Adamyň ýüz hereketlerini gaýtalaýan robot döredildi
19.01.2026 15:08
3.5k+

Adamyň ýüz hereketlerini gaýtalaýan robot döredildi

Täze robot söhbetdeşiniň ýüz keşbiniň nähili boljakdygyny öňünden duýýar we 11 dilde dodak hereketlerini gaýtalaýar. Kolumbiýa uniwersitetiniň alymlary robotlara adamyň başdan geçirip duran ýagdaýyndaky dodak we ýüz hereketlerini sinhronlaşdyrmaga mümkinçilik berýän tehnologiýany hödürlediler
Türkmenistan Frankfurtda geçirilen Heimtextil 2026 öý tekstili sergisine gatnaşdy
19.01.2026 15:02
2.8k+

Türkmenistan Frankfurtda geçirilen Heimtextil 2026 öý tekstili sergisine gatnaşdy

Türkmenistan Germaniýanyň Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde ýerleşýän «Messe Frankfurt» halkara sergi merkezinde öý tekstili üçin dünýäniň iň ähmiýetli sergilerinden biri bolan «Heimtextil 2026» sergisine gatnaşdy
Norwegiýada nepis nagyşly we gök daşly orta asyr ýüzügi tapyldy
19.01.2026 14:57
4.9k+

Norwegiýada nepis nagyşly we gök daşly orta asyr ýüzügi tapyldy

Norwegiýanyň Týonsberg şäherinde arheologlar 800 ýyldan gowrak taryhy bolan altyn ýüzügi tapdylar. Inçe filigran nagyşly we gök öwüsýän daşly bu şaý-sep, asyrlar boýy toprak astynda ýatandygyna garamazdan, asla zaýalanman diýen ýaly saklanypdyr
SpaceX kompaniýasy Falcon raketasynyň 600-nji uçuşyny amala aşyrdy: ol gizlin missiýa boldy
19.01.2026 14:47
2.8k+

SpaceX kompaniýasy Falcon raketasynyň 600-nji uçuşyny amala aşyrdy: ol gizlin missiýa boldy

SpaceX kompaniýasy NROL-105 missiýasynyň uçuşyny amala aşyrdy. Ol Falcon maşgalasyna degişli raketanyň 600-nji uçuşy boldy. Uçuş ýerli wagt bilen 16-njy ýanwarda agşam geçirildi. Bu 2026-njy ýylda SpaceX-iň ýedinji missiýasy we şu ýylda ABŞ-nyň milli howpsuzlygynyň bähbitleri üçin amala aşyrylan ilkinji uçuryş boldy
Google 55 dile terjime etmek üçin açyk TranslateGemma EA modellerini hödürledi
19.01.2026 14:44
1.2k+

Google 55 dile terjime etmek üçin açyk TranslateGemma EA modellerini hödürledi

Google 55 dile terjime etmek üçin açyk EA modelleriniň toplumyny – TranslateGemma-ny hödürledi. Ol ykjam gurluşlarda, noutbuklarda we bulut serwerlerinde internete birikmezden işleýär. Hatara modeliň üç wersiýasy girdi: 4 mlrd parametrli görnüş smartfonlar we ykjam gurluşlar, 12 mlrd parametrli model sarp ediji noutbuklary üçin niýetlenýär
Alymlar bedeniň garramaga başlaýan takyk ýaşyny anykladylar
19.01.2026 14:39
13k+

Alymlar bedeniň garramaga başlaýan takyk ýaşyny anykladylar

Finlýandiýaly we şwesiýaly alymlar durmuş ýörelgesiniň saglyga iň güýçli täsir edýän döwrüni we garramanyň ilkinji alamatlarynyň haçan ýüze çykýandygyny öwrendiler. Finlýandiýada geçirilen barlaglar bedeniň 36-46 ýaş aralygynda has duýgur bolýandygyny görkezdi
Gresiýada altyn we gymmatbaha zatlardan doly gadymy ybadathananyň gazuw-agtaryş işleri dowam edýär
19.01.2026 14:19
4.4k+

Gresiýada altyn we gymmatbaha zatlardan doly gadymy ybadathananyň gazuw-agtaryş işleri dowam edýär

Gresiýanyň Ewiýa adasynda arheologik gazuw-agtaryş işleri dowam edýär. 2023-nji ýylda ol ýerden biziň eýýamymyzdan öňki VII asyra degişli ybadathana tapyldy. Gresiýanyň Medeniýet ministrligi arheologlaryň şondan
Amazon "Fallout" oýny boýunça realiti-şou çykarar: gatnaşyjylar "ummasyz pul baýragy" üçin bunkerde diri galmaga synanyşmaly
19.01.2026 14:13
1.9k+

Amazon "Fallout" oýny boýunça realiti-şou çykarar: gatnaşyjylar "ummasyz pul baýragy" üçin bunkerde diri galmaga synanyşmaly

Amazon kompaniýasy adybir oýun esasynda Fallout Shelter realiti-şüweleňiniň başlanjakdygyny yglan etdi. Korporasiýa ýeňijä ýa-da ýeňijilere "uly möçberde pul baýragyny" wada berýär. Gatnaşyjylar ýerasty gaçybatalgada
«Eýforiýa» serialynyň 3-nji möwsüminiň treýleri HBO rekordyny goýdy
19.01.2026 12:54
1.9k+

«Eýforiýa» serialynyň 3-nji möwsüminiň treýleri HBO rekordyny goýdy

«Eýforiýa» serialynyň üçünji möwsüminiň ilkinji treýleri çykandan soňky ilkinji 48 sagadyň dowamynda 100 milliona golaý tomaşaçy toplady. Bu hakda Warner Bros. Discovery kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanýan Deadline habar berýär
«Arkadag» – «Al-Nasr» futbol klublarynyň duşuşygynyň biletleri satylyp başlandy
19.01.2026 11:49
26k+

«Arkadag» – «Al-Nasr» futbol klublarynyň duşuşygynyň biletleri satylyp başlandy

Aşgabat şäheriniň häkimligi Türkmenistanyň «Arkadag» futbol kluby bilen Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparynyň arasynda AFC-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň ilkinji duşuşygyna biletleriň onlaýn satuwyny ýola goýdy
Türkmen milli senenamasy boýunça uly çille tamamlanyp, kiçi çille başlady
19.01.2026 11:09
9.2k+

Türkmen milli senenamasy boýunça uly çille tamamlanyp, kiçi çille başlady

18-nji ýanwarda uly çille öz ornuny kiçi çillä berdi. Bu möwsüm 7-nji fewrala çenli dowam eder. «Gaharjaň», «keçjal» diýen atlary alan kiçi çille bu ýyl hem özüniň gar-ýagşy bilen geldi. Ýakyn günleriň howa maglumatlary muňa şaýatlyk edýär
«Haýwanlar şäheri 2» $1,7 mlrd ýygnap, Golliwudyň iň girdejili multfilmi boldy
19.01.2026 10:59
2.9k+

«Haýwanlar şäheri 2» $1,7 mlrd ýygnap, Golliwudyň iň girdejili multfilmi boldy

«Haýwanlar şäheri 2» multfilminiň dünýädäki kassa ýygymy 1,7 mlrd dollara ýetdi, bu hem ony Golliwudyň taryhynda iň üstünlikli animasion taslama öwürdi. Multfilm bu görkezijini iki aý prokatyň dowamynda gazandy diýip, Variety habar berýär
Mask OpenAI bilen Microsoft-dan özüne 134 mlrd dollara çenli tölemegi talap edýär
19.01.2026 10:46
4.4k+

Mask OpenAI bilen Microsoft-dan özüne 134 mlrd dollara çenli tölemegi talap edýär

SpaceX we Tesla kompaniýalarynyň esaslandyryjysy Ilon Mask OpenAI we Microsoft kompaniýalaryna garşy şikaýat arzasyny berip, özüne öwez tölegi hökmünde 79 mlrd dollardan 134 mlrd dollara çenli tölemegi talap etdi
Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: gar gatyşykly ýagyş dowam eder
19.01.2026 07:10
12k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: gar gatyşykly ýagyş dowam eder

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda gar gatyşykly ýagyş ýagar
Senegal dawaly finalda Marokkony utup, Afrikanyň Kubogyny gazandy
19.01.2026 07:06
7k+

Senegal dawaly finalda Marokkony utup, Afrikanyň Kubogyny gazandy

Senegalyň milli ýygyndysy öz taryhynda ikinji gezek Afrika milletleriniň kubogyny aldy. Marokko toparyna garşy final oýny Rabat şäherinde geçirildi we Senegalyň goşmaça wagtda ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy. Oýnuň esasy wagty 0:0 hasabynda gutardy
Samsung ähli ulanyjylary üçin Windows brauzeriniň beta wersiýasyny açýar
18.01.2026 23:38
2.6k+

Samsung ähli ulanyjylary üçin Windows brauzeriniň beta wersiýasyny açýar

Samsung ähli Windows ulanyjylary üçin Samsung Internet brauzeriniň beta wersiýasyny açdy. Mundan ozal bu mümkinçiligi ulanmaga diňe Günorta Koreýanyň we ABŞ-nyň Samsung işläp düzüji hasaby bolan ýaşaýjylary synanyşyp bilýärdiler
Hytaýda ilkinji gezek Huawei awtopilotly uzyn Audi A6L görkezildi
18.01.2026 23:32
5.4k+

Hytaýda ilkinji gezek Huawei awtopilotly uzyn Audi A6L görkezildi

Täzelenen Audi A6L sedany Hytaýda resmi taýdan tanyşdyryldy. Ol täze platforma, intellektual dolandyryş ulgamy we täzelenen hereketlendiriji düzümi bilen tapawutlanýar. Tehniki aýratynlyklar modeliň ilkinji görkezilişinde yglan edildi
Dewid Finçer «Kliff Butuň başdan geçirmeleri» filminiň surata düşürilişini tamamlady
18.01.2026 23:11
2.4k+

Dewid Finçer «Kliff Butuň başdan geçirmeleri» filminiň surata düşürilişini tamamlady

Kino muşdaklarynyň sabyrsyzlyk bilen garaşýan «Kliff Butuň başdan geçirmeleri» (The Adventures of Cliff Booth) filminiň surata düşüriliş işleri resmi taýdan tamamlandy. Kwentin Tarantinonyň «Bir gezek... Golliwudda» filminiň dowamy bolan bu täze taslama şu ýylyň tomsunda Netflix platformasynda tomaşaçylara hödürlener
Mazda Ýewropada MX-30 R-EV awtoulagynyň satuwyny bes etdi
18.01.2026 20:16
2.5k+

Mazda Ýewropada MX-30 R-EV awtoulagynyň satuwyny bes etdi

Mazda Ýewropa bazarynda MX-30 R-EV awtoulagynyň satuwyny resmi taýdan bes etdi. Awtoulagyň doly elektrik nusgasy satuwdan öň aýrylypdy. Indi bolsa iki ýyl mundan ozal hödürlenen rotor ýangyç generatorly nusgasy hem sebitden çykýar
76-njy Berlin kinofestiwalynyň açylyş filmi mälim edildi
18.01.2026 20:13
2.8k+

76-njy Berlin kinofestiwalynyň açylyş filmi mälim edildi

76-njy Berlin halkara kinofestiwaly owgan režissýory Şarbanu Sadat tarapyndan surata düşürilen «No Good Men» («Adamlaryň gowusy ýok») atly romantiki komediýasy bilen açylar. Bu barada festiwalyň dolandyryşyna salgylanýan Variety neşiri habar berýär
ChatGPT-iň mugt wersiýasynda mahabat goýlup başlanar
18.01.2026 20:08
2.3k+

ChatGPT-iň mugt wersiýasynda mahabat goýlup başlanar

OpenAI kompaniýasy ýakyn wagtda ChatGPT platformasynyň mugt ulanyjylary üçin synag tertibinde mahabatlary ýerleşdirip başlar. Mahabatlar esasy mugt wersiýada we "Go" nusgasynda, ulanyjynyň sowallaryna berilýän jogaplaryň ýanynda görkeziler
Hytaý bir günüň içinde iki sany kosmos raketasyny ýitirdi
18.01.2026 20:02
6.1k+

Hytaý bir günüň içinde iki sany kosmos raketasyny ýitirdi

Hytaýyň kosmos maksatnamasy üçin garaşylmadyk şowsuz gün boldy. Bir günüň dowamynda ýurduň iki sany raketa göterijisi heläkçilige uçrady. Bu barada Hytaýyň esasy habarlar serişdeleri bolan «Sinhua» we «China Daily» agentlikleri habar berýärler
«Pitt hassahanasy» serialynyň 2-nji möwsümi rekord görkezijiler bilen başlady: 5,4 mln tomaşaçy
18.01.2026 19:55
3.3k+

«Pitt hassahanasy» serialynyň 2-nji möwsümi rekord görkezijiler bilen başlady: 5,4 mln tomaşaçy

«Pitt hassahanasy» (Pitt Hospital) serialynyň ikinji möwsümi ABŞ-da uly gyzyklanma bilen garşylandy. Täze möwsümiň ilkinji bölümini 5,4 million tomaşaçy gördi, bu bolsa birinji möwsümiň başlangyç görkezijisinden 200% ýokarydyr
Microsoft, Meta we Amazon kompaniýalary Wikipedia-ny ulanýandyklary üçin tölemäge razy boldular
18.01.2026 19:47
2.3k+

Microsoft, Meta we Amazon kompaniýalary Wikipedia-ny ulanýandyklary üçin tölemäge razy boldular

Microsoft, Meta, Amazon, Perplexity we Mistral AI kompaniýalary Google-yň göreldesine eýerdiler. Olar Wikipedianyň kontentlerini we maglumatlaryny ulanmak üçin Wikimedia gaznasyna  («Фонду Викимедиа») töleg tölemäge razy boldular
Grenland akulalary tümlükde ýüz ýyllap görüp bilýärler
18.01.2026 19:40
6.9k+

Grenland akulalary tümlükde ýüz ýyllap görüp bilýärler

Alymlar adaty bolmadyk açyşa haýran galdylar. Ýer ýüzündäki iň uzak ýaşaýan oňurgaly haýwanlaryň biri bolan grenland akulalarynyň 100 ýyllap garaňkylykda görüp bilýändikleri belli boldy. Öňler bu çuň deňiz akulalarynyň hemişelik tümlük hem gözlerindäki parazitler zerarly görüjilik ukyby pes diýlip pikir edilýärdi
Alymlar ýokary gan basyşy beýni sütüniniň işleýşi bilen baglanyşdyrýarlar
18.01.2026 19:37
4.6k+

Alymlar ýokary gan basyşy beýni sütüniniň işleýşi bilen baglanyşdyrýarlar

Alymlar beýni sütüniniň bir böleginiň ýokary gan basyşa we gipertoniýanyň güýçlenmegine täsir edip biljekdigini anykladylar. Munda gürrüň bedendäki awtomatik proseslere jogapkär bolan nerw toplumynyň lateral parafasial sebiti (LPA) hakynda barýar diýip, Daily Mail habar berýär
Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI we Microsoft kompaniýalaryna garşy şikaýatyna aprel aýynda sereder
18.01.2026 16:13
6.7k+

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI we Microsoft kompaniýalaryna garşy şikaýatyna aprel aýynda sereder

Kaliforniýanyň Oklend şäheriniň federal kazysy OpenAI we Microsoft kompaniýalarynyň Ilon Maskyň talap arzasyny ýatyrmak baradaky soňky synanyşygyny ret etdi. Bu karar kazyýet mejlisiniň başlanmagyna ýol açdy. Deslapky meýilnama boýunça, kazyýet işi 27-nji aprelde başlanmaly
Alymlar 2 mln ýyl ozal ýaşan «başarnykly adamy» doly suratlandyryp bildi
18.01.2026 16:06
5.8k+

Alymlar 2 mln ýyl ozal ýaşan «başarnykly adamy» doly suratlandyryp bildi

Paleoantropologlar Homo habilis-iň (başarnykly adam) iň doly skeleti barada gürrüň berdi. Homo urugynyň iň irki wekilleriniň biri bolan bu görnüş 2 million ýyldan gowrak ozal ýaşapdyr. Ol awstralopitekler bilen adamlaryň has giçki ata-babalarynyň – Homo erectus-yň (göni ýöreýän adam) anatomiki aýratynlyklaryny özünde birleşdiripdir
DÇ-2026 üçin petek utuşyna ýarym milliard adam gatnaşar
18.01.2026 16:02
6.4k+

DÇ-2026 üçin petek utuşyna ýarym milliard adam gatnaşar

Janköýerler 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna petek satyn almak üçin Random Selection Draw tapgyrynyň çäklerinde 500 milliondan gowrak arza tabşyrdy. Arzalary kabul ediş möhleti 2025-nji ýylyň 11-nji dekabryndan 2026-njy ýylyň 13-nji ýanwaryna çenli dowam etdi
OpenAI mugt ChatGPT Translate emeli aň terjimeçisini işe girizdi
18.01.2026 15:59
1.5k+

OpenAI mugt ChatGPT Translate emeli aň terjimeçisini işe girizdi

OpenAI kompaniýasy täze ChatGPT Translate hyzmatyny işe girizdi. Häzirki wagtda EA terjimeçisi beta-synag režiminde bolup, mugt işleýär. Ol 50-den gowrak dili, şol sanda rus dilini goldaýar. Android Authority neşiriniň belleýşi ýaly, entek kompaniýa ChatGPT Translate barada resmi taýdan habar bermedi, ýöne hyzmat eýýäm ulanyjylar üçin ýörite saýtda elýeterlidir
Russiýanyň ilçisi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň 2026-njy ýyl üçin meýilnamalaryny mälim etdi
18.01.2026 15:58
6.1k+

Russiýanyň ilçisi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň 2026-njy ýyl üçin meýilnamalaryny mälim etdi

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin Aşgabatda geçiren brifinginde 2025-nji ýylda ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň jemlerini jemledi we 2026-njy ýyl üçin hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitledi
Taryhda iň köp ýüklenen Subway Surfers mobil oýnunyň dowamy çykarylar
18.01.2026 15:52
4.1k+

Taryhda iň köp ýüklenen Subway Surfers mobil oýnunyň dowamy çykarylar

Meşhur Subway Surfers mobil oýnunyň dowamynyň çykjak senesi belli boldy. Ol Subway Surfers City diýlip atlandyrylýar we 26-njy fewralda çykar. Taslama iOS we Android operasion ulgamlarynyň ulanyjylary üçin elýeterli bolar
Kim Kardaşýan we Nike bilelikdäki aýakgap kolleksiýasyny hödürledi
18.01.2026 15:44
6.8k+

Kim Kardaşýan we Nike bilelikdäki aýakgap kolleksiýasyny hödürledi

Skims brendiniň esaslandyryjysy Kim Kardaşýan Nike kompaniýasy bilen Air Rift modeliniň esasynda döredilen ilkinji bilelikdäki aýakgap kolleksiýasyny hödürledi. Täzelenen wersiýa NikeSkims Rift Mesh adyny aldy
Taryhda iň şowsuz çykan smartfonlaryň sanawy düzüldi
18.01.2026 15:41
9.5k+

Taryhda iň şowsuz çykan smartfonlaryň sanawy düzüldi

BGR portalynyň bilermenleri artykmaçlyklary bilen däl-de, howpludygy, tehniki ýalňyşlyklar ýa-da şowsuz konsepsiýalar sebäpli uzak wagtlap ýatda galan smartfonlaryň sanawyny düzdi. Iň ýaramaz smartfonlaryň sanawyna 13 model girdi
Gadymky möjegiň iýmit galyndylary 14,000 ýyl mundan ozal ýaşan tüýli kerkiň DNK-syny öwrenmäge kömek etdi
18.01.2026 15:22
6.1k+

Gadymky möjegiň iýmit galyndylary 14,000 ýyl mundan ozal ýaşan tüýli kerkiň DNK-syny öwrenmäge kömek etdi

Alymlar Sibir doňaklygynda gatap galan möjegiň aşgazanyndan tapylan et bölegini öwrenmek arkaly, takmynan 14,000 ýyl mundan ozal ýaşan tüýli kerkiň genomyny täzeden dikeltdiler. Iki aýlyk möjek çagasynyň zepersiz saklanan galyndylary 2011-nji ýylda Sibiriň demirgazyk-gündogaryndaky Tumat obasynyň golaýynda tapylypdy
Tirannozawrlaryň ösüşi 40 ýyl dowam edipdir
18.01.2026 15:13
3.9k+

Tirannozawrlaryň ösüşi 40 ýyl dowam edipdir

Ýyrtyjylaryň daşlaşan süňklerini öwrenmek boýunça şu wagta çenli geçirilen iň uly seljermeden soň paleontologlar tirannozawrlaryň doglandan soň 40 ýyl töweregi ösmegi dowam etdirendikleri barada netijä geldiler diýip, TASS-yň habarynda aýdylýar
“Ýönekeý” Hytaýda, Türkiýede we Malaýziýada okamak isleýänler üçin amatly şertleri hödürleýär
18.01.2026 15:07
4.4k+

“Ýönekeý” Hytaýda, Türkiýede we Malaýziýada okamak isleýänler üçin amatly şertleri hödürleýär

“Ýönekeý” kompaniýasy Hytaýda, Türkiýede we Malaýziýada okamak isleýänler üçin amatly tekliplerini hödürleýär. Ýurdumyzda isleg bildirilýän ugurlar boýunça dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetlerine okuwa girmek isleýänleri hasaba almak işleri dowam edýär
Türkmenistanly okuwçylar Astanadaky halkara olimpiadada 16 medal gazandylar
18.01.2026 13:37
3.1k+

Türkmenistanly okuwçylar Astanadaky halkara olimpiadada 16 medal gazandylar

2026-njy ýylyň 10-14-nji ýanwary aralygynda Astanada geçirilen matematika, fizika we kompýuter ylymlary boýunça 22-nji Halkara Žautykow olimpiadasynda türkmen mekdep okuwçylary ajaýyp netijeleri görkezdiler. Gazagystanyň Bilim ministrliginiň Daryn merkezi tarapyndan guralan abraýly intellektual marafona 16 ýurtdan 600-den gowrak zehinli ýaşlar gatnaşdy
AstraZeneca rak keselini bejermekde emeli aňy ulanmak üçin täze startap satyn alýar
18.01.2026 11:41
2.7k+

AstraZeneca rak keselini bejermekde emeli aňy ulanmak üçin täze startap satyn alýar

Britaniýa-şwed derman senagaty ägirdi bolan AstraZeneca, emeli aň (EA) ulgamynda işleýän Amerikanyň Modella AI startapyny satyn alýandygyny yglan etdi. Bu ylalaşyk rak keselini bejermek üçin niýetlenen dermanlaryň döredilme döwrüni gysgaltmaga gönükdirilendir
«Wikipediýa» öz taryhynda iň köp okalan makalalaryň sanawyny mälim etdi
18.01.2026 11:38
2.3k+

«Wikipediýa» öz taryhynda iň köp okalan makalalaryň sanawyny mälim etdi

«Wikipediýa» taslamasyny ösdürýän täjirçilik däl «Wikimedia» fondy onlaýn ensiklopediýanyň taryhynda iň köp görlen iňlis dilindäki makalalaryň sanawyny çap etdi. «Popular Science» žurnalynyň belleýşine görä, bu reýting 2008-nji ýyldan bärdäki maglumatlara esaslanýar