Blue Origin kriptomilliarder Jastin Sany suborbital uçuşa iberdi
05.08.2025 21:50
3.9k+

Blue Origin kriptomilliarder Jastin Sany suborbital uçuşa iberdi

Blue Origin kompaniýasy 3-nji awgustda NS-34 missiýasynyň çäklerinde suborbital uçuşy üstünlikli amala aşyrdy. New Shepard raketasynda uçuşa kriptomilliarder Jastin San we ýene bäş gatnaşyjy iberildi. Uçuş günbatar Tehasdaky kosmodromdan boldy
Gün energiýasynda işleýän uçarmansyz enjam ilkinji gezek üznüksiz 73 sagat uçdy
05.08.2025 21:47
6.9k+

Gün energiýasynda işleýän uçarmansyz enjam ilkinji gezek üznüksiz 73 sagat uçdy

Gün energiýasynyň kömegi bilen işleýän uçarmansyz uçýan enjam Skydweller ilkinji gezek 73 sagatlyk gonuşsyz uçuşy amala aşyrdy. Bu barada ABŞ-nyň Harby-deňiz güýçleriniň Söweş hereketleri merkeziniň awiasion bölümçesiniň ýolbaşçylygynda Missisipi ştatyndaky Stennis aerodromyndan geçirilen synaglaryň netijesi boýunça habar berildi
Ledi Gaga “Uensdeýiň” ikinji möwsümi üçin täze aýdym ýazdy
05.08.2025 15:16
5.3k+

Ledi Gaga “Uensdeýiň” ikinji möwsümi üçin täze aýdym ýazdy

Aýdymçy Ledi Gaga “Uensdeý” serialynyň ikinji möwsümi üçin ýörite täze aýdym çykarar. Bu barada Variety habar berýär. Aýdym “Dead Dance” (Öli tans edýär) diýlip atlandyrylar, aýdymyň resmi taýdan sentýabrda çykmagyna garaşylýar, ýöne takyk sene belli däl
Toyota 2028-nji ýylda Camry, Land Cruiser we 4Runner ulaglarynyň modellerini täzelär
05.08.2025 15:15
11k+

Toyota 2028-nji ýylda Camry, Land Cruiser we 4Runner ulaglarynyň modellerini täzelär

Toyota Demirgazyk Amerikanyň bazary üçin awtomobil hataryny düýpli täzelemegi göz öňünde tutýar. Hususan-da, 2028-nji ýylda kompaniýa täzelenen Camry, Land Cruiser 250 (ABŞ-da model diňe Land Cruiser diýlip atlandyrylýar) we 4Runner ulaglaryny hödürlär diýip, Automotive News ýazýar
“Formula-1” Bred Pittiň karýerasynda iň girdejili film boldy
05.08.2025 15:14
5.2k+

“Formula-1” Bred Pittiň karýerasynda iň girdejili film boldy

“Formula-1” ýaryş blokbasteri aktýor Bred Pittiň filmografiýasynda resmi taýdan iň köp girdeji gazanan taslama adyny aldy. Filmiň dünýädäki umumy kassa ýygymy 545 mln dollara ýetdi. Mundan öň iň girdejili film adyny 2013-nji ýylda çykan “Dünýä söweşi Z” saklaýardy (inflýasiýany hasaba almazdan $540 mln)
“Kasper” filmi 30 ýyllygy mynasybetli gaýtadan prokata goýberiler
05.08.2025 14:58
3.2k+

“Kasper” filmi 30 ýyllygy mynasybetli gaýtadan prokata goýberiler

Universal Pictures we Amblin Entertainment “Kasper” filmini 30 ýyllygy mynasybetli gaýtadan prokata çykarar. Görkeziliş 3-nji oktýabrdan 31-nji oktýabr aralygynda bolar diýip, Bleeding Cool habar berýär. “Kasperiň” premýerasy 1995-nji ýylyň 28-nji maýynda boldy
Serdar Berdimuhamedow Awazada BMG-niň maslahatynda Türkmenistanyň başlangyçlaryny öňe sürdi
05.08.2025 14:33
8.7k+

Serdar Berdimuhamedow Awazada BMG-niň maslahatynda Türkmenistanyň başlangyçlaryny öňe sürdi

Şu gün "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda açylan Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çykyş etdi
Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglanyldy
05.08.2025 14:21
15k+

Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglanyldy

5-nji awgustda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň iň ýokary döwlet sylagy — “Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin” ordeni bilen sylaglandy. Sylaglamak dabarasy Awazada geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji Konsultatiw duşuşygyna taýýarlyk çäreleriniň çäginde geçirildi
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji Konsultatiw duşuşygyna taýýarlyk boýunça forum geçirildi
05.08.2025 14:06
7.6k+

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji Konsultatiw duşuşygyna taýýarlyk boýunça forum geçirildi

Şu gün Awazada ýerleşýän Kongres merkezinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji Konsultatiw duşuşygyna taýýarlyk görmek bilen bagly çäre geçirildi. Forum Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirildi
BMG-niň Baş Assambleýasynyň başlygy deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlary goldamagy ählumumy jogapkärçilik diýip atlandyrdy
05.08.2025 13:55
5.9k+

BMG-niň Baş Assambleýasynyň başlygy deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlary goldamagy ählumumy jogapkärçilik diýip atlandyrdy

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň başlygy Filemon Ýang BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ýokary derejede guralandygy hem-de myhmansöýer kabul edilendigi üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna we halkyna minnetdarlyk bildirdi
Antoniu Guterriş Awazada maslahatyň açylyşynda özgertmelere çagyryş bilen çykyş etdi
05.08.2025 11:53
9.3k+

Antoniu Guterriş Awazada maslahatyň açylyşynda özgertmelere çagyryş bilen çykyş etdi

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Awazada geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň dabaraly açylyşynda çykyş etdi. Maslahatyň ýokary derejede guralandygy üçin Türkmenistanyň hökümetine we halkyna minnetdarlyk bildirip, BMG-niň Baş sekretary ýurdumyzyň halkara dialog üçin amatly şertleri döretmäge edýän tagallalaryny aýratyn belläp geçdi
Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada BMG-niň maslahatynyň açylyşynda çykyş etdi
05.08.2025 11:44
9.2k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada BMG-niň maslahatynyň açylyşynda çykyş etdi

“Awaza” Kongresler merkezinde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň açylyş dabarasy geçirildi. Dabarada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny beýan edip, çykyş etdi
Türkmenistan we UNOPS ulag, ekologiýa we saglygy goraýyş ugurlarynda taslamalary maslahatlaşdylar
05.08.2025 11:22
2.4k+

Türkmenistan we UNOPS ulag, ekologiýa we saglygy goraýyş ugurlarynda taslamalary maslahatlaşdylar

4-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Awstriýada Taslamalara hyzmat etmek boýunça (UNOPS) BMG-niň Müdirliginiň köp ýurtly edarasynyň direktory Simonetta Siligato bilen duşuşdy
Raşid Meredow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň başlygy bilen duşuşdy
05.08.2025 11:18
3.4k+

Raşid Meredow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň başlygy bilen duşuşdy

4-nji awgustda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynynyň çäginde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň başlygy Filemon Ýang bilen duşuşyk geçirdi
Dünýägözel Gulmanowa Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, RF-niň we Marokkonyň parlament wekilleri bilen duşuşdy
05.08.2025 11:13
6.6k+

Dünýägözel Gulmanowa Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, RF-niň we Marokkonyň parlament wekilleri bilen duşuşdy

4-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) çäginde Parlament forumy geçirildi. Forumyň çäginde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Russiýanyň we Marokkonyň parlament wekiliýetleri bilen duşuşyklary geçirdi
Mahaçew bilen Maddalena noýabrda “Medison-skwer-gardende” titul söweşini geçirer
05.08.2025 10:58
15k+

Mahaçew bilen Maddalena noýabrda “Medison-skwer-gardende” titul söweşini geçirer

Russiýaly Islam Mahaçew 15-nji noýabrda Nýu-Ýorkdaky meşhur “Medison-skwer-garden” arenasynda awstraliýaly Jek Della Maddalena bilen titul söweşini geçirer. Bu barada ABŞ-da geçirilen metbugat maslahatynda ýeňil agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony Habib Nurmagomedow habar berdi
“ManÝunaýted” ýer dawasy sebäpli täze stadionyň gurluşygyna başlap bilmeýär
05.08.2025 10:56
10k+

“ManÝunaýted” ýer dawasy sebäpli täze stadionyň gurluşygyna başlap bilmeýär

“Mançester Ýunaýted” futbol kluby täze stadionyň gurluşygyna taýýarlyk tapgyrynda kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy. The Guardian neşiriniň habar bermegine görä, işe başlamak üçin kluba häzirki “Old Trafford” stadionynyň gapdalyndaky ýer bölegini satyn almak gerek
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana gelen Özbegistanyň Prezidenti bilen duşuşdy
05.08.2025 01:56
16k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana gelen Özbegistanyň Prezidenti bilen duşuşdy

4-nji awgustda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Täjigistanyň Prezidenti bilen duşuşdy
05.08.2025 01:45
13k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Täjigistanyň Prezidenti bilen duşuşdy

4-nji awgustda Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Türkmenbaşy şäherine geldi. Belent mertebeli myhmanyň uçary Türkmenbaşy Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde Täjigistanyň Lideri iki doganlyk halkyň arasyndaky mizemez dostluga mahsus bolan aýratyn mähirlilik we dabaraly ýagdaýda garşylandy
Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy
05.08.2025 01:38
11k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy

4-nji awgustda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedov BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlary boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşyk geçirdi
Serdar Berdimuhamedow Awazada BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy
05.08.2025 01:22
6.9k+

Serdar Berdimuhamedow Awazada BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy

4-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy
BMGÖM Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge ygrarlylygyny beýan etdi
04.08.2025 20:42
4k+

BMGÖM Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge ygrarlylygyny beýan etdi

4-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow BMG-niň Baş sekretaryň kömekçisi, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Dolandyryjysynyň kömekçisi we Ýewropa we GDA üçin sebitleýin býurosynyň direktory Iwana Žiwkowiç bilen duşuşdy
Pomidor bilen ýeralma kowumdaş bolup çykdy: olar baryp 9 mln ýyl ozal sapylypdyr
04.08.2025 20:33
12k+

Pomidor bilen ýeralma kowumdaş bolup çykdy: olar baryp 9 mln ýyl ozal sapylypdyr

Ýeralma bilen pomidoryň genetiki gelip çykyşy umumy bolup, olary sapylmagy, takmynan, 9 million ýyl ozal bolup geçipdir. Bu barada Xinhua agentligi halkara alymlar topary tarapyndan geçirilen gözlegiň netijelerine salgylanyp habar berýär
Hytaýda robot talyplyga kabul edildi: ol "dramaturgiýany we kinony" öwrener
04.08.2025 20:25
7.8k+

Hytaýda robot talyplyga kabul edildi: ol "dramaturgiýany we kinony" öwrener

Hytaýda Xueba 01 atly robot Şanhaý teatr akademiýasynyň "dramaturgiýa we kino" ugry boýunça doktorantura maksatnamasyna kabul edildi. Bu barada South China Morning Post neşiri habar berýär. Okuw dört ýyl dowam eder
Türkmenistan we MAGATE 2025–2029-njy ýyllar üçin çarçuwaly maksatnamasynyň taslamasyny maslahatlaşdylar
04.08.2025 20:07
3.5k+

Türkmenistan we MAGATE 2025–2029-njy ýyllar üçin çarçuwaly maksatnamasynyň taslamasyny maslahatlaşdylar

Türkmenistan Atom energiýasy boýunça halkara agentligi bilen (MAGATE) 2025–2029-njy ýyllar üçin Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň Türkmenistan üçin ýurt boýunça çarçuwaly maksatnamasynyň taslamasynyň ylalaşylmagyny ara alyp maslahatlaşdy
Türkmenistanyň we Somaliniň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar
04.08.2025 20:00
2.4k+

Türkmenistanyň we Somaliniň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar

4-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Somali Respublikasynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministriniň orunbasary Isaak Mohamud Mursal bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň
Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň liderleri Türkmenistana gelmegini dowam edýärler
04.08.2025 19:55
16k+

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň liderleri Türkmenistana gelmegini dowam edýärler

Hazaryň türkmen kenaryndaky "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) myhmanlaryny kabul etmegini dowam edýär. Foruma BMG-niň agza döwletleriniň ýokary wezipeli wekilleri, halkara guramalarynyň hem-de işewür toparlaryň wekilleri gatnaşýarlar
Sabina Kadyrowa kuraş boýunça Aziýa çempionatynda Türkmenistana altyn medal getirdi
04.08.2025 19:37
9.8k+

Sabina Kadyrowa kuraş boýunça Aziýa çempionatynda Türkmenistana altyn medal getirdi

Türkmenistanyň kuraş boýunça milli ýygyndysy kuraş boýunça 14-nji Aziýa çempionatynda 16 medal gazandy. Ýaryş 2025-nji ýylyň 30-njy iýulyndan 4-nji awgusty aralygynda Günorta Koreýanyň Geosan şäherinde geçirildi
Türkmenistan Efiopiýa bilen ulag pudagyndaky özara gatnaşyklary maslahatlaşdy
04.08.2025 19:31
1.8k+

Türkmenistan Efiopiýa bilen ulag pudagyndaky özara gatnaşyklary maslahatlaşdy

4-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasynyň ulag we logistika ministri Alemu Sime Feýsa bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler
Hytaýda baryp II asyrda oýlanyp tapylan dünýäde ilkinji seýsmograf dikeldildi
04.08.2025 19:27
6.3k+

Hytaýda baryp II asyrda oýlanyp tapylan dünýäde ilkinji seýsmograf dikeldildi

Hytaýda Betbagtçylyklaryň öňüni alyş institutyndan Sýuý Goudunyň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary dünýäde ilkinji seýsmograf hasaplanýan gadymy enjamy dikeltdi. Bu barada Progress in Geophysics žurnalyna salgylanýan South China Morning Post ýazýar
Team Spirit topary Counter-Strike 2 boýunça IEM Cologne 2025 ýaryşynda 400 müň dollar gazandy
04.08.2025 19:19
3.7k+

Team Spirit topary Counter-Strike 2 boýunça IEM Cologne 2025 ýaryşynda 400 müň dollar gazandy

Düzüminde rus-ukrainaly oýunçylar bolan Team Spirit serbiýaly kibersport topary Counter-Strike 2 boýunça "IEM Cologne 2025" halkara ýaryşynyň ýeňijisi boldy. 3-nji awgustda Kýölnde ýerleşýän Lanxess Arena-da geçen finalda olar Germaniýanyň MOUZ toparynyň Ýewropa düzümine garşy ynamly ýeňiş gazandy – hasap 3:0
ChatGPT robot däldigini tassyklaýan testlerden geçmegi öwrendi
04.08.2025 18:19
2.2k+

ChatGPT robot däldigini tassyklaýan testlerden geçmegi öwrendi

OpenAI tarapyndan işlenip düzülen ChatGPT Agent AI guraly botlary tanaýyş werifikasiýa ulgamyndan aýlanyp geçmegi we özüni adam ýaly görkezmegi öwrendi. Bu barada çat-botuň tölegli wersiýalarynda (Pro, Plus we Team) täze funksiýany synagdan geçiren Reddit-iň ulanyjylary habar berdiler
ABŞ-dan başlangyç kompaniýa kosmosa äpet aýna ugradar. Ol näme üçin gerek?
04.08.2025 18:17
7.2k+

ABŞ-dan başlangyç kompaniýa kosmosa äpet aýna ugradar. Ol näme üçin gerek?

Amerikanyň Reflect Orbital başlangyjy kosmosa äpet aýnany ibermegi meýilleşdirýär. Ol Gün şöhlesini tutup, ony Ýere gönükdirer diýip, Kaliforniýada ýerleşýän kompaniýa habar berýär. Taslama gijesine gury ýeriň we deňziň käbir böleklerini ýagtylandyrmaga kömek eder diýlip garaşylýar
Salwador Daliniň arzanlaşykda 200 dollara satyn alnan “geň” kartinasyna 40 müň dollar baha kesildi
04.08.2025 18:14
5.5k+

Salwador Daliniň arzanlaşykda 200 dollara satyn alnan “geň” kartinasyna 40 müň dollar baha kesildi

Cheffins auksion öýi Salwador Daliniň iki ýyl mundan ozal 150 funt sterlinge (200 dollar töweregi) satyn alnan kartinasyny auksiona çykarar. "Vecchio Sultano" ("Garry soltan" (“Старый султан”)) diýlip atlandyrylýan kartina 26-40 müň dollar aralygynda baha kesildi diýip, The Guardian habar berýär
Russiýaly alymlar ýalany 92% takyklyk bilen kesgitlemek üçin algoritm döretdiler
04.08.2025 18:12
3.4k+

Russiýaly alymlar ýalany 92% takyklyk bilen kesgitlemek üçin algoritm döretdiler

Russiýaly alymlar sözdäki ýalany 92% takyklyk bilen kesgitlemegiň usulyny tapandyklaryny habar berdiler. Bu barada Nižniý Nowgoroddaky “Ýokary ykdysadyýet mekdebi” ylmy-barlag uniwersitetiniň (НИУ ВШЭ) barlagçylaryna salgylanýan TASS habar berýär
Arheologlar Türkiýede iň gadymy aýna artefaktlaryny tapdylar
04.08.2025 18:10
4.9k+

Arheologlar Türkiýede iň gadymy aýna artefaktlaryny tapdylar

Arheologlar Türkiýäniň Büklükale şäherinde bürünç asyrynyň tehnologiýasy we medeni alyş-çalşy baradaky düşünjämizi üýtgedýän gadymy aýna zatlary tapdylar. Olar Merkezi Anadoluda tapylan iň gadymy aýna önümleriň biridir diýip, Arkeonews habar berýär
Maýkl Jeksonyň ak joraby auksionda 6200 ýewro satyldy
04.08.2025 18:08
10k+

Maýkl Jeksonyň ak joraby auksionda 6200 ýewro satyldy

Maýkl Jeksonyň 1997-nji ýylyň 27-nji iýunynda Nissada geçen konsertinde geýen kristally ak joraby 6200 ýewro satyldy. Bu barada BFMTV  teleýaýlymy habar berdi. Lot Maison Ivoire Nîmes auksion öýüniň Nimde geçiren auksionynda goýuldy
Marsda uzynlygy 16 000 km bolan gadymy derýalaryň yzlary tapyldy
04.08.2025 18:05
8k+

Marsda uzynlygy 16 000 km bolan gadymy derýalaryň yzlary tapyldy

Marsda umumy uzynlygy, takmynan, 10 müň mil (16 000 km töweregi) bolan gadymy suw ýollarynyň geologiki yzlary tapyldy. Tapylan çeşmeleriň ýaşynyň 3 milliard ýyldan geçýändigi çaklanylýar diýip, Marsdaky orbital apparatlardan alnan maglumatlara salgylanýan The Guardian habar berýär
Hindistanda näsag bir zenanda ozal näbelli gan topary tapyldy
04.08.2025 17:52
8.1k+

Hindistanda näsag bir zenanda ozal näbelli gan topary tapyldy

Hindistanyň Karnataka ştatynyň Kolar etrabynyň 38 ýaşly ýaşaýjysynda gan toparynyň ozal belli bolmadyk antigeniniň bardygy anyklandy. Açyşy lukmanlar ýürek operasiýasyny geçirmäge taýýarlyk görýärkäler ýüze çykardylar diýip, The New Indian Express gazeti habar berýär
Ford tormoz näsazlyklary sebäpli 312 müň awtomobili yzyna gaýtarýar
04.08.2025 17:05
3.8k+

Ford tormoz näsazlyklary sebäpli 312 müň awtomobili yzyna gaýtarýar

Ford kompaniýasy elektron tormoz güýçlendirijisiniň mümkin bolan näsazlygy sebäpli ABŞ-da 312 müň awtomobili yzyna gaýtarýar. Bu barada ABŞ-nyň Milli ýol hereketiniň howpsuzlyk edarasynyň (NHTSA) saýtynda habar berilýär
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.