Türkmenistan we ÝUNFPA täze ýurt maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
16.09.2025 20:14
2k+

Türkmenistan we ÝUNFPA täze ýurt maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

16-njy sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ilat Gaznasynyň (ÝUNFPA) Türkmenistandaky ýurt boýunça direktory Çinwe Ogbonna bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirdi
Los-Anjelesde 15 mln dollara Dewid Linçiň öýi satylýar
16.09.2025 20:07
6.9k+

Los-Anjelesde 15 mln dollara Dewid Linçiň öýi satylýar

Los-Anjelesde amerikaly kinorežissýor Dewid Linçe degişli bolan üç jaýdan ybarat toplum satuw çykaryldy. Ol bu ýerde 35 ýyl ýaşap, “Malholland draýw” (Малхолланд драйв) we “Ýitirilen ýol” (Шоссе в никуда) ýaly filmlerini döretdi
Google Gemini ABŞ-da iPhone üçin iň meşhur mugt programma boldy
16.09.2025 20:04
1.6k+

Google Gemini ABŞ-da iPhone üçin iň meşhur mugt programma boldy

Google-yň Gemini programmasyna ABŞ-da iPhone üçin iň meşhur mugt programmalaryň sanawynda birinji orny eýelemek başartdy. Bu barada 9to5Google habar berýär. Google-yň beýleki meşhur mugt programmalarynyň arasynda Search, Google Maps, Google Chrome we Gmail hem bar
Krouford iň gowy boksçylaryň reýtinginde Aleksandr Usikden öňe geçip, birinji orny eýeledi
16.09.2025 20:02
6.5k+

Krouford iň gowy boksçylaryň reýtinginde Aleksandr Usikden öňe geçip, birinji orny eýeledi

The Ring žurnaly boýunça amerikaly boksçy Terens Krouford agram derejesine garamazdan (p4p) dünýäniň iň gowy boksçylarynyň reýtinginde birinji orna çykdy. 14-nji sentýabrda Krouford emin agzalarynyň biragyzdan karara gelmeginde meksikaly Saul “Kanelo” Alwaresi ýeňip, ikinji orta agramda (76,2 kg çenli) absolýut dünýä çempiony titulyna eýe boldy
Hindi inženerleri uçarlar üçin “howa ýassyklaryny” oýlap tapdy
16.09.2025 19:57
7.7k+

Hindi inženerleri uçarlar üçin “howa ýassyklaryny” oýlap tapdy

Hindi inženerleri uçarlar üçin täze howpsuzlyk ulgamyny döretdi – olar uçaryň fýuzelýažyny heläkçilik wagtynda açylyp, aşak gaçyşy ýumşatjak ägirt ýassyklar bilen örtmegi teklip edýär. Bu pikir şu ýylyň iýunynda Air India kompaniýasynyň uçary heläkçilige uçrandan soň peýda boldy
Tbiliside Türkmenistan bilen Gruziýanyň gatnaşyklary hakynda dokumental filmiň taslamasy maslahatlaşyldy
16.09.2025 19:16
7.9k+

Tbiliside Türkmenistan bilen Gruziýanyň gatnaşyklary hakynda dokumental filmiň taslamasy maslahatlaşyldy

Tbiliside Türkmenistanyň ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow bilen gruziýaly kinematograf Tengiz Malania duşuşdy. Duşuşyk iki ýurduň köpugurly gatnaşyklary barada dokumental film döretmek mowzugyna bagyşlandy. Ilçi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanjak çäreler barada aýtdy
Koreýanyň ilçihanasy türkmen raýatlary üçin talyp hakly maksatnamasyny yglan etdi
16.09.2025 19:09
9.1k+

Koreýanyň ilçihanasy türkmen raýatlary üçin talyp hakly maksatnamasyny yglan etdi

Koreýa Respublikasynyň Bilim ministrliginiň Halkara Bilim instituty ýokary bilim almak üçin döwlet talyp hakly maksatnamasyna (GKS) arzalaryň kabul edilip başlanandygyny mälim etdi. Bu maksatnamanyň çäklerinde Türkmenistanyň raýatlary üçin ilçihana arkaly bakalawr maksatnamasyna iki orun berilýär
Aşgabatda Hazar deňzi meseleleri boýunça iş toparynyň 11-nji mejlisi geçirilýär
16.09.2025 19:02
2.1k+

Aşgabatda Hazar deňzi meseleleri boýunça iş toparynyň 11-nji mejlisi geçirilýär

15-nji sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministrliginde Hazar deňzi meseleleri boýunça ýokary derejeli iş toparynyň on birinji mejlisi öz işine başlady. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Bahreýniň täze ilçisini kabul etdi
16.09.2025 18:56
1.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Bahreýniň täze ilçisini kabul etdi

15-nji sentýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Bahreýn Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi Bassam Ahmed Ali Marzukdan ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada milli Parlamentiň metbugat gullugy habar berýär
Rustam Minnihanow Tatarystanyň Baştutany wezipesine gaýtadan saýlanyldy
16.09.2025 18:49
5.6k+

Rustam Minnihanow Tatarystanyň Baştutany wezipesine gaýtadan saýlanyldy

Tatarystanyň häzirki Baştutany Rustam Minnihanow saýlawlarda 88,09% ses alyp ýeňiş gazandy. Bu barada Russiýanyň Merkezi Saýlaw Komissiýasy protokollar 100% işlenip taýýarlanylmagynyň netijeleri boýunça habar berdi diýip, RIA Nowosti ýazýar
Meta täze önümleri bilen tanyşdyrmaga taýýarlanýar: 800 dollara geljegiň äýnegi, EA hyzmatlary we beýlekiler
16.09.2025 18:33
3.9k+

Meta täze önümleri bilen tanyşdyrmaga taýýarlanýar: 800 dollara geljegiň äýnegi, EA hyzmatlary we beýlekiler

Wirtual we giňeldilen hakykata, emeli aňa we metaälemine bagyşlanan Meta Connect 2025 ýyllyk konferensiýasyna sanlyja gün galdy. Şu ýyl kompaniýa akylly äýneklerini we EA tehnologiýalaryny ösdürmäge ünsi gönükdirer
“Doga: Soňky dessurlar” iki hepdede 330 mln dollardan gowrak ýygnady
16.09.2025 18:27
2.9k+

“Doga: Soňky dessurlar” iki hepdede 330 mln dollardan gowrak ýygnady

“Doga: Soňky dessurlar” (Заклятие: Последние обряды) elhençlik filminiň kassa ýygymy iki hepde prokatyň dowamynda bütin dünýäde 330 mln dollardan geçdi. Bu barada Variety ýazýar. Ikinji dynç günleriniň jemi boýunça, film ABŞ-da 131 mln dollar ýygnap, kassa ýygymy boýunça ikinji orny eýeledi
Balkanabatda kitap okamak boýunça bäsleşik geçirildi
16.09.2025 18:23
4.8k+

Balkanabatda kitap okamak boýunça bäsleşik geçirildi

14-nji sentýabrda “Kämil bilim” okuw merkeziniň Balkanabat şäherindäki şahamçasynda “Kitap – ýeňşiň açary” ady bilen kitap okamak boýunça bäsleşik geçirildi. Oňa Balkan welaýatynyň kitapsöýüjileriniň 300-e golaýy gatnaşdy diýip, guramaçylar habar berdi
Kriştianu Ronaldu yzygider ikinji ýyl Saud Arabystanynda “Altyn butsy” aldy
16.09.2025 14:43
10k+

Kriştianu Ronaldu yzygider ikinji ýyl Saud Arabystanynda “Altyn butsy” aldy

“Al-Nasryň” portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu geçen möwsümde Saud Arabystanynyň çempionatynyň iň gowy bombardiri hökmünde “Altyn butsy” baýragyny aldy. “Kriştianu Ronaldu, “Al-Nasryň” kapitany 2024/2025 möwsüminiň “Altyn butsy” baýragyny aldy – yzygider ikinji gezek
Şekspiriň keşbinde Pol Meskalyň oýnamagyndaky film Torontodaky kinofestiwalyň baş baýragyny aldy
16.09.2025 14:42
2.2k+

Şekspiriň keşbinde Pol Meskalyň oýnamagyndaky film Torontodaky kinofestiwalyň baş baýragyny aldy

Režissýor Hloýa Çžaonyň “Hamnet” dramasy Torontodaky 50-nji halkara kinofestiwalynda baş baýragyň – tomaşaçylaryň baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Variety neşiri habar berýär. Film ýazyjy Meggi O’Farrelliň 2020-nji ýylda çykan adybir romanyna esaslanýar
Team Falcons topary Dota 2 boýunça ýaryşda ýeňiji bolup, $1 mln gazandy
16.09.2025 13:50
4.8k+

Team Falcons topary Dota 2 boýunça ýaryşda ýeňiji bolup, $1 mln gazandy

Team Falcons topary Dota 2 oýny boýunça The International 2025 ýaryşynda ýeňiji boldy. Ýaryş Germaniýanyň Gamburg şäherinde geçirildi. Grand-finalda topar bäş kartanyň netijesi boýunça Xtreme Gaming hytaý toparyny 3:2 hasabynda utdy
Ýene 28 günden Windows 10-nyň goldawy tamamlanýar. Microsoft soňky duýduryşy berýär
16.09.2025 13:25
2.1k+

Ýene 28 günden Windows 10-nyň goldawy tamamlanýar. Microsoft soňky duýduryşy berýär

Microsoft kompaniýasy Windows 10 operasion ulgamyna goldawyň ýene 28 günden tamamlanjakdygy barada duýduryş berdi. Bu Windows 10 2015 LTSB we Windows 10 IoT Enterprise LTSB 2015 wersiýalaryna hem degişlidir. 14-nji oktýabrdan soň ulanyjylar soňraky howpsuzlyk täzelenmelerini we tehniki goldawy almazlar
OpenAI: ChatGPT-ni iş maksady bilen ulanýanlaryň sany gitdigiçe azalýar
16.09.2025 12:21
1.8k+

OpenAI: ChatGPT-ni iş maksady bilen ulanýanlaryň sany gitdigiçe azalýar

ChatGPT-den her hepde peýdalanýan ulanyjylaryň sany 700 million adama, ýagny Ýer şarynyň uly ýaşly ilatynyň 10 göterimine barabar. Bu barada OpenAI kompaniýasynyň çap eden makalasynda aýdylýar. Makalada beýleki gyzykly maglumatlar hem getirilýär
Şwesiýaly Dýuplantis 6,30 m beýiklikden aşyp, 14-nji rekordyny goýdy
16.09.2025 12:16
5.8k+

Şwesiýaly Dýuplantis 6,30 m beýiklikden aşyp, 14-nji rekordyny goýdy

15-nji sentýabrda Tokiodaky ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatynda şwesiýaly şestli böküji Arman Dýuplantis karýerasynda nobatdaky, eýýäm 14-nji dünýä rekordyny goýdy. Ol 6,30 m beýiklikden geçdi. Şonuň bilen türgen awgustda Budapeştdäki “Memorial Iştwan Dýulaý” ýaryşynda goýan öňki rekordyny (6,29 m) täzeledi
Raşid Meredow Dohada Katar Döwletiniň Emiri bilen duşuşdy
16.09.2025 11:59
6.4k+

Raşid Meredow Dohada Katar Döwletiniň Emiri bilen duşuşdy

15-nji sentýabrda Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler. Duşuşykda Katar Döwletiniň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentine hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna salamyny we çuňňur hormaty baradaky sözlerini ýetirmegi haýyş etdi
Raşid Meredow Dohada adatdan daşary arap-yslam sammitine gatnaşdy
16.09.2025 11:55
5.6k+

Raşid Meredow Dohada adatdan daşary arap-yslam sammitine gatnaşdy

14–15 sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Arap döwletleriniň Ligasynyň hem-de Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň Daşary işler ministrleriniň nobatdan daşary maslahatyna we adatdan daşary arap-yslam sammitine gatnaşmak üçin Dohada sapar bilen boldy
Alphabet bazar bahasy 3 trln dollardan geçen taryhda dördünji kompaniýa boldy
16.09.2025 11:50
1.9k+

Alphabet bazar bahasy 3 trln dollardan geçen taryhda dördünji kompaniýa boldy

15-nji sentýabrda Google-a eýeçilik edýän Alphabet korporasiýasy bahasyny 4% ýokarlandyrdy. Şeýlelikde, ol dünýäde bazar bahasy 3 trln dollardan geçýän dördünji kompaniýa boldy. Iň ýokary derejesinde onuň bazar bahasy 3,04 trln dollara ýetdi
Apple iOS 26-ny çykardy: haýsy iPhone-lar täzelenmäni alyp biler?
16.09.2025 11:43
2.5k+

Apple iOS 26-ny çykardy: haýsy iPhone-lar täzelenmäni alyp biler?

Apple kompaniýasy iPhone üçin täze iOS 26 operasion ulgamyny çykardy. Täzelenmäni 30 töweregi model aldy, ýöne iPhone XS, iPhone XS Max we iPhone XR smartfonlary iOS 18-de galar. Kompaniýa täzelenmäni birbada gurnamak başartmasa, munuň serwerlere agram düşmegi bilen baglanyşyklydygyny we soňrak synanyşyp görmelidigini duýdurdy
ABŞ we Hytaý TikTok-yň satuw şertlerini ylalaşdy
16.09.2025 11:27
7.2k+

ABŞ we Hytaý TikTok-yň satuw şertlerini ylalaşdy

ABŞ we Hytaý TikTok sosial ulgamynyň satuw şertleri barada çarçuwaly ylalaşyk gazandy. Bu barada ABŞ-nyň maliýe ministri Skott Bessent aýtdy diýip, Reuters habar berýär. Bessent şertnama barada heniz giňişleýin maglumatlaryň ýokdugyny we olaryň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň 19-njy sentýabrda HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşygy wagtynda yglan ediljekdigini belledi
Türkmenistanyň biržasynda geçen hepdedäki geleşikleriň jemi bahasy 10,4 mln dollardan gowrak boldy
16.09.2025 11:24
1.7k+

Türkmenistanyň biržasynda geçen hepdedäki geleşikleriň jemi bahasy 10,4 mln dollardan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 10 million 409 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 32-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Birleşen
Türkmenistanyň Prezidenti Meksikany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
16.09.2025 10:28
1.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti Meksikany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti hanym Klaudiýa Şeýnbauma Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi
0,03 sekunt tapawut: Tokioda marafon boýunça dünýä çempiony fotofiniş arkaly kesgitlendi
15.09.2025 23:20
8.5k+

0,03 sekunt tapawut: Tokioda marafon boýunça dünýä çempiony fotofiniş arkaly kesgitlendi

Tokioda ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatynda taryhda ilkinji gezek marafonyň ýeňijisi fotofinişiň kömegi bilen kesgitlendi. Dünýä çempiony Alfons Feliks Simbu (Tanzaniýa) we kümüş baýragyň eýesi Amanal Petros 42,195 km aralygy birmeňzeş wagtda – 2 sagat 9 minut 48 sekuntda ylgap geçdi
Wengriýaly figuralaýyn typyjy buzuň üstünde ýüpden bökmek boýunça rekord goýdy
15.09.2025 23:10
5k+

Wengriýaly figuralaýyn typyjy buzuň üstünde ýüpden bökmek boýunça rekord goýdy

Wengriýada figuralaýyn typmak boýunça çempion Ester Sombatheýi konkide towsulýan ýüpden bökmek boýunça Ginnesiň rekordyny goýdy. Ol bir minutda 136 gezek bökmegi başardy. Bu synanyşyk ABŞ-nyň Aýdaho ştatynyň San-Walli şäherindäki typylýan meýdançada geçirildi
Aşgabatda täze Yutong awtobuslary hereket edip başlady
15.09.2025 21:59
21k+

Aşgabatda täze Yutong awtobuslary hereket edip başlady

Aşgabatda şäher ugurlary boýunça täze Yutong ýolagçy awtobuslary hereket edip başlady. Kondisioner ulgamy bolan 12 metrlik üç gapyly ulag serişdeleri paýtagtymyzyň çäginde ýolagçylara kadaly hyzmat etmäge girişdiler
«Türkmenistan» awiakompaniýasy içerki gatnawlaryň 1-nji sentýabrdan güýje giren täze tertibini neşir etdi
15.09.2025 18:46
26k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy içerki gatnawlaryň 1-nji sentýabrdan güýje giren täze tertibini neşir etdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan güýje giren içerki uçar gatnawlarynyň täzelenen tertibini çap etdi. Täze tertibe görä, awiakompaniýa Aşgabat - Daşoguz, Aşgabat - Türkmenabat, Aşgabat - Türkmenbaşy we Aşgabat - Mary ugurlary boýunça gündelik uçuşlary ýerine ýetirýär
Astronomlar “gara ýyldyzlaryň” bardygynyň alamatlaryny tapdylar
15.09.2025 18:02
5.7k+

Astronomlar “gara ýyldyzlaryň” bardygynyň alamatlaryny tapdylar

Maks Plankyň astronomiýa institutynyň (MPIA) astronomlary irki Älemde "gara ýyldyzlar" diýilýänleriň bardygynyň alamatlaryny habar berdiler. Bu obýektler käbir gadymy galaktikalaryň adatdan daşary uly massasyny we gara girdaplaryň çalt ösüşini düşündirip bilerdi
Ýerdäki çöllerden alnan bakteriýalaryň Aý we Mars topragynda ýaşap biljekdigi anyklanyldy
15.09.2025 17:55
4.5k+

Ýerdäki çöllerden alnan bakteriýalaryň Aý we Mars topragynda ýaşap biljekdigi anyklanyldy

Ýerdäki çöllerde tapylan Chroococcidiopsis görnüşli sianobakteriýalar Aý we Mars topragynda ýaşamaga ukyplydygyny görkezdiler. Italiýanyň kosmos gullugynyň (ASI) barlagçylary ReBUS taslamasynyň çäklerinde şeýle netijä geldiler
Lexus LFA-nyň mirasdüşerini taýýarlaýar: kuwwatly LFR superkary takmynan 900 at güýjüni alar
15.09.2025 17:46
4.8k+

Lexus LFA-nyň mirasdüşerini taýýarlaýar: kuwwatly LFR superkary takmynan 900 at güýjüni alar

Nýurburgring ýolunda 2010-2012-nji ýyllarda öndürilen LFA modeliniň mirasdüşeri boljak Lexus LFR superkarynyň prototipleri göze ildi. Autoevolution-yň  berýän maglumatyna görä, synaglara dürli aerodinamiki elementleri bolan LFR-iň üç wersiýasy gatnaşdy: biri uly antikryloly, beýlekisi kiçeňräk spoýlerli we üçünjisi goşmaça böleksiz
Türkmenistanda okuwçylar üçin koreý we ýapon dilleri boýunça okuw kitaplary neşir edildi
15.09.2025 17:42
6.5k+

Türkmenistanda okuwçylar üçin koreý we ýapon dilleri boýunça okuw kitaplary neşir edildi

Türkmenistanda umumybilim berýän mekdepleriniň 9-njy synplary üçin iki sany täze — «Koreý dili» we «Ýapon dili» okuw kitaplary neşir edildi. Bu işe daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny döwrebaplaşdyrmak hem-de sanly tehnologiýalary okuw işine ornaşdyrmak boýunça maksatnamanyň çäginde badalga berildi diýip, Bilim ministrliginde habar berdiler
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri Astanada halkara okuw maslahatyna gatnaşdylar
15.09.2025 17:35
2.7k+

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri Astanada halkara okuw maslahatyna gatnaşdylar

9–12-nji sentýabr aralygynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň we Ýagşygeldi Kakayew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekillerinden ybarat topar iş sapary bilen Astana şäherinde boldy. Saparyň
Apple täze iPhone smartfonlaryny bejermegiň bahasyny aýtdy
15.09.2025 17:05
4.3k+

Apple täze iPhone smartfonlaryny bejermegiň bahasyny aýtdy

Apple resmi hyzmat merkezlerinde täze iPhone modellerini bejeriş işiniň bahasyny mälim etdi. Garaşylyşy ýaly, hyzmatyň bahalary arzan däl. Smartfonlaryň ähli şaýlary üçin diýen ýaly çalyşmagyň bahasy ýokarlandy
BMW duýdansyz ýagdaýda öz firma nyşanynyň dizaýnyny täzeledi
15.09.2025 16:58
12k+

BMW duýdansyz ýagdaýda öz firma nyşanynyň dizaýnyny täzeledi

BMW kompaniýasy resmi yglan etmezden, öz belli nyşanyny täzeledi. Premýera Mýunhendäki IAA Mobility 2025 awtosalonynda boldy. Ol geljekki Neue Klasse hatarynyň stilini görkezýän täze iX3 elektrik krossoweri bilen bir wagtda görkezildi diýip, Carscoops habar berýär
Londonda Jeýms Bonduň jaýy satuwa çykaryldy: bahasy £6,45 mln
15.09.2025 16:55
7.9k+

Londonda Jeýms Bonduň jaýy satuwa çykaryldy: bahasy £6,45 mln

Londonda britaniýaly ýazyjy Ýan Flemingiň romanlarynyň gahrymany – meşhur “007 agenti” Jeýms Bond bilen baglanyşykly diýlip hasaplanýan jaý satuwa çykaryldy. Onuň bahasy 6,45 mln funt sterlinge barabar diýip, Mansion Global habar berýär
Google Pixel iň çalt ösýän premium-smartfon brendi boldy
15.09.2025 16:51
1.9k+

Google Pixel iň çalt ösýän premium-smartfon brendi boldy

Google Pixel brendi 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda premium smartfonlaryň bazarynda rekord ösüşi görkezdi. Bu barada Counterpoint Research analitiki kompaniýasyna salgylanyp, 9to5Google habar berýär. Pixel smartfonlarynyň satuwy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 105% ýokarlandy
Hytaýda dünýäde iň uzyn wantly köpri açyldy
15.09.2025 16:40
11k+

Hytaýda dünýäde iň uzyn wantly köpri açyldy

Hytaý Szýansu welaýatynyň Çançžou we Taýçžou şäherlerini birleşdirýän dünýäde iň uzyn wantly köpri bolan Çantaýy ulanylyşa girizdi. Desganyň uzynlygy 10,3 km barabar. Merkezi aralyk bolsa 1208 metr bolup, bu şeýle görnüşli köprüleriň arasynda dünýäde iň ulusy boldy
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.