«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky ilkinji sany çykdy
05.02.2026 12:44
992

«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky ilkinji sany çykdy

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky ilkinji sany okyjylara gowuşdy. Neşir «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçýän ýylyň ilkinji aýynyň wakalaryny beýan edýär
ABŞ-ly hirurglar hassany 48 sagatlap öýkensiz diri saklamagy başardylar
05.02.2026 11:56
5.9k+

ABŞ-ly hirurglar hassany 48 sagatlap öýkensiz diri saklamagy başardylar

Amerikaly hirurglar näsagy iki gije-gündizläp öýkensiz diri saklamagy başardylar. Lukmaçylygyň bu haýran galdyryjy üstünligi barada ScienceAlert ylmy neşirde has içgin gürrüň berilýär. 33 ýaşly erkek adam agyr dümewden soň ölüm bilen ýaşaýyşyň arasynda galýar
GTA 6 2026-njy ýylyň tomsunda mahabat edilip başlanar, oýnuň özi noýabrda çykar
05.02.2026 11:37
2.9k+

GTA 6 2026-njy ýylyň tomsunda mahabat edilip başlanar, oýnuň özi noýabrda çykar

Take-Two kompaniýasy 2026-njy ýylyň tomsunda hemmeleriň garaşyp-garaşyp garaşmazy çykan GTA 6 oýnunyň doly derejeli mahabat işine başlar. ​Oýnuň özüniň çykýan wagty bolsa üýtgemeýär. Take-Two-nyň ýolbaşçysy Ştraus Zelnik maýadarlar bilen grüüňdeşliginde oýnuň 2026-njy ýylyň 19-njy noýabryna meýilleşdirilendigini we bir wagtda PS5 hem-de Xbox Series platformalarynda çykjakdygyny tassyklady
Toyota «Highlander-iň» mirasdüşeriniň salonyny görkezdi: 3 hatar oturgyç we döwrebap tehnologiýalar
05.02.2026 11:26
6.6k+

Toyota «Highlander-iň» mirasdüşeriniň salonyny görkezdi: 3 hatar oturgyç we döwrebap tehnologiýalar

Toyota kompaniýasy «Highlander» modeliniň ornuny tutjak täze, üç hatar oturgyçly krossoweriniň içki keşbiniň ilkinji suratyny (tizerini) paýlaşdy. Ulagyň resmi danyşdyrylyşy 10-njy fewralda bolar, ýöne eýýämden görünýän zat — kompaniýa giňişlige we ýokary tehnologiýalara esasy ünsüni gönükdiripdir
«Mançester Siti» we «Arsenal» Angliýanyň ligasynyň kubogynyň finalynda duşuşarlar
05.02.2026 10:56
5.6k+

«Mançester Siti» we «Arsenal» Angliýanyň ligasynyň kubogynyň finalynda duşuşarlar

Angliýanyň ligasynyň kubogynyň (Carabao Cup) finalynda «Mançester Siti» we «Arsenal» toparlary güýç synaşarlar. Kubok ugrundaky aýgytly duşuşyk 22-nji martda Londonyň meşhur «Uembli» stadionynda geçiriler. Hosep Guardiolanyň şägirtleri ýarym finalyň jogap duşuşygynda «Nýukasly» 3:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdiler
2025-nji ýylda dünýädäki ähli gämileriň ýarysyndan gowragy Hytaýda guruldy
05.02.2026 10:51
3k+

2025-nji ýylda dünýädäki ähli gämileriň ýarysyndan gowragy Hytaýda guruldy

Hytaýyň gämi gurluşyk senagaty 2025-nji ýylda üç sany esasy görkeziji boýunça dünýäde ýene-de birinji orny eýeledi. Ýurt eýýäm 16 ýyl bäri yzly-yzyna öz liderligini saklap gelýär. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Senagat we maglumat tehnologiýalary ministrligi habar berýär
Google Maps kartasynda ýoly indi Gemini gürläp salgy bermegi başarýar
05.02.2026 10:23
1.5k+

Google Maps kartasynda ýoly indi Gemini gürläp salgy bermegi başarýar

Google Maps goşundysy täze funksiýany hödürläp başlady. Indi pyýada ýörişlerde ýa-da welosiped sürlende telefona eliňi ýetirmezden, ýol hakda Gemini emeli aň kömekçisiniň üsti bilen dilden salgy alyp bolýar. Bu täzelik geçen ýylyň noýabr aýyndan bäri diňe awtomobil saparlary üçin elýeterli bolan gürleşýän nawigasiýa funksionalyny has-da giňeltdi
Ronaldu Aşgabada gelmezden öň ýene-de «Al-Nasrda» türgenleşiklerine başlady
05.02.2026 10:04
17k+

Ronaldu Aşgabada gelmezden öň ýene-de «Al-Nasrda» türgenleşiklerine başlady

​Kriştianu Ronaldu ýene-de «Al-Nasryň» ygtyýaryna geldi. Garaşylmadyk arakesmeden we uly zenzele turzan myş-myşlardan soň, portugaliýaly oýunçy topary bilen türgenleşiklerine dolanyp geldi diýip, abraýly insaýder Fabrisio Romano habar berdi
Bosch maliýe kynçylyklary zerarly 20 müň işgärini işden boşatmagy meýilleşdirýär
05.02.2026 09:43
2.4k+

Bosch maliýe kynçylyklary zerarly 20 müň işgärini işden boşatmagy meýilleşdirýär

Bosch kompaniýasy ýyllyk girdejisiniň iki esse peselmegi sebäpli Germaniýada 20 müň işgärini boşadar. Bu barada Politico  gazeti kompaniýanyň beýanatyna salgylanyp habar berýär. Şeýle karara ýurtdaky soňky 12 ýylyň dowamynda iň ýokary derejä ýeten işsizligiň esasynda gelinendigi aýdylýar
Awstraliýada çagalar üçin rak keseliniň garşysyna waksinanyň ilkinji synagy geçiriler
05.02.2026 08:55
2.1k+

Awstraliýada çagalar üçin rak keseliniň garşysyna waksinanyň ilkinji synagy geçiriler

Awstraliýaly alymlar bejergisi agyr bolan beýin çiş keselinden ejir çekýän çagalara niýetlenen rak keseliniň garşysyna sanjymy synag etmäge taýýarlanýarlar. Şeýle synag dünýäde ilkinji gezek geçirilýär.  Bu barada waksinanyň kliniki däl barlaglary geçirilen Kwinslend ştatynyň uniwersiteti (UQ) mälim etdi diýip, TASS-yň habarlarynda aýdylýar
BSGG adatdan daşary lukmançylyk kömegi üçin 1 milliard dollar gözleýär
05.02.2026 08:41
2.6k+

BSGG adatdan daşary lukmançylyk kömegi üçin 1 milliard dollar gözleýär

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) 2026-njy ýylda 36 sany krizis nokadynda adatdan daşary lukmançylyk kömegini bermek üçin 1 milliard dollar bölüp bermek çagyryşy bilen dünýä jemgyýetçiligine ýüzlendi.  Bu ýagdaý, ilkinji nobatda, hemaýatkärler, hususan-da Amerikanyň Birleşen Ştatlary tarapyndan maliýeleşdirilmegiň azalmagy zerarly ýüze çykdy diýlip TASS-yň habarynda bellenilýär
Gyrgyzystanda agramy 180 tonnadan geçýän täsin ägirt uly daş tapyldy
05.02.2026 02:54
10k+

Gyrgyzystanda agramy 180 tonnadan geçýän täsin ägirt uly daş tapyldy

Gyrgyzystanyň Ysykköl sebitinde agramy 180 tonnadan geçýän ägirt uly mineral daş syýahatçylar üçin resmi taýdan açyldy. Ol Jeti-Oguz etrabynda, Çon-Gyzyl-Suu obasyndan takmynan üç kilometr uzaklykda, öňler ýol-ýodasyz, barmasy kyn ýerde ýerleşýär
Gurbanguly Berdimuhamedow atşynaslar barada çeper film surata düşürmegi teklip etdi
05.02.2026 02:37
5.5k+

Gurbanguly Berdimuhamedow atşynaslar barada çeper film surata düşürmegi teklip etdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 4-nji fewralda Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkine baranynda ol ýerde iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi
Gurbanguly Berdimuhamedow «Galkynyş» toparyna ahalteke bedewini sowgat etdi
05.02.2026 02:19
5.2k+

Gurbanguly Berdimuhamedow «Galkynyş» toparyna ahalteke bedewini sowgat etdi

4-nji fewralda Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkine amala aşyran saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Garaşsyz» atly ahalteke bedewine atlanyp, manežiň aýlawynda öwrüm etdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan «Galkynyş» toparyna 3 million manat we at eýerleri sowgat berildi
05.02.2026 02:14
11k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan «Galkynyş» toparyna 3 million manat we at eýerleri sowgat berildi

Arkadag şäherindäki Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi
Arkadag şäherindäki «At-myrat» okuw merkezine 1,5 million manat sowgat berildi
05.02.2026 02:14
8.8k+

Arkadag şäherindäki «At-myrat» okuw merkezine 1,5 million manat sowgat berildi

4-nji fewralda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde ýerleşýän Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna bardy we «At-myrat» okuw merkeziniň okuwçylary bilen duşuşdy
Microsoft ahyrsoňunda 30 ýyllyk NTLM howpsuzlyk protokolyny öçürýär
05.02.2026 02:14
975

Microsoft ahyrsoňunda 30 ýyllyk NTLM howpsuzlyk protokolyny öçürýär

Microsoft kompaniýasy Windows 11-iň geljekki wersiýalarynda könelen NTLM howpsuzlyk protokolynyň standart (default) ulanylyşyny bes etmegi meýilleşdirýändigini yglan etdi. Bu ýerde gürrüň tehnologiýany doly aýyrmak barada däl-de, eýsem ulgamyň standart sazlamalarynyň üýtgedilmegi barada gidýär
Ýupiter «garnyny çekdi»: iň uly planeta ozal hasaplanyşyndan kiçi bolup çykdy
05.02.2026 02:03
3.1k+

Ýupiter «garnyny çekdi»: iň uly planeta ozal hasaplanyşyndan kiçi bolup çykdy

Gün ulgamynyň iň uly planetasy bolan Ýupiter soňky 50 ýylyň dowamynda kabul edilen ölçeglerinden birneme kiçi we polýuslarda has gysby bolup çykdy. Bu netijä Ysraýylyň Weýsman ylmy instituty tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän halkara alymlar topary NASA-nyň Juno zondundan alnan maglumatlary seljermek arkaly geldiler
«Kamp Nou» 2029-njy ýylyň Çempionlar ligasynyň finalyny geçirmäge dalaş edýär
05.02.2026 01:50
2.7k+

«Kamp Nou» 2029-njy ýylyň Çempionlar ligasynyň finalyny geçirmäge dalaş edýär

«Barselona» futbol klubunyň öý stadiony bolan «Kamp Nou» 2028/29-njy ýyllar möwsüminiň Çempionlar ligasynyň final oýnuny geçirmek üçin resmi taýdan dalaşgär hökmünde hödürlendi. Bu barada sports.ru neşiri habar berýär
2026-njy ýylyň iň ygtybarly awtoulaglary: Ýapon markalary ýene-de öňde
05.02.2026 01:43
7.1k+

2026-njy ýylyň iň ygtybarly awtoulaglary: Ýapon markalary ýene-de öňde

«Consumer Reports» neşiriniň bilermenleri 380 000-den gowrak awtoulag eýesiniň tejribesine esaslanyp, 2026-njy ýylda iň ygtybarly awtoulag öndürijileriniň sanawyny düzdüler. Barlaglar dürli markalaryň uzak möhletleýin berkligini we tehniki näsazlyklara durnuklylygyny ýüze çykardy
Pişikler Tailand ykdysadyýetiniň möhüm bölegi hökmünde ykrar edildi
04.02.2026 20:46
3.3k+

Pişikler Tailand ykdysadyýetiniň möhüm bölegi hökmünde ykrar edildi

Tailandyň hökümeti pişikleri ýurduň ykdysadyýetiniň möhüm bölegi diýip ykrar etdi. Bu barada Nikkei Asia neşiri N.C.C. Management & Development kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär. Neşiriň maglumatyna görä, pişikler üçin harytlar we hyzmatlar bazary 367,8 milliard bata (11,8 milliard dollar) ýetdi
Türkmenistan YHG-yň mejlisinde bitaraplygyň orny baradaky kararnamanyň taslamasyny hödürledi
04.02.2026 17:00
4.2k+

Türkmenistan YHG-yň mejlisinde bitaraplygyň orny baradaky kararnamanyň taslamasyny hödürledi

31-nji ýanwar — 2-nji fewral aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Ýokary derejeli wekilleriň maslahatynyň 52-nji mejlisine gatnaşdy. Bu çäre 2026-njy ýylyň 11-12-nji aprelinde Bagdatda geçirilmegi meýilleşdirilýän YHG-yň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine taýýarlyk görmegiň üçünji we iň möhüm tapgyry boldy
Disney kompaniýasynyň täze ýolbaşçysy Joş D’Amaro bolar
04.02.2026 16:59
2.9k+

Disney kompaniýasynyň täze ýolbaşçysy Joş D’Amaro bolar

The Walt Disney Company korporasiýasynyň täze baş direktory (CEO) wezipesine ozal kompaniýanyň dynç alyş seýilgähleri bölümine ýolbaşçylyk eden Joş D’Amaro belleniler. Bu barada kompaniýa özüniň resmi saýtynda habar berdi
Ispaniýanyň häkimiýeti kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin sosial ulgamlary gadagan etmäge taýýarlanýar
04.02.2026 16:56
4k+

Ispaniýanyň häkimiýeti kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin sosial ulgamlary gadagan etmäge taýýarlanýar

Ispaniýada 16 ýaşdan kiçi ýetginjekler üçin sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etmek meýilleşdirilýär. Bu barada ýurduň premýer-ministri Pedro Sançes Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilen sammitde aýtdy diýip, The Guardian neşiri habar berýär
Raşid Meredow Dubaýda ählumumy dolandyryş boýunça Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlaryny açyp görkezdi
04.02.2026 16:39
3.7k+

Raşid Meredow Dubaýda ählumumy dolandyryş boýunça Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlaryny açyp görkezdi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Dubaýda (BAE) geçirilýän «Bütindünýä hökümet sammiti – 2026» forumynda çykyş edip, dünýäde dowam edýän krizis şertlerinde ählumumy dolandyryşy we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça ýurduň garaýyşlaryny beýan etdi
Hokkeý boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysyny dünýä çempionatyna Ahmet Gurbanow taýýarlar
04.02.2026 16:04
9.6k+

Hokkeý boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysyny dünýä çempionatyna Ahmet Gurbanow taýýarlar

Hokkeý boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine Ahmet Gurbanow bellenildi. Onuň ýolbaşçylygynda topar 13-19-njy aprel aralygynda Keýptaun şäherinde (GAR) geçiriljek dünýä çempionatynyň III diwizionyna taýýarlyk görer
50 ýyl garaşyldy, ýene bir aý sabyr ediň: Aýa ekipažly uçuş eglenýär
04.02.2026 16:02
5.3k+

50 ýyl garaşyldy, ýene bir aý sabyr ediň: Aýa ekipažly uçuş eglenýär

NASA agentligi Aýa ekipažly Artemis II missiýasynyň uçuş wagtyny fewral aýyndan mart aýyna geçirdi. Bu barada agentligiň ýolbaşçysy Jared Aýzekman uçuşyň baş taýýarlyk işleriniň netijeleri boýunça habar berdi. «Şu gün uçuşyň baş taýýarlyk işleri tamamlandy we biz fewraldaky uçuşy marta geçirýäris
Ilon Maskyň baýlygy 850 mlrd dollardan geçdi: Ol eýýäm şu ýyl dünýäde ilkinji trillioner bolup biler
04.02.2026 15:29
9k+

Ilon Maskyň baýlygy 850 mlrd dollardan geçdi: Ol eýýäm şu ýyl dünýäde ilkinji trillioner bolup biler

Ilon Mask maliýe rekordlaryny täzeden ýazýar. Onuň umumy baýlygy 852 milliard dollara ýetdi we ol kapitaly 800 milliarddan aşan dünýädäki ilkinji ynsan boldy. Bu duýdansyz ösüş SpaceX we xAI kompaniýalarynyň birleşmegi netijesinde ýüze çykdy
«Käbir kyssalar wagt talap edýär»: «Fenerbahçe» ahyrsoňunda Kanteni transfer etdi
04.02.2026 15:23
6.4k+

«Käbir kyssalar wagt talap edýär»: «Fenerbahçe» ahyrsoňunda Kanteni transfer etdi

Türkiýäniň «Fenerbahçe» kluby Saud Arabystanynyň «Al-Ittihad» toparynyň merkezi ýarym goragçysy N'Golo Kanteni resmi taýdan düzümine goşandygyny yglan etdi. Bu barada Stambul klubunyň metbugat gullugy habar berdi
Saud Arabystanynda iniňi tikenekledýän seýilgäh açyldy
04.02.2026 14:55
15k+

Saud Arabystanynda iniňi tikenekledýän seýilgäh açyldy

Saud Arabystanynda Six Flags Qiddiya City tematik seýilgähi resmi ýagdaýda açyldy. Seýilgähde jemi 28 sany attraksion bar, olaryňam üçüsi gönümel rekordlar taryhyna girdi. Attraksionlaryň naýbaşysy Falcons Flight dünýäniň iň beýik, iň uzyn we iň tiz amerikan amerikan demirýol depejigi (roller coaster) boldy
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy BAE-däki kärdeşi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek barada maslahatlaşdy
04.02.2026 13:14
1.9k+

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy BAE-däki kärdeşi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek barada maslahatlaşdy

3-nji fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Dubaýa saparynyň çäklerinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşyk geçirdi
Aşgabat we Abu-Dabi energetika dialogyny işjeňleşdirmek barada ylalaşdy
04.02.2026 13:10
1.9k+

Aşgabat we Abu-Dabi energetika dialogyny işjeňleşdirmek barada ylalaşdy

3-nji fewralda Dubaýda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber bilen duşuşygy boldy
Täze Hyundai Tucson ýiti burçly dizaýna, «akylly» salona we diňe gibrid hereketlendirijilere eýe bolar
04.02.2026 12:59
6.1k+

Täze Hyundai Tucson ýiti burçly dizaýna, «akylly» salona we diňe gibrid hereketlendirijilere eýe bolar

Hyundai kompaniýasy özüniň iň meşhur krossoweri bolan Tucson modeliniň täze neslini çykarmaga taýýarlanýar. «Carscoops» neşiriniň habar bermegine görä, 2027-nji ýylda bazara çykjak täze model has "agras" (brutal) görnüşe eýe bolar we diňe gibrid güýç ulgamlary bilen hödürlener
Trampyň adyny göterýän täze kriptowalýuta dörediler
04.02.2026 12:43
7.9k+

Trampyň adyny göterýän täze kriptowalýuta dörediler

Truth Social sosial torunyň, Truth+ striming platformasynyň we Truth.F  finteh-brendiniň operatory bolan Trump Media and Technology Group (TMTG) kompaniýasy ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň adyny göterýän täze kriptowalýutany çykarar
Günorta Koreýa Türkmenistanyň DIM-niň HGI-ne 220 müň dollarlyk tehniki enjamlary gowşurdy
04.02.2026 12:32
6.2k+

Günorta Koreýa Türkmenistanyň DIM-niň HGI-ne 220 müň dollarlyk tehniki enjamlary gowşurdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty (HGI) Koreýa Respublikasyndan umumy bahasy 220 müň ABŞ dollaryna deň bolan tehniki enjamlary kabul etdi. Gowşuryş dabarasy 3-nji fewralda, 2025-nji ýyl üçin kiçi göwrümli resmi kömek maksatnamasynyň (ODA) çäklerinde geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Dubaýda geçirilýän Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşýar
04.02.2026 12:18
1.8k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Dubaýda geçirilýän Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2026-njy ýylyň 3-5-nji fewraly aralygynda Dubaýda geçirilýän Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşýar
Usman Nurmagomedow PFL-iň titul söweşinden öň Alfi Dewis bilen «bakyşlaryň duelini» geçirdi
04.02.2026 12:15
5.4k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň titul söweşinden öň Alfi Dewis bilen «bakyşlaryň duelini» geçirdi

4-nji fewrala geçilýän gije Dubaýda (BAE) PFL ligasynyň ýeňil agramdaky häzirki çempiony Usman Nurmagomedow bilen çempionlyk guşagyna dalaşgär iňlis pälwany Alfi Dewisiň arasyndaky duşuşykdan öň däp bolan «bakyşlaryň çaknyşygy» boldy
Uelsde adam-garasyz adada ýaşajaklara iş hödürlenýär: bar etmelisi – guş sanamaly
04.02.2026 12:04
10k+

Uelsde adam-garasyz adada ýaşajaklara iş hödürlenýär: bar etmelisi – guş sanamaly

Uelsiň Skomer adasynda mugt ýaşamak hödürlenilýär. Teklibe razy bolan adamlar esasan deňiz guşlarynyň, şol sanda seýrek duş gelýän Fratercula arctica guşlarynyň sanawyny ýöretmeli diýip, Bi-bi-si habar berýär. Maksatnamany Günorta we Günbatar Uelsiň ýabany tebigat gaznasy (WTSWW) guraýar
Collider ähli döwürleriň iň gowy fentezi filmleriniň sanawyny düzdi
04.02.2026 11:16
5k+

Collider ähli döwürleriň iň gowy fentezi filmleriniň sanawyny düzdi

Collider neşiri ähli döwürleriň iň beýik 20 fentezi filminiň reýtingini çap etdi. Sanawdaky orunlar žanryň meşhurlygyny, onuň ähliumumylygyny we emosional täsirini kesgitleýär. «Fentezi filmlerini söýmezlik mümkin däl
Gün sowaşýar: onuň işjeňligi 2024-nji ýyldaky iň ýokary derejesinden 2–3 esse peseldi
04.02.2026 11:00
6k+

Gün sowaşýar: onuň işjeňligi 2024-nji ýyldaky iň ýokary derejesinden 2–3 esse peseldi

Günüň işjeňligi durnukly peselme tapgyryna geçdi. Häzirki işjeňlik döwrüniň iň ýokary nokady 2024-nji ýylda doly geçildi diýip, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos barlaglary instituty habar berýär. Berilýän maglumatlardan çen tutsaň, ýakyn ýyllarda görkezijiler geçilen ýokary derejelerine gaýdyp gelmez