Alymlar Sahara çölüniň häzirkisinden 75%-e çenli “ygally” bolmagynyň mümkindigini çaklaýarlar
23.10.2025 09:57
7.4k+

Alymlar Sahara çölüniň häzirkisinden 75%-e çenli “ygally” bolmagynyň mümkindigini çaklaýarlar

XXI asyryň ikinji ýarymynda Sahara çölünde ýagşyň mukdary häzirki döwrüň görkezijileri bilen deňeşdirilende takmynan 75% ýokarlanyp biler diýip, ABŞ-nyň Illinoýs uniwersitetiniň klimatologlary çaklaýarlar. Barlaglaryň netijeleri npj Climate and Atmospheric Science žurnalynda çap edildi
2026-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy Jiorjio Armaniniň hormatyna bagyşlanar
23.10.2025 09:54
6.1k+

2026-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy Jiorjio Armaniniň hormatyna bagyşlanar

2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy italýan moda älemindäki meşhur dizaýner Jiorjio Armaniniň hormatyna bagyşlanar diýip, WWD neşiri habar berýär. Dabara 6-njy fewralda Milanda “San-Siro” stadionynda we şäheriň beýleki ýerlerinde geçiriler
“Dünýäniň iň berk çadyry”: nemes kompaniýasy sagatda 180 km tizlikli şemala çydamly çadyr döretdi
23.10.2025 09:51
5.7k+

“Dünýäniň iň berk çadyry”: nemes kompaniýasy sagatda 180 km tizlikli şemala çydamly çadyr döretdi

Germaniýanyň Heimplanet kompaniýasy “dünýäde iň berk ekspedisiýa çadyry” hökmünde tanadylan Mavericks Blue Ice modelini görkezdi diýip, New Atlas ýazýar. On adama niýetlenen bu çadyr sagatda 180 kilometre çenli ýele çydamly
Windows 11 ekranyňyzda bolup geçýän zatlary eşider we yzarlar
23.10.2025 09:48
1.2k+

Windows 11 ekranyňyzda bolup geçýän zatlary eşider we yzarlar

Microsoft operasion ulgamynyň 40 ýyllygynyň şanyna Windows 11 üçin uly emeli aň täzelenmesini taýýarlaýar. Täze mümkinçilikler diňe Copilot Plus kompýuterlerinde däl, eýsem ähli goldanylýan enjamlarda elýeterli bolar diýip, The Verge habar berýär
Tebigatyň göze görünmeýän gözelligi: Nikon Small World 2025 bäsleşiginiň netijeleri
23.10.2025 09:44
4.5k+

Tebigatyň göze görünmeýän gözelligi: Nikon Small World 2025 bäsleşiginiň netijeleri

Nikon kompaniýasy mikroskopik dünýäniň gizlin gözelligini açyp görkezýän, dünýäniň dürli künjeklerinden alymlary we suratçylary birleşdirýän 51-nji “Small World” mikrofotografiýa bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdi
Forbes 2025-nji ýylyň iň köp aýlykly futbolçylarynyň sanawyny düzdi
22.10.2025 22:20
11k+

Forbes 2025-nji ýylyň iň köp aýlykly futbolçylarynyň sanawyny düzdi

Forbes žurnaly 2025-nji ýylyň iň ýokary aýlykly futbolçylarynyň sanawyny neşir etdi. Sanawda Saud Arabystanynyň "Al-Nasr" klubunyň portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu birinji orunda durýar. Ikinji orunda duran “Inter Maýami” toparynyň argentinaly hüjümçisi Lionel Messi ondan takmynan iki esse az gazanýar
ABŞ-da gurluşykda poladyň ornuny tutup biljek “super agaç” peýda boldy
22.10.2025 22:11
4.5k+

ABŞ-da gurluşykda poladyň ornuny tutup biljek “super agaç” peýda boldy

ABŞ-da “Superwood” atly täze gurluşyk materialy satuwa çykaryldy. Onuň berkliginiň agramyna bolan gatnaşygy poladyňkydan on esse ýokary, şonuň üçin hatda gökdiren binalary gurmakda-da ulanylýar diýip, CNN habar berýär
SpaceX: Starlink V3 hemralary ulanyjylara gigabitli internet paýlar
22.10.2025 22:04
2.2k+

SpaceX: Starlink V3 hemralary ulanyjylara gigabitli internet paýlar

SpaceX kompaniýasy özüniň orbital internet ulgamy üçin emeli hemralaryň täze neslini — Starlink V3 — tanyşdyrdy. Täze enjamlar barada maglumat Starship kosmos gämisiniň 11-nji synag uçuşynyň göni ýaýlymynda berildi
Ýabany gözelligiň ýyl ýazgysy: “2025-nji ýylyň ýabany tebigat suratçysy” bäsleşiginiň netijeleri
22.10.2025 21:56
6.9k+

Ýabany gözelligiň ýyl ýazgysy: “2025-nji ýylyň ýabany tebigat suratçysy” bäsleşiginiň netijeleri

Günorta afrikaly suratçy Wim wan den Hiwer “Salgym şäheriň myhmany” atly suraty üçin “2025-nji ýylyň ýabany tebigat suratçysy” baýragyna mynasyp boldy. Suratda Namibiýadaky göwher gazylan, soň bolsa taşlanan Kolmanskop şäheriniň galyndylarynyň arasynda aýlanyp ýören goňur syrtlan görkezilýär
Fransiýada Luwrdan soň ýene bir muzeý talandy
22.10.2025 21:41
5.3k+

Fransiýada Luwrdan soň ýene bir muzeý talandy

Fransiýada ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Langr şäherinde “Deni Didronyň magaryf öýi” muzeýi talandy. Bu waka barada France Info habar berýär. 20-nji oktýabrda irden işe gelen muzeý işgärleri giriş gapysynyň we altyn hem kümüş teňňeli witrinalaryň döwlendigini gördi
Altyn rekord ösüşden soň arzanlap başlady
22.10.2025 21:37
11k+

Altyn rekord ösüşden soň arzanlap başlady

21-nji oktýabrda altynyň bahasy soňky 12 ýylda iň uly pese gaçyşy görkezdi. Häzirki baha 6,3% peselip, bir unsiýa üçin 4082 dollar boldy. Kümüş hem arzanlady: onuň bahasy 8,7%, bir unsiýa üçin 47,9 dollara çenli pese gaçdy diýip, Bloomberg habar berýär
ABŞ-da elektromobillere berilýän subsidiýalaryň ýatyrylmagy sebäpli GM 1,6 milliard dollar ýitirer
22.10.2025 20:17
3.9k+

ABŞ-da elektromobillere berilýän subsidiýalaryň ýatyrylmagy sebäpli GM 1,6 milliard dollar ýitirer

General Motors konserni ABŞ-da elektrik ulaglaryny satyn almak üçin 30-njy sentýabra çenli güýji bar bolan federal salgyt ýeňillikleriniň ýatyrylmagy netijesinde, takmynan 1,6 milliard dollar ýitgi çeker diýip çaklaýar
Halkara tennis federasiýasy adyny World Tennis diýip üýtgeder
22.10.2025 20:05
1k+

Halkara tennis federasiýasy adyny World Tennis diýip üýtgeder

2026-njy ýyldan başlap Halkara tennis federasiýasy (International Tennis Federation, ITF) täze — World Tennis — atlandyrylar diýip, guramanyň metbugat gullugy habar berýär. Adyny üýtgetmek baradaky karary ITF-iň düzümine girýän milli tennis birleşikleriniň köpüsi goldady
Toyota-nyň we Honda-nyň bölek şaýlary bambukdan we ýumurtga gabygyndan ýasalyp başlanar
22.10.2025 19:57
3.9k+

Toyota-nyň we Honda-nyň bölek şaýlary bambukdan we ýumurtga gabygyndan ýasalyp başlanar

Toyota we Honda kompaniýalarynyň bölek şaýlaryny öndürijiler önümçilik zynjyrlaryny ekologiýa taýdan has arassa etmek maksady bilen biomateriallar bilen synag geçirip başladylar. Ulanylmagy öwrenilýän materiallaryň arasynda bambuk süýümi we ýumurtga gabygy bar diýip, Nikkei Asia habar berýär
Ilon Mask 1 trln dollar tölemeseler, Tesla-dan gitjekdigini aýtdy
22.10.2025 17:53
15k+

Ilon Mask 1 trln dollar tölemeseler, Tesla-dan gitjekdigini aýtdy

Tesla-nyň ýolbaşçysy Ilon Mask paýdarlar 1 trln dollar möçberde täze öwez bukjasyny tassyklamasa, kompaniýadan gitjekdigini ýaňzytdy. On ýyla niýetlenen täze töleg maksatnamasy üçin paýdarlar indiki aýyň başynda ses berer
Prisypkadaky asbest sebäpli 3 müň britaniýaly “Johnson & Johnson” kompaniýasynyň üstünden kazyýete arza berdi
22.10.2025 15:02
10k+

Prisypkadaky asbest sebäpli 3 müň britaniýaly “Johnson & Johnson” kompaniýasynyň üstünden kazyýete arza berdi

Beýik Britaniýada üç müň töweregi ýaşaýjy Amerikanyň “Johnson & Johnson” kompaniýasynyň üstünden kazyýete arza berdi. Şikaýatçylar kompaniýanyň düzüminde rak keselini döredýän asbest maddasynyň bolmagynyň mümkindigini bilibem, talk prisypkasyny birnäçe ýyllap satandygyny öňe sürýärler diýip, BBC habar berýär
Juzeppe Marsoççi Giorgio Armani modalar öýüniň täze başlygy boldy
22.10.2025 14:26
1.9k+

Juzeppe Marsoççi Giorgio Armani modalar öýüniň täze başlygy boldy

Juzeppe Marsoççi Giorgio Armani toparynyň baş müdiri wezipesine bellendi. Onuň bellenilmegi 16-njy oktýabrda geçirilen mejlisde direktorlar geňeşi tarapyndan tassyklandy. Marsoççi Pantaleo Dell’Orko ýolbaşçylyk edýän direktorlar geňeşine hasabat berer
LEGO toplumy 1 milliondan gowrak çaga MRT-den gorkusyny ýeňmäge kömek etdi
22.10.2025 14:21
4k+

LEGO toplumy 1 milliondan gowrak çaga MRT-den gorkusyny ýeňmäge kömek etdi

Daniýanyň meşhur oýnawaç öndürijisi bolan LEGO kompaniýasy özüniň «LEGO MRI Scanner» atly okuw toplumy arkaly dünýä boýunça 1 milliondan gowrak çaga MRT barlagyndan öň dörän gorkularyny ýeňmäge kömek edendigini mälim etdi
CR450 dünýäde iň tiz elektrik otly boldy, ol sagatda 453 km tizlige ýetdi
22.10.2025 14:14
5.7k+

CR450 dünýäde iň tiz elektrik otly boldy, ol sagatda 453 km tizlige ýetdi

Hytaýda geçen ýyl hödürlenen dünýäde iň tiz CR450 elektrik otlusy synaglaryň dowamynda ýeke otly üçin täze tizlik rekordyny goýdy. Ol sagatda 453 km ýetdi diýip, MyDrivers portaly ýazýar. Tehniki talaplara doly laýyk gelmek üçin, otly ýolagçy gatnadyp başlamazdan ozal synag režiminde 600 000 km geçmeli
Casio “Formula-1-den” ylham alan täze sagatlaryny hödürledi
22.10.2025 14:11
3.6k+

Casio “Formula-1-den” ylham alan täze sagatlaryny hödürledi

Casio “Formula-1” bolidleriniň dizaýnyndan ylham alan täze Edifice Sospensione sagat seriýasyny çykardy. Modeller sport stilini tehniki nepislik bilen utgaşdyryp, Edifice hatarynyň adaty funksiýalaryny saklaýar diýip, Notebookcheck
Kiçijik obanyň futbol kluby Şwesiýanyň çempiony boldy
22.10.2025 13:53
7.9k+

Kiçijik obanyň futbol kluby Şwesiýanyň çempiony boldy

“Mýellbýu” futbol kluby taryhda ilkinji gezek Şwesiýanyň çempiony boldy. Topar 27-nji tapgyryň “Gýoteborg” bilen oýnunda 2:0 hasabynda utup, 66 utuk gazandy we ýakyn bäsdeşi bolan Stokgolmyň “Hammarbýu” klubundan 11 utuk öňe geçdi
Çempionlar ligasy: “PSŽ”, “Arsenal” we “Barselona” üç topara garşy 17 gol geçirdi
22.10.2025 13:39
6.8k+

Çempionlar ligasy: “PSŽ”, “Arsenal” we “Barselona” üç topara garşy 17 gol geçirdi

Sişenbe güni UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň üçünji tapgyrynyň oýunlary başlandy. Birinji oýun güni toparlar 9 oýunda 43 gol geçirdi. “Barselona” – “Olimpiakos” 6:1 Kataloniýalylar garşydaşyndan ynamly üstün çykyp, ÇL-iň şu möwsüminde öýde ilkinji ýeňşini gazandy
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanda ýertitremeden zyýan çekenlere hemaýat bermek boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy
22.10.2025 13:30
11k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanda ýertitremeden zyýan çekenlere hemaýat bermek boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy

21-nji oktýabrda Arkadag şäherine saparynyň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanda ýertitreme zerarly jaýsyz galan raýatlaryň hemaýata mätäçligi sebäpli haýyş bilen ýüzlenendiklerini belledi
Arkadag şäherine ählihalk bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görülýär
22.10.2025 13:21
5.2k+

Arkadag şäherine ählihalk bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görülýär

21-nji oktýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine gelip, bu ýerde ählihalk bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy. Türkmen halkynyň Milli
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde polisiýa edaralarynyň we muzeýiň taslamalary bilen tanyşdy
22.10.2025 13:07
20k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde polisiýa edaralarynyň we muzeýiň taslamalary bilen tanyşdy

21-nji oktýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine gelip, bu ýerde täze şäheriň çäklerinde gurulýan we gurulmagy teklip edilýän döwrebap desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy
«Ahal» AFK-2 Çempionlar ligasyndaky oýunda «Sepahan» bilen duşuşykda ýeňildi
22.10.2025 12:56
5.2k+

«Ahal» AFK-2 Çempionlar ligasyndaky oýunda «Sepahan» bilen duşuşykda ýeňildi

21-nji oktýabrda Eýran Yslam Respublikasynyň Yspyhan şäherindäki «Nakş-e-Jahan» stadionynda Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň Çempionlar ligasy–2-niň toparlaýyn tapgyrynyň oýny geçirildi. Türkmenistanyň milli çempionatynyň kümüş medalynyň eýesi «Ahal» kluby eýranly «Sepahan» bilen duşuşykda 0:1 hasabynda ýeňildi
Serdar Berdimuhamedow Sanae Takaitini Ýaponiýanyň Premýer-ministrini wezipesine saýlanylmagy bilen gutlady
22.10.2025 10:30
4.3k+

Serdar Berdimuhamedow Sanae Takaitini Ýaponiýanyň Premýer-ministrini wezipesine saýlanylmagy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow hanym Sanae Takaitä Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Döwlet Baştutany hatynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda
Aşgabatda 30-njy gezek «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlaýar
22.10.2025 10:24
6.4k+

Aşgabatda 30-njy gezek «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlaýar

Aşgabat şäherinde «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly halkara maslahaty we sergi öz işine başlaýar. Şu mynasybetli foruma gatnaşyjylary Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlady. Her ýyl geçirilmegi asylly
Mekgede al-Haram metjidiniň golaýynda binalar toplumy gurlar
22.10.2025 06:13
15k+

Mekgede al-Haram metjidiniň golaýynda binalar toplumy gurlar

Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasy we premýer-ministri Muhammed bin Salman bin Abdulaziz Al Saud Mekgede “Patyşa Salmanyň derwezesi” (King Salman Gate) atly täze şäher gurluşyk taslamasynyň başlandygyny habar berdi
Türkmenistanyň Wenadaky ilçisi SEforALL guramasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
21.10.2025 22:05
3k+

Türkmenistanyň Wenadaky ilçisi SEforALL guramasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

17-nji oktýabrda Sustainable Energy for All (SEforALL) halkara guramasynyň Wenada ýerleşýän ştab-kwartirasynyň binasynda Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçisi Hemra Aman­nazarow guramanyň baş direktorynyň orunbasary Stefano Marguçço bilen duşuşdy
Ýaponiýanyň parlamenti täze premýer hökmünde Sanae Takaitini tassyklady – bu wezipede ol ilkinji aýal
21.10.2025 16:24
5.1k+

Ýaponiýanyň parlamenti täze premýer hökmünde Sanae Takaitini tassyklady – bu wezipede ol ilkinji aýal

2025-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Ýaponiýanyň parlamenti Sanae Takaitini premýer-ministr wezipesine tassyklady. Ol ýakynda dolandyryjy Liberal-demokratik partiýanyň (LDP) başyna geçipdi, onuň dalaşgärligini bolsa deputatlaryň aglabasy goldady
Ýewropa Bileleşigi öndürijilerden aýrylýan USB-C zarýad kabellerine geçmegi talap eder
21.10.2025 16:20
7.9k+

Ýewropa Bileleşigi öndürijilerden aýrylýan USB-C zarýad kabellerine geçmegi talap eder

Ýewropa Bileleşigi 2028-nji ýyldan başlap sarp ediş elektronikasyny öndürijilerden zarýad berijileri we daşarky energiýa bloklaryny bir umumy ülňi boýunça – USB-C porty bilen çykarmaga borçlandyrjak kanuny tassyklady
Microsoft gizlin maglumatlary ogurlamaga we serwerleri döwmäge mümkinçilik beren gowşaklygy ýapdy
21.10.2025 16:18
4.3k+

Microsoft gizlin maglumatlary ogurlamaga we serwerleri döwmäge mümkinçilik beren gowşaklygy ýapdy

Microsoft birbada birnäçe operasion ulgamlarda işleýän programmalary döretmek üçin ASP.NET Core gurallar toplumynda howply gowşaklygy düzetmek üçin patç çykardy. CVE-2025-55315 ýalňyşlygy Kestrel web-serwerinde ýüze çykaryldy we oňa platformanyň taryhynda iň çynlakaý howp diýip baha berildi
Telegramda “Istoriýalarda” göni ýaýlymlar peýda bolar
21.10.2025 16:14
2.6k+

Telegramda “Istoriýalarda” göni ýaýlymlar peýda bolar

Telegram-yň “Istoriýalar” bölüminde göni ýaýlymlary geçirmek funksiýasy peýda bolar. Täzelenme iOS 12.2 üçin programmanyň beta-wersiýasynda ýüze çykaryldy diýip, Telegram Info kanaly habar berýär. Ýaýlymlar Instagram-daky funksiýa meňzeş bolar
Hytaýda kislorod işläp çykarýan krossower döredildi
21.10.2025 16:12
5.1k+

Hytaýda kislorod işläp çykarýan krossower döredildi

Hytaýyň Leapmotor kompaniýasy içerki bazarda täze D19 krossowerini hödürledi. Modeliň esasy aýratynlygy daglyk sebitlerde gezelenç wagty ulanmak üçin niýetlenen kislorod generatorynyň bolmagydyr. Onuň öndürijiligi minutda 8 litre barabar
Starlink 7,6 mln ulanyjy ýygnady, 10 müň hemra uçurdy we 150 ýurtda işleýär
21.10.2025 16:10
3.3k+

Starlink 7,6 mln ulanyjy ýygnady, 10 müň hemra uçurdy we 150 ýurtda işleýär

Ilon Maskyň Starlink hemra internet ulgamy ösmegini işjeň dowam etdirýär: soňky maglumatlara görä, onuň müşderileriniň sany 7,6 million adamdan geçdi. Hyzmat eýýäm 150-den gowrak ýurtda, sebitde we territoriýada resmi taýdan işleýär
Ýewropada täze Toyota RAV4-üň satuwy başlady: bahalar 42,8 müň ýewrodan başlaýar
21.10.2025 16:08
4.6k+

Ýewropada täze Toyota RAV4-üň satuwy başlady: bahalar 42,8 müň ýewrodan başlaýar

Ýewropada täze, altynjy nesil Toyota RAV4 ulagynyň satuwy başlandy. Esasy wersiýa üçin baha 42,8 müň ýewrodan başlaýar. Italiýada bolsa ony aýda 299 ýewro töleg bilen satyn alyp bolýar. Model täze dizaýna eýe boldy: uly radiator gözenegi, C şekilli faralar, kuzowyň relýef gapdallary we 20 dýuýmlyk tigir diskleri
Islegiň peselmegi barada gürrüňem ýok: elektromobilleriň we gibridleriň global satuwy rekord derejä ýetdi
21.10.2025 12:03
5.9k+

Islegiň peselmegi barada gürrüňem ýok: elektromobilleriň we gibridleriň global satuwy rekord derejä ýetdi

Sentýabr aýynda elektrik awtoulaglarynyň we plug-in gibridleriň dünýä boýunça satuwy geçen ýylyň degişli aýy bilen deňeşdirilende 26% ýokarlanyp, rekord derejede — 2,1 million birlige ýetdi diýip, Reuters habarlar gullugy Rho Motion barlag kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär
Rus inženerleri kosmosda emeli dartyş güýjüni döretmegi başardylar
21.10.2025 12:00
4.1k+

Rus inženerleri kosmosda emeli dartyş güýjüni döretmegi başardylar

“Roskosmosyň” düzümine girýän “Energiýa” raketa-kosmos korporasiýasy kosmos giňişliginde emeli dartyş güýjüni döretmäge ukyply ulgam üçin patent aldy. Degişli resminama Rospatentiň maglumatlar bazasynda çap edildi
SpaceX-iň weterany we maýyp arabasyndaky gyz New Shepard raketasynda suborbital uçuşa ugrar
21.10.2025 11:57
4k+

SpaceX-iň weterany we maýyp arabasyndaky gyz New Shepard raketasynda suborbital uçuşa ugrar

SpaceX-iň öňki inženeri Hans Kýonigsmann Blue Origin kompaniýasynyň New Shepard raketasynda 2025-nji ýylyň noýabr aýynda suborbital uçuşa gatnaşmagy meýilleşdirýändigini aýtdy diýip, Ars Technica ýazýar. Kýonigsmann — SpaceX-iň ilkinji we iň abraýly işgärleriniň biridir