Emeli aňyň indi öz sosial tory bar: botlar ol ýerde adamlaryň gybatyny edýärler
02.02.2026 10:07
2.4k+

Emeli aňyň indi öz sosial tory bar: botlar ol ýerde adamlaryň gybatyny edýärler

Emeli aňyň indi adamlardan özbaşdak, «içindäkini döküp» bilýän ýeri bar. Diňe EA agentleriniň özara gürrüňdeşligi üçin niýetlenen täze «Moltbook» sosial tory hut şu niýet bilen döredildi. Adamlara bolsa ol ýerde diňe keseden synlamak galýar
+23 hem-de gar gatyşykly ýagyş: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty
02.02.2026 09:15
12k+

+23 hem-de gar gatyşykly ýagyş: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ortasynda gar gatyşykly ýagyş ýagar
ChatGPT-däki mahabat Meta-dan üç esse gymmat bolar. Ýöne...
02.02.2026 08:40
2.3k+

ChatGPT-däki mahabat Meta-dan üç esse gymmat bolar. Ýöne...

OpenAI startapynyň ChatGPT interfeýsine mahabat ornaşdyrmaga we gönüden-göni çat-botuň içinde söwda etmek mümkinçiligini döretmäge taýýarlanýandygy öňräkden bäri mälimdir. The Verge neşiriniň berýän maglumatyna görä, ChatGPT-de mahabat goýmagyň bahasy beýleki bäsdeş taraplary bilen deňeşdirilende ep-esli ýokary bolar
Podiumdan ýeňiş münberine tarap: dünýä brendleri gyşky Olimpiadany moda görkezilişige öwürjek
02.02.2026 03:32
2.5k+

Podiumdan ýeňiş münberine tarap: dünýä brendleri gyşky Olimpiadany moda görkezilişige öwürjek

Milan gyşky Olimpiada taýýarlanýar, ýöne bu gezek ol diňe bir sport äleminiň möhüm wakasy bolmak bilen çäklenmejek ýaly. Çünki türgenleriň medal ugrunda göreşýän wagty, meşhur lybas brendleri hem pursatdan peýdalanyp, tomaşaçylaryň gözlerini eglemek ugrunda bäsleşmegi ýüregine düwdiler
BSGG mekdep iýmiti boýunça maslahatlary hödürledi
02.02.2026 02:24
2.6k+

BSGG mekdep iýmiti boýunça maslahatlary hödürledi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) okuw edaralarynda sagdyn we kadaly iýmitlenişi üpjün etmek boýunça ilkinji gezek ählumumy maslahatlary hödürledi. Gollanma bolup hyzmat edýän täze ýörelgeler çagalarda peýdaly iýmitleniş endiklerini kemala getirmäge we keselleriň öňüni almaga gönükdirilendir
BMW fewral aýyndan başlap ähli modelleriniň nyşanyny täzelär
02.02.2026 02:22
7.1k+

BMW fewral aýyndan başlap ähli modelleriniň nyşanyny täzelär

Fewral aýyndan başlap BMW awtokonserni, hereketlendirijiniň görnüşine garamazdan, ähli modellerinde täzelenen nyşany ulanar. Berlen maglumatlara görä, täze dizaýnda içki hrom halkadan we reňkli bölekleriň gyrasyndaky germewlerden ýüz öwrüldi
Türkmen talyplary BIMO-2026 we BIChO-2026 olimpiadalarynda 46 medal gazandy
02.02.2026 02:12
3k+

Türkmen talyplary BIMO-2026 we BIChO-2026 olimpiadalarynda 46 medal gazandy

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary BIMO-2026 we BIChO-2026 halkara olimpiadalarynda 17 altyn, 17 kümüş we 12 bürünç baýraga mynasyp boldy diýip, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti habar berýär
Täze «Turkic World» halkara portaly Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky çärelerini giňden şöhlelendirer
02.02.2026 02:10
2.1k+

Täze «Turkic World» halkara portaly Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky çärelerini giňden şöhlelendirer

«Turkic World» atly halkara habarlar internet portaly Türkmenistanda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreleri ulgamlaýyn esasda maglumat taýdan şöhlelendirer
Spotify 2025-nji ýylda sazandalara rekord 11 milliard dollar töleg töledi
02.02.2026 01:40
1.1k+

Spotify 2025-nji ýylda sazandalara rekord 11 milliard dollar töleg töledi

Spotify striming hyzmaty 2025-nji ýylyň jemi boýunça sazandalara we awtorlyk hukugynyň eýelerine 11 mlrd dollardan gowrak töledi diýlip, kompaniýanyň resmi beýanynda habar berilýär. Bu görkeziji platforma üçin rekord bolup, geçen ýylky netijeden, takmynan, 1 mlrd dollar köpdür
Hywada suw hojalyk meseleleri boýunça türkmen-özbek hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi
02.02.2026 00:53
2.8k+

Hywada suw hojalyk meseleleri boýunça türkmen-özbek hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi

30-njy ýanwarda Hywada Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi
Türkmen talyplary Buharada geçirilen matematika we himiýa boýunça olimpiadalarda bäş medal gazandy
02.02.2026 00:48
2.9k+

Türkmen talyplary Buharada geçirilen matematika we himiýa boýunça olimpiadalarda bäş medal gazandy

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary 2026-njy ýylyň 24-29-njy ýanwary aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde geçirilen matematika we himiýa boýunça halkara olimpiadalarynda bäş sany baýraga mynasyp boldy
2026-njy ýylyň başyna görä IQ derejesi boýunça dünýä döwletleriniň reýtingi çap edildi
01.02.2026 23:35
3.3k+

2026-njy ýylyň başyna görä IQ derejesi boýunça dünýä döwletleriniň reýtingi çap edildi

International IQ Test guramasynyň täze hasabatyna görä, Günorta Koreýa ortaça intellekt koeffisienti boýunça dünýäde birinji orny eýeledi. Hasabat 137 ýurtdan we çäkden 1,2 million adamyň gatnaşmagynda geçirilen testleriň netijelerine esaslanýar
Gurbanguly Berdimuhamedow «Arkadag»–«Al-Nasr» oýnunyň öňüsyrasy Olimpiýa stadionyny gözden geçirdi
01.02.2026 23:17
18k+

Gurbanguly Berdimuhamedow «Arkadag»–«Al-Nasr» oýnunyň öňüsyrasy Olimpiýa stadionyny gözden geçirdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine baryp, Olimpiýa stadionynyň öňde boljak halkara futbol bäsleşigine taýýarlyk derejesi bilen tanyşdy. Gürrüň
Ýaponiýaly alymlar ultrases barlagynda suwuk geliň deregine polimer ýassyk döretdiler
01.02.2026 23:09
2.6k+

Ýaponiýaly alymlar ultrases barlagynda suwuk geliň deregine polimer ýassyk döretdiler

Ýaponiýanyň Kindaý uniwersitetiniň hünärmenleri ultrases barlaglarynda (UZI) adaty geliň deregine ulanyp boljak polimer "ýassygy" döretdiler. Bu täzelik barada "Scientific Reports" ylmy žurnalynda makala çap edildi
Puma we tilkijikler TPOTY-2025 fotobäsleşiginiň baş baýraklaryny aldylar
01.02.2026 22:49
7.1k+

Puma we tilkijikler TPOTY-2025 fotobäsleşiginiň baş baýraklaryny aldylar

“Ýylyň syýahatçy suratçysy” (Travel Photographer of the Year — TPOTY) halkara bäsleşiginiň guramaçylary "Ýabany haýwanlar, tebigat we suwasty dünýä" kategoriýasynda öňe saýlanan işleri yglan etdiler. Bäsleşigiň netijelerine görä, tebigatyň iň täsirli pursatlaryny surata düşüren şu suratçylar ýeňiji boldular: Esasy baýraklar: Iň gowy aýratyn surat: Guanako awlaýan puma — Kewin Ýu Şi (Kevin Yu Shi)
2900 dollarlyk Samsung Galaxy Z TriFold-yň ilkinji toplumy ABŞ-da 20 minutyň içinde satylyp gutardy
01.02.2026 22:25
5.3k+

2900 dollarlyk Samsung Galaxy Z TriFold-yň ilkinji toplumy ABŞ-da 20 minutyň içinde satylyp gutardy

Üç eplenýän Galaxy Z TriFold smartfonynyň ilkinji toplumy ABŞ-da bary-ýogy 20 minutyň içinde doly satylyp gutardy. Täze önüm şu hepdede resmi onlaýn dükanda we Samsung Experience firma nokatlarynda satuwa çykdy
Hyundai howpsuzlyk ýassyklaryndaky näsazlyk sebäpli 570 müňe golaý Palisade krossowerini yzyna ýygnaýar
01.02.2026 22:24
4.2k+

Hyundai howpsuzlyk ýassyklaryndaky näsazlyk sebäpli 570 müňe golaý Palisade krossowerini yzyna ýygnaýar

Hyundai kompaniýasy ABŞ-da üçünji hatardaky gapdal howpsuzlyk ýassyklarynyň näsazlygy sebäpli 570 müňe golaý Palisade krossowerini yzyna çagyrýar. Bu barada Ýol hereketiniň howpsuzlygy Milli administrasiýasy (NHTSA) habar berýär
Alkaras Australian Open-iň finalynda Jokowiçi utup, «Karýera tuwulgasynyň» iň ýaş eýesi boldy
01.02.2026 22:16
2.9k+

Alkaras Australian Open-iň finalynda Jokowiçi utup, «Karýera tuwulgasynyň» iň ýaş eýesi boldy

Ispaniýaly Karlos Alkaras möwsümiň ilkinji «Uly tuwulga» ýaryşy bolan Australian Open-iň finalynda serbiýaly Nowak Jokowiçi utdy. Duşuşyk 2:6, 6:2, 6:3, 7:5 hasabynda tamamlandy. Bu ýeňşiniň netijesinde 22 ýaşly Alkaras taryhda «Karýera Uly tuwulgasynyň» iň ýaş eýesi boldy
Xiaomi SU7 Ultra ulaglaryndan bir aýda bary-ýogy 45 sanysy satyldy. Öň 3000 satylýardy
01.02.2026 21:50
2.4k+

Xiaomi SU7 Ultra ulaglaryndan bir aýda bary-ýogy 45 sanysy satyldy. Öň 3000 satylýardy

CarNewsChina neşiriniň habar bermegine görä, Xiaomi SU7 Ultra elektromobiliniň iň güýçli görnüşine bolan isleg aýda 3000 bolanlygyndan dekabr aýynda bary-ýogy 45-e çenli azaldy. 2025-nji ýylyň mart-awgust aýlary aralygynda bu modeliň her aýda 2,4 müňden 3,1 müňe çenlisi satyldy
Kiçijek, özem süsek: Meksikada dawany kelle bilen çözen dinozawrjyk tapyldy
01.02.2026 18:56
8k+

Kiçijek, özem süsek: Meksikada dawany kelle bilen çözen dinozawrjyk tapyldy

Halkara paleontologlar topary häzirki zaman iri göwrümli guşuň ölçeginden uly bolmadyk dinozawryň täze görnüşiniň üstünden bardylar. Dinozawryň kellesindäki süňk ösüntgisi, onuň dürli häsiýetli çaknyşyklary süsüşmek arkaly çözen bolmagy ahmal diýen çaklamany döredýär
Dünýäniň iň uly 20 kluby bir möwsümde €12 mlrd gazandy, onuňam €1,2 milliardy — «Realda»
01.02.2026 17:46
7k+

Dünýäniň iň uly 20 kluby bir möwsümde €12 mlrd gazandy, onuňam €1,2 milliardy — «Realda»

Deloitte kompaniýasy möwsümdäki girdejileri boýunça futbol klublaryna baha berýän Money League ýyllyk reýtingini hödürledi. 2024/25 möwsüminiň lideri tas 1,2 mlrd ýewro girdeji bilen Madridiň «Realy» boldy. Dünýäniň öňdebaryjy 20 klubunyň umumy girdejisi ilkinji gezek 12 mlrd ýewrodan geçdi
BMW Mercedes-Benz-iň doglan gününi degişme bilen gutlady
01.02.2026 16:48
9.5k+

BMW Mercedes-Benz-iň doglan gününi degişme bilen gutlady

​29-njy ýanwarda  awtomobil senagatynda bäsdeşler özara göreşi bir gapdala goýsalar-da, degişmeden ýüz öwürmediler. ​Şu senede Karl Benziň özüniň «Motorwagen» ulagyna patent alan gününiň 140 ýyllygy doldy. Häzirki zaman düşünjesindäki awtomobil taryhy edil şu seneden başlanýar diýlip hasaplanýar
UFC 325: Wolkanowski ýene-de Diýego Lopesden üstün çykdy, Sen-Deni Hukeri ýeňdi
01.02.2026 16:33
6.4k+

UFC 325: Wolkanowski ýene-de Diýego Lopesden üstün çykdy, Sen-Deni Hukeri ýeňdi

​1-nji fewralda Awstraliýanyň Sidneý şäherinde Garyşyk söweş sungaty boýunça UFC 325 ýaryşy geçirildi. Esasy tutluşykda ýarym ýeňil agramda UFC-niň çempiony Aleksandr Wolkanowski reýtingde ikinji orunda durýan Diýego Lopesa garşy öz titulyny gorady
Dubaý «20 minutlyk şäher» konsepsiýasyny ornaşdyrýar
01.02.2026 16:31
5.2k+

Dubaý «20 minutlyk şäher» konsepsiýasyny ornaşdyrýar

Dubaýda Emirligi ösdürmegiň «20 minutlyk şäher» konsepsiýasynyň we ýene-de iki sany strategik başlangyjynyň amala aşyrylmagy tassyklanyldy. «Dubai10X» maksatnamasynyň çägindäki degişli taslamalary Dubaýyň mirasdüşer şazadasy, BAE-niň Premýer-ministriniň orunbasary we Goranmak ministri şeýh Hamdan ben Mohammed Al Maktum makullady
LG kompaniýasy Sony we TCL-iň yzýany 8K modelleriniň önümçiligini duruzýar: sebäbi näme?
01.02.2026 16:20
3.7k+

LG kompaniýasy Sony we TCL-iň yzýany 8K modelleriniň önümçiligini duruzýar: sebäbi näme?

LG kompaniýasy 8K durulykly telewizorlaryň önümçiligini bes etdi. Günorta koreýaly öndüriji Sony we TCL kompaniýalarynyň yzy bilen bu segmenti terk edýär diýip, TechRadar neşiri habar berýär. LG şeýle formatdaky ilkinji modelini 2018-nji ýylda tanyşdyrypdy
Reincubate kompaniýasy Apple-i web-kamera funksiýany ogurlamakda aýyplady
01.02.2026 16:12
1.9k+

Reincubate kompaniýasy Apple-i web-kamera funksiýany ogurlamakda aýyplady

Britaniýanyň Reincubate kompaniýasy Apple garşy şikaýat bilen kazyýete ýüz tutdy. Ol korporasiýany patent hukuklaryny bozmakda we smartfony web-kamera hökmünde ulanmak tehnologiýasyny göçürmekde aýyplaýar. Şikaýatçy
Türkiýäniň syýahatçylyk boýunça girdejisi rekord derejä ýetdi
01.02.2026 15:42
3.8k+

Türkiýäniň syýahatçylyk boýunça girdejisi rekord derejä ýetdi

2025-nji ýylda Türkiýäniň syýahatçylykdan alan girdejileri öňki ýyl bilen deňeşdirilende 6,8% artyp, 65,2 milliard dollara ýetdi. Bu barada Dunya neşiri ýurduň medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoýuň sözlerine salgylanyp habar berýär
Genri Kewill «Dagly» filminiň remeýkinden ilkinji kadrlary paýlaşdy
01.02.2026 15:13
1.5k+

Genri Kewill «Dagly» filminiň remeýkinden ilkinji kadrlary paýlaşdy

Aktyor Genri Kewill sosial torlarda «Dagly» («Горец») filminden ilkinji şekilleri paýlaşdy. «Amazon MGM» kinostudiýasynyň bu taslamasy 1980-nji ýyllarda surata düşürilen adybir filmiň remeýkidir. Filmiň režissýorlyk kürsüsinde «Jon Uik» franşizasynyň awtorlarynyň biri bolan Çad Stahelski oturýar
ABŞ-da ýene «şatdaun» başlandy: bu gezek hökümetiň işi bölekleýin togtadyldy
01.02.2026 12:33
9.6k+

ABŞ-da ýene «şatdaun» başlandy: bu gezek hökümetiň işi bölekleýin togtadyldy

31-nji ýanwardan başlap ABŞ-nyň hökümetiniň işi tassyklanan maliýe serişdeleriniň ýokdugy sebäpli bölekleýin togtadyldy. Bu barada The Guardian neşiri habar berýär. Hökümetiň işiniň wagtlaýyn togtadylmagy Demokratik partiýanyň senatorlary Içerki howpsuzlyk ministrligini maliýeleşdirmek baradaky kanun taslamasyny goldamakdan boýun gaçyranyndan soň bolup geçdi
Apple birnäçe ýurtlarda App Store-daky oýunlaryň we programmalaryň bahalaryny gymmatladýar
01.02.2026 12:21
2.1k+

Apple birnäçe ýurtlarda App Store-daky oýunlaryň we programmalaryň bahalaryny gymmatladýar

Apple kompaniýasy dokuz sany ýurtda programmalaryň we programma içindäki satyn alyşlaryň bahalaryny üýtgetmek barada karara geldi. Bu barada kompaniýa işläp düzüjilere iberen ýörite habarnamasynda mälim etdi. Bahalardaky üýtgeşmeler eýýäm güýje girdi we täze aýda ýene-de goşmaça düzedişleriň girizilmegine garaşylýar
Adidas brendi Bob Marlä bagyşlanan sport aýakgaplar toplumyny taýýarlaýar
01.02.2026 12:19
2.2k+

Adidas brendi Bob Marlä bagyşlanan sport aýakgaplar toplumyny taýýarlaýar

Adidas brendi dünýä belli ýamaýkaly sazanda Bob Marlä we onuň futbola bolan söýgüsine bagyşlanan ýörite krossowka toplumyny çykarar. Topluma AdiZero Evo SL, Handball Spezial we SL72 modelleri girer. AdiZero Evo SL modeli — Adidas-yň 2025-nji ýyldaky iň göze ilýän ylgaw aýakgaplarynyň biri bolup, ol 2026-njy ýylda täzelenen dizaýnda dolanyp geler
Pursatdan peýdalanjak diýseňiz: Apple Music üç aýlyk mugt abuna sowgat edýär
01.02.2026 12:03
2k+

Pursatdan peýdalanjak diýseňiz: Apple Music üç aýlyk mugt abuna sowgat edýär

Apple kompaniýasy täze ulanyjylaryň adaty bir aýyň ýerine üç aýlap «Apple Music» ulgamyna mugt girmegine mümkinçilik berýän aksiýany yglan etdi. Bu başlangyç, Apple-iň resmi hemaýatçy hökmünde çykyş edýän «Superboul» sport we şou dabarasyna bagyşlanýar
Nesil yzarlaýan keselleri önünden çaklamak üçin Google DeepMind täze gural döretdi
01.02.2026 11:42
2k+

Nesil yzarlaýan keselleri önünden çaklamak üçin Google DeepMind täze gural döretdi

Google DeepMind kompaniýasy keselleriň döremegine täsir edýän genetiki faktorlary ýüze çykarmak üçin niýetlenen AlphaGenome atly emeli aň guralyny tanyşdyrdy. Bu model bir wagtyň özünde DNK kodunyň 1 milliona çenli belgisini seljermäge ukyplydyr, bu bolsa täze bejeriş usullaryny işläp düzmäge ýardam eder diýip, The Guardian neşiri habar berýär
Hytaýyň lideri Si Szinpin futbol janköýeri bolup çykdy
01.02.2026 11:41
9.1k+

Hytaýyň lideri Si Szinpin futbol janköýeri bolup çykdy

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin «Mançester Ýunaýted» futbol klubunyň hakyky janköýeri bolup çykdy. Bu barada Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmeriň Pekine bolan resmi saparynyň dowamynda mälim boldy diýip, South China Morning Post neşiri habar berýär
NASA-nyň «Afina» superkompýuteri sekuntda 20 kwadrillion operasiýany ýerine ýetirýär
01.02.2026 11:36
1.2k+

NASA-nyň «Afina» superkompýuteri sekuntda 20 kwadrillion operasiýany ýerine ýetirýär

​NASA özüniň iň güýçli we energiýa taýdan tygşytly, iň ýokary öndürijiligi 20 petaflopsdan geçýän «Afina» (Athena) superkompýuterini resmi taýdan tanyşdyrdy. ​Kaliforniýadaky Eýms adyndaky barlag merkezinde ýerleşdirilen täze hasaplaýyş toplumy indiki nesliň kosmos we awiasiýa maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde esasy gural bolar
Bitkoiniň bahasy 11-nji aprelden bäri ilkinji gezek 80 müň dollardan aşak düşdi
01.02.2026 11:29
2.1k+

Bitkoiniň bahasy 11-nji aprelden bäri ilkinji gezek 80 müň dollardan aşak düşdi

Bitkoiniň bahasy söwdalaryň barşynda 2025-nji ýylyň 11-nji aprelinden bäri ilkinji gezek 80 müň dollardan aşak düşdi. Muny Binance biržasynyň maglumatlary tassyklaýar. Aşgabat wagty bilen sagat 09:30-da bitkoin 78,9 müň dollar töwereginde bahalandyryldy, bu bolsa günüň dowamynda 5,20% pese gaçyşy aňladýar
YouTube emeli aň arkaly döredilen kontenti «arassalap» başlady
01.02.2026 10:54
1.2k+

YouTube emeli aň arkaly döredilen kontenti «arassalap» başlady

YouTube platformasy emeli aňyň kömegi bilen döredilen pes hilli kontentleri bozup başlady. Şu sebäpli platformadan eýýäm iki uly kanal ýitdi diýip, «The Verge» neşiri habar berýär. Wideomontaž üçin «Kapwing» hyzmatynyň hasabatyna görä, 5,9 million agzasy bolan CuentosFacianantes kanaly bozuldy
Gazagystanly tennisçi Ýelena Rybakina belarusly Sobolenkony utup, Australian Open-iň ýeňijisi boldy
01.02.2026 09:09
3.3k+

Gazagystanly tennisçi Ýelena Rybakina belarusly Sobolenkony utup, Australian Open-iň ýeňijisi boldy

Gazagystanyň wekili, dünýäniň bäşinji raketkasy Ýelena Rybakina möwsümiň ilkinji «Uly tuwulga» ýaryşy bolan Australian Open-iň ýeňijisi boldy. Final duşuşygynda 26 ýaşly Rybakina dünýäniň birinji raketkasy, 27 ýaşly belarusly Arina Sobolenkony 6:4, 4:6, 6:4 hasabynda utdy
Niderlandlaryň Kümüş muzeýi talandy
31.01.2026 22:40
5.1k+

Niderlandlaryň Kümüş muzeýi talandy

Niderlandlaryň Dusburg şäherindäki Kümüş muzeýi näbelli kişiler tarapyndan talandy. Jenaýatçylar umumy bahasy on müňlerçe ýewro barabar bolan 300-den gowrak gymmatly kümüş eksponatlary ogurladylar. Muzeýiň müdiriýetiniň başlygy Ernst Busweldiniň habar bermegine görä, ogurlyk gije bolup geçipdir
Hemmäň ünsi smartfonda: Hytaýda telewizorlaryň satuwy soňky 10 ýylyň iň pes derejesine düşdi
31.01.2026 22:23
3.5k+

Hemmäň ünsi smartfonda: Hytaýda telewizorlaryň satuwy soňky 10 ýylyň iň pes derejesine düşdi

AVC seljeriş kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda Hytaýda 27,63 million sany reňkli telewizor satyldy. Bu görkeziji 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende 10,4% az bolup, soňky on ýylyň dowamyndaky iň pes netijedir