Asyryň iň dowamly Gün tutulmasy 6 minuda çeker: oňa haçan garaşmaly?
26.01.2026 15:29
7.7k+

Asyryň iň dowamly Gün tutulmasy 6 minuda çeker: oňa haçan garaşmaly?

2027-nji ýylyň 2-nji awgustynda Günorta Ýewropanyň, Demirgazyk Afrikanyň we Ýakyn Gündogaryň käbir sebitlerinde Günüň doly tutulmasy bolar. Iň ýokary tapgyrda Aý Günüň ýüzüni 6 minut 23 sekuntlap ýapar. Astronomlaryň çaklamalaryna görä, bu iň azyndan 2114-nji ýyla çenli gury ýerde synlap boljak iň dowamly doly Gün tutulma bolar» diýip, Ecoticias neşiri ýazýar
Hytaýda awtoulaglar diňe hökmany ýol synagyny geçenden soň satuwa çykarylar
26.01.2026 14:38
6.5k+

Hytaýda awtoulaglar diňe hökmany ýol synagyny geçenden soň satuwa çykarylar

Hytaýyň Senagat we maglumatlaşdyryş ministrligi awtoulaglaryň hilini barlamagyň täze kadalaryny tassyklady. Bu düzgünler 2027-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girer. Üýtgeşmeleriň esasy maksady — mundan ozal J
Altynyň bahasy taryhda ilkinji gezek bir unsiýa üçin 5000 dollardan geçdi
26.01.2026 14:28
8.4k+

Altynyň bahasy taryhda ilkinji gezek bir unsiýa üçin 5000 dollardan geçdi

Şu gün dünýä biržalarynda altynyň bahasy taryhda ilkinji gezek bir unsiýa üçin 5000 dollardan geçdi. Reuters agentliginiň habar bermegine görä, duşenbe güni irden gymmat bahaly metal bir unsiýa üçin 5100 dollar derejesinde satyldy
Meta kompaniýasy WhatsApp-daky hat alşyklary birugsat okamakda aýyplanýar
26.01.2026 13:41
2.2k+

Meta kompaniýasy WhatsApp-daky hat alşyklary birugsat okamakda aýyplanýar

Halkara şikaýatçylar topary Meta Platforms kompaniýasynyň üstünden kazyýete arza berdiler. Olar amerikan kompaniýasyny WhatsApp messenjeriniň gizlinligi we howpsuzlygy babatda ulanyjylary aldawa salmakda aýyplaýarlar
Ýeňil, inçe hem özboluşly: Samsung Galaxy A57-niň täze suratlary peýda boldy
26.01.2026 13:21
7k+

Ýeňil, inçe hem özboluşly: Samsung Galaxy A57-niň täze suratlary peýda boldy

Hytaýyň Senagat ministrliginiň maglumatlar binýadynda SM-A5760 belgi bilen Samsung kompaniýasynyň täze smartfonynyň suratlary we häsiýetnamalary peýda boldy. Bu belgi geljekki Galaxy A57 modeliniň belgisidir. Geçen ýylyň güýzünde bu enjam IMEI binýadynda SM-A576B belgisi bilen hasaba alnypdy
Southwest Airlines ABŞ-nyň iň gowy awiakompaniýalarynyň reýtinginde birinji boldy
26.01.2026 13:11
2.1k+

Southwest Airlines ABŞ-nyň iň gowy awiakompaniýalarynyň reýtinginde birinji boldy

«The Wall Street Journal» amerikan gazeti ABŞ-nyň iň uly awiakompaniýalarynyň ýyllyk reýtingini hödürläp, dokuz awiagatnadyjynyň iş görkezijilerine baha berdi. Ýylyň jemi boýunça ýolagçy sany nukdaýnazaryndan ýurduň iň uly içerki awiakompaniýasy bolan Southwest Airlines öňdebaryjy hökmünde saýlandy
ABŞ-da 200 milliona golaý adam güýçli gar boraganynyň täsiri astynda galdy
26.01.2026 12:27
10k+

ABŞ-da 200 milliona golaý adam güýçli gar boraganynyň täsiri astynda galdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna düşen güýçli gar boragany takmynan 200 million adama täsir etdi. Bu barada ABC amerikan teleýaýlymy habar berýär. Milli meteorologiýa gullugynyň maglumatyna görä, güýçli gar ýagynlary Nýu-Meksiko ştatyndan başlap, ýurduň gündogaryndaky Täze Angliýa (New England) sebitine çenli ägirt uly meýdany gurşap aldy
Mýunhende Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyna goşant goşan nemes lukmanlar sylaglandy
26.01.2026 12:25
4.1k+

Mýunhende Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyna goşant goşan nemes lukmanlar sylaglandy

Mýunhende germaniýaly lukmanlaryň Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge goşan goşantlaryna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Ol şäheriň taryhy «Baýrişer Hof» otelinde boldy. Bu çäre ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy
Ysykkölüň daglarynda Merkezi Aziýada iň uly dag-lyža kurorty gurulýar
26.01.2026 12:05
3.9k+

Ysykkölüň daglarynda Merkezi Aziýada iň uly dag-lyža kurorty gurulýar

Gyrgyzystanyň Ysykköl oblastynyň Ak-Suu raýonynda «Ala-Too Rezort» atly ägirt uly dag-lyža toplumynyň taslamasy durmuşa geçirilýär. Bu toplumyň her ýylda iki milliona çenli syýahatçyny kabul etmeklige mümkinçiligi bolar diýip, Sputnik Gyrgyzystan neşiri habar berýär
BTS-iň «Arirang» albomy Spotify-da iň köp garaşylýan reliz boldy
26.01.2026 11:53
1.7k+

BTS-iň «Arirang» albomy Spotify-da iň köp garaşylýan reliz boldy

BTS toparynyň täze «Arirang» albomy Spotify Countdown Charts Global çartynda birinji orny eýeledi. Bu reýting ulanyjylaryň haýsy geljekki aýdym-saz ýygyndylaryny özleriniň "deslapky garaşmalaryna" has köp goşýandygyny görkezýär
«Galkynyş» topary Monte-Karlodaky halkara sirk festiwalynda halkara şahadatnamalara mynasyp boldy
26.01.2026 11:40
2.8k+

«Galkynyş» topary Monte-Karlodaky halkara sirk festiwalynda halkara şahadatnamalara mynasyp boldy

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary sirk sungatyny ösdürmäge goşan goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasynyň we Ýewropa sirk assosiasiýasynyň halkara şahadatnamalaryna mynasyp boldy. Gowşurylyş dabarasy 16-25-nji ýanwar aralygynda Monte-Karlo şäherinde (Monako Knýazlygy) geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynyň çäklerinde boldy diýip, TDH habar berýär
Aýagynda Air Max 95: Blackpink-däki Lisa Nike-ň täze ambassadory boldy
26.01.2026 11:38
4.1k+

Aýagynda Air Max 95: Blackpink-däki Lisa Nike-ň täze ambassadory boldy

Blackpink keý-pop toparynyň agzasy Lisa Nike markasynyň täze ambassadory boldy. Taraplar uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşdy diýip,  Hypebae neşiri habar berýär. Ýaňy-ýakynda Lisa Parižde aýagyna Air Max 95 krossowkasyny geýip, köpleriň ünsüni çekdi, bu täze hyzmatdaşlygyň ilkinji alamatlary hökmünde kabul edildi
Ýaşlar öňe saýlanýar: Türkmenistanyň küşt boýunça çempionatynyň I ligasynyň netijeleri belli boldy
26.01.2026 11:22
2.3k+

Ýaşlar öňe saýlanýar: Türkmenistanyň küşt boýunça çempionatynyň I ligasynyň netijeleri belli boldy

Aşgabatda 18-24-nji ýanwar aralygynda küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň Birinji ligasynyň ýaryşy geçirildi. Onuň netijesinde täze möwsümde Ýokary ligada çykyş etjek oýunçylar kesgitlendi. Bu ýaryş nesilleriň çalşygyny alamatlandyrdy: ýaş küştçüler tejribeli ussatlar bilen ynamly bäsleşip, öňdebaryjy orunlary eýeleýär
Serdar Berdimuhamedow Hindistanyň Prezidentini Respublika güni bilen gutlady
26.01.2026 11:06
4.6k+

Serdar Berdimuhamedow Hindistanyň Prezidentini Respublika güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmuwa ýurduň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH döwlet habarlar agentligi habar berýär
Türkmenistanyň biržasy geçen hepdäniň söwdalarynyň netijelerini habar berdi
26.01.2026 10:21
1.7k+

Türkmenistanyň biržasy geçen hepdäniň söwdalarynyň netijelerini habar berdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 8 million 459 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar
«Super Mario: Galaktika kinosy» multfilminiň uly treýleri çykdy
26.01.2026 10:18
1.3k+

«Super Mario: Galaktika kinosy» multfilminiň uly treýleri çykdy

Nintendo kompaniýasy «Super Mario: Galaktika kinosy» («Супер Марио: Галактическое кино») multfilminiň uly treýlerini tanyşdyrdy. Doganlar Mario we Luijiniň täze başdangeçirmeleri baradaky bu animasion filmiň dowamynyň ilkinji görkezilişi 1-nji aprelde bolar
ÝB-de X sosial torunyň ýerini tutup biljek täze platforma döredildi
26.01.2026 10:10
987

ÝB-de X sosial torunyň ýerini tutup biljek täze platforma döredildi

Ýewropa guramalary W Social atly täze sosial tory işe girizdiler. Onda ähli ulanyjylaryň şahsyýeti resminamalar we fotosuratlar arkaly hökmany tertipde tassyklanylmak şerti hereket edýär.  Politiken neşiriniň habar bermegine görä, beýle ädim täze platformany botlardan we anonim hasaplardan goramak üçin gerek
TikTok-yň iň meşhur blogeri Habi Leým öz keşbini ulanmak hukugyny 1 milliard dollara satdy
26.01.2026 10:08
11k+

TikTok-yň iň meşhur blogeri Habi Leým öz keşbini ulanmak hukugyny 1 milliard dollara satdy

TikTok platformasynyň taryhynda iň köp abunaçysy bolan (takmynan 270 million adam) bloger Habi Leým özüniň «Step Distinctive Limited» kompaniýasynyň bir bölegini Amerikanyň «Rich Sparkle Holdings» firmasyna 975 million dollara satdy
Täze Hyundai Santa Fe-niň prototipi synag wagty ot aldy. Kompaniýa sebäbini derňeýär
26.01.2026 10:00
7.7k+

Täze Hyundai Santa Fe-niň prototipi synag wagty ot aldy. Kompaniýa sebäbini derňeýär

Günorta Koreýada ýol synaglary wagtynda täze nesil Hyundai Santa Fe awtomobiliniň prototipi ýandy. Waka kompaniýanyň Ulsandaky önümçilik merkeziniň golaýynda bolup geçdi. Bu ýerde Hyundai täzelenen modeli synagdan geçirýär
Gmail-e derek Proton Mail, Telegram-a derek Signal: Ethereum-iň esaslandyryjysy haýsy programmalary howpsuz hasaplaýandygyny aýtdy
26.01.2026 09:58
3k+

Gmail-e derek Proton Mail, Telegram-a derek Signal: Ethereum-iň esaslandyryjysy haýsy programmalary howpsuz hasaplaýandygyny aýtdy

Ethereum kriptowalýutasyny esaslandyryjy Witalik Buterin ulanyjy maglumatlarynyň goraglylygyna we "hasaplama özbaşdaklygyna" üns berip, gündelik ulanýan programmalaryny nähili üýtgedendigi barada X (öňki Twitter) ulgamynda maglumat berdi
Türkmenistanda hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda gar gatyşykly ýagyş ýagar (26.01 - 01.02)
26.01.2026 09:42
8.8k+

Türkmenistanda hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda gar gatyşykly ýagyş ýagar (26.01 - 01.02)

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda gar gatyşykly ýagyş ýagar
Netflix boksçy Saul «Kanelo» Alwares barada film taýýarlaýar
26.01.2026 09:29
3.1k+

Netflix boksçy Saul «Kanelo» Alwares barada film taýýarlaýar

Netflix boks boýunça dünýäniň öňki absolýut çempiony Saul «Kanelo» Alwares barada doly göwrümli dokumental filmi çykarmagy meýilleşdirýändigini habar berdi. Filmiň önümçiligi bilen «Golden Steýt» klubunyň basketbolçysy Stefen Karri tarapyndan 2018-nji ýylda esaslandyrylan «Unanimous Media» kompaniýasy meşgullanar
Epic bilen Google assyrynlyk bilen 800 million dollarlyk şertnama baglaşdylar
26.01.2026 08:45
1.5k+

Epic bilen Google assyrynlyk bilen 800 million dollarlyk şertnama baglaşdylar

Epic Games we Google kompaniýalary Unreal Engine oýun hereketlendirijisini (dwižogyny) hem-de hyzmatlaryny bermek barada 800 million dollarlyk ylalaşyga geldiler. Bu barada San-Fransiskonyň okrug kazyýetinde mälim boldy, diýip The Verge neşiri habar berýär
Özbegistan çykanyna 50 ýyl bolan awtoulaglary ulanyşdan aýrar: häzir şeýle 88 müňe golaý ulag bar
26.01.2026 07:39
17k+

Özbegistan çykanyna 50 ýyl bolan awtoulaglary ulanyşdan aýrar: häzir şeýle 88 müňe golaý ulag bar

Özbegistanda 1-nji fewraldan başlap, öndürilenine 50 we ondan köp ýyl bolan ulag serişdelerini ulanmaga hem-de täzeden hasaba almaga gadagançylyk güýje girýär. Gadagançylyk antikwar (gadymy) awtomoto ulaglara degişli däl
Kipriň paýtagty 2026-njy ýylda Ýewropanyň esasy medeni ugry diýlip ykrar edildi
26.01.2026 04:13
2.6k+

Kipriň paýtagty 2026-njy ýylda Ýewropanyň esasy medeni ugry diýlip ykrar edildi

European Best Destinations (EBD) guramasynyň  düzen reýtingine görä, Kipriň paýtagty Nikosiýa şäheri 2026-njy ýylda syýahatçylar üçin Ýewropanyň iň gowy medeni ugry diýlip ykrar edildi. Bu barada Travel Tomorrow neşiri habar berýär
Hytaý alymlary saçyň tary ýaly inçe we çeýe sapaga millionlarça tranzistory sygdyrdylar
26.01.2026 04:09
5.2k+

Hytaý alymlary saçyň tary ýaly inçe we çeýe sapaga millionlarça tranzistory sygdyrdylar

Hytaýda çeýe elektronikanyň geljekdäki köpçülikleýin önümçiligi üçin esas döredildi. Taslamany düzüjiler inçejik çeýe sapak görnüşinde mikroshema taýýarladylar. Geljekde şeýle sapaklardan hasaplamalary ýerine ýetirip, neýroulgamlar bilen işläp we maglumatlary görkezip biljek matalary dokap bolar
TCL täze hyzmatdaşlygyň çäklerinde Sony-nyň telewizor biznesini öz gözegçiligine alar
26.01.2026 03:54
1.9k+

TCL täze hyzmatdaşlygyň çäklerinde Sony-nyň telewizor biznesini öz gözegçiligine alar

Sony we TCL kompaniýalary Sony korporasiýasynyň telewizor we hojalyk audio tehnikalaryny öndürmek boýunça biznesini dolandyrjak bilelikdäki kärhanany döretmek barada ylalaşdylar. Bu barada kompaniýalaryň umumy beýanatynda aýdylýar
Sarygaýnama garşy dermanlaryň rak töwekgelçiligini artdyrýanlygy baradaky çaklamalar inkär edildi
26.01.2026 03:45
5.7k+

Sarygaýnama garşy dermanlaryň rak töwekgelçiligini artdyrýanlygy baradaky çaklamalar inkär edildi

Demirgazyk Ýewropanyň iri uniwersitetleriniň barlagçylar topary sarygaýnamany bejermek we aşgazan kislotasyny azaltmak üçin giňden ulanylýan proton pompasynyň ingibitorlarynyň (PPI) howpsuzlygyna bagyşlanan uly göwrümli ylmy işiň netijelerini hödürlediler
Ermenistanyň premýer-ministri öz saz toparyny döretdi
25.01.2026 23:59
3.9k+

Ermenistanyň premýer-ministri öz saz toparyny döretdi

Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan öz saz toparyny döredendigini habar berdi. Ol bu barada Facebook sahypasynda ýazgy galdyryp, toparyň adyny we logosyny köpçülige ýetirdi. Ermenistanyň habar beriş serişdeleriniň
Meta ýetginjekler üçin emeli aň gahrymanlaryna girişi wagtlaýynça ýapýar
25.01.2026 23:46
737

Meta ýetginjekler üçin emeli aň gahrymanlaryna girişi wagtlaýynça ýapýar

«Meta» kompaniýasy özüniň sosial ulgamlarynda ýetginjekleriň AI-gahrymanlar (emeli aň arkaly döredilen keşpler) bilen gatnaşyk saklamagyny bütin dünýä derejesinde wagtlaýynça togtadýandygyny yglan etdi. Bu çäklendirme funksiýanyň täze we has howpsuz wersiýasy çykýança dowam eder
Indi bolsa gonorarlary hasaplalyň: UFC 324-de kim näçe gazandy?
25.01.2026 23:37
8.8k+

Indi bolsa gonorarlary hasaplalyň: UFC 324-de kim näçe gazandy?

25-nji ýanwar irden Las-Wegasdaky (ABŞ) "T-Mobile Arena-da" UFC 324 ýaryşy geçdi. Bu ýaryş liganyň şu ýyldaky ilkinji çäresi we Paramount bilen baglaşylan täze şertnamanyň çägindäki ilkinji waka boldy. Ýaryşyň netijeleri boýunça "Sporty Salaries" neşiri söweşijileriň alan gonorarlary baradaky maglumatlary çap etdi
Adam haçan ýene Aýa uçmaly? NASA munuň mümkin bolan senelerini belli etdi
25.01.2026 23:25
3.1k+

Adam haçan ýene Aýa uçmaly? NASA munuň mümkin bolan senelerini belli etdi

NASA "Orion" kosmos gämisiniň ekipažy bilen Aýyň daşyndan aýlanyp gelmeli "Artemis II" dolandyryşly missiýasynyň goýberiş tertibini neşir etdi. Bu maglumat agentligiň X sosial ulgamyndaky resmi hasabynda paýlaşyldy
Ýewropanyň çempiony Nani Gazagystanyň «Aktobe» klubunyň oýunçysy boldy
25.01.2026 23:14
5.1k+

Ýewropanyň çempiony Nani Gazagystanyň «Aktobe» klubunyň oýunçysy boldy

«Aktobe» futbol kluby Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň we «Mançester Ýunaýtediň» öňki wingeri Luiş Nani bilen şertnama baglaşandygyny yglan etdi. 39 ýaşly futbolçy bilen baglaşylan ylalaşyk şu ýylyň ahyryna çenli niýetlenendir
Fornite oýnunda «Ofis» serialynyň gahrymanlary peýda boldy
25.01.2026 21:28
1.9k+

Fornite oýnunda «Ofis» serialynyň gahrymanlary peýda boldy

Fortnite oýnunda «Ofis» («The Office») komediýa serialy bilen bilelikdäki kollaborasiýa peýda boldy. Oýunçylar üçin sitkomdaky gahrymanlaryň keşpleri we ýörite oýun esbaplary elýeterli edildi. Bilelikdäki taslama 24-nji ýanwarda başlandy
Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady
25.01.2026 18:53
7.3k+

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

2025-nji ýylda Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady. Olar Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan berlen ýörite ygtyýarnamalara laýyklykda, işleýär we syýahatçylyk hyzmatlaryny hödürleýär
Täze Kia Sportage Platinum Edition tanyşdyryldy: ol mart aýynda satylyp başlanar
25.01.2026 18:42
3.3k+

Täze Kia Sportage Platinum Edition tanyşdyryldy: ol mart aýynda satylyp başlanar

Kia kompaniýasy täzelenen Sportage Platinum Edition modelini resmi taýdan görkezdi. Bu täze wersiýanyň seriýalaýyn önümçiligi 7-nji fewralda Hytaýyň Ýançen şäherindäki döwrebap «Yueda Kia» zawodynda başlanar. Awtoulagyň mart aýynda satuwa çykarylmagyna garaşylýar
Google-ň gözlegi: Kompaniýa Gmail we Photos-daky faýllary «dörjeläp» bilýän «Şahsy aňy» synagdan geçirýär
25.01.2026 18:18
1.1k+

Google-ň gözlegi: Kompaniýa Gmail we Photos-daky faýllary «dörjeläp» bilýän «Şahsy aňy» synagdan geçirýär

Google kompaniýasy özüniň gözleg ulgamynda täze «Personal Intelligence» (Şahsy aň) funksiýasyny synag edip başlady. Bu täzelik emeli aňa Gmail we Google Photos (Google Suratlar) goşundylardaky maglumatlary seljermäge, şonuň esasynda-da ulanyja has takyk we şahsy jogaplary bermäge mümkinçilik döredýär
«Ýedi patyşalygyň rysary» serialy ilkinji üç günde 6,7 million gezek görüldi
25.01.2026 17:53
2.9k+

«Ýedi patyşalygyň rysary» serialy ilkinji üç günde 6,7 million gezek görüldi

«Tagt oýunlarynyň» täze prikweli bolan «Ýedi patyşalygyň rysary» serialy ilkinji üç günde hemme platformalarda 6,7 million tomaşa gazandy. Serial eýýäm ikinji möwsüm üçin uzaldyldy. Bu barada Variety žurnalynda habar berilýär
TikTok ABŞ-da ulanyjylaryň takyk ýerleşýän ýerini yzarlamaga rugsat berdi
25.01.2026 17:43
3.9k+

TikTok ABŞ-da ulanyjylaryň takyk ýerleşýän ýerini yzarlamaga rugsat berdi

2026-njy ýylyň ýanwar aýynda TikTok platformasy Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky ulanyjylar üçin gizlinlik syýasatyny täzeledi. Täze düzgünlere görä, programma indi ulanyjylaryň takyk ýerleşýän ýeri baradaky maglumatlary ýygnap biler
Volkswagen Touareg ýitenok: Hytaýda V6 hereketlendirijili 2026-njy ýylyň modeli tanyşdyryldy
25.01.2026 17:32
3.5k+

Volkswagen Touareg ýitenok: Hytaýda V6 hereketlendirijili 2026-njy ýylyň modeli tanyşdyryldy

Volkswagen kompaniýasy Hytaýda özüniň flagman wnedorožniginiň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy. Touareg 2026 3.0 TSI Elite diýlip atlandyrylýan bu modeliň bahasy 756 000 ýuan (takmynan 108 400 amerikan dollary) bolup, ol diňe Hytaý bazary üçin niýetlenendir