Türkmenistanda 2026-njy ýylyň ilkinji perzendi Aşgabatda dünýä indi
1-nji ýanwarda Aşgabat şäherindäki Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde täze ýylda ilkinji çaga dünýä indi. Ata-enesi oglanjyga Atamyrat diýip at goýdy. Bedew batly ösüşlere beslenjek ýylymyzyň ilkinji gününi begenç-buýsanja beslän akja bäbek, Gaýypowlaryň agzybir maşgalasy bilen birlikde, ol ýerdäki ähli lukmanlaryň şatlygyny artdyrdy diýip, "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär