp alanlaryň sany bir milliarddan ep-esli köpdür
Fransiýanyň günbatar bölegi «Nils» harasatyna sezewar boldy
12.02.2026 21:08
7.1k+

Fransiýanyň günbatar bölegi «Nils» harasatyna sezewar boldy

Fransiýanyň Atlantik ummanynyň kenarýakasyna we ýurduň günorta-günbatar bölegine «Nils» harasaty uly zarba urdy. Euronews neşiriniň habar bermegine görä, bu tebigy hadysa elektrik energiýasynyň köpçülikleýin kesilmegine we ulag ulgamynyň işiniň bozulmagyna sebäp boldy
Atasynyň donuny geýip, enesiniň ýaglygyny daňynan gyrgyz modeli moda hepdeliginiň ýyldyzy boldy
12.02.2026 20:56
14k+

Atasynyň donuny geýip, enesiniň ýaglygyny daňynan gyrgyz modeli moda hepdeliginiň ýyldyzy boldy

Gyrgyzystanly model Şadiýa Isaýewa Seulda geçirilen moda hepdeliginiň görkezilişlerine gatnaşyp, dünýä belli «Vogue» žurnalynyň sahypalaryna düşdi. Isaýewa hepdeligiň dowamynda birnäçe görkezilişde boldy. Çäräniň dördünji gününde ol meýdança gyrgyzlaryň milli lybasynda barmagy ýüregine düwdi
Tomas Tuhel 2028-nji ýyla çenli Angliýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi bolup galar
12.02.2026 20:44
2.3k+

Tomas Tuhel 2028-nji ýyla çenli Angliýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi bolup galar

Germaniýaly hünärmen Tomas Tuhel Angliýanyň milli ýygyndysy bilen şertnamasyny uzaltdy. Ol 2028-nji ýyla çenli toparyň baş tälimçisi wezipesinde galar. «Biz saýlap alan ýolumyza wepaly. Täze şertnama gol çekilenden soň, Tomas Tuhel 2028-nji ýyla çenli biziň “üç ýolbars” toparymyza ýolbaşçylyk eder» – diýip, Angliýanyň milli ýygyndysynyň metbugat gullugy X sosial ulgamynda habar berdi
Bikanun kontenti aýyrmak üçin 3 sagat: Hindistan sosial ulgamlara bolan talaplary güýçlendirdi
12.02.2026 19:48
4k+

Bikanun kontenti aýyrmak üçin 3 sagat: Hindistan sosial ulgamlara bolan talaplary güýçlendirdi

Hindistanyň hökümeti sosial ulgamlara bolan talaplary güýçlendirip, bikanun diýlip ykrar edilen kontenti aýyrmagyň möhletini habarnama alnan pursatyndan başlap, 36 sagatdan üç sagada çenli gysgaltdy. Täze düzgünler Meta, YouTube we X ýaly iri platformalara degişli bolup, olar 20-nji fewralda güýje girer
Britni Spirs öz aýdymlaryna bolan hukugy 200 mln dollara satdy
12.02.2026 18:59
4.7k+

Britni Spirs öz aýdymlaryna bolan hukugy 200 mln dollara satdy

Amerikaly aýdymçy Britni Spirs öz aýdym-saz katalogyna bolan hukugy, takmynan, 200 mln dollara satdy. Bu barada NBC teleýaýlymy şertnamanyň şertleri bilen tanyş bolan çeşmä salgylanyp habar berýär. Maglumatlara görä, şertnama aýdymçy bilen Primary Wave kompaniýasynyň arasynda baglaşyldy
Türkmenistanyň ilçisi ýapon hyzmatdaşlary bilen ylmy-tehnologik gatnaşyklary maslahatlaşdy
12.02.2026 18:54
1.6k+

Türkmenistanyň ilçisi ýapon hyzmatdaşlary bilen ylmy-tehnologik gatnaşyklary maslahatlaşdy

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Ýaponiýada Türkmenistanyň ilçisi A. Baýramowyň Türkmen-ýapon ylmy-tehnologik assosiasiýasynyň prezidenti H. Koýnuma we bu assosiasiýa bilen hyzmatdaşlyk edýän ýapon kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşygy boldy
Buharestde Türkmenistanyň ilçisiniň Rumyniýanyň DIM-niň Döwlet sekretary bilen duşuşygy boldy
12.02.2026 18:53
2.1k+

Buharestde Türkmenistanyň ilçisiniň Rumyniýanyň DIM-niň Döwlet sekretary bilen duşuşygy boldy

2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi A. Annaýewiň Rumyniýanyň DIM-niň Döwlet sekretary Anna Tinka bilen duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşler türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy
Apple kompaniýasynyň täze üstünligi: dünýädäki her dördünji smartfon — iPhone
12.02.2026 18:19
3.9k+

Apple kompaniýasynyň täze üstünligi: dünýädäki her dördünji smartfon — iPhone

Apple dünýäde işjeň ulanylýan smartfonlaryň sany boýunça birinji orny eýeledi. Counterpoint Research barlag kompaniýasynyň maglumatyna görä, häzirki wagtda planetada ulanylýan ähli smartfonlaryň takmynan 25%-i iPhone-laryň paýyna düşýär
Galaxy S26: Haçan çykýar we Samsung-yň täze flagmanlary barada nämeler belli?
12.02.2026 17:41
6k+

Galaxy S26: Haçan çykýar we Samsung-yň täze flagmanlary barada nämeler belli?

​Samsung Hindistanda täze Galaxy S26 seriýasynyň smartfonlary üçin öňünden sargytlary kabul edip başlady. Maksatnama 24-nji fewrala çenli dowam eder, resmi tanyşdyrylyş dabarasy bolsa 25-nji fewralda San-Fransiskoda (Kaliforniýa, ABŞ) geçiriljek Galaxy Unpacked çäresiniň çäklerinde bolar
ABŞ Amazon, Google we Microsoft kompaniýalaryny çip paçlaryndan boşatmak isleýär
12.02.2026 17:27
1.2k+

ABŞ Amazon, Google we Microsoft kompaniýalaryny çip paçlaryndan boşatmak isleýär

ABŞ-nyň Söwda ministrligi ýurduň tehnologiýa ägirtleri bolan Amazon, Google we Microsoft kompaniýalaryny ýarymgeçirijileriň importyna giriziljek täze gümrük paçlaryndan boşatmagy meýilleşdirýär. Bu başlangyç dünýäniň iň uly çip öndürijisi bolan Taýwanyň TSMC kompaniýasynyň ABŞ-daky maýa goýum taslamalary bilen göni baglanyşyklydyr
Türkmenistanyň wekilleri germaniýaly işewürler bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
12.02.2026 15:05
2.2k+

Türkmenistanyň wekilleri germaniýaly işewürler bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

11-nji fewralda Berline saparynyň dowamynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Germaniýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň germaniýaly işewürler jemgyýetiniň wekilleri bilen geçirilen bilelikdäki duşuşygyna gatnaşdy
Türkmen wekiliýeti Berlinde «MA – Germaniýa» görnüşindäki duşuşyga gatnaşdy
12.02.2026 15:04
4.3k+

Türkmen wekiliýeti Berlinde «MA – Germaniýa» görnüşindäki duşuşyga gatnaşdy

2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda Berlinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Germaniýanyň Federal daşary işler ministri bilen giň gerimli duşuşygy geçirildi. Gepleşiklerde türkmen tarapyna daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow wekilçilik etdi
Şotlandiýada meýletinçi arheolog piktleriň müň ýyl ozal ýasan ýüzügini tapdy
12.02.2026 14:49
3.8k+

Şotlandiýada meýletinçi arheolog piktleriň müň ýyl ozal ýasan ýüzügini tapdy

Beýik Britaniýanyň demirgazygyndaky gadymy Burghed şäherçesinde geçirilen gazuw-agtaryş işleri wagtynda meýletinçi piktlere degişli bolan, takmynan müň ýyl ozal ýasalan del ýüzük tapyldy. Bu barada Popular Mechanics neşiri habar berýär
Warner Bros. kompaniýasy Netflix bilen arany üzse, ýitgini Paramount öz üstüne alar
12.02.2026 14:20
2.3k+

Warner Bros. kompaniýasy Netflix bilen arany üzse, ýitgini Paramount öz üstüne alar

Paramount kompaniýasy Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça täze şertleri hödürledi. Teklibe görä, Paramount kompaniýasy Warner Bros.-yň 82,7 milliard dollarlyk şertnamany bozan ýagdaýynda Netflix-e tölemeli boljak öwez tölegini öz üstüne almaga taýýar
Ankarada «Kompozitor» atly türkmen filmi görkeziler
12.02.2026 14:08
3.6k+

Ankarada «Kompozitor» atly türkmen filmi görkeziler

17-nji fewralda Ankaranyň Ýaşar Kemal adyndaky medeniýet merkeziniň «İnce Memed» zalynda Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan düşürilen «Kompozitor» filminiň görkezilişi bolar. Bu çäre Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen bilelikde guralýar
Batyr Çaryýew Stambulda türki dünýäsiniň iň gowy aktýory diýlip ykrar edildi
12.02.2026 13:27
10k+

Batyr Çaryýew Stambulda türki dünýäsiniň iň gowy aktýory diýlip ykrar edildi

Stambul şäherinde türki dünýäsiniň teatr sungatyny ösdürmäge goşan goşantlary üçin sungat işgärlerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Çäre Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) we Anadolu gazeti tarapyndan bilelikde guraldy
Alymlar strategik pikirlenip aw etmek ukyby bolan täsin möý hakda gürrüň berdiler
12.02.2026 13:26
3.7k+

Alymlar strategik pikirlenip aw etmek ukyby bolan täsin möý hakda gürrüň berdiler

Alymlar soňky wagtlar Portia urugyna degişli möýleriň geň galdyryjy ukyplaryna üns berdiler. Ratgers uniwersitetiniň ewolýusion biology Skott Trewersiň Forbes neşirinde ýazan makalasynda bellemegine görä, bu möýler özleriniň örän kiçijik nerw ulgamyna garamazdan, çylşyrymly we çeýe awçylyk endiklerini özleşdiripdirler
Ýewroparlament 2040-njy ýyla çenli bug gazlarynyň zyňyndylaryny 90% azaltmagy goldady
12.02.2026 12:56
2.6k+

Ýewroparlament 2040-njy ýyla çenli bug gazlarynyň zyňyndylaryny 90% azaltmagy goldady

Ýewroparlament 2040-njy ýyla çenli bug gazlarynyň zyňyndylarynyň 1990-njy ýyldaky dereje bilen deňeşdirilende 90% azaldylmagyna ses berdi. Bu maksat Ýewropa Bileleşiginiň 2050-nji ýyla çenli howa bitaraplygyny gazanmagyna gönükdirilendir
Türkmenistanda informatika boýunça mekdep olimpiadasynyň ýeňijileri yglan edildi
12.02.2026 12:16
2.9k+

Türkmenistanda informatika boýunça mekdep olimpiadasynyň ýeňijileri yglan edildi

S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti Bilim ministrliginiň goldawy bilen 11-nji we 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda informatika boýunça geçirilen döwlet olimpiadasynyň netijelerini mälim etdi
Hyundai Elantra-nyň düýpli üýtgeşme girizilen täze nesli synag edilýär
12.02.2026 12:14
8.2k+

Hyundai Elantra-nyň düýpli üýtgeşme girizilen täze nesli synag edilýär

Hyundai Elantra modeliniň täze nesli gyşky ýol synaglarynyň dowamynda ilkinji gezek surata düşürildi. 2027-nji model ýyly hökmünde hödürlenjek bu awtoulag, dizaýn taýdan häzirki wersiýasyndan düýpli üýtgeşmeler bilen hemmeleri geň galdyrdy
BMGÖM we Türkmenistan batgalyk-suwly ýerlere sanly gözegçiligi maslahatlaşdy
12.02.2026 12:10
2.3k+

BMGÖM we Türkmenistan batgalyk-suwly ýerlere sanly gözegçiligi maslahatlaşdy

BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasy Daşky gurşawy goramak ministrligi we Durnukly ösüş boýunça döwletara komissiýasynyň Ylmy-maglumat merkezi bilen bilelikde Bütindünýä batgalyk-suwly ýerleriň güni mynasybetli tegelek stol maslahatyny geçirdi
«Týudorlaryň ýüregi»: britanlar XVI asyr patyşa tumaryny saklap galmak üçin 3,5 million funt sterling toplady
12.02.2026 12:07
2.6k+

«Týudorlaryň ýüregi»: britanlar XVI asyr patyşa tumaryny saklap galmak üçin 3,5 million funt sterling toplady

Britan muzeýi týudorlar neslinden bolan patyşa Genrih VIII-e dahylly  altyn tumary saklap galmak we ony köpçülige görkezmäge elýeterli etmek üçin zerur bolan 3,5 million funt sterlingi toplamagy başardy. Bu barada Independent neşiri habar berýär
Apple-yň yzyna eýerip, Samsung hem Galaxy S27-niň korpusyny we kamerasyny üýtgedýär
12.02.2026 11:38
6.2k+

Apple-yň yzyna eýerip, Samsung hem Galaxy S27-niň korpusyny we kamerasyny üýtgedýär

Samsung kompaniýasynyň häzirki strategiýasy köplenç Apple-yň ädimlerine esaslanýar. Meşhur insaýder Ice Universe-iň habar bermegine görä, Apple-yň girizýän islendik täzeçilligi derrew Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdiniň meýilnamalaryna täsir edýär
Google emeli aňy ösdürmek üçin 100 ýyllyk karz aldy
12.02.2026 11:34
2.2k+

Google emeli aňy ösdürmek üçin 100 ýyllyk karz aldy

​Google-yň enelik kompaniýasy bolan Alphabet emeli aň taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin üç sany halkara bazarynda obligasiýalary (gymmatly kagyzlaryny) ýerleşdirip, iki günüň içinde 32 milliard dollardan gowrak serişde ýygnady
Ýanwar aýy soňky 9 ýylda magnit hadysaly iň işjeň aý boldy
12.02.2026 11:25
1.8k+

Ýanwar aýy soňky 9 ýylda magnit hadysaly iň işjeň aý boldy

Geçen ýanwar aýy 2017-nji ýyldan bäri magnit harasatynyň iň işjeň hasaba alnan döwri boldy. 31 günüň dowamynda geomagnit tupanlary 10 gezek hasaba alyndy. Bu görkeziji häzirki 25-nji gün sikli üçin hem, 2017-nji ýylyň sentýabryndan bäri geçen döwür üçin hem rekord derejedir
Guşlaryň iň gowy suratlary: SINWP Bird Photographer of the Year 2025-iň ýeňijileri mälim edildi
12.02.2026 11:19
6.2k+

Guşlaryň iň gowy suratlary: SINWP Bird Photographer of the Year 2025-iň ýeňijileri mälim edildi

Halkara tebigat we haýwanat dünýäsiniň suratçylary jemgyýeti (SINWP) her ýyl geçirilýän «Bird Photographer of the Year 2025» bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi. Bu bäsleşik guşlaryň tebigatdaky özboluşly pursatlaryny iň täsirli we ýokary hilli şekillendiren suratçylary ýüze çykarýar
Fizikler Edisonyň unudylan tejribesinden geljegiň tehnologiýasynyň salgysyny tapdylar
12.02.2026 10:54
3.9k+

Fizikler Edisonyň unudylan tejribesinden geljegiň tehnologiýasynyň salgysyny tapdylar

XIX asyryň ahyrynda Tomas Edison iş edinip, lampalaryň has uzak wagtlap ýanmagynyň ýollaryny gözledi. Aradan takmynan 150 ýyl geçensoň, alymlar onuň tejribelerinden birini gaýtalamak kararyna geldiler we garaşylmadyk açyş etdiler
Neýrobiologlar çagalaryň elde hat ýazmaklarynyň peýdalydygyny aýdýarlar
12.02.2026 10:44
1.7k+

Neýrobiologlar çagalaryň elde hat ýazmaklarynyň peýdalydygyny aýdýarlar

Soňky ýyllarda sanly enjamlaryň giňden ýaýramagy sebäpli, köp ýurtlaryň mekdep maksatnamalaryndan harplaryň biri-birine birikdirilip ýazylýan usuly aýrylyp başlapdy. Emma neýrobiologlaryň we bilim hünärmenleriniň Nature žurnalynda neşir edilen pikirlerine görä, el bilen ýazmak ukyby zehin ösüşi üçin uly ähmiýete eýedir
LEGO 80 dollardan köp söwda eden müşderilerine «aşyk» pingwinleri sowgat berýär
12.02.2026 10:31
1.6k+

LEGO 80 dollardan köp söwda eden müşderilerine «aşyk» pingwinleri sowgat berýär

LEGO kompaniýasy aşyklar güni mynasybetli möwsümleýin aksiýasyny yglan etdi: 80 dollardan ýokary mukdarda haryt satyn alan müşderilere «Aşyk pingwinler» toplumy sowgat berilýär. Bu toplumyň düzümine ýürek görnüşli galypda ýerleşdirilen iki sany pingwin şekili girýär
Täze «Spider-Noir» serialynyň ilkinji suratlary çap edildi: baş keşbi Nikolas Keýj ýerine ýetirýär
12.02.2026 09:07
2k+

Täze «Spider-Noir» serialynyň ilkinji suratlary çap edildi: baş keşbi Nikolas Keýj ýerine ýetirýär

Esquire neşiri «Spider-Noir» («Möý-Nuar») serialyndan ilkinji suratlary çap etdi.  Sekiz bölümden ybarat bolan birinji möwsüm şu ýylyň baharynda Prime Video platformasynda görkezilip başlanar (anyk senesi heniz belli däl)
Türkmenabatda 1-nji sentýabrda mugallymçylyk institutynyň täze okuw toplumy açylar
12.02.2026 08:44
13k+

Türkmenabatda 1-nji sentýabrda mugallymçylyk institutynyň täze okuw toplumy açylar

Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşygy tamamlanýar. Desgany täze okuw täze ýylynyň başyna — sentýabr aýynda ulanmaga bermek meýilleşdirilýär
Türkmenistanyň ilçisi Tailandyň Patyşasyna ynanç hatlaryny gowşurdy
12.02.2026 08:40
6.1k+

Türkmenistanyň ilçisi Tailandyň Patyşasyna ynanç hatlaryny gowşurdy

10-njy fewralda Bangkok şäherinde Tailand Patyşasynyň Köşgünde (Amphorn Royal Palace) Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Kuala-Lumpur şäheri) M. Maşalow Tailandyň Patyşasy Maha Wajiralongkorna ynanç hatlaryny gowşurdy
Bu kurort şäherlerde syýahatçylaryň sany ýerli ilatdan hem artyk
12.02.2026 04:29
6.9k+

Bu kurort şäherlerde syýahatçylaryň sany ýerli ilatdan hem artyk

MoneyTransfers hyzmaty dünýäniň iň  gür syýahatçylyk ugurlary baradaky täze barlagyny neşir etdi. Express neşiriniň habar bermegine görä, reýtingde birinji ýeri ortaça bir ýerli ýaşaýja 118 syýahatçy düşýän Tailandyň Phuket adasy eýeledi
Bred Pittiň gatnaşmagyndaky «F1» filminiň dowamy boljagy tassyklanyldy
12.02.2026 04:24
2.3k+

Bred Pittiň gatnaşmagyndaky «F1» filminiň dowamy boljagy tassyklanyldy

Bred Pittiň baş keşbi janlandyran «F1» filminiň sikweli resmi taýdan taýýarlanylyp başlandy. Bu barada blokbasteriň prodýuseri Jerri Brukhaýmer Oskar baýragynyň gowşurylyş dabarasy mynasybetli agşam naharynyň  dowamynda BBC gullugyna beren interwýusynda tassyklady we «Biz filmiň dowamynyň üstünde işleýäris» diýip, aýratyn belledi
«Al-Nasr» bir gol tapawut bilen «Arkadag» futbol toparyndan üstün çykdy
11.02.2026 21:04
27k+

«Al-Nasr» bir gol tapawut bilen «Arkadag» futbol toparyndan üstün çykdy

AFK-nyň Çempionlar ligasy-2-niň 1/8 finaly tapgyrynyň çäginde geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň çempiony «Arkadag» futbol topary Aşgabatda Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubuny kabul etdi. Paýtagtyň Olimpiýa stadionynda geçirilen oýun 0:1 hasabynda myhmanlaryň ýeňşi bilen tamamlandy
«Tottenhem» Tomas Franky baş tälimçi wezipesinden boşatdy
11.02.2026 17:50
5.3k+

«Tottenhem» Tomas Franky baş tälimçi wezipesinden boşatdy

Londonyň «Tottenhem» futbol kluby Tomas Franky baş tälimçi wezipesinden boşatmak barada karar kabul etdi. Bu hakda toparyň metbugat gullugy habar berdi. Daniýaly hünärmen «Tottenheme» 2025-nji ýylyň iýun aýynda gelipdi