YouTube pes hilli wideolary awtomatik gowulandyryp başlar
31.10.2025 15:50
3.9k+

YouTube pes hilli wideolary awtomatik gowulandyryp başlar

YouTube, aýratynam, telewizorda wideo tomaşa etmegiň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen täze funksiýalary hödürledi. Esasy täzelikleriň biri 1080p-den pes durulykdaky wideolary awtomatik masştabirleme boldy. Platforma şeýle wideolaryň hilini HD, geljekde bolsa 4K derejesine çenli ýokarlandyrmak üçin emeli aň tehnologiýasyny ulanar
Çip ýetmezçiligi bütin dünýäde awtomobil önümçiligini bökdeýär
31.10.2025 15:44
4.9k+

Çip ýetmezçiligi bütin dünýäde awtomobil önümçiligini bökdeýär

Bütin dünýäde awtoöndürijiler çip ýetmezçiligi sebäpli önümçiligi azaldýar ýa-da azaltmagy meýilleşdirýär. Pudakda üpjünçilik zynjyryna awtomobil çiplerini öndürýän Nexperia kompaniýasynyň töwereginde Niderlandlar bilen Hytaýyň arasynda ýüze çykan dawa zyýan ýetirdi diýip, Bloomberg habar berýär
Spalletti “Ýuwentusyň” baş tälimçisi wezipesinde Igor Tudory çalyşdy
31.10.2025 15:34
4.6k+

Spalletti “Ýuwentusyň” baş tälimçisi wezipesinde Igor Tudory çalyşdy

Italiýanyň “Ýuwentus” futbol kluby Luçano Spallettiniň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenendigini mälim etdi. Şertnama şu möwsümiň ahyryna çenli hereket eder. Ozal žurnalist Nikolo Skira Spallettiniň zähmet hakynyň ýylda 3 mln ýewro boljakdygyny habar berdi
Nýu-Ýorkda täze ýokary tehnologiýaly gökdirän bina ABŞ-nyň iň beýik diňleriniň hataryna goşuldy
31.10.2025 13:05
8.6k+

Nýu-Ýorkda täze ýokary tehnologiýaly gökdirän bina ABŞ-nyň iň beýik diňleriniň hataryna goşuldy

Nýu-Ýork şäherinde täze binagärlik nyşany peýda boldy. Britaniýanyň Foster + Partners kompaniýasy tarapyndan taslanan 270 Park Avenue atly täze gökdirän bina 423 metr beýiklige ýetip, ABŞ-nyň iň beýik diňleriniň biri boldy diýip, New Atlas habar berýär
Polşadaky “Takyr Dagynda” kelleçanak kesmek üçin ulanylan gadymy kelt guraly tapyldy
31.10.2025 12:44
6.8k+

Polşadaky “Takyr Dagynda” kelleçanak kesmek üçin ulanylan gadymy kelt guraly tapyldy

Polşaly arheologlar kelleçanagyň töweregini kesip ýa-da deşip bejermekde ulanylýan seýrek duş gelýän kelt guralyny tapdylar. Tapyndy b.e. öňki IV–III asyrlara degişli. Bu bolsa Merkezi Ýewropada ýaşan keltleriň lukmançylyk endiklerine eýe bolandygyny görkezýär diýip, Nauka w Polsce neşiri habar berýär
Toyota Group satuwlaryny ýokarlandyrdy
31.10.2025 12:38
3.8k+

Toyota Group satuwlaryny ýokarlandyrdy

Toyota Motor Group 2025-nji ýylyň üçünji çärýegini satuwlaryň, önümçiligiň we eksportyň ösüşi bilen tamamlady. Aprel–sentýabr aýlary aralygynda toparyň umumy satuwy 5,64 mln awtoulag boldy, bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende +5% ýokarlanma diýmegi aňladýar
Hytaý “emeli Günüň” gurluşygyny 2027-nji ýyla çenli tamamlar
31.10.2025 12:29
5.8k+

Hytaý “emeli Günüň” gurluşygyny 2027-nji ýyla çenli tamamlar

Hytaýly alymlar “emeli Gün” diýip hem atlandyrylýan BEST (Burning Plasma Experimental Superconducting Tokamak) atly termoýadro enjamynyň gurluşygyny 2027-nji ýyla çenli tamamlamagy meýilleşdirýärler. Bu barada Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Mao Nin aýtdy
Türkmenistanyň içeri işler ministri Tähranda YHG-nyň duşuşygyna gatnaşdy
31.10.2025 12:16
12k+

Türkmenistanyň içeri işler ministri Tähranda YHG-nyň duşuşygyna gatnaşdy

28-nji oktýabrda Tähran şäherinde (Eýran) Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Içeri işler ministrleriniň 4-nji duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň içeri işler ministri Muhammet Hydyrowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär
Wilnýusda Türkmenistanyň we Litwanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy geçirildi
31.10.2025 12:03
1.6k+

Wilnýusda Türkmenistanyň we Litwanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy geçirildi

29-njy oktýabrda Litwa Respublikasyna amala aşyran saparyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow ýurduň daşary işler ministriniň orunbasary Widmant Werbiskas bilen duşuşdy
Maskyň wadasyna garamazdan, Tesla Cybercab-da rul we pedal bolup biler
31.10.2025 11:46
6.1k+

Maskyň wadasyna garamazdan, Tesla Cybercab-da rul we pedal bolup biler

Tesla kompaniýasy öz geljekki Cybercab robotaksisini, ozal Ilon Maskyň awtomobiliň doly awtonom boljakdygyny aýdandygyna garamazdan, rul we pedal bilen üpjün edip biler. Bu barada Bloomberg habar berýär. Tesla-nyň müdirler geňeşiniň başlygy Robin Denholm agentlik bilen söhbetdeşlikde adaty dolandyryş elementleriniň bolmagynyň federal howpsuzlyk düzgünlerine laýyk gelmek üçin zerur bolup biljekdigini aýtdy
Rio-de-Žaneýrodaky meşhur Maracana stadiony satuwa çykaryldy
31.10.2025 11:43
6.8k+

Rio-de-Žaneýrodaky meşhur Maracana stadiony satuwa çykaryldy

Rio-de-Žaneýronyň häkimiýeti “Fluminense” we “Flamengo” futbol klublarynyň öý oýunlarynyň geçýän ýeri bolan meşhur Maracana stadionyny satuwa çykarmak kararyna geldi. Bu barada RMC Sport habar berýär. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, meýdançanyň satuwy ony saklamak üçin çykdajylary azaltmak we sebitiň 1,89 mlrd ýewrolyk bergilerini bölekleýin ýapmak islegi bilen baglanyşykly boldy
Milliarderleriň baýlygy bir ýylda 10% artyp, rekord 13,4 trln dollara ýetdi
31.10.2025 11:40
6.2k+

Milliarderleriň baýlygy bir ýylda 10% artyp, rekord 13,4 trln dollara ýetdi

2024-nji ýylda dünýäde dollar milliarderleriniň sany 5,6% artyp, 3508 adama ýetdi – bu 2020-nji ýyldan bäri iň uly ösüş boldy. Olaryň umumy baýlygy 10,3% artyp, görlüp-eşidilmedik 13,4 trln dollara ýetdi. Şeýle maglumatlar Altrata gözleg kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan Billionaire Census 2025 ýyllyk hasabatyndan gelip çykýar
Microsoft Azure-däki uly bökdençlik bütin dünýäde Xbox bilen Microsoft 365-iň işine zyýan ýetirid
31.10.2025 11:36
1k+

Microsoft Azure-däki uly bökdençlik bütin dünýäde Xbox bilen Microsoft 365-iň işine zyýan ýetirid

Microsoft Azure bulut platformasy uly bökdençlik bilen ýüzbe-ýüz boldy, bu hem kompaniýanyň Microsoft 365 ofis programmalaryndan başlap, Xbox oýun hyzmatlaryna we Minecraft oýun serwerlerine çenli esasy hyzmatlaryna zyýan ýetirdi
Türkmenistanly agyr atletikaçy Didarbek Jumabaýew Aziýanyň rekordyny goýup, altyn medal gazandy
31.10.2025 09:55
13k+

Türkmenistanly agyr atletikaçy Didarbek Jumabaýew Aziýanyň rekordyny goýup, altyn medal gazandy

Türk­me­nis­tanly agyr atletikaçy Didarbek Jumabaýew häzirki wagtda Bahreýniň Manama şäherinde geçirilýän ýetginjekleriň Aziýa oýunlarynda altyn medal gazandy. Bu barada ýaryşyň resmi saýtynda habar berildi. Didarbek 79 kilograma çenli agram derejesinde çykyş etdi
“Yhlas Kagyz” HK CIET-2025 sergisinde ANYK TEKLIPLERI hödürlär
30.10.2025 19:26
41k+

“Yhlas Kagyz” HK CIET-2025 sergisinde ANYK TEKLIPLERI hödürlär

«Yhlas Kagyz» hususy kärhanasy “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda 3-4-nji noýabrda geçiriljek CIET-2025 - «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergisinde we maslahatynda LiuGong hem-de Zoomlion gurluşyk tehnikalary bilen tanyşmaga çagyrýar
Amerikan uçarmanlary “Melissa” harasatyny içinden wideo düşürdi
30.10.2025 19:20
15k+

Amerikan uçarmanlary “Melissa” harasatyny içinden wideo düşürdi

ABŞ-nyň Harby-howa güýçleriniň “Harasat awçylary” hökmünde belli bolan 53-nji meteorologiki gözleg eskadrilýasynyň uçarmanlary gözegçiligiň tutuş taryhynda Atlantikada iň güýçli harasatlaryň biri bolan “Melissa” tupanynyň merkezinden uçdy
Toyota Tokiodaky sergide Rolls-Royce we Bentley bilen bäsleşjek Century Coupe-ny görkezdi
30.10.2025 16:00
8.2k+

Toyota Tokiodaky sergide Rolls-Royce we Bentley bilen bäsleşjek Century Coupe-ny görkezdi

Tokioda Japan Mobility Show sergisinde Toyota öň yglan edilen Century Coupe kaşaň konseptiniň doly tanyşdyrylyşyny geçirdi. Kompaniýa Century maşynlaryny aýratyn ýokary hilli marka hökmünde ösdürjekdigini tassyklady
Porsche-niň amal girdejisi model hataryna gaýtadan seredilenden soň 99% pese düşdi
30.10.2025 15:42
6.5k+

Porsche-niň amal girdejisi model hataryna gaýtadan seredilenden soň 99% pese düşdi

Porsche 2025-nji ýylyň ilkinji dokuz aýy boýunça maliýe hasabatyny çap etdi. Maglumata görä, kompaniýanyň amal girdejisi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 4,035 milliard ýewrodan bary-ýogy 40 million ýewro çenli peseldi
Microsoft Copilot+ PC satuwyny ýokarlandyrmaga synanyşdy, ýöne tersine Apple Mac-e bolan isleg artdy
30.10.2025 15:36
2k+

Microsoft Copilot+ PC satuwyny ýokarlandyrmaga synanyşdy, ýöne tersine Apple Mac-e bolan isleg artdy

2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Windows 10 ulgamynyň resmi taýdan goldawy bes edilenden soň, ulanyjylaryň aglabasy kompýuterlerini täzelemäge karar berdiler. Şeýle-de bolsa, Microsoft täze EA ugry boýunça işleýän Copilot+ noutbuklaryny işjeň mahabatlandyran hem bolsa, ulanyjylaryň ählisi şol tarapa geçmedi — olar tersine, Apple Mac kompýuterlerini saýladylar
Saud Arabystanynda gökdirän binanyň ýokarsynda stadion gurlar
30.10.2025 15:16
16k+

Saud Arabystanynda gökdirän binanyň ýokarsynda stadion gurlar

Gökdirän binanyň depesinde futbol stadionyny göz öňüne getirip bilersiňizmi?! Eger ýok bolsa, Saud Arabystany ony size hakykatda görkezip biler – patyşalykda nobatdaky NEOM Sky Stadium mega-taslamasy hödürlendi
Misiň bahasy taryhy iň ýokary derejäni täzeledi
30.10.2025 15:09
8.6k+

Misiň bahasy taryhy iň ýokary derejäni täzeledi

Mis üçin üç aýlyk fýuçersleriň bahasy Londonyň metal biržasynda (LME) taryhy iň ýokary derejä ýetdi. Söwdanyň dowamynda baha bir tonna üçin 11 146 dollara ýetdi we bu öňki bahalardan 0,92% ýokarydyr. Öňki rekord 2024-nji ýylda goýuldy
Aşgabatda “ADAT Täze ýyl harytlary” dükany Täze ýyl satuwyna başlady
30.10.2025 14:54
323k+

Aşgabatda “ADAT Täze ýyl harytlary” dükany Täze ýyl satuwyna başlady

Täze ýyl möwsümi badalga alýar. Aşgabatda A.Annaýew köçesiniň ugrunda (Ostrowskiý) “ADAT Täze ýyl harytlary” dükany işläp başlady. Dükanda: dürli ölçeglerde we reňklerde Täze ýyl arçalary; arça şahalaryndan döredilen bezegler (täze ýyl gapy bezegleri, arça gozalary, asma bezegler we ş
Hytaýda haýran galdyryjy arzan bahadan täze Toyota Corolla Cross satuwa çykaryldy
30.10.2025 14:40
11k+

Hytaýda haýran galdyryjy arzan bahadan täze Toyota Corolla Cross satuwa çykaryldy

Hytaýda FAW Toyota bilelikdäki kärhanasy tarapyndan öndürilýän täzelenen Toyota Corolla Cross krossoweriniň satuwy başlandy. Täze modeliň bahasy 126 800–159 800 ýuan aralygynda (takmynan 17 800–22 500 dollar).
ABŞ-da sesden tiz uçýan sessiz X-59 uçarynyň ilkinji uçurylyşy geçirildi
30.10.2025 14:30
11k+

ABŞ-da sesden tiz uçýan sessiz X-59 uçarynyň ilkinji uçurylyşy geçirildi

ABŞ-da Lockheed Martin we NASA tarapyndan bilelikde işlenip düzülen synag görnüşli ýokary derejeli X-59 uçarynyň ilkinji uçuşy üstünlikli amala aşyryldy. Synaglar Kaliforniýada geçirildi: uçar ABŞ-nyň Harby-howa güýçleriniň Skunk Works zawodyndan uçup, Eduard howa güýçleri bazasyna gondy
5-nji noýabrda Türkmenistanyň asmanynda ýylyň iň ýagty dolan Aýy görner
30.10.2025 14:16
7k+

5-nji noýabrda Türkmenistanyň asmanynda ýylyň iň ýagty dolan Aýy görner

2025-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Türkmenistanyň ýaşaýjylary täsin asman hadysasyna – “Samyr Aýyna” syn edip biler. Bu gezek noýabryň Superaýy öňkülerden has owadan bolmagy wada berýär, çünki ol ýylda iň uly hem iň ýagty dolan Aý bolar
Türkmen oba hojalyk institutynda Topragy öwreniş boýunça II internet olimpiadasy geçirildi
30.10.2025 13:34
6.3k+

Türkmen oba hojalyk institutynda Topragy öwreniş boýunça II internet olimpiadasy geçirildi

29-njy oktýabrda Türkmen oba hojalyk institutynyň guramagynda Türkmenistandaky ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda Topragy öwreniş boýunça II internet ders bäsleşigi geçirildi. Bäsleşik institutyň içki portalynyň mümkinçiliklerinde peýdalanylyp geçirildi
Nvidia bazar bahasy 5 trln dollardan geçen dünýäde ilkinji kompaniýa boldy
30.10.2025 13:27
1.9k+

Nvidia bazar bahasy 5 trln dollardan geçen dünýäde ilkinji kompaniýa boldy

Amerikan grafiki prosessor işläp düzüjisi Nvidia-nyň bazar bahasy bäş trillion dollardan geçdi. Netijede, ol taryhda şeýle kapitalizasiýa ýeten ilkinji kompaniýa boldy. 29-njy oktýabrda NASDAQ biržasynda söwdanyň açylyşynda Nvidia-nyň paýnamalary tas 5%, bir paý üçin 210 dollara çenli ýokarlandy, bu hem kompaniýa kapitalizasiýa boýunça rekord derejä ýetmäge mümkinçilik berdi
Pawel Durow hasaplaýyş güýçlerini paýlaşmak üçin täze Cocoon taslamasyny işe girizýär
30.10.2025 13:23
3.2k+

Pawel Durow hasaplaýyş güýçlerini paýlaşmak üçin täze Cocoon taslamasyny işe girizýär

Telegram-yň esaslandyryjysy Pawel Durow täze taslamany – merkezleşdirilmedik Cocoon hasaplaýyş toruny hödürledi. Onuň tanyşdyrylyşy 29-njy oktýabrda Dubaýdaky forumda geçirildi. Cocoon (“Kokon”) ady – bu Confidential Compute Open Network-dan (“Gizlin hasaplaýyş tory”) gysgaltmadyr
Collider neşiri ähli döwürleriň iň gowy içaly filmleriniň 20-ligini düzdi
30.10.2025 13:11
2.7k+

Collider neşiri ähli döwürleriň iň gowy içaly filmleriniň 20-ligini düzdi

Collider neşiri ähli döwürleriň iň gowy 20 içaly filminiň sanawyny neşir etdi. Saýlawa 1920-nji ýyllaryň ahyryndan şu güne çenli surata düşürilen filmler girizildi. Sanawda birinji orny Şon Konneriň baş keşbi janlandyrmagyndaky Jeýms Bond hakyndaky üçünji film — “Goldfinger” («Голдфингер») (1964) eýeledi
OpenAI Julýard sungat mekdebiniň goldawy bilen emeli aň aýdym-saz generatorynyň üstünde işleýär
30.10.2025 12:47
1.8k+

OpenAI Julýard sungat mekdebiniň goldawy bilen emeli aň aýdym-saz generatorynyň üstünde işleýär

OpenAI kompaniýasy aýdym-saz döretmäge ukyply täze emeli aň modeliniň üstünde işlemäge girişdi diýip, The Information neşiri habar berýär. Bu maksat bilen kompaniýa EA-ny taýýarlamak üçin gerekli bolan nota partituralaryny belläp tertipleşdirmäge goldaw berýän dünýä belli Julýard sungat mekdebi bilen hyzmatdaşlyk edýär
Lexus Tokiodaky sergide üç dürli konsept-karyny hödürledi: miniwen, kross-kupe we sürüjisiz ulag
30.10.2025 12:19
6.1k+

Lexus Tokiodaky sergide üç dürli konsept-karyny hödürledi: miniwen, kross-kupe we sürüjisiz ulag

Tokioda Japan Mobility Show sergisinde Lexus kompaniýasy LS indeksli üç täze tejribeli konsept modelini görkezdi. Häzir bu at marka üçin flagman sedana degişli bolsa-da, onuň öndüriliş döwri tamamlanmaga ýakyn gelýär
Umar Nurmagomedow UFC-niň çempiony adyna esasy dalaşgär boldy
30.10.2025 11:45
11k+

Umar Nurmagomedow UFC-niň çempiony adyna esasy dalaşgär boldy

Garyşyk söweş sungatynyň russiýaly wekili Umar Nurmagomedow UFC-niň ýeňil agram derejesinde söweşijileriň sanawynda birinji basgançaga galdy. Bu agram derejesinde hereket edýän çempion adyny  gruziýaly Merab Dwalişwili saklap gelýär, emma Nurmagomedow indi çempionlyk üçin esasy dalaşgär hasaplanýar
Türkmenistanda maliýe we ykdysady adalgalaryň düşündirişli sözlügi çap edildi
30.10.2025 11:36
2.3k+

Türkmenistanda maliýe we ykdysady adalgalaryň düşündirişli sözlügi çap edildi

Türkmenistanda “Maliýe we ykdysady ulgamda ulanylýan adalgalaryň düşündirişli sözlügi” atly okuw gollanmasy çap edildi. Gollanmany Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy L. Saryýewa taýýarlady
Türkmen Oba hojalyk instituty "Agroinnowasiýalar" halkara ylmy-taslamalar bäsleşigini yglan etdi
30.10.2025 11:19
1.9k+

Türkmen Oba hojalyk instituty "Agroinnowasiýalar" halkara ylmy-taslamalar bäsleşigini yglan etdi

Türkmen Oba hojalyk instituty Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda yglan eden “Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly” atly halkara ylmy-taslamalar bäsleşigine arzalary kabul etmegini dowam edýär
Türkmenistan Samarkantda geçirilen ÝUNESKO-nyň maslahatynda ileri tutýan ugurlaryny hödürledi
30.10.2025 11:08
3.8k+

Türkmenistan Samarkantda geçirilen ÝUNESKO-nyň maslahatynda ileri tutýan ugurlaryny hödürledi

ÝUNESKO-nyň Baş Konferensiýasy köp wagtdan bäri ilkinji gezek guramanyň ştab-kwartirasyndan daşynda geçirilýär — 43-nji gezek geçirilýän bu forumy Özbegistanyň Samarkant şäheri kabul etdi. 29-njy oktýabrda konferensiýanyň çäginde ÝUNESKO agza döwletleriniň milli komissiýalarynyň 12-nji sebitara maslahaty geçirildi
Türkmenistan we GIZ ekologiýa maksatnamalary boýunça täze ylalaşyklara gol çekdiler
30.10.2025 10:59
2.7k+

Türkmenistan we GIZ ekologiýa maksatnamalary boýunça täze ylalaşyklara gol çekdiler

Aşgabatda Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) iki sany sebit maksatnamasy boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Bu resminamalara Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri Çarygeldi Babanyýazow hem-de GIZ-iň ýurdumyzdaky çäreleriniň utgaşdyryjysy bolup çykyş edýän Ýoahim Fris gol çekdiler
Argentinanyň Merkezi banky Maradonanyň geçiren «asyryň goluna» bagyşlap şaýy puluny çykardy
30.10.2025 10:43
4.9k+

Argentinanyň Merkezi banky Maradonanyň geçiren «asyryň goluna» bagyşlap şaýy puluny çykardy

Argentinanyň Merkezi banky «asyryň goluna» – Maradonanyň geçiren meşhur goluna bagyşlanan ýörite şaýy puluny çykardy. Bu şaýy 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatyna gabatlanyp taýýarlanyldy. Şol çempionata Argentina ýaryşyň häzirki çempiony hökmünde gatnaşar
Coursera Türkmenistanyň Bilim ministrligine bilimiň hilini we dolandyrylyşyny ýokarlandyrmak boýunça çözgütlerini hödürledi
30.10.2025 10:24
3.6k+

Coursera Türkmenistanyň Bilim ministrligine bilimiň hilini we dolandyrylyşyny ýokarlandyrmak boýunça çözgütlerini hödürledi

27-nji oktýabrda Waşington şäherinde Coursera kompaniýasynyň wekilleri bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýetiniň iş duşuşygy geçirildi. Duşuşykda kompaniýa bilimiň hilini we dolandyrylyşyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen ekosistemany hödürledi hem-de hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlaryny görkezdi
ABŞ-da Türkmenistanyň wekiliýetiniň Kraça institutynyň we Bütindünýä bankynyň wekilleri bilen duşuşygy boldy
30.10.2025 09:57
2.2k+

ABŞ-da Türkmenistanyň wekiliýetiniň Kraça institutynyň we Bütindünýä bankynyň wekilleri bilen duşuşygy boldy

27-nji oktýabrda Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Waşington şäherinde Bütindünýä bankynyň hem-de Perdýu uniwersitetiniň ýanyndaky Kraç Tehnologik Diplomatiýa institutynyň wekilleri bilen iş duşuşyklaryny geçirdi
Türkmenistanly talyp «Türki halklaryň iň gowy talyby» adyna mynasyp boldy
30.10.2025 09:47
9.2k+

Türkmenistanly talyp «Türki halklaryň iň gowy talyby» adyna mynasyp boldy

Astanada L.N.Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň Pedagogika ýokary mekdebinde daşary ýurt dilleri (nemes we iňlis) ugry boýunça okaýan türkmenistanly talyp Hemra Parrykow «Türki halklaryň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşiginiň ýeňijisi boldy