Resmi taýdan: Mahaçew bilen Maddalenanyň titul söweşi noýabrda UFC 322-de geçiriler
29.08.2025 19:51
13k+

Resmi taýdan: Mahaçew bilen Maddalenanyň titul söweşi noýabrda UFC 322-de geçiriler

Ýarym orta agramda UFC-niň çempiony, awstraliýaly Jek Della Maddalena (18-2) bilen ýeňil agramda promouşeniň öňki çempiony, russiýaly Islam Mahaçewiň (27-1) arasyndaky titul söweşi UFC 322 ýaryşynyň esasy wakasy bolar
Häzirki günde dünýäde iň ýokary IQ-sy bolan adamlar atlandyryldy
29.08.2025 19:50
8k+

Häzirki günde dünýäde iň ýokary IQ-sy bolan adamlar atlandyryldy

Adamlarda aň koeffisientiniň (IQ) hasaba alnan iň ýokary görkezijileri 200-den 250 bala ýetýär. BBC Science Focus žurnaly häzirki adamlaryň arasynda kimde iň ýokary derejäniň hasaba alnandygy barada maglumatlary  hödürledi
Ispaniýada “pomidor söweşi” geçirildi: adamlar birek-birege 120 tonna pomidor zyňdy
29.08.2025 19:48
15k+

Ispaniýada “pomidor söweşi” geçirildi: adamlar birek-birege 120 tonna pomidor zyňdy

Ispaniýanyň Bunýol şäherinde 80-nji La Tomatina festiwaly geçirildi, onuň çäklerinde bolsa däbe öwrülen “pomidor söweşi” boldy. Baýramçylyga dünýäniň dürli ýerinden syýahatçylar geldi, olar giriş petegi üçin 15 ýewro töledi
“Fenerbahçe” Mourinýuny baş tälimçi wezipesinden aýyrdy, “Beşiktaş” Sulşer bilen hoşlaşdy
29.08.2025 19:36
9.3k+

“Fenerbahçe” Mourinýuny baş tälimçi wezipesinden aýyrdy, “Beşiktaş” Sulşer bilen hoşlaşdy

Stambulyň “Fenerbahçe” futbol kluby portugaliýaly Žoze Mourinýuny toparyň baş tälimçisi wezipesinden aýyrdy. Bu barada klub X sosial ulgamynda habar berdi. Çözgüt klubuň pleý-off tapgyrynda Portugaliýanyň “Benfikasyndan” utulyp, Çempionlar ligasynyň esasy tapgyryna çykyp bilmezligi bilen baglanyşykly boldy
Merkezi Aziýa döwletleriniň ilçileri Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasynda teglek stol geçirdiler
29.08.2025 16:22
3.5k+

Merkezi Aziýa döwletleriniň ilçileri Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasynda teglek stol geçirdiler

26-njy awgustda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky (Yslamabat şäheri) ilçihanasynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň netijelerine bagyşlanan tegelek stol maslahaty geçirildi
Türkmenistanyň ilçisiniň Irlandiýa iş saparyny amala aşyrdy
29.08.2025 16:18
3.1k+

Türkmenistanyň ilçisiniň Irlandiýa iş saparyny amala aşyrdy

25-nji awgustda Türkmenistanyň Irlandiýadaky ilçisi Ýa.Serýaýew (oturýan ýeri London ş.) Dublin şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär. Saparyň dowamynda ilçi Irlandiýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň Protokol bölüminiň başlygynyň orunbasary Ralf Wiktor bilen duşuşdy we ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy
Moskwada Raşid Meredowyň we Sergeý Lawrowyň duşuşygy geçirildi
29.08.2025 15:41
8.3k+

Moskwada Raşid Meredowyň we Sergeý Lawrowyň duşuşygy geçirildi

28-nji awgustda Moskwada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary çuňňur strategik hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanýan döwletara dialogyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler
Çempionlar ligasynyň bije çekişigi geçirildi. 36 klubuň ählisi öz garşydaşyny bildi
29.08.2025 13:31
12k+

Çempionlar ligasynyň bije çekişigi geçirildi. 36 klubuň ählisi öz garşydaşyny bildi

28-nji awgustda 2025/26 möwsüminiň UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň bije çekişigi geçirildi. Ýewropanyň esasy ýaryşyna 36 gatnaşyjynyň ählisi umumy tapgyr boýunça öz garşydaşlaryny bildi. Her topar sekiz garşydaş: reýting boýunça düzülen 4 sebediň hersinden iki topar bilen duşuşar
«Altyn asyr» toparynyň AFK-nyň Çagyryş ligasyndaky garşydaşlary belli boldy
29.08.2025 07:25
11k+

«Altyn asyr» toparynyň AFK-nyň Çagyryş ligasyndaky garşydaşlary belli boldy

Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy tarapyndan geçirilýän AFK-nyň Çagyryş ligasynda çykyş edýän Türkmenistandan «Altyn asyr» toparynyň toparçadaky garşydaşlary belli boldy. Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen bije çekişligiň netijesinde, «A» toparça düşen paýtagtymyzyň toparynyň garşydaşlary Butanyň «Paro», Omanyň «Al-Şabab» hem-de Gyrgyz Respublikasynyň «Abdyş-Ata» toparlary boldular
Lionsgate “Alagaraňkylyk” filmlerini 4K formatda gaýtadan prokata çykarar
29.08.2025 01:03
3.9k+

Lionsgate “Alagaraňkylyk” filmlerini 4K formatda gaýtadan prokata çykarar

Lionsgate “Alagaraňkylyk” (Сумерки) filmlerini gaýtadan prokata çykarýandygyny mälim etdi. Franşizanyň ähli filmleri ABŞ-da täzelenen 4K görnüşde görkeziler. Filmleriň görkezilişi oktýabrda başlar diýip, Discussing Films twitter-akkaunty habar berdi
Erling Holand Norwegiýanyň milli ýygyndysynda täze familiýa bilen çykyş eder
29.08.2025 00:59
12k+

Erling Holand Norwegiýanyň milli ýygyndysynda täze familiýa bilen çykyş eder

“Mançester Sitiniň” hüjümçisi Erling Holand Norwegiýanyň milli ýygyndysynda geýjek köýnekçesiniň arkasyndaky familiýasyny üýtgeder. Bu barada milli ýygyndynyň sosial ulgamlardaky resmi sahypasynda habar berilýär
Londonda şa gyzy Diana we iki çaga tarapyndan goýlan wagt kapsulasy açyldy
29.08.2025 00:27
12k+

Londonda şa gyzy Diana we iki çaga tarapyndan goýlan wagt kapsulasy açyldy

Beýik Britaniýada Uels şa gyzy Diana tarapyndan goýlan wagt kapsulasy açyldy. Bu barada The Guardian ýazýar. Agaç guty 1991-nji ýylda Londonyň merkezindäki Greýt-Ormond-Stritde Variety Club hassahanasynyň binasynyň düýbi tutulanda gömüldi
UEFA Çempionlar ligasynyň finalynyň başlanýan wagtyny öňe süýşürdi
29.08.2025 00:20
11k+

UEFA Çempionlar ligasynyň finalynyň başlanýan wagtyny öňe süýşürdi

UEFA Çempionlar ligasynyň final oýnunyň başlanýan wagtynyň üýtgedilendigini habar berdi. 2025/26 möwsüminden başlap, ýaryşyň aýgytly oýny Merkezi Ýewropa wagty boýunça 21:00-da däl-de, 18:00-da (Aşgabat wagty bilen 22:00) başlar
SpaceX-iň köp gezeklik Falcon 9 raketasy 30-njy uçuşyny amala aşyrdy
28.08.2025 23:44
2.9k+

SpaceX-iň köp gezeklik Falcon 9 raketasy 30-njy uçuşyny amala aşyrdy

28-nji awgustda SpaceX kompaniýasy Falcon 9 raketasyny üstünlikli uçurdy – ol Ýere golaý orbita Starlink internet aragatnaşyk ulgamynyň täze hemralaryny çykardy. Raketanyň B1067 belgili birinji köp gezeklik basgançagy uçuşdan soň Ýere gaýdyp geldi we eýýäm 30-njy gezek Atlantika ummanyndaky ýüzýän platformada asuda gondy
Nädip öýden çykman mekdebe taýynlanmaly? Tekje onlaýn market amatly teklip hödürleýär
28.08.2025 18:05
7.8k+

Nädip öýden çykman mekdebe taýynlanmaly? Tekje onlaýn market amatly teklip hödürleýär

Onlaýn marketlerden söwda edilende köpleri ikirjiňlendirip biljek bir ýagdaý bar – ol hem suratdaky haryt bilen hakykatdaky harydyň deň gelip-gelmezligi. Tekje onlaýn marketi müşderileri suratda haýsy harydy gören bolsalar, ellerine hem hut şol harydyň gelip gowuşjakdygyna kepil geçýär
Aşgabatda Ankara köçesiniň durkuny täzelemek boýunça tender yglan edildi
28.08.2025 17:40
12k+

Aşgabatda Ankara köçesiniň durkuny täzelemek boýunça tender yglan edildi

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabatda Ankara köçesiniň durkuny täzelemek boýunça halkara bäsleşik yglan etdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär. Gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň we guramalaryň teklipleri bellenilen tertipde kabul edilýär
Amerikalylar salgyt ýeňilligi gutarmanka elektromobilleri işjeň satyn alýar
28.08.2025 17:24
5.7k+

Amerikalylar salgyt ýeňilligi gutarmanka elektromobilleri işjeň satyn alýar

1-nji oktýabrdan ABŞ-da elektromobil satyn alýanlar üçin 7500 dollar möçberindäki salgyt ýeňilligi hereket etmegini bes eder. Şol sebäpli amerikalylaryň köpüsi elektrokarlary öňünden satyn almak kararyna geldi, netijede olaryň satuwy çalt ýokarlanyp başlady
Wenesiýa kinofestiwaly badalga aldy: Werner Hersog “Altyn ýolbarsa” mynasyp boldy
28.08.2025 17:21
2.3k+

Wenesiýa kinofestiwaly badalga aldy: Werner Hersog “Altyn ýolbarsa” mynasyp boldy

Italiýada 82-nji Wenesiýa kinofestiwaly öz işine başlady. Festiwalyň ilkinji güni kinematografda bitiren hyzmatlary üçin “Altyn ýolbars” hormat baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Şu ýyl ony germaniýaly režissýor Werner Hersog aldy
Apple iPhone 17-niň hataryna täze adaty bolmadyk reňkleri goşar
28.08.2025 15:58
11k+

Apple iPhone 17-niň hataryna täze adaty bolmadyk reňkleri goşar

Apple ýene birnäçe hepdeden iPhone 17 hataryny hödürlär. Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurmanyň maglumatyna görä, adaty reňk görnüşlerinden başga-da, käbir modeller täze reňk wariantlaryny alar. Şeýlelikde, flagman modelleri bolan iPhone 17 Pro we iPhone 17 Pro Max mämişi reňkde çykar we iPhone 16 Plus-yň ornuny tutjak iPhone 17 Air açyk gök reňkde bolar
Hytaý uçýan elektrik stansiýasyny - dirižablyň we ýel turbinasynyň gibridini synamaga taýynlanýar
28.08.2025 15:51
5.7k+

Hytaý uçýan elektrik stansiýasyny - dirižablyň we ýel turbinasynyň gibridini synamaga taýynlanýar

Hytaýyň Beijing SAWES Energy Technology Company kompaniýasy asman ýel elektrik stansiýasyny - turbinaly dirižably synagdan geçirmäge taýýarlyk görýändigini yglan etdi. Geliý bilen doldurylan howa gämisi 1500 metr belentlige çykar, ol ýerde ýeliň tizligi Ýeriň ýüzündäkä garanyňda, takmynan, üç esse ýokarydyr diýip, South China Morning Post belleýär
BMG: 2025-nji ýylda dünýäde çaga dogluşyň derejesi her aýal başyna 2,2 çagadan düşýär
28.08.2025 15:49
5.9k+

BMG: 2025-nji ýylda dünýäde çaga dogluşyň derejesi her aýal başyna 2,2 çagadan düşýär

Birleşen Milletler Guramasynyň hünärmenleri 2025-nji ýylda dünýäde çaga dogluşynyň derejesi baradaky maglumatlary çap etdiler. Olaryň seljermelerine görä, bu görkeziji her aýal başyna 2,2 çagadan düşýär. Çaga dogluşynyň umumy koeffisiýenti belli bir ýurtda çaga dogurmaga ukyply ýaşdaky aýalyň dogurýan çagalarynyň ortaça sanyny görkezýär
Demirgazyk Amerikada 26 million sany, Aziýada bolsa 18 milliona golaý millioner ýaşaýar
28.08.2025 15:30
11k+

Demirgazyk Amerikada 26 million sany, Aziýada bolsa 18 milliona golaý millioner ýaşaýar

Henley & Partners halkara konsalting kompaniýasy, gozgalmaýan emlägini hasaba almazdan, likwid maýa goýum aktiwleri bir million amerikan dollaryndan geçýän adamy millioner hökmünde kesgitleýär. Capgemini kompaniýasynyň maglumatlaryna laýyklykda, dollar millionerleriniň aglabasy Demirgazyk Amerikada ýaşaýar, olar 26 milliondan gowrak adam
Arabikany we robustany iň köp ösdürip ýetişdirýän ýurtlaryň reýtingi düzüldi
28.08.2025 15:09
4.3k+

Arabikany we robustany iň köp ösdürip ýetişdirýän ýurtlaryň reýtingi düzüldi

Kofe öndürýän ýurtlar kofe dänelerini hem içerki bazar, hem eksport üçin ösdürip ýetişdirýärler we gaýtadan işleýärler. Dünýäde kofeniň esasy görnüşleri - arabika we robusta bolup, olaryň ösdürilip ýetişdiriliş şertleri düýpgöter tapawutlanýar
2026-njy ýylyň Hyundai Tucson we Santa Fe-lerinde açara derek telefon ýa-da akylly sagat ulanyp bolar
28.08.2025 13:34
4.7k+

2026-njy ýylyň Hyundai Tucson we Santa Fe-lerinde açara derek telefon ýa-da akylly sagat ulanyp bolar

Hyundai kompaniýasy Awstraliýanyň bazary üçin täzelenen Tucson we Santa Fe 2026 krossowerlerini hödürledi. Iki ulaga hem adaty açara derek iPhone ýa-da Apple Watch ulanmaga mümkinçilik berýän Digital Key 2 sanly açar goşuldy
“Mançester Ýunaýted” ilkinji gezek Liganyň kubogyndan 4-nji diwizionyň klubundan utulyp çykdy
28.08.2025 13:20
7.6k+

“Mançester Ýunaýted” ilkinji gezek Liganyň kubogyndan 4-nji diwizionyň klubundan utulyp çykdy

“Mançester Ýunaýted” ikinji tapgyrda “Grimsbi Taundan” utulandan soň (2:2, penalti boýunça 11:12) Angliýanyň ligasynyň kubogyndan çykdy. Squawka portalynyň habar bermegine görä, bu taryhda klubuň ýaryşda dördünji diwiziondaky garşydaşdan ilkinji gezek utulmagy boldy
Messi “Inter Maýamini” MLS + MX ligalarynyň kubogynyň finalyna çykardy
28.08.2025 12:35
6.9k+

Messi “Inter Maýamini” MLS + MX ligalarynyň kubogynyň finalyna çykardy

MLS (ABŞ we Kanada) we MX ligasynyň (Meksika) klublarynyň arasyndaky futbol boýunça demirgazyk amerikan ýaryşynyň – Ligalaryň kubogynyň ýarym final oýunlary geçirildi. Aýgytly oýunda kubok ugrunda göreşmek hukugyny “Inter Maýami” we “Sietl Saunders” gazandy
Jordanyň we Braýantyň gollary bolan kartoçka auksionda rekord 12,9 mln dollara satyldy
28.08.2025 12:23
4.4k+

Jordanyň we Braýantyň gollary bolan kartoçka auksionda rekord 12,9 mln dollara satyldy

Meşhur basketbolçylar Maýkl Jordan we Kobi Braýant tarapyndan gol goýlan kartoçka ABŞ-da Heritage Auctions auksionynda 12,9 mln dollara satyldy. Bu mukdar sport kartoçkalary üçin rekord boldy diýip, Bi-bi-si habar berýär
Mask Starship-de ýokary tizlikli uçuşlary wada berýär: Nýu-Ýorkdan Londona 10 minutda
28.08.2025 12:21
5.8k+

Mask Starship-de ýokary tizlikli uçuşlary wada berýär: Nýu-Ýorkdan Londona 10 minutda

Ilon Mask özüniň soňky çykyşynda ýene Starship kosmos gämisini Ýerde ýokary tizlikli uçuşlar üçin ulanmak mümkinçiligi barada söz açdy. SpaceX-iň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, Los-Anjeles we Sidneý, Los-Anjeles we Tokio ýa-da Nýu-Ýork we Singapur ýaly şäherleriň arasyndaky syýahat 30 minutdan hem az wagt alyp biler
Rolls-Royce gülleýän sakura bilen bezelen ajaýyp Spectre kupesini hödürledi
28.08.2025 12:01
8.3k+

Rolls-Royce gülleýän sakura bilen bezelen ajaýyp Spectre kupesini hödürledi

Rolls-Royce kompaniýasy Inspired by Primavera (italýança primavera “bahar” diýlip terjime edilýär) ady bilen Spectre elektrik kupesiniň çäkli tapgyryny yglan etdi. Kolleksiýa dürli reňkli kuzowy, ýöne sakuranyň güllemegine bagyşlanan bir umumy çeper bezegi bolan üç awtomobil girdi
Çempionlar ligasynyň esasyna tapgyryna gatnaşyjylaryň ählisi kesgitlendi
28.08.2025 11:47
6.2k+

Çempionlar ligasynyň esasyna tapgyryna gatnaşyjylaryň ählisi kesgitlendi

28-nji awgusta geçilen gije Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyrynyň soňky oýunlary tamamlandy. Netijede, Ýewropanyň esasy ýaryşynyň umumy tapgyryna gatnaşjak klublaryň ählisi belli boldy. Ýaryş üçin ýollamany iň soňky bolup “Kaýrat” (Gazagystan), “Budýo-Glimt” (Norwegiýa), “Pafos” (Kipr), “Karabah” (Azerbaýjan), “Brýugge” (Belgiýa), “Benfika” (Portugaliýa) we “Kopengagen” (Daniýa) aldy
Antoniu Guterriş Türkmenistanyň Prezidentine hoşallygyny beýan edip hat ýazdy
28.08.2025 07:32
8.3k+

Antoniu Guterriş Türkmenistanyň Prezidentine hoşallygyny beýan edip hat ýazdy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Awazada BMG-niň maslahatynyň üstünlikli geçirilmegine hoşallyk bildirip hat iberdi. Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty 2025-nji ýylyň 5 — 8-nji awgustynda geçirildi
Iň güýçli Gün teleskopy rekord jikme-jiklik bilen koronal arkalaryny surata aldy
28.08.2025 07:19
6.3k+

Iň güýçli Gün teleskopy rekord jikme-jiklik bilen koronal arkalaryny surata aldy

Astronomlar Deniel K. Inoue Gün teleskopynyň (DKIST) kömegi bilen Gündäki alawlamanyň jikme-jik suratyny aldy. Milli Gün obserwatoriýasynyň (NSO) hünärmenleri 2024-nji ýylyň 8-nji awgustynda bütindünýä wagty boýunça 20:12-de bolup geçen X1
Mercedes-AMG GT XX 7 günde Ýeriň daşyna aýlanyp, 25 rekord goýdy
28.08.2025 07:15
8.2k+

Mercedes-AMG GT XX 7 günde Ýeriň daşyna aýlanyp, 25 rekord goýdy

18-nji awgustdan 25-nji awgust aralygynda Mercedes-AMG GT XX-iň prototipleri 7 gün, 13 sagat, 24 minut, 7 sekuntda Italiýanyň Nardo synag ýolunda 40 075 kilometr geçdi. Bu Ýeriň daşyndan bir aýlaw etmek bilen deňdir
Özbegistanda ýaşy 9,2 müň ýyla barabar bolan ekerançylyk gurallary we däneleri tapyldy
28.08.2025 07:12
6.7k+

Özbegistanda ýaşy 9,2 müň ýyla barabar bolan ekerançylyk gurallary we däneleri tapyldy

Özbegistanyň günortasynda, Surhandarýa derýasynyň jülgesinde, Toda gowagynda Özbegistandan, Hytaýdan we Ýewropadan arheologlaryň topary gadymy adamlaryň gonalgasyny tapdy. Onuň ýaşy, takmynan, 9,2 müň ýyla barabar
Google Play-den 77 zyýanly programma aýryldy: olar 19 mln gezek ýüklendi
28.08.2025 07:09
5k+

Google Play-den 77 zyýanly programma aýryldy: olar 19 mln gezek ýüklendi

Google Play programmalar dükanyndan jemi 19 mln gezek gurnalan 77 zyýanly programma bozuldy. Howpy Zscaler ThreatLabs gözleg toparynyň hünärmenleri ýüze çykardy diýip, BleepingComputer neşiri ýazýar. Gözlegiň maglumatlaryna görä, ýüze çykarylan programmalaryň 66%-den gowragy mahabat görkezýän programmalardy
Nissan 18 ýyldan soň GT-R R35 modeliniň önümçiligini tamamlady
28.08.2025 07:04
6.8k+

Nissan 18 ýyldan soň GT-R R35 modeliniň önümçiligini tamamlady

Nissan kompaniýasy R35 kuzowly GT-R modeliniň soňky nusgasynyň çykarylandygyny habar berdi. Bu wersiýa konweýerde 2007-nji ýylda peýda boldy, 18 ýylyň içinde bolsa 48 müň awtomobil ýygnaldy. Ahyrky awtomobil Midnight Purple goýy benewşe reňkine boýalan GT-R T-Spec boldy
Hytaýda ilkinji gezek adama doňzuň öýkeni oturdyldy
28.08.2025 06:44
8.5k+

Hytaýda ilkinji gezek adama doňzuň öýkeni oturdyldy

Hytaýda alymlar topary ilkinji gezek genetiki taýdan üýtgedilen doňuzdan alnan öýkeni ölüm halyndaky hassa oturtdy. Organ şol bada bitişmezlik ýagdaýyny görkezmedi. Bu hem ylmy gözlegçileriň pikiriçe, haýwan organlaryny ksenotransplantasiýa üçin ulanyp boljakdygyny tassyklaýar diýip, Nature Medicine habar berýär
Angliýadan dokuz ýaşly alpinist 700-den gowrak dag depesine çykdy
28.08.2025 06:41
4.3k+

Angliýadan dokuz ýaşly alpinist 700-den gowrak dag depesine çykdy

Angliýadan dokuz ýaşly Frenki Makmillan 700-den gowrak dag depesine, şol sanda Ýewropanyň iň beýik on depesine çykdy diýip, What’s the Jam habar berýär. Frenki üç ýaşynda alpinizm bilen meşgullanyp başlady. Onuň ejesi Basýa hem ogly bilen bilelikde dag depelerine işjeň çykýar we ömrüniň köp böleginiň daglarda geçýändigini belleýär
Repçi Jay-Z dünýäniň iň baý sazandasy bolmagynda galýar, onuň baýlygy 2,6 mlrd dollara ýetdi
28.08.2025 06:36
5.5k+

Repçi Jay-Z dünýäniň iň baý sazandasy bolmagynda galýar, onuň baýlygy 2,6 mlrd dollara ýetdi

Forbes neşiriniň wersiýasy boýunça, repçi Jay-Z dünýäniň iň baý sazandasy bolmagynda galýar. Onuň baýlygy 2,6 mlrd dollar diýlip hasaplanýar. 2019-njy ýylda Jay-Z ilkinji hip-hop-artist-milliarder boldy. Soňky ýyllarda onuň baýlygy ep-esli: 2023-nji ýyldaky 1,4 mlrd dollardan 2,5 mlrd dollara çenli artdy
6-njy sentýabrda Aşgabatda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi bolar
27.08.2025 16:43
7.9k+

6-njy sentýabrda Aşgabatda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi bolar

6-njy sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler. Bu barada «Neýtralnyý Türkmenistan» gazeti habar berýär. Jemgyýetçilik kabul edişligine Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleriniň we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzasy gatnaşar