Britaniýada çaga semizligi sebäpli fastfudyň mahabatyna gadaganlyk güýje girdi
07.01.2026 10:53
3.6k+

Britaniýada çaga semizligi sebäpli fastfudyň mahabatyna gadaganlyk güýje girdi

Beýik Britaniýada 21:00-a çenli fastfudyň telewizion mahabatyna resmi gadaganlyk we onuň internetde ýerleşdirilmegine doly gadaganlyk hereket edip başlady. Bu çäreler ýurtda çaga semizligine garşy göreşe gönükdirilýär diýip, The Guardian habar berýär
Critics Choice Awards 2026 baýragynyň ýeňijileri yglan edildi: iň gowy filmler we seriallar
07.01.2026 10:31
3.8k+

Critics Choice Awards 2026 baýragynyň ýeňijileri yglan edildi: iň gowy filmler we seriallar

Pol Tomas Andersonyň Leonardo Di Kaprionyň baş keşbi ýerine ýetirmegindäki «Bir söweşden soň beýleki» filmi 31-nji Critics Choice Awards dabarasynda iň gowy film diýlip ykrar edildi. Film režissýorlyk we adaptirlenen ssenariý üçin hem baýrak aldy diýip, Variety neşiri habar berýär
BMW «guduzlan» rul sebäpli X3 krossowerlerini yzyna ýygnaýar
07.01.2026 10:20
7.9k+

BMW «guduzlan» rul sebäpli X3 krossowerlerini yzyna ýygnaýar

BMW geň we howsala döredýän kemçilik sebäpli 2025-nji we 2026-njy model ýyllarynyň 36 922 sany X3 krossowerini yzyna ýygnaýandygyny mälim etdi. Bu barada ABŞ-nyň Ýollarda hereket howpsuzlygynyň milli edarasy (NHTSA) habar berdi
Fransiýada myhmanhananyň aşagyndan XIV asyra degişli gala tapyldy
06.01.2026 23:52
16k+

Fransiýada myhmanhananyň aşagyndan XIV asyra degişli gala tapyldy

Fransiýanyň Wann şäherindäki “Lagors” (Lagorce) myhmanhanasynyň aşagyndan arheologlar 1380-nji ýyllarda Breton gersogy Žan IV tarapyndan gurlan Şato-de-l'Ermin (Château de l'Hermine) köşgüniň galyndylaryny ýüze çykardylar
Mansory 1100 at güýji bolan we salony pöwrize reňkli Audi RS6-ny görkezdi
06.01.2026 23:40
9.3k+

Mansory 1100 at güýji bolan we salony pöwrize reňkli Audi RS6-ny görkezdi

Mansory týuning atelýesi Audi RS 6-nyň binýadynda döredilen P1100 atly täze taslamasyny hödürledi. Uniwersal awtoulagyň kuwwaty 1100 at güýjüne çenli artdyryldy. Bu täzelenme modeliniň häzirki nesliniň önümçiliginiň tizara tamamlanmagyna gabatlap taýýarlanyldy
Güýçli çabga Indoneziýada suw joşgunyna getirdi
06.01.2026 23:08
11k+

Güýçli çabga Indoneziýada suw joşgunyna getirdi

5-nji ýanwarda irden Indoneziýadaky Siau adasynda güýçli suw joşgunyna sebäp bolan çabga başlady. Demirgazyk Sulawesidäki tebigy betbagtçylygyň azyndan 14 adam pidasy boldy, ýene dördüsi dereksiz ýiten diýlip hasaplanýar
Türkmenistanda geçen hepdäniň birža söwdalarynyň jemi bahasy 6 mln dollardan gowrak boldy
06.01.2026 22:50
2.8k+

Türkmenistanda geçen hepdäniň birža söwdalarynyň jemi bahasy 6 mln dollardan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 324 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 12-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar
Toyota Land Cruiser Prado metal gorag elementleri bilen üýtgeşik wersiýa eýe boldy
06.01.2026 15:15
10k+

Toyota Land Cruiser Prado metal gorag elementleri bilen üýtgeşik wersiýa eýe boldy

Kuhl Racing ýapon týuning-atelýesi Blocker Iron Build atly taslamany yglan etdi. Ony Tokio sergisinde görkezmek meýilleşdirilýär. Taslama üçin esas hökmünde Toyota Land Cruiser Prado alyndy. Awtomobiliň ýerden beýikligi asgyçdaky (podweska) üýtgeşmeleriň we adaty bolmadyk tigirleriň hasabyna artdyryldy hem-de köp sanly metal gorag elementleri bilen üpjün edildi
Daniýanyň kenarynda orta asyrlara degişli iň uly söwda gämisi tapyldy
06.01.2026 14:41
9.2k+

Daniýanyň kenarynda orta asyrlara degişli iň uly söwda gämisi tapyldy

Kopengageniň golaýynda takmynan 600 ýyl ozal gark bolan gämi tapyldy. Deňiz arheologlarynyň pikiriçe, bu häzirki güne çenli tapylan iň uly klinker (tagtalary üst-üste goýlan) gurluşly gämidir. "Svælget 2" diýlip atlandyrylýan bu gämi Eresunn bogazynda, 13 metr çuňlukda ýüze çykaryldy
Xiaomi HyperOS goldawyny 5 ýyla çenli uzaldýar: Täze modelleriň sanawy
06.01.2026 14:33
3.6k+

Xiaomi HyperOS goldawyny 5 ýyla çenli uzaldýar: Täze modelleriň sanawy

Xiaomi kompaniýasy programma üpjünçiligini goldamak maksatnamasyny ep-esli giňeldýändigini yglan etdi. Indi Xiaomi, Redmi we Poco brendleriniň birnäçe enjamlary bäş ýyla çenli HyperOS täzelenmelerini alarlar. Bu täzelik saýlanan smartfonlar we planşetler üçin hem esasy operasion ulgamynyň täzelenmelerini hem-de täze funksiýalaryň yzygiderli girizilmegini öz içine alýar
BMW Hytaýda awtoulaglaryň bahalaryny arzanlatdy: bir model 43 müň dollar arzanlady
06.01.2026 14:26
8.8k+

BMW Hytaýda awtoulaglaryň bahalaryny arzanlatdy: bir model 43 müň dollar arzanlady

BMW China kompaniýasy birnäçe esasy modelleriniň hödürlenýän bölek satuw bahalarynyň (MSRP) düýpli peseldilendigini resmi taýdan yglan etdi. Täzelenen baha sanawy 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girdi. Bu üýtgeşme jemi 31 sany esasy modele täsir etdi
«Strasburgdan» Liam Rosenýor «Çelsiniň» täze baş tälimçisi bolar
06.01.2026 14:19
4k+

«Strasburgdan» Liam Rosenýor «Çelsiniň» täze baş tälimçisi bolar

Londoniň «Çelsi» toparynyň täze baş tälimçisi häzirki wagtda Fransiýanyň «Strasburg» klubuna ýolbaşçylyk edýän Liam Rosenýor bolar. Hünärmeniň özi bu maglumaty insaýder-žurnalist Fabrisio Romano bilen bolan söhbetdeşliginde tassyklady
Täze Toyota RAV4 Hytaýyň bazaryna çykýar: satuw 9-njy ýanwarda başlar
06.01.2026 14:14
5.9k+

Täze Toyota RAV4 Hytaýyň bazaryna çykýar: satuw 9-njy ýanwarda başlar

9-njy ýanwarda FAW Toyota bilelikdäki kärhanasy altynjy nesil Toyota RAV4 XA60 krossowerini hytaý bazaryna ibermäge başlar. Model täzelenen daşky görnüşe, gaýtadan işlenen interýere we güýç enjamynyň üç görnüşine – arassa benzine we iki gibride eýe boldy
Türkmenistanyň Prezidenti häkimler bilen möwsümleýin oba hojalyk işleri boýunça iş maslahatyny geçirdi
06.01.2026 13:57
12k+

Türkmenistanyň Prezidenti häkimler bilen möwsümleýin oba hojalyk işleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

5-nji ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy
Red Bull öz RB17 ýaryş giperkarynyň gutarnykly dizaýnyny görkezdi
06.01.2026 11:36
5k+

Red Bull öz RB17 ýaryş giperkarynyň gutarnykly dizaýnyny görkezdi

Red Bull Racing topary diňe ýaryş ýollarynda ulanmak üçin niýetlenen RB17 giperkarynyň gutarnykly suratlaryny görkezdi. Belli inžener Edrian Nýuiniň we Cosworth-dan hünärmenleriň gatnaşmagynda döredilen model jikme-jik işlenen kuzowa we mahsus interýere eýe boldy
«Mançester Ýunaýted» Ruben Amorimi işden çykardy
05.01.2026 16:35
8.9k+

«Mançester Ýunaýted» Ruben Amorimi işden çykardy

«Mançester Ýunaýted» topary baş tälimçi Ruben Amorimiň wezipesinden gidýändigini resmi taýdan yglan etdi. Portugaliýaly hünärmen 14 aýlyk işinden soňra wezipesinden çykaryldy. Ol topary Angliýanyň Premýer-ligasynyň (APL) 20 tapgyryndan soňra ýaryş jedwelinde altynjy orunda galdyrdy
Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyplary halkara bäsleşiklerinde üstünlik gazandylar
05.01.2026 15:43
8k+

Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyplary halkara bäsleşiklerinde üstünlik gazandylar

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary abraýly halkara bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp boldular. Aýlar Arazberdiýewa “GDA-nyň iň gowy talyby”, Nurýagdy Baýryýew bolsa “Iň gowy ylmy iş - 2025” halkara bäsleşiklerinde ýeňiş gazandy
Ýaponiýada äpet gök tunes balygy rekord derejedäki 3,2 million dollara satyn alyndy
05.01.2026 15:35
21k+

Ýaponiýada äpet gök tunes balygy rekord derejedäki 3,2 million dollara satyn alyndy

5-nji ýanwarda Tokionyň Toýosu bazarynda geçirilen 2026-njy ýylyň ilkinji söwdasynda agramy 243 kg bolan gök tunes balygy (bluefin tuna) ummasyz möçberdäki pula satyldy. TASS agentliginiň habar bermegine görä, balyk üçin — 510 million ýena (3,2 million dollar) tölendi
Kembrij we Google DeepMind emeli aňy «şahsyýet» hökmünde barlamak üçin test döretdi
05.01.2026 15:06
2.3k+

Kembrij we Google DeepMind emeli aňy «şahsyýet» hökmünde barlamak üçin test döretdi

Kembrij uniwersitetiniň we Google DeepMind-yň ylmy gözlegçileri uly dil modellerinde (LLM) «şahsyýetiň» bardygyna ýa-da ýokdugyna baha bermegiň ilkinji ylmy esasly usulyny hödürledi. Çemeleşme üçin esas bolup adamlaryň häsiýetine baha bermek üçin ulanylýan adaty psihologik testler hyzmat etdi
Mitsubishi syrly bir modeliň tizerini görkezdi: ol täze Pajero bolup biler
05.01.2026 15:00
10k+

Mitsubishi syrly bir modeliň tizerini görkezdi: ol täze Pajero bolup biler

Mitsubishi kompaniýasy Ralliart bölümçesi bilen bilelikde döredilen korporatiw mahabatda geljekki modeliň tizerini görkezdi. Wideo brendiň sport üstünliklerine bagyşlandy, ýöne wideonyň ahyrynda täze bir ulagyň silueti görkezilýär
«Awatar 3» prokatda 1 milliard dollar sepgitden geçdi
05.01.2026 14:17
4.1k+

«Awatar 3» prokatda 1 milliard dollar sepgitden geçdi

«Awatar: Ot we kül» filmi dünýä prokatynda 1 milliard dollar girdeji görkezijisinden geçdi diýip, Collider neşiri habar berýär. Film 2025-nji ýylyň 19-njy dekabrynda ekrana çykdy we bary-ýogy iki hepdeden sähel gowrak wagtyň içinde bu görkezijä ýetdi
Serdar Berdimuhamedow Frank-Walter Ştaýnmaýeri 70 ýaş toýy bilen gutlady
05.01.2026 12:32
3.9k+

Serdar Berdimuhamedow Frank-Walter Ştaýnmaýeri 70 ýaş toýy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere şanly 70 ýaş toýy mynasybetli, tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar yzygiderli berkidilýär we mazmun taýdan baýlaşdyrylýar
Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýanyň täze Prezidentini wezipesine girişmegi bilen gutlady
05.01.2026 12:16
3.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýanyň täze Prezidentini wezipesine girişmegi bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gi Parmeline Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli, tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär. Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Gi Parmeline berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de Şweýsariýanyň mundan beýläk-de öňe gitmeginiň, gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi
Türkmen agyr atletikaçylary Dohada geçirilen ýaryşda 21 medal gazandylar
05.01.2026 12:06
7.3k+

Türkmen agyr atletikaçylary Dohada geçirilen ýaryşda 21 medal gazandylar

Katar Döwletiniň paýtagty Doha şäherinde geçirilen agyr atletika boýunça halkara ýaryşda Türkmenistanyň milli ýygyndy topary şowly çykyş edip, 7 altyn, 7 kümüş, 7 bürünç medal gazandy. Halkara ýaryş 2025-nji ýylyň agyr atletika boýunça 10-njy Katar halkara kubogyny, ýetginjekleriň, ýaşlaryň we ulularyň arasynda geçirilýän Arap çempionatyny, şeýle-de Günbatar Aziýa çempionatyny özünde jemledi
Samsung gözüň görejini yzarlaýan 6K Odyssey 3D monitoryny tanyşdyrdy
05.01.2026 11:58
3.4k+

Samsung gözüň görejini yzarlaýan 6K Odyssey 3D monitoryny tanyşdyrdy

Göz öňüne getiriň: penjireden seredýärsiňiz, ol ýerde bolsa tutuş bir dünýä bar. Başyňyzy egen wagtyňyz, burçda gizlenip duran zatlary görüp bilýärsiňiz. Samsung kompaniýasy 2027-nji ýylda çykaryljak 32 dýuýmlyk Odyssey 3D flagman oýun monitorynda hut şu duýgulary wada berýär
Asus CES 2026 sergisinde Wi-Fi 8 goldawly ilkinji enjamyny görkezer: standart heniz sertifikatlaşdyrylmady
05.01.2026 11:50
2.1k+

Asus CES 2026 sergisinde Wi-Fi 8 goldawly ilkinji enjamyny görkezer: standart heniz sertifikatlaşdyrylmady

Asus kompaniýasy, Wi-Fi 8 standartynyň resmi taýdan sertifikatlaşdyrylmagyna heniz iki ýyla golaý wagtyň bardygyna garamazdan, CES 2026 sergisinde bu tehnologiýany goldaýan ilkinji enjamyny tanyşdyrmagy meýilleşdirýär
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Şweýsariýada bolan pajygaly ýangyn zerarly gynanç bildirdi
05.01.2026 11:44
9.2k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Şweýsariýada bolan pajygaly ýangyn zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Şweýsariýanyň Krans-Montana dag-lyža dynç alyş merkezinde bolup geçen pajygaly ýangyn zerarly gynanç bildirdi. «Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Kran-Montana dag-lyža
"Barselonanyň" öňki goragçysy Dani Alwes portugal futbol klubynyň şärikdeş eýesi boldy
05.01.2026 08:46
8.5k+

"Barselonanyň" öňki goragçysy Dani Alwes portugal futbol klubynyň şärikdeş eýesi boldy

"Barselonanyň" we Braziliýanyň milli ýygyndysynyň öňki ýyldyzy Dani Alwes Portugaliýanyň derejesi boýunça üçünji diwiziony bolan "Liga 3-de" çykyş edýän "San-Žuan-de-Wer" klubunyň şärikdeş eýesi boldy. "Klubumyzyň taryhynda täze bir sahypa açylýar
FIFA we IFAB 20-nji ýanwarda "Arsen Wengeriň ofsaýdyny" girizmek meselesine gararlar
05.01.2026 08:39
8.6k+

FIFA we IFAB 20-nji ýanwarda "Arsen Wengeriň ofsaýdyny" girizmek meselesine gararlar

Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) we Halkara Futbol Assosiasiýalarynyň Geňeşi (IFAB) eýýäm indiki möwsümden başlap, “Arsen Wengeriň ofsaýdyny” girizip bilerler. Bu barada "RMC Sport" neşiri habar berýär. Gürrüň Londonyň "Arsenal" toparynyň öňki tälimçisi Arsen Wengeriň tekliplerine laýyklykda ofsaýd (oýundan daşardaky ýagdaý) düzgünine düýpli üýtgetmeler girizmek barada gidýär
Ak maýanyň ýolunyň merkezinde Saturn ölçegindäki «sergezdan planeta» tapyldy
05.01.2026 08:32
4k+

Ak maýanyň ýolunyň merkezinde Saturn ölçegindäki «sergezdan planeta» tapyldy

Halkara astronomlar topary Ak maýanyň ýolunyň merkezinde, Ýerden takmynan 9,9 müň ýagtylyk ýyly uzaklygynda ilkinji gezek uly «sergezdan planetany» (planet-izgoý) tapdylar. Ol ölçegi boýunça Saturn bilen deňeşdirerlikdir
«Jon Uik» franşizasy boýunça ýokary býujetli ekşen-oýun dörediler
05.01.2026 08:28
2.4k+

«Jon Uik» franşizasy boýunça ýokary býujetli ekşen-oýun dörediler

«Lionsgate» kinokompaniýasy «Jon Uik» franşizasynyň sýužetlerine esaslanan, AAA-ekşen žanryndaky ýokary býujetli wideooýnuny işläp taýýarlamaga resmi taýdan girişdi. Bu taslama hakyna tutma ganhor baradaky hekaýanyň töwereginde multimediýa ekoulgamyny döretmek boýunça uzakmöhletleýin strategiýanyň bir bölegi bolar
Barclays: Maýadarlar ABŞ-daky maýa goýumlaryny azaltdylar, bu ýagdaý Beýik Britaniýa üçin bähbitli boldy
05.01.2026 08:23
3.9k+

Barclays: Maýadarlar ABŞ-daky maýa goýumlaryny azaltdylar, bu ýagdaý Beýik Britaniýa üçin bähbitli boldy

2025-nji ýylda dünýä maýadarlarynyň ABŞ-nyň aktiwlerindäki paýyny azaltmagy bilen, Beýik Britaniýa garaşylmadyk ýagdaýda gazna bazarynyň öňdebaryjysyna öwrüldi. "Barclays" bankynyň Ýewropanyň paýnamalar strategiýasy boýunça ýyllyk synyna görä, bazarda kapitalyň halkara meýdançalaryna tarap rotasiýasy (ugruny üýtgetmegi) boldy
Türkmenistanda şu hepdede bolmagyna garaşylýan howa maglumaty (05.01 - 11.01)
05.01.2026 06:40
14k+

Türkmenistanda şu hepdede bolmagyna garaşylýan howa maglumaty (05.01 - 11.01)

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda ýagyş ýagar
Kümüş nanobölejikleri 2-nji görnüşli süýji keselini bejermekde dermanlardan has täsirli bolup çykdy
04.01.2026 22:24
5k+

Kümüş nanobölejikleri 2-nji görnüşli süýji keselini bejermekde dermanlardan has täsirli bolup çykdy

Tomsk politehniki uniwersitetiniň (TPU) alymlary kümüş nanobölejikleriniň süýji keseline garşy (antidiabetik) häsiýetlere eýedigini anykladylar. TASS agentliginiň TPU-nyň metbugat gullugyna salgylanyp habar bermegine görä, olar häzirki wagtda giňden ulanylýan dermanlardan 167 esse az dozada şol bir täsiri görkezýärler
BYD elektromobilleriň ýyllyk satuwy boýunça Tesla-dan öňe geçdi
04.01.2026 22:10
3.1k+

BYD elektromobilleriň ýyllyk satuwy boýunça Tesla-dan öňe geçdi

Hytaýyň BYD kompaniýasy 2025-nji ýylyň jemi boýunça Tesla-dan öňe geçip, dünýäde iň uly elektromobil satyjysy boldy. Bu barada Interesting Engineering neşiri ýazýar. BYD-yň 1-nji ýanwardaky hasabatyna görä, kompaniýanyň ýyllyk satuwy tas 28% ýokarlanyp, 2,26 mln birlige ýetdi
Poco M8 smartfony 20:9 tarap gatnaşygy bilen segmentde iň berk egri displeýe eýe bolar
04.01.2026 22:08
4.5k+

Poco M8 smartfony 20:9 tarap gatnaşygy bilen segmentde iň berk egri displeýe eýe bolar

Xiaomi kompaniýasy 8-nji ýanwarda resmi tanyşdyrylyşy boljak Poco M8 smartfonynyň tehniki aýratynlyklaryny mälim etdi. Öndüriji täze smartfonyň öz hatarynda iň berk egri displeý bilen üpjün ediljekdigini aýdýar
4 mln dollarlyk Bugatti Tourbillon Horwatiýanyň daglarynda aşa agyr garly şertlerde synagdan geçirilýär
04.01.2026 15:53
13k+

4 mln dollarlyk Bugatti Tourbillon Horwatiýanyň daglarynda aşa agyr garly şertlerde synagdan geçirilýär

"Bugatti-Rimac" kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mate Rimas bahasy 4 million dollardan başlanýan täze "Bugatti Tourbillon" giperkarynyň gyşky synaglaryndan wideoşekilleri paýlaşdy. Synaglar Horwatiýanyň garly daglarynda geçirilýär we kadrlardan görnüşi ýaly, olar aňsat düşmändir: prototipleriň biri çuň garyň içinde kyn ýagdaýa düşüpdir
10-njy ýanwarda Aşgabatda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi bolar
04.01.2026 12:46
8.6k+

10-njy ýanwarda Aşgabatda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi bolar

10-njy ýanwarda Aşgabatda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler. Jemgyýetçilik kabul edişligine Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleriniň we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzasy gatnaşar
Arkadag şäherinde 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi
04.01.2026 12:43
3.7k+

Arkadag şäherinde 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi

Arkadag şäheriniň häkimliginde 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata Arkadag şäheriniň
Daşoguzda ýaşaýyş jaýlarynyň we durmuş maksatly binalaryň gurluşygy dowam edýär
04.01.2026 12:30
9.1k+

Daşoguzda ýaşaýyş jaýlarynyň we durmuş maksatly binalaryň gurluşygy dowam edýär

Daşoguz şäherinden Görogly etrabyna barýan awtomobil ýolunyň ugrunda birnäçe dört gatly ýaşaýyş jaýlary gurulýar, olaryň üçüsi Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň «Gülistan» geňeşliginiň «Parahat» obasynyň awtomobil ýoluna ýanaşyk ýerinde gurulýar