Ýaponiýada AI bilen işleýän “adam ýuwujy kirmaşyn” görkezildi: 15 minuda ýuwup, guradyp berýär
16.10.2025 10:31
11k+

Ýaponiýada AI bilen işleýän “adam ýuwujy kirmaşyn” görkezildi: 15 minuda ýuwup, guradyp berýär

Ýaponiýanyň Osaka şäherinde ýerleşýän Science kompaniýasy “Mirai Renjian” atly täsin enjamy — awtomatiki tämizleýji we rahatlandyryjy owkalaýjy kapsulany (“adam ýuwujy kirmaşyny”) hödürledi. Täze enjam emeli aň (AI) tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylypdyr
BYD San-Pauluda SkyRail "asman otlusyny" işe girizdi
16.10.2025 10:26
7.7k+

BYD San-Pauluda SkyRail "asman otlusyny" işe girizdi

Braziliýanyň iň uly şäherleriniň biri San-Paulu şäherinde Hytaýyň BYD kompaniýasynyň “SkyRail” atly “asman otlusy” işe girizildi diýip, MyDrivers neşiri habar berýär. Täze ulag ulgamy bir wagtyň özünde 616 ýolagçyny gatnadyp bilýär
Serdar Berdimuhamedow «Daewoo» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
16.10.2025 10:21
10k+

Serdar Berdimuhamedow «Daewoo» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

15-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» koreý kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-juny kabul etdi. Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, köp ýyllaryň dowamynda iri koreý kompaniýalary Türkmenistanyň nebitgaz, himiýa senagatynda iri taslamalary durmuşa geçirmek babatda giň gerimli işleri alyp barýarlar
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa boýunça IV halkara olimpiada açyldy
16.10.2025 10:02
4.7k+

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa boýunça IV halkara olimpiada açyldy

15-nji oktýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa dersi boýunça IV halkara olimpiadanyň açylyş dabarasy geçirildi. Halkara olimpiada ýurdumyzyň, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň, Hytaý
Türkmen mekdep okuwçylary Google-yň geçiren ýaryşynda 2-nji orny eýelediler
16.10.2025 09:35
8.4k+

Türkmen mekdep okuwçylary Google-yň geçiren ýaryşynda 2-nji orny eýelediler

Aşgabat şäheriniň Ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçylary Begenç Annaorazow, Aýhan Baýramow, Salyh Annanepesow Google kompaniýasynyň Firebase Studio Championship Central Asia 2025 ýaryşynda 2-nji orny eýelediler
Counter-Strike 2 üçin uly täzelenme çykdy
16.10.2025 09:27
4.2k+

Counter-Strike 2 üçin uly täzelenme çykdy

Valve Counter-Strike 2 üçin uly täzelenme çykardy, ýöne ol häzirlikçe diňe beta-synaga gatnaşyjylar üçin elýeterlidir. Esasy üýtgeşme bombany zyýansyzlandyrmak bilen baglanyşykly boldy. Indi defýuz wagty oýunçy atyp ýa-da nyşana alyp bilmeýär: ýarag awtomatik ýagdaýda aşak düşürilýär, zyýansyzlandyrmak tamamlanandan soň, ýene atyp başlamak mümkinçiliginden öň gysga wagtlyk eglenme – 150 millisekunt goşuldy
Casio titan korpus we ýakut halka bilen täze Oceanus Manta sagatlaryny çykardy
16.10.2025 09:25
3.6k+

Casio titan korpus we ýakut halka bilen täze Oceanus Manta sagatlaryny çykardy

Casio iki sany täze Oceanus Manta sagat modelini hödürledi: takmynan, 2000 dollardan adaty OCW-S7000CN-1AJF we 4500 dollardan çäkli OCW-SG1000CN-1AJR. Modelleriň ikisi-de ýakut aýnadan bezele eýe boldy, korpus we kemer bolsa gara DLC örtügi bilen titandan ýasaldy
Alymlar: Ýer klimat çökgünliginde “yzyna gaýtaryp bolmajak ilkinji sepgidi” aşdy
16.10.2025 09:22
6k+

Alymlar: Ýer klimat çökgünliginde “yzyna gaýtaryp bolmajak ilkinji sepgidi” aşdy

Täze ylmy barlaglaryň maglumatlaryna görä, planeta klimat üýtgemeleriniň “yzyna gaýtaryp bolmajak ilkinji sepgitden” geçdi. Ummanlaryň gyzmagy tas milliard adamyň durmuşyny kesgitleýän merjen rifleriň köpçülikleýin ölmegine getirdi diýlip, Science News žurnalynda neşir edilen hasabatda aýdylýar
Ford ilkinji gezek şahsy kolleksiýasyndan awtomobil satar
16.10.2025 09:20
2.7k+

Ford ilkinji gezek şahsy kolleksiýasyndan awtomobil satar

Ford Motor kompaniýasy taryhynda ilkinji gezek öz kolleksiýasyndaky awtomobilleriň birini satmak kararyna geldi. 18-nji oktýabrda geçiriljek Barrett-Jackson auksionyna 2006-njy ýylyň 3-nji belgili Ford GT Heritage Edition modeli çykarylar
“Zamananyň soňy”: Teýlor Swift öz konsert syýahaty barada dokumental serial çykarar
16.10.2025 09:16
4.4k+

“Zamananyň soňy”: Teýlor Swift öz konsert syýahaty barada dokumental serial çykarar

Amerikaly aýdymçy Teýlor Swift özüniň dünýä boýunça The Eras Tour konsert syýahatyna bagyşlap, “Zamananyň soňy” (“The End of an Era”) ady bilen alty bölümli dokumental serial çykarar. Ilkinji iki bölüm 12-nji dekabrda Disney+ platformasynda çykar, galanlary her iki hepdeden iki bölümden goşular
Nvidia kompaniýasy Porsche 911-iň tekerini kuwwatly oýun kompýuterine öwürdi
16.10.2025 09:14
2.9k+

Nvidia kompaniýasy Porsche 911-iň tekerini kuwwatly oýun kompýuterine öwürdi

Nvidia kompaniýasy JCustom modderi bilen bilelikde gönüden-göni Porsche 911 superkarynyň tigirine oturdylan özboluşly oýun kompýuterini hödürledi. Kompýuteri işletmek üçin hakyky awtomobil brelogy ulanylýar, suw blogunda bolsa ulagyň kiçijik nusgasy oturdyldy
Meksikadaky BMW zawody 6 ýylda ýarym million awtomobil görkezijisine ýetdi
16.10.2025 09:13
3.1k+

Meksikadaky BMW zawody 6 ýylda ýarym million awtomobil görkezijisine ýetdi

BMW-niň Meksikanyň San-Luis-Potosi şäherindäki zawody möhüm sepgide ýetdi – konweýerden ýarym millionynjy awtomobil çykdy. Bu üstünlik zawod resmi taýdan açylandan bary-ýogy alty ýyldan soň gazanyldy. Ýubileý awtomobil M2 modeli üçin eksklýuziw bolan mahmal-gök reňkli BMW M2 CS boldy
Messi milli ýygyndy üçin assistleri boýunça dünýä rekordyny goýdy
16.10.2025 09:04
6.4k+

Messi milli ýygyndy üçin assistleri boýunça dünýä rekordyny goýdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň 38 ýaşly hüjümçisi Lionel Messi milli ýygyndy üçin oýunlarda assist boýunça täze dünýä rekordyny goýdy. 15-nji oktýabrda Fort-Loderdeýlde (Florida, ABŞ) Argentinanyň milli ýygyndysy ýoldaşlyk oýnunda Puerto-Rikony 6:0 hasabynda utdy
Altynyň bahasy ýene taryhy rekordy täzeledi, kümüş hem gymmatlamagyny dowam etdirýär
15.10.2025 15:43
13k+

Altynyň bahasy ýene taryhy rekordy täzeledi, kümüş hem gymmatlamagyny dowam etdirýär

Altynyň bahasy taryhda ilkinji gezek bir unsiýa üçin 4200 dollardan geçdi. 14-nji oktýabrda söwdanyň dowamynda Nýu-Ýorkuň haryt biržasynda (COMEX) gymmatly metal üçin dekabr fýuçersleri 1,12% ýokarlanyp, iň ýokary derejesinde bir unsiýa üçin 4210 dollara ýetdi
Toyota 2025-nji ýylda çykan 50 müňden gowrak Sienna ulagyny yzyna gaýtarýar
15.10.2025 15:32
12k+

Toyota 2025-nji ýylda çykan 50 müňden gowrak Sienna ulagyny yzyna gaýtarýar

Toyota kompaniýasy 2025-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda öndürilen Sienna Hybrid awtoulaglaryny meýletin yzyna çagyrýandygyny mälim etdi. Öndüriji ikinji hataryň oturgyçlarynyň relsleri bilen baglanyşykly mümkin bolan meseläni ýüze çykardy, diýip Carscoops ýazýar
Italiýanyň kenarlarynda çuň suwlardaky merjenleriň täze görnüşleri tapyldy
15.10.2025 15:25
5k+

Italiýanyň kenarlarynda çuň suwlardaky merjenleriň täze görnüşleri tapyldy

Alymlar Ortaýer deňzinde uly çuň umman rifini ýüze çykardylar. Bu açyş merjenleriň ekoulgamlarynyň ekologiki funksiýalaryny we umman çuňlugyndaky paýlanyşyny has gowy öwrenmäge kömek eder diýip, The Independent habar berýär
Arça pürlerinden altynyň nanobölejikleri tapyldy
15.10.2025 15:19
6.9k+

Arça pürlerinden altynyň nanobölejikleri tapyldy

Ýakynda Oulu uniwersitetiniň (Finlýandiýa) alymlary ýewropa arçasynyň (Picea abies) pürlerinde altyn nanobölejikleriniň toplanyp bilýändigini ýüze çykardylar. Bu netijeler Environmental Microbiome žurnalynda çap edildi
Hytaýyň Deep Robotics kompaniýasy suw geçirmeýän DR02 gumanoid robotyny görkezdi
15.10.2025 15:13
3.9k+

Hytaýyň Deep Robotics kompaniýasy suw geçirmeýän DR02 gumanoid robotyny görkezdi

Hytaýyň Deep Robotics kompaniýasy DR02 atly gumanoid robotyny tanyşdyrdy. Bu robot çylşyrymly senagat we köçe şertlerinde işlemäge ukyply. Onuň korpusy IP66 standartyna laýyklykda suwdan we tozandan goragly, bu robotyň ýagyşly, tozanly we ýokary çyglylyk şertlerinde işläp bilmegine mümkinçilik berýär
Hytaýda akylly aýna meýdanly dünýäde ilkinji iki diňli Gün konsentratory işe girizildi
15.10.2025 14:57
4.2k+

Hytaýda akylly aýna meýdanly dünýäde ilkinji iki diňli Gün konsentratory işe girizildi

Hytaýda Gansu welaýatynyň Gobi çölünde ýerleşýän we China Three Gorges Corporation tarapyndan gurlan dünýäde ilkinji iki diňli Gün konsentratory işe girizildi, diýip SCMP habar berýär. Toplumda takmynan 27 müň aýna ulanylýar
Öý we iş üçin täze Figure 03 gumanid roboty hödürlenildi
15.10.2025 14:47
2.8k+

Öý we iş üçin täze Figure 03 gumanid roboty hödürlenildi

Amerikanyň Figure AI kompaniýasy Figure 03 atly üçünji nesil gumanoid robotyny tanyşdyrdy. Bu model öý hojalygynda hem, täjirçilik wezipelerini ýerine ýetirmekde hem ulanylyp bilner. BotQ zawodynda robotlaryň ýyllyk önümçiligi 12 000 birlik bolar, uzakmöhletleýin maksatda — dört ýylyň içinde 100 000 sanysyny öndürmek bar
Beýik Britaniýadan äpet we uzyn gulakly iki eşek Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
15.10.2025 14:38
15k+

Beýik Britaniýadan äpet we uzyn gulakly iki eşek Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Beýik Britaniýadaky Redkliff goraghanasyndan iki eşek Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi: biri dünýäde iň beýik eşek, beýlekisi iň uzyn gulakly eşek. Eşekler goraghananyň myhmanlarynyň söýgüsini gazanyp, bileje athanada wagtlaryny rahat geçirmegi halaýarlar
Netflix telewizorlar üçin wideo oýunlaryny çykarar
15.10.2025 14:32
1.1k+

Netflix telewizorlar üçin wideo oýunlaryny çykarar

Netflix ulanyjylara gös-göni Smart TV telewizorlarynda wideo oýunlaryny oýnamaga mümkinçilik berer. Bu barada Bloomberg Screentime konferensiýasynda kompaniýanyň baş direktorlarynyň biri Greg Piters habar berdi
Disney "Rapunseliň" kino görnüşiniň işlemegini dowam etdirer
15.10.2025 14:26
2.4k+

Disney "Rapunseliň" kino görnüşiniň işlemegini dowam etdirer

Disney kompaniýasy “Rapunsel: Çylşyrymly hekaýat” atly meşhur animasion filmiň laýw-ekşn remeýkiniň üstünde ýene-de işläp başlady. Baş gahrymanlaryň biri — ene Goteliň keşbini Skarlett Ýohanssona ynanmak göz öňünde tutulýar diýip, Deadline habar berýär
“Minecraft kinoda” filminiň dowamy 2027-nji ýylyň tomsunda çykar
15.10.2025 14:17
2k+

“Minecraft kinoda” filminiň dowamy 2027-nji ýylyň tomsunda çykar

Warner Bros. kompaniýasy Legendary bilen hyzmatdaşlykda “Minecraft kinoda” filminiň dowamyny taýýarlaýandygyny mälim etdi. Dowamynyň dünýä prokatyna çykarylmagy 2027-nji ýylyň 23-nji iýulynda meýilleşdirilýär diýip, The Hollywood Reporter habar berýär
Türkmen wekiliýeti Osakada «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň ýapylyş dabarasyna gatnaşdy
15.10.2025 13:11
3.1k+

Türkmen wekiliýeti Osakada «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň ýapylyş dabarasyna gatnaşdy

13-nji oktýabrda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň ýapylyş dabarasy geçirildi.  Türkmen tarapyndan çärä Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär
Aziýa Kubogy-2027-niň saýlama tapgyry: Türkmenistan Şri-Lankadan üstün çykdy
15.10.2025 12:35
8.9k+

Aziýa Kubogy-2027-niň saýlama tapgyry: Türkmenistan Şri-Lankadan üstün çykdy

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa Kubogy-2027-niň saýlama oýunlarynyň çäginde “D” toparçada Şri-Lankanyň milli ýygyndysyndan üstün çykdy. Duşuşyk Arkadag şäheriniň 10 müň orunlyk «Arkadag» stadionynda geçirilip, hasap 2:1 boldy
Serdar Berdimuhamedow Lebapda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutdy
15.10.2025 12:03
14k+

Serdar Berdimuhamedow Lebapda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutdy

Şu gün, 15-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi
Lexus özüniň LS sedanyny üýtgeşik alty tekerli miniwene öwürdi
15.10.2025 11:36
8k+

Lexus özüniň LS sedanyny üýtgeşik alty tekerli miniwene öwürdi

Lexus soňky ýyllarda iň üýtgeşik konseptleriň birini – alty tekerli LS elektrik miniwenini görkezmäge taýýarlanýar. Kaşaň LS sedanynyň ornuna gelen model Japan Mobility Show 2025 sergisinde hödürlener we kompaniýanyň geljegiň rahatlygyna hem zynatyna garaýşyny görkezer
Gazagystanda müň düýeden ybarat kerwen Ginnesiň rekordyny goýdy
15.10.2025 11:33
10k+

Gazagystanda müň düýeden ybarat kerwen Ginnesiň rekordyny goýdy

Gazagystanyň Almaty welaýatynda dünýä rekordy goýuldy – müň sany bir örküçli düýeden ybarat kerwen dünýäde iň ulusy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna resmi taýdan girizildi. Bu barada welaýat häkimliginde habar berildi
Eplenýän iPhone garaşylandan arzan bolar: Apple önümçiligi arzanlatmagyň usulyny tapdy
15.10.2025 11:31
5.3k+

Eplenýän iPhone garaşylandan arzan bolar: Apple önümçiligi arzanlatmagyň usulyny tapdy

Apple-iň iPhone Fold deslapky ady bilen ilkinji eplenýän smartfony 2026-njy ýylyň ikinji ýarymynda çykmaly. Ozal bu kompaniýanyň taryhynda iň gymmat iPhone bolar diýlip garaşylypdy, ýöne analitik Min-Çi Kuonyň habar bermegine görä, smartfon esasy komponentleriň bahasynyň arzan bolmagy netijesinde biraz elýeterli bolar
Emeli aň ABŞ-nyň ykdysadyýetini durgunlykdan halas etdi
15.10.2025 11:29
4.2k+

Emeli aň ABŞ-nyň ykdysadyýetini durgunlykdan halas etdi

2025-nji ýylda ABŞ-nyň ykdysadyýeti, esasan, emeli aň infrastrukturasyna maýa goýumlaryň ýokarlanmagy netijesinde durgunlykdan halas boldy. Derňew hut bu pudagyň Birleşen Ştatlaryň jemi içerki önümi üçin esasy hereketlendirijä öwrülendigini görkezýär
Warner Bros. bahany arzan görüp, Paramount-yň satyn almak teklibinden ýüz öwürdi
15.10.2025 11:27
2.1k+

Warner Bros. bahany arzan görüp, Paramount-yň satyn almak teklibinden ýüz öwürdi

Warner Bros. Discovery mediakorporasiýasy öz bäsdeşi Paramount Scydance-iň satyn almak teklibini ret etdi. Bloomberg-iň habar bermegine görä, Warner Bros. teklip edilen bahany “has arzan” hasaplady. Ozal Paramount-yň her paý üçin 20 dollar töläp, Warner Bros
Toyota täze superkarynyň premýerasyny 2026-njy ýylyň ýanwaryna süýşürdi
15.10.2025 11:23
2.6k+

Toyota täze superkarynyň premýerasyny 2026-njy ýylyň ýanwaryna süýşürdi

Meşhur Lexus LFA modeliniň yzyny dowam etdirmeli täze superkaryň premýerasy şu ýyl däl-de, 2026-njy ýylda bolar. Ozal model ýakyn hepdelerde – oktýabryň ahyrynda Japan Mobility Show sergisinde hödürlener diýlip garaşylypdy
Türkmenistan we «Daewoo» gowaça çöpünden “ýaşyl” metanoly öndürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy
15.10.2025 11:11
8k+

Türkmenistan we «Daewoo» gowaça çöpünden “ýaşyl” metanoly öndürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

14-nji oktýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» koreý kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju bilen duşuşdy
Capricorn 3 million ýewrolyk 01 Zagato giperkaryny tanyşdyrdy
15.10.2025 00:27
4.7k+

Capricorn 3 million ýewrolyk 01 Zagato giperkaryny tanyşdyrdy

Awtoulag şaýlaryny öndüriji meşhur Capricorn kompaniýasy ilkinji giperkaryny — 01 Zagato modelini görkezdi. Täze ulag Italiýanyň meşhur Zagato dizaýn atelýesi bilen hyzmatdaşlykda döredildi. Model nusgawy dizaýny häzirki zaman tehnologiýasy bilen utgaşdyrýar we ol kolleksionerler hem-de awtoulag muşdaklary üçin niýetlenendir
Türkmenistanyň Maşatdaky täze Baş konsuly wezipesine girişdi
14.10.2025 21:55
6.9k+

Türkmenistanyň Maşatdaky täze Baş konsuly wezipesine girişdi

Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Maşat ş.) Baş konsuly Guwançmyrat Ataýew Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Maşat şäherindäki wekilhanasynyň ýolbaşçysy Ahmet Mäsumifäri bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň çäginde G
Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagynda Brýusselde «Global Gateway 2025» forumy geçirildi
14.10.2025 21:48
3.2k+

Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagynda Brýusselde «Global Gateway 2025» forumy geçirildi

9–10-njy oktýabrda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Belgiýa Patyşalygynyň paýtagty Brýussel şäherinde geçirilen «Global Gateway 2025» atly ikinji foruma gatnaşdy
Türkmenistanyň Efiopiýadaky ilçisi diplomatik işine girişdi
14.10.2025 21:43
5.1k+

Türkmenistanyň Efiopiýadaky ilçisi diplomatik işine girişdi

10-njy oktýabrda Addis-Abeba şäherinde Türkmenistanyň Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasyndaky täze bellenen ilçisi Mekan Işangulyýew bu ýurduň Daşary işler ministrliginiň Protokol müdirliginiň başlygy hanym Aziza Geleta Dessalegne ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
Şarja şäherinde Türkmenistan-BAE ikinji işewürlik forumy geçirildi
14.10.2025 21:26
2.6k+

Şarja şäherinde Türkmenistan-BAE ikinji işewürlik forumy geçirildi

2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň başynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Şarja şäheriniň Söwda-senagat edarasynyň (SCCI) binasynda geçirilen Türkmenistan-BAE ikinji işewürlik forumyna gatnaşdy
Türkmenistan BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň Ýerine ýetiriji komitetiniň 76-njy sessiýasyna gatnaşdy
14.10.2025 21:22
3.8k+

Türkmenistan BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň Ýerine ýetiriji komitetiniň 76-njy sessiýasyna gatnaşdy

2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň başynda Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň Müdirliginiň Ýerine ýetiriji komitetiniň 76-njy mejlisine gatnaşdy. BMG-niň Ženewadaky ştab-kwartirasynda geçirilen mejlisde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A