“Zalym: Baky” 2025-nji ýylda petekleriň deslapky satuwy boýunça rekord goýdy
12.10.2025 23:44
2.6k+

“Zalym: Baky” 2025-nji ýylda petekleriň deslapky satuwy boýunça rekord goýdy

“Zalym: Baky” (Злая: Навсегда) fentezi-mýuzikli 2025-nji ýylda petekleriň satylyp başlanan ilkinji güni satuw boýunça rekord goýdy. Bu barada Fandango serwisi habar berýär. Film görkezijiler boýunça “Supermen”, “Arwahlary ýok ediji” ýaly uly premýeralardan öňe geçdi
Durmuşyň we tebigatyň pursatlary: Sony Alpha Awards 2025-iň iň gowy suratlary
12.10.2025 23:41
4.4k+

Durmuşyň we tebigatyň pursatlary: Sony Alpha Awards 2025-iň iň gowy suratlary

Sony Alpha Awards 2025 baýragynyň emin agzalary her ýylky fotosurat bäsleşiginiň ýeňijilerini we finalçylaryny yglan etdiler. Bäsleşik tebigatyň gözelligini we ýabany haýwanlaryň durmuşyndan täsin pursatlary şöhlelendirýän iň oňat işleri jemleýär
Neuralink-yň implanty goýlan näsag pikiriň güýji bilen robot goly dolandyrmagy öwrendi
12.10.2025 23:29
3.1k+

Neuralink-yň implanty goýlan näsag pikiriň güýji bilen robot goly dolandyrmagy öwrendi

Ilon Maskyň esaslandyran Neuralink startapynyň beýni implantlary häzirki wagtda 12 näsaga ornaşdyryldy. Şolaryň sekizinjisi — Nik Reý skleroz keselinden ejir çekýän näsag bolup, pikir güýji arkaly hereket edýän robot goly dolandyrmagy öwrenip başlandygyny paýlaşdy
Nissan täze ykjam Tekton krossowerini tanyşdyrdy
12.10.2025 23:17
4k+

Nissan täze ykjam Tekton krossowerini tanyşdyrdy

Nissan kompaniýasy täze ykjam Tekton krossoweriniň ilkinji suratlaryny köpçülige görkezdi. Bu model hindi bazary üçin ýörite döredilip, 2026-njy ýylda satuwa çykarylar, soň bolsa beýleki ýurtlaryň bazarlarynda hem peýda bolar
Awstraliýanyň suwlarynda iki sany täze görnüş jandar tapyldy — garaňkyda şöhle saçýan akula we “farfor” leňňeji
12.10.2025 23:12
6.3k+

Awstraliýanyň suwlarynda iki sany täze görnüş jandar tapyldy — garaňkyda şöhle saçýan akula we “farfor” leňňeji

Günbatar Awstraliýanyň kenarlarynda okeanograf alymlar ylym üçin täze bolan iki deňiz jandaryny — garaňkyda şöhle saçýan fonar akulasy we ýarym-durulykrangy farfor kraby. Bu tapyndylar baryp 2022-nji ýylda Awstraliýanyň ylmy we amaly barlag guramasy (CSIRO) tarapyndan geçirilen ekspedisiýa wagtynda ýüze çykarylypdy, emma olaryň ylmy beýany diňe indi neşir edildi
Porsche “Le-Manyň 24 sagady” ýaryşyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi
12.10.2025 22:59
1.7k+

Porsche “Le-Manyň 24 sagady” ýaryşyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Porsche kompaniýasy we onuň hyzmatdaşynyň biri bolan Penske Motorsport ýakyn ýyllar üçin öz ýaryş meýilnamasyna täzeden garajakdygyny mälim etdiler. Şu möwsümiň ahyrynda brend Çydamlylyk ugrundaky dünýä çempionatyndan (WEC) çykjakdygyny we 2026-njy ýylda meşhur “Le-Manyň 24 sagady” ýaryşyna gatnaşmajakdygyny resmi taýdan yglan etdi
Aston Martin DB12 S — DB12 hatarynyň iň kuwwatly wersiýasy tanyşdyryldy
12.10.2025 22:56
1.4k+

Aston Martin DB12 S — DB12 hatarynyň iň kuwwatly wersiýasy tanyşdyryldy

Aston Martin täze DB12 S flagman modelini hödürlemek bilen DB12 grand-turerleriniň hataryny giňeltdi. Täze model kupe we kabriolet görnüşlerinde elýeterlidir. Ulag täzeden sazlanan podweskany we güýçlendirilen 4,0 litrlik V8 hereketlendirijisini aldy
Toyota Fortuner wnedorožniginiň täze “Leader Edition 2025” görnüşini hödürledi
12.10.2025 22:46
5.4k+

Toyota Fortuner wnedorožniginiň täze “Leader Edition 2025” görnüşini hödürledi

Toyota kompaniýasy ramaly Fortuner wnedorožniginiň täze ýörite görnüşi — Leader Edition 2025-i tanyşdyrdy. Täze modifikasiýa täzelenen dizaýny we kämilleşdirilen tehniki aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Ulag üçin sargytlar oktýabr aýynyň ikinji ýarymynda kabul edilip başlanar
AstraZeneca-nyň taýýarlan täze derman serişdesi durnukly gipertoniýaly näsaglarda gan basyşy peseltdi
12.10.2025 22:39
2.4k+

AstraZeneca-nyň taýýarlan täze derman serişdesi durnukly gipertoniýaly näsaglarda gan basyşy peseltdi

AstraZeneca farmasewtika kompaniýasy täze taýýarlan baxdrostat atly eksperimental serişdesiniň soňky kliniki synaglardan üstünlikli geçendigini we bejermesi kyn gipertoniýaly näsaglarda gan basyşy peseltmäge kömek edendigini mälim etdi
Uçurymlaryndan iň baý adamlar çykan uniwersitetleriň reýtingi düzüldi
12.10.2025 22:34
10k+

Uçurymlaryndan iň baý adamlar çykan uniwersitetleriň reýtingi düzüldi

Visualcapitalist portaly iň köp milliarder uçurymly uniwersitetleriň täze infografikasyny hödürledi. Reýtinge görä, maliýe taýdan üstünlik gazanan uçurymlaryň aglabasy ABŞ-nyň ýokary okuw mekdeplerinden çykýar, ýöne Aziýanyň institutlarynyň ornunyň hem yzygiderli ýokarlanýandygy aýdyň görünýär
Samsung-yň VR şleminiň dizaýny we aýratynlyklary belli boldy
12.10.2025 11:37
4.2k+

Samsung-yň VR şleminiň dizaýny we aýratynlyklary belli boldy

Internet torunda täze VR garniturasynyň – Project Moohan hökmünde belli bolan Samsung Galaxy XR-yň suraty we tehniki aýratynlyklary peýda boldy. Suratlary Android Headlines neşiri hödürledi. Galaxy XR garniturasy Google-dan Android XR platformasyna esaslanýar we kompýutere ýa-da smartfona birikmezden awtonom işleýär
Duolingo-nyň gahrymanlary baradaky animeniň ilkinji treýleri çykdy
12.10.2025 11:33
2.2k+

Duolingo-nyň gahrymanlary baradaky animeniň ilkinji treýleri çykdy

Duolingo “Soňky synag” (The Final Test) ady bilen anime serialynyň ilkinji treýlerini hödürledi. Baş gahryman kompaniýanyň tumary – ýaşyl baýguş Duo boldy. Sýužet boýunça hakyky dünýäden adamlar howply synaglaryň dünýäsine düşýär
Billi Aýliş üýtgeşik düzgünler bilen özüniň Uno kart dessesini döretdi
12.10.2025 11:23
2.2k+

Billi Aýliş üýtgeşik düzgünler bilen özüniň Uno kart dessesini döretdi

Aýdymçy Billi Aýliş Uno kart oýnunyň öz wersiýasyny çykardy. Kart dessesi ýaşyl-gök reňklerde ýerine ýetirildi we aýdymçynyň Blohsh logotipi bilen bezeldi. Toplumda adaty bolmadyk düzgünler bilen dört kart bar
Ledi Gaga “Melgun Prada geýýär” filminiň dowamynda oýnar
12.10.2025 11:17
3.5k+

Ledi Gaga “Melgun Prada geýýär” filminiň dowamynda oýnar

Ledi Gaga “Melgun Prada geýýär” (Дьявол носит Prada) filminiň dowamynyň düşürilişine gatnaşar. Variety neşiriniň habar bermegine görä, aýdymçy 2006-njy ýylyň meşhur komediýasynyň dowamynyň düşürilýän ýeri bolan Milanda göründi
Täze Zelandiýanyň ýaşaýjysy 2253 sözden ybarat ady alyp, rekord goýdy
12.10.2025 11:14
9.8k+

Täze Zelandiýanyň ýaşaýjysy 2253 sözden ybarat ady alyp, rekord goýdy

Täze Zelandiýanyň ýaşaýjysy Lourens Uotkins dünýäde iň uzyn adyň eýesi hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Onuň doly ady 2253 sözden durýar diýip, Daily Mail ýazýar. Waka 1990-njy ýylyň martynda, Uotkinsiň öz şahsy maglumatlaryny üýtgetmek kararyna gelip, öz adyna iki müňden gowrak ikinji ady goşmagy bilen başlady
Telegram täzelendi: jaň wagty ýazyşmak, täze profil funksiýalary we “suwuk aýna”
12.10.2025 11:11
3.5k+

Telegram täzelendi: jaň wagty ýazyşmak, täze profil funksiýalary we “suwuk aýna”

Telegram messenjeri uly täzelenme çykardy. Indi toparlaýyn jaň wagty beýleki gatnaşyjylar bilen ýazyşyp bolýar – habarlar we emojiler, söhbeti bölmezden, gysga wagtlyk her kimiň ekranynda görünýär. Eger tekstsiz bir emoji iberilse, ol hereket edýän görnüşe öwrülýär
Gaspar Noe The Weeknd üçin başyňy aýlaýan sýurrealistik wideo düşürdi
12.10.2025 11:09
3.4k+

Gaspar Noe The Weeknd üçin başyňy aýlaýan sýurrealistik wideo düşürdi

The Weeknd “Hurry Up Tomorrow” albomyndan “Big Sleep” aýdymy üçin wideo çykardy. Ony kabul ediş we wizual effektleriň synaglary bilen tanalýan fransuz-argentinaly režissýor Gaspar Noe düşürdi. Wideo duýduryş bilen başlaýar: “Üns beriň
Tramp noýabrdan başlap Hytaýdan importa 100% paç giriziljekdigini aýtdy
12.10.2025 10:23
12k+

Tramp noýabrdan başlap Hytaýdan importa 100% paç giriziljekdigini aýtdy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 2025-nji ýylyň 1-nji noýabryndan başlap Birleşen Ştatlaryň Hytaýdan harytlaryň importyna 100% gümrük paçlaryny girizjekdigini habar berdi. Bu barada ol özüniň Truth Social sosial ulgamynda ýazdy
Aşgabatda, Tejende we Daşoguzda täze saglygy goraýyş desgalarynyň düýbi tutuldy
11.10.2025 18:25
13k+

Aşgabatda, Tejende we Daşoguzda täze saglygy goraýyş desgalarynyň düýbi tutuldy

Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek döwrebap lukmançylyk desgalarynyň düýbüni tutmak dabaralary boldy. Aşgabadyň günorta künjeginde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi
Mary etrabynyň Täze güýç geňeşliginde 300 orunlyk Mary welaýat inçekesel hassahanasy açyldy
11.10.2025 18:16
10k+

Mary etrabynyň Täze güýç geňeşliginde 300 orunlyk Mary welaýat inçekesel hassahanasy açyldy

10-njy oktýabrda Mary etrabynyň Täze güýç geňeşliginiň çäginde 300 orunlyk Mary welaýat inçekesel hassahanasy açylyp ulanmaga berildi. Dabara Mejlisiň deputatlary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, saglygy goraýyş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, welaýat, şäher we etrap halk maslahatlarynyň agzalary, hormatly ýaşulular, talyplar gatnaşdylar
Türkmenistanda saglygy goraýyş işgärleri döwlet sylaglary bilen sylaglanyldy
11.10.2025 18:13
5.7k+

Türkmenistanda saglygy goraýyş işgärleri döwlet sylaglary bilen sylaglanyldy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlary Türkmenistanyň
Türkmen ilçisi Malaýziýada Sanweý uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary bilen duşuşdy
11.10.2025 18:07
4.2k+

Türkmen ilçisi Malaýziýada Sanweý uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary bilen duşuşdy

8-nji oktýabrda Türkmenistanyň ilçisi Malaýziýanyň Sanweý uniwersitetiniň professor-mugallymlary we türkmen hem-de daşary ýurtly talyplary bilen duşuşdy. Duşuşyk Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçihanasynda geçirildi diýip, türkmen daşary syýasat edarasynda habar berdiler
Türkmenistanyň ilçisi Gazagystanda Ýewraziýa milli uniwersitetiniň talyplary bilen duşuşdy
11.10.2025 18:02
3.8k+

Türkmenistanyň ilçisi Gazagystanda Ýewraziýa milli uniwersitetiniň talyplary bilen duşuşdy

8-nji oktýabrda Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi B.Rejepow L.N.Gumilýow adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetinde umumy sapak bilen çykyş etdi. Çärä dowamynda ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlar düzümi, şeýle hem uniwersitetde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar
Jon Litgou ilkinji gezek Dambldoryň keşbinde göründi
11.10.2025 17:54
10k+

Jon Litgou ilkinji gezek Dambldoryň keşbinde göründi

Internetde 79 ýaşly Jon Litgouyň HBO-nyň Garri Potter barada täze serialynyň düşürilişinden Dambldoryň keşbinde ilkinji suratlary peýda boldy. Kadrlar X sosial ulgamynda resmi Wizarding World Direct akkaunty tarapyndan hödürlendi
Fransiýada kruassan ysly poçta markasy çykaryldy
11.10.2025 17:52
5.9k+

Fransiýada kruassan ysly poçta markasy çykaryldy

Fransiýanyň Milli poçta gullugy gaýmakly kruassanyň ysy bilen marka çykardy. Bu ýakymly ysy duýmak üçin markanyň üstüni barmagyň bilen sürtmek ýeterlik diýip, Le Figaro habar berýär. Marka 594 müň nusga tiraž bilen çykarylar, ýöne ony ýurduň diňe üç poçta bölüminde satyn alyp bolar
Kolizeýde imperatorlaryň ulanan gizlin geçelgesi köpçülik üçin açyldy
11.10.2025 17:51
5.1k+

Kolizeýde imperatorlaryň ulanan gizlin geçelgesi köpçülik üçin açyldy

Kolizeýde Rim imperatorlarynyň ulanan gizlin ýerasty geçelgesiniň dikeldiş işleri tamamlandy. Indi ony syýahatçylar görüp biler diýip, Daily Mail ýazýar. Geçelge I we II asyrlaryň aralygynda, amfiteatryň özi gurlandan birnäçe wagtdan soň gurlupdyr
Sergeý Lebedew GDA-nyň Baş sekretary wezipesine gaýtadan saýlandy
11.10.2025 17:48
3.8k+

Sergeý Lebedew GDA-nyň Baş sekretary wezipesine gaýtadan saýlandy

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew GDA ýurtlarynyň Baştutanlarynyň çözgüdi bilen bu wezipä ýene üç ýyl möhlet bilen bellendi diýip, TASS habar berýär. “Dar görnüşde geçirilen mejlisde
Toyota syrly superkaryň tizerini görkezdi
11.10.2025 17:47
6.1k+

Toyota syrly superkaryň tizerini görkezdi

Toyota özi üçin adaty däl usulda täze flagman superkarynyň ilkinji tizerini görkezdi. Kompaniýa dürli ýyllarda markanyň köp sanly belli modelleriniň synaglarynyň geçen ýeri bolan Ýaponiýadaky Fuji Speedway ýaryş ýolunda ulagyň suraty bilen uly banner ýerleşdirdi
“Kerpiç” nemes filmi 62 mln tomaşa ýygnap, Netflix-iň öňdebaryjy filmleriniň hataryna goşuldy
11.10.2025 16:59
4.6k+

“Kerpiç” nemes filmi 62 mln tomaşa ýygnap, Netflix-iň öňdebaryjy filmleriniň hataryna goşuldy

Germaniýada çykarylan “Kerpiç” (Brick) trilleri garaşylmadyk ýagdaýda Netflix-iň öňdebaryjy filmleriniň birine öwrüldi. Iýulda premýerasy bolany bäri film 61,7 mln tomaşa ýygnap, tomaşaçylary 103,8 mln sagatlap ekranyň öňünde saklady
FIFA dünýä çempionatyny güýze ýa-da ýaza geçirmek barada pikirlenýär
11.10.2025 16:55
7.1k+

FIFA dünýä çempionatyny güýze ýa-da ýaza geçirmek barada pikirlenýär

FIFA futbol boýunça dünýä çempionatyny adaty tomus möwsüminden başga pasla geçirmek mümkinçiligine seredýär. Bu barada guramanyň prezidenti Janni Infantino aýtdy. Onuň sözlerine görä, gürrüň diňe bir ýaryş barada däl, eýsem umumy senenama täzeden garamak barada gidýär
Transfermarkt Seriýa A-nyň oýunçylarynyň bazar bahasyny täzeledi: Martines arzanlady, Ýyldyz gymmatlady
11.10.2025 14:07
7.9k+

Transfermarkt Seriýa A-nyň oýunçylarynyň bazar bahasyny täzeledi: Martines arzanlady, Ýyldyz gymmatlady

Transfermarkt portaly Seriýa A ligasynyň futbolçylarynyň bazar bahasyny täzeledi. “Interiň” argentinaly hüjümçisi Lautaro Martines 10 mln ýewro arzanlady, ýöne çempionatyň iň gymmat oýunçysy adyny saklady – indi ol 85 mln ýewro bilen bahalandyrylýar
ÝB möhüm on pudakda EA-nyň ornaşdyrylmagy üçin 1 mlrd ýewro bölüp berer, bu o diýen köp däl
11.10.2025 14:05
2.4k+

ÝB möhüm on pudakda EA-nyň ornaşdyrylmagy üçin 1 mlrd ýewro bölüp berer, bu o diýen köp däl

Ýewropa Komissiýasy ykdysadyýetiň möhüm on pudagynda emeli aňy ornaşdyrmak boýunça başlangyjyň işe girizilendigini habar berdi. Täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin 1 mlrd ýewro bölüp bermek meýilleşdirilýär
Realme 15 Pro “Tagtlaryň oýnunyň” stilinde dizaýna we toplumda Demir tagta eýe boldy
11.10.2025 14:00
5.1k+

Realme 15 Pro “Tagtlaryň oýnunyň” stilinde dizaýna we toplumda Demir tagta eýe boldy

Realme kompaniýasy 15 Pro smartfonynyň “Tagtlaryň oýny” serialyna bagyşlanan aýratyn wersiýasyny çykardy. Ol üýtgeşik dizaýny, tematik gaplamasy we goşmaça aksessuarlar bilen tapawutlanýar. Smartfondan jemi 5000 nusga çykarylar
Eýnşteýniň ilkinji skripkasy auksionda tas 1,5 mln dollara satyldy
11.10.2025 13:53
2.8k+

Eýnşteýniň ilkinji skripkasy auksionda tas 1,5 mln dollara satyldy

Beýik Britaniýada Dominic Winter auksion öýünde geçirilen söwdada Albert Eýnşteýniň skripkasy satyldy. Aýdym-saz guralynyň bahasy tas 1,5 mln dollar boldy diýip, guramaçylara salgylanyp, Daily Mail habar berýär
Türkmenistanyň DIM-nde Malaýziýanyň wekiliýeti bilen duşuşyk barada
11.10.2025 00:55
2.1k+

Türkmenistanyň DIM-nde Malaýziýanyň wekiliýeti bilen duşuşyk barada

9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Baş syýasy sekretary Datuk Seri Şamsul Iskandar Mohd Akiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy
11.10.2025 00:45
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy

9-njy oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Ýaponiýanyň ilçisi Hirosi Sasaki bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermgine görä, duşuşykda taraplar türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça ösüşiniň ýokary depginini bellediler
2026-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda Türkmenistan başlyklyk eder
10.10.2025 18:25
13k+

2026-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda Türkmenistan başlyklyk eder

Şu gün, 10-njy oktýabrda Täjigistanyň paýtagtynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine görä, sammite gatnaşyjylar 20 sany meseläni ara alyp maslahatlaşdylar
Serdar Berdimuhamedow Duşenbede GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
10.10.2025 18:16
7k+

Serdar Berdimuhamedow Duşenbede GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

Şu gün — 10-njy oktýabrda Duşenbedäki «Kasri Millat» köşgünde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Sammitiň işine Arkalaşyga girýän ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary, şeýle-de GDA-nyň Baş sekretary gatnaşdy
Raşid Meredow Türkmenistanda diplomatik işini tamamlaýan Kataryň ilçisi bilen duşuşdy
10.10.2025 18:04
3.2k+

Raşid Meredow Türkmenistanda diplomatik işini tamamlaýan Kataryň ilçisi bilen duşuşdy

8-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ýurdumyzda özüniň diplomatik işini tamamlaýan Katar Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamad bin Raşid bin Hamad Al-Azbi bilen duşuşdy
Filippinlerde 7,6 bal ululykda ýertitreme bolup geçdi: sunami howpy yglan edildi
10.10.2025 17:50
18k+

Filippinlerde 7,6 bal ululykda ýertitreme bolup geçdi: sunami howpy yglan edildi

Filippinleriň kenarynda anna gününe geçilen gije güýçli ýertitreme bolup geçdi. Onuň ululygy 7,6 bal boldy diýip, Filippinleriň wulkanologiýa we seýsmologiýa instituty (Pholvolcs) habar berdi. Ýertitremäniň ojagy Dawao portundan, takmynan, 144 km uzaklykda, deňiz düýbünden 58 km töweregi çuňlukda ýerleşýär