Türkmenistanda okuwçylar üçin “Geometriýa” we “Ýapon dili” dersleri boýunça täze okuw kitaplary neşir edildi
21.10.2025 11:45
6.1k+

Türkmenistanda okuwçylar üçin “Geometriýa” we “Ýapon dili” dersleri boýunça täze okuw kitaplary neşir edildi

Türkmenistanda 8-nji synp okuwçylary üçin “Geometriýa” we “Ýapon dili” dersleri boýunça täze okuw kitaplary neşir edildi. “Ýapon dili” atly täze okuw kitaby okuw maksatnamasyna doly laýyk gelýär. Ol maşgaladan we Watandan başlap iki ýurduň medeniýetine çenli sekiz tematiki bölümden durýar
Türkmenistanda brusellýozyň öňüni almak, anyklamak we gözegçilik boýunça okuw türgenleşigi geçirilýär
21.10.2025 11:07
8.4k+

Türkmenistanda brusellýozyň öňüni almak, anyklamak we gözegçilik boýunça okuw türgenleşigi geçirilýär

20–24 oktýabr aralygynda Türkmenistanda brusellýozyň öňüni almak, anyklamak we gözegçilik etmek boýunça okuw türgenleşigi geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Döwlet weterinariýa gullugy habar berdi
“Mahabat” müdirligi «Meniň oýnum» atly täze multfilm çykardy
21.10.2025 10:54
3.5k+

“Mahabat” müdirligi «Meniň oýnum» atly täze multfilm çykardy

Ýakynda “Mahabat” müdirligi Mämmetjanyň başdan geçirmeleri dogrusynda gürrüň berýän multfilmiň «Meniň oýnum» atly täze bölümini halk köpçüligine ýetirdi. Multfilmi döretmek üçin döredijilik toparynyň eden yhlasy onuň täsirli sahnalarynda, gahrymanlaryň gyzykly gürrüňlerinde hem-de hereketlerinde, şeýle hem olaryň ýatda galyjy seslendirmelerinde has-da aýdyň görünýär
Türkmenistanda BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli çäreler geçiriler: maslahat, sergi, marafon...
21.10.2025 10:37
2.1k+

Türkmenistanda BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli çäreler geçiriler: maslahat, sergi, marafon...

23–25-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleri guralar. BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasy hyzmatdaşlary, jemgyýetçilik wekillerini we metbugat işgärlerini bu dabaralara gatnaşmaga çagyrýar
«Altyn Asyr» AFK Çagyryş ligasynyň toparlaýyn oýunlaryny Butanyň paýtagtynda geçirer
21.10.2025 10:27
5.8k+

«Altyn Asyr» AFK Çagyryş ligasynyň toparlaýyn oýunlaryny Butanyň paýtagtynda geçirer

Türkmenistanyň «Altyn Asyr» futbol kluby 2025/26 möwsüminiň AFK Çagyryş ligasynyň toparlaýyn tapgyryndaky oýunlaryny Butanda geçirer. Klubuň «A» toparyndaky ähli duşuşyklary ýurduň paýtagty Thimphu şäherinde geçiriler
Gurbanguly Berdimuhamedow Hyratda Owganystanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy
21.10.2025 06:38
18k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Hyratda Owganystanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy

20-nji oktýabrda Owganystana saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradar bilen duşuşdy
Geçen hepdede Türkmenistanyň biržasynda baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy 47 mln dollardan geçdi
20.10.2025 22:37
2.9k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň biržasynda baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy 47 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň jemi bahasy ABŞ-nyň 47 million 102 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 48-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini we gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar
Gurbanguly Berdimuhamedow TOPH taslamasyny goldaýandygy üçin Donald Trampa minnetdarlyk bildirdi
20.10.2025 20:41
17k+

Gurbanguly Berdimuhamedow TOPH taslamasyny goldaýandygy üçin Donald Trampa minnetdarlyk bildirdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçiriji taslamasyny ilkinji bolup goldan döwletleriň biridigini belledi
«Arkadagyň Ak ýoly bilen Serhetabat – Hyrat» gaz geçirijisiniň gurluşygyna owgan raýatlary hem işe çekiler
20.10.2025 20:24
16k+

«Arkadagyň Ak ýoly bilen Serhetabat – Hyrat» gaz geçirijisiniň gurluşygyna owgan raýatlary hem işe çekiler

Şu gün, 20-nji oktýabrda «Arkadagyň Ak ýoly bilen Serhetabat – Hyrat» gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna badalga berildi. Dabarada çykyş eden Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu taslamanyň gurluşygyna owgan raýatlarynyň hem işe çekiljekdigini belledi
Gurbanguly Berdimuhamedow «Arkadagyň Ak ýoly bilen Serhetabat – Hyrat» gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyryna ak pata berdi
20.10.2025 19:42
22k+

Gurbanguly Berdimuhamedow «Arkadagyň Ak ýoly bilen Serhetabat – Hyrat» gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyryna ak pata berdi

Şu gün, 20-nji oktýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan» gaz geçiriji taslamasynyň «Arkadagyň Ak ýoly bilen Serhetabat – Hyrat» gaz geçirijisiniň Owganystanyň Hyrat welaýatyna barýan nobatdaky tapgyryna ak pata berdi
Jetour Zongheng G700 ulagy Ýanszy derýasyny ýüzüp geçdi
20.10.2025 18:10
17k+

Jetour Zongheng G700 ulagy Ýanszy derýasyny ýüzüp geçdi

Chery kompaniýasynyň suwda ýüzýän Jetour Zongheng G700 ulagy Ýanszy derýasyny özbaşdak kesip geçen ilkinji awtomobil hökmünde taryha girdi. Ulag iki kenaryň arasyndaky 1480 metr aralygy geçip, munuň üçin 22 minut sarp etdi diýip, CarNewsChina habar berýär
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy FIFA-nyň Tehniki ösüş komitetiniň agzalygyna saýlandy
20.10.2025 18:00
7.6k+

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy FIFA-nyň Tehniki ösüş komitetiniň agzalygyna saýlandy

Halkara Futbol Federasiýalarynyň Assosiasiýasy (FIFA) Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (TFF) başlygy Guwançmuhammet Öwekowy Tehniki ösüş boýunça komitetiň agzalygyna saýlady. TFF-niň habar bermegine görä,
Ferrari awtomobiliň duran ýerinden bat almagynyň üýtgeşik usulyny tapdy
20.10.2025 17:47
7.3k+

Ferrari awtomobiliň duran ýerinden bat almagynyň üýtgeşik usulyny tapdy

Ferrari kompaniýasy awtomobil duran ýerinden hereket edip başlanda, hereketlendirijiniň kuwwatyny dogry paýlaýan funksiýanyň – Launch Control ulgamyny işjeňleşdirmegiň üýtgeşik usulyna patent almak üçin arza berdi
Forbes zenanlar üçin iň gowy kompaniýalaryň reýtingini düzdi: Netflix, Apple we Coca-Cola
20.10.2025 17:43
2.2k+

Forbes zenanlar üçin iň gowy kompaniýalaryň reýtingini düzdi: Netflix, Apple we Coca-Cola

Soňky ýüz ýylda dünýäniň köp böleginde zenanlaryň iş şertleri düýpli üýtgedi – häzirki günde olar giň mümkinçiliklere we hukuklara eýe bolup, köp kärde zähmet çekip bilýär. Şeýle-de bolsa, Deloitte Global Women @ Work 2025 gözleginiň görkezişi ýaly, deňlik barada gürlemekden entek ir
Ispaniýada Pikassonyň “Gitaraly natýurmort” suraty ýitdi
20.10.2025 17:42
5.5k+

Ispaniýada Pikassonyň “Gitaraly natýurmort” suraty ýitdi

Ispaniýanyň Milli polisiýasy Pablo Pikassonyň “Gitaraly natýurmort” suratynyň ýitmegini derňeýär. Ideal neşiriniň çeşmelere salgylanyp habar bermegine görä, surat Madridden Granada eltilmelidi, ýöne ol bellenilen ýere gelip gowuşmady
Ford ulaglary ýel goýberen tekerlerini domkratsyz özbaşdak çalşyp biler
20.10.2025 17:40
8k+

Ford ulaglary ýel goýberen tekerlerini domkratsyz özbaşdak çalşyp biler

Ford kompaniýasy ýelini goýberen tekerleri anyklap, olary çalyşmaga kömek etjek ulgam üçin patent almaga arza berdi. 0319733 belgili arza 2024-nji ýylyň ýazynda tabşyryldy, ýöne diňe häzir çap edildi. Ulgam tekerde basyşyň pese gaçandygyny hasaba alýan sensorlary ulanýar
Google DeepMind-yň emeli aň modeli rak bejergisinde öňegidişlik gazandy
20.10.2025 17:37
1.7k+

Google DeepMind-yň emeli aň modeli rak bejergisinde öňegidişlik gazandy

Alymlar çişi irki tapgyrlarda, heniz adamyň immun ulgamy olara hüjüm etmäge ukyply wagty ýüze çykarmagyň usulyny eýýäm köpden bäri gözleýärdi. Indi bu işe emeli aň hem goşuldy we netijeler haýran galdyrdy. Google-yň blogunda habar berlişi ýaly, DeepMind bölümçesi Ýel uniwersiteti bilen bilelikde açyk Gemma EA modelini rak öýjükleriniň özüni alyp barşyny seljerer ýaly sazlady
Erkek adam öz garažynyň kölegesiniň kömegi bilen Ýeriň tekiz däldigini görkezdi
20.10.2025 17:30
10k+

Erkek adam öz garažynyň kölegesiniň kömegi bilen Ýeriň tekiz däldigini görkezdi

Dünýäde Ýeriň tekizdigine ynanýan adamlar häli-häzirem ýeterlik. Pikir soraşmalara görä, diňe ABŞ-nyň özünde 2022-nji ýylda ýaşaýjylaryň 11%-i şeýle pikirdedi. Reddit ulanyjylarynyň biri öz garažynyň wideo gözegçilik kamerasyny ulanyp, olaryň pikirini üýtgetmek kararyna geldi
Yamaha özi hereket edýän we adamyň hereketlerine düşünýän motosikli döretdi
20.10.2025 17:23
3.6k+

Yamaha özi hereket edýän we adamyň hereketlerine düşünýän motosikli döretdi

Yamaha kompaniýasy Motodroid 2 konseptini hödürledi. Bu deňagramlylygy saklap, adamyň kömegi bolmazdan hereket edip, sürüjisiz ýöräp bilýän motosikldir. Model özbaşdak aýaga durup, ony ýygnap bilýär, şeýle-de adama motosikliň üstünde dik, ýarym ýatan ýaly dürli ýagdaýda oturmaga mümkinçilik berýär
Mundo Deportivo: Ýamal gymmatyny artdyrmak üçin awtograf paýlamagyny bes eder
20.10.2025 17:18
7.2k+

Mundo Deportivo: Ýamal gymmatyny artdyrmak üçin awtograf paýlamagyny bes eder

“Barselonanyň” wingeri Lamin Ýamal, ähtimal, indi awtograf paýlamagyny bes etse gerek. Mundo Deportivo neşiriniň maglumatlaryna görä, oýunçy tanymal türgenler tarapyndan gol goýlan sport harytlaryny we egin-eşikleri satmak bilen meşgullanýan kompaniýa bilen şertnama baglaşmaga taýýarlanýar
“Napoli” Hellouine bagyşlap, skelet we zulmat tokaý bilen eşik toplumyny çykardy
20.10.2025 17:15
3k+

“Napoli” Hellouine bagyşlap, skelet we zulmat tokaý bilen eşik toplumyny çykardy

“Napoli” EA7 bilen bilelikde Hellouine bagyşlap, 2025/2026 möwsümi üçin eşik toplumyny hödürledi. Bu köýnekçeler çäkli nusgada çykarylar we özboluşly stil bilen bezeler. Klub öz resmi saýtynda dizaýnyň mazmunyny düşündirdi
Boliwiýada täze Prezident saýlandy
20.10.2025 16:49
4.5k+

Boliwiýada täze Prezident saýlandy

Boliwiýanyň Prezidentiniň saýlawlarynda Hristian-demokratik partiýadan (PDC) dalaşgär Rodrigo Pas ýeňiş gazandy diýip, El País habar berýär. Ol 54,5% ses gazandy, onuň garşydaşy, ýurduň öňki Prezidenti, Libre bileleşigine wekilçilik edýän Horhe Kiroga bolsa 45,5% ses aldy
2025-nji ýylyň iň ýagty kometasy 21-nji oktýabrda Ýere golaý geler
20.10.2025 14:54
5.6k+

2025-nji ýylyň iň ýagty kometasy 21-nji oktýabrda Ýere golaý geler

21-nji oktýabrda täze dogan Aý ýagty kometa bolan C/2025 A6 Lemmon-a syn etmek üçin örän gowy şertleri döreder – bu gün asman jisimi Ýere iň ýakyn aralykdan – takmynan, 89 million kilometrden geçer diýip, TASS habar berýär
Marokkonyň ýygyndysy Argentinany utup, ilkinji gezek U20 futbol boýunça DÇ-niň ýeňijisi boldy
20.10.2025 14:50
8k+

Marokkonyň ýygyndysy Argentinany utup, ilkinji gezek U20 futbol boýunça DÇ-niň ýeňijisi boldy

Marokkonyň milli ýygyndysy Çilide geçirilen futbol boýunça ýaşlar dünýä çempionatynda taryhda ilkinji gezek ýeňiji boldy. 20-nji oktýabrda irden Santýagoda bolan final oýnunda marokkolylar Argentinanyň toparyny 2:0 hasabynda utdy
Luwr muzeýinden ýedi minutyň içinde gymmatly şaý-sepler ogurlandy
20.10.2025 14:10
9.8k+

Luwr muzeýinden ýedi minutyň içinde gymmatly şaý-sepler ogurlandy

19-njy oktýabrda irden Luwrda ogurlyk bolup geçdi. Ýedi minutda jenaýatkärler fransuz imperatorlarynyň dokuz sany gymmatly şaý-seplerini – bezeg önümleriniň toplumyny, gap-gaç toplumyny, monjugy, gulakhalkany, iki täji we gülýakany ogurlady diýip, Le Parisien habar berýär
Werstappen ABŞ-nyň Gran-prisini utup, çempionatda Piastriden aratapawudyny azaltdy
20.10.2025 14:04
1.7k+

Werstappen ABŞ-nyň Gran-prisini utup, çempionatda Piastriden aratapawudyny azaltdy

19-njy oktýabrda, ýekşenbe güni Ostindäki Circuit of the Americas ýaryş ýolunda Formula-1 çempionatynyň 19-njy tapgyry – ABŞ-nyň Gran-prisi geçdi. Onda “Red Bulluň” niderlandly sürüjisi Maks Werstappen ýeňiş gazandy
Adamyň garramagy jyns taýdan ýetişenden soň başlanýar — nemes alymlarynyň täze açyşy
20.10.2025 11:21
14k+

Adamyň garramagy jyns taýdan ýetişenden soň başlanýar — nemes alymlarynyň täze açyşy

Nemes alymlary adam bedeniniň garrymagynyň ribosom DNK (rDNT) bilen baglydygyny ýüze çykardylar. Bu DNK bölegi öýjükleriň ýaşamagy üçin zerur bolup, olaryň işjeňligini üpjün edýär. Barlagyň netijeleri Aging-US žurnalynyň sahypasynda çap edildi
Täze doglan çagalarda diabetiň täze görnüşi anyklandy
20.10.2025 11:16
3.1k+

Täze doglan çagalarda diabetiň täze görnüşi anyklandy

Alymlar täze doglan çagalarda diabetiň öň mälim bolmadyk görnüşini ýüze çykardylar. Ol TMEM167A atly geniň mutasiýasy bilen baglydyr. Journal of Clinical Investigation (JCI) žurnalynyň habaryna görä, bu mutasiýa insulin öndürýän aşgazanasty mäziniň β- öýjükleriniň işini bozýar we olaryň heläk bolmagyna getirýär
Alymlar irki Ýeriň seýrek galyndylaryny tapdylar. Tapyndynyň ýaşy 4,5 milliard ýyl
20.10.2025 11:13
5.4k+

Alymlar irki Ýeriň seýrek galyndylaryny tapdylar. Tapyndynyň ýaşy 4,5 milliard ýyl

Massaçusets Tehnologiýa institutynyň (MIT) alymlary takmynan 4,5 milliard ýyl ozal, ýaş Ýeriň düzümini üýtgeden ägirt uly çaknyşykdan öň emele gelen «proto-Ýeriň» adaty bolmadyk galyndylaryny tapdylar. Barlagyň netijeleri Nature Geosciences žurnalynda neşir edildi
Mitsubishi indiki ýyl täze Outlander-iň çykjakdygyny tassyklady
20.10.2025 11:00
3.2k+

Mitsubishi indiki ýyl täze Outlander-iň çykjakdygyny tassyklady

Mitsubishi ýapon awtokonserniniň Demirgazyk Amerikadaky bölümi 2026-njy ýylda meşhur Outlander krossoweriniň doly täze, hakykatdan-da ýolsuz ýerlere niýetlenen görnüşini hödürlejekdigini tassyklaýardy. 2025-nji ýylda çykarylan Outlander Trail Edition modelinden soň, kompaniýa indiki ädim hökmünde doly wnedorožnik mümkinçiliklerine eýe bolan täze modifikasiýany döretmek kararyna geldi
Angliýada bitewi diýen ýaly “gylyç şekilli ażdarha” tapyldy
20.10.2025 10:52
12k+

Angliýada bitewi diýen ýaly “gylyç şekilli ażdarha” tapyldy

Beýik Britaniýanyň Ýura kenarynda alymlar öň belli bolmadyk, delfiniň ululygyndaky gadymy deňiz süýrenijisi — ihtiozawryň bitin diýen ýaly skeletini tapdylar. Britan paleontologlary Papers in Paleontology žurnalynda çap eden makalasynda bu tapyndynyň ihtiozawrlaryň ewolýusiýasynyň taryhyndaky boşlugy doldurmaga kömek edýändigini belleýärler
Chevrolet Tahoe 2026-da üçünji hatar oturgyçlary aýyrmak funksiýasy peýda boldy
20.10.2025 10:43
2.3k+

Chevrolet Tahoe 2026-da üçünji hatar oturgyçlary aýyrmak funksiýasy peýda boldy

General Motors 2026-njy ýylyň Chevrolet Tahoe kysymly ulagynyň korporatiw wersiýasy üçin täze konfigurasiýany hödürledi. Indi korporatiw müşderiler üçin niýetlenen Commercial (1FL) komplektasiýasynda RPO ATD kody bilen üçünji hataryň oturgyçlaryny aýyrmak funksiýasy elýeterli boldy
Redmi Turbo 5 9000 mA·s kuwwatly batareýa we ýokary derejede suwdan gorag ulgamyna eýe bolar
20.10.2025 10:40
4.2k+

Redmi Turbo 5 9000 mA·s kuwwatly batareýa we ýokary derejede suwdan gorag ulgamyna eýe bolar

Redmi Turbo 5 smartfony 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde Hytaýda tanyşdyrylar diýlip garaşylýar. Bu barada Hytaýyň radio enjamlaryny sertifikasiýalaşdyyrş platformasynyň maglumatlaryna we Digital Chat Station atly insaýderiň paýlaşan maglumatlaryna görä aýdylýar
Mercedes-Benz mahmal salonly we Gün panellerinden ýasalan kaşaň kupesini görkezdi
20.10.2025 10:29
6.2k+

Mercedes-Benz mahmal salonly we Gün panellerinden ýasalan kaşaň kupesini görkezdi

Mercedes-Benz häzirki zaman tehnologiýalaryny nusgawy bezeg elementleri bilen sazlaşdyrýan täze konseptual kupesini — Vision Iconic modelini görkezdi. Bu ulag synag platformasy bolmak bilen bir hatarda brendiň taryhy awtoulaglaryna hormat hökmünde hem döredildi
Kaliforniýada kenara Günorta ýarymşarda duşýan syrly, iki tonnalyk balyk zyňlyp çykdy
20.10.2025 10:23
21k+

Kaliforniýada kenara Günorta ýarymşarda duşýan syrly, iki tonnalyk balyk zyňlyp çykdy

Demirgazyk Kaliforniýanyň kenarynda ýerli ýaşaýjylar kenara zyňlyp çykan uly, adaty bolmadyk balygy tapdylar. Soňra anyklanyşyna görä, bu adatça Günorta ýarym şarda ýaşaýan seýrek gudwinker güneş balygy (Mola tecta) bolup çykdy
FIFA we Football Manager birleşdi: oýna resmi dünýä çempionaty goşular
20.10.2025 10:13
1.8k+

FIFA we Football Manager birleşdi: oýna resmi dünýä çempionaty goşular

Sega bilen Sports Interactive studiýasynyň Football Manager oýun seriýasy 20 ýyllygyny belleýär. Öz taryhynda ilkinji gezek oýun FIFA-nyň resmi ygtyýarnamasyna eýe bolar. Işläp düzüjiler Halkara futbol federasiýasy bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyk barada habar berdi, bu bolsa oýunlarda FIFA-nyň howandarlygynda uly ýaryşlaryň peýda bolmagyna mümkinçilik berýär
Eýranda 700 müň ýyl ozal sönen hasaplanan Taftan wulkany oýandy
20.10.2025 10:11
6.8k+

Eýranda 700 müň ýyl ozal sönen hasaplanan Taftan wulkany oýandy

Eýranda 700 müň ýyldan gowrak ozal sönen diýlip hasaplanan Taftan wulkany hereket edip başlady. Bu barada Geophysical Research Letters amerikan ylmy žurnalynda neşir edilen dokladda aýdylýar. Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylyň iýulyndan 2024-nji ýylyň maýyna çenli wulkanyň çür depesi tas 9 santimetr ýokary galdy
Ford ABŞ-da kemer bilen bagly näsazlyk sebäpli tas 625 müň ulagy yzyna gaýtarýar
20.10.2025 10:09
2k+

Ford ABŞ-da kemer bilen bagly näsazlyk sebäpli tas 625 müň ulagy yzyna gaýtarýar

Ford amerikan awtoöndürijisi ABŞ-da tas 625 müň ulagyň yzyna gaýtarylýandygyny habar berdi. Munuň sebäbi howpsuzlyk kemeriniň we yzyny görkezýän kameranyň monitorynyň işindäki näsazlyk boldy diýip, ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça milli edarasyna (NHTSA) salgylanyp, Reuters habar berýär
Apple sensor ekranly MacBook Pro taýýarlaýar
20.10.2025 10:07
1k+

Apple sensor ekranly MacBook Pro taýýarlaýar

Apple amerikan kompaniýasy 2026-njy ýylyň ahyrynda ýa-da 2027-nji ýylyň başynda ilkinji sensor displeýli MacBook Pro noutbugyny hödürlemegi meýilleşdirýär. Bu barada çeşmelere salgylanyp, Bloomberg habar berýär
Gucci-niň eýesi öz kosmetika bölümini L’Oreal-a 4 mlrd dollara satýar
20.10.2025 10:06
2.5k+

Gucci-niň eýesi öz kosmetika bölümini L’Oreal-a 4 mlrd dollara satýar

Gucci, Balenciaga, Yves Saint Laurent ýaly brendlere eýeçilik eýýän Kering kompaniýalar topary öz kosmetika bölümini L’Oreal kompaniýasyna satmak barada gepleşikleri geçirýär. Bu barada The Wall Street Journal habar berdi