Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt raýatlaryny Bitaraplygyň ýubileý medaly we nyşany bilen sylaglady
13.12.2025 12:46
4.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt raýatlaryny Bitaraplygyň ýubileý medaly we nyşany bilen sylaglady

Prezident Serdar Berdimuhamedow daşary ýurt raýatlaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly hem-de ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda resminamalara gol çekdi
Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy
13.12.2025 12:37
8.1k+

Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy

12-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy. Döwlet Baştutany belent mertebeli myhmana Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşmaga çakylygy kabul edip, ýurdumyza sapar bilen gelendigi üçin minnetdarlyk bildirdi
Aşgabatdaky forumyň çäklerinde Serdar Berdimuhamedowyň Wladimir Putin bilen duşuşygy geçirildi
13.12.2025 12:31
12k+

Aşgabatdaky forumyň çäklerinde Serdar Berdimuhamedowyň Wladimir Putin bilen duşuşygy geçirildi

12-nji dekabrda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy
Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumy tamamlandy
13.12.2025 02:52
4.8k+

Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumy tamamlandy

12-nji dekabrda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumy dabaraly ýagdaýda tamamlandy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen bu çäre döwlet we Hökümet Baştutanlaryny, şeýle hem öňdebaryjy halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylaryny bir ýere jemledi
BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny mälim etdi
13.12.2025 02:47
4k+

BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny mälim etdi

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Tatýana Molçan Aşgabatda Halkara forumda çykyş etdi. BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary çykyşynda bu halkara maslahatyň häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin uly ähmiýete eýedigini belledi
BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary: Türkmenistan halklary, ýurtlary we medeniýetleri baglanyşdyryp, parahatçylygyň ýollaryny giňeldýär
13.12.2025 02:41
3.9k+

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary: Türkmenistan halklary, ýurtlary we medeniýetleri baglanyşdyryp, parahatçylygyň ýollaryny giňeldýär

Aşgabatda geçirilen Halkara forum tejribe alyşmak, öňdebaryjy tejribeleri paýlaşmak we parahatçylygy, durnuklylygy hem-de Durnukly ösüş maksatlaryny öňe sürmek üçin aýratyn ähmiýete eýedir diýip, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory Tatýana Walowaýa forumda eden çykyşynda aýtdy
Özbegistan Türkmenistanyň BMG-niň howandarlygynda «Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini» döretmek başlangyjyny goldaýar
13.12.2025 02:33
6.5k+

Özbegistan Türkmenistanyň BMG-niň howandarlygynda «Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini» döretmek başlangyjyny goldaýar

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 12-nji dekabrda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen Halkara forumda çykyş etdi
Ermenistan Türkmenistanyň halkara parahatçylyga we howpsuzlyga goşýan goşandyna ýokary baha berýär
13.12.2025 01:32
4.2k+

Ermenistan Türkmenistanyň halkara parahatçylyga we howpsuzlyga goşýan goşandyna ýokary baha berýär

Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýan 12-nji dekabrda Aşgabatda Halkara forumda çykyş etdi.  Ermenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, geçen 30 ýylyň içinde hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň möhüm şerti hökmünde özüniň ähmiýetini subut etdi
Emomali Rahmon häzirki döwrüň çylşyrymly meselelerini çözmekde parahatçylygyň we ynanyşmagyň ähmiýetini belledi
13.12.2025 01:16
4.5k+

Emomali Rahmon häzirki döwrüň çylşyrymly meselelerini çözmekde parahatçylygyň we ynanyşmagyň ähmiýetini belledi

Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Aşgabatda 12-nji dekabrda geçirilen Halkara forumynda eden çykyşynda dünýäniň häzirki geosyýasy ýagdaýlarynda 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjyň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady
Gyrgyzystanyň Prezidenti Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny durnukly ösüşiň netijeli binýady diýip atlandyrdy
13.12.2025 01:06
3k+

Gyrgyzystanyň Prezidenti Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny durnukly ösüşiň netijeli binýady diýip atlandyrdy

Türkmenistan öz saýlap alan Bitaraplyk ýolunyň dogry we strategiki ähmiýetini subut etdi. Bitaraplyk derejesi içerki syýasy durnuklylygy, jemgyýetdäki ylalaşygy üpjün etdi we ýurduň yzygiderli ösüşi üçin berk binýady goýdy diýip, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow 12-nji dekabrda Aşgabatda geçirilen Halkara forumda çykyşynda aýtdy
Tokaýew Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatynyň Ýewraziýada durnukly ösüşe goşandyny belledi
13.12.2025 00:59
3.1k+

Tokaýew Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatynyň Ýewraziýada durnukly ösüşe goşandyny belledi

Hemişelik oňyn bitaraplyk syýasaty Türkmenistana halkara derejesinde abraý getirdi, ýurdumyzyň uly taryhy üstünligine, onuň parahatçylyk ýörelgelerine ygrarlylygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Bu syýasat giň Ýewraziýa yklymynda durnukly ösüşe uly goşant goşdy
Eýranyň Prezidenti sebitde parahatçylyk, durnuklylyk we ösüş üçin Aşgabat forumynyň ähmiýetini belledi
13.12.2025 00:31
5k+

Eýranyň Prezidenti sebitde parahatçylyk, durnuklylyk we ösüş üçin Aşgabat forumynyň ähmiýetini belledi

12-nji dekabrda Aşgabatda Maslahatlar merkezinde geçirilen Halkara forumyň barşynda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian çykyş etdi. Masud Pezeşkian bu maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna hoşallyk bildirip, bu çäräniň ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna gabat gelmeginiň möhüm ähmiýetini belledi
Wladimir Putin Aşgabat Jarnamasynyň taslamasyna ýokary baha berip, ony goldady
13.12.2025 00:19
11k+

Wladimir Putin Aşgabat Jarnamasynyň taslamasyna ýokary baha berip, ony goldady

Türkmenistanyň mundan 30 ýyl ozal hemişelik Bitaraplyk ýoluny saýlap almagy Garaşsyz we özygtyýarly döwlet hökmünde strategik ösüş ugruny kesgitledi. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin 12-nji dekabrda Aşgabatda geçirilen Halkara forumda eden çykyşynda bu barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň sebitde we dünýäde uly hormatdan hem-de abraýdan peýdalanýan ýurtdugyny nygtady
Türkiýe Türkmenistanyň parahatçylyk babatdaky garaýyşlaryny goldaýar – Rejep Taýyp Ärdogan
13.12.2025 00:04
5.9k+

Türkiýe Türkmenistanyň parahatçylyk babatdaky garaýyşlaryny goldaýar – Rejep Taýyp Ärdogan

Türkiýede Türkmenistanyň her bir gazanýan üstünligine guwanylýar we begenilýär. Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň iň bir çalt depginler bilen ösýän ykdysadyýetleriniň birine öwrüldi. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan 12-nji dekabrda Aşgabatda geçirilen Halkara forumda eden çykyşynda aýtdy
Türkmenistanyň DIM-nde birnäçe halkara guramalarynyň wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi
12.12.2025 18:29
3.4k+

Türkmenistanyň DIM-nde birnäçe halkara guramalarynyň wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi

11-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Aşgabatda iri halkara guramalarynyň: BMG-niň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA), Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG), Halkara zähmet guramasynyň (HZG) we Gyzyl Haç Halkara Komitetiniň (GHKHK) wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi
Türkmenistan Serbiýa bilen Bilelikdäki Hökümetara topary döretmek meselesini maslahatlaşýar
12.12.2025 18:19
2.1k+

Türkmenistan Serbiýa bilen Bilelikdäki Hökümetara topary döretmek meselesini maslahatlaşýar

Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Serbiýanyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek boýunça gepleşikler geçirildi. Geňeşmeler Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Serbiýanyň halkara ykdysady hyzmatdaşlyk ministri Nenad Popowiçiň arasynda boldy
Coca-Cola baş direktoryny çalyşýar
12.12.2025 18:15
6.7k+

Coca-Cola baş direktoryny çalyşýar

Coca-Cola baş direktor Jeýms Kuinsiniň wezipeden gidýändigini habar berdi. Geljek ýylyň mart aýynyň ahyrynda onuň wezipe borçlary kompaniýanyň operasion müdiri Enrike Brauna geçiriler. Kuinsi Coca-Cola-da 1996-njy ýyldan bäri işleýär
Instagram-da Reels tekliplerini sazlamaga mümkinçilik berýän algoritm işe girizildi
12.12.2025 18:12
1.3k+

Instagram-da Reels tekliplerini sazlamaga mümkinçilik berýän algoritm işe girizildi

Instagram ulanyjylara Reels gysga wideo tekliplerine täsir edýän temalary görmäge we üýtgetmäge mümkinçilik berýän Your Algorithm guralyny işe girizdi. Bu barada TechCrunch habar berýär. Täze bölüm ýokarky sag burçda iki çyzykly we ýürekli nyşanjyga basylandan soň açylýar
Güýçli ýagyş ABŞ-nyň demirgazyk-günbatarynda uly suw joşgunlaryna sebäp boldy
12.12.2025 18:06
10k+

Güýçli ýagyş ABŞ-nyň demirgazyk-günbatarynda uly suw joşgunlaryna sebäp boldy

Waşington amerikan ştaty 8-nji dekabrda başlan güýçli ygallar sebäpli uly suw joşgunlary bilen ýüzbe-ýüz boldy. Bilermenleriň hasaplamalary boýunça, tebigy betbagtçylyk soňky 35 ýylda iň güýçlüsi boldy diýip, New York Times we The Guardian habar berýär
Türkmenistanda fizika dersi boýunça V halkara olimpiada geçirildi
12.12.2025 17:14
2.3k+

Türkmenistanda fizika dersi boýunça V halkara olimpiada geçirildi

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda fizika dersi boýunça sanly ulgam arkaly V halkara olimpiada geçirildi. Bu halkara çäresine Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary
Hermès noutbugyň web-kamerasyny ýapmak üçin deri plastyrlarynyň toplumyny çykardy
12.12.2025 17:10
2.1k+

Hermès noutbugyň web-kamerasyny ýapmak üçin deri plastyrlarynyň toplumyny çykardy

Hermès noutbugyň kamerasyna ýelmemek üçin deri plastyrlaryny satuwa çykardy. Täze önüm brendiň resmi saýtynda peýda boldy. Ulanyjylar, adatça, web-kameralary gizlinlik maksady bilen ýapýar. Şeýle usul tötänleýin ýazgy etmek ýa-da kamera rugsatsyz elýeterli bolmak töwekgelçiligini azaltmaga kömek edýär, şonuň üçin köp adamlar wideoaragatnaşykdan peýdalanmaýan wagty ony ýapyp goýmagy makul bilýär
Billi Aýliş Jeýms Kemeronyň režissýorlygynda düşürýän dokumental 3D-filminiň treýlerini görkezdi
12.12.2025 16:56
2.7k+

Billi Aýliş Jeýms Kemeronyň režissýorlygynda düşürýän dokumental 3D-filminiň treýlerini görkezdi

Billi Aýlişiň YouTube kanalynda «Hit Me Hard And Soft: The Tour (Live In 3D)» dokumental filminiň treýleri peýda boldy. Onuň kinoteatrlarda premýerasy 20-nji martda bolar. Film aýdymçynyň «Hit Me Hard And Soft» albomyny goldamak üçin dünýäniň dürli ýerlerinde beren konsertlerine bagyşlanýar
Täze Opel Astra üýtgeşik dizaýna we has ösen tehnologiýalara eýe boldy
12.12.2025 16:45
9.4k+

Täze Opel Astra üýtgeşik dizaýna we has ösen tehnologiýalara eýe boldy

Täzelenen Open Astra-nyň global premýerasy soňky dört ýylda modeliň ilkinji uly täzelenmesi boldy. Dizaýnerler modeliň umumy durkuny saklady, ýöne öň bölegi düýpli üýtgedildi. Opel Vizor ulgamy has giň LED elementlerine we yşyk bilen ýanýan Opel Blitz logotipine eýe boldy
Uzynada käninde birbada üç sany guýy ulanyşa girizildi
12.12.2025 16:33
5.5k+

Uzynada käninde birbada üç sany guýy ulanyşa girizildi

"Türkmennebit" döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň zähmet toparlary Hazar deňziniň kenarýaka zolagynda ýerleşýän Uzynada käninde birbada üç sany guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamlap, ulanyşa tabşyrdylar
Mejlisiň Başlygy Latwiýanyň täze bellenen ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi
12.12.2025 16:27
1.9k+

Mejlisiň Başlygy Latwiýanyň täze bellenen ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

11-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Latwiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Girts Ýaunzemsden ynanç hatyny kabul etdi
«Lion», «Aston Willa» we «Betis» Ýewropa ligasynyň pleý-off tapgyryna çykdy
12.12.2025 16:20
3.4k+

«Lion», «Aston Willa» we «Betis» Ýewropa ligasynyň pleý-off tapgyryna çykdy

12-nji dekabra geçilen gije UEFA-nyň Ýewropa ligasynyň umumy tapgyrynyň 6-njy oýunlary tamamlandy. Olaryň netijesi boýunça, fransuz «Liony» ýaryş jedweliniň başyndaky ornuny saklady. Topar öýünde Niderlandlaryň «Gou Ehed Iglz» klubuny 2:1 hasabynda utup, 15 utuk bilen ýazky pleý-off tapgyryna çykdy
Pasha adasyndaky äpet daş tokgalary bäsdeşligiň netijesi bolup çykdy – täze barlag
12.12.2025 16:06
5.6k+

Pasha adasyndaky äpet daş tokgalary bäsdeşligiň netijesi bolup çykdy – täze barlag

Öň Pasha adasyndaky ýüzlerçe äpet daş tokgalary ýerli jemgyýetiň wekilleri tarapyndan bir serdaryň ýolbaşçylygynda döredilen diýlip hasaplanýardy. Ýöne täze barlagyň awtorlary bu tassyklamany şübhe astyna aldylar
Alymlar adamzat üçin saglyk we ekologiýa maksatly "planetar derejede berhiz" teklip etdiler
12.12.2025 15:48
5.5k+

Alymlar adamzat üçin saglyk we ekologiýa maksatly "planetar derejede berhiz" teklip etdiler

Iýmit ulgamynda halkara bilermenler topary "planetar derejede berhizi" işläp düzdüler we adamzat üçin azyk ulgamlaryny täzeden gurmagy hem-de esasan ösümlik iýmitleri, balyk we towuk etini iýmegi teklip etdi. Gyzyl et, duz we şeker sarp edilişini iň az derejä çenli azaltmak maslahat berilýär
Robot-hirurg ilkinji gezek kataraktany aýyrmak boýunça operasiýa geçirdi
12.12.2025 15:36
5.9k+

Robot-hirurg ilkinji gezek kataraktany aýyrmak boýunça operasiýa geçirdi

Lukmançylyk bilen inženerçiligiň çatrygynda göz hirurgiýasynda uly öwrülişikleri wada berýän düýpli öňe gidişlik boldy: Kaliforniýanyň Los-Anjeles uniwersitetinde (UCLA) işlenip düzülen robot ulgamy dünýäde ilkinji gezek adamda kataraktany aýyrmak boýunça operasiýany üstünlikli geçirdi
Döwletliler köşgünde we Arkadag şäherindäki sagaldyş-dikeldiş merkezinde terbiýelenilýän çagalara sowgatlar gowşuryldy
12.12.2025 15:21
3.5k+

Döwletliler köşgünde we Arkadag şäherindäki sagaldyş-dikeldiş merkezinde terbiýelenilýän çagalara sowgatlar gowşuryldy

11-nji dekabrda Aşgabatdaky Döwletliler köşgünde bilim-terbiýe alýan çagalar hem-de Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde terbiýelenilýän we saglygy dikeldilýän çagalar dürli datly miwelerden, süýjülik we beýleki naz-nygmatlardan ybarat sowgatlary kabul etdiler
Arkadag şäherinde baýramçylyk mynasybetli täze öýleriň eýelerine açarlar gowşuryldy
12.12.2025 15:14
7k+

Arkadag şäherinde baýramçylyk mynasybetli täze öýleriň eýelerine açarlar gowşuryldy

11-nji dekabrda Arkadag şäherinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramçylygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýaşaýyş jaýlaryndan öýleriň açarlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär
Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Halkara forum geçirilýär
12.12.2025 15:01
10k+

Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Halkara forum geçirilýär

Şu gün, 12-nji dekabrda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Halkara forum geçirilýär. Oňa dünýä döwletleriniň, halkara we sebit guramalarynyň ýokary derejeli wekiliýetleri gatnaşýarlar
Samsung Apple Liquid Glass stiliniň dizaýny bilen One UI 8.5-i ýaýradyp başlady
12.12.2025 14:54
2.3k+

Samsung Apple Liquid Glass stiliniň dizaýny bilen One UI 8.5-i ýaýradyp başlady

Samsung kompaniýasy One UI 8.5 operasion ulgam örtüginiň beta-wersiýasyny ýaýratmaga girişdi we ol öndürijiniň interfeýs bezegine täze çemeleşmesini görkezýär. 9to5Google portaly dizaýnyň käbir elementleriniň Apple Liquid Glass stilini ýada salýandygyny belleýär
Jonni Depp “Ussat we Margarita” romanynyň ekranlaşdyrmasyna prodýuserlik eder we gatnaşar
12.12.2025 14:34
1.3k+

Jonni Depp “Ussat we Margarita” romanynyň ekranlaşdyrmasyna prodýuserlik eder we gatnaşar

Amerikan aktýory Jonni Depp Mihail Bulgakowyň “Ussat we Margarita” (Мастер и Маргарита) romany boýunça iňlis dilinde düşüriljek filmiň prodýuseri bolar. Taslama barada Saud Arabystanynda geçirilen kinofestiwalda aýdyldy diýip, Variety habar berýär
«Ýetginjeklik döwri» we «Andor»: Variety 2025-nji ýylyň iň gowy seriallaryny saýlady
12.12.2025 14:32
1.7k+

«Ýetginjeklik döwri» we «Andor»: Variety 2025-nji ýylyň iň gowy seriallaryny saýlady

Variety tankytçylar Aramid Tinubu we Elison Herman tarapyndan düzülen 2025-nji ýylyň iň gowy seriallarynyň reýtinglerini hödürledi. Sanawa jenaýat wakalaryndan başlap, tok-şoulara çenli dürli žanrdaky animasion we oýun taslamalary girdi
Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda daşary ýurtlaryň Prezidentlerini kabul etdi
12.12.2025 13:10
7.8k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda daşary ýurtlaryň Prezidentlerini kabul etdi

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän iri halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada ýokary derejeli myhmanlar geldi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi dostlukly ýurtlaryň birnäçesiniň Prezidentlerini Aşgabadyň Halkara howa menzilinde garşylady
Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
12.12.2025 13:00
4.5k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

11-nji dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Liderini, Türkmenistanyň Prezidentini we ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady
Italýan aşhanasy adamzadyň maddy däl medeni mirasy diýlip ykrar edildi
12.12.2025 12:51
2.9k+

Italýan aşhanasy adamzadyň maddy däl medeni mirasy diýlip ykrar edildi

Italiýanyň aşhana däpleri resmi taýdan ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu barada Italiýanyň premýer-ministri Jorja Meloni habar berdi. Çözgüt Nýu-Delide geçirilen sessiýada Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komiteti tarapyndan kabul edildi
Gurbanguly Berdimuhamedow halkara guramalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
12.12.2025 12:48
3.2k+

Gurbanguly Berdimuhamedow halkara guramalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

11-nji dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada gelen halkara guramalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi
Netflix “Awatar: Aang hakynda rowaýat” serialynyň ikinji möwsüminiň tizerini görkezdi
12.12.2025 12:14
4.2k+

Netflix “Awatar: Aang hakynda rowaýat” serialynyň ikinji möwsüminiň tizerini görkezdi

Netflix “Awatar: Aang hakynda rowaýat” (Аватар: Легенда об Аанге) serialynyň ikinji möwsüminiň tizer-treýlerini hödürledi. Täze möwsüm 2026-njy ýylda platformada çykar. Taslama 2005-2008-nji ýyllaryň asyl multserialynyň aktýorlaryň oýnamagynda çykarylan wersiýasydyr