"Ahal" AFK-2 Çempionlar Ligasynda soňky sekuntlarda "Sepahandan" ýeňşi elden gidirdi
05.11.2025 06:49
8k+

"Ahal" AFK-2 Çempionlar Ligasynda soňky sekuntlarda "Sepahandan" ýeňşi elden gidirdi

4-nji noýabrda AFK-2 Çempionlar Ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň dördünji tapgyrynyň çäklerinde Türkmenistandan  "Ahal" futbol topary Eýranyň "Sepahan" toparyna garşy myhmançylykda duşuşyk geçirdi. Oýun Yspyhan şäheriniň "Nagyş-e-Jahan" stadionynda geçirilip, deňme-deňlikde — 2:2 hasabynda tamamlandy
Türkmenistanyň wekiliýeti Belarusda ylmy-tehniki forumda çykyş etdi
04.11.2025 23:24
1.9k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Belarusda ylmy-tehniki forumda çykyş etdi

zTürkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň wekiliýeti 30-31-nji oktýabrda Minsk şäherinde geçirilen "Häzirki zaman aragatnaşyk serişdeleri" atly XXX Halkara ylmy-tehniki maslahatyna gatnaşdy
Google dolulygyna emeli aňyň kömegi bilen döredilen ilkinji mahabat wideosyny görkezdi
04.11.2025 21:05
6.8k+

Google dolulygyna emeli aňyň kömegi bilen döredilen ilkinji mahabat wideosyny görkezdi

Emeli aň mahabat wideolaryny döretmek üçin işjeň ulanylyp başlandy we olar eýýäm sosial ulgamlarda hem telewideniýede görkezilýär. Olaryň önümçiligi üçin OpenAI Sora we Google Veo 3 ýaly kuwwatly modeller ulanylýar
Türkmen we german kompaniýalary hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyklara gol çekdiler
04.11.2025 20:54
4.5k+

Türkmen we german kompaniýalary hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyklara gol çekdiler

Frankfurtda geçirilen Türkmenistanyň Ykdysadyýet günleriniň çäklerinde türkmen we german kompaniýalary maslahat beriş, logistika, oba hojalyk we gurluşyk tehnikalarynyň üpjünçiligi ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk baradaky birnäçe ylalaşyklara gol çekdiler
Türkmen woleýbolçylary CAVA Cup ýaryşynda ýeňip, 2026-njy ýylyň Aziýa çempionatyna gatnaşmaga hukuk aldylar
04.11.2025 20:47
8.2k+

Türkmen woleýbolçylary CAVA Cup ýaryşynda ýeňip, 2026-njy ýylyň Aziýa çempionatyna gatnaşmaga hukuk aldylar

Türkmenistanyň woleýbol boýunça erkekler ýygyndysy Bangladeşiň paýtagty Dakka şäherinde tamamlanan «CAVA Cup for Men 2025» halkara woleýbol ýaryşynda ýeňiş gazandy. Türkmen türgenleri bu ýaryşda bir oýunda-da ýeňilmän, finalda Owganystanyň toparyny 3:2 hasaby bilen ýeňdi diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär
CIET 2025-de Germaniýanyň, Hytaýyň, Ýaponiýanyň we BAE-niň kompaniýalary bilen ylalaşyklara gol çekildi
04.11.2025 20:43
2.8k+

CIET 2025-de Germaniýanyň, Hytaýyň, Ýaponiýanyň we BAE-niň kompaniýalary bilen ylalaşyklara gol çekildi

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahatyň çäklerinde B2G formatyndaky ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Iri halkara kompaniýalaryň we ýurdumyzyň döwlet düzümleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen bu gepleşikler geljekki ylalaşyklar üçin berk binýady goýdy
Awazadaky CIET 2025 halkara forumynyň birinji gününiň esasy netijeleri
04.11.2025 20:33
3.1k+

Awazadaky CIET 2025 halkara forumynyň birinji gününiň esasy netijeleri

3-4-nji noýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergi we maslahat gurluşyk, senagat önümçiligi, energetika, himiýa senagaty, ýol gurluşygy pudaklarynda ýurdumyzyň gazananlary, dünýä belli kompaniýalaryň ýöriteleşdirilen enjamlary, öňdebaryjy tehnologiýalary bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi
Ýylanlaryň 17 görnüşiniň zäherine garşy täsirli derman döredildi
04.11.2025 20:21
9.2k+

Ýylanlaryň 17 görnüşiniň zäherine garşy täsirli derman döredildi

  Nature žurnalynda 17 görnüşli Afrika ýylanlarynyň zäherinden goraýan we ýylan çakmalaryndan deridäki zeperlenmeleri azaldýan täze derman serişdesiniň döredilendigi barada barlag çap edildi. Häzirlikçe bu derman syçanlarda synag edildi
Grenlandiýa kitiniň 200 ýyllap ýaşamagynyň syryny adamlarda ulanmak isleýärler
04.11.2025 19:53
10k+

Grenlandiýa kitiniň 200 ýyllap ýaşamagynyň syryny adamlarda ulanmak isleýärler

Grenlandiýa kitleri (Balaena mysticetus) ýer ýüzüniň iň uzak ýaşaýan haýwanlarynyň biri bolup, olaryň ömri 200 ýyldan gowrak dowam edip bilýär. Alymlar olaryň uzak ýaşamagynyň CIRPB diýlip atlandyrylýan ýörite belok bilen baglanyşykly bolup biljekdigini aýdýarlar
Günorta Koreýada ekzoskeletli geýimköpçülikleýin öndürilmäge taýyn edildi
04.11.2025 19:42
3.9k+

Günorta Koreýada ekzoskeletli geýimköpçülikleýin öndürilmäge taýyn edildi

Günorta Koreýada täze görnüşli ekzoskelet oturdylan ýeňil geýim — “robo-mata” bilen işlýän kostýum köpçülikleýin önümçilige taýyn edildi. Bu çözgüt Koreýanyň Maşyngurluşyk we materiallar institutynyň (KIMM) robotika boýunça Öňdebaryjy tehnologiýalar merkezinde işlendi diýip, Eurekalert habar berýär
Boeing täze 777X uçarynyň sertifikatlaşdyrylmagynyň gijikdirilmegi sebäpli 5,4 milliard dollar ýitirdi
04.11.2025 19:35
7.6k+

Boeing täze 777X uçarynyň sertifikatlaşdyrylmagynyň gijikdirilmegi sebäpli 5,4 milliard dollar ýitirdi

Amerikanyň Boeing awiakompaniýasy 2025-nji ýylyň üçünji çärýegine degişli maliýe hasabatyny ýaýratdy. Hasabata görä, 777X ýolagçy uçarynyň sertifikatlaşdyrylmagynyň gijikdirilmegi goşmaça çykdajylara we jemi 5,4 milliard dollarlyk ýitgä sebäp boldy
Türkmenistanda bank ulgamynda zähmet çekýän zenanlar arasynda bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi
04.11.2025 19:30
6.9k+

Türkmenistanda bank ulgamynda zähmet çekýän zenanlar arasynda bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi

Aşgabatda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary merkeziniň binasynda «Arkadag Serdarly ösüşlere beslenen Watanyň bagtyýar zenanlary» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Onda deslapky tapgyrlarda Aşgabat, Arkadag şäherlerinden, welaýatlardan ýeňiji bolan bank ulgamynda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar
«Sanly çözgüt – 2025» bäsleşigine şu günki güne çenli 350-den gowrak sanly taslamalar gelip gowuşdy
04.11.2025 19:08
3.8k+

«Sanly çözgüt – 2025» bäsleşigine şu günki güne çenli 350-den gowrak sanly taslamalar gelip gowuşdy

Türkmenistanda «Sanly çözgüt – 2025» atly innowasion taslamalaryň nobatdaky bäsleşiginiň saýlama tapgyry dowam edýär. Bäsleşik yglan edilen gününden bäri, ýurdumyzyň tehnologik özgertmeler bilen gyzyklanýan höwesjeňleriniň, talyp we okuwçy ýaşlarynyň 350-den gowrak sanly taslamalary gelip gowuşdy
Türkmenistanda maliýe boýunça II halkara olimpiada geçiriler
04.11.2025 19:00
1.6k+

Türkmenistanda maliýe boýunça II halkara olimpiada geçiriler

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty «Maliýe» dersi boýunça II Açyk halkara internet olimpiadasyny geçirýär. Ýokary okuw mekdebi Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny olimpiada gatnaşmaga çagyrýar
Britaniýaly fermerler kädilerden “Garaňkylygyň şazadasynyň” portretini ýygnap, rekord goýdular
04.11.2025 18:55
7.6k+

Britaniýaly fermerler kädilerden “Garaňkylygyň şazadasynyň” portretini ýygnap, rekord goýdular

Beýik Britaniýada fermerler Hellouini şeýle bir uly gerimde bellediler welin, hatda kädilerden we kabaçoklardan Black Sabbath toparynyň lideri, sazanda Ozzi Osbornyň ägirt portretini ýygnap, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
Rolls-Royce spirtde işleýän dünýäde ilkinji gämi hereketlendirijisini döretdi
04.11.2025 18:48
5.1k+

Rolls-Royce spirtde işleýän dünýäde ilkinji gämi hereketlendirijisini döretdi

Häzirki günde deňiz gatnawlary ähli ulag serişdeleriniň arasynda atmosferany esasy hapalaýjy çeşmeleriň biri bolup galýar. Gämileriň aglabasy häzirem dizel ýangyjyny ulanýar, ol bolsa ýanan wagty atmosfera diňe bir kömürturşy gazyny däl, eýsem beýleki köp sanly hapalaýjy maddalary zyňýar
Lexus kompaniýasy kaşaň jaýlary we gämileri gurup başlar
04.11.2025 18:46
6.2k+

Lexus kompaniýasy kaşaň jaýlary we gämileri gurup başlar

Lexus kompaniýasy Japan Mobility Show sergisinde diňe bir LS awtomobilleriniň futuristik konseptini däl, eýsem ulaglaryň çäginden çykýan ösüş strategiýasyny görkezdi. Indi kompaniýa gämilere, binagärlige we ýaşaýyş jaýlarynyň dizaýnyna ünsi jemleýär
Dünýäde oktýabrda iň gymmatlan we arzanlan harytlar belli boldy
04.11.2025 18:41
7.7k+

Dünýäde oktýabrda iň gymmatlan we arzanlan harytlar belli boldy

Oktýabrda dünýä bazarlarynda uly baha üýtgemeleri hasaba alyndy. Iň uly ösüşi kobalt görkezdi: onuň bahasy 28,5% ýokarlandy we bu hem metaly bu döwürde dünýäde iň gymmat haryda öwürdi. Bu barada ICE Futures, CME Group biržalarynyň we Şanhaýyň metal biržasynyň maglumatlaryna salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär
Rimiň merkezinde orta asyryň Konti binasy ýumruldy
04.11.2025 18:38
7.8k+

Rimiň merkezinde orta asyryň Konti binasy ýumruldy

Rimiň merkezinde şäheriň iň görnükli binalarynyň biri bolan Konti binasy bölekleýin ýumruldy diýip, Corriere della Sera habar berýär. Binada abatlaýyş işleri alnyp barylýardy. Waka bolan wagty binanyň içinde dört gurluşykçy işleýärdi
Türkmenistandan iki ýaş zehin Gazagystanda geçirilen halkara sungat festiwalynda ýeňiji boldy
04.11.2025 15:19
5.8k+

Türkmenistandan iki ýaş zehin Gazagystanda geçirilen halkara sungat festiwalynda ýeňiji boldy

Türkmenistandan iki wekil Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilen “THE PLANET OF ART – 2025” Halkara ýaşlar sungat festiwalynyň ýeňijileri boldular.  Ylham Orazmämmedow instrumental ugur boýunça, Aýşat Rejepowa bolsa horeografiýa ugrunda ýeňiş gazandy
TikTok-da uzyn widolary dik wideolara öwürmek üçin gural peýda bolar
04.11.2025 15:02
3.3k+

TikTok-da uzyn widolary dik wideolara öwürmek üçin gural peýda bolar

TikTok programmasynda awtomatik taýdan uzyn wideolary gysga dik wideolara öwrüp bilýän täze emeli aň guraly peýda bolar diýip, The Verge habar berýär. Smart Split atly funksiýa bir minutdan gowrak dowam edýän wideolar üçin niýetlenýär we podkastlar hem wideobloglar üçin has peýdaly bolar
Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady
04.11.2025 14:46
11k+

Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady

Şu gün, 4-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa + ABŞ» formatyndaky (C5+1) Sammite gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady. Bu barada TDH habar berýär. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar
ABŞ-da hökümet işiniň togtadylmagy sebäpli howa gatnawlary köpçülikleýin ýatyrylyp bilner
04.11.2025 14:37
8k+

ABŞ-da hökümet işiniň togtadylmagy sebäpli howa gatnawlary köpçülikleýin ýatyrylyp bilner

ABŞ-nyň awiasiýa pudagyndaky ýagdaý dowam edýän şatdaun sebäpli barha kynlaşýar. Ulag ministri Şon Daffi CNBC bilen söhbetdeşlikde uçuşlar howpsuz däl diýlip hasaplanan ýagdaýynda hökümetiň ýurduň howa giňişligini ýapyp biljekdigini aýtdy
Jeep Grand Cherokee güýçli turbo hereketlendirijisine we täzelenen interýere eýe boldy
04.11.2025 14:34
3.8k+

Jeep Grand Cherokee güýçli turbo hereketlendirijisine we täzelenen interýere eýe boldy

Jeep kompaniýasy meşhur Grand Cherokee krossoweriniň täzelenen görnüşini hödürledi. Täzelenen model 3,6 litrlik V6 Pentastar hereketlendirijisiniň ýerine, Stellantis konserniniň täze, has güýçli we has tygşytly diýlip mälim edilýän Hurricane maşgalasyndan dört silindrli hereketlendirijini aldy
SEMA Show 2025 sergisinde aýratyn ýolsuz ýerler üçin niýetlenen Honda Passport taýýarlandy
04.11.2025 14:28
2.3k+

SEMA Show 2025 sergisinde aýratyn ýolsuz ýerler üçin niýetlenen Honda Passport taýýarlandy

Las-Wegasda geçiriljek SEMA Show 2025 týuning sergisinde Honda Racing Corporation (HRC) kompaniyasy ýolsuz ýerlerde agyr şertlerde sürmek üçin ýörite taýýarlanan Honda Passport TrailSport HRC wnedorožniginiň aýratyn wersiýasyny tanyşdyrar
Tehasyň Hökümeti autizm bilen bagly hakykaty gizlemekde aýyplap, Johnson & Johnson-a garşy kazyýet arzasyny berdi
04.11.2025 14:20
3.8k+

Tehasyň Hökümeti autizm bilen bagly hakykaty gizlemekde aýyplap, Johnson & Johnson-a garşy kazyýet arzasyny berdi

Tehas ştatynyň (ABŞ) resmileri Johnson & Johnson (J&J) we onuň öňki bölümi Kenvue kompaniýasyna garşy kazyýete ýüz tutdy. Olaryň berýän aýyplamalaryna görä, kompaniýalar Tylenol (asetaminofen) dermanynyň çagalaryň arasynda autizmiň döremegine sebäp bolup biljek ähtimallygy barada maglumatlary gizläpdir
Kia PV5 bir zarýadda iň uzak ýol geçmek boýunça furgonlar arasynda Ginnes rekordyny täzeledi
04.11.2025 14:13
2.4k+

Kia PV5 bir zarýadda iň uzak ýol geçmek boýunça furgonlar arasynda Ginnes rekordyny täzeledi

Kia PV5 elektrik furgony resmi taýdan Ginnes rekordlar kitabyna girizildi. Model doly ýük bilen synagdan geçirilen satlykdaky elektromobilleri arasynda iň uzak ýol geçýän ulag hökmünde ykrar edildi: furgon bir zarýadda 693,38 kilometr geçdi
Türkmenistanyň birža söwdalarynyň jemi boýunça  8 million 517 müň dollarlyk geleşikler baglaşyldy
04.11.2025 13:15
1.9k+

Türkmenistanyň birža söwdalarynyň jemi boýunça 8 million 517 müň dollarlyk geleşikler baglaşyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 8 million 517 müň dollaryndan bolan geleşikleriň 13-si hasaba alyndy.  Daşary ýurt  puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň
Nvidia, Stellantis, Uber we Foxconn robotaksi döretmek üçin birleşýärler
04.11.2025 13:09
1.5k+

Nvidia, Stellantis, Uber we Foxconn robotaksi döretmek üçin birleşýärler

Robotlaşdyrylan taksi bazarynda täze iri taslama peýda bolýar. Stellantis, Nvidia, Foxconn we Uber özbaşdak hereket edýän awtoulaglary döretmek we önümçilige goýbermek boýunça bilelikdäki başlangyjy yglan etdiler
Toyota düýpgöter täzelenen Corolla konseptini hödürledi
04.11.2025 13:04
7.4k+

Toyota düýpgöter täzelenen Corolla konseptini hödürledi

Tokioda Japan Mobility Show sergisinde Toyota täzeden işlenip düzülen Corolla ady bilen konsept awtoulagyny görkezdi. Täze modeliň dizaýny hem interýeri häzirki nesilden düýpgöter tapawutlanýar. Öndüriji gönüden-göni tassyklamasa-da, bilermenler bu konseptiň 2027-nji ýylda çykmagyna garaşylýan Corolla-nyň 13-nji nesliniň habarnamasy bolup biljekdigini belleýärler
Hytaýda 2025-nji ýylyň iň ygtybarly benzinli awtoulaglary belli edildi: öňde — Toyota, Ford we Chery
04.11.2025 12:56
5.2k+

Hytaýda 2025-nji ýylyň iň ygtybarly benzinli awtoulaglary belli edildi: öňde — Toyota, Ford we Chery

JD Power agentliginiň Hytaýdaky bölümi 2025-nji ýylyň benzin bilen işleýän iň ygtybarly awtoulaglarynyň reýtingini çap etdi. Barlaga 2021-nji we 2024-nji ýyllar aralygynda awtoulag satyn alan 22 900 sürüji gatnaşdy
ABŞ-da EA çat-botlary hyýaly kazyýet mejlisinde oturdaşlaryň wezipesini synag edildi
04.11.2025 12:32
1.8k+

ABŞ-da EA çat-botlary hyýaly kazyýet mejlisinde oturdaşlaryň wezipesini synag edildi

Demirgazyk Karolina uniwersitetiniň (ABŞ) hukuk fakultetinde adaty bolmadyk synag geçirildi: emeli aň bilen işleýän çat-botlar hyýaly kazyýet mejlisinde oturdaşlaryň ornunda çykyş etdiler. Bu barada Futurism neşiri habar berýär
Mercedes-Benz täze Sprinter-i “daş heýkel” görnüşinde yglan etdi
04.11.2025 10:11
5k+

Mercedes-Benz täze Sprinter-i “daş heýkel” görnüşinde yglan etdi

Mercedes-Benz Sprinter furgonynyň täze neslini adaty bolmadyk görnüşde tanyşdyrdy. Kompaniýa adaty suratlaryň ýerine The Boulder atly heýkeli görkezdi — ol furgonyň şekilleri çykyp duran uly harsaň daşa meňzeýär
Alymlar maýalaryň Gün tutulmalaryny asyrlarboýy nädip takyk aýdandyklaryny açykladylar
04.11.2025 10:04
6.2k+

Alymlar maýalaryň Gün tutulmalaryny asyrlarboýy nädip takyk aýdandyklaryny açykladylar

Alymlar maýa siwilizasiýasynyň asyrlaryň dowamynda Gün tutulmalaryny juda ýokary takyklyk bilen çaklap bilendiginiň syryny düşündirdiler. Aýdylyşyna görä, olar ýygnanan astronomik nätakyklary düzetmek üçin biri-birine gabat gelýän çylşyrymly senenama jedweller ulgamyny ulanypdyrlar
Alymlar ilkinji gezek termoýadro reaktorynyň içinde plazmanyň nähili görnüşde bolýandygyny görkezdiler
04.11.2025 09:37
3.2k+

Alymlar ilkinji gezek termoýadro reaktorynyň içinde plazmanyň nähili görnüşde bolýandygyny görkezdiler

Britaniýanyň Tokamak Energy kompaniýasy ilkinji gezek synag termoýadro reaktory bolan ST40-nyň içindäki plazmanyň nähili hereket edýändigini jemgyýetçilige görkezdiler. Bu üstünlik adamzady çäksiz we ekologiýa taýdan arassa energiýa öndürip bilýän elektrik stansiýalaryna bir ädim ýakynlaşdyrýar
Näme üçin suratkeşler dünýäni başgaça görýärler: alymlar muny beýniniň aýratynlyklary bilen düşündirdiler
04.11.2025 09:35
3.4k+

Näme üçin suratkeşler dünýäni başgaça görýärler: alymlar muny beýniniň aýratynlyklary bilen düşündirdiler

Amerikaly alymlar suratkeşlik ukyby bolan adamlaryň töweregindäki dünýäni üýtgeşik görnüşde kabul edýändigini anykladylar. 2024-nji ýylda alymlar iki topar talyplaryň gatnaşmagynda ýörite barlag geçirdiler. Birinji toparda döredijilik ugruny ýöriteleşen ABŞ-nyň öňdebaryjy okuw jaýlarynyň biri bolan Pratt institutynyň 40 talyby bardy
Freddi Krýuger Şöhrat alleýasynda ýyldyz aldy
04.11.2025 09:27
4.7k+

Freddi Krýuger Şöhrat alleýasynda ýyldyz aldy

“Garagaç köçesindäki elhençlik” (Кошмар на улице Вязов) filmlerinde Freddi Krýugeriň keşbi boýunça tanalýan aktýor Robert Inglund Golliwudyň Şöhrat alleýasynda atly ýyldyz aldy. Dabara 31-nji oktýabrda, Hellouiniň öňüsyrasy geçirildi diýip, People habar berýär
Toyota kompaniýasy bZ4X elektromobilini ýaryş sportkaryna öwürdi
03.11.2025 18:08
3.5k+

Toyota kompaniýasy bZ4X elektromobilini ýaryş sportkaryna öwürdi

Toyota konserni öz yzygiderli çykýan modellerini ösdürmegiň adaty bolmadyk ýollaryny gözlemegi dowam etdirýär. SEMA týuning-şüweleňinde kompaniýa ýigrimi töweregi taslama hödürlär we olaryň biri-de ABŞ-da Toyota bZ ady bilen satylýan bZ4X elektrokrossoweriniň ýaryş wersiýasy bolar
“Ýoldaky jaýyň” režissýory studiýa bilen dawadan soň filmiň dowamyny özbaşdak düşürer
03.11.2025 17:33
8.2k+

“Ýoldaky jaýyň” režissýory studiýa bilen dawadan soň filmiň dowamyny özbaşdak düşürer

“Ýoldaky jaý” uruşly filminiň režissýory Dag Laýman Amazon MGM studiýasy bilen ýüze çykan düşünişmezlikden soň filmiň dowamyny özbaşdak düşürmegi meýilleşdirýär. Laýman 2024-nji ýyldaky film-remeýkiň kinoteatrlarda prokata goýbermezden, diňe Prime Video platformasynda çykarylandygyna nägilelik bildirdi
Sinner Pariždäki “Mastersde” ýeňiş gazanyp, dünýäniň birinji raketkasy adyny gaýdyp aldy
03.11.2025 17:30
3.5k+

Sinner Pariždäki “Mastersde” ýeňiş gazanyp, dünýäniň birinji raketkasy adyny gaýdyp aldy

Italiýaly tennisçi Ýannik Sinner Pariždäki “Masters” ýaryşynda ýeňiş gazanandan soň ýene-de dünýäniň birinji raketkasy boldy. Ol finalda kanadaly Feliks Ože-Alýassimi 6:4, 7:6 (7:4) hasabynda utdy. Italiýaly türgen üçin bu ýeňiş Alýassim bilen bäş şahsy duşuşykda üçünji boldy