Mercedes-Benz-iň girdejisi amerikan salgytlary sebäpli 31% azaldy
Mercedes-Benz Group-yň 2025-nji ýylyň üçünji çärýegindäki arassa girdejisi 1,19 milliard ýewro bolup, bu görkeziji geçen ýyldakydan 31% azdyr diýip, konserniň maliýe hasabatynda aýdylýar. Kompaniýa girdejiniň azalmagyny, esasan, satuwyň peselmegi we Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan onlarça ýurda girizilen import salgytlarynyň täsiri bilen düşündirýär