Bir günde ýedi rekord goýuldy, ýagny iňlis bagbanlary adatdan daşary ullakan hasyly görkezdiler
07.10.2025 16:13
17k+

Bir günde ýedi rekord goýuldy, ýagny iňlis bagbanlary adatdan daşary ullakan hasyly görkezdiler

Her ýylyň sentýabr aýynda Beýik Britaniýanyň iň oňat gök önüm öndürijileri Malwerne (Wusterşir graflygy) Güýz sergisine ýygnanýarlar. Ol ýerde CANNA äpet gök önümleri öndürmegiň milli çempionatynda ýetişdiren hasyllaryny hödürleýärler
Rolls-Royce ýörite sargyt boýunça ite bagyşlap Specter ulagynyň aýratyn wersiýasyny çykardy
07.10.2025 16:04
8.1k+

Rolls-Royce ýörite sargyt boýunça ite bagyşlap Specter ulagynyň aýratyn wersiýasyny çykardy

Rolls-Royce bir amerikan maşgala jübütiniň ýörite sargydy boýunça taýýarlanan Specter elektrik kupesini görkezdi. Eýeleri Beýli lakamly labrador bilen altynsow retriweriň neslinden bolan itine awtoulag bagyşlamagy karar edipdirler
XVIII asyrda gark bolan ispan gämisinde 1 million dollarlyk altyn hazyna tapyldy
07.10.2025 16:01
13k+

XVIII asyrda gark bolan ispan gämisinde 1 million dollarlyk altyn hazyna tapyldy

Guwwaslar Floridanyň kenarýakasynda deňziň düýbünden takmynan 1 million dollarlyk hazyna tapdylar. Şaýy pullar 1715-nji ýylyň 31-nji iýulynda Ispaniýanyň flotiliýasynyň heläkçiliginden soň üç asyrdan gowrak wagtlap suwuň aşagynda ýatypdyr
Meta ABŞ-da 70 futbol meýdançasynyň ululygyndaky maglumat merkezini gurýar
07.10.2025 15:59
4.3k+

Meta ABŞ-da 70 futbol meýdançasynyň ululygyndaky maglumat merkezini gurýar

Meta kompaniýasy Luiziana ştatynda (ABŞ) 4 million inedördül fut (371 600 inedördül metr töweregi) meýdany bolan emeli aň maglumat merkezini gurýar, bu takmynan 70 futbol meýdançasyna deňdir. Reuters-iň habar bermegine görä, desganyň umumy çykdajysy takmynan 10 milliard dollar bolar
OpenAI-iň ýolbaşçysy täze şertnamalary baglaşmak üçin dünýä syýahatyna ugrady
07.10.2025 15:56
3k+

OpenAI-iň ýolbaşçysy täze şertnamalary baglaşmak üçin dünýä syýahatyna ugrady

OpenAI-iň baş direktory Sem Altman maýa goýumlary çekmek we kompaniýanyň taslamalaryny ösdürmek maksady bilen Günorta-Gündogar Aziýa we Ýakyn Gündogara syýahata ugrady. The Wall Street Journal-yň maglumatlaryna görä, Altman garaşsyz EA infrastrukturasyny döretmek boýunça hyzmatlary öňe sürüp, enjamlary we komponentleri öndürmek üçin täze hyzmatdaşlary gözleýär
Blue Origin 8-nji oktýabrda ekipažly New Shepard raketasyny uçurar
07.10.2025 15:54
1.2k+

Blue Origin 8-nji oktýabrda ekipažly New Shepard raketasyny uçurar

Blue Origin kompaniýasy NS-36 missiýasynyň çäklerinde ekipažly New Shepard raketasynyň uçuş senesini 8-nji oktýabra belledi. Uçuş Günbatar Tehasdaky Launch Site One meýdançasyndan amala aşyrylar. Uçuş penjiresi ABŞ-nyň merkezi wagty bilen 8:00-da (Aşgabat wagty bilen 18:00) açylar
Bilermenler dünýä ýurtlarynyň ululyklaryny bir suratda görkezdiler
07.10.2025 15:21
8.3k+

Bilermenler dünýä ýurtlarynyň ululyklaryny bir suratda görkezdiler

Dünýä ýurtlary ölçegi boýunça ägirt uly kontinental kuwwatly döwletlerden başlap, kiçijik ada döwletlerine çenli ululykda dürli-dürli bolýar. Visualcapitalist portalynyň täze taslamasy muny wizual görnüşde aýdyň görkezýär: diagrammada gury ýerleri we içerki suw desgalaryny - kölleri, derýalary we suw howdanlaryny göz öňünde tutmak bilen, her bir ýurt çäginiň ululygyna görä ýerleşdirilen
Indoneziýada uly meteorit gaçdy
07.10.2025 14:59
10k+

Indoneziýada uly meteorit gaçdy

Duşenbe gününe geçilen gije Indoneziýanyň Çirebon şäheriniň ýaşaýjylary ýiti ýagtylygyň we güýçli sesiň şaýady boldy. Asmandan uly meteor uçup geçip, Ýawa deňzine gaçdy diýip, Milli gözleg we innowasiýa agentliginden (BRIN) astronomiýa professory Tomas Jamaluddin habar berdi
“Doga 4” taryhda iň köp girdeji gazanan üçünji horror filmi boldy
07.10.2025 13:35
2.8k+

“Doga 4” taryhda iň köp girdeji gazanan üçünji horror filmi boldy

“Doga: Soňky dessurlar” (Заклятие: Последний обряд) filmi dünýä prokatynda haýran galdyryjy üstünlik gazanyp, franşizada iň girdejili bölüm boldy. Tomaşaçylary Eda bilen Lorreýn Uorrenleriň hekaýatynyň soňuny görkezmek wadasy özüne çekdi
Saud Arabystany noýabrda Aziýa üçin nebitiň Arab Light görnüşiniň bahasyny üýtgetmeýär
07.10.2025 13:33
4.5k+

Saud Arabystany noýabrda Aziýa üçin nebitiň Arab Light görnüşiniň bahasyny üýtgetmeýär

Saud Arabystany noýabrda Aziýa üçin nebitiň esasy görnüşi bolan Arab Light-yň bahasyny üýtgetmez diýip, Saudi Aramco döwlet kompaniýasy habar berdi. Çig malyň bahasy öňküsi ýaly Oman/Dubaý sebedinden 2,2 dollar ýokary bolar
Guramaçylaryň ýalňyşlygyndan soň, sambo boýunça Dünýä çempionatynda türkmen türgenine altyn medal berildi
07.10.2025 13:28
16k+

Guramaçylaryň ýalňyşlygyndan soň, sambo boýunça Dünýä çempionatynda türkmen türgenine altyn medal berildi

Indoneziýanyň Bogor şäherinde ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasyndaky sambo boýunça Dünýä çempionatynyň jemleýji gününde Türkmenistanyň türgenleri medallarynyň sanyny sekize ýetirdiler. Halkara Sambo Federasiýasynyň (FIAS) 58 kg çenli agram derejesinde söweş sambosynyň finalynda iki türgene-de altyn medal bermek baradaky adaty bolmadyk karary ýaryşyň iň köp ara alnyp maslahatlaşylan pursatlarynyň biri boldy
Fabio Kannawaro Özbegistanyň milli futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy
07.10.2025 13:16
6.5k+

Fabio Kannawaro Özbegistanyň milli futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Özbegistanyň futbol assosiasiýasy Fabio Kannawaronyň milli ýygyndynyň baş tälimçisi wezipesine bellenendigini habar berdi. Italiýaly hünärmen bilen şertnamanyň möhleti aýdylmaýar. Kannawaro bu wezipede topary taryhy üstünlige – ABŞ-da, Kanadada, Meksikada geçiriljek 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ahyrky tapgyryna elten Timur Kapadzeni çalyşdy
Hytaýda dünýäde iň uly ýüzýän ýel generatory ýygnaldy, onuň rotory ýedi futbol meýdançasyna deň
07.10.2025 13:13
7.1k+

Hytaýda dünýäde iň uly ýüzýän ýel generatory ýygnaldy, onuň rotory ýedi futbol meýdançasyna deň

Beýhaý portunda (Hytaýyň günortasyndaky Guansi Çžuan awtonom sebiti) 16 MWt kuwwaty bolan dünýäniň iň uly ýüzýän deňiz ýel generatoryny gurnamak işleri tamamlandy. Turbina “Üç jülge” bendi taslamasy bilen tanalýan China Three Gorges Corporation tarapyndan işlenip düzüldi
Astronomlar sekuntda 6 milliard tonna tizlikde ulalýan ýalňyz planetany tapdylar
07.10.2025 13:08
6.3k+

Astronomlar sekuntda 6 milliard tonna tizlikde ulalýan ýalňyz planetany tapdylar

Astronomlar «sergezdan-planetanyň» – ýyldyzyň daşyndan aýlanman, kosmosda erkin gezip ýören obýektiň massasynyň rekord derejede ösýändigini hasaba aldylar. Ýewropanyň Günorta obserwatoriýasynyň «Örän uly teleskopynyň» (VLT) kömegi bilen geçirilen gözegçilikler, bu planetanyň sekuntda 6 milliard tonna tizlikde gaz we tozan sorup alýandygyny görkezdi
Alymlar ebedi doňaklykdaky ýaşy, takmynan, 40 müň ýyl bolan mikrob­lary oýartdylar
07.10.2025 13:02
5.3k+

Alymlar ebedi doňaklykdaky ýaşy, takmynan, 40 müň ýyl bolan mikrob­lary oýartdylar

Kolorado uniwersitetiniň (Boulder şäheri, ABŞ) alymlary on müňlerçe ýyl mundan ozal ebedi doňaklykda doňup galan gadymy mikroblary janlandyrdylar. Käbir nusgalardaky mikroorganizmler, takmynan, 40 müň ýyl bäri «uklapdyr»
Tesla üçünji çärýekde rekord satuw etdi, ýöne şonda-da maýadarlaryny begendirip bilmedi
07.10.2025 12:51
2.7k+

Tesla üçünji çärýekde rekord satuw etdi, ýöne şonda-da maýadarlaryny begendirip bilmedi

Tesla satuwlaryň möçberi boýunça 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginde rekord goýdy. Kompaniýa müşderilerine 497 100 sany elektrik ulagyny iberdi - bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 7% we öňki çärýek bilen deňeşdirilende 29% köp
Volvo bir millionynjy zarýad berilýän gibridini öndürdi
07.10.2025 12:48
2.8k+

Volvo bir millionynjy zarýad berilýän gibridini öndürdi

Volvo Cars möhüm üstünlik barada habar berdi: sentýabr aýynda bir millionynjy zarýad berilýän gibrid konweýerden çykdy. Kompaniýa bu sepgidi dolulygyna elektrikli modeller hataryna geçmek strategiýasynda möhüm ädim diýip atlandyrýar
Bloomberg Apple-de Tim Kukuň ornuna geçip biljek adamy aýtdy
07.10.2025 12:41
2.8k+

Bloomberg Apple-de Tim Kukuň ornuna geçip biljek adamy aýtdy

Apple soňky on ýylda ýolbaşçylarynyň durnukly düzümini saklady, ýöne häzir kompaniýa top-menejmentde uly üýtgeşmelere taýýarlanýar diýip, Bloomberg habar berýär. Ozal Tim Kukuň ýerini eýeläp biler diýlip hasaplanan baş operasion müdir Jeff Uilýams kompaniýany terk etdi
Altynyň bahasy taryhda ilkinji gezek 4000 dollara ýetdi
07.10.2025 12:39
4.1k+

Altynyň bahasy taryhda ilkinji gezek 4000 dollara ýetdi

Altynyň bahasy ilkinji gezek bir unsiýa üçin 4000 dollardan geçdi. 7-nji oktýabrda, sişenbe güni söwdada altyn üçin dekabr fýuçersleri Nýu-Ýorkuň haryt biržasynda (COMEX) 0,6% gymmatlap, bir unsiýa üçin 4000,1 dollara ýetdi
Serdar Berdimuhamedow Wladimir Putini doglan güni bilen gutlady
07.10.2025 06:49
10k+

Serdar Berdimuhamedow Wladimir Putini doglan güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy
Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýdy
07.10.2025 06:43
9.9k+

Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýdy

6-njy oktýabrda Hatyra gününde Prezident Serdar Berdimuhamedow «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine gatnaşdy. Bu gün 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary hem-de söweş meýdanlarynda wepat bolanlar hatyralandy
Türkmen talyplary Malaýziýada WSDG 2025 bäsleşiginde baş baýraga we taslamany ösdürmek üçin pul baýragyna mynasyp boldular
07.10.2025 06:35
6.1k+

Türkmen talyplary Malaýziýada WSDG 2025 bäsleşiginde baş baýraga we taslamany ösdürmek üçin pul baýragyna mynasyp boldular

24 — 28-nji sent­ýabr ara­ly­gyn­da Ma­laý­zi­ýa­nyň Saý­ber­ja­ýa şä­he­rin­de Bü­tin­dün­ýä Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry bäs­le­şi­gi (World Sus­tai­nab­le Develop­ment Goals Chal­len­ge — WSDG 2025) ge­çi­ril­di
Nemes professorlary Türkmenistanyň lukmançylyk merkezlerine baryp, olaryň işine baha berdiler
07.10.2025 06:30
8.3k+

Nemes professorlary Türkmenistanyň lukmançylyk merkezlerine baryp, olaryň işine baha berdiler

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň professor-lukmanlary Türkmenistana iş saparynyň çäklerinde ýerli hünärmenler bilen öz tejribelerini paýlaşýarlar. Olar paýtagtymyzdaky we Arkadag şäherindäki saglyk merkezlerinde bolup, bilelikde näsaglaryň saglygyny bejermek işlerine gatnaşýarlar
Türkmen wekiliýeti Tokioda ylmy-tehniki ugurlarda täze taslamalary maslahatlaşdy
07.10.2025 06:24
2.6k+

Türkmen wekiliýeti Tokioda ylmy-tehniki ugurlarda täze taslamalary maslahatlaşdy

3–4-nji oktýabrda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory G.Mezilowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Ýaponiýanyň Tokio şäherine sapary amala aşyrdy. Saparyň dowamynda wekiliýet Ýaponiýanyň ylmy-tehniki ugrunda iş alyp barýan döwlet edaralarynyň, guramalarynyň we kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň sentýabr aýyndaky sany çykdy
07.10.2025 06:16
1.2k+

«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň sentýabr aýyndaky sany çykdy

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň döredijilik topary bu elektron neşiriň sentýabr aýyndaky sanyny okyjylara hödürledi. Žurnalyň bu gezekki sany Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk toýuna beslenen aýyň dowamyndaky esasy wakalara bagyşlanýar
Türkmen samboçylary Indoneziýada ýaşlaryň dünýä çempionatynda 5 medal gazandylar
06.10.2025 22:56
6.8k+

Türkmen samboçylary Indoneziýada ýaşlaryň dünýä çempionatynda 5 medal gazandylar

Türkmen samboçylary ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatynda bäş medal – bir altyn, üç kümüş we bir bürünç medal gazandylar. Bäsleşik 3-nji oktabrdan 5-nji oktabr aralygynda Indoneziýanyň Bogor şäherinde geçdi
Samsung oktýabrda garyşyk hakykat garniturasyny hödürlemäge taýýarlanýar
06.10.2025 17:53
2.6k+

Samsung oktýabrda garyşyk hakykat garniturasyny hödürlemäge taýýarlanýar

Samsung eýýäm geljek hepdelerde Android XR operasion ulgamynyň esasynda özüniň ilkinji garyşyk hakykat şlemini hödürlemäge taýýarlanýar. Project Moohan şertli atly gurluş 22-nji oktýabrda görkezilip bilner diýip, 9to5Google habar berýär
Hytaýda ýokary galýan üçegi we kiçijik aşhanasy bolan Ford Bronco üçin sargytlar açyldy
06.10.2025 17:50
6.7k+

Hytaýda ýokary galýan üçegi we kiçijik aşhanasy bolan Ford Bronco üçin sargytlar açyldy

Ford kompaniýasy Hytaýda Basecamp atly Bronco krossoweriniň täze wersiýasy üçin sargytlary kabul edip başlady. Model ýerli bazar üçin ýörite döredildi we syýahaty söýüjiler üçin niýetlenýär diýip, Carscoops ýazýar
“Jon Uik” franşizasyna western žanrynyň elementleri bilen samuraý filmi goşular
06.10.2025 17:47
3.1k+

“Jon Uik” franşizasyna western žanrynyň elementleri bilen samuraý filmi goşular

Lionsgate studiýasy “Jon Uik” franşizasynyň samuraý filmi bilen western žanrynyň elementlerini birleşdirjek täze spin-off-yny taýýarlaýar. Ssenariniň üstünde o diýen belli bolmadyk ssenariçi Ostin Ewerett işleýär
Ilon Mask iki hepdeden Grokipedia-ny işe girizer
06.10.2025 17:44
5k+

Ilon Mask iki hepdeden Grokipedia-ny işe girizer

Ilon Mask eýýäm iki hepdeden Grok AI çat-botunyň esasynda täze onlaýn ensiklopediýany – Grokipedia-ny işe girizmek meýilnamalary barada aýtdy. Milliarderiň aýtmagyna görä, bu taslama “Wikipedianyň” ornuny tutup, çäklendirmesiz hemmeler üçin elýeterli bolar
Tramp 80 ýaşynyň dolan güni Ak tamda UFC söweşiniň geçiriljekdigini yglan etdi
06.10.2025 17:41
19k+

Tramp 80 ýaşynyň dolan güni Ak tamda UFC söweşiniň geçiriljekdigini yglan etdi

Ak tamda UFC söweşi 2026-njy ýylyň 14-nji iýunynda geçiriler. Bu barada Ak tamyň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Harby-deňiz güýçleriniň 250 ýyllygy mynasybetli Norfolk harby-deňiz bazasynda eden çykyşynda aýtdy. Sene ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň 80 ýaşynyň belleniljek güni bilen gabat gelýär diýip, Reuters we The Hill habar berýär
Fiziologiýa we lukmançylyk boýunça Nobel baýragy immun ulgamynyň öwrenilendigi üçin berildi
06.10.2025 17:39
3.4k+

Fiziologiýa we lukmançylyk boýunça Nobel baýragy immun ulgamynyň öwrenilendigi üçin berildi

Stokgolmda fiziologiýa we lukmançylyk boýunça Nobel baýragynyň eýeleri yglan edildi. Baýrak “periferik immunologik tolerantlyk” diýlip atlandyrylýan ugurdaky açyş üçin amerikalylar Meri E.Brankowa, Fred Ramsdella we ýaponiýaly Şimon Sakaguçä berildi
“Maklaren” “Formula-1-de” möhletinden ir Konstruktorlaryň kubogyny gazanyp, “Red Bulluň” rekordyny gaýtalady
06.10.2025 17:28
2.3k+

“Maklaren” “Formula-1-de” möhletinden ir Konstruktorlaryň kubogyny gazanyp, “Red Bulluň” rekordyny gaýtalady

Singapuryň Gran-prisiniň jemi boýunça “Maklaren” topary möhletinden ir “Formula-1-iň” Konstruktorlaryň kubogy baýragyny aldy. Bu britan toparynyň konstruktorlar sanawynda yzygider ikinji we taryhda onunjy ýeňşidir diýip, ESPN belleýär
Rassell Singapuryň Gran-prisinde “Mersedese” ýeňiş getirdi
06.10.2025 17:25
1.6k+

Rassell Singapuryň Gran-prisinde “Mersedese” ýeňiş getirdi

“Mersedes” toparynyň britaniýaly ýaryşa gatnaşyjysy Jorj Rassell “Formula-1” dünýä çempionatynyň 18-nji tapgyry bolan Singapuryň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy. Ýaryş şäher ýolunda geçirildi. Rassell üçin bu ýeňiş häzirki möwsümde ikinji we karýerasynda bäşinji boldy
Serdar Berdimuhamedow Emomali Rahmony doglan güni bilen gutlady
06.10.2025 11:09
7.4k+

Serdar Berdimuhamedow Emomali Rahmony doglan güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona doglan güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Siz parasatly we öňdengörüji döwlet işgäri hökmünde köp ýyllaryň dowamynda halkyňyzyň bähbidine yzygiderli zähmet çekip gelýärsiňiz
“Ahyrky nokat 7” režissýoryny tapdy
06.10.2025 11:06
3.7k+

“Ahyrky nokat 7” režissýoryny tapdy

Warner Bros. we New Line “Ahyrky nokat” horrorynyň ýedinji bölümi üçin režissýor saýladylar. Filmi “Gijeki ogry” atly filmi bilen tanalýan belgiýaly režissýor Mihil Blanşar goýar diýip, Deadline neşiri habar berýär
Toyota Le Man-da Ferrari-i bilen bäsleşmek üçin ýaryş awtoulagyny täzeleýär
06.10.2025 11:02
5.7k+

Toyota Le Man-da Ferrari-i bilen bäsleşmek üçin ýaryş awtoulagyny täzeleýär

Toyota kompaniýasy 2026-njy ýylda ýaryş ýollaryna çykjak döwrebaplaşdyrylan GR010 ýaryş awtoulagynyň ilkinji suratlaryny görkezdi. Ýapon kompaniýasynyň esasy maksady – Ferrari-niň topary ýaryş ýoluna gaýdyp geleninden soň, “Le Man-yň 24 sagady” ýaryşynda, ýitirilen zatlaryň öwezini dolmak bilen, öňdebaryjy ornuny gaýtadan dikeltmek
Aşgabatda “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň döredilmeginiň 3 ýyllygy bellenildi
06.10.2025 10:59
5.3k+

Aşgabatda “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň döredilmeginiň 3 ýyllygy bellenildi

3-nji oktýabrda Aşgabatda “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň döredilmeginiň 3 ýyllygy bellendi. Dabara jemgyýetçilik guramalaryň, ýokary okuw mekdepleriň, ilçihanalaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy diýip, guramada habar berdiler
Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymlary Ýaponiýada iş saparynda bolýarlar
06.10.2025 10:54
7.9k+

Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymlary Ýaponiýada iş saparynda bolýarlar

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň iki mugallymy öňdebaryjy bilim we ylmy tejribeleri özleşdirmek maksady bilen Ýaponiýa gitdiler. Olar 1-17-nji oktýabr aralygynda Ýaponiýanyň Kawasaki şäherinde ýerleşýän we dünýäniň öňdebaryjy ylmy-barlag merkezleriniň biri bolan ICONM – Nanomedisina Innowasiýa Merkezinde tejribe okuwlaryna gatnaşýarlar
Microsoft öz 50 ýyllyk ýubileýiniň şanyna Windows XP dizaýnly krokslary çykardy
06.10.2025 10:49
4.8k+

Microsoft öz 50 ýyllyk ýubileýiniň şanyna Windows XP dizaýnly krokslary çykardy

Microsoft özüniň 50 ýyllyk ýubileýiniň şanyna rowaýaty Windows XP-dan ylhamlanan dizaýnly, çäkli nusgadaky krokslar toplumyny hödürledi. Bu aýakgabyň resmi utuşly oýny 7-nji oktýabrda bolar. Awgust aýynda bu kompaniýa adaty bolmadyk goýberiliş yglan edipdi, indi bolsa köne operasion ulgamynyň tanalýan elementleri basylan öňi ýapyk şypbyklary resmi taýdan görkezdi