Bu-da emeli aň sebäpli: App Store-da täze iOS goşundylarynyň sany 60 göterim ýokarlandy
28.01.2026 19:24
2.3k+

Bu-da emeli aň sebäpli: App Store-da täze iOS goşundylarynyň sany 60 göterim ýokarlandy

Birnäçe ýyllap dowam eden durgunlykdan soň, «App Store» dükanynda täze goşundylaryň sanynyň çalt depginler bilen artýandygy hasaba alyndy. Sensor Tower we Wells Fargo Securities kompaniýalarynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň dekabr aýynda täze iOS goşundylarynyň sany geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 60 göterim artdy
Gýoteniň kolleksiýasyndaky ýantar daşynyň içinde 40 mln ýyl ozal gatap galan garynja tapyldy
28.01.2026 18:38
7k+

Gýoteniň kolleksiýasyndaky ýantar daşynyň içinde 40 mln ýyl ozal gatap galan garynja tapyldy

Fridrih Şiller adyndaky Ýena uniwersitetiniň alymlary ýantar daşynyň içinde 40 million ýyl ozal gatap galan garynjany tapdy. Bu tapyndy meşhur nemes şahyry Iogann Wolfgang fon Gýoteniň kolleksiýasyndaky ýantar daşy öwrenilen wagty ýüze çykaryldy
Russiýada dünýäniň iň güýçli neýtrino obserwatoriýasy gurlar
28.01.2026 16:58
6.3k+

Russiýada dünýäniň iň güýçli neýtrino obserwatoriýasy gurlar

Russiýanyň Çelýabinsk oblastynyň Snežinsk şäherinde dünýäde iň täze we iň iri neýtrino obserwatoriýasyny gurmak meýilleşdirilýär. Bu barada Milli fizika we matematika merkezi habar berýär. Taslama hakynda merkeziň ylmy ýolbaşçysy, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi Aleksandr Sergeýew yglan etdi
Ýewropa Bileleşiginde ilkinji gezek elektromobiller benzin ulaglaryndan köp satyldy
28.01.2026 16:39
3.3k+

Ýewropa Bileleşiginde ilkinji gezek elektromobiller benzin ulaglaryndan köp satyldy

2025-nji ýylyň dekabr aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda elektromobil satuwy ilkinji gezek benzin hereketlendirijisi bolan awtomobilleriň satuwyndan ýokary boldy. Şeýle maglumatlary Ýewropanyň awtomobil öndürijiler assosiasiýasy (ACEA) hödürleýär diýip, Reuters agentligi habar berýär
Kosmonawtlar üçin kir ýuwujy maşyn we duş kabinasy döredilýär
28.01.2026 16:25
4.9k+

Kosmonawtlar üçin kir ýuwujy maşyn we duş kabinasy döredilýär

2026-njy ýylyň tomsunda Halkara kosmos stansiýasy (HKS) üçin niýetlenen kir ýuwujy maşynyň prototipiniň ýerüsti synaglaryna başlamak meýilleşdirilýär. Bu barada «Himiýa maşyn gurluşygynyň ylmy-gözleg instituty» paýdarlar jemgyýetiniň geljegi uly taslamalar bölüminiň başlygy Ýewgeniý Uýmanowa salgylanyp, TASS habar berýär
TTII we Dohanyň ylym we tehnologiýa uniwersiteti hyzmatdaşlyk barada şertnama baglaşdylar
28.01.2026 16:18
2.2k+

TTII we Dohanyň ylym we tehnologiýa uniwersiteti hyzmatdaşlyk barada şertnama baglaşdylar

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty bilen Doha ylym we tehnologiýa uniwersiteti ylmy we akademiki hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär
«Aždarhany nädip eldekileşdirmeli 2» filmi surata düşürilip başlandy
28.01.2026 16:01
2k+

«Aždarhany nädip eldekileşdirmeli 2» filmi surata düşürilip başlandy

«Aždarhany nädip eldekileşdirmeli 2» (Как приручить дракона 2) filmini düşürmek işleri başlandy. Bu barada franşizanyň režissýory we ssenariçisi Din DeBlua surata düşüriş meýdançasyndan fotosurat bilen paýlaşyp, sosial ulgamlarda habar berdi
Samsung satuwa niýetlenmedik Galaxy Z Flip7 Olympic Edition smartfonyny çykardy
28.01.2026 15:54
3.4k+

Samsung satuwa niýetlenmedik Galaxy Z Flip7 Olympic Edition smartfonyny çykardy

Italiýanyň Milan we Kortina-d’Ampesso şäherlerinde geçiriljek 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasynda türgenler üçin täze gajet taýýarlanyldy, ýöne ol satuwa çykarylmaz. Samsung kompaniýasy diňe Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylar üçin döredilen eplenýän smartfonyň ýörite görnüşini — Galaxy Z Flip7 Olympic Edition modelini görkezdi
Türkiýe 2025-nji ýylda Türkmenistanyň raýatlaryna 120 müňe golaý wiza berdi
28.01.2026 15:31
8.9k+

Türkiýe 2025-nji ýylda Türkmenistanyň raýatlaryna 120 müňe golaý wiza berdi

2025-nji ýylda Türkiýe Türkmenistanyň raýatlaryna, takmynan, 120 müň wiza berdi. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen geçirilen duşuşykda aýtdy diýip, «Ata Watan Media» neşiri habar berýär
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Kanadanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
28.01.2026 15:06
2.1k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Kanadanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

27-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Kanadanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi  (oturýan ýeri Astana şäherinde) Kristofer Daggan bilen duşuşdy
Tbilisiniň Ýunus Emre adyndaky institutynda Bütindünýä türki diller maşgalasynyň güni bellenildi
28.01.2026 15:02
1.1k+

Tbilisiniň Ýunus Emre adyndaky institutynda Bütindünýä türki diller maşgalasynyň güni bellenildi

2026-njy ýylyň 27-nji ýanwarynda Tbilisi şäherinde Bütindünýä türki diller maşgalasynyň gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Duşuşyk Ýunus Emre adyndaky institutyň binasynda boldy. Çärä Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Gazagystanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem işgärleri gatnaşdy
Amerikaly maşgalalar TikTok, Meta we YouTube-a garşy köpçülikleýin şikaýat arzasy bilen ýüz tutdular
28.01.2026 14:54
4.7k+

Amerikaly maşgalalar TikTok, Meta we YouTube-a garşy köpçülikleýin şikaýat arzasy bilen ýüz tutdular

​27-nji ýanwarda Los-Anjelesde amerikan maşgalalarynyň we mekdep okruglarynyň ýüzlerçesi Meta, Snap, TikTok hem-de YouTube korporasiýalaryna garşy beren köpçülikleýin şikaýat arzalary boýunça kazyýet işleri başlandy
«Modanyň şasy»: Jorjo Armaniniň durmuşy barada film düşüriler
28.01.2026 14:45
2k+

«Modanyň şasy»: Jorjo Armaniniň durmuşy barada film düşüriler

«Oskar» baýragyna mynasyp bolan «Çaknyşyk» (Столкновение) filminiň ssenariçisi Bobbi Moresko italýan modelýeri Jorjo Armani barada biografik film düşürer. Bu barada Deadline neşiri habar berýär. Filmiň ady häzirlikçe— «Armani — modanyň şasy» diýlip goýuldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan harby we hukuk goraýjy edaralara awtoulaglar sowgat berildi
28.01.2026 14:41
20k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan harby we hukuk goraýjy edaralara awtoulaglar sowgat berildi

Watan goragçylarynyň güni mynasybetli harby we hukuk goraýjy edaralara Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň adyndan döwrebap awtoulaglar sowgat berildi
Marsda öň Demirgazyk buzly ummandaky ýaly kän suwuň bolanlygy çaklanylýar
28.01.2026 14:31
2.6k+

Marsda öň Demirgazyk buzly ummandaky ýaly kän suwuň bolanlygy çaklanylýar

Alymlar Marsyň demirgazyk ýarym şarynda gadymy ummanyň kenar ýakasyny ýatladýan derýa hanalaryna meňzeş gurluşlary tapdylar. Bu barada Live Science neşiri habar berýär. Bern uniwersitetiniň hünärmenleri «ExoMars Trace Gas Orbiter», «Mars Express» we «Mars Reconnaissance Orbiter» orbita apparatlarynyň kameralarynyň kömegi bilen Mariner jülgesini içgin öwrendiler
Apple garaşylmadyk ýagdaýda iPhone-nyň könelişen modelleri üçin möhüm täzelenme çykardy
28.01.2026 14:29
3.9k+

Apple garaşylmadyk ýagdaýda iPhone-nyň könelişen modelleri üçin möhüm täzelenme çykardy

Apple kompaniýasy iPhone 5s we iPhone 6 ýaly könelişen modeller, şeýle hem iOS 12 operasion ulgamynda işleýän beýleki enjamlar üçin iOS 12.5.8 täzelenmesini çykardy. Bu smartfonlaryň satuwa çykarylyp başlanyna eýýäm on ýyldan gowrak wagt geçdi
Audi täzelenen A5 we Q5 modelleriniň içki bezeginde ýene adaty çözgütlere dolandy
28.01.2026 13:50
2.3k+

Audi täzelenen A5 we Q5 modelleriniň içki bezeginde ýene adaty çözgütlere dolandy

Audi kompaniýasy ABŞ-da içki bezegi we elektron ulgamlary kämilleşdirilen 2026-njy ýylyň A5 we Q5 modellerini tanyşdyrdy. Bu gezek esasy üns dolandyryşyň oňaýlylygyna we hereket wagtynda sürüjiniň ünsüni sowýan faktorlary azaltmaga gönükdirildi
Redmi Turbo 5 Max örän çalt işleýän ultrases barmak yzy skaneri bilen enjamlaşdyrylar
28.01.2026 13:37
3k+

Redmi Turbo 5 Max örän çalt işleýän ultrases barmak yzy skaneri bilen enjamlaşdyrylar

Redmi Turbo 5 Max seriýanyň taryhynda ilkinji gezek flagman derejesindäki ultrases barmak yzy skanerine eýe bolar. Xiaomi kompaniýasynyň prezidenti Lu Weýbiniň aýtmagyna görä, skanirlemek işi dem salym pursatda— ekrandaky beýleki sensorlardan 30% has çalt amala aşyrylar
Türkiýäniň söwda ministri Aşgabatda geçiriljek türk eksport harytlarynyň sergisine gatnaşar
28.01.2026 13:31
2.2k+

Türkiýäniň söwda ministri Aşgabatda geçiriljek türk eksport harytlarynyň sergisine gatnaşar

2026-njy ýylyň 10–12-nji fewraly aralygynda Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport önümleriniň 12-nji sergisi geçiriler. Serginiň açylyş dabarasyna öz ýurdunyň resmi wekiliýetine ýolbaşçylyk etmek bilen Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Omer Bolat gatnaşar
Hytaýda robot-it −30 °C sowukda we boýy 4 metre ýetýän garda synagdan geçirildi
28.01.2026 11:48
7.6k+

Hytaýda robot-it −30 °C sowukda we boýy 4 metre ýetýän garda synagdan geçirildi

Deep Robotics kompaniýasy LYNX M20 robot-itini Hytaýyň demirgazygyndaky örän sowuk gyş şertlerinde synagdan geçirdi.  RIA Nowosti-niň habar bermegine görä, synaglar Içki Mongoliýanyň Hulun-Buir şäher sebtinde bolup geçdi
«Ýer ala, ýurt ala» : Awstraliýada 50 graduslyk jöwza höküm sürýär
28.01.2026 11:12
13k+

«Ýer ala, ýurt ala» : Awstraliýada 50 graduslyk jöwza höküm sürýär

Awstraliýada rekord derejedäki yssy howa höküm sürýär. Ýurtda 27-nji ýanwarda howanyň temperaturasynyň 50 gradusa golaýlandygy hasaba alyndy. Sky News teleýaýlymynyň habar bermegine görä, ýerli meteorologlar Wiktoriýa ştatynyň birnäçe ilatly nokatlarynda termometrleriň 48,9 gradusa çenli ýokarlanandygyny mälim etdiler
Keniýaly ekolog agajy 72 sagat gujaklap, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
28.01.2026 10:55
7k+

Keniýaly ekolog agajy 72 sagat gujaklap, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

​Keniýaly ekologiýa işjeňçisi Trufena Mutoni 72 sagatlap agajy gujaklap saklap, dünýä rekordyny goýdy. Onuň bu üstünligi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. ​22 ýaşly Mutoni agajyň ýanynda dynç almasyz üç gije-gündiz geçirdi
Telegram-yň esaslandyryjysy WhatsApp-y we onuň şifrleme ulgamyny tankytlady
28.01.2026 10:44
2.8k+

Telegram-yň esaslandyryjysy WhatsApp-y we onuň şifrleme ulgamyny tankytlady

​Telegram-yň esaslandyryjysy Pawel Durow  WhatsApp messenjeriniň howpsuzlyk ulgamyndaky meseleleri görkezip, ony açyk görnüşde tankytlady. ​«2026-njy ýylda WhatsApp-yň howpsuzlygyna ynanmak üçin doly akmak bolmaly
BAFTA baýragyna dalaşgärler yglan edildi
28.01.2026 10:34
1.8k+

BAFTA baýragyna dalaşgärler yglan edildi

Britaniýanyň kino we telewideniýe sungaty akademiýasy 79-njy BAFTA baýragynyň dalaşgärlerini mälim etdi. Bu ýyl Pol Tomas Andersonyň režissýorlyk eden «Bir söweşden soň beýleki» atly filmi 14 kategoriýada baýrak ugrunda göreşýär
Ýer ýüzüniň 8,2 milliard adamlary planeta boýunça nähili paýlanýar: Infografika
28.01.2026 10:06
8.8k+

Ýer ýüzüniň 8,2 milliard adamlary planeta boýunça nähili paýlanýar: Infografika

Dünýä ilatynyň sany 8,2 milliard adama ýetdi. 1804-nji ýylda planetanyň ilaty ilkinji gezek bir milliarddan geçensoň, geçen asyrlaryň dowamynda bu görkeziji sekiz esse artdy. 2022-nji ýyldan bäri, dogluşyň umumy peselmegine garamazdan, dünýä ilaty 200 milliondan gowrak adam artdy
Google gepleşikleri gizlin ýazgy etmek boýunça kazyýet dawasy üçin 68 million dollar töler
28.01.2026 09:57
1.7k+

Google gepleşikleri gizlin ýazgy etmek boýunça kazyýet dawasy üçin 68 million dollar töler

Google kompaniýasy "Google Assistant" ses kömekçisiniň gizlinlik düzgünlerini bozandygy barada ABŞ-da gozgalan kollektiwleýin talap arzasyny çözmek üçin 68 million dollar tölemäge razy boldy. Bu barada The Hill neşiri habar berýär
Nobel baýragynyň eýesi Kadzuo Isiguronyň «Klara we Güneş» romany ekrana geçirilýär
28.01.2026 09:50
2.4k+

Nobel baýragynyň eýesi Kadzuo Isiguronyň «Klara we Güneş» romany ekrana geçirilýär

Režissýor Taýka Waýtiti özüniň «Klara we Güneş» («Клара и Солнце») atly ylmy-fantastiki dramasynyň ýakyn wagtda ekranlara çykjakdygyny mälim etdi. Bu film Nobel baýragynyň eýesi Kadzuo Isiguronyň adybir romany esasynda surata düşürildi
Fransiýanyň parlamentiniň aşaky palatasy çagalar üçin sosial torlaryny gadagan etmegi goldady
28.01.2026 09:48
2.3k+

Fransiýanyň parlamentiniň aşaky palatasy çagalar üçin sosial torlaryny gadagan etmegi goldady

Fransiýanyň Milli assambleýasy 15 ýaşdan kiçi çagalara we ýetginjeklere sosial ulgamlaryny ulanmagy gadagan edýän kanun taslamasyny goldady. "Le Figaro" neşiriniň habar bermegine görä, resminama üçin 130 deputat: "Goldaýarys", 21 parlamentariý bolsa, "Garşy" diýip, ses berdi
Dünýäniň iň dykyn içerki howa ýollarynyň kartasy
28.01.2026 09:41
7k+

Dünýäniň iň dykyn içerki howa ýollarynyň kartasy

2025-nji ýylda howa ulaglaryndan peýdalanan ýolagçylaryň sanynyň takmynan bäş milliard adama ýetendigi çaklanýar. Awiakompaniýalaryň umumy girdejisi bolsa, garaşylyşy ýaly, 1 trillion dollardan geçdi. Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti ösüşiň esasy hereketlendiriji güýji boldy
Toyota-dan syrly täzelik: Kompaniýa täze modeliniň ilkinji suratyny paýlaşdy
28.01.2026 09:18
5.9k+

Toyota-dan syrly täzelik: Kompaniýa täze modeliniň ilkinji suratyny paýlaşdy

Toyota kompaniýasynyň Amerikadaky bölümi täze modeliniň ilkinji tizer suratyny köpçülige hödürledi. Häzirlikçe gizlin saklanýan täze model baradaky habar "Gözýetimde täze bir zatlar bar" diýen ýazgy bilen paýlaşyldy
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki işleriň guralyşyna nägilelik bildirdi
28.01.2026 06:19
15k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki işleriň guralyşyna nägilelik bildirdi

27-nji ýanwarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda ol ýerde iş maslahatyny geçirdi. Oňa Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki ýol-ulag düzüminiň desgalary bilen tanyşdy
28.01.2026 05:54
9.1k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki ýol-ulag düzüminiň desgalary bilen tanyşdy

27-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda ol şäherde gurluşygy dowam edýän dürli maksatly desgalaryň, şaýollaryň we köprüleriň gurluşyk-modernizasiýa işleriniň barşy bilen tanyşdy
Hytaý awtoulaglarda elektron rul dolandyryşynyň düzgünlerini tassyklady
28.01.2026 00:06
3.8k+

Hytaý awtoulaglarda elektron rul dolandyryşynyň düzgünlerini tassyklady

Hytaýda awtoulaglaryň täze nesil rul dolandyryş ulgamlary üçin hökmany talaplar tassyklanyldy. Hytaý Halk Respublikasynyň Bazary düzgünleşdirmek boýunça döwlet müdirligi 1-nji iýuldan güýje girjek "Awtoulaglaryň rul ulgamlaryna bildirilýän esasy talaplar" atly milli standarty çap etdi
«Barselona» Fermin Lopes bilen şertnama baglaşdy, ýöne Drony PSŽ-ä goýberdi
27.01.2026 22:40
6.5k+

«Barselona» Fermin Lopes bilen şertnama baglaşdy, ýöne Drony PSŽ-ä goýberdi

«Barselona» futbol klubunyň ýetişdiren oýunçysy Dro Fernandes PSŽ-niň oýunçysy boldy. Bu transfer barada parižli klubuň resmi saýty habar berdi.  18 ýaşly ispaniýaly ýarymgoragçy 2030-njy ýyla çenli möhlet bilen şertnama baglaşdy
«Türkmenistan» awiakompaniýasy halkara gatnawlarynyň tertibini täzeledi: indi 14 şähere göni uçup bolýar
27.01.2026 22:15
15k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy halkara gatnawlarynyň tertibini täzeledi: indi 14 şähere göni uçup bolýar

25-nji ýanwardan başlap Türkmenistanyň milli awiagatnadyjysy halkara gatnawlaryny ýerine ýetirmegiň täze tertibine geçdi. Bu barada Türkmenistan habarlar portaly habar berýär. Indi Aşgabatdan Ýewropanyň, Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň 14 şäherine göni uçuşlar amala aşyrylýar
Levi’s brendi amerikan mekdep okuwçylaryna egin-eşikleri tikmegi we ýamamagy öwreder
27.01.2026 21:48
1.8k+

Levi’s brendi amerikan mekdep okuwçylaryna egin-eşikleri tikmegi we ýamamagy öwreder

Levi Strauss & Co. kompaniýasy ýaşlara egin-eşikleri abatlamagyň esaslaryny öwretmäge gönükdirilen «Levi’s Wear Longer» atly bilim taslamasyny işläp taýýarlady. Bu maksatnama ABŞ-nyň mekdepleriniň 9–12-nji synp okuwçylary üçin niýetlenendir
Iş berijileriň hem iş gözleýänleriň dykgatyna: Aşgabatda boş iş orunlarynyň ýarmarkasy geçiriler
27.01.2026 21:02
14k+

Iş berijileriň hem iş gözleýänleriň dykgatyna: Aşgabatda boş iş orunlarynyň ýarmarkasy geçiriler

2026-njy ýylyň 4-nji fewralynda Aşgabat şäherinde boş iş orunlarynyň ýarmarkasy guralar. Çäre Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi tarapyndan guralýar. «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň habar bermegine görä, sergi sagat 09:00-dan 12:00-a çenli Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasynda geçiriler
Tramp Günorta Koreýadan getirilýän ulaglara gümrük pajyny 25%-e çenli ýokarlandyrýandygyny yglan etdi
27.01.2026 18:54
12k+

Tramp Günorta Koreýadan getirilýän ulaglara gümrük pajyny 25%-e çenli ýokarlandyrýandygyny yglan etdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Günorta Koreýadan getirilýän awtoulaglara we beýleki birnäçe harytlara goýulýan gümrük pajyny 15 göterimden 25 göterime çenli ýokarlandyrmak baradaky kararyny habar berdi. Bu baradaky beýannama "Truth Social" jemgyýetçilik torunda çap edildi
Ulanylan ösümlik ýagyny plastmassa öwürdiler
27.01.2026 18:35
3k+

Ulanylan ösümlik ýagyny plastmassa öwürdiler

Halkara alymlar topary ulanylan ösümlik ýagyny gaýtadan işläp, häsiýetleri boýunça adaty polietilene meňzeş bolan plastmassany almaga mümkinçilik berýän tehnologiýany işläp düzdüler. Barlagyň netijeleri Journal of the American Chemical Society žurnalynda çap edildi
Boeing 600 uçar sargydyny bitirdi — bu soňky 7 ýylda kompaniýanyň rekordy
27.01.2026 18:14
7.8k+

Boeing 600 uçar sargydyny bitirdi — bu soňky 7 ýylda kompaniýanyň rekordy

2025-nji ýylda Boeing Co. amerikan awiagurluşyk konserni müşderilere 600 sany täjirçilik uçaryny iberdi. Bu görkeziji geçen ýyldaky 348 uçar bilen deňeşdirilende 72% köpdür. Bu netije kompaniýa üçin 2018-nji ýyldan bäri, ýagny soňky ýedi ýylyň dowamynda iň ýokary görkeziji boldy