Illýuminatory çat açan hytaý kosmos gämisi Ýere ekipažsyz gaýdyp geldi
21.01.2026 10:08
5.3k+

Illýuminatory çat açan hytaý kosmos gämisi Ýere ekipažsyz gaýdyp geldi

Hytaýyň «Şençžou-20» kosmos gämisi 2026-njy ýylyň 19-njy ýanwarynda Ýere ekipažsyz üstünlikli gaýdyp geldi – kapsula Içki Mongoliýanyň Dunfen sebitinde boş gondy. Bu barada South China Morning Post habar berýär
Microsoft: Ýer ýüzüniň her altynjy ýaşaýjysy emeli aňy ulanýar
21.01.2026 10:07
3k+

Microsoft: Ýer ýüzüniň her altynjy ýaşaýjysy emeli aňy ulanýar

2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda dünýäde emeli aňyň ýaýramagynyň täze derejesi hasaba alyndy: indi neýroulgamdan Ýer ýüzüniň ilatynyň 16,3%-i, ýagny her altynjy adam peýdalanýar. Şeýle maglumatlar Microsoft AI Economy Institute-yň hasabatynda getirilýär
Tunisli režissýor EA tarapyndan döredilen film üçin 1 mln dollar utdy
20.01.2026 23:33
4.3k+

Tunisli režissýor EA tarapyndan döredilen film üçin 1 mln dollar utdy

Tunisden Zubeýr Jlassi 1 Billion Followers Summit sammitinde dokuz minutlyk Lily filmi üçin AI Film Award baş baýragyny – 1 million dollar aldy diýip, Creapills habar berýär. Bäsleşik 2026-njy ýylyň 9 – 11-nji ýanwarynda Dubaýda geçirildi we wizual hatary döretmek üçin EA ulanylan ilkinji uly festiwal boldy
Ýokary derejeli kosmos tupany asmany ýiti polýar şöhlelenmeleri bilen boýady
20.01.2026 23:00
3.6k+

Ýokary derejeli kosmos tupany asmany ýiti polýar şöhlelenmeleri bilen boýady

Ýeriň golaýynda XXI asyryň iň güýçli radiasiýa tupanlarynyň biri hasaba alyndy. Günüň ýokary energiýaly bölejikleri – proton akymlary örän seýrek S4 derejesine ýetdi – bu soňky 20 ýyldan gowrak wagt bäri hasaba alynmadyk rekord derejedir diýip, Russiýanyň Ylymlar Akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasy habar berdi
Toyota Hiace soňky 13 ýylda iň uly täzelenmäni aldy
20.01.2026 22:45
12k+

Toyota Hiace soňky 13 ýylda iň uly täzelenmäni aldy

Toyota ýapon bazary üçin Hiace furgonynyň täzelenen görnüşini hödürledi. Onuň satuwy 2026-njy ýylyň 2-nji fewralynda başlar. Ýaponiýada modeliň häzirki nesli 2004-nji ýyldan bäri çykarylýar. Galan ýurtlarda Hiace-yň nesli 2019-njy ýylda üýtgedildi
Dubaý dünýäde iň uly onlaýn yşarat dili sapagyny gurnaýar
20.01.2026 14:35
8.1k+

Dubaý dünýäde iň uly onlaýn yşarat dili sapagyny gurnaýar

Dubaý dünýäde iň uly bitewi wirtual yşarat dili sapagyny geçirmek arkaly Ginnesiň täze dünýä rekordyny goýmagy meýilleşdirýär. Bu giň gerimli çäre 2026-njy ýylyň 21-nji ýanwaryna meýilleşdirilýär. Onuň howandary hökmünde Dubaý Jemgyýetçilik Ösüş Agentligi (CDA) çykyş edýär
Valentino moda öýüniň esaslandyryjysy Walentino Garawani 93 ýaşynda aradan çykdy
20.01.2026 14:32
8k+

Valentino moda öýüniň esaslandyryjysy Walentino Garawani 93 ýaşynda aradan çykdy

Italýan modelýeri, Valentino moda öýüniň esaslandyryjysy Walentino Garawani Rimde öýünde aradan çykdy. Bu barada 19-njy ýanwarda Corriere della Sera gazeti habar berdi. Ol 93 ýaşyndady. Walentino Garawani 1960-njy ýylda Jankarlo Jametti bilen bilelikde Valentino moda öýüni esaslandyrdy
5 metre çenli gar üýşmegi: Kamçatkada soňky 50 ýylda iň güýçli gar ýagdy
20.01.2026 14:13
17k+

5 metre çenli gar üýşmegi: Kamçatkada soňky 50 ýylda iň güýçli gar ýagdy

Russiýanyň Kamçatka ülkesiniň administratiw merkezinde, Petropawlowsk-Kamçatskiý şäherinde soňky bir ýarym aýda 50 ýyl bäri görülmedik adatdan daşary gar ýagdy diýip, sebit gidrometeorologiýa merkezine salgylanyp, «Kamçatka-Inform» habar berýär
Türkmenistanyň ýygyndysynyň iň gymmat futbolçysy Gyrgyzystanyň «Bars» klubuna geçdi
20.01.2026 14:02
21k+

Türkmenistanyň ýygyndysynyň iň gymmat futbolçysy Gyrgyzystanyň «Bars» klubuna geçdi

«Bars» gyrgyz futbol kluby Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň 25 ýaşly merkezi ýarym goragçysy Teýmur Çaryýewiň transferini resmi taýdan yglan etdi. «"Bars" futbol kluby türkmenistanly ýarym goragçy Teýmur Çaryýew bilen şertnama baglaşylandygyny şatlyk bilen habar berýär» diýlip, klubuň metbugat gullugynyň maglumatynda aýdylýar
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti sport iýmitini getirijileri saýlamak boýunça bäsleşik yglan etdi
20.01.2026 13:46
9.3k+

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti sport iýmitini getirijileri saýlamak boýunça bäsleşik yglan etdi

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti sport iýmitini we ýörite iýmit goşundylaryny degişli halkara guramanyň güwänamasy bolan öndürijilerden satyn alyp, olary ýurdumyza getirmek hyzmatlaryny ýerine ýetiriji ni saýlap almak boýunça bäsleşik yglan etdi
20-23-nji ýanwarda Aşgabatda SPECA hepdeligi geçirilýär
20.01.2026 13:41
2k+

20-23-nji ýanwarda Aşgabatda SPECA hepdeligi geçirilýär

20-23-nji ýanwar aralygynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeligi geçirilýär. Bu çäreler Türkmenistanyň 2025-nji ýylda maksatnama başlyklyk etmeginiň çäklerinde guralýar diýip, «Neýtralnyý Türkmenistan» gazeti belleýär
Arheologlar Omandan 7000 ýyl mundan ozal akula awlanandygynyň subutnamalaryny tapdylar
20.01.2026 13:31
6.2k+

Arheologlar Omandan 7000 ýyl mundan ozal akula awlanandygynyň subutnamalaryny tapdylar

Çeh Ylymlar Akademiýasynyň Arheologiýa institutynyň ýolbaşçylygyndaky halkara alymlar topary Omanda neolit döwründe yzygiderli akula awlanandygyny görkezýän arheologik toplumy açdylar. Wadi Nafun jülgesinde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda, takmynan 7000 ýyl mundan ozal döredilen umumy megalitik mazaryň üstünden baryldy
24-nji ýanwarda Aşgabatda hukuk meseleleri boýunça raýatlar kabul ediler
20.01.2026 13:24
3k+

24-nji ýanwarda Aşgabatda hukuk meseleleri boýunça raýatlar kabul ediler

24-nji ýanwarda Aşgabatda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler. Jemgyýetçilik kabul edişligine Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleriniň we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzasy gatnaşar
Germaniýada benzinde işleýän Toyota we Lexus-larda hereketlendirijini uzakdan otlamak funksiýasy ýatyryldy
20.01.2026 13:20
10k+

Germaniýada benzinde işleýän Toyota we Lexus-larda hereketlendirijini uzakdan otlamak funksiýasy ýatyryldy

Germaniýada Toyota we Lexus markalarynyň mobil goşundylarynda hereketlendirijini uzak aralykdan otlamak funksiýasy öçürildi. Bu çäklendirme diňe benzin bilen işleýän awtoulaglara degişli bolup, Bild neşiriniň habaryna görä, üýtgeşme müňlerçe ulag eýesine täsir etdi
Türkmenistanda zenanlaryň arasynda döredijilik bäsleşigi yglan edildi
20.01.2026 12:53
2.4k+

Türkmenistanda zenanlaryň arasynda döredijilik bäsleşigi yglan edildi

«Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi bilen bilelikde ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan zenanlarynyň arasynda «Zenan — Zeminiň zynaty» atly bäsleşigi yglan etdi
Aşgabatda çekeleşikli ýagdaýda küşt boýunça Türkmenistanyň çempionaty - I liga geçirilýär
20.01.2026 12:09
3.9k+

Aşgabatda çekeleşikli ýagdaýda küşt boýunça Türkmenistanyň çempionaty - I liga geçirilýär

18—24-nji ýanwar aralygynda Aşgabat şäheriniň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde küşt boýunça Türkmenistanyň çempionaty — I liga geçirilýär. Çempionata 81 küştçi gatnaşýar, şol sanda 27-si — gyzlaryň arasynda, 54-si — açyk derejede
Aşgabatda suratkeş Berdiguly Amansähedowyň «Gum aýdymlary» atly sergisi görkezilýär
20.01.2026 12:03
6.2k+

Aşgabatda suratkeş Berdiguly Amansähedowyň «Gum aýdymlary» atly sergisi görkezilýär

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň sergi zalynda ussat suratkeş Berdiguly Amansähedowyň 75 ýyllygyna bagyşlanan «Gum aýdymlary» atly giň gerimli sergi açyldy. Tomaşaçylara 110-dan gowrak özboluşly eseri hödürleýän bu sergi  suratkeşiň medeniýetleriň dialogyna goşan halkara goşandynyň ykrarynyň görnükli mysaly boldy
Dohanyň Ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň wekilleri Türkmenistana geler
20.01.2026 11:59
1.7k+

Dohanyň Ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň wekilleri Türkmenistana geler

19-njy ýanwarda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow Kataryň Doha Ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň rektory Salem Al Nuaimi bilen dusuşyk geçirdi. Duşuşygyň başynda ilçi Türkmenistanda
Dünýäniň iň köp hak alýan türgenleri: Ronaldu Messiden iki esse köp gazanýar
20.01.2026 11:54
13k+

Dünýäniň iň köp hak alýan türgenleri: Ronaldu Messiden iki esse köp gazanýar

Sportico neşiri 2025-nji ýylda dünýäniň iň köp girdeji gazanan on türgeniniň reýtingini hödürledi. Sanawda birinji orny ýene-de Kriştianu Ronaldu eýeledi. Portugaliýaly futbolçy bir ýyl ozalky görkezijiler ($260 mln) bilen öňdebaryjylygy saklady
Hakyky ululygyndaky şäher: Minecraft-da Nýu-Ýorkuň takyk nusgasy gurulýar
20.01.2026 11:53
4.4k+

Hakyky ululygyndaky şäher: Minecraft-da Nýu-Ýorkuň takyk nusgasy gurulýar

Build The Earth taslamasyndan höwesjeňler eýýäm bäş ýyl bäri Minecraft oýnunda 1:1 ölçegde Nýu-Ýorkuň nusgasyny döretmek bilen meşgullanýar. Häzire çenli edilen işler barada wideoda taslamanyň ýolbaşçysy, YouTube blogeri MineFact gürrüň berdi
Hytaýyň ýokary okuw mepdepleri Garwardy iň gowy uniwersitetleriň reýtinginde üçünji orna düşürdi
20.01.2026 11:44
4.9k+

Hytaýyň ýokary okuw mepdepleri Garwardy iň gowy uniwersitetleriň reýtinginde üçünji orna düşürdi

Hytaýyň birbada sekiz uniwersiteti her ýyl Niderlandlarda Leýden uniwersiteti tarapyndan düzülýän dünýäniň on sany iň gowy ýokary okuw mekdebiniň sanawyna girdi. Täze reýtingde birinji orny Hançžoudaky Çžeszýan uniwersiteti eýeledi
Honda garaža sygýan dört adamlyk futuristik kemperini tanyşdyrdy
20.01.2026 11:41
5.4k+

Honda garaža sygýan dört adamlyk futuristik kemperini tanyşdyrdy

Honda kompaniýasy dört adama niýetlenen, geljegiň dizaýnyny ýatladýan Base Station atly kemperini (syýahat tirkegini) köpçülige hödürledi. Esasy aýratynlyklary we dizaýny: Garaža sygyjylyk: Kemperiň ölçegleri ony standart garažda arkaýyn saklamaga mümkinçilik berýär
Le Monde: Janni Infantinonyň FIFA-daky aýlygy 10 ýylda dört esse artdy
20.01.2026 11:02
5.8k+

Le Monde: Janni Infantinonyň FIFA-daky aýlygy 10 ýylda dört esse artdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantinonyň bu wezipede işlän döwründe alýan girdejisi dört esse ýokarlandy. Bu barada Fransiýanyň meşhur Le Monde neşiri habar berýär. Gazetiň berýän maglumatlaryna görä, futbol wekiliniň girdejisi ýyllar boýy şu görnüşde üýtgedi: 2016-njy ýyl: 1,28 million ýewro (Prezidentlik wezipesine saýlanan ilkinji ýyly)
Stokgolmda Nobel merkezi gurlar
20.01.2026 10:59
2.8k+

Stokgolmda Nobel merkezi gurlar

Stokgolmda Nobel merkeziniň gurluşygy meýilleşdirilýär. Taslama Germaniýanyň David Chipperfield Architects binagärlik studiýasy tarapyndan Şwesiýanyň Sweco Architects kompaniýasy bilen bilelikde işlenip taýýarlandy
Raşid Meredow Awstriýanyň federal ministri bilen sanly ulgam arkaly duşuşyk geçirdi
19.01.2026 23:42
1.7k+

Raşid Meredow Awstriýanyň federal ministri bilen sanly ulgam arkaly duşuşyk geçirdi

19-njy ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow bilen Awstriýanyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Beate Maýnl-Raýzingeriň arasynda sanly ulgam arkaly duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi
19.01.2026 23:11
7.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

Şu gün, 19-njy ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy
Ýewropa kinoakademiýasy ýylyň iň gowy filmini atlandyrdy
19.01.2026 23:07
6.4k+

Ýewropa kinoakademiýasy ýylyň iň gowy filmini atlandyrdy

Režissýor Ýoakim Trieriň «Duýgy gymmatlygy» (Сентиментальная ценность) dramasy «Iň gowy film» kategoriýasynda Ýewropa kinoakademiýasynyň baýragyny aldy. Dabara Berlindäki Dünýä medeniýetleriniň öýünde geçirildi
«Marti Beýik» ABŞ-da A24 studiýasynyň iň köp girdeji gazanan filmi boldy
19.01.2026 23:03
2.8k+

«Marti Beýik» ABŞ-da A24 studiýasynyň iň köp girdeji gazanan filmi boldy

«Marti Beýik» (Марти Великолепный) filminiň amerikan prokatynda kassa ýygymy 80 mln dollara ýetdi. Bu hem ony ABŞ-nyň kinoteatrlarynda A24 studiýasynyň iň köp girdeji gazanan taslamasyna öwürdi. Ozal kompaniýanyň filmleriniň arasynda birinji orny 2021-nji ýylda çykan «Hemme zat hemme ýerde we birbada» filmi eýeleýärdi
Threads-yň auditoriýasy 320 mln ulanyjydan geçip, X-iň görkezijilerinden ýokary boldy
19.01.2026 22:57
1.4k+

Threads-yň auditoriýasy 320 mln ulanyjydan geçip, X-iň görkezijilerinden ýokary boldy

Threads sosial ulgamlaryň bazarynda orunlaryň paýlanyşyny sessiz we ynamly üýtgedip başlady. 2026-njy ýylyň ýanwaryna çenli Meta-nyň platformasynyň auditoriýasy 320 mln işjeň ulanyjydan geçdi – bary-ýogy bir aýda ösüş 30 mln ulanyjydan gowrak boldy
Antonio Banderas we Denni Treho «Armadillo Ýunaýted» futbol dramasyna gatnaşar
19.01.2026 22:55
2.5k+

Antonio Banderas we Denni Treho «Armadillo Ýunaýted» futbol dramasyna gatnaşar

Troublemaker amerikan studiýasy «Armadillo Ýunaýted» sport filmini döretmäge girişdi diýip, Variety habar berýär. Taslamada baş keşpleri aktýorlar Antonio Banderas («13-nji söweşiji», «Ýaşaýan derim») we Denni Treho («Gün ýaşandan daň atýança») ýerine ýetirer
Etihad dünýäniň iň ygtybarly awiakompaniýalarynyň sanawynda birinji orny eýeledi
19.01.2026 22:54
4.3k+

Etihad dünýäniň iň ygtybarly awiakompaniýalarynyň sanawynda birinji orny eýeledi

AirlineRatings.com portaly dünýäniň iň ygtybarly 25 awiakompaniýasyndan ybarat sanawy hödürledi. Şu ýyl reýtingde birinji orny Ýakyn Gündogaryň Etihad Airways awiagatnadyjysy eýeledi. Portalyň hünärmenleri uçar flotunyň ýaşyny, uçarmanlaryň hünär derejesini we turbulentligiň öňüni alyş ulgamlaryň ornaşdyrylmagyny göz öňünde tutup, 320 awiakompaniýanyň işini seljerdi
Türkmenistanyň biržasynda geçen hepdede jemi bahasy 10 mln dollara golaý bolan geleşikler baglaşyldy
19.01.2026 22:50
2k+

Türkmenistanyň biržasynda geçen hepdede jemi bahasy 10 mln dollara golaý bolan geleşikler baglaşyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 898 müň dollaryndan gowrak geleşikleriň 32-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň we Ukrainanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar
Senegalda Afrikanyň Kubogyndaky ýeňişden soň dynç güni yglan edildi
19.01.2026 22:13
5.9k+

Senegalda Afrikanyň Kubogyndaky ýeňişden soň dynç güni yglan edildi

Senegalyň Prezidenti Bassiru Diomaýe Faýe duşenbe gününi (19-njy ýanwar) tölegli dynç güni diýip yglan etdi. Çözgüt Senegalyň Afrika milletleriniň kubogynyň finalynda ýeňiş gazanmagy bilen baglanyşykly boldy diýip, RTS 1 teleýaýlymy habar berdi
Biznes çykdajylaryny nädip azaltmaly we satyn alşy nädip çaltlandyrmaly: ALSAT.com.tm-de 5 peýdaly mümkinçilik (23 000+ haryt)
19.01.2026 16:16
13k+

Biznes çykdajylaryny nädip azaltmaly we satyn alşy nädip çaltlandyrmaly: ALSAT.com.tm-de 5 peýdaly mümkinçilik (23 000+ haryt)

Üpjün edijileri gözlemek üçin näçe wagtyňyz gidýär?
  Soňky pursatda gyssagly satyn alyşlar, nädogry haryt, üstesine-de logistika… näçe pul gidýär? Gysgaça aýtsak: gaty köp.
 Dogrusy: şeýle işlemek indi hiç kime ýaramaýar
20-nji ýanwarda Ýerde güýçli magnit tupanlarynyň bolmagyna garaşylýar
19.01.2026 15:18
8.6k+

20-nji ýanwarda Ýerde güýçli magnit tupanlarynyň bolmagyna garaşylýar

20-nji ýanwarda, sişenbe güni, Ýerde G3 we G4 derejeli magnit tupanlarynyň bolmagyna garaşylýar. Bu barada Russiýanyň Ylymlar Akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasy habar berdi
Afrikanyň Kubogy – 2026 ýaryşynyň indiwidual baýraklarynyň eýeleri yglan edildi
19.01.2026 15:16
5.8k+

Afrikanyň Kubogy – 2026 ýaryşynyň indiwidual baýraklarynyň eýeleri yglan edildi

Marokkoda 2026-njy ýylyň Afrika milletleriniň kubogy ýaryşy tamamlandy. Senegalyň milli ýygyndysy öz taryhynda ikinji gezek ýaryşyň ýeňijisi boldy. Ýaryşyň netijesi boýunça Halkara futbol federasiýasy (FIFA) has tapawutlanan oýunçylara aýratyn baýraklary gowşurdy
Jennifer Konnelli Louis Vuitton-nyň mahabat kampaniýasynyň täze ýüzi boldy
19.01.2026 15:12
6k+

Jennifer Konnelli Louis Vuitton-nyň mahabat kampaniýasynyň täze ýüzi boldy

Amerikaly aktrisa Jennifer Konnelli 2014-nji ýyldan bäri Louis Vuitton brendiniň ýüzi bolup gelýär. Aktrisanyň brendiň zenan eşikleri liniýasynyň döredijilik direktory Nikolas Žeskýer bilen hyzmatdaşlygy onuň Balenciaga-da işlän döwründen başlanýar
Adamyň ýüz hereketlerini gaýtalaýan robot döredildi
19.01.2026 15:08
3.5k+

Adamyň ýüz hereketlerini gaýtalaýan robot döredildi

Täze robot söhbetdeşiniň ýüz keşbiniň nähili boljakdygyny öňünden duýýar we 11 dilde dodak hereketlerini gaýtalaýar. Kolumbiýa uniwersitetiniň alymlary robotlara adamyň başdan geçirip duran ýagdaýyndaky dodak we ýüz hereketlerini sinhronlaşdyrmaga mümkinçilik berýän tehnologiýany hödürlediler
Türkmenistan Frankfurtda geçirilen Heimtextil 2026 öý tekstili sergisine gatnaşdy
19.01.2026 15:02
2.8k+

Türkmenistan Frankfurtda geçirilen Heimtextil 2026 öý tekstili sergisine gatnaşdy

Türkmenistan Germaniýanyň Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde ýerleşýän «Messe Frankfurt» halkara sergi merkezinde öý tekstili üçin dünýäniň iň ähmiýetli sergilerinden biri bolan «Heimtextil 2026» sergisine gatnaşdy
Norwegiýada nepis nagyşly we gök daşly orta asyr ýüzügi tapyldy
19.01.2026 14:57
4.9k+

Norwegiýada nepis nagyşly we gök daşly orta asyr ýüzügi tapyldy

Norwegiýanyň Týonsberg şäherinde arheologlar 800 ýyldan gowrak taryhy bolan altyn ýüzügi tapdylar. Inçe filigran nagyşly we gök öwüsýän daşly bu şaý-sep, asyrlar boýy toprak astynda ýatandygyna garamazdan, asla zaýalanman diýen ýaly saklanypdyr