Robbi Willýams täze «Britpop» albomy bilen The Beatles toparynyň rekordyny täzeledi
25.01.2026 17:29
1.3k+

Robbi Willýams täze «Britpop» albomy bilen The Beatles toparynyň rekordyny täzeledi

Britaniýaly aýdymçy Robbi Willýamsyň täze «Britpop» albomy Official Albums Chart Top 100-de birinji orny eýeledi we onuň bu çartda ilkinji setirde durýan 16-njy albomy boldy. Şunlukda, ol 15 albomy bilen iňlis hit-paradynda öňdeligi saklap gelen «The Beatles» toparynyň rekordyndan hem öňe geçdi
Aleks Honnold göni ýaýlymda Taýbeý 101 gökdirän bina ätiýaçsyz dyrmaşyp çykdy
25.01.2026 15:59
7.6k+

Aleks Honnold göni ýaýlymda Taýbeý 101 gökdirän bina ätiýaçsyz dyrmaşyp çykdy

Amerikaly gaýa dyrmaşyjy Aleks Honnold Netflix-iň göni ýaýlymdaky görkezilişiň çäginde Taýbeý 101 gökdiräne hiç hili ätiýaçlandyryş serişdelerini ulanmazdan erkin dyrmaşdy we binanyň depesinde selfi düşürdi.  Variety neşiriniň ýazmagyna görä, beýikligi 508 metrlik, 101 gatly binaň gerşine ýetmek üçin oňa 95 minut wagt gerek boldy
UFC 324-üň netijeleri: Şon O’Melliniň we Umar Nurmagomedowyň ýeňişleri
25.01.2026 14:07
9.9k+

UFC 324-üň netijeleri: Şon O’Melliniň we Umar Nurmagomedowyň ýeňişleri

25-nji ýanwarda irden Las-Wegasda (ABŞ) UFC-niň şu ýylda ilkinji ýaryşy UFC 324 geçirildi. Agşamyň esasy tutluşygynda amerikaly Jastin Getji britaniýaly Peddi Pimblett bilen söweşde ýeňil agramda wagtlaýyn çempionlyk guşagyny gazandy
Hytaý dünýäde iň uly rolker gämisini suwa goýberdi. Oňa 11 müňe golaý ulag ýerleşýär
25.01.2026 13:47
7.5k+

Hytaý dünýäde iň uly rolker gämisini suwa goýberdi. Oňa 11 müňe golaý ulag ýerleşýär

Hytaýyň Guangzhou Shipyard International (GSI) gämi gurluşyk zawody sygymy rekord derejedäki ýük daşaýan gämini suwa goýberdi. Gämi her saparda 10 800 awtoulagy daşamaga ukyply we Koreýanyň Hyundai awtoulag öndürijisi üçin guruldy
Getji UFC 324-de Pimblettden üstün çykyp, guramanyň wagtlaýyn çempiony boldy
25.01.2026 13:22
6.2k+

Getji UFC 324-de Pimblettden üstün çykyp, guramanyň wagtlaýyn çempiony boldy

25-nji ýanwarda irden Las-Wegasda (ABŞ) UFC 324 ýaryşy geçirildi. 2026-njy ýylda guramanyň ilkinji söweş agşamynyň esasy wakasy amerikaly Jastin Getji bilen britaniýaly Peddi Pimblettiň arasynda ýeňil agramda wagtlaýyn çempionlyk guşagy üçin söweş boldy
Crocs kompaniýasy Lego gurnamasynyň bölegi görnüşinde sabo aýakgaplaryny çykardy
25.01.2026 13:14
2.1k+

Crocs kompaniýasy Lego gurnamasynyň bölegi görnüşinde sabo aýakgaplaryny çykardy

Crocs we Lego kompaniýalary bilelikde konstruktor bölekleriniň ulaldylan görnüşinde taýýarlanan sabo aýakgaplaryny çykardy. Täze önüm çagalar we ulular üçin kolleksion aýakgap hökmünde satylýar diýip, Bloomberg habar berýär
iPhone Air Hytaýda satuwa çykandan bary-ýogy birnäçe aý soň 30%-e golaý arzanlady
25.01.2026 12:26
4k+

iPhone Air Hytaýda satuwa çykandan bary-ýogy birnäçe aý soň 30%-e golaý arzanlady

Meşhur insaýder Ice Universe Hytaý bazarynda iPhone Air smartfonynyň kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny habar berdi. Onuň maglumatlaryna görä, smartfonyň bahasy gysga wagtyň içinde ep-esli aşak düşdi. Bu bolsa enjama bolan islegiň pesdigini we satuwy höweslendirmegiň zerurdygyny görkezýär
"Google Photos" programmasynda şahsy suratlaryňdan mem döretmek üçin täze gural peýda boldy
25.01.2026 12:00
1.2k+

"Google Photos" programmasynda şahsy suratlaryňdan mem döretmek üçin täze gural peýda boldy

Google kompaniýasy "Google Photos" (Google Foto) serwisinde täze funksiýany işe girizdi. Android we iOS üçin niýetlenen mobil goşundysynda ulanyjynyň şahsy suratlarynyň esasynda memleri döretmäge mümkinçilik berýän "Me Meme" guraly peýda boldy
Serdar Berdimuhamedow Saýat etrabynda harby bölümleriň täze binalar toplumynyň açylyşyna gatnaşdy
25.01.2026 11:12
14k+

Serdar Berdimuhamedow Saýat etrabynda harby bölümleriň täze binalar toplumynyň açylyşyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatynyň Saýat etrabynda harby bölümleriň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Türkmenistanyň ilçisi Ankara Söwda-senagat edarasynyň başlygy bilen duşuşdy
25.01.2026 05:44
2.9k+

Türkmenistanyň ilçisi Ankara Söwda-senagat edarasynyň başlygy bilen duşuşdy

22-nji ýanwarda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçisi Mekan Işangulyýew Ankara Söwda-senagat edarasynyň başlygy Gürsel Baran bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär
Tbiliside türkmen-gruzin parlamentara gepleşiklerini ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
25.01.2026 05:29
1.4k+

Tbiliside türkmen-gruzin parlamentara gepleşiklerini ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

23-nji ýanwarda Gruziýanyň Parlamentinde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Parlamentiniň kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlygy, gruzin-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy D
Oguljahan Atabaýewa we ÝUNISEF-iň wekili çagalary goramak ugrundaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar
25.01.2026 05:17
4k+

Oguljahan Atabaýewa we ÝUNISEF-iň wekili çagalary goramak ugrundaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi
Jokowiç «Uly tuwulga» ýaryşlarynda 400 ýeňiş gazanan ilkinji tennisçi boldy
25.01.2026 02:55
1.8k+

Jokowiç «Uly tuwulga» ýaryşlarynda 400 ýeňiş gazanan ilkinji tennisçi boldy

Serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç taryhda «Uly tuwulga» ýaryşlarynyň ýekelikdäki bäsleşiginde 400 ýeňiş gazanan ilkinji türgen boldy. Bu rekord görkezijisi türgeniň Awstraliýanyň açyk çempionatynyň (Australian Open) dördünji tapgyryna çykmagy bilen hasaba alyndy
2025-nji ýylda dünýäde tas 92 million täze awtoulag satyldy
25.01.2026 02:50
6.4k+

2025-nji ýylda dünýäde tas 92 million täze awtoulag satyldy

2025-nji ýylda dünýäde täze ýeňil awtoulaglaryň satuwy geçen ýyl bilen deňeşdirilende artdy. GlobalData-nyň maglumatlaryna görä, 12 aýda 91,9 million awtoulag satyldy, bu bolsa 2024-nji ýyldaky görkezijiden 3,6% ýokarydyr
ABŞ-da boragan sebäpli 10 müňden gowrak uçuş ýatyryldy
25.01.2026 01:50
7.4k+

ABŞ-da boragan sebäpli 10 müňden gowrak uçuş ýatyryldy

ABŞ-da güýçli garly boragan sebäpli 10 müňden gowrak howa gatnawy ýatyryldy ýa-da saklandy. Bu barada «Fox News» telekanaly habar berýär. «Associated Press» agentliginiň maglumatyna görä, tupan ýurduň aglaba bölegini öz içine alar
Samsung Ýewropada gaýtadan dikeldilen Galaxy S25 smartfonlarynyň satuwyna başlady
24.01.2026 23:50
5.1k+

Samsung Ýewropada gaýtadan dikeldilen Galaxy S25 smartfonlarynyň satuwyna başlady

Samsung kompaniýasy Certified Re-Newed (CRN) maksatnamasyny Ýewropa çenli giňeltdi we Galaxy S25 seriýasynyň dikeldilen smartfonlaryny satyp başlady. Bu enjamlar eýýäm Germaniýada, Fransiýada we Beýik Britaniýada elýeterli
OpenAI ChatGPT-niň üsti bilen gazanç edenlerden göterim almak isleýär
24.01.2026 23:35
1.8k+

OpenAI ChatGPT-niň üsti bilen gazanç edenlerden göterim almak isleýär

OpenAI kompaniýasy özüniň girdeji modelini düýpli özgertmek barada pikirlenýär. Kompaniýanyň maliýe direktory (CFO) Sara Fraýaryň aýtmagyna görä, geljekde iri kompaniýalar diňe bir ChatGPT ulanandyklary üçin däl, eýsem şol tehnologiýanyň kömegi bilen gazanan peýdalaryndan hem göterim (roýalti) berip bilerler
Ýaponiýa iň uly atom elektrostansiýadaky reaktory işe girizenden soň ony gysga wagtda togtatdy
24.01.2026 19:26
11k+

Ýaponiýa iň uly atom elektrostansiýadaky reaktory işe girizenden soň ony gysga wagtda togtatdy

Ýaponiýanyň Niigata prefekturasynda ýerleşýän we dünýäde iň uly hasaplanýan «Kasiwadzaki-Kariwa» atom elektrik stansiýasynyň reaktory gaýtadan işe girizilenden birnäçe sagat soň ýene-de wagtlaýyn togtadyldy. Bu barada BBC neşiri elektrik stansiýanyň operatory Tokyo Electric Power Company (TEPCO) kompaniýasyna salgylanyp habar berýär
«Gara» ekranyň howpy: Hytaýda Toyota RAV4-iň täze nesli yzyna çagyrylýar
24.01.2026 19:08
5.8k+

«Gara» ekranyň howpy: Hytaýda Toyota RAV4-iň täze nesli yzyna çagyrylýar

Hytaýyň gözegçilik edaralary Toyota RAV4 krossowerleriniň täze neslini yzyna çagyrýarlar. Ulaglaryň yzyna gaýtarylmagyna hereketlendiriji işläp başlandan soň, merkezi multimediýa ulgamyndaky displeýde peýda bolýan näsazlyk sebäp bolupdyr
Maksat – çaknyşmazlyk: Starlink hemralary tas her sagat çaknyşykdan gaçyp-gutulmaly bolýar
24.01.2026 18:52
7k+

Maksat – çaknyşmazlyk: Starlink hemralary tas her sagat çaknyşykdan gaçyp-gutulmaly bolýar

SpaceX-iň ABŞ-nyň Federal aragatnaşyk komissiýasyna berlen hasabatyna görä, 2025-nji ýylyň iýun aýyndan noýabr aýyna çenli Starlink hemralary beýleki kosmos gämileri we galyndylary bilen çaknyşyklardan gaça durmak üçin 148,696 gezek aýlawly hereket etmäge mejbur boldular
Öňki basketbolçy Dennis Rodmanyň gyzy dünýäde iň köp gazanýan futbolçy boldy
24.01.2026 18:42
6.6k+

Öňki basketbolçy Dennis Rodmanyň gyzy dünýäde iň köp gazanýan futbolçy boldy

«Waşington Spirit» klubunyň we ABŞ-nyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Triniti Rodmanyň täze şertnamasy ony dünýäde iň köp gazanýan futbolça öwürdi. Bu barada ESPN habar berýär. 23 ýaşly futbolçy Milli zenan futbol ligasyndan (NWSL) «Waşington» bilen şertnamasyny üç ýyl, 2028-nji ýyla çenli uzaltdy
Windows 11-iň Paint programmasy indi emeli aň arkaly reňklemeli suratlary döredip bilýär
24.01.2026 17:13
1.6k+

Windows 11-iň Paint programmasy indi emeli aň arkaly reňklemeli suratlary döredip bilýär

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylary üçin «Notepad» we «Paint» programmalarynyň täze synag wersiýalaryny hödürledi. The Verge neşiriniň ýazmagyna görä, bu täzelikler häzirki wagtda «Windows Insider» maksatnamasyna gatnaşyjylar üçin elýeterlidir
Söweş ýatyryldy: UFC söweşijisi agram çekilenden soň dessine huşuny ýitirdi
24.01.2026 16:58
13k+

Söweş ýatyryldy: UFC söweşijisi agram çekilenden soň dessine huşuny ýitirdi

UFC-niň ýeňil agramdaky söweşijisi Kameron Smazerman agram çekilişikden soň, dessine huşuny ýitirdi. Netijede onuň söweşi ýatyryldy. 28 ýaşly amerikaly türgende agram çekilýän wagty hiç hili mesele ýok ýalydy. Emmä nämüçindir agramy 135,5 funt (61,5 kg) çykan söweşiji tereziniň ýanyndan birnäçe ädim daşlaşyp, ýykyldy
Laporta «Barselonanyň» prezident saýlawlarynyň senesini yglan etdi
24.01.2026 16:54
4.1k+

Laporta «Barselonanyň» prezident saýlawlarynyň senesini yglan etdi

15-nji martda «Barselona» futbol klubunyň prezident saýlawy geçiriler. Şeýle karar Kataloniýaly klubuň direktorlar geňeşiniň mejlisinden soň kabul edildi. Bu barada toparyň metbugat gullugy klubuň häzirki prezidenti Joan Laporta salgylanyp habar berdi
Mask Optimus-y 2027-nji ýylyň ahyryna çenli satyp başlamagy wada etdi we awtopilotyň bahasynyň ýokarlanjakdygyny duýdurdy
24.01.2026 16:42
2.8k+

Mask Optimus-y 2027-nji ýylyň ahyryna çenli satyp başlamagy wada etdi we awtopilotyň bahasynyň ýokarlanjakdygyny duýdurdy

Dawosdaky Bütindünýä ykdysady forumynda Ilon Mask Tesla-nyň 2027-nji ýylyň ahyryna çenli Optimus adampisint robotlaryny satyp başlamagy meýilleşdirýändigini yglan etdi. Şol bir wagtda ol, munuň haçan-da, kompaniýanyň robotlaryň ygtybarlylygyna, howpsuzlygyna we funksiýalarynyň ýeterlikdigine ynamly bolan ýagdaýynda boljakdygyny-da duýdurdy
Uelsdäki seýilgähiň aşagyndan gadymy Rim willasy tapyldy
24.01.2026 16:30
3.5k+

Uelsdäki seýilgähiň aşagyndan gadymy Rim willasy tapyldy

Arheologlar Uelsiň Margam şäherindäki boşan seýilgähiň aşagyndan eldegrilmedik gadymy Rim willasyny tapdylar. Popular Mechanics-iň habaryna görä, gözlegçiler üçin uzak wagtlap näbelli bolan bu  açyş rim-britan döwrüne degişlidir
Enaýyja, emma howply: EA arkaly döredilen haýwanlar tebigata bolan garaýşymyzy nädip üýtgedýär?
24.01.2026 16:19
7.5k+

Enaýyja, emma howply: EA arkaly döredilen haýwanlar tebigata bolan garaýşymyzy nädip üýtgedýär?

Emeli aň arkaly döredilen haýwanlaryň wideolary — batutda bökýän towşanlardan başlap, restoranda nahar edinýän pandalara çenli sosial mediada millionlarça tomaşa toplaýar. Bu wideolaryň köpüsi şeýle bir hakyky görünýär welin, olaryň ýasamadygyny-da aňşyrmak kyn
Günüň üstünden iň uly tegmiller toplumy ýitdi
24.01.2026 15:54
4k+

Günüň üstünden iň uly tegmiller toplumy ýitdi

Geçen ýyl Günde dörän tegmil toplumlarynyň arasynda iň ulusy «hiç zat galmazdan diýen ýaly» ýitdi. Bu barada RYA-nyň Kosmos gözlegleri institutynyň we Gün-Ýer fizikasy institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň metbugat gullugy habar berdi
Ekstremal sürüji Trewis Pastrana Bentley-niň ştab-kwartirasynda «Jimhana» şüweleňini gurady
24.01.2026 15:48
3.7k+

Ekstremal sürüji Trewis Pastrana Bentley-niň ştab-kwartirasynda «Jimhana» şüweleňini gurady

Bentley kompaniýasy brendiň taryhyndaky iň depginli gysga metražly film diýlip atlandyrylýan wideoşekili köpçülige hödürledi. Roligiň baş gahrymanlary — meşhur ekstremal sürüji, «Jimhana» seriýasyny esaslandyryjylaryň biri Trewis Pastrana hem-de ýaňy-ýakynda tanyşdyrylan kuwwatly Bentley Continental Supersports awtomobili boldy
Arina Sobolenko Gucci modalar öýüniň ilçisi boldy
24.01.2026 15:31
4.4k+

Arina Sobolenko Gucci modalar öýüniň ilçisi boldy

Dört gezek “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň çempiony we dünýäniň 1-nji belgili tennisçisi belarusly Arina Sobolenko Gucci italýan modalar öýüniň ilçisi boldy. Hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy barada brendiň metbugat gullugy sosial mediada habar berdi
TikTok-yň amerikan wersiýasy gutarnykly täze kompaniýanyň gözegçiligine geçdi
24.01.2026 15:31
3.2k+

TikTok-yň amerikan wersiýasy gutarnykly täze kompaniýanyň gözegçiligine geçdi

TikTok özüne ABŞ-da işlemegini dowam etdirmäge mümkinçilik berýän ylalaşygyň ýapylandygyny resmi taýdan yglan etdi. Bu onuň Amerikadaky işlerini Hytaýyň ByteDance kompaniýasyndan aýyrýandygyny aňladýar. TikTok-y gadagan etmek pikirini ilki Donald Tramp 2020-nji ýylda, birinji prezidentlik möhletinde öňe sürdi we başlangyç Jo Baýdeniň döwründe has-da güýçlendi
Ýewropa Bileleşigi Türkmenistana ekologiýa taslamalary üçin goşmaça €2 mln bölüp berýär
24.01.2026 15:14
6.6k+

Ýewropa Bileleşigi Türkmenistana ekologiýa taslamalary üçin goşmaça €2 mln bölüp berýär

Aşgabatdaky SPECA hepdeligi sebiti ösdürmek boýunça birnäçe möhüm çözgütleriň kabul edilmegi bilen tamamlandy. Hususan-da, «ÝB Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin» taslamasynyň utgaşdyryjy komitetiniň üçünji mejlisinde Brýusseliň ýurduň ekologiýa maksatnamalaryny giňeltmek üçin goşmaça 2 million ýewro bölüp berýändigi yglan edildi
Kosmos enjamlary wibrasiýany, ýeli we kosmonawtlaryň hereketini elektrik energiýa öwürmegi öwrener
24.01.2026 13:57
1.8k+

Kosmos enjamlary wibrasiýany, ýeli we kosmonawtlaryň hereketini elektrik energiýa öwürmegi öwrener

Halkara alymlar topary kosmos apparatlaryny we skafandrlary awtonom ýagdaýda energiýa bilen üpjün etmek üçin triboelektrik nanogeneratorlary (TENG) ulanmak konsepsiýasyny hödürledi. Bu barlag Luleo tehnologiýalar uniwersitetiniň, Halifa Uniwersitetiniň we Kembrij uniwersitetiniň alymlary tarapyndan taýýarlanyldy
Aktrisa Teýlor Rassel Dior moda öýüniň ilçisi boldy
24.01.2026 12:42
1.8k+

Aktrisa Teýlor Rassel Dior moda öýüniň ilçisi boldy

Dior moda öýi aktrisa Teýlor Rassel bilen hyzmatdaşlygy yglan etdi. Ol brendiň ilçisi boldy we döredijilik müdiri Jonatan Anderson tarapyndan hödürlenýän kolleksiýalary görkezer. Rassel eýýäm birnäçe möwsüm bäri Dior-yň moda görkezişlerine we Andersonyň taslamalaryna gatnaşýar
Günorta Koreýa dünýäde ilkinji bolup emeli aň boýunça tolplumlaýyn kanuny kabul etdi
24.01.2026 12:19
1.9k+

Günorta Koreýa dünýäde ilkinji bolup emeli aň boýunça tolplumlaýyn kanuny kabul etdi

Günorta Koreýa AI äleminde ilkinji toplumlaýyn «Emeli aňyň esasy kanunyny» kabul etdi. Bu barada The Wall Street Journal gazeti hökümetiň beýanatyna salgylanyp habar berdi. Kanun alty bölümden we 43 maddadan ybarat
Gulaklykmy ýa gulakhalka?: Sony gulak kanalyny ýapmaýan LinkBuds Clip nauşniklerini çykardy
24.01.2026 12:10
3.4k+

Gulaklykmy ýa gulakhalka?: Sony gulak kanalyny ýapmaýan LinkBuds Clip nauşniklerini çykardy

Sony doly simsiz, gulakhalka dizaýnly LinkBuds Clip nauşnigini tanyşdyrdy. Açyk görnüşli nauşnik gulak kanalyny ýapmaýar we uzak wagtlyk dakynanyňda-da birahatlyk döretmeýär. LinkBuds Clip gulaga jebis oturýar we daşyndan klips gulakhalka meňzeýär
Iliýana Ýotowa Bolgariýanyň Prezidenti wezipesinde ilkinji zenan maşgala boldy
24.01.2026 12:10
3.2k+

Iliýana Ýotowa Bolgariýanyň Prezidenti wezipesinde ilkinji zenan maşgala boldy

Bolgariýanyň Prezidenti wezipesini taryhda ilkinji gezek zenan maşgala eýeledi. Iliýana Ýotowa bu wezipede Rumen Radewi çalşyp, resmi taýdan wezipä girişdi. Bu barada Bolgariýanyň milli radiosy habar berýär. Ýurduň öňki Prezidenti Rumen Radew Bolgariýanyň çuň syýasy çökgünlikden çykmagyna ýardam etmek isleýändigini aýdyp, 19-njy ýanwarda wezipeden çekildi
Alymlar rekord derejeli ýylylyk geçirijiligi bolan metal döretdiler
24.01.2026 12:01
3.1k+

Alymlar rekord derejeli ýylylyk geçirijiligi bolan metal döretdiler

Los-Anjelesdäki Kaliforniýa uniwersitetiniň Samueli inženerçilik mekdebiniň alymlary teta fazasynda (θ-TaN) tantal nitridiniň ýylylyk geçirijiligi metr-kelwinde 1100 watta çenli bolan ýörite görnüşini sintez etdiler
Aýyň arka tarapyndan alnan nusgalarda näbelli material tapyldy
24.01.2026 11:58
3.5k+

Aýyň arka tarapyndan alnan nusgalarda näbelli material tapyldy

Aýyň arka tarapyndan alnan topragyň Ýere getirilen ilkinji nusgalary täze ylmy açyşlara sebäp boldy. South China Morning Post gazetiniň habaryna görä, hytaýly barlagçylar toprakdan diwarlary ýekeje atom galyňlygynda bolan örän inçe uglerod turbalaryny tapdylar
96 ýylda 9 damja damdy: dünýäniň iň uzak synagy dowam edýär
24.01.2026 11:53
9.4k+

96 ýylda 9 damja damdy: dünýäniň iň uzak synagy dowam edýär

Dünýäniň iň uzyn barlaghana tejribeleriniň biri Awstraliýada bir asyra golaý wagt bäri dowam edýär. Alymlar onda guýguçdan şepbik damyşyny synlaýarlar. Şepbik diýlip, süýnüjiligi ýokary bolan suwuklyga aýdylýar